23:58
Başyna giden ''bagşylar''
BAŞYNA GIDEN ''BAGŞYLAR''

Gürrüň soňky ýyllarda belent dagyň göwsünden syzyp çykan dury çeşme ýaly aýdym atly bulagymyzy harlamaga çalyşýan ''bagşysumaklar'' hakda barýar. Bular barada öňem telim gezek ýazyldy. Ýöne, ynha, indi olaryň ýazgylarynam ýaýradyp ugradypdyrlar.
Şolaryň birine-de Arslan Ataýew, il arasynda aýdylyşyna göra, Arslan bagşy (Aşgabat şäherinden) diýýärler. Onuň aýdýan aýdymlary türkmen aýdymlarynyň ýele ýanyndanam baranok. Haýsy heňde aýdýanlygy onuň özi-de bilýän däl bolsa gerek. Gürrüň okyjylara has düşnükli bolary ýaly, bu bagşynyň ''repertuary'' bilen tanşalyň.
Ynha, gül ýaly gözellere şyltak atylyp, olaryň adyna tirkelýän her hili süwümsiz sözleriň başy gowuşmadyk toplumyndan alnan mysallar:
Biwepa gyz Enejan,
Ilki söýgini unudan sen Enejan.
Ýandym-la, ýandym-la
Pany dünýä senden!
(''Enejan'')
Ýa-da:
Wagtym dolup ýetsem, barsam ýanyňa,
Ýiti hanjar bilen galsam ganyňa,
Meni äkitseler zyndana jaýyna,
Maksatdan aýyryp, mar etdiň Gerek.

Dat indi Gerek atly gyzyň gününe! Ýiti hanjarly aşyksumagyň Gerege rehimi inmezmikä?
Ýok, asyl rehimi iner ýaly däl.
Aýdymy soňuna çenli diňläp oturar ýaly, takat gerek!
Agyr haýbat atmalardan soň, ýene-de söýgi gözýaşlary sil suwy ýaly, dagdan aşaklygyna gaýdýar.

Aşgabadym, bu gün bişdim, ulaldym,
Ulalyp men Amangüle guwandym,
Ýanaram, ýaňaram, ýanaram, ýanaram...
(''Ýanaram'')
Indi bolsa Akyş Sapar (Kaka raýonyndan) atly başga bir ''bagşyny'' diňläp göreliň. Gör bak o näme diýýär:
Diýerler meniň adyma Nury,
Ah, baran ýerlerim boldy-la gury,
Kakagradyň akýan suwy dury,
Diňläň siz meni. (''Gülnara'')

Öýlenjekdim gardaşlar perizada,
Söýgi ýok dünýäde düşmen men-ä hiç zada...

Özüni mežnun däldirin öýtmeýän bagşy ýigit öte geçip başlaýar. Ol indi serhoşlyga ýüz urýar:

Seni goýup, pýan bolup gaýdaýyn,
Gaty görme menden aý gyz Aýsona,
Arak-parak, piwe konýak içeýli,
Entirekläp köçäňizden geçeýli.
(''Aýsona'')

Haý, seniň aşyk bolşundan! Aýsona gyz sehoşluga ýüz uran bu aşyksumagy golaýyna getirermikä?! ''Pişigiň ýyndamlygy samanhana çenli'' diýipdirler. Şu bolşuna uzaga gitmejegi düşnükli.
Ýene-de zaryn owaz ýaňlanýar:

Pulum ýok, abraýym ýok,
Atamam menden irdi,
Eý, allam, nämüçin meni,
Inderdiň bu ýagty jahana.

Ençe ýyllap çekdim derdi,
Hiç kim derdimi bilmedi,
Dilim gepläp, gözüm ýumdum.
Bilmedim bagt näme?

...Aşgabadyň, ýarmarkasyndaky, Berdi Kerbabaýew köçesiniň ugrundaky, 6-njy mikroraýonyndaky ses ýazgylary studiýalarynyň daş töweregi ýaş-ýigitlerdir gyzlardan hümer. Olaryň arasynda respublikamyzyň dürli künjeginden gelenlerem bar.
Men bolsa aýdymçylaryň atlary ýazylan kagyza seredýärin, Respublikamyzyň atly bagşy-sazandalarynyň, aýdymçylarynyň atlaryna gözüň kaklyşmaýar. Olaryň deregine başga-başga atlar agdyklyk edýär. Ine, şol ''meşhur bagşylaryň'' birenteginiň atlary: Allanur - 1, (konsertiniň nomeri), Arslan -2,3, Akyş Saparow-1,2. Baýram Işanow-1, Hojadurdyýew-1, Nurmyrat-1, Taňňy-3, K. Aşyrow-1, Kakamyrat Baýramow-1 we başgalar.
- Maňa Kiçi Mäligiň konsertiniň ýazyp bersene!
- Uly Mäligiň aýdymlary barmy?
- Maňa Rejep bilen Atabaý bagşynyň konserti gerek!
Ses ýazgylary studiýasynyň hojaýynynyň erni bir ýere gelenok. Hawa-da, her kasseta üçin horjunyňa gyzyl onlukdan ýagyp dursa, ol ýyrşarman kim ýyrşarsyn?!
Ýöne welin, TSSR Ilata durmuş hyzmaty ministirligine ideýa-mazmun taýdan yrga, şeýle hem hiç bir degişli edara tarapyndan ykrar edilmedik, galyberse-de, biziň sowet durmuş obrazlarymyzy ýoýup görkezýän wejera ''aýdymlary'' ýaýratmaga kim hukuk berdikä?
Belki muňa ministrligiň ýolbaşçylary jogap bererler?!

Allaýar ÇÜRIÝEW

''EDEBIÝAT we SUNGAT'' gazeti.
1983 Iýun.
Категория: Aýdym-saz sungaty | Просмотров: 131 | Добавил: Jeksparro | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 18
0
18 Gökböri   [Mowzuga geç]
Bärde-de bar eken-ä
https://www.edebi.net/index.p....agsylar
Suraty oñarypdyrlar biggrin

0
17 Mahymm   [Mowzuga geç]

0
15 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Näme .. "Alla ýaryñ, alaka daýyñ.." diýýäñmi tongue

0
16 Selbii   [Mowzuga geç]
Allayar diyp aydym bar-aow eşdeñem yokmy ony sen biggrin

0
12 Şirhan   [Mowzuga geç]
Aý, häzirkilere görä bulary dagy toýlabermelihow biggrin

0
11 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Selbisoltan, ansambl döredip, aýdym aýdaýsam diýýämiñ? bu deprekçidir gitara çalýançylañ nebela smile

0
13 Selbii   [Mowzuga geç]
Allayar, allayar diyp aydym aydyp durlara uyşip biggrin

0
14 Selbii   [Mowzuga geç]
Has öñ çuri ciri diyp aydan bolsala indi allayar diyp dur meñ ansamblym biggrin

0
10 Selbii   [Mowzuga geç]
@Jek, band biggrin

0
9 Selbii   [Mowzuga geç]
@Jek, broken

0
7 Jeksparro   [Mowzuga geç]
Makalanyň başyny okap dagy gülüp-gülüp içim gyryldy:
''Ynha, gül ýaly gözellere şyltak atylyp, olaryň adyna tirkelýän her hili süwümsiz sözleriň başy gowuşmadyk toplumyndan alnan mysallar:

Biwepa gyz Enejan,
Ilki söýgini unudan sen Enejan.
Ýandym-la, ýandym-la
Pany dünýä senden!''

biggrin
Aşakdaky ýazgylara dagy seret:

''Wagtym dolup ýetsem, barsam ýanyňa,
Ýiti hanjar bilen galsam ganyňa,
Meni äkitseler zyndana jaýyna,
Maksatdan aýyryp, mar etdiň Gerek.

Dat indi Gerek atly gyzyň gününe! Ýiti hanjarly aşyksumagyň Gerege rehimi inmezmikä?
Ýok, asyl rehimi iner ýaly däl.
Aýdymy soňuna çenli diňläp oturar ýaly, takat gerek!
Agyr haýbat atmalardan soň, ýene-de söýgi gözýaşlary sil suwy ýaly, dagdan aşaklygyna gaýdýar'' biggrin biggrin biggrin

0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Güljan, häzirki türkmen aydym-saz sungatyny gara yere sokan we şumatky plagiat sazlara döredilyan suwjuk aýdymlaryñ başy şol dowürleriñ yokarda aydyan bagşysumaklaryndan we aydymlary-dan gaydyar-da...

0
5 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Berdinazar Hudaýnazarowyñam "Tokmak" žurnalynda daşary yurduñ sazlaryna yanap şama-şaýyrdy aydym aydyan bagşysumaklar barada "Üç ogry" tankydy makalasy çykypdy. Ertir şoñ anyk ýylyny bileýin, şonam tapyp goysana, Jek.
Bu makala ü.nem çäksiz minnetdarlygymy bildiryärin.

0
8 Jeksparro   [Mowzuga geç]
Haýsy ýylda ýazylandygynam ýazaweri bu gün soň üçin işdenem gijä galandyryn halypa! tongue

0
4 Jeksparro   [Mowzuga geç]
Bu makala şu wagtky bagşysumaklara-da ýüzlenilip ýazylan diýseňem bolman durjak däl. Bizde sanaýmaly aýdymçylar, mahmal sesli bagşylarymyz bar. Men olaryň arasynda esasy diňleýänlerim: Leýli Ökdirowa, Sahydursyn Garajaýewa, Rejep Ulugow (Rejep açki diýýärdiler öýdýän) we ş.m. Sazanda kompozitorlar dan bolsa Nury Halmämmediň döreden sazlary ''Nar agajy''ny dagy diňlemän diňlemän birden diňleseň, ýadawlygyň aýrylyp gidiberýär. Mollanepesiň goşgusyna döredilen ''Haýrana galar'' sazyny dagy diňläp görsediňiz...

0
3 guljancharyberdiyewa   [Mowzuga geç]
Sho wagtky aydymlar sheyle bolsa, baybu..
Btw, Hoja Hojañam "Göle bagshysy" yitidi welin yarty yolda yitirildi sad

0
2 Jeksparro   [Mowzuga geç]
Akyş Sapar aýdýarmy şo aýdymy ''Çüri-çüri'' diýip... wacko

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Allaýar aga bu makalasy barada kän zat aydyp beripdi... Bü başyna giden "bagşylar" oña jogap hökmünde Allaýar agamyzyñ at-familiýasyny ýañsylap "Çüri-çüri..." diýen aýdymam çykaran ekenler...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: