13:58
Huşsuz nazarym
HUŞSUZ NAZARYM

Bu gün habar getirmese,bolmaz-a,
Durnalaryň bogazdaky damary.
Hyýalymda kän daşlaşyp bilmekmi,
Seni gözläp ýören huşsuz nazarym.

“Habar bar”-diýip dur,gören güllerim,
“Ýar şol ýar”-diýip dur,ýüregmiň sesi.
Ine bu gün duýgularym süllerip,
Habar tutman gezýär, olaň eýesi.

Ýene-de garaşýan, belki parhy ýok,
Meň dünýämden atylan ok barmandyr.
Sen nämä hamsygýaň, huşsuz nazarym,
O gözläp ýöreniň belki armandyr.

Döwük küýze ýaly, agy ses bilen,
Kalbymda bir owaz göterip ýörün.
Ine sen, ine men pynhan islegim,
Seni şu keşbe çen getiripdirin.

Hoşsurat aý egne çekdi  şalyny,
Dogurdanam ýar yşgynda nazarym.
Çuň deňiz gatynda galan guwwas deý,
Bakman bilmez saňa huşsuz nazarym.

Döwme meni, gözleýänim merjen däl,
Merjen duýgularyp ýesiri guwwas.
Aýtsana çuňlukda irkilen söýgim,
Nazarymda galan huş däl,syr dünýäm.

Gowy görmek tebigaty ynsanyň,
Men seni gowy görüp, ýakyn bararyn.
Sen meniň taýymsyň belki seň taýyň,
Men bolmagym mümkin, huşsuz nazarym.

Görkli nazarlary tanaýaryn men,
O ýerlerde eglenmeýär, garagym.
Sen meniň deňizde dürüne barýan,
Hemem bagry girýan, huşsuz nazarym.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 11 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: