13:56
Yşk
YŞK

Telim güýz geçipdir,seniň seriňden,
Ýazyň  telim guşy saýrap gidipdir,
Pyşyrdap, pyşyrdap, aýdan duýgulaň,
Adamlaň  ýüregne ýaýrap gidipdir.

Güllerem saz çalsa,durky ajaýyp,
Müň  bir tarly saz guraly hamana.
Erikler  paýraşyp, ýere dökülýär,
Monjuklar  üzülen ýaly şemala.

Gökde döwran sürýär, possun deý bulut,
Damjalardan nagyş çekip, zemine.
Gülli ýaglyk ýaly owadan bir şal,
Ýazylýar çalymdaş, äpet çemene.

Ylhamyňdyr şahyr söýen illeriň,
Serpaýyňdyr, ellerime gül berseň.
Sen barybir tämiz syryň  ýazlarda,
Biziň  ýüregmize aýtman bilmersiň.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 14 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: