14:27
Türkmen gyzy / taryhy powest
TÜRKMEN GYZY

■ Birinji bap

531-nji ýylyň iýul aýydy. Bu gün Eýranyň şalar şasy Kubad şanyň ýüzi salyk. Ol äpet köşgüň basgançaklarynyň her birinden zordan diýen ýaly aýagyny alyp, öz maýdalyna öz tagtyna bakan çykyp barýar.
Geçelgäniň iki gapdalynda tagsym edip, tüňke düşüp ýatan hyzmatkärlere nazar aýlanok. Olar erkekmi, aýalmy, gulmy, gyrnakmy saýgaranok.
Tebipler onuň ýüreginiň süýnendigini aýdýarlar. Ony başyny aşak, aýagyny ýokary galdyryp, ýüregine gartgy-em etdiler. Çöpboýany, zägi ýumurtganyň sarysyny gaty çörege ýatyryp, aşgazanyň ýokary ýanyndan dartyp daňdylar. Ol dartgy hem mazaly gatap, azar berýärdi. Azar berse-de ýene iki günläp ony açmaly däldi. Özem ýatmalydy. Emma, hany, nädip ýatarsyň.
– Wah, ýürek süýnenok. Ýüregiň bagy üzüldi. Ýeke şazada Hyrow gitdi. Ýalňyz bala, ýurt eýesi gitdi. Yzym weýran boldy. Köşgüm baýguşhana boldy.
Eýrany, turany, çyny, hindistany, rumy, Ispihany sarsdyran beýik hökümdaryň bolup barşy gözlere ýaş inderýärdi. Tutuş köşk gözi gözi girýan bolup ýatyp-turýardy.
– Münnejimleri çagyryň.
Patyşa tagtyna mündi. Münnejim wagty bilen gelmedi.
– Näme, gyryldylarmy? Çaltyrak gelsin. Münejimleriň serweri porruh beg işikden emedekläp girdi-de, ep-esli ýere gelip toňka düşüp ýatdy. Soň ýene emedekläp gelip, şanyň mermere galtaşyp ýatan ýerli donunyň ujuny öpdi. Soňra dikeldi-de eglip, baş egip durdy.
– Hany, näme habar bar. – Köşgüň bir ýerlerinden aýallaryň aglaşýan sesi eşidildi. Ol ses patyşanyň ýüregine-de sarsgyn saldy.
– Eý, hoý, eý hoý. – Ol ýene eli kitaply kişä göz ümledi. – Näme habar bar. – Şem ýakyň. Uly şem ýakyň, ony ilki patyşanyň öňünde goýdular. Porru beg şeme üç gaýta tagzym etdi.
Soňra äpet kitabyna tagzym etdi-de ony açdy. Açan ýerinden okap başlady.
– Üzümi çöp bilen iýmäň. Gatan çörek ýaňy bişenden ýagşydyr. Çöpboýany...
Patyşa gürzüsini ýere urdy.
– Sen näme okaýarsyň, haýwan...
Porruh begiň gözleri peträp ýere gaçaýjak boldy. Häzir ol hiç zady parhlandyrmaýan pähimi bilen kitaby gaýta-gaýta açyp ýapdy.
– Dur. – Patyşa gazap atyna atlanyp başlady. – Düýn nirde durduň.
Porruh beg oturan ýerini görkezdi.
– Ýok, kitapda.
Ol dçýnki açan sahypasyny açdy.
– Ana, indi, oýlan-da okyber.
Porruh beg jynssyz gygyrdy.
– Degme, degme şoňa. Bela şondan geler, degme.
Ol titredi. Agzyndan ak köpük seçdi-de ýykyldy. Hyzmatkärler gülap suwuny getirip sepdiler. Şerap içipdiler.
Porruh beg kem-kemden özüne geldi.
– Tapdym, beýik perwerdigär. Ýanyna-da baryp gaýtdym. Ýöne.
– Sözle.
– Ýok. Ine başym, kes, beýik perwerdigär, aýdyp biljek däl. Ýöne şazada diri, özem gaýdyp gelýär, aýdyp biljek däl, ine başym. Patyşa işige gygyrdy.
– Pejaplary çagyryň.
Pejaplar hasanaklaşyp geldiler.
– Äkidip başyny kesiň-de, aç itiň öňüne taşlaň.
– Diriliginemi, ýa-da.
– Ilki başyny kesiň.
Pejaplar Porruh begi süýräp ugradylar. Onuň elindäki kitaby bolsa depip, honda pyzladyp göýberdiler.
Patyşanyň sesi bu sapar gowşak çykdy.
– Saklanyň. – Ol bir halta altyn puly oňa oklap göýberdi. – Me, bu-da ýagşy habaryň üçin. Baryň, güm ediň.
Porruh begiň ullakan sellesi çözülip, ujy gara, daş kädi ýaly ýüzüni ýapyp durdy. Şonuň üçin pully haltajygy sermenip, zordan tapdy-da, aýdaýyn. Baryny açaýyn. Gulluk, şahym.
– Goýberiň. Aýt.
Porruh beg, oturan ýerinden ýüzüni patyşa tarap edip gygyrdy.
– Bular gitsin.
– Patyşa olara «çykyň» diýip göz ümledi. Işigi ýapdylar.
– Aýt. Ýöne, dogryňy we hemmesini aýt. Ahmal bolma...
Porruh «bolýar» diýen manyda baş atdy .
– Beýik perwerdigär Şirwan şa, ogluňyz ýaş şazada diri. Ony özümem görüp gaýtdym. Ugry bäri. Ýnynda Riş bar.ýöne size ýalandyr, maňa çyn. Ol bir belanyň üstünden gelmeli. Ol türkmen gyzy. Şoňa el degirse, seniň bagtyň ýatýar. Döwletiň weýran bolýar. Ýurduňa agyr bela inýär. Şol bela adamzat dursa, sen masgara bolar ýaly, biabraý bolar ýaly edýär.
– Ol näme bela.
– Görnenok. Özi pt belasy. Ol şol gyza garaşyp dur. Seniň ogluň şoňa elini degirdigi, şol bela hem oýanýar.
– Oglum ölýärmi?
– Ýok, ogluň ölmeýär.
– Men ölýänmi?
– Ýok, senem ölmeýäň.
– Onda näme?
– Äleme taý boljak beýik masgaraçylyk boljak. Başyňa ot belasy injek. Galanyny wagta garaşmaly.
Patyşa oýa batdy.
– Bar, gidiber. Dur. – Ol pully haltany eliniň tersi bilen Porruh begiň öňüne oklady. Soň pejaplary çagyrdy. – Ýaman habary üçin kyrk gamçy uruň.
Porruh begiň tas gözi hanasyndan çykypdy. Ýöne sesini çykarmady. Patyşa münejimiň dogrusyny aýdanyna ynandy-da, agyr oýa batdy.
– Özüm ölmeýän bolsam, ogluma hiç döw çalmaýan bolsa, ýurdum nädip weýran olsun. Men öňa ýol berjekmi? Başym dikkä dünýä doljak masgaraçylyga-da ýol bermerin...
Şazada atyny çapdyra-çapdyra belent baýra çykdy. Onuň janpenasy Iriş hem ondan galanokdy.
Baýryň üstünde ýumşajyk salkyn şemal şazadanyň dik, burunlakdan owadan ýüzüni derlän didaryny ýelpese-de, bir gysym gor guýlan ýaly, lowlap duran teşne ýüregini ýelpäp bilmedi. Şazada jaýryk-jaýryk bolup ganjaryp duran dodaklaryny uly derýa bassa-da, derýanyň ähli suwuny içinden geçirse-de, şol közi öçürip bilmejek ýalydy. Emma töwerekde ne oba, ne suwuň nyşany bardy. Şonuň üçin ýaş ýigdiň heniz ýagşy bekemedik beýnisini, ýüpek seçek ýaly ýukajykdan näzik duýgularyny howsala basdy. Onuň gözlerine biçäreligiň, teşnelikden ýaňa ejizlemegiň hem-de sabyrsyzlygyň emri – ýukajyk gözýaş indi. Ol erbet sögündi.
– Wah, suw, ölýän, Iriş.
Iriş möjegiňki ýaly ýowuz, oguzlaryňky ýaly gaýduwsyz gara ýüzüni dözümli tutdy.
– Gideli, şaada. Belki, bize-de ýalkaw bardyr.
– Näme, suw bar?
Şazada özüni ýitire kirläpdi. Indi üç-dört gün bäri türkmenleriň ýol-ýodasyz çölünde entäp ýörüşlerine, dodaklaryna ýeke damja suw degmändi. Şazadany gorkuzyp, äňkini alan zat, ýolda gören adam süňkleridi. Çäge syrap ýarysy açylan ap-ak gapyrga süňkleri. «Bu çölde siziňem boljagyňyz şudur» diýip buşlaýan ýalydy. Şol süňkler şazadanyň indi ýagşy dumanlap ugran gözleriniň öňünden hiç aýrylmaýardy.
Başga bir owaz bolsa: «boljagyň şudur, şazada diýip gygyryp durdy.
Barysy şazadanyň özünden boldy. Kyrk alty bolup şikäre çykyldy. Iýildi-içildi. Emma şazada hiç kime aýtman atlandy. Ony Iriş hem duýmandyr. Ýöne daňdan onuň ýokdugyny bilip, atyny eýerledi.
Iriş bilýärdi. Şazadanyň çep gözi şikestlidi. Şonuň üçin sag gözüniň ulgamyna, saga tarap gitmelidi. Ol çepine gitmegi halamaýardy.
Iriş ony üçünji gün türkmen sährasyndan tapdy. Soň ikisi-de ýagşy azaşdy. Şazada ýagşy gurpdan gaçan eken. Emma sesini çykarmaýardy. Dili çişipdi. Emma ondan bäri üçünji gün ahyryn.
Atlar baýyrdan aşak inip başladylar. Ýöne olaryň hem gymyldasy gelenokdy. Olar atlaryny mytdyldadyp, ýene ýarym menzil sürdüler.
Şazada atyny saklady. Soň Irişe seretdi-de elini gapdala uzatdy. Iriş hem ýazylyp ýatan garany saýgardy. Atynyň başyny silkdi. Emma şazada «men özüm» diýen manyda yşarat etdi.
Olar atlaryny sürüp, gara zadyň ýanyna bardylar. Ol adamdy. Şazada atyndan syrylyp düşdi. Onuň bar gaýgysy suwdy. Bu ýerlerde ýeke gezýän bolsa bu adamyň suwy bolmaly. Şu golaýda oba-da, guýy-da bolmaly.
Şazadanyň oýy dogry çykdy. Bu ýatanyň arkasynda sanaç bardy. Şazada sanaja topuldy. Sanaçda suw bardy. Ol titreýän barmaklary bilen sanajyň bagyny çözjek boldy. Emma uzyn, ak owadan barmaklar oňa ötmedi. Iriş elini uzatdy. Emma şazada suwly sanajy özüne dartdy-da, gursagyna basdy. Irişe diňe onuň bagyny ellemäge ejaza berdi.
Iriş sanajyň bagyny çözdi. Şazada agzyna sygmaýan diliniň üstüne sanajy tutdy.
Suw ölüp ýatan adamyň üstüne edil bir almaz bölejikleri ýaly bolup seçelenip gitdi. Iriş şol dänejikleriň aşagyna elini tutdy. Onuň owuçlaryna şol dänejikleriň on-on bäşisi düşdi. Emma Irişi ony «şuzada islese» diýen manyda dodagyna ýetirmedi. Ýöne tamakinçilik bilen tamşandy.
Şazada gark boldy. Uzak üsgürindi. Soň sanajy Irişe uzatdy. Iriş aýasyndaky suw bilen şazadanyň ýüzüni ýuwdy. Aýasynda galan yzgary ýara bolup giden dodaklaryna çaldy. Soň sanajy aldy-da üç owurt içdi.
Suw gaýnap gidipdir. Deriniň ysy çykypdyr. Ýöne, ondan gowyny nireden tapjak. Şazada ýatan adamy beýlesine öwürdi-de tisgindi. Soň onuň saçyny ýüzünden syrdy.
– Seret. – Şazadanyň sesi gyryk çykdy.
– Gyz!
Iriş haýra galma bilen şazadanyň ýüzüne seretdi. Şazada gyzyň dodaklaryny, gözüni sypalaşdyrdy. Iriş bolsa gap-gara, gaty barmaklary bilen gyzyň aýagyny, elini howlukman barlady.
– Aýagy iki ýerinden döwlüpdir. Meger atdan ýykylypdyr.
Bu ýagdaý hakykatdan hem şoňa meňzeýärdi. Gyzyň oky, ýaýy pytrap ýatyrdy. Aňyrrakda, gorpuň içinde bir keýik gana bulaşyp, titräp ýatyrdy.
Şazada gyzy atyň kölegesine süýräp getirdi. Iriş onuň agzyna suw damdyrdy. Emma, jany bolsa-da gyz özüne gelenokdy.
Iriş atyň kölegesine şazada üçin düşek ýazdy. Soňam ýaraly keýigi gorpdan çykardy-da, göz açyp-ýumasy salymda soýdy.
Töwerekde üýşüp ýatan köwreýik, sözen töňňelerinden ýygnap ot ýakdy-da, öz horjunundan tüňçe, duz, çörek çykardy. Kiçijik paltajygy bilen keýik gapyrgalaryny çapyşdyryp, çişe düzdi. Soň duzlady-da közüň düşerine garaşdy. Sanaçdaky suwy tüňçä guýup, oda goýdy.
Şazada ikindä golaý çöl içinde alakjap ýören şemala tebil tapyp, gulaklaryny gezek-gezegine gyrpyldadyp, sarsman duran atynyň kölegesinde, haly düşekçäniň üstündeýüpek ýassyga sag goluny diräp otyrdy. Gyzyň başy onuň dyzynyň ýanyndady. Aýak tarapy gün çoguna gazarylyp durdy.
Şazada gyzyň gün ýakmadyk ýeriniň ap-akjadygyna haýran galdy. Emma ýüzi güne gowurlandy. Şonda-da örän owadandy. Gap-gara saçy ýeke örülip, arkasyna atylypdyr. Emma zülpleri ýüzüne düşüp, ony näzik görkezýärdi. Ýerde gulaçlanyp ýatan saçy ýogyndy. Ujuna ýüpek gotaz baglanandy.
Şazada gyzy halady. Onuň zülplerini uzyn, ak barmaklary bilen sypady-da, bir gapdala sowdy.
Gyz hiç zat bilmän ýatyrdy. Ýöne demi çala gelip gidýärdi. Şazada gyzyň ýüzüni, kirpikmen gabaklaryny gaýta-gaýta sypalady. Soň goltugynyň astyndakyýüpek küpjegi alyp, gyzyň başyna goýdy.
Oda daglanýan etiň ysy sährany gaplady. Iriş oduň üstünde ojak ýasap, gazanyny asyp, onda et gowurýardy. Kebaby bolsa indi ýetip barýardy.
Ol şazadanyň öňüne ýüpek ýalyk ýazdy-da, altyn jam, altyn bulgur, pyçak goýdy. Şeraply küýzäni getirdi. Soň çişe düzülen kebaby mejimäniň üstüne atyşdyrdy.
– Alyň, naharlanyň.
Şazadanyň gözi, nämüçindir, ýaňy çigräp ugran tüňçä dikildi. Ýöne ol indi birneme köşeşipdi. Şonda-da gözleri heniz ýerine gelmändi. Ýüzi gara gowurdak ýalydy.
Iriş gelip, şazadanyň tylla bulguryna şerap guýdy.
Şazada ýüzüni çytdy-da, şeraby demine çekdi. Soň gözlerini ýumup, ýüzüni yzgytdy. Awuşaýan dodaklaryna aýasyny ýetirdi.
Soň howlukman, işdämenlik bilen ter gapyrgalaryň ýumşagyny saýlap garbanmaga başlady.
– Ine, saka täleý diýlen zat. Mundan sähel mahal nähili ýagdaýdadyk, häzir nähili.
Şerep şazadanyň ruhuny göteripdi, göwnüni giňeldipdi. Ol keýik şarasyna gyzykdy.
Iriş ýene-de bir bulgur şerep guýdy.
– Şazada Iriş ýerinden turup, oda ýönelen badyna, badany başyna çekdi. Indi onuň paýhasy birneme durlanypdy.
– Şirwan şa bizi alada edýändir – diýip elini ýüpek ýaglyga süpürip durşuna aýtdy. – Soň ojagyň başynda aýlanyp ýören janpenasyna ýüzlendi.
– Al, senem garban. Ýöne şerap içme.
Iriş tüňçä bir gysym gül ýapragyny atdy-da, saçagyň ýanyna alyp geldi. Soň boýnusunujylyk bilen garbanmaga oturdy.
Iriş çalt garbandy. Gazandaky et bişipdi. Ony hem saçagyň golaýyna getirdi.
– Gowurmadan hem iýiň, eziz şazada.
Iriş gowurmadan birki sany etlek süňki alyp şazadanyň tabagyna goýdy. Şazada şol süňkleriň sowaryna garaşyp durşuna, janpenasyna sowal berdi.
– Indi näme ederis.
Iriş şazadanyň garbanyp bolaryna garaşyp oturşyna, başyny ýaýkady.
– Bilmedim. Siz näme diýseňiz şol bolar.
Şazada onuň ýadaw, başly gözlerine garady.
– Özüň näme pikir edýäň?
Iriş ýüzüne dökülip duran gara saçlaryna, eliniň tersini çalyp goýberdi.
– Men, beýik perwerdigär, ýyldyzlary synlamasam bir zat diýip biljek däl-de. Ýyldyz dogsa, ugur alsak, oňa çenli çölem sowar.
Şazada onuň bilen razylaşýan görnüşde başyny atdy.
– Bu gyzy näme edersiňiz?
Şazadanyň ýaryk-ýaryk dodagynyň çalaja çyzylyp gitdi.
– Ölmese, köşge alyp gideris. Ölse, jaýlarys. Ýöne, sen onuň ýaralaryny ýuw, melhem et.
Iriş güne garady. Gün gum alaňlarynyň üstünden tigirlenip barýardy. Ol gyzyň aýagyny ýene-de barlady.
Gyzyň aýagynda ýüpek janbagy bardy. Irişiň barmaklary jalbaryň üstünde typyp gitdi. Ol keýigiň derisini tirşe-tirşe kesişdirdi-de, bellik eden ýerlerinden çekip daňdy. Gyzyň ýüzündäki, elindäki, aýagyndaky ýaralary şerep bilen ýuwdy.
– Küýzäni al bäri.
Iriş küýzäni uzatmady-da, ýerinden turup, edep bilen getirip şazadanyň gyzynyň ýanynda goýdy.
Şazada küýzäniň dakysynyaçdy-da gyzyň dodaklaryny şerap bilen ýuwdy. Soň onuň dişlerini açmak isledi. Emma açyp bilmedi. Ýüpek ýaglygyň üstünde ýatan pyçak bilen gyzyň dişleriniň arasyny açdy. Soň irişe garady.
– Dilini ýuwdupdyr.
Iriş iki barmagyny sokdy-da, gyzyň dilini çekip çykardy. Soň şazada garap, başyny gynanç bilen ýaýkady.
– Me, howlukma-da şerap damdyryber.
Iriş şazadanyň elini süpüren ýaglygyny aldy-da, şeraply bulgura batyrdy. Soň ondan gyzyň agzyna şerap sykyp başlady. Gyz yňranan ýaly boldy.

■ Ikinji bap

Şirwan şa henizem özüne gelip bilenokdy. Şazadadan habar ýokdy. Şonuň üçin weziri Mazdagy geňeşe çagyrypdy.
Mazdak ak, ýagly ýüzüni, owadan durkuny güjeňleýänýaly, başyndaky mahmal telpegini eline alyp patyşanyň nazary düşäýjek ýerde otyrdy.
– Oguk gitdi. Indi men näme etmeli, adamlar. Hany, akyl beriň. Meniň beýnim doňdy. – Ol bir ýerlerden gelýän aýal agysyna gulak gerdi.
– Men indi dälireýän. Şu aýallaryň sesem halys aňkamy aşyrdy. Men näme edeýin.
Baş wezir agyr oýundan aýňalan ýaly ukusyzýüzüni iki eli bilen sypalady.
– Sabyr etmek gerek. Wagt dermandyr. Onuň hem bir sözi bardyr.
– Ol nähili söz.
– Ol – hakykatdyr.
– Kimiň nähili pikiri bar, başga. Goşunbaşy ornundan tury.
– Eý, garyplaryň howandary, ezilenleriň hossary, şalaryň şasy, biziň ähli pikirimiz siziň paýhasyňyza jemlenendir. Siz näme aýtsaňyz, biziň üçin kanundyr.
– Elbet-de! Aýdyber.
– Eger müň-müňden goşun bolup, Sähraýy-çölüstana göndersek, özüm şolara baş bolsam.
– Başga...
Ikinji wezir ornundan turdy.
– Eý, ezizimiz. Siziň öňki aýdýanlaryňyz hem, häzir aýdýanlaryňyz hem, indiki aýtjaklaryňyz hem dogrudyr. Siz ýeriň gögüň çyragysyňyz. Sizden beýik bir ot bardyr. Ody unutmalyň. Şoňa tagzym edeliň.
– Hezreti Mazdak begiň teklibini kim nähili gördi.
– Dogrudyr.
– Hakdyr.
Adamlar hiç bir pikiri otdan belent goýup bilmediler.
– Onda şazada üçin tutuş ýurt oda tagzym etsin.
– Tagzym edeliň!
– Tagzym edeliň.
Hezreti Mazdak ornundan turdy.
– Eý, beýik perwerdigär. Oda haçan tagzym edilse oňat bolar.
– Şumara güni oňat bolar, beýik perwerdigär.
– Şumara gün haçan bolar-diýip, Şirwan şa başyny tutup sorady. – Meniň başymy şazada çaşyrdy. Men indi däliremesem ýagşydyr.
Ol başyny ýaýkap, ýuwaşjadan sözledi.
– Şumara, ýene üç günden bolar. Şoňa çenli şäheriň ähli ýerinde odun üýşüriň.
Şumara dagynda belent ot ýakyň. Oňa wezir-wekiller, geňeşdarlar, aýal-gyzlar gatnaşsyn...
Hezreti Mazdak owadan ala gözlerini pikirlilik bilen daşyna aýlady.
Patyşa Hezreti Mazdakdan özgeleriň ählisini ugratdy. Hezreti Mazdak bilen gijäniň bir çenine çenli edilmeli işleri geňeşip oturdy.
Iriş ýyldyzlary birlaý synlady-da Şirwan welaýatynyň baş şäherine barýan ýoly anyklady. Soňra gelip, şazadany yralady.
– Ezizimiz, şazada! Turmaga wagt boldy.
Şazada süýji ukuda ýatyrdy. Gum gijesiniň çigregi ony düýrükdiripdi. Ol elini uzadyp, özüni bilmän ýatyrdy. Onuň sag eli gyzyň eliniň üstündedi.
Irişiň çakyna görä, gyz indi özüne gelmelidi. Ýöne şazadany çaltyrak oýatmak gerekdi.
– Beýik şazada! Oýanyň.
Çöl gurtlary gaty golaý gelipdiler. Olar aşakda jereniň galyndylarynyň üstünde oňuşman, gagyr-gugur edýärdiler. Käte ýap-ýakynjakda goşa köz ýyçpykdan eýläk-beýläk geçýärdi.
Şonuň üçin atlar bitakatdy.
Iriş üçünji sapar şazadany dözümli yralady.
– Eziz şazada, turalyň. Ugramaly wagt boldy. Şazada tisginip oýandy. Soň howlukmaç ýerinden turdy.
– Ugralyň.
Iriş bu söze garaşyp duransoň, ur-tut düşegi-ýassygy dolap horjunyna saldy-da, ony atynyň yzyna bokderdi.
– Bu gyzy näderis.
Şazada atyna mündi-de, ellerini gerdi.
– Maňa ber.
Iriş gyzy elek ýaly göterdi-de, atyň üstünde oturan şazada uzatdy. Şazada dözümli tutup, öňüne aldy-da, dyzlarynyň üstünde ýatyrdy.
Haýran galmaly zat, gyz ýeňiljekdi. Onuň saçy atyň boýnundan sallanyp durdy. Şazada gyzyň saçyny çekdi-de, gyz bilen aralyga dykdy. Soňra uýany alyp, iki aýagy bilen atyň böwrüne depdi.
At eýesiniň şeýtjegini bilip duran dek, böwrüne depilmezden öň Irişiň atyna düşdi.
Iriş öňden atyny idip barýardy. Çöl häzir beýle bir howply däldi. Ol salkynlyga çümüp, asman ýyldyzlaryna göz dikip, çäşerilip ýatan adama meňzeýärdi.
Iriş jynssyz gygyrdy-da, gamçysyny gaýta-gaýta ädigine çaldy. Onuň sesi diňe bir atlary däl, şazadany hem tisgindirdi.
Gurt ordasy has golaý gelipdi. Sähel bolsa, olar atlaryň aýagyndan agyz saljakdy. Irişiň atynyň eýerinden hälki keýgiň butlary, goly asylgydy. Orda şoňa ymsynýan bolsa-da, belli däldi. Irişiň sesi çägä siňýärdi. Kän bir uzaga gidenokdy. Ýöne gurt ordasy bu gazaply sesiň özlerine hezil bermejegini aňdylar. Yzdan ordanyň uwwuldysy eşidildi.
Iriş «eger orda gaýtada çozsa, köýnegimi ýakyp, olary serpikdirerin» diýip oýlandy. Şonuň çakmak daşyny gözläp tapdy-da, jalbarynyň jübüsine saldy.
Orda şazadany eýmendirdi. Onuň hasaby boýunça orda-da azyndan ýigrimä golaý gyzylja gurt bardy. Özlerem awuny sypdyrjak bela meňzemeýärdi.
Orda ýene-de eňip başlady. Gyzylja gurtlar dişlerini şakgyldadyşyp, atlaryň gapdaly bilen gelýändigini, giden garaňky eýýamda pytrap ýatan goşa közlerden bilip bolýardy.
– Ah, ah!
Şazada aljyrady.
– Däde! Men nirede? Ýaýlym, senmi? Kim? – Şazada gyzyň sözlerine düşünmedi.
Ol eline ot alyp, gelegurt sürüsini kowalap ýören Irişe seretdi. Iriş elindäki otly haltany başynyň üstünden aýlaýardy. Emma gele gurt sürüsi çyňsaşyp, syrtyny ýere dikişip gaçaýyn hem diýenokdy.
– Iriş!
Şazadanyň güňlenç sesi gelegurtlaryň üstüşyry atylyp gitdi. – Iriş, gel munda.
Iriş sesi eşiden badyna ylgap gaýtdy.
– Lepbeý!
– Bu gyz özüne gelýär. – Ol gyzyň başyny galdyrýar.
Emma at ynjalykdan düşüpdi. Ol özüni sakladanokdy. Gurt sürüsi onuň daşyndanpelesaň kakýardy. Irişiň atynyň ýüki ýeňil bolansoň, arkaýyn depip kakýardy. Emma Iriş atyna garanokdy.
– Lepbeý, hökümdarym!
– Ol sözleýär. Emma näme diýýäni belli däl.
Gyz başyny galdyrdy.
– Men nirede? Däde? Ýaý-lym!
Hiç kimden ses çykmady. Diňe gelegurt sürüsiniň ala wagyrdy bolup Rişiň atynyň töweregini gabsalaýany eşidilýärdi.
– Näme diýýär? Näme sözleýär, bu gyz?
– Ol oguzlaryň dilinde , ýagny türkmençe sözleýär, hökümdarym.
– Türkmençe. Sözleş.
Gyz hyklady.
– Men nirede? Siz kim? Meni nirä alyp barýarsyňyz. – Ol gorsandy. – Meni düşüriň.
Rişoň aty birdep güpürdäp ýykyldy. Soň agyr-agyr dyzandy. Emma Iriş şazadanyň sözüni mähetdel etmezlik üçin gözlerini onuň ýüzünden aýranokdy.
– Men nirede – diýýär. Düşmek isleýär.
Gelegurt sürüsi ýykylan atyň daşyna geçdiler. Häzir Irişiň başyndan näme oý-pikiriň geçýändigi belli däldi. Ýöne ol sarsanokdy.
– Gyzy düşür.
Iriş aty ýapynyň üstüne çekdi. Ol gelegurt sürüsiniň öz atyny düýt-müýt edýänini eşidip durdy. At yňranyp, indi niçeme ýyllap arkasynda göteren eýesini hyklap, yňranyp çagyrýardy.
Iriş namysdan ýaňa boguldy. Ony geçen günler aty göni gelen ajaldan alyp galdy. Emma ol atyny göni gelen ajala berdi. Ol atynyň öňünde namart bolup galanyna bir ölüp bilenokdy. Namys gözýaşlary onuň gözlerinden pürkülip gitdi. Emma sesini çykarmady.
Ol gyzy emaý bilen ýerde ýatyrdy.
– Sora, «kim sen?».
– Kim sen, gözel gyz. – Irişiň sesi agyly çykdy.
– Men Bibi!
– Onuň ady Bibi eken.
Şazada ýene-de sowal berdi.
– Kimiň gyzy ol. Haýsy taýpadan.
– Men türkmen.
– Ol «men türkmen» diýýär.
– Kimiň gyzy?
– Men Garagaçdan, Garagaç obasyndan. Kul çopanyň gyzy.
Iriş doňup durşuna ol sözleri pars diline geçirdi. Şazada gözedürtme garaňkylykda aşakda gelegurt ordasynyň Irişiň atyny haraplap durany görüp, tisgindi. Ýöne ol hem sesini çykarmady. Sebäbi onuň bar pikiri gyzdady.
– Sora, oňa näme bolupdyr?
Iriş sorady. Emma gyz jogap bermän, olaryň özüne sowal berdi.
– Özüňiz kim bolarsyňyz?
Iriş gyzyň sowalyny şazada ýetirdi.
– Aýt, özüni halas edeniň kimdigini.
Iriş ýuwaşja sözledi.
– Siz yssy jöwzada ölüp ýatyrdyňyz. Sizi beýik şazada, älem şalarynyň şasy Şirwan patyşanyň ogly Mazaba halas etdi. Ýaralaryňyza däri-melhem etdi. Aýagyňyzyň döwüklerini seýikledi.
– Sora, oňa näme bolupdyr.
Bibi sesini çykarmady. Onuň gözýaşlaryny ýuwudýany bellidi.
– Siz meni nirä alyp barýarsyňyz, eziz gardaşym.
Iriş gyzyň sözüni şazada ýetirdi.
– Seni köşge äkitjek. Eger razy bolsaň, men seni özüme aýal edip aljak.
Gyz suwda gark bolup barýan ýaly, boguk ses bilen gygyrdy.
– Ýok, Meni taşlaň. Maňa degmäň.
Gelegurtsürüsi indi patyşanyň atyna tarap dyzaýardy. Gyzgyndan görüp, güýjüne gelen, garaw görmedik belalar gorkyny-ürkini bilmeýärdi.
Iriş gamçysyny pyrlap, zordan goranýardy.
– Iriş, ýetiş. Bir alaç et.
Iriş şazadanyň elinden tutdy-da, ot ýaly boup atyň eýerini, uýanyny syrypdy. Soň uýan bilen sagrysyna ýelmedi.
Uýansyz, eýersiz at çarpaýa galdy-da, ýel ýaly bolup, baýyrdan aşaga uçup gitdi.
– Olara biz däl-de, şu at gerek bolara çemeli.
Şazadanyň sözüni ýyldyzlardan ýüzüne kem-kemden ýagty düşýän Iriş baş atyp makullady.
Gurt sürüsi atyň yzyndan eňip gitdi. Birki ýarymy henizem Irişiň atynyň galyndylaryna güýmenip ýördi.
– Gitmeli.
Şazada ýerde oturan gyzyň üstaşyry Irişe seredip aýtdy.
– Beýik hökümdarym. Men horjuny, eýer-uýany alaýyn.
– Gerek däl. Taşla. Sen gyzy arkaňa göter.
Iriş elindäki uýany, eýeri ýere taşlady-da, aşak oturdy.
– Siz meniň arkama münüň.
Gyz ýene-de ýalbaryp başlady.
– Jan, gardaşym, gyrnagyň bolaýyn. Meni taşlap git. Maňa şu sähradan başga hiç ýer gerek däl. – Ol aglady. – Dä-de, Ýaý-ly-ym. Ene! Ene jan. Jan, gardaşym, gyrnagyň bolaýyn. Ölinçäm aýagyňy öpeýin. Meni taşlap git.
Iriş şazadanyň yzy bilen Bibini arkasyna göterip barýardy. Gyz ýeňildi. Ýöne onuň diýýän sözleri, ýüreginiň derdi agyrdy. Şony eşidenden, şazadany hem üstüne götereni gowudy.
– Näme diýýär?
Şazada yzyna öwrlip sorady.
– Meni taşlap gidiň diýýär. Maňa şu sähra bar zatdan eziz – diýýär.
Şazada ýagtylyp gelýän gündogara uly höwes bilen, uly umyt bilen garady.
Ol oýlanmaýardy. Misli şu sapary şow alyp, oljasy oňan ýalydy. Begenji bar ýaly bolup gyza seredýärdi.
Gyzyň owadandan özboluşly keşbini unudaýmaýyn diýýän ýaly, gaýta-gaýta yzyna garaýardy.
Daň atdy. Irişiň asmana bent bolan iň soňky çelgisi öçdi. Ýöne ol gitmeli ugry kesgitläpdi.
– Bar, şol baýra çyk. Heý bir oba-gara görünmeýärmi? Atymyz nätdikän?
Iriş gyzy düşürip, ýerde emaý bilen oturtdy-da, özi görkezilen baýra bakan ylgady. Onuň eginleri ýalaňaçdy. Çiginlek egnleriniň üstüne gara saçlary ýaýrap ýatyrdy.
Ol umytsyz dolanyp geldi-de, elini döşüne goýup, «hiç zat ýok» diýen manyda başyny ýaýkady.
Çöl häzir salkyndy. Ýöne onuň gyzjagy bellidi. Bu töwerekde bolsa, gum gonar ýaly öpem ýokdy.
Iriş gyzy arkasyna göterip, ýene-de şazadanyň yzyndan nytdyldap ugrady.
Şazada gyzyň gözlerini ýagşy synlapdy. Ol garaluw ýaly gözler dury suw boňňürdäp duran jadyly çeşme ýalydy. Ömür, dirilik, ýaşaýyş hem-de söýgi çogup durana meňzeýärdi.
– Söýgi! – diýip, şazada ýuwaşja sözledi.
– Ýa men söýdümmikäm. Ýa bu gyz beýle bir owadanam dälmikä?
Ol aljyraňňy halda yzyna garady. Gyz ýüzüni çytypdyr. Hünji ýaly ak dişleri bilen gyrmyzy dodagyny dişleýärdi.
Şazada Irişi saklady.
– Düşür!
Iriş gyzy emaý bilen ýerde goýdy. Gyzyň ýarasyndan gan akýardy. Ol towlandy-da aýagyny tutdy, soňra urpak gumy gazap bilen penjeledi.
– Şol hanjaryňy ber gardaşym. Men şu aýagymy kesip taşlaýyn-la.
Iriş gyzyň jalbaryny az-kem ýokary çekdi. Gan ýaradan akýardy. Emma döwükleriň üstünde saralan keýik derisiindi gatap başlapdyr. Deri gatap gidişine ýaraly süňkleri gysýandyr.
– Näme diýýär?
Iriş elini döşüne goýdy.
– Hanjaryňy ber, aýagymy kesip taşlaýyn – diýýär.
– Berme.
Iriş baş atdy. Gyz özüni dürsedi. Ýarasyna guluň çägesinden jogurdadyp guýdy. Şazadanyň gözleri patlap , şol gumuň üstüne düşere geldi.
– Näme edýär, ol – Şazada onuň elini saklajak boldy.
Gyz onuň elini silkip goýberdi.
– Baryň, gidiň. Meni taşlaň. Ýogsa, barymyz öleris. Bizi hudaý tutdy.
– Näme diýýär.
Iriş gyzyň sözlerini sözme-söz aýtdy.
– Ölsek, bile öleris. Galsak bile galarys. Biziň janymyz seniňkiden süýji däldir.
Iriş şazadanyň sözlerini türkmençä geçirdi.
Howa erbet gyzdy. Asyl, düýnkiniň, öňňünkiniň çeni däldi. Älem erbet titräp ýatyrdy.
Suw barada gürrüň bolup biljek däldi. Ýöne kelläňi sokar ýaly kölege-de ýokdy.
Iriş dik durdy. Yssydan ýaňa onuň kölegesem, kürsäp aýaklarynyň arasyna urýardy.
Şazada oturdy-da, tükge ýatyp, kellesini iki eli bilen basypdy. Iriş onuň üstüne eglip, it durşuny etdi. Emma şazada ony islemedi.
– Bar, gyzyň üstüne egil.
Iriş tä ikindä çenli Bibiniň üstüne saýa bolup durdy.
Bibi iňleýärdi. Ýöne oňa delalaty ýetjek adam ýokdy.
Gün ýaşan ara ýangyn gaýdyp başlady. Gün ýerine girensoň howa köşeşdi. Ýöne şazada köşeşenokdy. Onuň içine guýlan gor indi tutaşýardy.
Iriş şazadany göterip, elli-altmyş ädim öňe eltip, soň gelip Bibini arkasyna mündürip, has aňyrrak eltdi.
Şazada özüni bilmeýärdi. Ýöne käte «suw» diýip, çalaja iňleýärdi.
Iriş şazadanyň düýnki Bibini edişi ýaly, hanjary bilen onuň dişlerini gaňryp açdy-da, çişgin, gurap galyny damagyndan çekip çykardy-da, diliniň ýüzüni çäge bilen süpürdi.
Şazada agyp tamalandy.
Iriş şazadany emaý bilen Bibiniň ýanyna goýdy. Bibi dikeldi.
– Ölümi?
– Ýok, jany bar.
Bibi süýşenekläp geli-de, şazadanyň gursagyna gulagyny goýdy.
Bibi sesini çykarmady.
Iriş tä daňdana çenli şeýdip gitdi oturdy. Ol derläpdi. Emma şonda-da armany bilenokdy.
Bibi ýer diňläp ýatyşyna, böküp, dyzynyň üstüne galdy. Soň aýagynyň agyrysyna ýüzüni çytyp, hälki badyna gelişmeýänynjyly ses bilýän.
– It üýrýär – diýdi.
Şazadany göterjek bolup duran Irişiň elleri doňup galdy.
– Näme? Näme diýdiň?!
– It üýrýär!
Iriş ýene möjek ýaly dýrükdi-de, ähli duýgusyny gulaklaryna jemledi. Ol hem itiň sesini eşitdi. Ýöne şemal ol sesi uzaklara alyp gidýärdi. Olar häzir, iki baýryň ortasyndadylar.
Iriş şazadany gujagyna göterip baýryň depesine çykardy-da, Bibiniň ýanyna geldi. Ony arkasyna mündirip, depä ýarmaşyp başlady. Ol itiň sesini eşidip, sakga durdy.
– Itiň sesi!
Ol ýokary çykdy-da, Bibini düşürdi. Soň ýiti gözlerini töwerege aýlady.
– Gije ses uzakdan eşidilýär.
Ol başga zat diýmedi. Bir salym oturdy.
Şazada özüne gelenokdy.
– Sen, gardaş, gözlege git. Biz ertire galsak heläk bolarys. It çarwa bar ýerinde bolýandyr.
Iriş bikararlyk bilen şazada garady.
– Özüm serederin. Sen arkaýyn gidiber.
Ýigit bilindäki guşak ornuna guşalan ýüpi çözdi-de, onuň bilen Bibiniň iki elini gaňryp daňdy. Ýüpiň bir ujuny şazadanyň aýagyna baglady-da, yzyna garaman aşaklygyna ylgap gitdi.
Bibi oturyp bilýärdi. Ýöne aýagy, eli ýok ýalydy. Şazada iki sapar iňledi. Kakasyny çagyrdy. Gyz sesini çykarmady...
Gün dogup gelýärkä olar çopan öýünde otyrdylar.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 51 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: