13:53
Başga biz...
BAŞGA BIZ...

Ýetip bolmaýan zat süýji bolarmyş,
Goý ýetilmän galybersin yşgymyz.
Bir birege ýetip bolmajakdygyn,
Bilýädig-ä onsuzynam başda, biz.

Ýeter ýaly däldi, birek-birege,
Bahar duşup, aýrylyşdyk, gyşda biz.
Indem seret, bir-birege has ýakyn,
Indi öz öýmüzde juda başga biz...

Göwne salyp, bolguzysja bahana,
Aýra salyp ykbal, gezsek daşda biz.
Henizem gar basan meýdanyň keşin,
Bile ýöräp, geçýän ýaly, gyşda biz.

■ BIZIÑ...

Biziň başga girdeýjimiz ýok ahyr,
Aýlyk bolaýmasa, ogul öýäre.
Senem, menem gorawersin, allahym,
Saglyk bersin, jaý kireýni töläre...

Bileje çekişip, derdi-azary,
Öçüberýär eken söýginiň emri.
Ynha, bu gün, erte, birigün diýip,
Geçiberýär eken adamyñ ömri.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 23 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: