12:57
Ejeme
EJEME

Ýukajyk geýimde, galyp pederden,
Aňzagyň bahara ýazan günleri.
Daňdan turup, gök satmaga giderdiň,
Ýumruk ýaljak bolup, bazar günleri.

Joýa –joýa elleň titrär durardy,
Halta gök otlary dykyp gideňde.
“Kakam bolsa, beýle bolmazdy”-diýip,
Her gezek aglardym, çykyp gideňde. 

Her daňdan üşämde ýadyma düşýär,
Gysmyljyrap, aglaýaryn pejiňe.
Hem: “Oglum üşäýse näderkäm?”-diýip,
Meňzäp barýan “halta ýükli”ejeme.

Şindi-şindem  gidip barşyň ýadymda,
Ýatlamalar  hakydama sürünýär:
Aşagynda gök dykylan haltanyň,
Ýumruk ýaljak bolup, çala görünýän...

“Sen üşänsiň”  diýip, ýygryp göwrämi,
Çoýunýaryn gor ýaljak şol pejiňe.
“Oglum üşäýmesin...” üstün basyryp,
Meňzäp barýan, “halta ýükli”ejeme.

Gitme diýip, elleriňe ýapyşsam,
Diýerdiň : ot bar ahyry aňyrda.
Ot indi ýaşaýan ýerin çalyşyp,
Şol ýanyp dur aglamjyrap, bagyrda.

Sen gidýäň, biz bolsa, galýas yzyňda,
Gysmyljyrap, ýakyp giden pejiňe...
Her säher özümem işe gidemde,
Meňzäp barýan “halta ýükli”ejeme.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 23 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: