19:19 Hazar depderçesi | |
HAZAR DEPDERÇESI Sen gelmeli, bu ýerleri garaşýar, Şemal "darap“ otyr tolkunlaň başyn. Bu ýerlere seniň yşgyň ýaraşýar, Şoň üçünem sen gelmeli gardaşym. Gözleriň şuglasy kenara düşer, Aý şuglasy bilen tapyşar gökde. Tolkunlaň täjine ýyldyz “ilişer“, Duýgular çigişer iki ýürekde. Sen gelmeli, bu ýerlerde bir men däl, Saňa umman, kenar, bar zat garaşýar. Ýyldyzlardan düşek ýazyp, çalyp saz, Meni gökde garşy al sen, garaş ýar. Bu ýerleriň säherlerem asuda, Deňiz mawy çemen ýaly parahat. Bu ýerlerde ýalňyzlyklar garaşýar, Sen olardan ähli zady halas et. Pikirler durlanyp,gün erňeklände, Agşamlara şam düşende kenara, Sen gelersiň-günüň öňün tutmaga, Üytgeşik aý ýaly, uzyn çynarym. Oguljennet BÄŞIMOWA. | |
|
Всего комментариев: 0 | |