23:01
Güýz we gyz / hekaýa
GÜÝZ WE GYZ

Güýzüň güni, Gün ortara galanda onuň şöhlesi bilen çakyşyp ýaldyrap duran sary ýapraklary basgylap, ädermikäm, ätmezmikäm diýip, ýeriň gaýmagyny bozman, başy aşak egilen bir gyz gelýärdi. Ol gyzyň ýüzi çytyk, gaşlary çytylan, nämedendir bir zatdan ýa-da kimdir-birinden öýkeli ýaly, çuňňur oýlanmalara batyp, daş-töweregine seretmän, hiç zada üns bermän, diňeje özi bilen özi bolup gelýärdi.
Ol gyzy görüp özüm hem nämedendir bir zatdan  alada galdym. Onuň bu bolşy çuňňur pikirlenmä mejbur etdi. Şular ýaly ajaýyp günde, onda-da, güýzüň güni, şu baglyklaryň astynda, yssy ýa-da sowugam däl, ortatap, arassa howada, ylaýta-da güýzüň şol saralan ýapraklary daş-töwrege ajaýyp öwüşgin berip durka bu gyz näme üçin gamgynka, näme üçin onuň beýle keýpi ýokka? Bu sowal daşymy gurşap aldy. Ahyr durup bilmän, gyza näme bolanyny biljek bolup,
- Siziň näme beýle keýpiňiz ýok, bir zatdan nägile görünýäňizle,onuň sebäbi nämede? –diýip soradym.
Gyz bolsa ilki maňa bakdy, soňra ýerden iküç ýapragy alyp, şolara biraz ünsüni bölmän seredip durdy, soňra çalaja sesi bilen
- Güýzüň bu ýapraklary saraldyp solduryşy ýaly, durmuş hem meniň arzuw-islegimi kül etdi. –diýdi.
Ol soňra elindäki ýapraklary ilk-ä gatydan gysyp, soňra bir çete zyňyp, ýene-de başyny aşak egip, agaçlaryň aşagy bilen ýapraklary basyşdyryp assa ýöräp gitdi. Men ol gyza başga söz diýmedim, dogrusy, onuň durmuşyna goşulmak islemedim. Asylam, onuň durmuşyna goşular ýaly men onuň hiç kimi ahyry. Güýzde duýgulary kül bolany üçin gyz güýzden nägiledi. Emma, ol başyna agyr günler düşeni üçinmi ýa-da şol wagt  ýüregine hiç zat sygmaýany üçünmi diýseň gysga pikirlenýärdi. Sebäbi, güýz agaçlardaky ýapraklary dökmek bilen ol agajyň ömrüni saklap galýar. Ol agaç sabyrlylyk bilen garaşyp, gyşyň dürli kynçylyklarryny ýeňip geçip, bahara ýetse, oňa öňküsindenem has köp, has owadan ýapraklar garaşýar-a...

Ahmet ARAZOW.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 66 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 5
0
5 atayewabagul632   [Mowzuga geç]
biggrin hawa şeýdip alada edäýmesek özgeleri. Aý, o gyz şäherde ýa köşüde ýaşajagyny bilýän daldirlaý. Başga näme aladasy bolsun?? biggrin

0
4 atayewabagul632   [Mowzuga geç]
Molodes! Indi sen bir zat yazsañ, men okaryn. Bir okyjyñ men

0
3 atayewabagul632   [Mowzuga geç]
biggrin @mango, talant bar şu ýigitde. Ol örän köp okap ýazýar. Ýaltanman ýazyşyna berekella. Meniñ ä janym ýanyp, ýazmaga ýaraman ýatyp galýan

0
2 mango   [Mowzuga geç]
birinji sözlem 26 sözden, ikinji sözlem 28 sözden ybarat.
gysga çugdamlyk uzyn süýnmeneklikden* has gowy.

* (bu sözi sözlükde ýogam bolsa ulandym, bagyşlaň).

0
1 mango   [Mowzuga geç]
ýekeje abzasyň gürrüňi.

Güýzüň güni, Gün ortara galanda (geň eşdilýär, "ortara", günortanyň alternatiwasy) onuň şöhlesi bilen çakyşyp ýaldyrap duran sary ýapraklary basgylap, (ýüzi ýylmanak zat ýaldyraýar, ýaprak матовый bolany üçin ýaldyramaz) ädermikäm, ätmezmikäm diýip, ("ätsemmikäm, ätmesemmikäm" bolmaly) ýeriň gaýmagyny bozman, ("ýeriň gabmagyny bozmazlyk" gaty-gaty-gaty julky çykan söz) başy aşak egilen ("başyny aşak egip" bolaýjak ýaly) bir gyz gelýärdi. Ol gyzyň ýüzi çytyk, gaşlary çytylan, (ýüzüni bir çytyp, gazşlarynam aýry çytyp durman "ýüzi-gözi çytyk" diýibem bolardy) nämedendir bir zatdan ýa-da kimdir-birinden öýkeli ýaly, çuňňur oýlanmalara batyp, (bu-da şablon sözlere degişli) daş-töweregine seretmän, hiç zada üns bermän, diňeje (türkmençe diýjek bolsaň – "diňe" bolmaly, diňeje – türkçäniň "sadece"-sinden azan söz) özi bilen özi bolup gelýärdi (özü bilen özi bolmak – nirden tapylýar şeýle sözler?).

galan absazyň gürrüňini etmelimi, dälmi, bilemok....
Ahmede köp ýazmakdan beter, köp öwrenmegi maslahat berýärin.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: