22:33
Ýokarky gatdan seredilip ýazylan goşgy
ÝOKARKY GATDAN SEREDILIP ÝAZYLAN GOŞGY ...

Alabahar bulutlary “jübtekläp”
Geçip barýar, gökden daňyň şemaly.
Gatbar jaýlaň äpişgesin itekläp,
Seretseň, adamlar gärynja ýaly.

Ýogsa-da tapmajakdygym bilýärin,
Olaň arasyndan seniň ulagňy.
Guşlar bilen şäher gohy dünýämiň,
Edil häzir deşip barýar, “gulagny”.

Edil häzir howlukýan hol köçede,
“Haçan ýanar” diýip, gyrmyzy yşyk.
Şonda käte, belent jaýyň deňinde,
Duraýjak ýaly sen, ulagdan düşüp.

Alabahar bulutlary “jübtekläp”,
Gojalaň göwnüne çag berýän ýaly.
Häzir ýeke çaý içýänme, kemsinýän,
Seň ýanyňda gelniň, çaý berýän ýaly.

Ömür gysga, şol garaşyp ýörerden,
Alabahar ýaly gaýtalanmaýar.
Häzir bulut geçýär daňdan köçeden,
Olaryň hatarny aý “tamamlaýar”.

Ol mendirin,ahmyr çekme,köçede,
Alabahar ýeli, ulagňa “münse”.
Sen ýylgyr dünýäniň göwni köşeşer,
Şäher şowhunlygna goşulda geňsi.

Ýyllary baharyň demine çatyp,
Geçip gidýär, wagtyň ýowuz “gamçysy”
Elwan ýaglyklary, eline çatyp,
Uzaklaşýar, köçäň gelinaljysy.

Şol mendirin, aýnaňyzdan seretsem,
Ýa seretseň... belki bu meň islegim.
Gatbar jaýlaň öýkeleşmegi mümkin,
Käte aýnamyza garap gitmeseň.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 21 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Mahymm   [Mowzuga geç]
Bet.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: