13:02
Meñ zeminim...
MEÑ ZEMINIM...

Meň zeminim dostlaryma düşelge,
Gaçyp atalga ol gussalaryma.
Meň zeminim-meniň tenim geçelge
Dünýäniň mazmunly nusgalaryna.

Meň zeminim meniň kakan lälämdir,
Hem kör daýzam bilen aglaşan mamam.
Şahyr bolup şygyrlaryn gursakda
Iň soňky deme çen ýygşyran käbäm.

Meň zeminim –obamyzyň owazy,
Gelnejemiň iş tikişi kölgede.
Gursagyn çişirip, öýkelän käbäm,
Doganym wagtynda öýe gelmese.

Meň zeminim-gartaşan hol doganym,
Obanyň gyzlaryn sadylla eden.
Meň zeminim-şahyr aýal doganym,
Özi bilmän durka, dünýeden giden.

Meniň tenim-meň zeminim,ynjyjak,
Päkize howlyma görk berýän jigim.
Meň zeminim-gursagymda göterip,
Ýören şol aýdymym-aýtman, entegem.

Meň zeminim oglan jiglem, gyz jiglem,
Hem ejeme meňzeş ýegenjiklerim.
Meň zeminim şol howluda entegem,
Kiçijik jiglerme begenjek zemin.

Meň zeminim-ejemiň gül ýakasy,
Towuk keteginde galan gülküler.
Meň zeminim-söýgimiziň sakasy,
Şol ojakdan döwlet bolup silkinen.

Meň zeminim-gursagyma çyzylan,
Gelnejemler taýdan gaýdýan ýodajyk.
Meň zeminim bu dünýäniň guşagna,
Bakylyk baglanan sözleň kadasy.

Meň zeminim-özüm, zeminiň gyzy,
Ony oglum bilen ezizläp ýörüs.
Meň zeminim, derek boýly ezizim,
Söýmäge hut hukugy bar, ýeke özi.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 12 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: