13:27
Epitafiýa
EPITAFIÝA

Bu köňül köşgümde jadyly güýçden,
Bir täsin güljagaz açyldy gülüp,
Her dürli tikendir-çyrmaşyklara,
Garaman, gün saýyn barýardy ösüp,

Käte mähir  akdy ony ýakalap,
Käte-de asmandan çagbalar gaýtdy.
Ýagyşa ezilip Günsüz saraldy,
Şonda-da, mydama bir sözi aýtdy.

Emma, ykbal eken synag gutarmaz,
Şol gülüň üstüne atdylar daşy.
Näzejik ýapraklar, inçejik baldak,
Göterip bilmedi, galmady başy...

Şol daşa öçmejek bir sözlem ýazyp,
Oň daşyna uly çarbag aýladym.
Ine, şeýdip, ol eýjejik güli men,
Ahyr soňy ýüregime jaýladym.

Ahmet ARAZOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 47 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Mahymm   [Mowzuga geç]
Öñ bilemzokdyk täze şahyrmy?

0
1 Mahymm   [Mowzuga geç]
Gowy goşgy.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: