14:31
Ýyllar geçip barýar
ÝYLLAR GEÇIP BARÝAR

Ýyllar, sizi  kagyzlara siňdirdim,
Sözlere, setire, duýga öwrüp men.
Söýginiň   keşbini sazyma saldym,
Surat çeksem, ”suratkeş” diyip, öwnüp men.

Ýyllar sizi  goşa-goşa tarlaryň,
Aglaýan taryna saldym hat kibi.
Maňa kän zat öwredipdi söýgüde,
Ahmyrlaryň, aýralyklaň mekdebi.

Ýyllar size gözelligi bagş etdim,
Aýly gijesine öwrüp  obamyň.
Jiglermiň murty tabap, at münýär,
Ýaşula öwrülip barýar doganym.

Ýyllar sizi ejem janyň elinde,
Joýa-joýa bolan ýygyrtda görýän.
Kölegesi garran, şahasy egbar,
Mellekde ýaşaýan söwütde görýän.

Ýyllar,
Eý, ömrümiň monjuk ýyllary,
Hatarlanyň, hatarlanyň ýadaman.
Yöne bir haýyşym, ýakymly yzy,
Goýup gidiň, goýup gidiň adama.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 31 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: