20:56
Gerdek
GERDEK

Ýedi ýat geçende boýna asylan,
Leýlisaçlaň golun suwa sokardyk.
Şonda oglanjyklaň sesi gelerdi,
Agaçlaň üstünden, bijaý ýokardan:

“Toý bareý, toý bareý” gygyrşardylar,
Onsoň ylgap, toý ýerine giderdik.
Şonda çagalaryň içinde galyp,
Çelgisin ýitirip, “entärdi”, gerdek.

Ak öýe giirlmän galarmy heý-de
Gelinleriň kürtesinden çekerdik.
Şonda çagalaryň keýpine geýnen
Akja köýnegine ilerdi  gerdek.

Toý ýermi, ýas ýermi, dikilerdi ol,
Ak ýermi, tapawdy ýokdy, asla-da.
Onsoň diňe çelgi bolup görünen,
Gerdekler bildirip durdy, asmandan.

Ak öýler ýykylsa,gerdek galardy,
Aparlanda duşman oka gerçekler.
Şonda ýüreklerde bir dert galardy,
Her gezekde ýykylanda gerdekler.

Ýok,bu çagalygyň oýny däl, bilýän,
Bu oýnydyr,gödek çarhy-pelegiň.
Gerdek görüp ylganyňda ýas bolman,
Toýa gelseň gowy zat-la geleniň.

Häli-häzirlerem boýnumy gaňryp,
Gerdeklere bakyp göwnüm götersem...
Ýas bolmasa bolýar, gerdekden aňryk,
Gerdek dikilse-de toýa dikilsin!

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 35 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: