14:08
Gar ýagyp dur...
GAR ÝAGYP DUR...

Gar ýagyp dur  ownuk gözli elekden,
Elenýän deý, penjirede garga dur.
Men özümi halas edibilemok,
Belki meniň pikirlerim yrgadyr.

Gar ýagýar, owadan elek asmanda,
Gyz melegiň  ellerinde elenýär.
Gözelligi söýüp, gözýaşy goýup,
Men gaýtadan aşyk boldum, bu dünýä.

Bu elekde arşyň  uny elenýär,
Bu elekde Hakyň nury elenýär.
Men özümi halas edip bilmesem,
Meni “halas eder” gamdan bu dünýä.

Maňa mähriň ýeterden  has uzagrak,
Ülke bir, şäher bir, köçämiz bir däl.
Gar ýagýar, iki gün bäri gar ýagýar,
Gijaniň yzyna gijäni tirkäp.

Ýalňyzlykdan halas bolmak kyn juda,
Säherler gar ýagsa, başga halym meň.
Gar ýagýar, elekli asman gözeli,
Gyşy getireniň, gara çynyňmy?

■ BU MEN

Meni tanaýarmy ýyly posalaň,
Söýgi şalygyna myhman çagyryp.
Bu men seniň şol owadan söýgüliň,
Seň  derdiňden  ýürek saly agaran.

Bu men seniň  şol owadan dilberiň,
Bu men-seniň  şol owadan peýkeriň.
Ýüregiňden  söýen, gözlerne siňen,
Çeşminde ömürlik galan heýkeliň.

Oguljennet BÄŞIMOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 16 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: