22:44
Däli aýal / powest
DÄLI AÝAL

Bu ýylky gyş gaty gazaply geldi.
– Baglaryň baryny sowuk alandyr! – diýip, duralgada awtobusa garaşyp duran adamlaryň içindäki goja ellerini uzyn donunyň giň ýeňlerine sokup, ýygrylyp durşuna aýtdy. – Beýle aýazly sowgy men ömrümde göremog-a.
– Aljak-laýt by. – diýip, onuň gapdalyndaky eli ellikli, egni güpbili ýetginjek zeýrendi. Onuň bu zaryn sesi zygyrdyklaşyp duran aýallaryň ünsüni çeken bolarly. Olar bu ýetginjege tarap seretdiler.
– Sowuk alyp barsa-da, kelläň-ä ýalaňaç. Näme kakaň petde-petde pulyndan saňa haýyr ýokmy. Gowja telpekleriň birini alyp geýmeli ekeniňdä.
– Äý, gowy telpek barm-aý.
– Pulyň bolsa kändir.
Ol ýigit aýallaryň teýeneli gepiniň öz üstünden düşenine nätjegini bilmeýän ýaly, töweregine boýurgandy-da parhsyz samrady.
– Içigara, awtobusam gelmedi.
Aýallara gep tapylypdy.
– A gyz, telpek alýança aýal alsyn. Indi munyň ýalylaň iküç çagasy bar-a.
– Hawa-la, – diýip, hälki goja-da aýaza ýagşy çekilen ýüzüniň gasynlaryny zordan süýndürip ýylgyran boldy. – nädersiň, şu wagt ýaş gelniň pej ýaly gujagyndan çykyp geläýseň, aýaz golaýyňa gelmez.
– Äý, heleý nämetsin bular ýaly pişesiz mahlugy. Bulara ýalan sözle, pişesiz söw-söw syr-da ýör diýseň.
– Kim söw-söw syryp ýör – diýip, ýaş ýigit bu sözleri aýdan ýaşula igençli garady.
– Söw-söw syrmasaň, bu aýazda nä körüň bar, otur-da öýüňde gömül-de.
– Kakam üçin gidýän, näme? Gitmeli dälmi. O görgüli bir atymlyk nassyz otyr öýde. Näme, şu sowukda goja halyna özi gitsinmi?
– Onda kelläňe bir zat geýerler.
– Kelläň üşär, janym. Beýniňe zeper ýetensoň Meňli däli ýaly eder ýörersiň.
– Oňa serediň, oňa – Ýaş ýigidiň sesi dabaraly çykdy. – Oňa serediň...
Adamlaryň gözi salgy berilýäni bada gapyp aldy.
– Meňli däli ýaly-la.
– Wah, görgüsi ýaman.
Ol örän çyplaň geýnen aýaldy. Başynda odur-budur mata daňlan börügi, egninde köne, mawut dony bardy. Aýagynda kiçi bolany üçin apgyrdy birwagt ýarylan köne köwüş bardy. Ýakasy açyk bolany üçin, ýeňiljek düwlen ýumruklary erik agajyndan edilen tommaç taýaga meňzeýärdi.
– Wah, görgüli! – diýip, aýallaryň biri dözmezçilik bilen aýtdy.
Ol aýal duralganyň öňünde sakga durdy-da, üstaşyry birýerlere garady.
– Durubersin olar. Ine, adalat zamany geler. Ölmesek, şonda-da göreris. Baý,jogap bererler-ä. Baý, bilbil ýaly saýrarlar-a.
Ol öňki bady bilen aşaklygyna ýöräp ugrady.
– etdilermi, eginleri bilen çekerler. Entejik garaşsynlar. Bu wagt ynanýan däldirler. Bu wagt olara ýalan ýalydyr. Ýöne azajyk dursunlar...
Hiç kimden ses çykmady. Duralgada duranlar misli aýazy unudan ýalydylar. Ol aýal bu adamlardan hasap sorajaga döndi. Her kim özüni agtarýan ýalydy.
Awtobus gelip saklandy. Adamlar oňa sessiz-üýnsiz mündiler. Her kim awtobusyň aýnasyndan şol däli aýaly görjek bolýardy. Emma ol aýalyň azaryna däldi. Käte bir durup, adamlaryň, öýleriň, obanyň üstaşyry, bir ýerlere garap, şol bir sözüni tekrarlap barýardy.
– Adalat zamany geler. Gelmejek ýalydyr. Geler. Şonda baý jogap okar-a. Bilbil ýaly saýrar, bilbil ýaljak.
Bu aýal ýaş wagty “Meňli jan” diýen at alan gelindi. Onuň sary ýüpek ýaly saçy dyzlaryndan geçerdi. Ýüzi on dördi gijäniň parlak aýy ýalydy. Wah, gözlerini diýsen-e. Ol gözlerde ýazlar örerdi. Ol gözlerde böreňläp duran dury çeşmeler gizlenerdi. Şol belalar oda öwrülip niçe gözleri, niçe ýürekleri talapdy.
Emma “saçy uzyň bagty gara bolýar” diýenleri boldy. Meňli Ybraýym Kürte göwün berdi. Ybraýym bolsa Meňlini aýal edip saklajak boldy.
Emma Meňli ol gözleri bilen, ol eziz didary bilen, ol saçlary, beýle näzikligi bilen bir gujaga, bir töre, bir öýe sygardan ägirtdi.
Tutuş jülgäniň otly göreji, tutuş jülgäniň söýgüsi, tutuş jülgäniň yhlasy ony gowrup, ýakyp barýardy. Ol niresine baksa söýgi, söýgi, söýgi.
Ýaş juwan özüni şol söýgüniň eline beripdi. Ylaýta-da Nepes atly ýigit onuň aklyny alypdy. Ýogsa, ol ýigit Meňlini däl-de, onuň gelnejesine aşykdy.
Meňli bir gün suw almaga çeşmäniň boýuna baranda Nepesi gördi.
– Meňlim, janym, gurgunmyň? Ak gelin bolýarmyň.
Meňli ýylgyrdy.
– Janym Üzümjandan habar ýok-la. Men günortan ýeke erigiň aşagynda garaşaryn. Bir gelip gitsin-le. Bormy?
– Bor! – Meňli baş atdy. Ol suw alyp öýüne gaýtsa-da, içerde-darda oturyp-turup karar tapmady.
Nepes çopanyň owadan didary mähribandan eziz gözleri mylaýym ýylgyryp, ony çagyryp duran ýalydy.
Obadaky gelin-gyzlaryň arasynda: “Nepes goýnuny oba, ekin arasyna getirip bir. Şonuň bar ýerine baraýmaň” diýen gürrüň bardy.
Meňli ýaş gelin bolansoň: “Näme üçin” diýip sorapdy.
– Eline bir düş, Näme üçindigini” şonda bilersiň – diýip gelinler gülşüpdiler.
– A gyz, ol nähili bolýar gyz, ýöräp barýarka-da balagynyň içinde taýak asylan ýalyla gyz.
– Goýsana gyz, utanaňokmy?
– Waý, özi utansyn. Oba arasynda-da şol “taýagyny” mazaşlap gezip ýörşüne gelinleriň ekabyrragy başyny hilelije yralady.
– Hudaýyň berenidir-dä. Sen göwsüňi güjeňläp ýörsüň-ä, güýjiň ýetse gizle-dä.
Ol gelin utandy.
– Waý gyz, hudaýyň berenini nädip gizläýin. Ýogsa, özümem baý utanýan-a, şu artypdan.
Meňli oturyp bilmedi.
– Şol çopan beýle ýamanmy, gyz. Beýle gürrüňini etdiňiz.
Gelinleriň ekabyrragy:
– Bar, ony Bike gelnejeňden sora. Biz-ä tanamyzok, şol oglany. Il şeý diýensoň.
Bu gürrüňler Meňlä başgaça täsir etdi. Onuň göwni şol “ýaman” çopana bakan ganat kakdy. Öz ýanyndan ony gelnejesindenmi, gelnejesini ondanmy gabandy.
Bu gün bolsa şol “ýaman” çopan oňa habar gatdy. Ýöne ol gelnejesini öýden tapmady.
Günorta boldy. Gözi sürüdedi. Süri ýeke erike bakan akyp barýardy.
Ýekerigiň töwereginde tüsse görünýärdi. “Çopan çaý-çörek iýýän bolmaly” meňli ertirden bäri sürini yzarlap ýördi. Ol diňe şol “ýaman” çopan barada oýlanýardy.
“Ýa, gelnejem öýde ýok” diýip baryp gaýdybersemmikäm. Ol garaşýandyr. “Meňli aýdan däldir”diýip, göwnüne kine gelendir.
Garaşylman durka Ybraýym geldi. Ol çaý-çörek iýip, irkildi.
Meňli daş çykdy.şonda ol özüniň Ýeke erige ýetip barýandygyny duýdy.
Nepes çopan bu gelýän gelin Bikedir öýden bolara çemeli. Ol ojaga suwly tüňçesini goýup ýördi.
– Baý-bow, Meňli janym! – diýip, ol gözlerindäki ähli ot-ýalyny bu ýaş gelniň üstüne sowrup göýberdi.
– Gelnejem öýe gelmedi, onsoň...
Nepes çopan töweregine bir delminip seretdi-de, ýerde ýatan içmegi bir goltugyna aldy. Soň Meňlini ýyldyrym çaltlygynda gujaklap, gapdaldaky hyşalygyň içine götergşiräp alyp gitdi.
Meňli nähili-nähili bolanyny asla duýmady. Ýöne ol üýtgeşik eşretiň ganatlarynyň üstünde gaýyp barýanyn-a duýdy.
Ol çalaja iňleýänini, samraýanyny duýdy. Bularyň bary şol şirin eşretiň süýjüligindendi.
Nepes ony bäbek ýaly edip ýeňiljek göterip turuzdy. Soň gujaklady-da:
– Janym, ezizim! – diýip, mäkäm gujaklap, dodagyndan, ýüzünden ogşady.
– Erte günertanam gelgin.
Meňli uçuplar gaýtdy. Ybraýym turupdyr. Ol yzgytsyz nazar bilen ýaş gelni boýdan-başa synlap:
– Jähenneme gitdiňmi? – diýip, onuň üstüne ýigrenjini pürkdi.
Meňli:
– Gelnejem-le – diýdi-de, başga söz aýtmady.
– Çaýa seret!
Meňli adamsyna çaý berdi. Ýene-de suw sepip daşarylary süpürmäge durdy.
Ol Nepes çopan bilen bolup geçen wakany hiç külterläp bilenokdy. Ol Nepesiň gujagyndan çyksa-da, ol baradaky oýlary gujagyndan çykyp bilenokdy.
Ol aýy, güni ýatlady. Ertire howlukdy. Agşam gelnejesi gelende, çeşmäniň boýundaky wakany aýtdy. Emma günortanky waka barmagyny batyrmady.
– Wah, ilerki obada nä körüň bar diýsen-e – diýip, Bike puşmanly sözledi.
– Rejep gelenmişin. Şol Durdy dagy bilen gidipdi. Näme, nämäniň bolany dilinden eşideýin diýdim. Näme işiň bar diýsen-e.
Agşam Ybraýymyň gyýgy ajady. Onuň nämüçindir ýüzi açylanokdy.
– Nepes oba inipmi? – diýip, Bike ondan sorady.
– Bilemok. Men şol haramzadanyň çopany däl.
Bike oturyp bilmedi.
– Ýa baryp gaýdybersemmikä?
Garaňky ýagşy gatyşsa-da, Bike oturyp bilmedi. Saçakdan bir tutuş çörek, aldy, erik kişdesini, iki gysym ýaly kişmiş alyp, ýaglyga düwdi-de garaňkynyň içine sümülip girip gitdi.
Meňliniň bagryna pyçak soklan ýaly boldy. Ol ylgap baryp, gelnejesini saklaýjaga meňzedi. Emma äj ap etdi. Ybraýym köne jaýyň gap-gara düýt geýnen gamyşlaryndan sallanyşyp duran kereplere garap ýatyrdy.
Onuň ýüzünden akrabyň demi öwüsýärdi. Bolup ýatyşyny göreniňde bu adamdan ýagşylyk tamasyny eder ýaly däldi.
Meňli Ybraýymy kän bir tanap baranokdy. Bu adam uly bagda bagbandy. Özem nepe bilen jan ýaly dostdy. Ol Nepes bilen Bikäniň pynhan duşuşyklaryndan habarlydy. Olara şol baglaryň içinde hossarlyk edýärdi.
Ony bikäniň özem kän bir tanap barmaýan bolara çemeli. Ýöne, şonda-da “Ybraýyma durmuşa çyk!” diýdi oturdy.
Meňli ýeňňesiniň diýeninden çykyp durmady. Sebäbi onuň halaşýany ýa-da bir göz öňünde tutýan ýigidem ýokdy.
Toýdan soň ol Ybraýyma öwrenişjek boldy. Onuň şol gözlerini, gür gaşlaryny agyr ýüzüni görende welin, ini düýrükdi
Ol “aýal şeýle bolmalydyr, ärinden çekinip, gorkup ýaşamalydyr diýip” diýip pikir edýärdi. Är onuň üçin ýerdäki “hudaýdy”şonuň üçin Ybraýymyň azgyrylanyny öýke-kine edibem baranokdy. Äri bar. Öýi-ojagy bar. Şunuň özem ýetim, hossarsyz, howandarsyz ýetim gyz üçin uly döwletdi.
Ýöne, nämüçindir bu Ybraýym öňki Ybraýymlara kän bir meňzänokdy.
– Çaý içermiň? – Meňli adamsynyň “ýaralaryny” isledi.
Ybraýym sesini çykarmady. Ol içini hümledip ýatyrdy.
– Ýa bir ýeriň agyrýarmy?
Ybraýym ýene-de sesini çykarmady.
– Ýeriňi salyp beräýeýin.
– Salyber, näme, soraşmalymy?
Ybraýym daş çykdy. Meňli hem sähel salymdan soň onuň yzy bilen gapa çykdy.
– Ybraýym ýokdy. Daşary göze dürtme garaňkydy. Dünýä garaňky gowaga meňzeýärdi. Gorkunçdy.
Ybraýym gaty giç geldi. Aýagy dyzyna çenli palçykdy. Batganyň içinden ýöräp borly.
Bike Ybraýym bilen çekinmän gepleşýärdi.
– Oglan, sen gijäniň içi batgadan balyk tutub-a gelýän dälsiň. Üstüň başyň näme.
Ybraýymyň sesi zoňtar çykdy.
– Balygam tutar ýöreris-dä.
Bikäniň keýpi kökdi. Onuň Meňlä birzatlar gürrüň beresi gelýärdi.
– Dostuňam “salam” aýtdy. “Erte agşam çaýyny içip gaýtjak” – diýdi.
Ybraýym sesini çykarmady.
Meňli ir turdy. Işige çykyp ogryn nazar bilen Ýeke erige bakan garady. Süri örüpdir. Onuň ýüregi süýjüje gürsüldäp gitdi.
Ol Nepesi gijesi bilen ýatlap çykdy. Bike oňa barşyny, onuň öýkesini ýazyşyny, gujaklaşyp ýatyşyny gürrüň berende, içinden ganlar geçen ýaly boldy. Nepesiň ýanyna howlukdy. Sähel salymam bolsa ony özüniňki edinesi geldi.
Ybraýym işe gitdi. Bike öýdedi. Meňli bedrelerini alyp çeşmä tarap ugrady. Onuň bagtyna süri-de, Nepes-de ýokdy. Ol suw aldy-da, yzyna gaýtdy.
Gazany ýuwup, arassalap, suwdan doldurdy. Soň suw çigräp başlansoň, içine kädi kerçeşdirip atdy.
Onuň çeniçe heniz guşlugam bolanokdy. Kädi taýýar bolupdy. Ol bişen kädi böleklerini çykaryp, gazanyň gapagynyň üstüne serdi. “Çalyksyn” diýibem ony ojagyň ýanynda goýdy.
Gazany gaýtadan atardy. Az-kem jaz edip, suw guýdy, mäşini arassalady.
Saçakda çörek azalypdy.
– Gelneje, çöregi öýlän bişirelimi ýa-da...
Bike meýmiräp ýatyrdy. Onuň ýadyna häzir çörek düşenokdy.
– Öýlän bişireris. Mazaly, Nepesem gelse, gyzgynjak çörek bolar.
Meňli gelnejesiniň “häzir hamyr edip başla”
Begense-de, “Nepes, Nepes” diýip oturmasyny janyna siňdirip bilenokdy.
Gün günorta boldy. Bike iýip-içip, ýüzüne gyňajyny örtüp, irkildi. Ybraýym henizem işden gelenokdy. Ýekerigiň töwereginde tüsse göründi.
Meňliniň aýagynyň astyna ganat bitene döndi. Ol egnine, aýagyna näme geýeninem bilenokdy. Misli oňa jady-doga edilen ýalydy. Ýüregi gursagyna syganokdy.
Nepes ony hyşalygyň içinde garşylady. Meňli düýnkidenem eşretli döwrana çümdi. Ol Nepesiň çöpürlek kükregine aýasyny diräp ýatyşyna süýjülik bilen hyklaýardy.
Nepes onuň ak, ullakan göwüslerine, ujy tözlenip duran mämesine gatyk sakally ýaňagyny degrende bolsa suwa çümüp, gark alyp barýan ýaly “öwf” edip göýbereninem duýman galýardy.
Nepes özüni onuň üstüne göýberdi-de onuň göwüslerine başyny goýdy. Meňli onuň başyny sypalady. Soň ýuwaşja:
– Agşam barjakmy? – diýdi.
Nepes Meňliniň ak göwsüniň ujyna dodaklaryny degrip, ýuwaşja pyşyrdady.
– Ertirem gelermiň?
Meňli başyny näz bilen ýaýkady.
– Bilmedim.
Hyşalykda agyr şygyrdy turdy. Nepes eşiklerini çalak-çulak geýindi.
– Sen turma!
Nepes Ybraýymyň agyr-agyr ädimläp barýanyny gördi. Ýöne Meňlä hiç zat aýtmady.
Meňli bagtyň hem-de eşretiň ak ganatyna atlanyp öýe geldi.
Ybraýym işikde sömelip durdy. Onuň iki gözi Meňliniň ýolunda-dy.
Meňli işige geldi-de, böwür beribräp, işige ýöneldi.
– Nirede bolduň?
Äriniň sesi ony doňgara daşa öwürdi.
– Nirede bolduň?
– Hiç ýerde!
– Poh, iýme, jelep. – Ol awuna topuljak sakal torsuk kimin, ähli güýjüni jemläp, ýygryldy-da bokurdagyna bat berdi. – Aýt, kimiň aşagynda ýatyp gelýärsiň.
Meňliniň guty gurady. Bedenindäki ysgynynyň bary aýagynyň ujy bilen akyp, ýere döküldi. Gulaklary erbet şaňlady. Şondan soň Ybraýymyň keşbiniň bulam-bujar bolanyny gördi.
Ol bir erbet agyrynyň depesinden inip, süňünden parram geçip gidenini çalaja duýdy. “Ybraýym kürt aýalyny paltalapdyr”diýen habar oba ýaýrady. Ýöne onuň sebäbini bilýän ýokdy.
– Aý, Ybraýymdyr-daý, pohuna pyçak çenäp ýören-ä, nebir gelni beýdäýmek bormy?
Meňli indi üç aý bäri düşekde ýatyrdy. Ol indi iç-daşam çykýardy. Ýöne geplänokdy.
Ybraýymy sud edenlerinde aýdan ýeke sözi:
– Aýalym, urasym gelse uraryn, öldüresim gelse öldürerin.
Ol hem başga hiç zat aýtmandyr. Ýedi ýyly arkasyna daňybam, agaç kesilýän sowuk ülkelere gidipdir. Indi ondan ne derek, ne-de hat habar bardy.
Meňli ýagşy bolýardy. Ýöne ol başga düýä gelen ýalydy. Adamlaryň gepi-gürrüňibegenji, gynanjy indi oöa ýarap baranokdy. Gaty ajapdy. Diňe ýene özi galanda ol direlen ýaly bolýardy.
– Wah, Durdy jan! – diýip, elenip göýberýärdi. Duýdansyz ýerden Durdynyň derdi onuň derdine öwrülip başlapdy.
Durdy onuň ýalňyz doganydy. Bikäniň adamsydy. Ors gelip, ýurduň içini-daşyny baglan ýylydy. Adamlar mal-garalaryny alyp, goňşy ýurda geçip gidýärdiler.
Şol günleriň birinde Durdy hem öz doganoglany Myrry bilen malyny sürüp gitmekçi boldy.
– Men mal-garalary eltip, jaýlap gaýdaýyn. Soň sizem alar giderin – diýip, ol Bikä saçagyň başynda, mesawy gürrügiň arasynda aýtdy. Bu gürrüňi Meňlem eşdip otyrdy.
– Göçmänimizde bolanokmy?
Bikäniň bu sözüne Durdy ýumşak jogap berdi.
– Oba göçüp gitdi-dä. Biziň ýagşymyz, ýamanymyz şu adamlar bilen-ä. Olar gidip, biz munda tohumlyk galjakmy.
Bike sesini çykarmady. Taýýar bolup oturyň. Ömürlik däl-ä, geliner-dä, ýene il bilen..
Şondan üç gün geçdi. Bike bilen Meňli zatlaryny çuwallara salyp, gije göteräýmelije edip goýupdylar.
Bike hoşlaşyp gelmek üçin atasynyň öýüne gidipdi. Öýde Meňliniň bir özüdi. Işikde takyr-tukur eşidilen ýaly boldy. Göwnüne hiç zat getirmän daş çykdy.
– Gelneje!
Işikde oba şurasy atynyň başyny çekip durdy.
– Kim bar?
– Hiç kim.
Şura başyny gapdala bakan gyşartdy.
– Öliňizi ýygnaň.
Meňli hiç zada düşünmän durşuna, ilersine garady. Onuň gözi bir topar atla düşdi.
– Bir atyň üstünde Durdy bilen Myrry otyrdy.
Ol ata bakan alakjady. Birdenem agasynyň jansyz meýitdigini bildi.
Olary ýalaňaç ýabynyň üstünde artlaşdyryp oturdyp, biri-birine, ýabynyň olaryň aýagyny ýüpi ýabynyň garnynyň astyndan alyp daňypdyrlar. Gollaryny sallamaz ýaly, goltuklaryna kerkaw hapbasyny urupdyrlar.
Meňli eňräp başlady.
– Waý, dogan-eý, doganjygym-eý. Seni ne belalar urd-eý.
Oba şurasynyň gykylygy uludan turdy. Emma meňli ony eşitmedi.
– Dogan-eý, saňa haýsy eli guramyşyň eli uzady, dogan-eý.
Yzda, ýabynyň üstünde oturan, arkasy bäşatarly esger ýigitler atdan düşdi. Olar jesetleri kynlyk bilen ýabydan düşürip, diwara söýediler.
Indi, durdy-da, Myrry-da arkalaryny diwara söýäp oturan ýaly-dy. Olar atyň üstünde gatap galypdylar.
– Kim etdi? Kim etdi, muny.
Gykylyga göçmän galan goňşular, garry-gurtular, çopan-çoluklar üýşdüler.
– Döwlet serhetinden geçjek bolanda, dur diýilse-de durmandyrlar. Şonuň üçin üç sapar duýduryş berip, atypdyrlar. Atan şol iki sellat!..
Meňli şol iki “sellady” gözüniň garasynda eredipdi. Indi bu gyzyň bebenegini çykaraýmasaň, olaryň keşbini unutjak gumany ýokdy.
– Ine, ahyr soňy elime düşdüňiz dälmi? Eljagazyma düşdüňiz dälmi-i?
Bike tisginip oýandy. Ol meňliniň bolup durşuny görüp, gaty gorkdy.
Meňli horlanyp, süňk bilen deri bolup galypdy. Onuň bir wagtky owadan saçy edil bir pişigiň guýrugy ýaly, jontaryp galypdy. Onuň hanasynyň düýbüne çeken gözleri, tüpeňiň nilindäki oka meňzeýärdi. Ol sähel gazaplansa, şol ok atylyp gidiberjek ýalydy.
– Elime, eljagazyma düşdüňiz dälmi?
Ol gap-gaç goýulýan burça garşy pyçakly elini salgady.
– Içiňizden geçirerin. Müzzeriň. Aý, indi müzzerersiňiz-ä. Indi aman dilärsiňiz-ä.
Meňli kellesine palta degenden soň, çabalanyp, ölüm bilen diriligiň arasynda aý ýarym ýatypdy.
Ony agyr agyry, ot-ýalnyň yzasy alyp barýardy. Onuň bar görýäni, bar çagyrýany ýalňyz dogany Durdydy. Durdam atyň üstünde eli-aýagy baglanan halda töwereginde çarp urýardy-da:
– Wah, uýajygym, men ne alaç edeýin. Görýäň-ä, elim-aýagym bagly! – diýip, naçarlap gygyrýardy.
Meňli dowzahyňka çalymdaş soňsuz otlaryň içinde ýansa-da, ýiti agyry aldym-berdime salsa-da, bir ýagdaýa kaýyldy. Onuň agasy ýanyndan aýrylanokdy.
Ol agasynyň gözündäki gahar alawyna, namys oduna, puşman dumanyna çenli görüp durdy. Ýogsa, Durdyny doganym diýip her näçe ezizlese-de munça ýakyndan synlap, onuň mährini uýalyk derdine ýapan ýeri ýokdy.
Durdy indi Durdy bolupdy. Onuň didary Meňli üçin tenekardy. Ol görüp, synlap, “dogan, dogan” diýe-diýe, bagrynda dörän göz-göz ýaralara melhemdi.
Ýöne Durdynyň-da, Myrrynyň-da eliniň, aýagynyň daňylgylygy, dagy talhan eýlejek arslan ýaly agasynyň alaçsyzlygy Meňlini öňki otlardan müň esse ýakýardy. Olara bir alaç edesi gelýärdi.
Ot-ýalyn-da, agyry-da köşeşip başlady. Meňli agasynyň münen ýabysynyň başyny tutdy.
– Agam jan, Durdy jan, dogan, ýörüň, men öýe äkideýin, sizi.
Durdy geplemedi.
– Näme gepläňok. Bir zat diý ahyryn. Durdy gözüniň gatygyny yza tarap aýlady.
Meňli tisginip gitdi. Olaryň yzynda iki sany esger, atyň üstündäkileri yzarlap gelýärdi.
Durdy “gördüň dälmi” diýen manyda, gussa çümüp baş atdy. Meňli doganynyň derdine düşündi.
Esgerler eginlerindäki bäşatarlaryny ellerine alyp, şakyrdatdylar-da, öz dillerinde nämedir bir zat diýdiler.
– Ine, şolar, biziň ýagymyz, uýam. Sen şolardan arymyzy algyn. Olar kändir, ýöne sen gorkma. Bular atyň üstünde eli bäşatarly otyrkalar adamdyr. Elinden atyny, tüpeňini alansoň heleýçe-de ýokdur...
Durdynyň bulary alyp gitjegi ikuçsyzdy. Meňli Durdynyň atynyň jylawyny göýbermän, onuň gapdaly bilen barýardy. Ol meňlä bir zat aýtmak isledi.
– Näme, doganym, aýdyber.
Durdy yzyna garady. Esgerler olara sözleşmäge maý bolsun diýýän ýaly, atlaryny aram sürüp gelýärdi.
– Meniň yzymda oglum, gyzym galmady. Bike-de ograş bolup çykdy. Arym kyýamata galmasyn. Arymy algyn...
Durdynyň münip barýan aty nähilidir bir gozgalaň tapdy-da, şallaklap gitdi. Meňli uýany göýbermäge zordan ýetişdi.
Meňli üçin ýol indi anyk boldy. Ol öz agasynyň aryny almalydy. Munuň üçin ol şol ýerleri yzarlap, olary ahmala salyp, öýe alyp gelmelidi. Şu ýerde-de olaryň meýdini ýakmalydy.
Bike Meňliniň bäri bakýanyna begendi. Ybraýym tussaglyga gideli bäri olar ýekedi. Nämüçindir Nepesem sürini daga äkidipdi.
Onuň “Meňli bäri baksa höwür bolar” diýen tamasy hem çykyberenokdy. Meňli bäri baksa-da, ol indi öňki Meňli däldi.
Ol hemişe bukdaklap gezýärdi, özem küýi, gözi çolalykdy. Häli-şindi köne kümäniň içine girýärdi.
– Meňli, a gyz bu ýerde näme işläp otyrsyň – diýip, ol bir gün küde bolup ýatan erik şahalarynyň gapdalynda bukdaklap ýatan gelni görüp aýtdy:
Olar şu ýoldan geçmeli, ýuwaş! – diýen söz boldy.
– Kim, kim geçmeli?
– Meňli onuň ýüzüne geň galyp garady.
– Kim bolar, näme bileňokmy?
Bike hiç zada düşünenokdy. Meňli welin beterinden beterini tapýardy. Güni bilen ýoly garawullaýardy.
Ahyr bir gün Bike bir ýagdaýa doly göz ýetirdi. Ol meňliniň dälirändigine, özüniňem göwrelidigine düşündi.
Ol näme alaç etjegini bilenokdy. Meňlini öýde saklamak kyndy. Onuň üstesine güzeren hem zulum ýaly bolup, depäňe gaçjak gara daşa meňzeýärdi. Şonuň üçin Meňlini ýeke taşlap, işe-de gidip bilenokdy. Işe welin gitmelidi. Onuň ber myrady iş bolup galypdy.
Emma bir gün işden gelse, içerden tüsse zogdurlup çykyp duranyny gördi. Içeri agdar-düňderdi.
– Meňli, aý Meňli!
Meňlini ol içerden tapdy. Ýükdäki ýorgan-düşegiň aşagynda hyklap ýatypdy.
– Bu näme gyz, bu näme etdigiň seniň. Heý, beýle-de bir zat bolarmy?
Bike gaharyna daş işige çökdi-de aglady.
– Heý, mundanam bir gün bolarmy, mundanam bir mydar bolarmy?
Emma Meňliniň ýüzünde müýn ýokdy. Ol uly ýola garşy ýumruguny düwüp gygyrdy.
– Mäň, mäň, ine, şuny tutarsyňyz. Tutjaksyňyz, tutaýmarsyňyz. Men welin, sizi etjegim bardyr, duruberiň bakaly.
Ol birden içeri ylgady. Baryp ýorganlaryň aşagyna sümüldi. Tä gijäniň bir mahalyna çenli şol ýerden çykman, mysapyrsyrap oturdy.
Bike çaý gaýnatdy. El ýaly gaty çöregi çaýa batyryp, iýdi. Soňam düşek-zat ýazman, öli ýaly süýnüp galdy.
Meňli öz başyna belany satyn alanyny soň bilip galdy. Ol esgerleri azarlap ýörşüne, ahyry olaryň üstünden bardy. Olar iki sany ýaş ýigitdi. Çeşmäniň boýunda ullakan gara daşa ýaplanyşyp, irkilip otyrdylar. Olaryň atlary öz maýdalyna gezişip, otlaşyp ýördi.
Meňli ýuwaşlyk bilen bardy-da daşa söýegli bäşatary eline aldy. Soň onuň gulagyny şakyrdatdy.
Arman, onuň diýeni bolmady. Ol bu tüpeňiň nähili atylýanynam, ony nähili tutmalydygynam bilenokdy.
Esgerler oýandylar. Olar ýerlerinden zöwwe turup, elewreşdiler.
Şonda Meňli olary ýagşy synlady. Biri sary saçly, çypardy. Gözi asman ýaly göm-gökdi. Ýüzi jahyl çigildirikden doludy. Özem syrdam, uzyn boýlydy. Boýunlary diýäýmeseň, güne gowrulmadyk ýerleri, edil öýde oturan heleýiňki ýaly akdy.
Ol gaty gorkupdy.
Beýlekisi, dykyzdan berdaşlydy. Gözleri garady. Gaşy gürdi. Garaja murtunyň aşagynda dişleri akjaryp durdy. Misli oba oglany ýalydy.
Ol haýran galyp durdy.
Esgerler meňliniň tüpeň syryny bilmeýändigini bildiler. Hakykatdanam bu ajal gamçysy Meňli üçin bir tokga agaç bilen bir tokga demirdi. Adamlaryň ony biri-birine neneň dözýänine gelin haýran galdy. Özem agyrdy, çemsizdi.
Gara gözli esgeriň dişleri ýalp edip gitdi.
– Taşla!
Meňli tisginip oýandy. Ony Bike yralap oýadan eken.
– Men işe gidip barýan. Tur, çaýyňy iç.
Meňli daş çykdy. Ýüregi ýarylan ýaly bolubam içeri kürsäp urdy.
Bike onuň ýüzüne howsalaly garady.
– Kim bar? näme bar?
Meňliniň dişleri şakyrdady.
– Olar, olar bar...
Bike daş çykdy. Daşarda hiç kim ýokdy.
– Hiç kim ýog-a.
Meňlem daş çykdy. Ýöne Bikäniň arkasyna bukuldy.
– Bar, şolar bar.
– Kim olar?
Meňli öýe girdi-de, dula çöküp çugutduryp titräp galdy.
Ol özüniň ýalňyşanyna indi düşündi. “Men olaryň tüpeňini alyp oňarmadym. Ýok, olaryň elini-aýagyny daňmalydym. Şeýden bolsam, elinje alyp gelerdim...”
Ol atylyp daş çykdy-da odun küdä bakan ýumruguny salgady.
– Duruberiň, bakaly. Entejik size göz görkezerin.
Onuň bu haýbatynyň özüni yzarlap, tutjak bolup ýören esgerlere täsir edenine düşündi. Ýöne olar gider ýaly däldi.
Meňliniň ýadyna bir zat düşdi.
– Gel, men öýde erkek adam bar ýaly edip gezeýin.
Onuň kimiňdir biriniň adyny tutup gygyrasy geldi. Ýöne şu mahal onuň diline at gelmedi. Ybraýym adynyň golaýyna-da barasy gelenokdy. Durdynyň, Myrrynyň ýokdugyny bolsa, olar bilýärdi. Birdenem onuň ýadyna Nepes düşdi.
– Haý, siziň haramzadalar. Siz meni ýekedir öýdýänsiňiz.
Ol işikden ep-esli öňe çykdy-da, sesinde baryny edip, ýeke erige bakan gygyrdy.
Nepes-u-uw. Aý-uw, Nepes. Bu haramzadalara özüň bir çäre gör.
Meňli şol esgerleriň hyşalygyň içi bilen, daňa galan oklukirpi ýaly bolup gaçyp barýanyny gördi. Meňliniň jany aram tapdy. Öz tapan hilesi, esgerleriň gorkuşyp, jyrralyp ýykylyp-sürşüp gaçyp barmasy, onuň ähli agyrsyny aýryp, böwrüni byjyklady. Ol heziller edip güldi. Onuň jakkyldap gülmesini bütin oba eşitdi.
– A gyz, onuň aýy-günem-ä ýetip gelýär diýip, gowaça otap, guşluk dynç almaga çykan gelinleriň biri Bikä tutunyp sorady.
– Ybraýymyň tutulanyna alty aý boldy.
Şondanam iki aýyrak öň bolmaly. Indi galsa bir aýy galandyr.
– Görgüli, nähili gelindi. Gelniň gülüdi. Meýdi ýansyn Ybraýymyň. Gyzyl gül ýaly bendäni ne günlere saldy.
Bikäniň ýüzi hasratlydy. Onuň eginleri ýegşerlip gidipdi. Ol başyny gussaly ýaýkady.
¬– Görgüli, içeri-daşary syganok. Göwnüne kimdir biri yzarlap ýören ýaly.
– Kim diýýäkä?
– Aýdanok. Özi ýaman gorkýa. Şol bar diýip, titiräberýär.
– Kimkä gyz, ol.
– Kimdir öýdýäň, arwah ýa jyndyr-da başga kim bolsun.
Başga bir ulu gyz gorkup başlady.
– Arwah nähili zatka?
Hiç kim sesini çykarmady.
– A gyz, däli aýal bilen bir öýde ýaşamak gorkunçmyka?
Bikäniň ýüzi açylar ýaly däldi.
– Alla başyňa salmasyn. Däli bar diýip, başyňy nirä urjak. Ýa ony nirä güm etjek. – Ol ýerde ýatan gury çöpjagazy alyp ýer dyrmady. – Her gün işden barsaň, aklyňa-oýuňa sygmaýan zat opuryp goýandyr. Bir gün ýükleri düşürendir, özem aşagynda ýatandyr. Bir gün işige odun basyp goýandyr. Bir gün oty otlandyr. Sen näme diýjek.
Aýallar başlaryny ýaýkadylar.
– A gyz, men-ä gaty gorkýan. Başga, gowy gürrüň etseňizläň.
Bike agşam öýe baranda gözlerine ynanmajak boldy. Da
Aryk at gaýtarym ýeri süpürilip, suwlanypdy. Ojakda tüňçe gaýnap durdy. Içeri gül ýalydy. Emma öýde hiç kim ýokdy. Bikäniň ýüzi ýoklan ýaly boldy. Ol işige keçe taşlady-da, çaý demlendi. Ýöne Meňliniň öýde ýoklugy onuň ýüregine iňkis saldy.
Meňliniň arkasyna ýel çalan ýaly boldy. Süňňi ýeňledi. Ol özüni yzarlap ýören şol “zalymlaryň” ýakyn wagtda gelmejegini duýdy.
Ol daşarlary, içerleri süpürişdirdi. Hamyr ýugrup, üstüni basyryp goýdy. Kädi gaýnadyp, gapagyň üstüne serdi. Ýüregine ýene-de bir wagtky duýgular gaýdyp gelen ýaly boldy.
Ýeke erigi nazarlady. Ýöne onuň töwereginde süri görmedi. Gulagyna welin serkäniň boýnundaky jaňyň sesi gelen ýaly boldy.
Ol böwrüne diň saldy. Oturdy, turdy. Ýöne özüne erk edip bilmedi.
– Bar bolmaly. Gelen bolmaly.
Ol şol hyýalynyň ganatyna münüp ýola düşdi. Ýekerigiň aşagyna bardy. Ol ýerde ne süri bardy, ne-de çopan.
– Hany, çopan? – diýip, ol erige habar gatdy. Erik jogap bermedi. Mundan sähel öň şol çopan bilen pynhan duşuşan ýerine bardy.
Hiç zat üýtgemändir. Iň bärkisi aýak yzlar hem durdy. Basgylanan hyşalar hem şol şirin lezzetden soň bilini ýazmaga ýaltanýan ýaly, gyşaryşyp, irkilişip ýatyrdy.
– Hany, çopan?
Hyşalyk jogap bermedi. Meňli içmek ýazylan ýerde oturdy. Hyşalaryň astyndan ýaşajyk maýsalar örüpdir. Olar seçek ýaly bolup, paşyrdap otyrdy.
Ol ýerde oturany üçinmi, ýa-da köp gymyldany üçinmi, gelin, içinde bir sarsgynyň bardygyny duýdy.
Ol özüne gelen ýaly boldy. Gözi garnyna düşdi. Garny ep-esli bolup, edil kersen düňderilen ýalydy.
Meňli usullyk bilen ýerinden turdy.
– Nepesiň çagasy!
Ol tä öýe gelýänçä begenji bar ýaly bolup gaýtdy. Öz ýanyndan ýylgyrdy. Ejesiniň öz bardygyny duýýanyna begenýän ýaly çagajyk onuň içinde hallan atýardy.
– Gelneje! – diýip, ol ýekeje özi nahar iýip oturan Bikäni görüp aýtdy. Bike-de Meňliniň hor ýüzüne, kirläp, düwdegi çykyp duran saçyna, şory çykan köne köýnegine parhsyzlyk bilen garady.
– Nirä gitdiň?
Meňli oňa gyssyrylyp oturdy.
– Gelneje.
Bike gapdalraga süýşdi-de, baldyzynyň ýüzüne garady.
– Näme Meňlijan.
Meňli utandy.
Meniň çagam boljak bolýar öýdýän.
– Ol garnynyň ýüzüni kirli barmaklary bilen ýuwaşja sypalady – Men-ä bilmändirinem.
Meňliniň indi telim aýdan bäri ilkinji sapar adam dilinde, ynsan ýüzünde geplejek bolýanyna Bike begendi. Indi ony bu halyndan ürküzesi gelmedi.
– Bildiň, janym. Näme bilmän. – Ol tabagy orta süýşürdi – Adama dert gelmesin. Dert, kesel adamy her ýoldan ýöredýär ahyryn. Sen nähili derdi başyňdan geçirdiň. Ahyry bolsun, hudaýym.
– Wah, şeý diý, gelneje.
– Sen, Meňli jan, indi özüňe seret. Başyňy ýuw. Gowja, giňje köýnegiňi geý. Görýäň-ä, eliň-aýagyň gara kesebä dönüp gidipdir. Arassaja bol. Ol çagany dogurmaga taýýarlan.
Meňli baş atdy.
– Bäbejige arlyp, daşyna dolak taýýarlaly. Sen öýderäk bol. Kän bir iç-daş çykma. Suwa-da özüm giderin.
– Çaga haçan dogmaly?
Meňliniň bu sowaly jogapsyz galmady.
– Ybraýymyň tutulanyna indi ýedi aý. Onuň üstesinede çen-çak bilen bir aý goş. Şonda sekiz aý bolar. Indi galsa bir aýyň galandyr.
Meňli agyr oýa batdy. Ybraýym, onuň tussaglygy, äriniň salan ýarasy gelniň gözlerini garaňkyradan ýaly boldy. Ol uly howsala bilen odun küdesiniň aňyrsyna seretdi. Emma garnynyň içindäki urgy ony ýene öňki pikirine getirdi.
“Ýok, ýene ýigrimi gün galan bolmaly!” Ol şonda aý günüň hasabyny belläpdi. Ol göwresindäkiň Nepesiň çagasydygyny duýdy. Sebäbi, ondan öňem, soňam Ybraýym bilen bir düşekde ýatmandy.
– Näme at dakarkak, gelneje?
Bike nämüçindir agralan ýüzüni Meňliniň ýüzüne dikdi.
– Dogubersin – häli. At tapylar-la.
– Nepes dakyp bolmazmyka?
Bike tisginip gitdi. Ol bu däli aýalyň ham-hyýaldygyna haýran galdy. “Ýa...” diýip, bir zady, bir zady guman etjek boldy.
– Näme üçin, Nepes dakmaly?
Meňli ýere garady.
– Durdy doganymyň dosty-da. Şony gowy görerdi.
Bike yranjyrady.
Durdy doganda näme! Ogul ýok,gyz ýok, görgülide.
Meňli ýüzüni galdyrman:
– Senden bolar-a – diýdi.
Bike “Hiňh” edip göýberdi.
– Men haçan äre barjak. Menden haçan ogul boljak. Bolaýanda-da ärim ol ady dakdyrjakmy, alla bilsin.
Meňli sesini çykarmady. Ýöne öz ýanyndan ogluna agasynyň adynyň dakyljagyna begendi.
Güýz düşdi. Adamlar süri-süri bolup pagta çöplemäge gidýärdiler. Meňli indi has agralypdy. Şonuň üçin Bike ony öýde ýeke goýup bilenokdy.
Öz ýany bilen, Oraz agalaryň eşegini sorap alyp, şoňa mündirip, alyp gidýärdi.
Düşelge Meňli üçin juda güzaply ýerdi. Ol tutuş dünýä sygman ýören halyna, dar meýdan düşelgesinde güni bilen oturmaly bolýardy. Käte nahar bişirýän aýala kömek berýärdi.
Herne, onuň çagasy öýde doguly. Meňli mert eken kän bir hykylamadam. Bikäniň dula, adam boýy ýokardan kakylan gazyga daňlan ýüpden asyla-asyla, birkemsiz gyzjagazy dogurdy.
Bäbejigi burça öňden ýörite dökülen, indi ýagşy ol bolan çägäniň üstünde, diwara ýaplanyp ýatan Meňlä görkezdiler.
Meňli häzir bäbek bilen däldi. Ol çyrany ýüzüne tutanlara:
– Aýryň! – diýip, elini çalaja salgady. Soňam, içerini sarsdyryp haha-haýlap güldi.
– Nejisler, ahyry ele düşdüňizmi? Ahyry, ahyry ele düşdüňiz-mi-i-i!
Ol dişlerini gemrip ýatyşyna, erbet jygyrdatdy.
Çaga dogurmaga kömekleşmäge gelen aýal bu aýylganç sese gorkup, tas elindäki bäbegi ýere gaçyrypdy. Emma Bike tisginmedi.
– Wah, wah, görgülini ýene-de awladylarda.
Ol elleri ýüpde gatap galan gelni ýerinden göterjek boldy. Emma başarmady.
– Gel, Honça bibiň düşege geçireli.
Ol aýalyň hem dişleri şakyrdady.
– Ýo-oo-ok, men gorkýan. Özümem garaguşl-a.
Ol şonda-da Meňlini düşege çenli süýreşdi.
Çaga dogran aýala etmeli dessuryň ählisi edilensoň, Meňliniň üstüne ýorgan ýapdylar. Ýöne aýal köýnejiginden arlyk edilip, gurama ýorganjyga dolanan bäbejigi welin Meňliniň ýanyna eltmediler.
– Öz ýanymda bolubersin.
Honça Bibi aklygyny alyp, daş çykdy. Soň içeri gygyrdy.
– Bike, aý Bike, men ýeke gidip biljek däl gyz. Ugradaweri.
Meňli çagasynyň şu gün doguljagyny aňypdy.
Garn-a däl, aýaklary-elleri güp ýaly çişipdi.
– Gelneje, men şu gün gitmäýin. Indi mahal geldi. Şu gijeden çykman bolar.
Bikäni howsala basdy.
– Men näme etsemkäm. Bu pagta belasyndan ýaňa ölmäge eliň degenok. Ol-a çaga dogurmak. Gyzzy-gyzza geldi bu artybam.
Meňli güldi.
– Gaýta etme, gyzzy-gyzza gelende çaga-da doglar, gelneje.
Bikäniň gülkä eli ýetenokdy.
– Maňa çagaňdanam beter sen gaýgy. Men-ä gitsem, senem başagaýladyp başlasa. Ilkinjem garnyň. Kime dadyňy ýetirsiň, kime arzyňy aýdarsyň.
Meňli ýekebrlandy.
– Sen maňa näme etmelidigini öwret. Soň özüm günümi görerin.
Bike indi hezil edip güldi.
– Wah, jan baldyzym. Men näme çaga dogrup gördümmi.
– Eşidensiň-ä, illerden.
Hawa, Bike eşidipdi. Indi gowaça otalýan döwürden bäri onuň özi dogurjak ýaly, oýy-pikiri “çagany nädip dogurmaly”diýen aladady.
Meýdanda bile işleşýän aýallarynyň köpüsi bäş-alty çagany dogran epeý aýaldy. Olar öz wakalaryny gürrüň berşip, Bikäni oňatja okadypdylar. Bike şolary ýadyna saldy.
Dula üç bedre ýumşajyk çäge gum dökdi. Dula adam boýurak belentlikden demir gazyk kakdy. Oňa ýogyn urgan ýüp daňdy. Meňlini çagyryp, oňa nädip oturmalydygyny, nädip asylmalydygyny görkezdi.
– Gorkma, aljyrama.
Soňra ol Ybraýymyň sakal syrýan päkisi oduň ýalawyna tuta-tuta, ýumşak mata dolap, keçeniň aşagyna saldy.
Urganyň ujundan tutup, çaganyň göwegini nähili kesmelidigini öwretdi. Päkini goýan ýerini görkezdi.
– Arkaýyn bolaý, sen gelýänçäň dogmaz şu çaga. Bike hiç ynjalanokdy. Nämüçindir, gazany ojaga goýup, içini suwdan doldurdy. Aşagyna ot ýakdy.
– Ýyly suwuň gerek ýeri bolar. Gelnejem gidensoň Meňli içerini-daşaryny suwlap süpürdi. Çaý gaýnadyp içdi. Diňe öýläne bakan burgusy basmarlap ugrady. Ýöne agyry tutup, tutup bir salymdan göýberýärdi.
Soňky saparky burgy ony atdan ýykylan ýaly, burup taşlady. Agyry ýyldyrym ýaly bolup, bat bilen paltanyň salan, henizem ýagşy bitmedik ýaralaryna sarsgyn berýärdi.
Meňli çaganyň yzasyndan däl-de, şol ýaralaryň awysyndan gorkýardy. Ol ýaralar sorkuldap başlasa, ýene köne keselini gozgatjakdy. Meňliniň bolsa şol duýgularyň mazaryny köwläsi gelenokdy. Ýöne ol eziz doganynyň didaryny görmek üçin, oňa zulum eden ganhorlary gabra dykmak üçin näçe yza bolsa çekmäge taýýardy.
Häzir bu burgy yzasy kem-kemden sowaşandan soň Meňliniň agzy işläp başlady. Ony iki ýol özüne çagyrýardy. Biri, agasynyň, şol haýynlaryň ýoly, beýlekisi jebirli, jepaly güzeran ýoly. Ene bolup, aýal bolup, öýüňe, adamyňa, balaňa hyzmat etmek, söýmek ýoly.
Ol bu ýolda diňe Nepesi gördi. Indi onuň gözüne äri-de, dünýä injek çagasy-da görnenokdy. Bu ýolda Nepes bir salgym bolsa, jepanyň, azaplaryň kyn ýoly bilen şol salgyma bakan gitmelidi. Onuň ömri hem şeýdip şu pursada gelipdi. Onuň Nepesden, şonuň ýaz ýyldyrymy ýaly gelin älemini sarsdyryp giden söýgüsinden başga gören zady ýokdy. Indem görjegi gümanady.
Ikinji ýolda azap, agyry, ynjy ýokdy. Eziz didar bardy. Kyýamata goýulmajak kasas bardy. Ýöne onuňam öz kynçylygy, jebri-jepesy bardy. Onda iň esasy zat, maksat bardy.
Sülgün şeýdip, iki ýoluň owarrasy bolup galdy.
Hakyky burgy agşam düşensoň, Bike işden gelip, ýaňy öňüne çaýyny alan mahaly başlandy. Özem, öňkileriň çeni däldi. Şatyladyp tutanda, janyňy ber diýýärdi.
Bike gidip Honça bibini alyp gelýänçä, yza gelni iki sapar öldürip direltdi.
– Waý, gelneje, öýlän-eý! – diýip, Meňli demini zordan dürsäp, özelenip aýtdy. – Bir alaç et, jan, wa-aý...
– Alla kömek etsin. Eýesi kömek etsin – diýip honça bibi samyrdady. Emma ony Meňli eşitmedi. Onuň öz derdi özüne ýetikdi.
Gijäniň bir mahaly burgy öňkilerdenem güýçli tutdy. Yza ýaş gelniň beýnisini ýyldyrym uran ýaly etdi.
Ine, şonda Meňli özüne gelen ýaly boldy. Ol agasyny atanlaryň ýene-de özüni yzarlap gelendigini gördi. Olar odun küdesiniň aňyrsynda durdy. Birisi ylgap geldi-de, işigiň ýeňsesine geçdi.
Meňli aljyrajak ýaly etdi-de, özüni ele aldy. Ol duldan asylgy ýüpüň ep-esli bölegini Ybraýymyň päkisi bilen kesip aldy. Soň gapyny jygyldatman daş çykdy. Soňam irkiljiräp oturan esgeriň üstüne topuldy-da, bir salymda onuň elini arkasyna daňdy.
Ol esger şol sary, çypardy. Meňli bu esgeriň içine pagta tykylan halta ýaly ýeňiljek zatdygyny soň bilip galdy.
Esgerem bu “duşman”aýal özüne beýle zabunlyk eder öýtmedik borly. Eliniň daňlanyna özem haýran galdy.
Meňli onuň bäşataryny alyp, gundagy bilen esgeriň depesinden inderdi. Ol çiň arkan gaýtdy.
Gelne güýç gelen ýaly boldy. Ol bäşataryň nilinden tutup durşuna, odun üýşmeginiň ters ýüzünden bardy. Gara saçky esgeriň gözi işikdedi. Ol dünýäni iş alsada biljek däldi.
Meňli tüpeňiň gundagy bilen onuňam depesinden berdi. Soň ber güýjüni ijäp, topuldy-da, onuň hem elini arkasyna daňdy.
Meňliniň süňňi ýeňläp gitdi.
– Gandarym!
Ol esgerleri öň eşek daňlan kümä eltip dykdy. Olar gaçaýmasyn diýip, Ybraýymyň geçi çöpürinden ören agyr ýüpleri bilen olaryň aýagyny hem daňdy. Soň kümäniň işigine odun basdy-da öýe geldi.
– Gyz bäbegiň boldy. Sag-aman eliň-aýagyň gowuşdy...
Ol Honçany tanady. Nämedir bir zatlar diýişdirýärdiler. Emma meňliniň öz aladasy, öz şatlygy bardy. Ol sag-aman öz maksadyna ýetipdi. Agasynyň gandarlaryny tutdy. Olaryň elini arkasyna baglady.
Ýöne Meňlini çekindirýän zat başgady. Bu haýynlaryň bäşatarlaryny gizlemelidi. Özlerinem, tä adalat gününe çenli. Haklaşyk gününe çenli hiç kim görmez, bilmez ýaly etmelidi.
– Tüpeňleri gömerin. Üstüne-de saman, onda-da çüýrük saman basaryn. Hany bir tapsynlar. Soň gözläbersinler, tapyp bilseler “är” diýeýin şolara.
– Wah, ýene-de şol bela başyndan indi-dä. Meniň bar gorkym şoldy. Olam boldy.çaga burgusyna çydamaz diýýädim. Görgüli, ýaňy özüni dürsäp, gepi-sözi düzelip, ile-güne goşulyp barýardy.
Bikäniň bu sözüni Meňli eşitdi. Ol gelnejesiniň bu äheňini halamady.
– Ol bela hemmämiziň başymyzdan indi. Olary etjegim bardyr. Kimiň nebsi agyrsa-da, meniň nebsim agyrmaz. Men olary haklaşyk gününe alyp giderin. Men olary adalat gününe alar giderin. Şonda baý ökünerler-ä. “Men beýle etmeli däl ekenim” diýerler-ä. Emma giç bolar, gaty giç bolar.
Bäbejik ilki hyklady. Soňam aglady. Öýüň içini kümüş düwmejigiň owazy ýalyjak näzijek owaz gaplap aldy.
Bike bäbejigi eline aldy.
– Janym, janym, jigerim. Sesiňe döneýin. Janyňa döneýin.
– Emdirmezmikä? – diýip, Honça alada bilen aýtdy. – Emdirs-ä gowy bolardy. Ilkinji garnydyr. Bike ýergany serpdi.
Meňli ot bilen ýalnyň içinde ýatyrdy. Bir ýylgyrýardy, bir aglaýardy.
– Meňli, Meňli jan. Balaňy, bäbejigiňi emdirermiň. Hany, ýakaňy aç, göwsüňi çykar.
Meňli ýakasyny açdy-dä göwsüniň bir ýanyny çykardy. Bike gözlerini ýumdy. Meňliniň her taýy terne ýaly göwüsleri eräp galypdyr. Ol boşan süzmehalta ýaly bolup ýatyrdy. Ujy welin erigiň şänigi ýaljak, goňrumtyl öwsüp durdy.
Bike çagany çemlije ýatyrdy-da, emmäni onuň agyzjygyna sokdy. Bäbejik endik etmedik işini edýän ýaly, dodajyklaryny emelsizje gymyldatdy. Bike oňa kömekleşdi. Hor göwsi onuň agzyna saldy. Meňli yňrandy. Oňa der gelen ýaly boldy.
Owuz süýdi inip başlady. Meňli ynjalykly irkildi. Emma rahatlygy uzaga çekmedi. Hars urup, gozgandy.
– Göýber ýakany, seniň haram eliň degmez bu ýaka. Göýber, pälazan.
Ol güýçli elleri bilen göwsüni ýygnady-da ýakasyny towlap gysymlady.
– Näkes. Saňa men ýakamy ellederinmi. Men saňa bagjygymy çözdürerinmi.
Ol ýene-de bäşatary gözledi. Belanyň körügi gara saçly esgerdi. Ol daňylgy eli bilen Meňliniň ýakasyndan tutup, ony ahmalyna saljak bolýardy.
Meňli ony depip göýberdi. Esger ýykyldy.
– Ine, saňa ýaka. Ine saňa, ahmallyk. Sen dur bakaly. Men saňa türkmen dilinde saýramagy öwrederin. Näme edeniňi bilbil ýaly saýrap-saýrap gürrüň berersiň. Diňe şondan soň jezaňy çekersiň.
Категория: Powestler | Просмотров: 70 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: