14:24
Dag ahwaly
DAG AHWALY

Ol gün ýagyş ýagdy, aglady asman
Baharyň alamat berýäni ahmal.
Gyş bilen duşuşyk paşmadyk borly,
Döredi daglarda üytgeşik ahwal.

Ümür akyp gelýär, dag depesinden,
Hyýalyny dökýän ýaly gök ýaýla.
Çopan goşy, süri, tüsse ählisi,
Ýukajyk dumanyň  içinde galýar.

Otlaryň ysyna aýlanýar başym,
Pikirlerim dag gerşine meňzeýär.
Bahar oýanýarmy, töwerek-daşym,
Guşlaň, çaýlaň sesi bilen dyňzaýar.

Ak arzuw deňzine çümýän mysaly,
Göýa gerilipdir, umyt ýelkeni.
Şeýlebir geň dagyň tebigy ruhy,
Barsa, haýranlara goýar her kimi.

Käkilikler saýrap, owazlar ýaýrap,
Dünýä başga dünýä öwrülip gidýär.
Birdenem, ümürden ap-ak deňzin,
Tolkunyndan ýürek üwrelip gidýär.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 14 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: