12:35
Ýalñyşymy ýatladan ýagyş / hekaýa

ÝALÑYŞYMY ÝATLADAN ÝAGYŞ

Ýagyşyň ýagşy ýatlamalarymy ýatlatdy...
Daňdanara daşarda dowul deý dükür-de-dükür, dükür-de-düküri dynman, dünýege dergazap dyrjaşýardy.
Üçekden üzülýän ünjüler üznüksizdi. Şonda-da, şol şabyr-şabyrda-da şatlanmak şatlandym.
 Irden işdämen iýip içdim. Sagada seretdim, sanlyja sekuntlardan sekizdigini saýgaramsoň saçlarymy sypalaşdyryp, sumkamy süpürişdirdim.  Geýimlerimi geýişdirip,  garanjaňlap gaýtdym...
Ýolda ýegenim Ýeňiş ýanyma ýakynlaşyp ýüzlendi.
- Mekdebemi, mün maşyna!
- Bolýar.
Baranymda Bahar bagdady. Gelerime garaşypdyr. Ýöräp ýanyna ýakynlaşanymda
- Gudrat, geldiňmi, garaşmak garaşdyrdyň-a.
- Bahar, bagyşla, biraz bökdendim.
Bahar: - Bagyşlaman bolarmy?  Özüm “Özümden” öýkelemerin-ä...
Biz bahar bilen biri-birimize baglanmak baglanypdyk. Ol ortaboýly owadanjady.  Marlary mahmaldanam mymykdy.  Gaşlaryna garanyňdan  girdaba gaçanyňam gowudy.  Biz, biri-birimizi belläpdik. Söýgimizi  saklajakdygymyza sözleşipdik...
Okuwymyzy okadyk. Sapak soňlanansoň synpdaşlardan saýlandyk. Daşarda damjalar dynman dökülýärdi.  Bahar bagtyýar bakdy-da,
- Ýör, ýagyşa ýuwulyp ýoldan ýöräli!
- Bor, bileje bolsak bolýar.
Biri, bileje biri-birimize bakyşyp, barýanymyzy bilen bolary. Gahar-gazaply gykylyk geldi. Ejem eken. Ejem ellerimize esetdi. Gahary geldimi, garaz, garalyp gaşlaryny galdyrdy. Salama-da seretmezden,
- Utanaňokmy ululardan, uýatsyz. Gudrata golaýlaşanyňy gaýdyp görmäýin!
Dür däneleri dynman düzüldi durdy. Ýagyşyň ýokardan ýagyşy ýaşlary ýapdy. Bahara beýdimäň! Degmäň dünýäme, degmäň, diýip dillenmedim. Bahar bärik bakdy. Sandyrady, soň sowukgan sesli,
- Bor, bagyşlarsyňyz!
Gamgyn garady-da göni gitdi...
Ejem elewiräp,
- Bahardan başgasy bolmaýamy. Oglum olar olam-a. Bil, Bahar bize bolmaz. Aklyňdan azaşma, aýlakdan al. Tirämizden tap.  Atalarymyzyň adatyndan aýrylma...
Bahar bolsa-da bagtly bolsam bolýar-a. Dünýäm duzsuz-a dünýämsiz diýmedim. Dijekdim...  Ýöne, ýöne...
Diýsem dünýäm düňderijek deý dergazapdy.
Göwün galam guma garyldy, gorky gaplady...
Bahar bolsa başga biriniň bagty boldy...
Ýatlamalarymy ýatladan ýagyş ýene-de, ýaramy ýaňadandan ýaralap, ýalňyşymy ýatladyp, ýüregime ýapylan ýapynjany ýyrtyp, ýadaman ýagýardy...

Ahmet ARAZOW.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 89 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 16
0
16 atayewabagul632   [Mowzuga geç]
Marlary mahmaldanam mymykdy " Genious!

0
15 atayewabagul632   [Mowzuga geç]
Şu eseriñ kemi barmy? Gül ýaly hekaýa, nämesi bolanokmyş? D biggrin sen üýtgeşik, yo sen super! Bular ýaly ýazýana-a walla men-a gabat gelemok" diyyardiler biggrin

0
14 Mahymm   [Mowzuga geç]
Hawa. Gaty bir ýañsylamandyram. Ýöne umuman alanda tankyt kemsidiji, ýañsylaýjy däl-de, sypaýy we öwrediji bolmaly.

0
13 atayewabagul632   [Mowzuga geç]
Gülüp hezil etdim. Sag bol awtor

0
12 atayewabagul632   [Mowzuga geç]
Saña seregem sol biggrin

0
9 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Hemmetaraplayn.

0
8 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Bu taktika gowy dal. Owretjek bolsañ ilki ozuñ owrenmeli.

0
7 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Bellikler umuman dogry. Emma @mango muny edepsizlik bilen aydyar, yañsylayar..

0
11 guljancharyberdiyewa   [Mowzuga geç]
Yañsylanan zat yok göni aydypdyr-la

0
6 Eýmenji   [Mowzuga geç]
*pikirlerini

0
5 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Awtory yada onuñ pikitlerini ýañsylamanam aytjqk zadyñy aytsa bolyandyr-la

0
4 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Ýöne tankyt awtoryñ eseriniñ kemçiligini açyp gorkezmeli. Awtoryñ yetmezini yetirmeli, oña gollanma bolmaly.

0
3 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Özem "balyga suw yaly gerek".

0
2 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Tankyt gerek zat.

0
1 mango   [Mowzuga geç]
her hözi heňzeş harp hilen haşladyp hekaýa hetjek holup horlananyňa (heýranyň hekgermese-de) herekella haýdaýyn, хотя, hösenip-horlananyňa-da hegenok.

gadymky patyşalaryň biri bolsam bu "fokusuňa" bir gapjyk altyn bererdim.
yzyndanam bu manysyz pişäň üçin bir-iküç gamçy bilen ýagyrnyňy "massaž" etdirerdim. :-)

0
10 atayewabagul632   [Mowzuga geç]

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: