14:03
Yşk nyşanlary
YŞK NYŞANLARY

Nazarlarmyz doňdy, yşk dälmi näme,
Beýle derde salan-seni hem meni.
Indi näme boýnuň burup, kemsinýäň,
Meniň şa hasaplan duýgy mesgenim.

Gursagyňy deşip, pyşyrdapdym men,
Ýalbarypdym, ýadyňdamy kararym?
Sen soňsuz gussanyň köýnegin geýip,
Dem alypdyň, gapdalyňa garabam.

Özümde, özümde, özümde galdy,
Ýüregimde  galdy öýke, deşilip.
Gursak gyzgyn demiň közünde galdy,
Baglar çalşyp, şol sam-sary eşigin.

“Indi hoşlaşaly, bagyşla” diýdiň,
Diýdiň ýene, “göwnüňe alma näzli ýar”.
Gözleň ýakamdaky nagyşda, duýdum,
Demiň gursagymdan gapdal dändi ýar.

A men ýol-ýodanyň üýşen çyglaryn,
Aýalamda monjuk edip düzdüm soň.
Aýtsana,gör nirde şol hyjuwlarym,
Kimiň ýene ýakasyny ezdiň soň.
Ýaş gelýär gözlere ýatlan mahalym,
Seret gün ýaşmana az wagt galdy.
Seniň duýgularňa ätlän ahwalym,
Gursagymda birden saralyp soldy...

■ SÄHRA HAKDA SÖZ

Birmahallar tasanjyrap,
Ýeri sypap dury şemal,
Gopuz çalýan gyz deý böküp,
Müşküni döküp gidipdir.
Bir täsin, altyn zynjyra,
Düzülen dek sährada ho-ol,
Uzaklarda, ýaýbaň  ýerde,
Şapak zer döküp gidipdir.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 11 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: