14:36
Çopan goşunda
ÇOPAN GOŞUNDA

Aý tokgasy penjirämden gaýtma hiç,
Kaksa aýnamyzy ,“kim soraýar?”diý...
Seniň göwün damarlarňy dartmaz hiç,
Çyrlaklaň yşk  hakda simfoniýasy.

Zemin aýagyna çolaşan gülden,
Meniň gursagymda çyzgy galypdyr.
Özge ýerde özge üçin küýsegli,
Meň barymda ötülmejek ýazyk sen.

O öňki ýerlerden gaýdarys indi,
Yşgyň ylhamyndan başymyz çaşan...
Gözleň içindäki sazanda kimdi,
Kirpikleň bilinde sozular agşam.

Bu ýerde gurtlaryň darkaşyn gören,
Itler döwre gursa, “kim goraýar?”diý.
Bu gije diňe şol hökümin sürer,
Çyrlaklaň yşk hakda simfoniýasy.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 25 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: