14:28
Ölmez mähribanym saña ýar bolan
ÖLMEZ MÄHRIBANYM SAŇA ÝAR BOLAN

Gijeler üzülip, gaçypdyr Arşdan,
Atynyp üstune  ýyldyz kürtesin.
Gat-gat garalykdan guýulan agşam,
Gelýär ýürekdäki gamy serpesin.

Meň  elimi ellerine alyp ýar,
Gozundäki yssylykdan gandyryp.
Bir görseň-ä  ýakyn, bir-de alys ýar,
Menem seniň mähriňdaki sandyryn.

Menem duýgulaňdan  doýup bilmedik,
Gara  gijä  agram salan haldyryn.
Kuýseg näme, iki ýürek bir-birin
Bilmese döreýär, nurdan gandyryp.

Zergäri men gozelligiň yşgynyň,
Ýarym duýgulaňda bar ekenim, men.
Öň  dünýäni  söýgä bürän başagaý,
Sen ýaly bir ýara ýar ekenim men.

Indi gijelerden, asmandan sorap,
Men seni gozleýän, seni yzlaýan.
Ýar-ýara sataşmaz dünýäden sorap,
Seň adyňy ilden-günden gizleýän.

Gijeler üzülýär Arşyň bilinden,
Hatar-hatar aýly-aýsyz geçip dur.
Meň  seni  gözleýän ýaşyl gozlerim,
Yşgyň güzerine dür deý gaçyp dur.

Intizarlyk hakda aýdymlarymyň,
Ählisinde seniň adyň bardyr ýar.
Ölmez mähribanym, saňa ýar bolan,
Saña ýar bolmadyk, saña zardyr ýar.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 21 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: