13:06
Topragym
TOPRAGYM

Saňa hasyl beren güýzler  bu öýlän
Süllerip galypdyr, suwly salmada.
Men geçdim-de gitdim, galgadyp öýmäm,
Seň şonda özüňde karar galmady.

Bag astynyň  gussasyna ilişen
Guşlar bilen galmasam-da ikiçäk.
Egnimdäki şol  gyrmyzy çüýdeşen,
Güllere  çatylyp, sygmandy köçä.

Bu güýze gussaly diýmäli indi,
Bu güýz käkilleri zerewşan hyýal.
Topragym seň üçin söýmek synagym,
Bu dünýäniň bakylygy oguşýan!

Goňras bag astyna atylan düşek,
Gowaçaly meýdanlara düşelge.
Sen zemin göbegi mähriban obam,
Gözi ýaşly çagalygma geçelge.

Çygyň öpsem, piýalaňdan suw berdiň,
Galmady söýülmän, birje zerräňem.
Topragym keşbiňi unudyp bilmen,
Onda öz dünýämiň ruhun görýärin!

Keramat diýilýän sende bolarly,
Güýzde gülli, gyşda güýzli perdäm sen.
Seň galan zatlaryň mende bolarly,
Sähralary ally, gelin kürtäm sen!

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 15 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: