14:28
Söýgi -4/ romanyñ dowamy

IKINJI KITAP
I
«Gyş paslynyň sowuk, donak howasnyň
Üstün örtüp, hoş owazly ýaz gelýär.
Gök ot bilen bezäp meýdan çilleri,
Guşlar saýrap, gulagyňa saz gelýär.»

G.Burunow.

Gyş geçip, gelende bahar howasy,
Üýtgeder keşbini türkmen sährasy,
Ak lybasdan çykar gojaman daglar,
Şaglap jülgesinden akar bulaglar.
Gök mahmal bürener depeler-düzler,
Tarypyn diýmäge ejizdir sözler,
Geler gulagyňa guşlaryň sesi,
Baglarda bark urýan güllerin ysy,
Ýaýrap, her ynsanda şatlyk döreder,
Ýaz görnüşi ýüreginde ýer eder.

Ýazda möhlet azdyr bitmeli işe,
Kolhozçy bil guşap çykar ekişe.
Ylmyň güýji bilen işçiň zähmeti
Kolhoz obasyna berdi rehneti –
Sygmaz setirime maşynyň sany,
Gyzyl dörjük edip giden meýdany
Biri ýabyn gazyp, kartasyn çekýär,
Biri ýerin düzläp, birisi ekýär.
Bol hasyldan üpjün eder ilini,
Miçurin şägirdi çermäp elini.
Kolhozçynyň guwanjydyr hemişe,
Iki gulak bolup çykar güneşe.
«Ak altyn» diýerler,
görseň her ýanyň,
Ýatyr göwsün bezäp giden meýdanyň.
Aladasyn edip ýylyň başyndan,
Aýrylmaz kolhozçy onuň daşyndan,
Göýä ekleýän dek lälik çagany,
Ideder, ösdürer birkemsiz ony.
Öwşün atyp şatlandyrar daýhany
Arpa bilen «uly iliň soltany».

Deňeşdirmek bolmaz ýyl bilen ýyly:
Käte gurakçylyk gyssaýar ili.
Gyşdan ýetmez bolsa ýeriň yzgary,
Gaýmalap ýagmasa kyrk çille gary,
Diýerler: baharyň mazasy bolmaz,
«Gyşy gyşlamasa, ýazy ýazlamaz».
Ygally bolanda ýylyň gelişi,
Şatlyk bilen garşy alar her kişi,
Meýdanyň gök oty ýeter dyzyňa,
Günde ýagmyr ýagar yzly-yzyna.

Uzaklardan görner dury asmanda
Galkyp gara bulut ynha bir ýanda.
Barha öňe süýşer, atyp labyryn,
Depe-baýyrlaryň basar-da baryn,
Häkimligi eder daga hem düze,
Gün göýä perenji tutan dek ýüze,
Garar ýeň astyndan, çykarmaz sesin,
Öçügsi ýaýradar nurly şöhlesin.
Dynman «garry mama sanajyn kakar»,
Gökde bulut oýnap, ýyldyrym çakar

Kem-kemden depäňe geler garalyp,
Ätiýaç edersiň haýranda galyp,
Birden göjek ýaly,
maňlaýňa urar.
Gumak ýerde çala tozanjyk turar.
Soňra bedreden dynman guýlan dek,
Bulutlar suw bolup aşak inen dek,
Gökden şapyr-şapyr eňer ses edip,
Ençe eňňitlerde ýaplar döredip.
Derrew suw-sil eder görseň her ýany.
Her damjasy teşne ýeriň dermany.

Üstüň alyp durmaz, gelşi dek geçer,
Ene öňki ýaly gün nurun seçer.
Guşlar gaýmalaşyp sowulan bada
Ginden ganat gerip, tämiz howada
Oýnar agyp-dönüp olar iki ýan,
Heň eder özüçe hersi şadyýan.
Ynha älemgoşar parlar asmanda,
Bahar wagty biziň Türkmenistanda
Şunuň ýaly waka köp üns biýrler,
Muňa biz tarapda «öýlänçi» diýrler.

Hormatly myhman dek geler «öýlänçi»,
Älemi bir görke salar «öýlänçi».
Öser yzy bilen salkyn şemaly,
Gatyklap baş ýuwan bir gözel ýaly
Agaçlar daranar rahat dem alyp,
Başyn belent tutup, asmana galyp.
Ýel degip şahalar dynman galdyrar,
Apbasy ýapraklar güne ýaldyrar.
Gökde bölek-bölek akja bulutlar.
Ýerde öwşün atar her dürli otlar.

Dagyň eteginde kese uzanyp,
Köne baýyr ýaz görküne bezenip
Ýatyr paýtagtymyň tutup öňüni.
Ýazyň şular ýaly ajap bir güni
Onuň depesinde, seleň ýerinde
Kän pikirler jemleşdirip serinde,
Ynha bir gözel gyz, töwerek-daşyn
Dolduryp kitapdan, galdyrman başyn,
Otyr ýeke özi öýlän çagynda
Gözel tebigatyň şat gujagynda.

Kä okap, kä ýazyp, oýlanyp uzak,
Golun maňlaýyna goýup her gezek,
Dünýäden bihabar dümtünip özi,
Dürli kitaplara dikilip gözi
Otyr bir bolşunda, garaman daşyn,
Aşyryp egninden şar gara saçyn
Atypdyr, gök otuň üstünde ýary
Bilmedim bu ýerde haçandan bäri
Beýle möhüm işe meşgul bolupdyr.
Kim ol? Bu ýerlere nirden gelipdir?

Bu sowala soň bereliň jogaby.
Gyzyň gyzyklanan okuw esbaby
Goý siziň ünsüňiz çeksin özüne.
Uly dykgat berip, her bir sözüne
Nähili kitaplar onuň okýany?
Bary bir ugurdan, emma kän sany.
Alypdyr eline uly eseri,
Görseň bellenipdir onuň köp ýeri.
Çekinmän kynlykdan, gelip oňa döz
Okaýar, düşünýär baryn sözme-söz.

Şanly partiýanyň – synp guwanjynyň
Aňy-düşünjesi hem ynanjynyň
Şöhratly geçmişi, işi hakynda,
Halk üçin göreşi, güýji hakynda
Gyza gürrüň berýär ajap kitaplar
Her dürli bölümler, her dürli baplar.
Gök baýyr gerşinde, açyk howada
Goý, gyzymyz işin etsin asuda.
Häzirlikçe goýup ony munda biz,
Töwerege gezdireliň gözümiz.
Ynha öňümizde gözel Aşgabat,
Seretdigiň saýy bolýar göwnüň şat.
Ýadyňyzda bolsa, öňki kitapda
Tarypyn edipdim onuň bir bapda.
Garşyňda paýtagtyň günbatar taýy
Görünýär gözüňe örän enaýy:
Baýryň eteginde Pöwrize ýoly
Garşylykly geçýän maşyndan doly.
Gatbar-gatbar jaýlar ýoluň ýeňsesi,
Uzakdan eşdilýär otlynyň sesi.

Hanha, çep tarapda Köşi obasy,
Bitişipdir şäher bilen arasy.
Onuň öňki keşbi gelýär gözüme,
Şaýat bor deň-duşum aýdan sözüme:
Biziň ýaş wagtymyz ynha bu ýerler
Boş ýatan meýdandy, ownuk sürüler
Gezerdi ýaýraşyp, çöpläp tapanyn.
Görüpdim yzynda garyp çopanyn.
Tam-tagysdan, bagdan ýokdy nyşana,
Ýel tursa galardy tozan asmana.

Biziň günlermizde, häzir görnüşi
Ýadyňa salanda geçen durmuşy,
Şatlyk duýgularyn oýarýar sende,
Uly täzelikler döräp her günde,
Sowetler ýalkymyn baky saçypdyr,
Köneki bolşundan oba göçüpdir.
Uzadyp dik asman belent turbasyn,
Goşýar bulutlara goýry tüssesin
Dürli kärhanalar, fabrik-zawodlar,
Bezäpdir boz ýeri köp ymaratlar.

Ylymyň ojagy bu gün bu taýy –
Dürli hünär berýän köp okuw jaýy.
Halkyna hyzmatçy dürli alymlar,
Partiýa işgäri hem mugallymlar,
Himik, matematik hem botanikler,
Ökde agronomlar, wraç, tehnikler
Rus alymlarynyň güýçli golunda
Sowetler döwrüniň dürli ýylynda
Ýetişdi şu ýerde yzly-yzyndan
Halkymyň ukyply ogul-gyzyndan.

Şu duran ýermizden insek aşaga,
Biz dogry barýarys bir uly baga.
Endigan salynan ululy-kiçi,
Doludyr jaýlardan bu bagyň içi.
Budur biziň WUZ-larmyzyň könesi,
Baýdyr okalgasy – kitaphanasy.
Dürli kabineti, leksion zaly
Hemişe şowhunly ýaşlardan doly.
AGePeI1 diýen gysga ady bar
Il içinde onuň şan-şöhraty bar.

Ynha ol gyzymyz ýerinden turup,
Garady her ýana bir ýerde durup.
Soňra gezim etdi onda az salym.
Çemenlik üstünden ösýän malaýym
Ýazyň ýakymlyja sowujak ýeli
Gyzyň gül dek ýüzün ýelpedi näzli.
Soňra kitaplaryn alyp goluna,
Pessaý aşak inip düşdi ýoluna.
Açdy-da kem-kemden arany bizden,
Ýanky bag içinde ýitdi ol gözden.

Şu okuw jaýynda kim okan bolsa,
Ol geçen günlerin ýadyna salsa,
Gök baýyr üstünde ýanky gyz ýaly
Ýylyň gözel wagty – bahar mahaly
Tomsun gyzgalaňly günlerin ýatlap,
Onuň öz wagtynda öňün gabatlap,
Kä ýoldaşy bilen, kä ýeke özi
Dürli kitaplara gönelip gözi,
Birjik üns bermän başga hiç zada,
Uzak oturandyr seleň howada.

Artar ýuwaş-ýuwaş günüň gyzgyny,
Ter gunça otlaryň gaçar ysgyny.
Bulutlar garalmaz, sil suwy akmaz,
Gökde garry mama sanajyn kakmaz.
Goýrulanyp başlar bagyň kölgesi,
__________
1 АГеПеИ – Ашхабадский Государственный Педагогический Институт.

Duýarsyň, az geler guşlaryň sesi,
Görnüşin üýtgeder kem-kem her ýanyň.
Ozal ýaşyl donly baýryň-depäniň
Uzakdan syn etseň ýylyň bu çagy
Ykjaşar şemala sary gulpagy.

Erkine münende tomus howasy,
Belent agaçlaryň salkyn saýasy
Her kimi mähriban özüne dartar,
Gün geçdigi saýy gel-gidi artar.
Bolar ol işliniň söýdük mekany.
Hiç ýada salmazdan keýpi-sapany
Her kim öňbaraga salýan dek atyn,
Duýýandyr özünde wagt hajatyn,
Minuty, sagady bolar hasapda,
Emma bu barada indiki bapda.

II

«Tomus depesi gaýnamadygyň
gyş gazany gaýnamaz.»

Nakyl.

Güýzüň ahyrynda, gyşyň başynda
Aýlanar kolhozçy ýeriň daşynda.
Agdarar, dönderer, dökünin döker,
Ýazynda keýp edip, ekinin eker.
Çekilmez aýagy ekin başyndan
Şatlanar, guwanar, synlap daşyndan.
Zähmet joşgunynda geçirip ýyly,
Ýetişdiren wagty kemsiz hasyly
Başlanar kolhozyň «haý-haýly» güni,
Gijesi-gündizi ýatyrmaz ony.

Gyzyň gözden ýiten şol gözel bagy
Joşgunly dem alýar ýylyň bu çagy.
Kolhozçyň «haý-haýy» düşýär ýadyňa,
Mundaky ýagdaýy gören badyňa.
Barha selçeňleşer sany leksiýanyň,
Artar aladasy indi dekanyň.
Tagtanyň ýüzünde täze mazmunda
Dürli bildirişler görüner munda.
Gaý öňünde bolýan ümsümlik ýaly
Şowhun ýaňlandyrmaz leksion zaly.

Galdawly hereket studentlerde,
Kärine degişli kabinetlerde
Ýylyň dowamynda geçilen dersi
Gaýtalap tejribe geçirýär hersi.
Dolar okalgalar, bolmaz boş ýeri,
Her kim talap eder dürli eseri.
Ertirden agşama kitaphanasy
Işlär, adamlydyr mydam gapysy,
Depderi, kitaby – ýakyn ýoldaşy,
Ýetikdir her kimiň özüne işi.

Ynha bir kabinet, gireňde oňa
Haýwanat dünýäsi görünýär saňa.
Egninde halady, ak gar dek başy
Garry professor alyp bir guşy
Ýatladýar täzeden geçen kursuny,
Sorag berenleriň çekip ünsüni.
Dürli ösümlikler başga birinde
Edil görnüşi dek biten ýerinde,
Yssy Gündogarmy, sowuk Günbatar
Goýulan bu ýerde hatarma-hatar.

Täze bir kabinet, ol örän uly,
Içersi stoldan, şkafdan doly,
Saklanýar olarda hlor-u-metan
Gazlar hem maddalar seretseň her ýan.
Adamzat ylym üçin goýupdyr güýçler,
Örän çylşyrymly ondaky işler.
Sintez-analizniň tapyp ugruny,
Açýarlar tebigat gizlin syryny.
Şeýle kabinetler durmuşy bilen,
Her kim meşgul munda öz işi bilen.

Ynha boş korpusyň ýagty bir jaýy,
Örän gyzgalaňly bu gün bu taýy,
Dil, edebiýat bilen meşgul bolanlar
Gollary kitaply gyzlar, oglanlar
Üýşüp alypdyrlar jaýyň önüni,
Bu gün bu bölümde hasabat güni.
Wagt ýüz urupdy tomusa sary,
Ýaşlar arasynda köp günden bäri
Dilden düşmeýärdi «ekzamen» sözi,
Käler ýada salsa üýtgärdi ýüzi.

Bilmeýän, okyjym, näçe ýaşyňda
Belki, gyraw bardyr eýýäm başyňda,
Ýa-da sen ýaňyja dolduryp onuň
Gezýänsiň yşkynda her dürli oýnuň.
Ulumy-kiçimi – parhy ýok ýaşyň
Sorasaň göz aýlap töwerek-daşyň,
Habar bir säginmän beletdir özi,
Tanyşdyr her kime «ekzamen» sözi.
Her kim onuň bilen iş salyşandyr,
Wagtynda erjelli köp çalyşandyr.

Her haýsy ünsüňi çekip özüne,
Geler hatarlanyp yzly-yzyna.
Taýýarlyk görersiň gijeler ýatman,
Baga, kino, tansa – hiç ýaňa gitmän,
Bir ýanyň konspekt,
bir ýanyň kitap,
Möhüm soraglara gözlärsiň jogap.
Käte arkaýynsyň, bilýän dek baryn,
Käte unudan dek okanyň ýaryn.
Howsala düşersiň birden öz-özüň,
Ýene kitabyňdan aýyrman gözüň.

Her hili zatlary göwne getirip,
Ynjalyk tapmarsyň, oturyp, turup,
Gündizi bar ünsüň berseň işiňe,
Ýatyrmaz gijesi, girer düýşüňe:
Başyňy çişirmän uzak oýlanyp,
Durman nobatyňda ilden saýlanyp,
Batyrgaý girersiň,
çekersňn bildiň.
Aňsady düşendir, eden umydyň
Çykar, bökjeklärsiň, misli bir çaga,
Bezenip, beslenip gidersiň baga.

Käte many çykmaz aýdan sözünden,
Mugallym ýagdaýyň biler ýüzüňden.
Belliksiz zaçýotkaň alyp goluňa,
Ýene ýüz tutarsyň gelen ýoluňa...
Birden oýanarsyň, açsaň gözüni,
Gabak çişip, der basandyr ýüzüňi,
Dikelip düşekde uzak durarsyň,
Öz gören düýşüňi özüň ýorarsyň.
Önüňde göýä bir aldyrmaz gala,
Güýjüň kemtik bolsa salar howsala.

Gürrüňin kän etdik, özün göreliň,
Ekzamen alynýan jaýa baralyň.
Çykanda işikden jogabyn beren.
Girdi jaý içine nobatda duran
Daýaw, garaýagyz, uzynak ýigit,
Ýüzi tiz üýtgedi alanda bilet.
Geçdi-de oturdy stol başynda,
Göwre galpyldaýar, gözi daşynda,
Dargady pikiri, söz ýok dilinde
Sandyrýar dilkawja kagyz elinde.

Derjikdi maňlaýy, uzak oturdy,
Oýlanyp öz-özün dere batyrdy:
Gelerdi obadan tanyş-bilişler,
Tapylardy ona dürli ýumuşlar.
Beletsirän bolup uly şähere
Gezdirýär geleni her gün her ýere.
Önünden çykardy hem ugradardy,
Öýlerine her gezek sargyt ederdi.
Ynha otyr indi gyzardyp ýüzün,
Tapanok soraga aýtjak sözün.

Wagtynda hiç zadyň etmän azaryn,
Tanyş-bilişleriň peteň-bizaryn
Çykarypdy, sorap kömek bermegin
Ekzamen alýany baryp görmegin,
«Örän kän okadym, bilýärin weli,
Dilim baran wagtym tutulýan ýaly,
Hiç tapyp bilmeýän aýtjak sözüm,
Howsala düşýärin ýitirip özüm.
Şonuň üçin, daýy, haýyşym senden,
Baryp mugallymy görseň öňünden.

Meniň ýagdaýymy nazarda tutsa,
Ekzamen gününde garaşyk etse...»
Häzir mugallymyň garap ýüzüne
Göwünlik berýärdi özi-özüne:
«Tabşyryk berendir, görendir daýym,
Hökman meniň bilen bolar mylaýym.
Gysganmaz bahasyn bolsa bir delil,
Boş çykman bu ýerden, görer ynha il.
Düýn salam beremde ýylgyryp bakdy,
Subbotnikde meniň egnime kakdy...»

Gözbaşy bolmasa bulak akmaýar,
Beýle arkaýynlyk uzak çekmeýär,
Ýene-de bilete düşende gözi,
Gijelige dönýär onuň gündizi.
«Tabşyrmadyk bolsa daýym eger-de,
Masgara bolaryn indi bu ýerde.
Gaty gatyrgandy soňky aýdamda
Asyl ýüz bermedi çykyp gaýdamda...»
Esassyz umytlar ara açýardy,
Ine şunuň bilen wagt geçýärdi.
Soraga jogaby berdi özgeler,
Ýaňlandy bu jaýda manyly sözler.
Indi gelip ýetdi munuň nobaty,
Näderin bilmedi, gyssandy gaty.
Wakanyň wagty ýok, eseriň ady,
Elinde boş kagyz, ýok ýazan zady,
Gözleriň mölerdip, sakynyp durýar,
Käte özi düşmän, çak bilen urýar.
Atsa-da her ýana dürli sapalak,
Netije bermedi bişmedik sapak.

Zaçýotka yzyna uzadylanda,
Naýynjar bir garaş döredi onda:
«Syrkawlap kän ýatdym, ýoldaş mugallym,
Okuwa yhlasym özüňe mälim,
Halys haldan düşdüm, reňkime seret,
Soň hökman okaryn, häzir gaýrat et?!
Käbir göwni ýuka sada mugallym
Belli jogap bermän, durup az salym,
Ýene zaçýotkany eline alar,
«Suw getiren, küýze döwen bir bolar».

Işine jür bolan käbir mugallym
Diýer: «Dileg bilen alynmaz ylym.
Köne nakyl – «Her kim ekenin orar»,
Mertler bolan işi özünden görer».
Çekmedik zähmeti başyndan ýylyn
Agyr güne galar gürrüňsiz, biliň.
Ine şeýle bolýar ýalta, mekirler,
Haýyp olar hakda ýazlan setirler.
Kim ödäp bilmese berilen nany,
Çekelesin ony goý öz wyždany.

Nobata garaşyp duran köp zaman
Ahyr girdi jaýa biziň gahryman.
Üýşüp ýatan bildiň birin saýlanda,
Duran ýerde oňa gözün aýlanda,
Birden ýagtylanyp ünjüli ýüzi
Ýatdy howsalasy, ynjaldy özi.
Irginsiz okapdy baryn bapma-bap,
Geçipdi elinden ençeme kitap.
Güýjüne ynançly bolsa-da başdan,
Emma bu görnüşe garanda daşdan,

O-da iller ýaly ätiýaç etdi,
Kän gezek gapydan ogryn seretdi.
Ynha çykýar biri gara der bolup,
Sorag ýagdyrýarlar daşyny alyp:
« – Ýeri, näme aldyň? Niçik soraýar?»
« – Dörtlük alan bolsaň, näme kemiň bar?»
« – Biletler nähili? Goşmaça niçik?»
« – Gaty gyssadymy, ruhuň nä öçük?»
« – Gorkunçly zat ýok, emma ol ýere
Ilkinji baraňda batýarsyň dere».

Her ýeriň degişli öz howasy bar,
Muň ýaly ýagdaýda ýürek tiz urýar.
Ýanyňda howsala turuzsa biri,
Sana hökman ýetýär onuň täsiri.
Käte gahrymanym ilden saýlanyp,
Koridor ugrunda ýeke aýlanyp,
Derňedi öz-özün birnäçe gezek,
Köp zatlar hakynda oýlanyp uzak.
Hatda açyşdyryp kitap, depderin,
Barlady täzeden gümürtik ýerin.

Çagyrlan wagtynda birden içerik
Gaty gozgalaňly bardy ol ýerik.
Ynha, otyr ol-da, bilet öňünde,
Ýürek gürsüldisi gutardy onda.
Soraga gözüni gezdirip her dem
Her haýsy hakynda oýlandy az-kem.
Soňra kagyz, galam alyp eline,
Jogabyň planyn çekdi ol ine,
Çendan gözün aýlap ýazan hatyna,
Garaşdy kän wagt öz nobatyna.
Üstüne zat goşman aýdaýyn size,
Gezegi gelende, başlanda söze,
Birden mugallymda şatlyk döredi,
Jogap berýän gyza gizlin garady,
Taryhy ýagdaýyn, gelip çykyşyn,
Işçi hereketin öňe çekişin,
Dört babynyň baryn yzygiderli,
Söz saýlap manyly hem-de degerli,
Doly beýan etdi goýmady kemin
«Kommunizmiň aýdymlarynyň aýdymyn».

Ynanç alamatyn görüp ýüzünde,
Uly guwançlylyk duýup özünde,
Gyza mugallymyň has göwni ýetdi,
Ikinjä geçmegi yşarat etdi.
Çykansoň mundan-da tamasy onuň
Bol hasyla guwanşy dek daýhanyň,
Gezmeläp iki ýan, çykarman sesin,
Synlady zähmetiň hak netijesin.
Gyzymyz üçünjä geçen mahaly
Mugallym zaçýotka uzatdy goly.

Okyjym, gürrüňsiz, edensiň güman,
Bu seniň tanyşyň – köne gahryman.
Ýadyňdadyr, belki, ol gyzyň ady,
Görkezdim men saňa Ogulnabady.
Çydamsyz ýagdaýda, ýatla, bir mahal
Ýaryn girdabyna salanda ajal,
Gaýgyly bir günde oňa duşupdyk,
Hem-de agyr derdin deň paýlaşypdyk.
Emma hasratly ol şol günden bäri
Köp akdy mele suw çeňkläp kenary.

Häzir küti depder öňümde meniň.
Gyzyň gündeligi, içinde onuň.
Doly beýan edýän dürli wakany,
Özüne çekiji ünsli okany.
Gysgajyk setirler, sada sözler bar,
Dessan dek ol depder elimde durýar.
Açyşdyryp onuň sahypasyny,
Durmuşyň hakyky hekaýasyny,
Depderiň içinden çykmazdan daşa,
Beýanyn edeýin men boýdan-başa.

III

«Mert oldur, şat tutsa gamdan synasyn.»

Magtymguly.

Okyjym, okamda küti depderi
Meni täsin goýdy onuň köp ýeri.
Dürli wagtlarda, dürli ýagdaýda
Tolkunly urupdyr ýürek bu taýda.
Men ona ünsümi beren badyma,
Ygtyýarsyz düşdi birden ýadyma
Öz erkin akymly durmuş hakynda
Durmuşda duş gelýän her
iş hakynda,
Filosof dostumyň aýdan sözleri,
Diňlän tanyşdyrýan häzir sizleri:

Giňden akyl aýlap,
pikir berseňiz,
Durmuş göýäki bir tolkunly deňiz.
Çaknyşar göterilip gomlar özara,
Çarpynyp zarbasyn urar kenara.
Çarkandakly bolýar elmydam ýoly.
Dürli wakalardan, göreşden doly.
Baky parahatlyk bolmaýar onda,
Dürli täzelikler döräp her günde,
Bu gün başga hili düýnki göreniň,
Täze umyt berýär ertiriň seniň.

Umyt hem arzuwdyr durmuş kuwwaty,
Ynsan olar bilen gerýär ganaty,
Hiç kim çykarmasyn muny ýadyndan:
Her kim öňe garap umyt adyndan
Aýdyň maksat bilen ýapyşsa işe,
Oňa üstün çykar hökman hemişe.
Ýolunda duş gelýän dürli böwetler
Ýa pynhan pitneli gara niýetler
Sowurlar asmana güýçli zarbyndan
Barha möwç alýan onuň gurbundan.

Aýdylsyn gelende sözüň gerdişi,
Dostlar, töwekgellik
her dürli işi
Ýetirer maksada, göwün jaýyna,
Batyrmaz durmuşyň läbik laýyna
Eriksizlik, ejizlik bolsa häkimi
Durmuş tolkunyna batyr her kimi,
Perwaýsyzlyk bolar onuň ýarany
Umytlar, arzuwlar açar arany.
Ýaşaýyş manysy göreşde dine,
Diňe göreş bilen gidilýär öňe.
Indi habar alyň oba gyzyndan,
Ençe agyr günler yzly-yzyndan
Geçirdi ýas tutup,
kepetmän gözün,
Hiç dürsäp bilmedi birbada özün,
Başda çyrçyklydy daýandy çaga,
Kem-kemden özi-de galdy aýaga,
Emma pikir etmän işi hakynda.
Barmady mekdebe barar çakynda.
Bildirýär daşyndan, ýokdy hyýaly
Işine ýapyşmak öňküsi ýaly.

Özünden seslenme bolmansoň uzak,
Mekdep direktory birnäçe gezek
Aram girenini çaklap janyna,
Sypaýylyk bilen geldi ýanyna.
Çagyran wagtynda mekdebe işe
Şeýle jogap aldy ondan hemişe:
«Menden iş gutardy indi birbada,
Geçen wakalary getirip ýada,
Gaýgydan-hasratdan ýüregim doly,
Çekmeýär özüne mekdebiň ýoly.»

Mälim özüňize onuň sebäbi,
Arza iberipdim,
geler jogaby.
Indi boş galmasyn gideniň ýeri,
Oňarar birkemsiz bellense biri...»
Mälim edilende gyzyň karary.
Geldi yzyn kesmän mugallym bary,
Emma gaýtalandy ýokarky sözler,
Kämahal ýaş döküp gaýgyly gözler,
Olarda tukatlyk duýgy döretdi,
Gelenler geňlenip yzyna gitdi.

Örän az göründi içerde-daşda
Börük peýda boldy hasratly başda.
Elinde çagasy bar güýmenjesi,
Ýaşmagyň astyndan eşidildi sesi.
Ejizlik etdimi köne adatdan,
Kitaby, gazeti çykardy ýatdan.
Perwaýsyz garaýar häzir her zada.
Onuň öňki bolşun salanda ýada,
Gözüň görenine ynanman özüň,
Tapmaýaň ol hakda aýtjak sözüň.

Günleriň bir güni şeýle ýagdaýda
Bir özi güýmenip otyrka öýde,
Girdi salam berip gapydan biri,
Gözi düşen bada duýdy bir syry.
Gelen säginmezden habaryn berdi:
«Meni ýanyňyza Oraz iberdi,
Diýdi: – Gelip gitsin wagty bolanda,
Ýatlaýar her mahal işe gelende».
Uludan dem aldy eşdip bu sözi,
Jogap ýerne aşak sallandy ýüzi.
Duýdansyz çakylyk özgertdi ony,
Gaçyp ynjalygy, edil şol güni
Zordan köşeşdirip urýan ýüregin,
Taşlap bir ýan çete başdan börügin,
Köne ýaglygyny atyp başyna,
Çykdy gahrymanym tamyň daşyna.
Emma näme üçindir, ýaýdanyp durýar.
Köşeşen ýüregine ýene-de urýar.
Kem-kemden özüni aldy-da ele,
Ahyr ýola düşdi ýuwaşlyk bile.

Edara jaýyna ýakyn baranda,
Girmäge çekinip daşda duranda,
Gaharjaň, ýogyn ses çykdy içerden,
Şeýle anyk sözler eşdildi birden:
« – Hawa, hawa, kolhoz, hawa, men, Oraz,
Salam! Salam! Keýpiň? Keýpim örän saz,
Geçirdik, geçirdik, protokol? Bolýar.
Başlykmy? Meýdanda, agşamna gelýär.
Ýetişer, ýetişer. Näme? Hä-ä! Perman!
Sag bol, salam aýt, hoş onda, hökman!..»

Bat bilen yzyna goýulan wagty
Trubka şakyrdap seslendi gaty.
Görnende içerden bir uly göwre,
Gyzymyz müýnli dek seretdi ýere.
Emma garşylanyp soňra mähriban
Girdi içki jaýa biziň gahryman.
Üsti gök suknoly ýazuw stoly.
Oturdy ornunda biziň ýaşuly.
Gyzyň ýagdaýyny duýandyr, belki,
Mesaýy gürrüňden başlady ilki.

Kolhoz durmuşyndan başda söz açyp,
Soňra ýuwaş-ýuwaş fronta geçip,
Gyzyň ünsün çekip kän gürrüň etdi,
Ahyry kem-kemden özüne ýetdi:
«Mälim hemmämize, keýgim, ýagdaýyň,
Geçsek-de içinden her dürli gaýyň,
Görmändik bu hili apy-tupany.
Duşman howp astyna salyp her ýany,
Dökdi döküp bilen ajy zäherin,
Uly basga goýup dünýäň köp ýerin.

Bizden örän uzak söweş meýdany,
Göz bilen göremzok dökülýän gany,
Omzap ganym duşman ileri süýşdi
Ülkäniň köp ýeri eline düşdi.
Diýjek bolýan zadym saňa bu hakda –
Duşmanyň dabany düşen toprakda
Çydamsyz agyrdyr ilatyň güni,
Giňden pikir berip, düşün sen muny.
Bize eşidilmedi toplaryň sesi,
Bozmady howany däriniň ysy.

Ýagdaý bütin başga, emma ol taýda
Gyşyň aňzagynda her dürli gaýda
Meň ýaly garrylar, seň ýaly ýaşlar
Tokaýda, jeňňelde dik tutup başlar,
Duýdansyz çozuşlar edip her ýandan
Gan ornuna gan alýarlar duşmandan.
Hiç hili kanuna, hiç bir adata
Sygmajak azaplar rahat ilata
Okýansyň eşidýänsiň, bilýänsiň ýagşy,
Haýasyzlyk bilen berdi ol wagşy.

Halkymyz döş gerip duşman öňünde
Jemläp güýç-kuwwatyn gazaply günde,
Berk tutup hemişe golda ýaragyn,
Gorady özüniň eziz topragyn.
Mysalyn aýdaýyn bir gahrymanyň
Ganly penjesinde ganym duşmanyň
Hiç ruhdan düşmedi ýaş rus gyzy,
Ejizlik etmedi, etmedi dyzy.
Azaplar astynda aksa-da gany.
Pugta ýadyňa sal, keýgim, Tanýany!
Şeýle ýagdaýdaka Watanyň-iliň
Niçik bor sowatsaň işiňden eliň?
Mertlik, gahrymanlyk hem sarsmaz ýürek
Eke söweşde däl, işde-de gerek.
Göwnüne zat alma, dogrusyn diýsem,
Eger şu bolşuňy göräýse, eýsem
Razy bolarmydy Begenjiň senden?
Hiç kim ýarymçyk söz eşitmez menden.
Diýýärin baryny ata hökmünde
Hatardan çykmagyň bolmaz bu günde...»

Sada dowam eden garrynyň sözi
Uly gozgalaňa saldy bu gyzy.
Ilki perwaýsyz dek başyn galdyrman,
Oturdy özünde hiç zat bildirmän.
Dyrmady barmaklar galyň suknony,
Gitdikçe her sözden çykaryp many,
Kem-kem rahatlygyn berdi elinden,
Emma söz gaçyrman birjik dilinden,
Içinden her hili oýlara gitdi,
Göwre ygtyýarsyz hereket etdi.

Döretdi görnüşi mende-de ünji.
Belki ol şu häzir edip ökünji
Nägile bolandyr özi-özünden,
Ýa göwni bozulyp garryň sözünden,
Bilmedim, gelenne puşman etdimi,
Ýa geçeni ýatlap yza gitdimi?
Gözden aýrylmady ýaglygyň çeti,
Käte durup bilmän hamsykdy gaty.
Maňlaýyn der basyp, sojap dem aldy,
Birden ýüzün sallap, ýerinden galdy.

Durdy ýaýdanjyrap çykarman sesin,
Soňra stol tarap öwrüp ýeňsesin,
Bir zat diýjek ýaly ägindi az-kem,
Kellede hiç pikir edip bilmän jem
Ellenen gabaklar aşak sallandy.
Ýene Oraz agaň özi dillendi:
« – Gyzym, bozulma-da, ýagdaýa seret,
Howlukma, darykma, bar-da pikir et.
Uzak tut özüňi gaýgydan-gamdan,
Kyn günde saýlanar adam adamdan».

«Sag boluň!» diýen söz eşdildi çala.
Çykyp edaradan düşende ýola,
Biri hasanaklap yzyndan ýetdi,
« – Azajyk aýak çek», yşarat etdi,
Soňra dörjeşdirip gara sumkasyn,
Uzatdy gök bukja, çykarman sesin.
Ene gelşi ýaly yzyny gitdi.
Gyz gamgyn göz bilen hata seretdi:
Aşgabat basypdyr oňa peçady,
Emma ibereniň mälim del ady.

* * *
Öýde gyzyn görüp boldy bir geňsi:
« – Waý, munuň ýüz-gözi, reňki neneňsi?!
Bolandyr, elbetde, sene-menesi»
Gepletdi öz için derrew enesi:
« – Oraz ýagdaýyny bilýär her kimiň,
Kömegin ýetirýär bolsa bir kemiň.
Bular ýalylaryň degmez göwnüne...»
Ahyr şu pikirde saklanyp ene,
Çakylyk hakynda söz alman dile,
Diňe meşgul boldy öz işi bile.

Içerki otagda bir ýeke özi,
Ýatdan gaýtalanýar garrynyň sözi.
Ýuwup elin-ýüzun, saçyn darady,
Megerem aňynda bir zat döredi.
Öýde belli işe elini urman,
Aýlandy iki ýan, bir ýerde durman.
Böldi pikirini birden bäbegi –
Aglanda duýdansyz sarsyp ýüregi,
Ine kolýaskanyň ýanyna bardy,
Lak atdy, guwandy, seredip durdy.

Soňra emaý bilen göterdi ony,
Oturyp düşekde berdi göwsüni.
Ynha, açýar indi ol gelen haty
Yzda golun görüp,
geňirgäp gaty,
Belli tertip bilen okaman birden,
Käbir setirlerin tutup her ýerden,
Agdaryp, dönderip göz gezdirende,
Ondaky sözlere üns berende,
Hat ona bir hili yssy göründi,
Oky boýdan-başa okaýar indi:

«Ýazmak agyr boldy yana bu haty,
Başlajak bolamda ýaýdandym gaty.
Her gezek galamym alan badyma,
Bolup geçen waka düşdi ýadyma.
Obada ilkinji sizi görenim,
Uzak oýlanmazdan göwün berenim.
Ýene-de hat ýazýan size men bu gün.
Eger galan bolsa önküden düwün
Bu-da urna bolup, birleşse bary,
Bagyşlan, elbetde, men günäkäri.

Belki gowy bordy şu haty ýazman,
Ol geçen zatlary indi gozgaman,
Ses-üýnüm çykarman oturan bolsam.
Emma dogrusyny boýnuma alsam,
Ony başarmadym, ýürek etmedi.
Ýazmasam şu haty karar ýetmedi.
Bolsa meniň ýerme başga bir ynsan,
Kim bolsa, şol bolsun, sap bolsa, wyždan,
Ynanyň, gelerdi şeýle karara,
Başga çäre gözläp galman azara.

Hawa, günälidim onuň önünde,
Emma siz ynanyň, şol wagt mende
Umyt sallançagy agan bolsa-da.
Ýürekde bir azar galan bolsa-da,
Tüýs galplyk bolardy gizlesem muny,
Hakykat haky üçin ýazgarman meni,
Siziň nikaňyza hem bagtyňyza
Şatlykly geçirýän hoş wagtyňyza
Guwançdan, begençden başga zat ýokdy,
Ýüregim kinesiz,
gar kimin päkdi.

Eşdemde arada şol şum habary
Birden ýada düşdi bularyň bary,
Häzir men dümtünip öýde oturýan,
Agyr ýagdaýyňyzy aňa getirýän,
Göwnümde baryny setirler bile
Ýetirip bilmerin, garyp men dile.
Bu bir bela bolman, agyr ýük bolsa,
Götermekden gaýry çäre ýok bolsa,
Ony siziň bilen deň paýlaşardym,
Menzili soraman, deň daşaşardym.

Bitüwsiz bolsa-da ölüm ýarasy,
Bizde ýok hem bolsa onuň çäresi,
Biwagt uçuran hasratly günde
Il-gün hatarynda uzakdan men-de
Sizin ýasyňyza goşulyp doly,
Ýürekden siz tarap uzadýan goly.
Dünýäde näme bar ölümden ajy
Mertlige salmasaň, ýokdur alajy.
Ölenin yzynda ölmek bolanok,
Giden hasrat bilen gaýdyp gelenok.

Aýdyp oturmagyň ýokdur hajaty,
Jahanyň şuň ýaly gowgaly wagty
Söweş meýdanynda ösýärke ýalyn,
Gahryman halkymyz ýurduň ykbalyn
Gan döküp, jan berip çözýän mahaly
Gurbanlar kän boldy siziňki ýaly.
Oturyp ser salyn töwerek-daşa,
Tanyş-bilişlere, kowum-gardaşa.
Heý, çekmedik barmy aýralyk derdin!
Ilim pida etdi ýüzlerçe merdin.

Gutarýan sözümi, boldy bir çeni,
Sizi ýadatdym men ýatlap geçeni.
Başyňyz dik tutup, işden sowaşman,
Erki elden bermän, kuwwatdan düşmän,
Söweş meýdanynyň mertleri ýaly,
Sezewar bolanňyz agyr ahwaly
Uly çydam bilen geçirip başdan,
Bile ädersiňiz, galman durmuşdan.
Gylyk-häsiýetiňiz mälimdir mana.
Ine şonuň üçin ynanýan muňa».

IV

«От Кубани к верховьям Донца
Мчится ветер за танками следом,
Будто музыка в наших сердцах –
Долгожданное слово Победа.

В этом слове – солдатская честь,
Радость встреч после долгой разлуки.
В этом слове – свершенная месть
За обиды, за слёзы и муки.»1
А.Сурков.

__________
1 «Kubandan Donesiň gözbaşyna çenli
Ýel tankyň yzyndan kowalap barýar.
Misli saz dek biziň ýüreklerimizde
Köp garaşdyran Ýeňiş sözi ýaňlanýar.

Bu sözde soldatyň ar-namysy,
Uzak aýrylşykdan soňky duşuşyklaryň şatlygy bar.
Bu sözde kemsidilmekler, gözýaşlar
Hem azaplar üçin alnan aryň dabarasy bar.»
Eger-de ýetmeziň bolsa janyňda
Ýürekdeş bir ýoldaş gerek ýanyňda.
Derdi-azaryňy bile çekersiň,
Ýüregiň gysanda içiň dökersiň,
Diňlär sözleriňi jan bile tenden,
Elinden gelenin gaýgyrmaz senden,
Özüň dek oýlanyp berer maslahat –
Akylly maslahat uly hemaýat.
Aýrylmaz ýanyňdan içgin gepleşer.
Gepleşdigiň sary ýüküň ýeňleşer.

Eger çetde tutup özüňi ilden,
Derdi-azaryňy uzakda dilden
Saklasaň içiňde, çykarman daşa,
Ýat etseň olary ýakyna-daşa,
Gürrüňsiz, gün-günden tapdan düşersiň,
Derdiňden has beter derde duşarsyň.
Iýeniň-içeniň siňmez janyňa,
Perwaýsyz gararsyň hany-manyňa,
Bilmersiň kem-kemden ýüzüň sargarar,
Eger uzak çekse, gör nirä barar!

Durmuş şatysyny görmedik heniz
Ýaňy ak-garany saýgaran ýaş gyz
Duýdansyz şum ölüm düşende başa,
Paltasy ömürlik degen dek daşa,
Birden aljyrady, ýitirdi özün,
Gelende-gidende galdyrman ýüzün,
Näme pikir etse, içinde bary,
Diňe ýalňyzlykdan çekip azary.
Gije-gündizi ýaryny zarlap,
Geçirdi kän wagty özüni horlap.

Ýürekden aýdylan sözüň kuwwaty,
Garrynyň gürrüňi, ýigidiň haty,
Wagtynda dikilen bir paýa ýaly,
Biziň gahrymanyň şeýle mahaly
Uly söýeg boldy, teselli berdi,
Belki, ýeňleşendir ýürekde derdi.
Tomus jöwzasynda ýiti kuýaşdan
Solan ýapraklaryň ýuwaş-ýuwaşdan
Özün tutuşy dek salkyn düşende,
Täze bir özgeriş döredi onda.

Frontdan gelýän hat kesilen wagty
Bilmän näderini, gyssanyp gaty,
Sezewar bolan dek duýdansyz bela
Düşündi bir mahal uly howsala.
Wagt geçdigiçe artyp gorkusy,
Gündizi gün geçmän, gije ukusy
Gelmändi gözüne, bolup bikarar,
Duýupdy ýürekde bir güýçli azar.
Edil häzirki dek sargaryp meňzi,
Çekipdi şonda-da derdi bir özi.

Ol birden ýadyna saldy şu ýerde:
Şol geçen gaýgyly agyr günlerde
Onuň bir daýanjy mekdep bolupdy.
Her gezek asuda demin alypdy
Ýaşlar arasynda, uly şowhunda.
Gaýgy ýatdan çykyp, dörýärdi onda
Işine, kärine uly bir höwes,
Erki elindedi, bolman sussy pes,
Özünde güýç-kuwwat, hyjuw uýýardy,
Her zada meýil hem ygtyýar bardy.

Şu zatlar hakynda oýlanyp her dem,
Sallanan başyny göterdi kem-kem.
Börügi, ýaşmagy taşlady birden,
Kitap-kagyzlaryn tapyp her ýerden,
Toplady baryny, tertibe saldy,
Belki, gaýyn ene muňa geň galdy:
Hüňürdäp öz-özi için gepletdi,
Nägile görnüşde gizlin seretdi.
Beýle garamagyň bir syry bardy,
Gyzymyz-da muny çala syzýardy.

Başda uslyp bilmän, aýagy çekmän,
Gezipdi kän wagt bu öýe sekmän,
Mekdebiň okuwçy oglany-gyzy.
Emma häzir weli kesilmän yzy
Tutýarlar bu öýüň halyndan habar,
Hersinde enaýy, mähirli nazar.
Ýapyşýar oglanlar gelen badyna
Öýde edilmeli her bir zadyna.
Geçýär Öwezjigi ellerden-ele,
Sözleşýär ýürekden gelenler bile.

Gürrüň gitmese-de işi barada,
Yssylyk duýulyp iki arada,
Gelen çagalaryň nurly ýüzünde,
Balkyllaşyp duran gara gözünde,
«Mähriban mugallym, islegmiz sizden
Açmaň mundan artyk arany bizden»
Diýen dek bir hili çuň many bardy.
Her gezek bat bilen öýe urýardy.
Şowhunly mekdebiň tämiz şemaly,
Ýazyň gyş aňzagyn çalşyrşy ýaly.

Geçdi gezeginde bulaň hemmesi,
Içerde, daşarda eşdildi sesi.
Göwresi giňedi, ýüzi durlandy,
Gyz özün dürsedi, gözi nurlandy.
Iliň-günüň hem-de töwerek-daşyň,
Tanyşyň-bilişiň, kowum-gardaşyň
Mähirli duýgusy, mylaýym sözi
Gaýgyly günlerde goldady gyzy.
Erkin ele alyp, geldi ol güýje,
Ahyr mekdebinde başlady işe.

Serpigip yzyna gaçsa-da duşman,
Top sesi ýatmandy, ýalyndy her ýan.
Giňden şöhle berýän ýeniş ýalkymy
Barha ruhlandyryp batyr halkymy,
Çagyrdy aýgytly ganly söweşe,
Her kim jan-dil bilen ýapyşyp işe,
Tizleşdirmek üçin ýeňiş möhletin
Goýdy ýurt haýryna güýjün-kuwwatyn.
Howsala basýardy ganym duşmany.
Indi öz topragy söweş meýdany.

«Üstün çykmaklygy gaýgydan-gamdan
Watan talap edýär her bir adamdan.
Aýralyk derdine gözýaş peýdasyz.
Kim uruş görüpdir gansyz-pidasyz?
Gaýgyrman il üçin gyzyl ganyny
Köpler gurban etdi şirin janyny.
Çykmaz ýadymyzdan biziň hiç zaman
Watanyň ugrunda giden gahryman...»
Orazyň sözlerin salanda ýada
Tükenmez güýç geldi Ogulnabada.

Ynha, kolýaskada ýatyr Öwezjik,
Gözleri göýä bir garaja monjuk.
Lak atsaň, ýyryş edip bakýar ýüzüňe,
Göýä düşünýän dek aýdýan sözüňe.
Bäş aýyn dolduryp, alta gidende,
Janly hereketler döredi onda.
Däwşenekledipjik iki aýagyn.
Käte dyrçanaklap näzik ýaňagyn,
Birden öz-özünden bolar nägile,
Baryn ýatdan çykar alanda ele.

Çyrçyksyz ulalýar, sagat synasy.
Daşynda mamasy ýa-da enesi,
Ýetmezi bolanda tapyp emini,
Seredýär ikisi goýman kemini.
Ynha, artdy birden çagan gyzgyny,
Gamlandy garrylar, geňirgäp muny,
Et böwsüp çykanda iki hünjüsi,
Aýryldy şol zaman olaň ünjüsi,
Goňşy-golamlary ýygnap dessine
Patrak seçdiler ogluň üstüne.
Nakyldyr: «Altyda atan ýerinde».
Diýerler «Ýedide ýeten ýerinde».
Üýşürip daşyna oýunjak baryn,
Ýetirmän hiç kime birjik azaryn,
Ynha, oýnap otyr indi özbaşdak,
Başynda ýüpek dek meleje gulpak.
Soňra emedekläp ýuwaş-ýuwaşdan
Köp ösüş günlerin geçirdi başdan.
«Durdy-durdudan» soň «ýörjen-ýörjene»
Kadaly ulalyp ýetdi ol ine.

Ynha, işden geler ýadaw ejesi,
Eşdiler çaganyň näzijek sesi.
Agyr ýadawlygy düşmez ýadyna,
Topular ogluna gelen badyna.
Mähir-muhabbetli gaýtalap adyn,
Düşürmez elinden eziz zürýadyn.
Aýdylsa göwnünden turar hemmäniň
Çäksizdir perzende mähri enäniň.
Gezdirer, oýnadar,
uzak oturar,
Hüwdüläp, hüwdüläp,
ahyr ýatyrar:

Golda awtomat bilen,
Ýakalaşyp ýat bilen,
Kakaň gaýdyp gelipdi
Abraý, şöhrat bilen.
Öwez janym, ýat indi,
Gyzyl güle bat indi!

Agyr ýaraly teni
Azara goýdy meni,
Gitdi gözüni açyp,
Wah, görüp bilmän seni.
Ýadygärim, ýat balam!
Now çynarym, ýat, balam!

Duşmanyň çaşdy çaňy,
Saz berýär ýeňiş daňy,
Eziz balam, men saňa
Küýsetmerin kakaňy.
Ballar balam, ýat inli,
Şirin dilim, ýat indi!

Ýok bolar ganym duşman,
Syrylar gara duman,
Sen ýaşarsyň parahat,
Geler şatlykly zaman.
Göz guwanjym, ýat indi,
Umyt genjim, ýat indi!

Gurban, özüňe gurban,
Gara gözüňe gurban,
Begenjime keşp edýän
Güler ýüzüňe gurban.
Jan ezizim, ýat indi,
Akja guzym, ýat indi!

Myrlap süýji uka gider çagajyk.
Soňra demin-dynjyn alyp azajyk,
Tördäki stoluň geçip başyna,
Okuw kitaplaryn ýygnap daşyna,
Irginsiz oturyp uzak gijesi,
Işine taýýarlyk görer ejesi.
Ynha, şunuň bilen geçip gün-u-aý,
Ýaz baýramy – ýetip geldi şanly Maý,
Taryhda bolmadyk hiç deňi-taýy,
Bezedi bir waka bu gözel aýy.

Köpden göz dikýärdi halkymyň bary,
Ýaňlandy giň efir gijäniň ýary.
Çyrpynyp çar tarap guýruk bulanyň –
Dünýä zährin saçan gara ýylanyň
Gutaryp süregi, ahyr pellesi.
Öz hininde kesilipdir kellesi.
Uly-kiçi – hemme, garry hem çaga –
Gahryman Watanym galdy aýaga.
Uky mesgen tapman ýanar gözlerde,
Şatlyk şöwür çekdi güler ýüzlerde.

Üýtgedi görnüşi öýüň, köçäniň,
Bardykça şowhuny artdy gijäniň,
Tanyş-u-nätanyş bary tapyşdy,
Söz ýeterlik däldi, göwre garpyşdy.
Ýaňaklar ýaňakda, goşar billerde
Ýaňlandy bu sözler dürli dillerde:
« – Ýaşasyn partiýa, Sowet döwleti!
Adalat goşunnyň güýji-kuwwaty!
Ýaşasyn halklaryň beýik dostlugy!
Ýaşasyn ýurtlaryň parahatlygy!...»

Soňra Gündogaryň köne tilkisi –
Ejiziň ganymy, ile gülküsi
Ýapon samuraýy sanlyja günde
Baş egdi birleşen güýjüň öňünde.
Ganly uruşlaryň ýatanda ýeli,
Çaňly ädikleri, mele şineli
Çykaryp kolhozçy ýapyşdy pile,
Işçi iş salyşdy stanok bile,
Bitişer uruşyň salan ýarasy.
Berkişer Watanmyň gözel synasy.

Ýeňiş öz-özünden bolmady peýda.
Halkym mertlik bilen çekdi kän pida,
Kimisi atadan, kimi ýegenden,
Kimisi oguldan, kimi dogandan,
Kimisi daýydan, kimisi ärden,
Baky jyda düşdi köpler dost-ýardan.
Kimler elsiz galdy, kimler aýaksyz,
Uruş zyýanyny ýetirdi çaksyz,
Wes-weýran bolupdy örän köp ýerler –
Asuda obalar, gözel şäherler.

Undulmaz hiç haçan dökülen ganlar,
Kalbymyzda baky ýaşar gurbanlar.
Halkym wepadaryn çykarmaz ýatdan,
Halka hyzmat eden düşmez şöhratdan.
Adalat baýdagyn geren ynsanyň –
Hak iş üçin janyn beren ynsanyň
Göreş taryhynda ýitmez ady bar,
Gurular şanyna beýik ýadygär.
Uly alkyş bilen ýatlar nesiller,
Öser üstlerinde gyrmyzy güller.

Beýik dabaraly ýeňiş gününde
Çäksiz şatlyk bilen iller deňinde
Geçirdi baýramy Ogulnabat hem.
Emma ýürek urup, zordan alyp dem,
Söýgüli Begenjiň salanda ýada,
Gözler monjuklandy edil şol bada.
Duşman synamyzda goýdy kän düwün,
Eke olmy gözden ýaş döken bu gün!
Her zatdan belentdir Watanyň ary,
Aýralyk, gaýgy-gam il bilen bary.

Häzir Ogulnabat otyr öýünde,
Täze durmuş ýoly onuň küýünde.
Ýaş perzendi bilen galdy bir özi,
Indi geljegine aýlaýar gözi.
Dürli ýol yzarlap, uzak aýlanyp,
Tutdy ahyrynda birin oýlanyp,
Bolsa-da erkiniň mydam eýesi
Ynjatdy köp wagt sözüň teýesi.
Ýazaryn bu hakda gelende ýeri,
Ýapýan häzirlikçe küti depderi.

V

«Tiri-peýkamyn gizleýir,
Gaş bir ýana, göz bir ýana.
Dahanyn açyp sözleýir,
Dür bir ýana, söz bir ýana.»

Mollanepes.

Pähimli garasaň, duýulýar daşdan:
Dürli döwürleri geçirýär başdan
Öz ömründe, ýaşaýşynda her ynsan,
Ýylyň-ýyldan, günüň-günden parhy kän,
Bir zaman hoş bolup, hoşlukda geçer,
Göwnüň ganat baglap, asmana uçar.
Bir zaman bilmersin, duýdansyz ýerden
Agyr, kynçylyklar sataşyp birden,
Oslagsyz özgeriş döräp durmuşda,
Ýagdaý bütin üýtgär öýde ýa işde.

Kimsäniň hoş güni, belentdir başy,
Dost-ýardan, deň-duşdan doludyr daşy.
Keýpi kök, şähdaçyk gezer hemişe,
Paýhassyz batypdyr her dürli işe.
Niçikmi bir kynlyk çyksa öňünden,
Sowaşar bar zatdan edil şo günden.
Şatlyk, degişgenlik gider şemala,
Batyrar özüni dürli hyýala.
Tapmaz kynçylykdan çykmak alajyn,
Ýitirer aljyrap kelebiň ujun.

Kimsäniň her zaman erki elinde,
Hiç haçan artyk söz bolmaz dilinde.
Geçirer başyndan her hili güni,
Hoş güni pes däldir, bolmaz men-meni.
Agyr gün gelende sallamaz başyn,
Naýynjar bakyşly gözlemez daşyn.
Yhlasly ýapyşar, jürdür işine,
Daýanar her zaman erkin güýjüne.
Mesligi göterer, kynlygy ýykar,
Her hili ýagdaýdan baş alyp çykar.

Görüň gündeligiň indi yzyny.
Dürli ýagdaýlara oba gyzyny
Salan wakalaryň bary ýerbe-ýer
Onda goýulypdyr, häzir bu depder
Bize gürrüň berýär olar barada.
Ýaş nesil, garrylar – iki arada
Köpden dowam eden syrly hyýallar
Açyp özlerine gönümel ýollar,
Indi wagtal-wagtal ýuwaşlyk bile,
Ýürekde ýerleşmän, gelýärler dile.

Ejizlän bolsa-da kynlyk öňünde,
Şol agyr ýagdaýda,
hasratly günde
Duýup duýgudaşlyk töwerek-daşdan,
Mertlerçe geçirip olary başdan,
Aýdypdym ýokarda, kän wagt bäri
Gyzymyz geljegne dikip nazary,
Oýlanýar ol hakda çuňdan hemişe,
Gündizi syr saklap, berilse işe,
Gijeler gönenip uky almazdy,
Kirpikler bir-birne sala salmazdy.

Emma bu ýagdaýda öňe garaşda
Iki çal kellede, bir juwan başda
Üýtgeşik düşünje,
aýry hyýal bar,
Olarys her haýsy bir ýana garýar.
Gyz hakda her zaman ol iki kempir,
Pynhan pyşyrdaşyp, edip kän pikir,
Günleriň bir güni göwün açdylar,
Durmuşyň ýoluny başga biçdiler.
Uzakdy gürrüňi iki garrynyň
Ynha gysgalykda mazmuny onuň:
Ýokdy gelen-giden tamyň daşynda,
Olar içki öýde, çaýyň başynda
Otyrlar iki çäk, dine Öwezjik
Edilýän gürrüňe düşünmän birjik,
Dürli oýnawaçlar oýnap öz-özi,
Käte bir zat diýip kesýärdi sözi...
Egip göwresini iki dyzyna,
Uludan dem alyp yzly-yzyna,
Kä göze ýaş aýlap, kä çekip için,
Kämahal sypaýar çalaran saçyn.

Köpden sözleýärdi ýigdiň enesi,
Çala eşdilýärdi, gyrykdy sesi:
«Hakyň hökmi bolsa, bendesi nalaç,
Ölüm dogry gelse, ýok oňa alaç.
Otdan abat çykyp geldi sag-aman,
Depäm göge ýetdi meniň şo zaman.
Guwandym gelnime, hoşnut wagtyma,
Emma gara çekdi balam bagtyma.
Gyryldy biwagt ömür tanapy,
Çekildi serpigim, ýapyldy gapy...»

Dökensoň içini geçeni ýatlap,
Soňra maksadyny kem-kem gyýatlap:
«Öňküje düzgünden açyldy ara,
Boljak iş bolupdyr, ýok indi çäre.
Guda jan, syrymy gizlemen senden,
Aklymy çaşyryp edil şo günden
Ýitirdim ugrumy, ýokdur kararym,
Gün-günden güýçlenýär derdim-azarym.
Daş etsin, beterden-beteri bardyr,
Tersine bolankyň dünýäsi dardyr.

Gezdirip kellemde kän dürli pikir
Edýärin, guda jan, muňa-da şükür:
Galypdyr yzynda gül ýaly çaga,
Bolsun bu çal başym muňa sadaga!
Gelnim diýen etse, göwnümden tursa,
Öwez janyň ýanyn alyp otursa,
Hiç arman galmazdy meniň janymda,
Oglum bar dek bordy edil ýanymda.
Ine, bar islegim, arzuwym şonda,
Indi başga hili çäre ýok mende».

Käse çaýyn süzüp, diýdi gudasy:
«Nurtäç, aýdanlaryň dogry hemmesi.
Şondan bäri menem, edil özüň dek,
Şu zatlar ugrunda mydam ot-elek.
Çendan kakyp görýän onuň taryna,
Emma aýdanlarym däl azaryna.
Bu hakda zat diýseň çytylýar ýüzi,
Getirmän diline hiç dürli sözi,
Ýüzün aşak salyp dymyp oturýar,
Bilmedim, nä hyýal göwne getirýär.

Ikibir oturyp başda bir gezek,
Şu zatlar hakynda sözleşdik uzak,
Diýdim: «Tutmasaň-da köne dessury,
Oýlangyn, ezizim, gitmeli ugry.
Türkmeniň gadymdan gelýän adaty,
Halamaz il-ulus bozulsa gaty.
Keýgim, many alsaň ejeň sözünden
Düşmersiň hiç haçan iliň gözünden...»
Ýene köp zatlary saldym ýadyna,
Diýdim «ýagşy bolmaz ataň adyna».

Diňe men gepledim, ol gulak saldy,
Ýylgyryp Öwezin eline aldy.
Bökdürip, oýnadyp kän wagt ony,
Soňra el uzadyp, görkezip meni,
Diýdi: «Eşidýärmiň mamaň sözüni?
Diý: «Gyzyň her wagt oňar özüni».
Diý, oglum: «Hormatlar, unutmaz seni».
Diý: «Adam bolynçam hor etmez meni».
Diý: «Ejem hiç wagt gyzartmaz ýüzüň».
Diý: balam: «Syndyrmaz hak bolsa sözüň».
Ine, bar eşdenim şu boldy ondan,
Başga söz çykmady ýagşy-ýamandan.
Ýanyna daýysy geldi ýörite,
Çekilip ikisi şonda bir çete,
Ilki ondan-mundan gürrüň etdiler,
Gürrüň ahyrynda şuňa ýetdiler,
Emma onuňky-da boldy biderek.
Çak etdim jogaby bolandyr gödek:
Gyz ýüzün torsardyp çykdy daşary,
Jigim için çekip etdi gahary».

Eşdende bulary Nurtäjiň ýüzi
Derrew boz-ýaz boldy, nemlendi gözi.
Soňra ýoňsuz wagt iki arada,
Gürrüň edilmedi hiç zat barada.
Hersi öz ýanyndan için gepletdi,
Çalaran kelleler çuň oýa gitdi.
Hiç alada ýokdy diňe Öwezde,
Şatlyk oýnaklaýar garaja gözde.
Çagalyk durmuşyň ala bahary –
Onuň bu zatlardan ýokdy habary.

Bozdy ümsümligi ahyrda Nurtäç:
«Menikli maşgala dökdürmez gözýaş.
Hanha, alla näme, otyr öýünde.
Ogluny ulaltmak diňe küýünde.
Ýusuplaryň gyzy, Enäniň gelni
Hiç zatdan kemi ýok, hoş geçýär güni...»
«Wah, sen ony diýýäň, Durdyň aýaly
Ýaşlykda galypdy edil şuň ýaly.
Diňe tara bilen özüni ekläp,
Niçe ýyl oturdy ogluny saklap?»

«Bu hiç-le, eklenjiň bolar bir zady,
Ýaman ýeri tapyp bir gün bir ýady
Taşlap ýa-da alyp gitse Öwezi,
Nurtäjiň ölinçä kepemez gäzi.
Mekdepde şol waka bolaly bäri
Köpelýär obanyň «myş-myş» habary.
Diýýärler süýregi barmyş ýokardan,
Aýagy çekilmän mydam şäherden,
Güýç bilen gögerdip nädogry sözün.
Köplere ýigrenji edenmiş özün

Iliň gyzy bilen näme işi bar?
Okadan okadar, çykaran çykar.
Işleýär, tas edýär, işlesin ýene,
Ýöne weli düşüp köpüň öňüne,
Turuzyp obada galmagal baryn,
Öz başyna alyp iliň azaryn
ýörmeklik uslyp däl aýal maşgala.
Dildir duçar edýän her dürli bela.
Öküner soňundan, aklyna gelse,
Etdirmen beýle zat, diýenim bolsa,

Heý ýygyp bolarmy agzyny iliň,
Zäherden zyýanly duzlusy diliň.
Diýýärler gyzlary önüne salyp,
Gitjekmiş, hamala mundan baş alyp...
Nirä?'Näme üçin? Kim bilýär ony?
Şu sözler howsala salýar-la meni.
Ot alyp, örtenip bir zada ýanýan:
Gitse maňa iki ölüm, guda jan,
Ozaly düz bolsun, ýatmasyn bagt,
Edip doga-tumar bilýän, bir wagt...»

«Nurtäç, goýaweri, sen aşa gitdiň,
Kelläň gaty gyzyp, gör nirä ýetdiň,
Dogadan-tumardan söz bormy? Toba!
Ol döwürden bir çak göçendir oba.
Gyzym o zatlardan arany açan,
Doga-tumar diýip asyl hiç haçan
Degmerin balamyň gözel göwnüne,
Çekmerin al bilen böwet önüne.
Mälimdir özüme gylyk-häsiýeti,
Bermen nähak ýere gyza ezýeti.
Ýöne welin, Nurtäç, şuny ýagşy bil?
Diýerler öl ýere biten zatdyr dil.
Agzynyň diýenin gulagy eşitmän,
Gybata gyzygyp, belli iş etmän
Bar ilde peşeden pili ýasýanlar,
Tapylýar olara gulak asýanlar!
Her kim her zat diýsin, emma gyzymyň
(Ynangyn, galady bolmaz sözümiň)
Ýokdur kelpeňligi agyrdyr ýüzi,
Çykarmaz agzyndan biderek sözi.
Dogrymdan gelýärin, ynansaň maňa,
Ýokdur ýamanlygym gyza hem saňa.

Gitmesin hiç ýana pendimi alsa,
Menem kem göremok ýanymda bolsa,
Emma bu zamanyň gelini, gyzy
Ata-ene hökmünde hormatlap bizi,
Makullap alsa-da mamla sözümiz,
Täzeçe çözýärler, gördük özümiz.
Kyndyr ikimize ona eýermek,
Başartmaz biderek besleşip ýörmek...»

Gudasy gyňajyn oýkap gözüne,
Başlajak bolanda ýany sözüne,
Eşdildi daşardan bir aýak sesi,
Çekildi şol ýaňa barynyň ünsi.
Hatda Öwezjik-de gözün mölerdip,
Ses gelen tarapa sine seredip.
Bilmedim, enesin saldymy ýada,
Patduk-putduk edip edil şol bada,
Gapyny nazarlap öne süründi,
Garrylar gürrüňi gutardy indi.

Ardynyp gapydan girdi bir kişi,
Bara meňzeş munda bir möhüm işi.
Girende gözleri düşdi Öweze
Ol örän enaýy göründi göze.
«Amanmy, Enebaý, Amanmy, Nurtäç!
Eýgilikmi beri, näme çytyk gaş?!»
Asyl şundan başga hiç zat soraşman,
Beriljek jogaba uzak garaşman,
Egilip eline aldy çagany,
Kän gezek ýokary bökdürdi ony.

«Han ogul, jan ogul, dürdäne ogul,
Goç ogul, mert ogul, merdana ogul!
Köp wagt geçipdir görmänim seni,
Tanýarmyň ataňy, geple sen hany?»
Ýadyrganyp durman, çekinmän birjik,
Misli Esentanyş, gülüp çagajyk,
Näzik barmaklaryn tüýlek ýaňakda,
Sakalda, gulakda, gaşda-gabakda,
Gezdirdi arkaýyn, hoşal öz-özi.
Balkyldaýar onuň garaja gözi.

Girende gapydan aýaga galan,
Duýdansyz duşuşdan bir hili bolan,
Dik durdy garrylar müýnürgän ýaly,
Mylaýym ýylgyryp, gelen ýaşuly,
Gyzyň enesine ýüzlendi indi:
«Hany Ogulnabat, işdemi şindi?»
«Diýýär mekdebimde işim kän gaty.
Ýogsam bolup geçdi dolanýan wagty.
Geçiň, Oraz aga, demlije çaý bar.
Indi geler basym, gün ýaşyp barýar».

Durdy esli wagt çykarman sesin,
Soňra emaý bilen agyr göwresin
Goýberip düşege, gyşardy bir ýan,
Ýaşuly ýadawdy, rahat tapdy jan.
Bize tanyş bolan bu agras kişi
Gelipdi bu ýerik çykyp bir işi.
Ol işiň, dostlarym, gerek ýerinde
Ýazyljak baplaryň ýene birinde
Gürrüňin bererin size arkaýyn.
Goý, ol häzirlikçe süzsün gök çaýyn.

Категория: Romanlar | Просмотров: 29 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Aman Kekilow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: