14:14 Düýş | |
DÜÝŞ Göwrämi sandyga salan ruhumdan Razy, şygyr ummanyna gark etdi. O gün ganym göwrämdäki habary Ýeke damja öwrüp, kalpdan sarkytdy. Haly halaýan hal gerek bu gün, Halda galan göwräm köşeşer haçan? Näme üçin, näme üçin sandykda galan, Göwrämiň sesini eşidenok açar? “Heý men bärde” diýýän, dillerim lal meň, “Heý men bärde”diýýýän, güller gülýärler. Onda näme eger gerekmez bolsam, Seň yşgyň ýaşaýar, meniň dünýämde. Gutarmadyk goşgy ýaly ezýetli, Sandyga salynan göwrämiň ahy. Heý... ruhum göwresi yşkdan kilitli, Bu men, şol aglaýan betbagt şahyr. Heý...bu men, men-ä bu, açyň sandygy... Bogulýaryn, gussalaryň dadyndan. Ýogsa-da sandygy derýa çalt zyňyp, Zöhre gyza gowşuryň siz, adamlar. Heý...bu men sandykda ýalňyz galan men, Ruhumyň tussagy bugdaýreňk jenan. Ýogsa-da göwrämden yşgy çykaryp, Bagtlylaň hatarna goşuň-da synaň. Heý...heý eşidýäňmi, görmegeý ýigit, Bu men, kerem bagly, gollam ýetmeýär. Seni şu dünýäniň dadyna goşan, Bir gözeli çynym bilen gutlaýan. Heý...Seret bäriňe, bu men ýalňyzyň, Hem bahar tarynda üwrelen bir sal. Şu göwräm sandykdan çykmasa ruhum, Girer seň ruhuňa, eglenmez,kürsäp... Heý...Bu men, men-ä bu şol gözel owaz, Gulpagy atyryň damary ýaly, Gözleri gündiziň kamary ýaly, Sesi sandyk gelýän habary ýaly, Eý toba, bu men-ä eşidäýiň,bu men. Heý... Ýe men deňiz perisiniň gyzymy, Bir mahallar deňze çümüp aglamda, Sesim bilen çalyşdymmy özümi? Maňa bir zat bolýar, sesim çykanok, Garylypdyr, owadanja gözlerim. Sandykda garaňky göwräm gowrulyp, Çekilip saz çaljak ýaly, damarym. Heý...heýýý...eşidiň siz, Bu men, täsin heň... Sessizligiň çalan owadan ýaňy. Şol gözel men, dünýäň düşünjesine Çalşyp bilýän bir goşawuç tyllany. Heý... eşidilinekmy, meniň ýok sesim, Duruň-la, gutarjak bolýar, nepesim. Heý kimisň? Gygyrýar bir-ä: -Heý... Sandygy alyp barýaňyz nirä? Eşidilenok öýdýän meň ahy-nalam, Bilinmän gidermiş, tümligi halan. Men seniň gözgyny, sesin ýitiren, Owadan, görmegeý, suwperi balaň. Heý...bee, şindem eşidenoklar sesimi, Ýa-da barýarmyka, ömrüm kesilip? Köküm çümüp barýar, ruhuň çuňlugna, Heý... aýdaý-da iň bolmanda kimligiň? Şeýdäý, aýdaý, aýdaý, iň bolman meni, Alyp nirä berýäň, bileýin menem? Belki bu zatlaryň şeýle boljagny, Soraýyn, bilýändir, garryja enem. Ynsan menem, köküm ýerde bolmaly, Ruhum bu sandyga salsa-da häli. Heý... kimsiň gygyrýan, göýä bir sessiz, Dünýäň gulaklaryn açjak mysaly. Heý... heý, bu men, owaz, özem hoşowaz, Kalbynda bir görmegeýiň ahy bar. Sowaly bar, yşgyň, tende yzy bar. Bakylyga ýygnap goýdum, ýadygär. Heý... aýdaý iň bolman, men kim, ýa sen kim, Seleňlikden kowlanmy ýa ikimiz? Eger yns bolaýsaň, her ýere gara, Bardyr biziň bir ýerlerde kökümiz! Eger perişdeleň saz toparyna, Bolup ýören bolsaň, bantikli drijor, Onda ýat olara, bu men kilitli, Içi dünýä ýaňly, ýeke keşpli hor... Eger-de sen bolsaň, jynssyz bir ganhor, Onda men seň ynan nämäňe derkar? Eý ruhum, alaý-da meni elinden, Bu men, saňa käte gerek borun-a... Aý ýok, eşidilenok, owazsyz sesim, Aýylypdyr essim, gülkim doňupdyr. Eý düýşüm, geliber, köne ýoluňdan, Şükür ýassygymyň gözýaşlar bilen, Bir bolan zat, jüm-jüm güli solupdyr... ■ ÖTEN GÜÝZE AÝDYM Sepeläpdir gözi gök gyz, asman gyz, Künjümi, hünjümi, seniň kürtäňe. Durnalaryň sazlaşygy gaçmandyr, Çekinjeňlik aýrylmandyr entägem. Sary getiripsiň, şalygyň bilen, Näme syrdaş saýmadyňmy göwnümiz? Güýzüm atdan ýykan çagalygyň men, Seniň goňras ysyň bilen höwrügen. Döz maňa höwesin, basgançak baglaň, Ýaprak seçişiňe gurban bolaýyn. Ýene-de aýlanyp ýüz ýyldan geljek, Şol wepaly sary durnaň bolaýyn. ■ AHWAL Sähra sary jorabynda Gussasyny syçradyp, Seň gözleriň kenarynda, Hassalygma uçradym. Güýzüň soňky ujy bolup, Çümüp girip,çuňlugyňa. Seň gelniň gyňajy bolup, Gaçdym seniň öňüňe. Giň sähranyň degresinde Gussasyny syçradyp, Soňky gezek soranyňda Hassalygama uçradym. Oguljennet BÄŞIMOWA. | |
|
Всего комментариев: 0 | |