13:04
Biz bizdik...
BIZ BIZDIK...

Biz “bizdik”. Sen “sen” däldiň-ä,
Menem “men” däldim, birmahal.
“Bizdik” bir-birege siňen,
Biz bir gatdyk arzuw aşan.
Biz “birdik”, hiç “iki” dällik,
Biz bir-birege suwsandyk.
Göwreler galdy başgada,
Ýene-de şol göwrä geldik.
“Sen” bolmaga hakyň ýokdy,
Menem “men” bolmakçy däldim.
Biz “birdik” biz, “iki” dällik,
Indi seret ýeke galdyk.
Senem, menem ýekelikde
Sen maňa, men saňa aşyk.
Sen “sen” boljak bolýardyň-da,
Soň mendäki ýaňa aşyk.
Gursakda bir söýgi bardy,
Paýlaman bizi ikä-de.
Şonda arşy bir ahwalam,
Gyýdy ýokarda nikamyz.
“Birdik”  biz aýra-ha däldik,
Ýa-da “sen” diýmezdiň maňa.
Ýa-da menem bognym ysyp,
Diýmezdim “sen”, birem saňa.
Biz asla “birdik” ahbetin,
Öläýsegem iki dällik.
Tapdy şony aslynda kim?
Sen “sen” däldiň, men “men” dällim.
Ýok-la “bizdik”, “birdik”, bilýän,
Ölsegem “iki” bolmadyk .
Biz girdik birligne dünýäň,
Aşyklygna  bosagadan.
Biz “birdik” iki-hä dällik.
Ýadymda meň, unutsaňam.
Häzirem hut iki bolup,
Dünýäň golundan tutsagam,
“Iki” dällik, bilýän şony,
Biz “birdik”, “bizdik”, “ýekedik”.
Ýöne, aýralyk  hakynda
jümläni birden okadyk.
Onsoň sen-ä “Sen” boljakdyň,
Meňem  “Men” bolasym geldi.
Aýyrdyk takdyry yza,
Dolandyk şol ýekelige.

Indi “biz” bolmak isleýäs,
Ýöne bizlik gaçyp gitdi,
Orun berip ýekelige.
Biz “bir” bolmak islesegem,
Ýa islesek, “biz” bolmagy,
Barybir oňarmasak-da
“Biz” bolmagy, “bir” bolmagy.

Biz ýene “biz” bolduk,
Ýöne  başgaça “biz” bolan borly.
Bu bizlikden ýekelikler
Has ýakymly bolan borly.

Soň “biz” bolmak islemedik,
Soň “bir” bolmak islemedik.
Aýryldyk birek-birekden ,
Soň buz bolmak islemedik.
Şeýtdik...
Goja dünýäň ýüzi
Şeýdip alyp gider bizi.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 23 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: