14:00
Yşkym
YŞKYM

Yşk duzakmy ýa-da,
Uzak bir menziliň geçilmesinmi?
Belki-de ol, çykyp gaýdan günleriň,
Aýralykdan aglan, ejeňleň öýi?
Belki-de ahy uran görkli ýigidiň,
Ýazan haty okalman hem ýakylan.
Belki-de ol köki şol bir akymyň,
Belki-de ys ýaýradypjyk dünýäni,
Baglan güni doglupdyr ol, ýakymyň?
Belki ol ýyllary ýyllara sapyp,
Aýdylmadyk aýdymydyr, bir ýigdiň,
Görmegeý ýüzidir, içi agyly,
Çykyp gaýdan nazarydyr, bir merdem?
Belki-de jigimiň giden kakasy,
Mysal üçin, gaýyp bolan doganym,
Ýa-da bolup bilermikä wakasy,
Aýdyp bilmän ýören gamgyn oglanyň?
Için gepletmesi ýalňyzlyk içre,
Saçyn ýaýmasydyr, belki-de gyzyň,
Sataşmadyk ykballara zeýrenip,
Içinde heýkele öwrülen aýdym, ençemäň...
Şoň üçinem yşgyň gepini etmäň,
Hem oň gyzgynlygnyň derejesini.
Yşk haýyş edýärin, örteme meni,
Girme meniň parahatja dünýäme.
Men saňa edipdim, şeýlebir ynam,
Seniň maňa söz bereniň düýn dälmi?
Meniň giň dünýämi daraltma beýdip,
Sen sözüňde durmak üçin yşk dälmiň,
Düýn söz bereniň-de gowud-a keýpiň!
Ýaryň ellerini alaýma diýip,
Süýşüripdim, ýassygymyň üstüne.
Indem, sen herimiz bir ýana zyňyp,
Aýryp guwanýaňmy, özüň kesbiňe.
Ker däl men, gygyrma, meniň gulagma,
Şygyr heňli gulak gapylýan däldir,
Sen meni näme üçin saýladyň, beýdip?
Men ýaly sadaja tapylýan däldir,
Aýralyk elinden ereýän şeýdip...
Eý yşk almasana, ýarym elimden,
Aglap çykyp durmasyn ol öňümden.
Näme üçin ýowuz seniň kadalaň,
Azajyk garaşaý, ýalbarýan saňa,
Ýar bilen aramy üzme haýyşym,
Sen bir günä eýesi hem habary
Ýerli ýerde duran çyn sözlemmişiň,
Kä günem meň içim oda oklaýaň,
Geçmişi aňladýan içýakgyç düşüm...
Köseme bizi, eşit nalyşym,
Eý yşk, häzirlikçe hoşla’aly biz!
Ýar köňlüne salmajakdan barybir,
Daralypdyr göwräm, habarlar ýaly,
Bir bedeni bir pursatdan daraldan,
Neçüýn iň ezizi ýada öwürip,
Ikimizden, ikimizden ar aldyň?
Näme köýdi bizde beýle ýüregiň,
Agzymdan uçgunly dökülýär sözler.
Kagyza ot düşüp, kükreýär ýele,
Şol bir wagt astynda söýülen sözler.
Bir-birin tanaman, petreýär ýene,
Pynhan syra çümen mähirli gözler.
Yşk sen näme üçin bizi saýladyň,
Näme üçin ýowuz seniň haýbatyň?
Näme üçin meniň dost göwräm bilen,
Taý ýasadyň, ikimizden yuguryp,
Ýa ikimiz etdikmikäk, çägalyk?
Beýle bolsa, onda näme ýasadyň,
Iki göwrä talaň salan-AÝRALYK.
Indem dost heýkelin kalba dakmaga
Synanyşyp dursuň, başlap heýkele.
Ýok-la gidiber sen menden öýkeli,
Dost diýip kabul etmen indi ýar etdiň,
Zar etdiň dostuma, söze zar etdiň.
Gidiber sen menden baky öýkeli,
Boz sähra çyk doldur, ýelden öýkeniň.
Ylga mejnun barýandyr giň çöllerden,
Gapdalyndan süýren, “bagyşla diýip,
Goý gelsin öýüne, içsin çaýyny,
Tapyp ber sen taýyny, galmasyn, ýalňyz,
Onuň derwüş hyrkasyna ýapyş-da,
Diý sen oňa: Aýralygy bagyşla.
Taňrym, taý bolmaklyk, juda ýakymly,
Sen alma ruhumy, alma akylmy,
Yşk bagyşla meni.
Däl maňa durmuş, seniň dadyň bilen örän ýakymly...
Bar çyksana, işim bar meň öýümden,
Çyk, gapy açyk...
Salam hat ýazjak men dostum şol ýigde,
Sen bizi günmüze goýjagyň hakda,
Onuň bilen sözleşmäge bir ýerde,
Hat alyşjak, ýadadym men hasratdan...
Ony söýýän hem bagtly bolmaga,
Ýanyma çagyrjak, ýylgyryp gelsin,
Sen gidiber, özümize  goý ömri,
Bulaşýar günümiz sen bize gelseň...

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 25 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Mahymm   [Mowzuga geç]
Has aga siziñ soñky erkin goşgularyñyz ýaly eken. ))

0
1 Mahymm   [Mowzuga geç]
Buwww..

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: