20:44
Söýgi -7/ romanyñ dowamy
V

«Galpyň gazany gaýnamaz».
Nakyl.

Barýar iki aýal gün guşluk çagy,
Biri ýaş, biriniň saçynda agy
Görünýär, hersiniň elinde köwşi,
Bar ýaly olaryň bir möhüm işi.
Ikisem howlukmaç gaty ýörýärdi,
Ulsy kiçisine gürrüň berýärdi:
«...Bilýär Ýolly janym olaryň baryn,
Yzarlap ol ýerde namysyn-aryn,
Bir gezek öýünden ugradan wagty
Ýezidiň üstüne dyzapdyr gaty.

Özi ara düşüp şonda tulanyň
Diýipdir: «Geler ol çyksa-da janyň.
Kim gelýär, kim gidýär, işiň ýok seniň
Dolanyp gapymda görünme meniň,
Arrygyň gynama saklap daşymy,
Sensizem çararyn özüm başymy...»
Utanç, haýa etmän ili örüzip,
Gijäniň bir wagty gowga turuzyp,
Dili şerebedir, baryn döküpdir.
Neressäm aýagyn gaýra çekipdir.
Ynha eşder bolsaň, başga bir sapar,
Köçäniň ugruna çykyp bir topar,
Näme kultur... diýýär haýranyň ady?
Taşlap bir tarapa eşigi zady,
Geýip dar köýnegi, tyrryk balagy,
Toplap töweregne özi ýalagy,
Sen tama etmegin ondan gowsuny,
Her ýan şalkyldadyp iki göwsüni,
Tasanmyş idisiz köçeden-köçä,
Göz bolup şäherde uludan-kiçä».

« – Kim eken, gelneje, yzyndan gelýän?»
« – Wah, keýgim, sorama, kim ony bilýän
Näme, adam gytmy uly şäherde,
Bal bolsa arylar tapar her ýerde.
Agzyndan ot çykýar geplese Ýolly,
Ýatlasa hemişe ýüregi ýelli.
Bir ýerde üýşmeleň maslahat bolsa,
Gijemi, gündizmi, git-hä-git bolsa,
Sokjarlyp elmydam öňe düşýärmiş,
Ýollym bir zat diýse, gaty çişýärmiş.

Şu gün ejesine aýdaly baryn,
Erki ýetýän bolsa etsin kararyn.
Rugsada gelipdir, indi gitmesin,
Dogan-garyndaşa, besdir, ýetmesin,
Beýle masgaralyk mundan buýana.
Okuwy-ýazuwy edip bahana,
Aýlapdyr bireýýäm enäniň başyn.
Görerdi garasa töwerek-daşyn
Onuň ýalylaryň otyr barysy,
Hyzmatyn, kömegin görýär garrysy.

Eger-de oturman gitmekçi bolsa,
Ahyr öz diýenin etmekçi bolsa,
Näme, är ýokmuşmy öz obasynda?
Masgara bolynça il arasynda,
Götersin gülberin ata öýünden,
Bir gyşyk telpegi tapsyn oýundan.
Meniň Ýolly janym kimden kemmişin?!
Şeýle bir dyzapmyş gidermenmişin,
Gelsin, alla näme, gatsyn goşuny,
Agaňa men pahyr kän diýdim şuny.

Bu zatlaryň baryn men başdan duýdum,
Iberdim kän gezek, sypdyrma diýdim
Bolsa bolup geçsin yzy güjükli,
Etsek oglumyzy öýli-işikli,
Ýeňňeňde, agaňda galmazdy arman.
Emma idisizler muny başarman,
Lellimlik etdiler, men şuňa ýanýan,
Wah, ol ýok bolmuşy men ýagşy tanýan,
Görüm-görmegi-de degýär bir gyza,
Ýöne galdyk öýdýän,
keýgim, biz yza.

Dul etine giren ýüzügaranyň,
Görnüşi daşyndan ýiti garanyň,
Aklyny aýlajak, huşun ýitirjek,
Duran bir maýaň bar, her iş bitirjek.
Ugra salyp bolsa şindem bir wagty,
Belki Ýolly janyň açylar bagty...
Bulady günümi ol doga içen,
Nireden tapyldy ýolukman geçen?
Harram bir bedasyl, diýmäýin diýsem,
Indi bal günüňe batarsyň eýsem.

Atasy öýünde ol gyrnak bara
Goşanmyş utanman meni-de ara.
Gitse jähennemiň teýine gitsin,
Kime geregi bar, it-guşa ýetsin...»
Ýene mämänidir ýadyna salýar,
Yssy-da düşüpdir, sojap dem alýar.
Gürrüňe kellesi gyzanda gaty,
Çözülip kem-kemden ýüregiň gaty
Özi-de duýmady baryn aýdanyn,
Näme maksat bilen bäri gaýdanyn.

Birden dowam etmän öňki sözüni,
Süpürdi köp gezek derli ýüzüni.
Arka agram berýär suwluktorbasy,
Häzir ýakynynda barjak obasy.
Kapyp egin-başyn,
geýdi köwşüni,
Goýup öz erkine gürrüňdeşini,
Indi bar pikirin içinden edýär,
Derjigen gözleri öňe seredýär.
Ýene öňki gelni düşdi ýadyna,
Ýüregi awady beren zadyna.

« – Ol deýýus gyrnaga kän gitdi zadym,
Bütin ýere çaldy abraýym-adym.
Başga birin gözläp onuň ýerine
Ýene-de ýüz tutsaň gyzlyň birine,
«Ogluň boý däl» diýer, gysgadyr diliň,
Eger diýmese-de etjegi iliň
Ylla ata-baba algyly ýaly,
Salar salgyt baryn, men munça maly
Nireden alaýyn, nirden tapaýyn?
Täzekiň niçiksi üstün ýapaýyn?..»

Oýlanyş kelebi şu ýerde durdy,
Uludan dem aldy, ýüzi turşardy.
Soňra baldyzynyň kakyp egnine,
Bir zady täzeden tabşyrdy ýene:
« – Barsak gapdalymda turman oturgyn.
Men bir zat başlasam üstün ýetirgin.
Gyzy bir zat bolsa derrew duýýandyr,
Enesi gyzyna gaty uýýandyr,
Çykmasyn agzyndan artykmaç sözüň,
Seretgin ýüzüme aýyrman gözüň...»

Bular umyt edip bet niýetinden,
Girdiler tirkeşip obaň çetinden.
Käte köwejekläp, käte arkaýyn,
Ätiýaç köpelip ýörediksaýyn,
Bir öýüň işigne bardylar birden.
Şadyýan ýylgyryp çykdy içerden
Gürrüňi edilýän gyzyň enesi,
Çagyrdy öýüne girdi hemmesi.
« – Dursun, gurgunmysyň, otur, Gözel jan,
Duýulýar gelende öňünden myhman.

Öýüň hysyrdysy, şu gün ir turdum,
Çaý içdim, käsämde bir boýçy gördüm.
Oýlanyp öz-özüm ýiti seretdim.
Myhman geljegini şonda çak etdim.
Köneleň aýdanam barýar bir ýandan,
Hany gürrüň beriň mal bilen jandan.»
Dursunyň jogaby boldy gysgajyk,
Oturyp Enebaý ýene azajyk,
Çaý-çörek ugruna daşaryk çykdy,
Myhmany yzyndan alarlyp bakdy.

Yza gaýtarlanda saçak dolanyp,
Geldi çäýnek-käse ýene aýlanyp,
Gürrüňe gyzykly başlan mahaly,
Ozalky bolşundan şatlykly ýaly,
Guwançly eşdildi enäniň sözi,
Ýagtylyp şat ýüzi, gülýärdi gözi:
« – Geldi rugsadyna Ogulnabat jan,
Mekdep direktory çagyrdy myhman.
Irden äkitdiler Öwez jan bile,
Her gün şunuň ýaly, ýarasaň ile.

Gadyryň bilinýär, hormatyň ýetýär.
Diňe agşam gelip öýünde ýatýar.
Uzak ikirjinläp gorkupdym ilki,
Howasy ýa suwy ýarapdyr belki
Ýüz-gözi durlanyp, özün tutupdyr,
Şol öňki hetdine kemsiz ýetipdir.
Ýyl boýy etmedik hiç zada mätäç,
Bir gezek özümiz, bir gezek Nurtäç
Ibermäň diýse-de iberdik mydam,
Ozal garşam bolsa, indi şat gudam...»

Bir goýup, bir alyp gyzgyn käsesin,
Göwünsizlik bilen berse-de «häsin»,
Aýdylýan bu sözler häzir Dursunyň
Çytylýan ýüzünden bildirýär onuň
Içinden ok bolup parran geçýärdi,
Diňledikçe onuň keýpi gaçýardy.
Agzyn şapbyldadyp, için gepledip,
Baldyznyň ýüzüne ogryn seredip,
Amatly pursada garaşdy uzak,
Ahyry özüne gelende gezek:

« – Gelşim keýpine däl meniň, Enebaý,
Bu aýdan zatlaryň däl göwnüme jaý.
Diňleseň ýürekden aýdylan gepi,
Bolýandyr her zadyň iki tarapy.
Arynyň zäheri hem-de baly bar,
Agajyň tikeni hem-de güli bar.
Sen diňe baly hem güli görýärsiň
Ýa-da bilgeşleýin ýüz öwürýärsiň
Görmezlige salyp tiken-zäheri,
Bilseň şudur işiň iňkisli ýeri.

Guwanýarsyň gyzyň görüm-görküne,
Emma ol goýmaýar ony erkine.
Aýal maşgalanyň bagtyn ýatyrýan,
Başyna her hili bela getirýän,
Iliň ünsün çekýän sypaty dälmi?
Özüniň syraty duşmany dälmi?
Görende ýaş-ýeleň alýar daşyny,
Hile, mekir bilen aýlap başyny
Onuň ygtyýaryn alýar ahbetin.
Daş etsin, bozulyp gidýär büs-bütin...»

Indi ýekän-ýekän tutup atlaryn,
Ýolda baldyzyna aýdan zatlaryn
Doly gaýtalady, ýene artdyryp
Namysa galan dek ýüzün sortduryp.
Her sözün aýdanda için çekýärdi,
Päkize bedene zäher dökýärdi.
Diňledi Enebaý sesin çykarman,
Gürrüňin paýawlap duranda myhman:
« – Ýollyňy, ýolsuzňy bilmerin. Dursun,
Her kimiň ynanjy özünde dursun.

Derrew orta atýaň namysy-ary.
Ozal-a töhmetdir bularyn bary,
Ynanar ýalymy, özüň pikir et?
Eger bardy-geldi, bolmanda töhmet
Onuň aladasy saňa ýetipmi?
Näme, ol maşgalaň yzy ýitipmi?
Maňzyma batmaýar gürrüňiň seniň
Boş ýere ýüregim çişirme meniň.
Gaty beletdirin özüm gyzyma,
Kast etmez hiç haçan beren duzuma.

Git ýa gitme diýip açmaryn agzym,
Menden gowy biler onçasyn gyzym.
Mundan buýankysam, tiz geler özi
Mamla hasap etseň aýt şu sözi».
Içinde saklady gelen gahary,
Bir zat bahanalap çykdy daşary.
Doly dym-dyryslyk, ne söz, ne sowal,
Düşdi aralyga bir sowuk şemal.
Çykýardy kelleden beslendik hyýal,
Otyr ýüzün sallap şum habar aýal.

Agşam Ogulnabat gaýdyp gelende,
Ýene-de özara gürrüň bolanda,
Ýa peýdasyz bildi, ýa-da çekindi,
Belki ozalka-da indi ökündi,
Ýa gussy basyldy gören badyna,
Ýa enäň aýdany düşdi ýadyna,
Bilmedim nähili, niçiksi boldy
Başyna nähili pikirler geldi,
Dursun duran ýerde özün ýitirdi,
Agzy mumly ýaly dymyp oturdy.

Käte Enebaýyň salyk ýüzüne
Garap ýeň astyndan diýýär özüne:
« – Başa dürli bela gelermiş dilden,
Gozgamabilseýdir çekinip ilden...»
Ätiýaç astynda wagt geçýärdi,
Bulardan bihabar gürrüň açýardy,
Köp zatlar hakynda biziň gahryman.
Ahyr Enebaýyň ýüregne sygman
Dursuna sowally ýüzlendi birden,
Myhmanyň maňlaýy çygjardy derden.

« – Meniňkem eşitmiş, anyk bilemok,
Özüm ol ýerlere baryp göremok...»
« – Eje, näme diýdiň nähili sözler?»
Dikildi şol zaman soragly gözler.
« – Aý, Ýollym diýdimi, nämäm diýdimi,
Görüpdir, eşdipdir diýdäm diýdimi...»
« – Wah, Ýolluly gürrüň, men belet oňa,
Ynha, bolşy ýaly aýdaýyn saňa.
Daýza jan, bar günä onuň özünde,
Asyl tapylmady beren sözünde.

Hiç zat aladasyn etmän önünden,
Göwünsiz ýapyşdy baran gününden.
Okuw örän agyr ýeňil gopmasaň,
Etmeli her işiň wagtyn tapmasaň.
Üýşüp üst-üstüne ýuwaş-ýuwaşdan
Ahyr aljyradýar, agýar ol başdan.
Oturyp köp gezek menem ýalbardym,
Soňuny ýatlatdym, maslahat berdim.
Emma hiç sözüme gulak asmady.
Beýhuda gezmegiň yzyn kesmedi.

Gyşky ekzamende birinden galdy
Ony düzetmegi boýnuna aldy.
Emma geleň etmän, yza çekildi,
Ýazda ikisinden ýene ýykyldy.
Ahyr çykaryldy, özi günäkär
Okaman wagtyny geçirdi bikär...»
Her kim üns bilen diňledi gyzy,
Dursunyň bagtyna gürrüňiň yzy,
Gitdi başga ýana, ujuz gutuldy.
Ogluny ýatlanda ýüzi çytyldy.

Gutardy bar gürrüň, şunda duruldy,
Garaguş ganaty gökde gyryldy.
Geçdi at çapandan, eýer gaşyna
Ýapyşýar garaman häzir daşyna.
Biziň öz öýünde dilewarymyz,
Ar-namys eýesi howandarymyz,
Şol günüň ertesi ümüş-tamyşda
Gitdi başga ýana, ujuz gutuldy,
Açylýar obadan ara kem-kemden,
Emma ses çykmaýar indi hiç kimden.

VI

«Скажи пожалуйста, как же ты мог биться,
Два часа говорит с этим человеком, не
Догадавшис с первого слова, что oн дурак?»1

А.Герценю

Dostlar, munuň özi tebigy bir zat
Eger bir hyýala münse adamzat
Gijesi-gündizi otursa-tursa,
Ýakyna, uzaga her ýere barsa,
Parhy ýok şatlansyn, çeksin endişe,
__________
1 «Aýtsana hany, gözüne döneýin, bu adamyň akmaklygyny birinji sözünden seljärmän, sen neneň onuň bilen iki sagatlap harçaňlaşyp oturyp bildiň?»

Ýa-da gümra bolup berilsin işe,
Erkini elinden alan hyýaly
Göýä dag başynyň dumany ýaly,
Her hili ýagdaýda başyndan gitmez,
Gitse hemrasyzdyr, karary ýetmez.

Täze bir hyýala düşen gahryman
Häzir öňküsinden beter bigüman
Giderip elinden ygtyýaryny,
Bilmän nätjegini, tapman tärini,
Kämahal gaýgyly, kämahal hoştap
Sorag kän, bermäge ýok onda jogap.
Gün geçýär, aý geçýär öz nobatynda,
Tolgunýan kalbyň çuňňur gatynda
Nepes aýtmyşlaýyn talaňçy gezýär,
Aşyk, başa düşse,
her zada dözýär.

Şindi hem oňuşman akyldyr ýürek,
Hersiniň aýdany bolup biderek,
Güýçli gowgalary dowam edýärdi,
Biri saga, biri çepe gidýärdi.
Käte tereziniň iki gapdaly
Bir möhüm melhemiň ölçelşi ýaly,
Deňme-deň gelýärdi biri-birine.
Bar dek bir şikesi bir görseň ine
Aşaklap başlaýar onuň bir ýany,
Has ýeňil görünýär belent galýany.

Kämahal tersine, belent tarapy
Birden aşak düşüp, tereziň sapy
Bir uzyn agajyň ýel turan wagty,
Hellewläp durşy dek yranýar gaty.
Deňlenmän wagtynda tereziň taýy,
Geçirdi başyndan agyr ýagdaýy,
Biziň gahrymanyň bir ýeke özi,
Agyr töwerege gezdirip gözi,
Eger-de duş gelse çemeliň biri
Açmak karar etdi içdäki syry.

Eger maslahatly biçilse donuň,
Ýeňinde, ýanynda bolmazmyş onuň
Göwräňe gelişmez gysga bir ýeri.
Emma başa ursa yşkyň heseri,
Çendan maslahat-da ejizlik edýär,
Ýürek urgusynyň tersine gidýär.
Düşse-de ýadyna şeýle hakykat,
Akmyrat özüne gözläp hemaýat,
Uzak pikir edip dostlar hakynda,
Tapdy maslahatçy ýaňy-ýakynda.

Bu gün öz öýünde garaşýar oňa,
Öýüň içki keşbin, okyjym, saňa
Ozal görkezipdim, häzir oň goşy
Öňküden artypdyr, her gelen kişi
Dykgatly garanyp töwerek-daşyn,
Mylaýym ýylgyryp, yralap başyn.
Diýerdi: «Ýetenok diňe bir zady».
Tapylmaz bazardan ol zadyň ady.
Zat däl ol ýigidiň maksat-myrady,
Hem daşy, hem içi, abraýy-ady.

Bolmandy dostunyň geler mahaly,
Emma söýgülsine garaşýan ýaly
Öýde bir özüniň ýetmän karary
Her dem penjireden daşary sary
Garaýar ýoluna dikip nazary,
Ýürek gozgalaňly köp wagt bäri.
Gürrüňe taýýarlyk görýär öňünden,
Onuň umydynda başlap şu günden
Tereziň bir ýany agdyk düşmeli,
Donuň ýeňin, ýanyn giňden biçmeli.

Kä alyp eline ýatan kitaby,
Çem gelen ýerinden açyp bir baby,
Gapynyň, penjiräň önüne barman,
Okaýar oturyp gözün aýyrman.
Setirler, sözlemler yz-yza geçýär,
Kagyz seslendirip sahypa açýar.
Dine belli bölüm gutaran bada
Kitap okýanlygy düşýärdi ýada,
Kelle öz ugruna, başga pikirde
Gezýärdi diňe bir gözler setirde.

Okan ýerlerini düýşde gören dek,
Täzeden agdaryp garar bir entek.
Göz nazary bilen akyl nazary
Bile işlemese, okalan ýeri
Saýgarsyn niçiksi, saklasyn ýatda –
Galmandyr huşunda onuň bir zat-da.
Ýene-de gaýtalap okar başyndan,
Bar ünsi kitapda görseň daşyndan.
Emma uzak çekmez, öňküsi ýaly
Akylyň göreşden daş düşer ýoly.

Sagadyň ýörişi haýaldy gaty,
Bolupdyr bir görse gelmeli wagty,
Şatlanyp ýerinden turdy dessine,
Daşady kuhnýadan stol üstüne
Ozal taýýarlanan ojuk-bujugy,
Goýdy ortasynda ak çüýşejigi.
Ýene-de nazary ýola dikildi,
Şol wagt birdenkä gapy kakyldy:
« – Salam, sallahguly, görşeli hany!
Ýaman giň gurupsyn bu gün desgany».

Degişip özara iki köne dost,
Saglygyň şanyna göterdiler tost.
Gitdikçe dilleriň çägi açylýar,
Täze temalara tizden geçilýär.
Akmyrat amatly pursat agtarýar,
Käte ýoldaşynyň ýüzüne garýar.
Oňurga süňküni alyp eline,
Güýçli agram berip dişe, diline
Myhman başagaýdy, muny duýmady.
Akmyrat garaşdy, hiç zat diýmedi.

Alyp gapdaldaky gazet, kagyzyn,
Süpürdi çalasyn ellerin, agzyn.
Üfläp potologa çilim tüssesin,
Başlanda myhmany ara kesmesin,
Akmyrat maý tapdy diýjek sözüne.
Ýüzlenip onýança birden özüne
Aldy nobatyny onuň myhmany.
Çakylyk hatyndan eden gümany
Bütinleý başgady, eşdeli bäri,
Girmekçi bolupdy käbir işgäri.

« – Dost-dosta gerekdir gyssanan wagty,
Eger-de sürmese ýigidiň bagty,
Duýdansyz bir ýerden düşer endişä.
Hiç bir zat syzdyrman başga bir kişä,
Maňa ýüz tutanňa gaty minnetdar,
Düzeler barysy, çekmegin azar.
Bolmaz ýanymyzda işiň müşgili,
Ýeter gerek bolsa kömek her hili,
Özüni daş tutdy diýmegil erte,
Aýt, çekinme-de, geldim ýörite».

Bu sözi Akmyrat bir hili gördi,
Az wagt ägindi, oýlanyp durdy.
Ýöne ol saklandy syryn bildirmän:
« – Kömek gürrüňi ýok,
berip ýa bermän,
Diňe maslahat bar bir zat hakynda,
Näçe oýlansam-da çykar çakynda.
Kyn boldy, çykmady belli netije,
Uklaman kän günler uzynly gije
Hyýalda her ýana gözüm aýladym,
Dost-ýarlar içinden seni saýladym».

« – Maladys, Akmyrat, ýalňyşan dälsiň,
Gylyk-häsiýetimi başdan bilýänsiň.
Dogrymy aýtsam, wopşem, men seni
Uwažat edýärin, aýdyber göni.
Duşarsyň hemişe dost wepasyna,
Geç indi «mys-mysyň mustapasyna».
« – Beýle geň galarlyk hiç zat ýok mende,
Gorkiý pedwuzynyň dil bölüminde
Begenjowa diýen bir gyz okýandyr,
Käte ýygnaklarda orta çykýandyr...»

« – Ine munyň boldy, aýt bakaly.
Soň dowam edersiň, göter bokaly...»
Çakyşdy seslenip püre-pür pyýala.
« – Münüpsiň ahyrda dogry hyýala.
Görüpdim daşyndan menem ol gyzy,
Aýt, nirä barýar gürrüňiň yzy.»
« – Çalarak bilýärin men durmuş ýolun.
Gyz diýdim, gyz-a däl,
ol bir ýaş gelin.
Bir wagt obada gyzka görüpdim.
Hatda gözüm gidip göwün beripdim.
Şonda ýary baryn duýdurdy maňa,
Gepiň tümmek ýerin aýdaýyn sana,
Bir ýyl bile ýaşap ýogaldy äri,
Şondan soň okuwa gaýdypdyr bäri.
Bar bir oguljygy, garry enesi,
Taryhy gysgajyk, ine hemmesi.
Çagyryp men ony, dostum,
şu öýe,
Niçiksi görýärsiň bol diýsem eýe?»
«Öýe» diýen sözi dilden düşürmän,
«Öýe» diýen sözi gaty aňşyrman:

« – Walla, ýürejigmiň turduň üstünden,
Goýberip başlapsyň saman astyndan,
Indi suwjagazy, senem zaluwat,
Kak bäşi, gardaşym, men ýürekden şat.
Onuň maslahaty geňeşi bolmaz,
Ýigitler soňuny ýadyna salmaz,
Goşanda başyny müň ýaly işe,
Wagtyň keýp içinde geçer hemişe,
Inçe bil, gara gaş, bolsa ýanyňda,
Zerre gamyň bolmaz şirin janyňda.

Guýsana, içeli şonuň şanyna.
Ertiriň özünde bar-da ýanyna
Çagyr hyýal etmän, goýma uzaga,
Süýji söz gyz-gelni salar duzaga
Sen dile garyp däl, taparsyň ony,
Ýaşlykda biderek geçirme güni.
Wah, mende bolsady şunuň ýaly jaý,
Göwün arzuwlaryn ederdim berjaý,
Tapyp-tapmazlygy pikir etmezdim,
Ýekeje gije-de ýeke ýatmazdym.

Şindem dek duramok sypynsa elim,
Birine pikirim beren mahalym
Gözlerim suw içse boý-syratyndan,
Çekinmän harjyndan,
näz-nygmatyndan.
Ahyr girdabyma salaryn ony.
Dürli delil bilen edil şol güni
Çagalary bilen derrew aýaly
Oba ugradýaryn, soňra han ýaly
Sürýärin giň öýde keýpi-sapany,
Menden nala etmez bu dünýä pany».

Arak häkimligin ele alypdy,
Kelleler dumanlap, gyzgyn galypdy.
Gezimi artypdy bedende ganyň,
Ýüzi gyp-gyzyldy gelen myhmanyň.
Başlaýsa sözüniň bolmaýar soňy,
Ýaňlanyp ses edýär eňegniň jaňy,
Ýykylan böwet dek gitdi baş alyp,
Akmyrat ýüzüni aşaga salyp,
Göwünsiz doldurdy iki bokaly,
Içgiden bir damja datmadyk ýaly.

Nätsin ol biçäre gezek ýetmese,
Islendik tarapa dogry gitmese
Ýürekden syzdyryp aýdan sözleri.
Dynman bir nokada garap gözleri,
Içinden her hili oýa gidýärdi.
Myhmany gürrüňin dowam edýärdi:
« – Hany, Akmyrat jan,
noş bolsun göter,
Başlasaň seniň-de ukybyň ýeter,
Indi adam bolduň, diýenim etdiň,
Işiň rowaç bolsun, ýoluň düzetdiň.

Bu dünýä-dünýädir, geçerin bilseň,
Etmelisi hem şudur hötdünden gelseň.
Duşmanlar gamlansyn, dostlarmyz gülsün.
In ýaman günümiz şuň ýaly bolsun».
Bokaly demine dartan mahaly,
Gaşlaryn ýygyrdy artan mahaly
Söze pursat tapyp Akmyrat birden:
« – Urýarsyň perdäni sen başga ýerden
Çykardyň sözümden nädogry many,
Etmändim men senden beýle tamany».

Doly bokalyny goýup stola,
Sakyndy, ýuwdundy birnäçe ýola:
« – Ol bir päk maşgala, guwanjy iliň,
Utanman nähili ýetirýäň diliň!
Onuň kimdigine ýetsedi gözüň.
Aýdan sözleriňe gyzardy ýüzüň,
Öňünde oturyp ötünç sorardyň,
Gabagyň galdyrman ýere garardyň.
Urduň çöp-çalama,
düşmän sözüme
Mynasyp görýärin ony özüme...»

« – Ne beýle gaharly ýazgardyň meni,
Ýa aýal edinip aljakmy ony?»
« – Meniň maslahatym ine şu hakda».
« – Beýle maslahaty hiç bir akmak-da
Dost-ýara, deň-duşa, hiç kime salmaz
Özi boý halyna dul aýal almaz.
Mundanam maslahat, geňeş bolarmy!
Adata, kanuna laýyk gelermi?»
« – Eger-de ýüregiň islese ony
Şol dälmi bu işiň kada-kanuny?»

« – O nähili beýle horan ýürekmiş!
Beýle horan ýürek kime gerekmiş?
Üç-dört çagalynyň ölse aýaly,
Gyza öýlenmekde mydam hyýaly,
Ýöne bir hyýal däl,
hut şeýle bolýar,
Şinidi el degmedik bir gyzy alýar.
Ömrüňi okuwda geçirseň-de sen,
Aklymy hiç wagt alyşmaryn men.
Synyndan asylyp çagaly duluň,
Ne ýüzüňe maňa uzadýaň diliň».

Stoluň başyndan turdy Akmyrat,
Gezmeläp iki ýan diýmedi hiç zat.
Kellesin galdyrman ýere garýardy,
Dodaklar titiräp, ýürek urýardy.
Jemlände pikirin bir ýerde durup,
Myhmany tarapa ýüzün öwürip:
« – Eger gapdalyňdan garasa biri
Ederdi sen hakda oňat pikiri.
Geýimde, gejimde tapmaz ýetmeziň,
Emma gürrüňleşip eşitse sözüň,

Köne pikirleriň, köne ýaşaýşyň,
Köne adatlaryň, köne garaýşyň
Bütin höwürtgesin seniň kelläňden
Tapardy bigüman, soňra beýläňden
Täzeden syn edip agzyn açardy,
Durmazdy ýanyňda, umma gaçardy».
Göýä gop berlen dek turdy myhmany,
Aýdylan sözlere ýandymy jany –
Süpürip yzly-yza derli ýüzüni,
Sojap gahar bilen diýdi sözüni.

« – Uly medeniýetli sen alym ýigit,
Almagyn hiç haçan berilse öwüt.
Nähak çagyrypsyň men dek nadany,
Urşuň geňeşi ýok, başla nikany!
Gutlaýan toýuny, mübärek bolsun!
Beslenip sallahlar hem dullar gelsin.
Emma ýatladaýyn saňa bir zady,
Gelniň gujagyna girenje bady
Öňki ýada düşer, unutmaz ony,
Aňynda ol bolup gujaklar seni.

Bagtly boljagyna ýokdur bir şek-de –
Iki göwre, üç ýürek bor düşekde...»
« – Boldy, boldy, bes et,
geçdiň serhetden,
Çeni-çaky ýagşy, aşma sen hetden».
« – Çenimi-çakymy senden soraman,
Munuň ýaly öýde bir minut durman,
Medeniýet diýp ar-namysdan geçýäniň,
Gaýmagy ýalanan süýdi içýäniň,
Mundan soň ýüzüni babaly görsün,
Men gitdim, gürrüňmiz şunda gutarsyn.»

Gapyny güýç bilen yzyna itdi,
Aýnalar seslenip şakyrdap gitdi.
Ellerin gowşuryp, misli doňan dek,
Akmyrat butnaman durdy bir entek,
Ahyrda stoluň başyna geçdi,
Goýan bokalyny bir zarba içdi.
Daljygyp gelen dek otyr hasylap,
Eli maňlaýynda, dodagyn ýalap,
Kim bilsin, ne pikir geçýär başyndan,
Emma rehmiň gelýär görseň daşyndan.

VII

«Любовь уйти бесследно не имеет права,
Она приходит, чтобы жить вовек,
Пока живет на свете человек.» 1

Низами.

Wagtyndan öňüräk gelýär wokzala,
Her kim bir iş bile düşende ýola.
Galmagal, gykylyk, şowhuny galýar,
Toýçy märekesin ýadyna salýar,
Bu gün giň wokzalyň uzyn perrony,
Okyjym, kän gezek görensiň ony.
Getirip ýakyna uzak ýollary,
Gezdirýär teplowoz ulus-illeri,
Daglardan, düzlerden, çöllerden geçer,
Münen mekanyna tizden ýetişer.

Kimseler göz dikýär eziz myhmana,
Egile-egile garap şol ýana,
Illerde reňbe-reň güller görünýär,
Garaşsaň her minut sagada dönýär.
Kimler dost-ýaryny, kimse gardaşyn,
Her kimse birini, ýakynyn-daşyn
Munda ýola salýar dürli ýerlere –
Uzak ülkelere hem şäherlere.
Hemmäniň keýpi kök, göwünler-de şat.
Garşylar, ugradar gözel Aşgabat.

Teplowoz haşylap gelip duranda
__________
1 «Söýginiň yz galdyrman gitmäge haky ýokdur,
   Çünki dünýäde ynsan näçe ýaşadykça,
   Ol hem şonça ýaşamak üçin döreýär».
Şowhun öňküden-de artdy perronda
Gelýän hem garaşýan tizden tapyşýar,
Kimseler görüşýär, kimler öpüşýär.
Boşatdy wagony gelenler daşdan
Märekäň bir ýany ýuwaş-ýuwaşdan
Syrygyp başlady şähere sary,
Köpelýär kem-kemden ýolagçy bary.
Ýakyn geldigiçe hoşlaşyk wagty
Adamlar gürrüňe janlanýar gaty.

Bir wagon öňünde uly üýşmeleň
Gülüşip, degişip gyzlardy kileň.
Görseň guwanarsyň gara gözüne,
Barynyň ünsüni çekip özüne,
Iki ýan bökjekläp bir ýaş çagajyk,
Bezäpdirler ony misli gurjajyk.
Birine topulýar, birinden gaçýar,
Biriniň elinden birine geçýär,
Käte jykyr-jykyr gülýär şadyýan,
Gezelenje gelen kiçijik myhman.

Bir aýal, bir gelin çetde durýardy,
Arada ýuwaşja gürrüň barýardy:
« – Eje jan, hor etmäň Öwez janymy,
Görmesem az salym mähribanymy
Gaçyp ynjalygym, artyp azarym,
Ýüregim gyssa-da ýetmän kararym
Men size ynanyp, arkaýyn özüm,
Aýt gudaňa-da meniň şu sözüm.
« – Keýgim, hatyrjem bol, çykarman ýatdan,
Asyl kemi bolmaz onuň hiç zatdan».

« – Aý ýarym gowurak bolduň şäherde,
Özüň ýaşaýşymy gördüň bu ýerde,
Etmäň meň hakymda hiç bir alada,
Käte gün-güzeran, durmuş barada
Hatjagaz ýazdyryp iberip, eje,
Islegim agzybir ýaşaň bileje.
Işimiz agdyk bor mundan bu ýana,
Gijesi, gündizi çykman hiç ýana,
Her sapak boýunça bermeli hasap,
Düşmez elimizden galamdyr kitap.

Barsaň, eje, başlap Oraz agadan,
Galdyrman birini çaga-çugadan
Aýdarsyň köp salam baryna menden.
Til bilen habaryň etdim öňünden,
Mekdep direktory garşylar seni.
Hiç gaýgy etmegin, eje jan, meni».
Eşdildi birdenkä soňky jaň sesi,
Garrynyň daşyna üýşdi hemmesi.
Gujaklap bagryna basdy Öwezi,
Saklanyp bilmedi, nemlendi gözi.

Kän gezek gysyldy garrynyň goly
Gyzlaryň her haýsy hossary ýaly,
Garady dört ýandan mähirli gözler,
Eşdildi baryndan mylaýym sözler.
Garry Öwez bilen wagona girdi,
Bu wagt birdenkä galmagal turdy:
« – Ejemem, Ejemem, ejemem gitsin!»
Bu söze ýüregi gyýylman nätsin,
Näzik eljagazlar öňe uzady
Urup aýaklaryn ýere dyzady.

Monjuk dek gözýaşlar akdy ýaňakdan,
Gyzlar gygyrsa-da oňa aşakdan
Çaga köşeşmedi, hiç zat diňlemän
Aglady, enesi diňdirip bilmän,
Hoşlaşyp wagonyň içine gitdi,
Otly-da kem-kemden hereket etdi.
Çalaja eşdilýär çaganyň sesi,
Aýnanyň öňüne bardy ejesi.
Göründi bir-birne mähirli ýüzler,
Ugratdy ezizin gyzaran gözler.

«Azatlyk» köçesi oklawdan göni,
Gyzlar Enebaýy ugradan güni
Hiç haýsy hiç ýana sowulman bary
Maşynyň üstünde mekdebe sary
Barýarlar asfaltly gözel köçeden.
Aýralyk gamyndan özün köşeden
Biziň gahrymanmyz goşulyp ile,
Gitdi gürrüňleşip joralar bile.
Pionerler köşgi, çakyr zawody...
Her bir duralganyň ýadynda ady.

Maşyn dolananda Köşi bagyndan
Garşydaş maşynyň geçdi sagyndan.
Olar bir-birine ýanaşan bada
Göründi aýnadan Ogulnabada
Beýleki maşyna aýlanda gözün
Tanyşy Akmyrat, emma ol ýüzün
Birden kese sowdy, görmezlik etdi.
«Bu näme boldugy?» Için gepletdi.
Öwrülip yzyndan ýene seretdi,
Gaty geňirgendi, iňkise gitdi.

Taýýarlyk işiniň edip azaryn,
Geçirdi mekdepde günüň köp ýaryn.
Her bir ekzameniň boljak gününi,
Kimden konsultasiýa aljak gününi
Anyklap baryny ýazdy depdere,
Kabinet, okalga barmaly ýere
Aýlandy, ýygnady gerek zatlaryn,
Barlap okamaly eser atlaryn,
Girip kitaphana esli güýmendi,
Giç öýlän ýene-de maşyna mündi.

Duýdy ýadawlygyn baranda öýe,
Ukusy erkine bolýarmy eýe –
Tiz-tizden pallaýar, gezi ýaşarýar,
Saklansa bir ýerde irkilip barýar.
Ýatman öten agşam gijesi bile,
Gümür-ýamyr edip ejesi bile
Uzak oturypdy, hatda Öwezi
Ýary gijä çenli ýummandy gözi.
Gyzdyryp gelmäge taýýar nahary
Gyzymyz ýuwunyp çykdy daşary.

Emma uzak durdy daşky işikde,
Diwara kakylan gökje ýaşikde
Dolanyp gelýärkä sereden wagty,
Kiçi gözenekden gördi bir haty.
Garanda ýüzüne alyp eline
Ine şeýle sözler geldi diline:
«Häli hem bildim-le bir zat barlygy».
Ön asyl görmändim beýle gylygyn».
Ýadawlyk ýat boldy, ukusy gaçdy,
Arkaýyn oturyp bukjany açdy.

« – Eger-de ynjatsa hatyň mazmuny
Önünden aýdaýyn, bagyşlan meni.
Belki diýersiňiz maňa biderek –
Bu ýakyn arada hat nämä gerek.
Onyňyz dogrudyr, emma kagyzyň
Ýazýarsyň ýüzüne islendik sözüň,
Ol örän batyrgaý, ýok ýüzi, gözi. '
Emma garşyňyzda durup bu sözi
Mem size arkaýyn aýdyp bilmezdim,
Ýogsa galamymy gola almazdym.

Rahatlyk, erkinlik häzir-de mende
Ýok, edil simap dek janym bu tende.
Kagyzym, galamym bary sandyrýar,
Her sözüm ýazamda göwräm galdyrýar.
Açyldy bir zaman doňan düwünler,
Ukusyz gijeler, bikarar günler
Çekip ýalňyzlykda bütin azaryn,
Diňledim ýüregiň gowgaly taryn.
Häzir-de perdesin gurup oturýan,
Onuň owazasyn size ýetirýän».

Şeýledi bu hatyň «bissimillasy»
Abandy täzeden yşkyň «belasy»
Ýene-de ýaş gelniň erkin başyna.
Ynha, garamazdan degre-daşyna
Okaýar, uludan demini alýar,
Bilmedim nämäni ýadyna salýar.
Käte potologa tutup ýüzüni,
Göýä tapmaýan dek aýtjak sözüni,
Durýar ýoňsuz wagt doňan mysaly,
Şahyryň rifma gözleýşi ýaly.

Onçakly uly däl hatyň möçberi,
Emma bir talybyň ylham eseri
Düşýärdi ýadyňa her bir sözünden,
Sypdyrman gyzymyz ony gözünden,
Ýene-de okaýar, okadyk sary
Aldygna dartylan ýüregiň tary,
Gitdikçe aşakdan kakyp şelpesin,
Ýaňladýar ýakyndan owazly sesin.
Gyzy ol, bilmedim, meýmiredermi
Ýa gulak duşundan şaňlap gidermi!

« – Ynanyň hiç sözüm däldir tötänden,
Emma göwnüňizi geçirip menden,
Mümkindir birbada, hat baran güni
Çekip egniňize gazap donuňy,
O ýerne, bu ýerne gezdirip gözi
Uly ýigrenç bile okap her sözi,
Tüýdüm-tüýdüm edip, soňra bir ýana
Zyňyň siz azaryn ýetirse jana.
Her näme etseňiz ygtyýar sizde,
Galplyk tapylmaz emma bu sözde.

Oturyp, oýlanyp, geçeni ýatlap,
Belki, aýdarsyňyz meni näletläp:
«Ýaňyja kepedi gezümiň ýaşy,
Ýaňyja çalykdy mazaryň daşy,
Ýakyn hossarym dek ýaňyja özi
Gönderip uzakdan mylaýym sözi
Agyrly janyma teselli berdi,
Näm üçin täzeden ýene bu derdi
Gozgaýar, oýlanman onuň yzyny,
Goýman öz gününe oba gyzyny...»

Etmekçi deldirin gabahat işi,
Söýgi girdabyna düşse her kişi
Dili serişdedir, ýüregi sözlär,
Joşanda diýmege ýiti söz gözlär.
Tapmasa ejizdir, tapsa ýagşydyr –
«Dile gelen sözler göwün nagşydyr.»
Men-de söz gedaýy, ejiziň biri,
Söýginiň ýürege salan täsiri
Oragyň ýerine çöplense hoşa,
Göwün nagşy doly çykmaýar daşa.

Belki diýersiňiz: «Öňem bir gezek
Süýji sözler bilen daşyma duzak
Gurmak isläpdiňiz ara sokulyp,
Soňra utanç bilen yza çekilip,
Gitdiňiz baş alyp, dynypdym men-de,
Emma indikiňiz artyk bu günde».
Her dem ýatlaýaryn önki geçenim,
Baglapdym bir umyt, çykmandy çenim,
Olar jahyllygyň ham-hyýalydy,
Şu günkä garanda ýaz şemalydy...»

«Ýatamda, turamda düşmez ýadyma.
Ýöňkäpdir köp zatlar meniň adyma...»
Diýen dek bir pikir gelip aňyna
Gözeler aýlananda hat dowamyna,
«Wiý! Bu tüsse näme! Waý, Ogulnabat!»
Çykdy bir çasly ses, ylgady şol bat.
Naharyň bugy däl, çykýar tüssesi,
Tutupdyr kuhnýany goňursy ysy,
Gazany garalyp kömür bolupdyr,
Düýbünde et ýerne ýanyk galypdyr.
Dermanyň güýjüni tende duýmasaň,
Dozasyn dogrulap özüň guýmasaň,
Sanjylsa duýdansyz inne ynsana,
Derman damarlarda gatyşsa gana,
Onuň hereketi, edýän täsiri
Göýä tebigatyň gizlin bir syry,
Mälim däl, okyjym, medik bolmasaň,
Çak bir çaşy gözdür, anyk bilmeseň,
Emma mälim bize hatyň bir zady.
Düşürdi rahatdan Ogulnabady.

Ýa gahar etdimi, ýa geňirgendi,
Ýa ünjä gitdimi, ýa-da begendi?
Belki bilýän däldir muny özi-de,
Hiç zat syzdyrmaýar gara gözi-de.
Perwaýsyz diýersiň görseň eger-de
Howlyň ortasynda bir gumak ýerde
Golunda gazany otyr güýmenip,
Garaman daşyny bir ýana dönüp.
Emma ýüreginiň gowgasy bardy.
Näçe oýlandykça batly urýardy.

VIII

«Çagyrsam, asyl gelmer sen,
Gelseň-de, oýnap-gülmer sen.
Ne boldy, habar almar sen,
Kemine guluň derdinden!»

Kemine.

Bolandyr belkä-de gijäniň ýary,
Ýygnanyp öýüne adamlaň bary,
Aşgabat asuda demin alýardy,
Diňe ýaldyraşyp ýagty salýardy,
Garaňda gijäniň soltany-hany –
Çyralar gündize öwrüp her ýany,
Güýzüň şunuň ýaly rahat gijesi
Eşdildi uzakdan bir aýak sesi,
Äwmez ýöreýärdi, gaty arkaýyn
Emma ýakynlaşýar ýörediksaýyn.

Barha ýygjamlanyp, onuň arasy
Ýagtyda gözüme ildi garasy.
Kimdigin saýgarmak kyn boldy ilki,
Çak etdim içimden keýplidir belki,
Meýlis märekede uzak oturan
Saýgarman, ak-gyzyl kemsiz ýetiren.
Gelende ýakyna ahyr ol kişi,
Bara meňzeş ýaly uly teşwişi
Ýüzi gaty agras, çytykdy gaşy
Şlýapa elinde, açykdy başy.

Geçende duşumdan ýiti seretdim,
Birkemsiz tanadym, içim gepletdim:
«Ne beýle giçläpdir, neme bolduka,
Gam ýükün göterip, nirden geldikä?
Ýaňramaz biderek, sözläni dürdür.
Yhlasly ýapyşar işine jürdür.
Bolar-bolmaz bilen ýokdur arasy,
Näbelet ýerine düşmez garasy,
Ýedi ölçäp, soňra eder her işi,
Duşduka ne bela bu gün bu kişi?»

Ol uzak ýöremän ýetdi öýüne,
Okyjym, şol belet otagmyz ine,
Açdy aýnasyny, ýakdy çyrasyn,
Eller kisesinde, çykarman sesin,
Az-kem gezmeledi aşaga bakyp,
Ahyr oturdy-da içini çekip,
Gaýtardy yz-yza gürlek saçyny
Soňra sypyrdy-da, egin-başyny,
Atdy krowata agyr göwreni,
Uklarmy-uklamaz, kim bilsin ony.

Habaryň yzyny eşidiň menden:
Akmyrat hatyny iberen günden
Jogaba garaşdy her gün, her sagat,
Emma ol gelmedi, galmady takat.
Poçta ýaşigin barlanda irden
Uly lapykeçlik dörerdi birden.
Giderdi işine sallap ýüzüni,
Gaýtalap içinden ýazan sözüni:
«Ýa göwün etdi ol, ýa gaharlandy,
Hat-petek tamasyn etmäýin indi...

Näm üçin şol sapar utanan bolup,
Biderek zatlary ýadyma salyp,
Maşynyň üstünde görmezlik etdim,
Ol maňa garanda, terse seretdim...
Belki, şonuň üçin ynjandyr menden,
Ýürek dürküldisi güýçlenýär günden...»
Diýse-de käýarym, tamasyn üzmän,
Hemişe bu hili sussupes gezmen,
Ataryp özüni umyt atyna,
Uzak garaşypdy gyzyň hatyna.

Birden bu pursatda iş düşdi ara:
Günleriň bir güni barsa edara,
Çagyryp direktor ony ýanyna,
(Belki aram girer indi janyna).
Moskwa gitmegi maslahat berdi.
«Şu haty ýolbaşçyň saňa iberdi.
Gürleşen wagtymyz dilden aýdany –
Daşary ýurtlaryň birine ony
Iberýärmişlerin ýakyn wagtda,
Nirädigin, belki, ýazandyr hatda.

Sorady: ondan öň bir gelip gitse,
Işiň ýagdaýyndan habardar etse...
Ýazanyň, ýygnanyň baryny jemle,
Otly gijä goýar, samolýot bile
Ugra, haýal etme şu gün ýa erte,
Kän gezek tabşyrdy muny ýörite».
Biziň gahrymanmyz hoşaldy gaty,
Okaýar elinde alymyň haty.
Ýygjam setirlere gözün aýlanda,
Üýtgeşik bir ahwal döredi onda.

Ýatlatsam, okyjym, saňa bu günde:
Halynyň çitimin kyn iş hökmünde
Okuwa deňäpdir ata-babalar,
Bu zady tötänden diýmändir olar.
Okuwyň dowamy her bir ylym iş
Talap edýär sabyr,
takat hem-de güýç.
Basgançak-basgançak, gutarmaz yzy,
Dümtünip geçirsiň gije-gündizi.
Ýazýansyň, bozýansyň, ýene ýazýansyň,
Göýä iňňe bilen guýy gazýansyň.

Köp wagtdan bäri biziň gahryman,
Uly yhlas bilen güýjün aýaman,
Alymyň tassyklan plany bilen,
Başlapdy işine tüýs jany bilen.
Yzarlap planyn mydam bapma-bap,
Geçirip elinden jürbe-jür kitap,
Ýygnady, işledi kän materialy,
Görseň kabineti muzeý mysaly.
Dürli kysymdaky guşlardan doly,
Hersiniň astynda bar onuň goly.

Işlän döwürlerim ýatlaýan men-de,
Ynha, küti papka ýatyr öňünde –
Işiniň girişi hem iki baby.
Häzir ol öýünde edip hasaby,
Sahypa-sahypa agdarýar ony.
Edilen işleriň gysga mazmuny
Geçýär göz öňünden agdardyksaýyn,
Çak etdi işiniň agramy taýyn.
Belki şatlandyrdy beýle netije –
Ýatmady güýmenip uzynly gije.
Şol günüň ertesi gün dogan zaman,
«Ilýuşin-2»-de biziň gahryman
Galdy al-asmana,
hoş gal, Aşgabat!
Onuň bu pursatda anyna bir zat
Geldi-de aýnadan aşak seretdi,
Görünýän jaýlara ýiti syn etdi.
Olaryň birinde galdy zülpütar,
Açsa-da arany ondan hyrydar,
Dilinde ol hakda nagma düzýärdi.
Göwre gökde, ýürek ýere dyzýardy.

Ugramazdan ilki ýanyna baryp,
Şu bahana bilen özüni görüp,
Aňmakçy bolupdy çakyny gyzyň,
Göýä aýlanşy dek gije-gündiziň
Bu hyýal başynda uzak aýlandy,
Ýatdy, turdy,
gaýta-gaýta oýlandy.
Barmaga ahyrda ysmady bogny,
Ugrady Moskwa görmezden ony.
Häzir şol barada pikir edýärdi.
Süýnüp ak samolýot öňe gidýärdi.

Ol ýere baransoň geçirmän salym
Tapdy ýolbaşçysyn biziň ýaş alym.
Kämahal öýünde, kä edarada
Ýazylan baplary goýup arada,
Garry professor birnäçe gezek
Öz şägirdi bilen oturdy uzak.
Eden belliklerin, tabşyran işin
Ýene-de täzeden goýmaly güýjün –
Diňläp boýdan-başa,
galdyrman hiç zat,
Ýazdy depderine baryn Akmyrat.

Makullandy işiň ýazylan ýeri,
Okap görmek üçin käbir eseri
Ýigit Moskwada galmaly boldy –
Ýolbaşçy şu hili karara geldi.
Indi bar pikiri işi barada,
Lenin adyndaky kitaphanada
Tiz-tizden göründi, uzak oturdy,
Öňki edenlerniň üstün ýetirdi.
Geçende gözünden dürli kitaplar,
Barha timarlandy ýazylan baplar.

Kä günler seýil edip gözel şähere,
Aýlandy täzeden birnäçe ýere.
Ýene garşylady öňküsi ýaly
Uly teatryň ajaýyp zaly.
Içi hyryn-dykyn adamdan doly,
Bu gezek bu ýerde gidýär «Guw köli»
Näzik mukamlaryň lezzetin alyp,
Kämahal yzyny ýadyna salyp,
Gözleri sahnada, küýde başga zat,
Ýarus däl, parterde otyr Akmyrat.

Tapdy ol kälerin tanyş-bilişden,
Baryp ýanlaryna boşanda işden,
Geçmişden gürrüňe başlanan wagty
Birdenkä ýürekler awady gaty:
Olaryn jana-jan ýoldaşlaryndan –
Bir zaman bile okan deň-duşlaryndan,
Her ganly söweşde boluşy ýaly,
Keç gelip kälerniň bagty, ykbaly,
Gowgaly günlerde bolupdyr gurban
Ýatlanda niçiksi örtenmesin jan.

Bellenen möhleti duýdansyz geçdi.
Bir gün Moskwadan arany açdy.
«Belki-de öýümde ýatandyr haty».
Ýolda Akmyradyň gaçdy rahaty.
Kämahal meýmiräp uka gitse-de,
Kämahal gaýry bir pikir etse-de.
Üns merkezinde şol gözel bardy.
Ol özge oýlary çete zyňýardy.
Ýüregi arzuwdan, umytdan doly,
Ötdi olar bilen ol uzak ýoly.

Ýene-de her gezek boluşy ýaly,
Garşylady ony goňşy aýaly.
Gelerne mähetdel gapyny açdy:
«Beren telegramyň ýany gowuşdy.
Tam gaty tämizdir, kemsiz seretdim,
Açyp aýnalaryn ýelejiretdim.
Içinde oturyp günde, günaşa...»
Birden hasanaklap çykdy ol daşa.
«Wah, süýdüm çogupdyr!»,
sesi eşdildi.
Sesiniň yzyndan özi-de geldi.

Goşlaryn dörjeläp şonda Akmyrat
Garry goňşusyna uzatdy bir zat.
Uslyp bilmese-de açyp görmegi
Basýardy kagyzy garryň barmagy.
Sowgat bir gowy zat – hormat nyşany,
Şatlandyrýar daýym her bir ynsany
Garry çaý demledi baryp destine
Üýşürdi Akmyrat stol üstüne
Ortada her dürli del zat göründi,
Göýä ene-ogul otyrlar indi.

Bir zat soramagy düwýär küýüne,
Garryň jogabyndan çekinýär ýöne,
Kän wagt ýaýdanyp, sesin çykarman
Oturdy, ahyrda saklanyp bilmän:
«Aý ýarym bolupdyr gidelim ine,
Hany gürrüň berin, týotýa Polina
Hat-patdan näme bar, soran boldumy?..
Garrynyň anyna bir zat geldimi –
Sen-men ýok, bir başa ýumlukdy öýne,
Ýigitde galpyldy başlandy ýene.
Garry tiz gelmedi, esli eglendi,
Elinde bir bukja, ahyr dolandy.
«Öňňin getirdiler, ine, şu haty» –
Diýdi garry ene uzadan wagty.
Akmyrat howlukmaç açdy ol haty –
Sessiýa çagyrypdyr şäher soweti.
Ýadawlyk duýýardy ýigit özünde,
Ukynyň awysy bardy gözünde,
Az salym dem-dynjyn alyp onda hem
Agşam maslahata urdy ol gadam.

Onkiň töweregi,
çykyp sessiýadan,
Ugrady öýüne assa-assadan.
Başda köpçülikdi, soňra bir-birden
Sowulyp her ýana her kim her ýerden,
Indi köçe bilen bir özi barýar.
Görse öň ýanyndan bir şowhun turýar.
Adam mähellesi uludy çakdan,
Kino-teatrdan ýa-da ýygnakdan,
Çykandyr çak etdi biziň gahryman,
Barýardy hiç zady ýadyna salman.

Märekä ýetende saga öwrüldi,
Öwrümde birdenkä pete-pet geldi,
Duralga ýüzlenen bir topar gyza.
Olaryň içinde kaklyşdy göze
Köp wagtdan bäri ýigdiň dykgatyn
Büs-bütin özüne çekdiren hatyn
Ibermän, umydyň parlak guşuny
Salyp tupanlara, aýlap başyny
Göwnüň garyp mülkün bikarar eden
Garadyp ýoluna, intizar eden.

Joralar içinde bir minut ozal
Joşup şadyýana sözleýän gözel
Dymdy-da şol bada, bir hili boldy.
Göýä degirmeniň suwy sowuldy.
Seretseň daşyndan müýni bar ýaly,
Göreçler-göreje duşan mahaly.
Gyz özün gizledi ondan dessine,
Sallandy gabaklar gözüň üstüne.
Ýok öňki alçaklyk, ýok öňki gülki
Ýaňaklar duýdansyz gyzardy belki.

Gyzdan geňsi däldi ýigit-de bu dem,
Erk edip özüne ahyrda kem-kem
Ýaýdana-ýaýdana berende golun,
Durman dowam etdi özgeler ýolun.
Garaba-garaba olar-da yzdan
Barýarlar ýanaşyk, ýigitden gyzdan
Söz açan bolmady, ursa-da ýürek,
Gymmatly wagtlar geçýär biderek.
Söze başlasa-da biziň gahryman,
Gyzyň bir boluşy ýüzün galdyrman,

«Hawa», «Ýok»-dan başga bolmady jogap
Ol örän tutukdy mälimdi sebäp.
Sowalyň dowamy hata ýetende,
Göýä garynjalar ýöredi tende.
«Nireden sataşdy, nireden duşdy?
Gijäniň bir wagty üstümden düşdi.
Bolmadyk jogaby nädip tapaýyn
Ynjytman men mundan niçik sypaýyn?,
Şeýle pikirleri aýlap başynda
Gyzymyz uludan dem aldy şonda.

Garaşdy, garaşdy, ýigit garaşdy
Doly dym-dyryslyk, köp wagt geçdi.
Hatda eşdilmeýär ne «hawa», ne «ýok».
Güýç bilen agyzdan alyp bolanok
Ýürekden bir höküm bolmasa söze,
Ynha, bu halatda göründi göze,
Uçyp bir gök maşyn, gowşady bady,
Çagyrdy joralar Ogulnabady
Gyzymyz «Hoş!» diýdi, elin uzatman,
Geçdi bu duşuşyk şatlyk döretmän.

Örän ýokuş görüp beýle duşuşy,
Okyjym, düşekde ýatan bir kişi
Gam-gussa astynda ugrapdy bäri,
Geçipdi görşüň dek gijäniň ýary.
Hiç uka gitmedi gözün ýumsa-da
Ýürek gozgalaňly näçe dymsa-da.
Kämahal sagyndan çepe agdarlyp.
Käte depirjikläp, käte dik galyp,
Ýatlaýar içinden aýdan sözlerin,
Dikip potologa çişen gözlerin.

Bir wagt ýassyga bagryny oýkap,
Içinden ah çekip, kellesin ýaýkap,
Bikarar bolupdy edil şuň ýaly,
Ösýärdi daşarda säher şemaly.
Ýaňyja gözleri uka gidende...
Olaryň baryny ýatlap şu günde
Zor bilen azajyk ymyzgansa-da,
Pikir ýumagyndan ýürek dynsa-da.
Kellede barysy dowam edýärdi
Düýşünde her ýana alyp gidýärdi.

Tassyklar, okyjym, ýatlasa her kim,
Söýgüsi erkine bolanda häkim
Bu hili gijeler geçendir başdan,
(Özüňden mysal al, gözleme daşdan.)
Uranda başyňa söýgi heseri,
Yşka ulaşanda ýaşlyk bahary.
Häzir gahrymanym gyşardy bir ýan,
Kirpikler tapyşdy, rahat tapdy jan.
Belkä-de kellede bir zat jemlendi,
Gideliň ýanyndan, goý, ýatsyn indi.

IX

Ýok, munyň bolmady, dogry jogap ber!
Ýalan söz gelişmez gül dodaklara.

Samet Wurgun.

Düýn dälmidi ýigdiň için gepledip,
Her gezek görende ogryn seredip,
Müneni gyz hakda täze hyýala?
Soňra kesip-biçip birnäçe ýola,
Kämahal perwaýsyz, käte bikarar,
Ýüregi akyla ýetirip azar.
Galmagal göterip olar özara,
Urup biri-birin başga kenara,
Her ýana yranyp uzak gezeni,
Perdede nagmasyn dürli düzeni?

Akyly asgynlap, ýürek ýeňende,
Ikisi birleşip, bir ýan eňende,
Belki oýlanandyr ýigit şol zaman:
«Söz gatsam razylyk berer bigüman».
Belki teklibine biziň gahryman
Gyzyň begenjegin edendir güman.
Belki başga zady salman ýadyna,
Diýendir: «Bu hatym baran badyna
Berip bar ünsüni her bir sözüne,
Bagt hasap eder ony özüne...»

Çykmady hatyndan beýle netije
Ukusyz geçse-de, uzynly gije,
Ertesi ýene-de dymyp oturýar,
Içinden her zatlar göwne getirýär:
«Ýa ynam etmedi ýazan sözüme,
Ýa artyk bahany berdim özüme,
Ýa-da tekepbirlik, ýa gelin näzi,
Ýakmady gulagna kalbym owazy...
Ýa gözi düşendir başga bir gara,
Belki men ýene-de sokuldym ara...»

Iýunyň aýagy, iýulyň başy
Gidipdir öýüne käbir ýoldaşy,
Köpçülik işleri Ogulnabady
Saklady az salym, ýogsa bar zady
Taýýarlap goýupdy ýola düşmäge,
Öýde Öwezine tiz ýetişmäge.
Tötänden duşuşyk bolan mahaly,
Ýüregiň gopgundan dolan mahaly,
Akmyrat diňe bir şuny duýupdy,
Gitmäkä ýanyna barsam diýipdi.

Urup uzyn gije ýüregiň tary,
Şudy ahyrynda gelen karary.
Ýaňy işden geldi, dem-dynjyn aldy,
Geýip egin-başyn ýerinden galdy.
Gün howry gaçypdy ýola düşende,
Näme diýjegini indi duşanda
Bir-bir gaýtalaýar, ýadynda bary,
Barýar köçe bilen günbatar sary.
Gyzyň bolýan ýeri daş däldi indi
Girip magazine az-kem güýmendi.

Taýýarlap äkitjek, goýjak goşuny,
Gyzymyz ýaňyja ýuwup başyny,
Otyrdy bir özi saçyny darap.
Gapy kakylanda şol ýana garap,
(Belki garaşýandyr goňşy gyzyna)
Gygyrdy «gel!» diýip, yzly-yzyna.
Girnende işikden başga bir göwre
Aljyrap, söz tapman näme diýere,
Birden hasyr-husur ýerinden turdy,
Dilin dişläp, elin maňlaýna urdy.

Bilmeýär nätjegin, çyksynmy daşa,
Ös göz astyndan etse tomaşa.
Birden göçä-göçlük düşýär ýadyna.
Diwarda, aýnada gören zadyna
Bu gün duş gelmedi, ýygnalan bary.
Garanda poluna, düşdi nazary
Kagyzlar, gazetler ýatyr dargaşyp,
Sabynly kir suwy legenden aşyp
Aç-kem dökülipdir durýar agaryp,
Çekildi Akmyrat bu haly görüp.

Bir gyzyl ýaglygy örtüp üstüne,
Gyzymyz yzyndan çykdy dessine.
Ýüzün aşak salyp, ogryn ýylgyryp,
«Bagyşlan!» diýdi-de,
oturgyç berip,
Goňşy gyzlarynyň gapysyn urdy,
Uzak saklanmady, yzyna girdi.
Şol bada yzyndan bardy iki gyz
Bu tamy tertibe saldy olar tiz.
Soňra Akmyrady öýe çagyrdy,
Gapydan girende elini berdi.

Ýigdimiz batyrgaý başlady söze:
«Geldim-de biwagt, iş boldum size...»
«Aýby ýok, aýby ýok, ugrajak bolup,
Almalsyn, goýmalsyn saýlajak bolup,
Gidişip oturşym ertirden bäri.
Ahyr ýaňy dyndym, gutardy bary».
Gyz çäýnegni alyp daşary çykdy,
Hyrydar göreçler yzyndan bakdy.
Akmyrat hoşaldy bu gün gelşinden
Göwrümi giňedi gyzyň bolşundan.

Diýerler «Ataňdan ulumyş myhman».
Belki şonuň üçin biziň gahryman,
Gadymy dessura eýerip bu gün,
Bezändir umyda ýigidiň göwnün.
Emma gyz gelmedi geler mahaly,
Görünýär Akmyrat ünjüli ýaly,
Belki-de şol dessur ýada düşýärdi.
Içerde bir özi pikirleşýärdi.
Niçiksi tär bilen gürrüň açmagy,
Başlap mesaýyndan, çyna geçmegi.

Elin kisesine sokan badyna
Degip barmaklary alan zadyna,
Öweziň ýoklugyn salýardy ýada:
Dym-dyryslyk bolsa iki arada
Gaty duýdurmazdy ol bolan wagty,
Dessine bozardy, dillidi gaty.
Gyz geldi dolanyp,
pikir bölündi,
Ikisi bir öýde otyrlar indi.
Göreçler bir-birne sataşmaýardy,
Hersinde aýratyn bir duýgy bardy.

Ýük agramyn, dostlar, çeken bilermiş,
Ekiniň gadyryn eken bilermiş,
Her malyň gadyryn bakan bilermiş,
Girdabyň howpuny akan bilermiş,
Ýaşlygyň hyjuwyn, ýürek urgusyn,
Ynsanyň ynsana bolan duýgusyn,
Kimde-kim geçiren bolsa gerdenden,
Düşüner ýagdaýa soraman menden –
Ýigdimiz kän gezek çemeleşse-de,
Çyban ýarylmady wagt geçse-de.

Ýaýdana-ýaýdana ahyr Akmyrat:
«Menden hiç taň etme, sen Ogulnabat,
Gelenmiň sebäbin bilýänsiň özüň,
Ol baýak gijeki diňlänje sözüň,
Bu gün-de aýtjagym, berjek sowalym.
Belki şeklenýänsiň, goý, bolsun mälim
Irginsiz oýlanman, çuň pikir etmän,
Müň biçip, müň kesip aslyna ýetmän,
Seljermän, bir zadyň için hem daşyn,
Agyrtman hiç haçan kişiniň başyn.

Kasama taýýar men wyždan öňünde,
Birden döremedi bu hyýal mende.
Oba hat ýazamda, munda göremde,
Her gezek göwünlik, geňeş beremde
Bu hili pikirler menden uzakdy,
Akylda, ýürekde, ýadymda ýokdy,
Ýöne «wagt» diýen bir güýçli zat bar,
Älemi ileri ol alyp barýar.
Ynsan wagt içinde öňe ýöreýär,
Dürli özgerişler şonda döreýär.

Gurasa agajyň köki eger-de,
Yz galmaz, ýel öwser tizden o ýerde,
Göçülen bir ýurdy ýadyňa salar,
Goýry kölegeler düýş bolup galar,
Kökden damar galsa nahal ýetişer,
Wagtyň permanydyr, barha berkişer.
Uzalyp şahalar her ýana ýeter,
Öser hellewleşip öňküden beter.
Elbetde, bu sözüň manysy mälim,
Şuny ýada salýar bu gün ahwalym.

Ynanyň, hiç galat ýokdur sözümde,
Beýle bir duýgynyň haçan özümde,
Niçiksi döränin galdym men duýman.
Onuň garşysyna iru-giç diýmän,
Göreşdim kän wagt, boldy biderek,
Bu ýerde dogrusyn aýtmak gerek.
Joşguny artsa-da onuň ýürekde
Sakladym men ony dilden uzakda.
Wagt geçdigiçe güýjedi gaty,
Ine, şondan soňra ýazypdym haty...»

Bir eser bölegin okan dek ýatdan,
Sözleýär, habary ýokdy hiç zatdan.
Emma täsirinden aýdylýan sözüň,
Kem-kem gozgalaňy artýardy gyzyň.
Gyzardy duýdansyz gülgün ýaňaklar,
Kemşersem, kemşersem diýýär dodaklar
Barha aşakladyp agras ýüzüni,
Käte eli bilen ýapyp gözüni
Bildirmän, uludan demin alýardy
Ýürekde bir hili gopgun galýardy.

Oturşyn üýtgetmän, galdyrman ýüzün,
Ýigit dowam edýär häli-de sözün:
« – Döküpdim hatymda ýürekde barym,
Jogabyn almadym, gaçdy kararym,
Bu gün ýaşyrjak däl hiç zady senden.
Ynansaň, her gezek başlap şo günden,
Aýlanyp iş bilen eger her ýany
Görsem poçtany – hat gatnadýany
Şol bada ýüregim jiglärdi meniň,
Hatyňa şuň ýaly garaşdym seniň.

Hyýalsyz bolmaýar adamyň başy,
Emma ol hyýaly töwerek-daşy
Bilmeýär, elbetde, keseden garap.
Taýýar men öňüňde ýüz ötünç sorap...»
Birden Ogulnabat turdy ýerinden,
Kim bilsin, nämeler geçdi serinden,
Için çeke-çeke aýna ýüzlendi,
Ýigitden nemlenen gözler gizlendi.
Myhman bu ýagdaýa bir geňsi boldy
Bilmen näderini ýerinden galdy.

Eli jübä ýetse, ýadynda Öwez,
Durýarlar dymyşyp çykmaýar bir söz.
Näme beýle boldy, belki ynjytdym?
Ýa da köp ýaňradym, akmaklyk etdim»,
Ýigit öz-özüne sorag berýärdi,
Göz gytagy bilen gyza garýardy,
Bu wagt gyzymyz yza öwrüldi,
Edil gidişi dek ýerine geldi.
« – Oturyň, oturyň! Bagyşlaň meni,
Kesdim sözüňizi, bilýärin ony.
Indi rugsat bolsa, sözläýin men-de,
Aýdyşyňyz ýaly, wyždan öňünde
Terezä goýmaga taýýar her sözüm,
Hile, pirim bolsa gapylsyn gözüm.
Meniň hem durmuşa bir ynanşym bar,
Uly hormat goýýan oňat tanşym bar.
Her zadyň dogrusyn aýtmak derkar,
Ol mana kyn günler boldy medetkär,
Men ony dogan dek jandan söýerdim,
Çekinmän ýürekde barym diýerdim.

Ýüregi açykdy, örän sadady,
Gaty salykatly, asylzadady.
Men ony şäherde çendan görerdim,
Göremde her gezek köp begenerdim,
Bakyşy mylaýym, mähirdi ýüzi,
Mana söýeg bordy her aýdan sözi.
Dogrusyn aýdaýyn, aýlaman daşdan
Eger-de siz meni beýle tanyşdan
Hyýalyňyz bolmasa jyda düşürmek
Şundan soň şu sözi bes etmek gerek».

Atylan ok bolup gyzyň bu sözi
Degdi Akmyrada, gyzaryp ýüzi
Dodagyn dişledi agyr hasylap,
Misli doňan ýaly boýnuny sallap,
Endamy syzlady, der peýda boldy,
Häzir hoş umytlar boş hyýal boldy.
Gyz paýhassyz ýaly, çykarman sesin,
Ýygnaýar ortadan çäýnek-käsesin.
Ol syrdy, süpürdi soňra stoly,
Bar gürrüň şu ýerde gutaran ýaly.

Mundan bihabardy emma myhmany,
Güýçlenip gitdikçe başyň dumany,
Süzülýän gözlerin kämahal ýumup!
Eli maňlaýynda, çuň oýa çümüp,
Belki unudypdyr ýat öýdedigin,
Eltip sag goluny, gysyp ýüregin:
«Aýdylan sözlerin manysy syrly,
Kim ol beýle tanyş ýüzi mähirli?»
«Ýüregi açykdy, örän sadady,
Gaty salykatly asylzadady...»

Kim bilsin, kim eken bu sada kişi,
Belki-de başlapdyr bir pynhan işi?..
Belki öte geçýän, ýokdur beýle zat,
Aýdan sözleriniň tutdum baryn ýat:
«Men ony dogan dek jandan söýerdim,
Çekinmän ýürekde baryn diýerdim...
Nä many aňladýar bilmen beýle söz,
Gümürtik gürrüňiň ýakdy, gara göz!
Bu niçik syr boldy, çykmaýar başym,
Kim sen, görkez özüň, meniň nätanşym!»

Işige ugranda ýuwaş-ýuwaşdan,
Bir aýak sesini eşitdi daşdan.
Saklandy, onýança açyldy gapy,
Indi gyzymyzda susagyň sapy:
« – Oturyň, oturyň, maşyn sorajak,
Azajyk howlukmaň, biz hem ugrajak.
Edil göze dürtme, garaňky gaty,
Pyýada hiç bolmaz, gijäň bir wagty.
Maşyn öýe taşlar, ýüzüniň ugry,
Biz bolsak gideris wokzala dogry...

Garşylyk etmedi gyzyň sözüne,
Belki hormat saýdy ony özüne,
Ýüregi köşeşdi, ýüzi ýagtyldy,
Alan şokoladyn ýadyna saldy:
« – Ýörite alypdym şuny Öweze
Eltip berersiňiz» diýsem, bu söze
Gyz ketje düşünip başga bir many
Çykarar bu wagt, ýokdur gümany...»
Berip öz-özüne şu hili öwüt,
Elin kisesinden çykardy ýigit.
Ugraýan, ugradýan ýygnaldy bary,
Ugrady gök maşyn wokzala sary.
Goşlary gapdalda üst-üste ýatyr,
Akmyrat gyz bilen ýanaşyk otyr.
Ýaş-ýeleň ýigitler töwerek-daşy,
«Şularyň biridir belki-de tanşy?» –
Diýip, töwerege gizlin garýardy.
(Ýigit ýalňyşmady, ol munda bardy).
Öýnüň gapdalynda gök maşyn durdy,
Akmyrat hoşlaşyp, ýerinden turdy.

Turdy çalja tozan maşyn ugranda,
Butnaman ýerinden oňa garanda
Syrtky çyralary ýaldyrap gitdi,
Öwrümde olar-da gözünden ýitdi.
Durdy ol köçede, kän wagt durdy,
Maşynyň tozany ýüzüne urdy.
Diýdi: «Gitmelidim, galdym biderek.
Gödegräk görendir, ynjytdym gerek».
Puşmandan, ahmyrdan ýüki bol ýetdi,
Özi gitmese-de ýüregi gitdi.
Категория: Romanlar | Просмотров: 41 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Aman Kekilow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Mahymm   [Mowzuga geç]
Dowamyny çaltrak goýaýyñda sad

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: