12:57
Nädemde näme?
NÄDEMDE NÄME?

"Gijä galan goşgular" zynjyryndan

“Adyňy tutmaryn” diýen däldirin,
Ýazyk barmy seniň adyňda näme?
Men seni oýundan söýen däldirin,
Dälmi boýdan-başa ýadyňda näme?

Men aşykdym, bolupdy meň boljagym,
Duşuşyga söz beripdiň sen şo gün.
Diýdiň:”Çykdym, bilen ýaly geljegiň!”
Göwün-garyn barmy adamda näme?

Sorag berdiň: “Meniň nämämi söýdüň?”
Bu soraga jogap barmydyr eýsem?
“Ogşadyň-a.” diýdiň, “Ogşaýyn.” diýsem,
Doýulmaýan zatdan dadaňda näme?

Diýdim: “Ikimiz dek görüşip gowy,
Aýrylyşsaň, içde dag goýar söýgi.”
“Bolmanam dag goýar!” diýipdiň, eý, gyz,
Soň aňsat aýrylsaň, aýdaňda näme?

“Pylandyryn” diýip, aýdypdyň tiräň.
(Kim ony yzarlan, kim ony soran?)
Ah, sen meniň entek oglantak joram,
Tire bormy söýen adamda näme?

Zyňdym söýgüň aşagyna aýagyň,
Aklyňa aýlanyp, ony aýagyn.
Men ýene bararyn süýräp süýegim,
“Indi gelmen” diýip, gaýdamda näme?

Unudarmy yşgy ýürekde beslän?
Bir gün göwnüň meni ýene-de islär.
Men söýgimden dänip bilmerin asla,
Sen dänmek mümkindir öýdeňde näme?

Şeýdip bejererin “ýürek ýaramy”
Goý, gaçsynlar göreninden garamy,
Diýsinler: arakhor, bandit, haramy,
Sen bolmajak bolsaň, nädemde näme?

Italmaz AKMYRADOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 103 | Добавил: Selbii | Теги: Italmaz Akmyradow | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 5
-1
4 atayewabagul632   [Mowzuga geç]
Sau sau, govu laý şeýdip söýseler

0
5 Kitapcy   [Mowzuga geç]
Goşgyñ ady "gowy gören goşgym"-myka? Redaktirlemek üçin soraýaryn.

0
3 Mahymm   [Mowzuga geç]
Gowy goşgy

0
2 Selbii   [Mowzuga geç]
Tege nirede bolya wacko

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Tegde Italmaz Akmyradow diyip yazmaly ))

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: