10:44
Uzaga hat
UZAGA HAT

Ýyllarmy, ýollarmy, aýralyklarmy,
Aýra edip taşlan, agladyp taşlan,
Ýa-da ýeňilmedik ýeňişlermika,
Ýaňy duşamyzda ýadyrgap başlan.

Bary ykbal bolup siňýär täleýe,
Takdyrlar sürüsin galňadyp gelýäs.
Ýene keç ykbala ýadyrgap aglan,
Bendäni özümiz diňdirjek bolýas.

Tenhalyk kalbyňa derman käteler,
Menem hyýalymda pyntyklar bilen,
Ýylgyrýaryn saňa suratkeş dostum,
Bulaklara goşularyn bir günem.

Akaryn, nazaryň egle birsellem,
Gülkülerim gaýnar ýazlaň başynda,
Hem sülmüräp, girip-çykýan gelniňi,
Maňa meňzedersiň, täsin ýaşynsa.

Howa dost, surat çek, meniň bu keşbim,
Bardyr, gapyňdaky ýalňyz agaçda.
Hem senden haýyş bar, başaryp bilseň,
Adam bolup barmadygmy bagyşla.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 41 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 3
0
3 Mahymm   [Mowzuga geç]
Intim yazyan şahyr eken.

0
2 Jeyhun   [Mowzuga geç]
Meniň bu keşbim, Bardyr, gapyňdaky ýalňyz agaçda ...

0
1 Selbii   [Mowzuga geç]
Adam bolup barmadygmy bagyşla şo setire düşünmedim wacko

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: