23:10
Reý Bredberiniň käbir eserleri barada

REÝ BREDBERINIÑ KÄBIR ESERLERI BARADA

Wakalarynyň sýužeti babatda aýdylanda özüniň köpdürliligi bilen tapawutlanýan Reý Bredberini köpimiz tanaýan bolsak gerek. Aýdylyşyna görä, ol ylmy-hyýaly žanryň ýazarlarynyň biri. Şeýle-de bolsa, ol öz döredijiliginiň başynda durmuşy žanrda ýazypdyr. Ýazyjy öz öňki-soňky eserlerine, esasan, öz durmuşynyň bellibir wagtdaky wakalaryny geçiripdir hem ony öz hyýaly dünýäsi bilen baýlaşdyrypdyr. Diýmek, iki žanry hem biri-biri bilen utgaşdyryp ulanypdyr. Dogrusy, men bu ýerde bu ýaşulynyň ulanan žanry we ş.m-leri barada birgiden warsaky ýazmakçy däl.
Geleliň, “Tozgalardan çakyr” (“Вино из одуванчиков”) realistik diýlip hasap edilýän powest, sebäbi ol Reý daýynyň çagalygy baradūa, has dogrusy çagalykdan ýetginjeklige geçiş döwürleri bolaýýar öýdýän. Eseri käbir çeşmelere görä ylmy-hyýaly diýip hem hasap edýärler. Munuň sebäbi bolsa, powestdäki “wagt maşyny” – ol, bir garry ýaşulynyň ýatlamalaryny gürrüň bermegi bilen, o bendä “wagt maşyny” diýip at goýýar. Ýene bir goňşularynyň “Bagt maşynyny” oýlap tapma hyýalyna münmesi bar, elbetde ol muny başaranogam welin, barybir ol bar diýýä, ýagny adamynyň maşgalasy onuň “Bagt maşyny”. Ýöne, Bredberiniň ylmy-hyýaly žanra garaýşy has giňişleýin bolup durýar.
Gahrymanlaryň üsti bilen okyja ýetirilýän dürli filosofski pikirlere baý powest hem bolsa, onuň dowamynda diňe ýekeje ýerde hopukdyrypdy...
Reý Bredberiniň esasan, “Ganhor”, “Koleýdoskop” diýen hekaýasy has ünsümi çekdi. “Ganhory”-ha düşnükli, psihiatriýa barada. (Maňa meňzeş bir) näsagyň biri soňky tehnikalaryň gohundan bizar bolup, olary ýeke-ýeke “gynap öldürýär” (elbetde men öz mobil telefonymy buzgaýmakdan aşa düşürýän biri däl)...
“Koleýdoskopyň” wakasyna žanrlaryň haýsy tarapyndan barsaň hem bolman duranok we ondaky gozgalýan pikirleriň sany ýokmuka diýýän. Diňe meniň ýeke özümiň kelläme gelen pikirlerimiň özi esli sahypany doldurjak. Nirä çekseň çekip oturmaly garaz, rezin sakgyç ýaly edip... Ony okan wagtyň eliň-aýagyň bagly ýaly bolup, adamyny bolsa bu tükeniksiz älemde ujynsyz bir zat edip goýýar.
Ýazyjy eserlerinde agdyklyk edýän çaga psihologiýasynyň üsti bilen uly adamlaryň urşa, biri-birine bolan ýigrenjine, gyzmalyklaryna garşy durýar. Keseden seredeniňde, isle ol çaga gözi bolsun, isle film tomaşaçysynyň gözi bolsun tapawudy ýok, uly adamlaryň bolşy gülkünç görünýär. Ýöne biz hem şol filmiň içinde-dä, gynansak-da.
“Döwürleriň iň gowusy” hekaýasynda bolsa, dogrusy, ulaldyp aýtdygym-a däl, Çarlz Dikkens onuň döwürdeşi däl hem bolsa, ilkibada çyndanam “nädip ol adam munuň ýanynda...; kimkan-aý o...” diýdirdi. Ýöne düşünýäň elbetde, ebedi diri Dikkensiň eserlerini gyzyklanyp okap, soňra bolsa onuň eserlerinden täsirlenip, hyýalynda bile kitap ýazandyklaryna. Dogrusy, şol päliýaman, Kaşşeýden azan Skrujy, Dikkens baba bilen ýazmagy özümem islärdim <img align="absmiddle" alt="smile" border="0" src="/.s/sm/2/smile.gif" /> .
Terjimeçi we ýazyjy Rybkiniň ýazmagyna görä:
Doga ýazyjylyk ukyby bolan, edebi ussatlygyň çür depesine ýeten Reý Bredberi häzirki zaman ýazyjysyna bu iki aýratynlygyň ýeterlik däldigine düşünýär: tükeniksiz hyýal üçin iýmit gerek. Ine, bu barada onuň özi näme diýýär: “Men bilimiň ähli pudaklary bilen gyzyklanýaryn. Ýüzleýrägem bolsa men dürli zatlary öwrendim, ýöne meniň gözleglerimiň gerimi giň. Käbir pudaklary bolsa men içgin öwrendim: edebiýaty, filosofiýany, psihiatriýany... Haçanda siz bu medeniýeti metafora bilen dolduranyňyzda, şol metaforalar söýgi döredýän bolsa, onda döredijilik emele gelýär! Biziň şonça dürli düzgünlerden susup alýan pikirlerimiz toplanýar we beýnimize ýadro reaksiýasynyň partlamasy ýaly partlama bolup, höwes, güýçli depgin berýär”.
Onuň eserlerinde ýokarda aýdylan ylymlaryň (žanrlaryň) agdyklyklyk edýänini bolsa, gysgaça belläp geçmek artykmaçlyk etmese gerek.
 

Jeren ORAŞEWA.

Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 136 | Добавил: hoşowaz | Теги: Jeren Oraşewa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 13
0
12 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Tois, Jeren. smile

0
13 hoşowaz   [Mowzuga geç]
Nesip bolsa smile (Edil žurnal-a diýmäýin. Gazetde bir wagtlar - mümkin. )

0
11 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Sag boluñ, Jahan. Ine, munyñyz boldy. Makalalaryñyzdan yetirip duruñ. (Gownume bolmasa, at-familiyañyza edebi žurnallaryñ birinde öñem gabat gelipdim).

0
10 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Negözel makala, eyesiz yaly postlaryñ arasynda kûrtdürip dur welin, gozume batyp dur yone cool biggrin

0
8 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Şu gun size hujum edip gecmeli boljag-ow :))
Hoşowaz siziñ nikneýmiñiz ), ol awtoryñ (yagny siziñ) at familiyañyz dal, ya edebi tahallusyñyz däl ))

0
9 hoşowaz   [Mowzuga geç]
Häk, bolmady-ow smile
Düşündim. (Wah, gizlinräk goýaýjakdyk-da, almaz bar ýaly hamala) biggrin

0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Hawa. Teg diylen yere awtoryñ adyny goymaly.

0
7 hoşowaz   [Mowzuga geç]
Köp sagboluň.

0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Yok bloggeriñ (paylaşyjynyñ), ýagny siziñ at-familiyasyny soramok, kesä çekmek gerek däldi, awtoryñ at-familiyasyny sorayan...

0
5 hoşowaz   [Mowzuga geç]
Kesä çekmedim. Şuny ýazan özüm ahyry. Ýöne indi nähili sorajagymy bilemok. Mowzuk döredeniňde diňe 1.Bölüm. 2.Makalanyň ady. 3.Makalanyň özi. - diýip bar. Awtor ýazylýan ýeri ýok. Olardan aşakda hem "Tegi" diýip bar. Ýa şoňa ýazmalymy?
Ýene bir gezek aýdaýyn awtory özüm.

0
3 hoşowaz   [Mowzuga geç]
Beýleki mowzuklarda çykýan, mowzugy goýanyň belgijiniň ýanyndaky awtor (adynyň) belgijigini nähili çykarmalydygyny bolsa tapmadym.

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Awtory?

0
2 hoşowaz   [Mowzuga geç]
Öz pasportdaky at familiýam hem hökmanmy?

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: