14:11 Aýtsana | |
AYTSANA Aýtsana, bu gije näme üçin sowuk, Näme üçin kepderiler birahat, Ýa-da meň dünýämden ýüzüňi sowup, Mensiz ýaşaýarmyň, bir özüň rahat? Men saňa hiç düşündirip bilmedim, Näzikligiň, hem söýginiň dilini Indi senem öz-özüňden ykmanda Hasap edip öýdeçimi edýärsiň, Öň mejnun halynda gezen bir keýpsiz, Hem yşgyň serhedin ýykyp gördüň-de Indem betbagt etjek bolýaň, özüňi?! Häzirem gözlermiň öňünde dursuň, Dursuň ruhuň ötä giderin isläp, Men sensiz bu dünýä sygyp bilmämsoň, Seň dünýäňe sygdyrypdyr bu ykbal. Sen näme boýnuňy sallap öňümde, Derek boýuň egýäň, ahmyrly söýgim? Duşuşarys belki bir täsin günde, Hem rahatlyk tapar näzijek beýnim. Okap saňa ýazan hatlarmyň sözün, Ýene-de ýalňyzlyk hatyny gözläp, Men saňa ynanýan näzijek söýgim, Seni bagyşlaýan, men saňa dözmän. ■ AÇYK PENJIRÄŇ ASTYNDA Açyk penjiräň astynda Martdan galan ot küdesi. Näçe siňdirdi özüne, Geçip giden otly sesin. Gyz oý bilen penjiräniň, Daşyna kän diň salardy. „Ýüreginden syr dilänim, gelmez“diýip, oýlanardy. Ejaplanyp, ýakyn-ýatdan, Goýaldy ýaşy ýyllar-da, Otlyň ýakymsyz sesine, Bagynda çemen süllerdi. ■ BAHAR BILEN MEN Bir bitewi göwre men, Bahar ýatyr alnymda. Baharyň ak gülünden Meň basypdym kalbyma. Ýazym, ýazym owadan, Özüm, özüm owadan. Ýodalarmy ýel pozmaz, Ýygşyr güller kürtesi. Owratmadym,ýüregi, Paýlamadym geçene. Ýagyş gögün aýagy, Kalba şatlyk seçelär. Bir bitewi göwre men, Bahar ýatyr alnymda. Güller bilen üwrelen Durmasyn ak sallançak. Oguljennet BÄŞIMOWA. | |
|
Всего комментариев: 0 | |