22:30
Bally molla / hekaýa
KIM ÖKDE ÇYKAR? (BALLY MOLLA)

I.

Näzik eje eli kätmenli, köp aýallaryň arasyndan saýlandy-da:
– A-gyz, gyzlar! Siz gidiberiň men kätmenimi ussa bejertmesem, boljak däl – diýip, otag ýolundan çykyp, uly ýola düşdi. Ol ýola düşeninden soň kätmeniniň alkymyndan tutup, ýaşmagyny arkasyna taşlady-da, gollaryna bat berip, ýörişini çaltlandyrmaga başlady. Näzik eje şol barşyna pikir edip barýar. Onuň edýän pikiri: «Men nähili ýol bilen kätmenimi ussa tiz bejerdip bilerkäm? «Tiz bejer» diýseň, ol alnygara-da ýüz takal okar. Iň bärkije diýjegi – «Sen, näme beýle, ýüregini eliňe alýarsyň? Halha, pylanyň kätmenem ýatyr, halha, pylanyňkam ýatyr, goý-da git, ertir gel» diýer. Meniň bolsa elim şu kätmene öwrenipdir. Bu kätmen ýeňiljek hem otaga gaýymja, başga kätmende işlemek maňa gaty kyn bolýar. Men neneňsi edip, ol ussanyň ugruny tapyp bilerkäm gyz?!» diýip barýardy.
Edil şol wagt Näzik ejäniň ýoluny kesip, egni kätmenli Kuly geçdi. Kuly Näzik ejäniň ýüzüni aşak salyp, haýdap barşyny gerdi-de aýak çekdi:
– Ýeri, Näzik eje, nire tozan turzup barýarsyň? Iliň-ä ýüzi beýläk, seniň ýüzüň bolsa eýläk? – diýeninden, Näzik eje sakga durdy-da:
– Wiý, Kuly jan, senmi? Kätmenimi bejertmäge barýan. Ynha, artyp galanyň gyrasam döwlüpdir. Muny ussa tiz bejerip bererem öýdemok weli, her halda bir ertip gaýdaýyn-da?! – diýdi. Kuly kätmeniňi egninden düşürip, sapyny goltugyna diredi-de, jübüsinden papiros çykaryp, otlady:
– Näme, tiz bejerip bermän, onuň kätmen bejermekden başga edýän işi barmy? Onuň, asyl, tiz bejerip bermek borjudyr – diýip, kükürdini jübüsine saldy.
– Aý, näbileýin, Kuly jan! Borjam bolsa, bize-hä tiz bejerip berenok. Arada: «Gyzymyň kätmeniňi tapla» diýip ertdim. Şonam üç-dört günläp saklady. Birnäçe aýallaryň kätmeniňi-hä, barybildigi, bejerýär-de goýberiberýär. Elbetde, olar onuň dilini tapýar oguşýa-da! Biz-ä şol alnygaranyň dilini tapyp bilemzok – diýip, Näzik eje zeýrenmege başlady. Kuly muňa jak-jak güldi-de:
– Päheý, Näzik ejäniň zeýrenýän zadyny! Ol ussaň dilini näme tapmasy bar? Sen ol ussaň dilini bilmeýän bolsaň men saňa öwredeýin.
– Wah, öwretsene, Kuly jan! – diýip, Kulynyň ýanyna bardy.
– Sen, ozaly bilen, göni bar-da: «Kätmenimi bejerip ber!» diý. Eger bejerip bermese, birinjiden, onuň ýasaýan zatlaryny öwmege başla, ikinjiden, aýalyny ýamanla, üçünjiden hem: «Obanyň içinden halan gyzyňy tut, men saňa gaçyraýyn» diý. Ine, şu sözler şonuň dilidir. Şulary aýtsaň kätmeniňi derrew bejerip berer – diýip, Kuly kätmeniňi egnine atdy. Çünki Kuly ussanyň bütin içki syrlaryny bilýärdi, hatda onuň aýalyna göwni ýetmän, aýryp, başga ýaş aýal aljak bolup, maksat tutup ýörşüne çenli bilýärdi. Ussa-da obada Kuludan başga adama syryny bermezdi. Sebäbi Kuly onuň ugrundan turýardy, gürrüňine hä berýärdi. Kulynyň bu aýdany Näzik ejäniň ýüregine jüňk boldy. Ol:
– Boldy, boldy, Kuly jan, onuň ýaly adam bolsa, men onuň uguny ýekelärin – diýip, Näzik eje ýoluna düşüp ugrady. Kuly:
– Bar, şeýdiý bakaly, soňunam soň göräýeris – diýip, o-da otagyna gitdi.
Ussa bolsa orta boýly, ak ýüzli, semiz, garynlak, garamtylragada sakgally bir adamdy. Onuň egninde elmydama ýakasy pyşdyl ýakaly, dyzyna ýetip duran ak köýnegi bilen giň, sülperip duran, ak balagy bolardy. Ol tomus günleri köplenç şu fasonynda gezerdi. Häli-şindi bolsa köýneginiň jübüsinden sakgal daragyny çykaryp, sakgalyny daraýardy. Käwagtlar bolsa sakgalyny ýalpyldatjak bolup, ýuwup, wazelin-de çalardy. Şeýdip, bu obanyň arasynda, dul heleýiň pişigi ýaly, ýaş aýal-gyzlara tiňkini dikip gezerdi. Munuň daşyndan gören näbelet adamlar: «Şu adam öň hökman molladyr ýa-da işandyr» diýip çak edýärdiler. Dogrudan-da, ol öň köne mollady. Onuň, ol kärinden paltasy daşa degeninden soň ol edil tilki ýaly timisgenip, obanyň içinden ussaçylyk käri tapyp aldy. Ol, ozaly bilen, orak dişemek, atyşgir ýasamak, iki şaýlyklary gulplamak ýaly zatlaryň üsti bilen kätmen-de ýasamaga başlady. Ol indi kolhozyň demirçi ussasy bolup işleýär.
Bu ussanyň adyna öň Bally molla diýýärdiler. Ol wagtlar musa näçe molla diýseň, şonça hoşuna gelerdi. Indi bolsa musa soňky ösdürimler: «Ussa, ussa aga» diýip at berýärler. Birnäçe garry adamlar ussanyň köneki adyna agyzlary öwrenişensoň olar: «Bally molla, armaweri!» diýip, dükanynyň agzyndan geläýse, bu at ussa «zäher molla» diýen ýaly degýärdi. Ol derrew ýaňky garra gözüni alardyp, öz ýanyndan aljyraňlyk tapýar. Ol «molla» diýen garry palta saplatmaga gelen bolsa, ussa onuň paltasyny saplaman, bir ýyllap saklardy.
Ikinjiden hem, bu ussa-uçursyz öwünjeň. Bir kätmen ýasaňa: «Şunuň ýaly kätmeni hiç bir ussa ýasap bilmez» diýip öwünýärdi. Beýleki ussalaram öwünjeňdir weli, olar bu ussanyň öwnüşini görýärler-de, ümsüm ýanyndan turuberýärler.
Üçünjiden-de, ussa ýaş, owadan gelin-gyzlary gaty gowy görýärdi. Başga adamlaram gowy görýändir weli, olar ussanyň şol hakda bolşuny görýärler-de: «Aý, biz-ä goýduk, ol, asyl, kebelek ýaly, oda-köze düşüp barýar» diýip heder edýärdiler. Emma weli ussany ýanyp duran oduň ýanyna ýeňsesinden pugta tutup, südürläp hem eltibilmersiň. Ýa-da iki adam bolup aýagyndan ykjam tutup, aşyk ýalyjak gyzaryp duran közüň üstünden basdyrjak bolup görüň. Nädersiň, agzyny göge tutup bagyryberse! Ýogsam onuň aýalam bar, oglam bar, gyzam. Ýaşam birçene barypdyram weli, onuň şonuň ýaly gylyklary özüni her hili masgaraçylygyň üstünden eltýär.
Näzik eje bolsa ussanyňka diýip, ýoldan ilerligine sozlup, öňündäki beýik haýadyň etegi bilen ýokarlygyna syryp, köçä düşdi. Ol köçäniň gündogar ýüzüne geldi-de, dükanyň agzyndan baryp girdi:
– Salamälik, ussa jan! – diýdi. Ussa körügini basyp duran ýerinden gözüni adamçy erkegiň gözi ýaly edip, gaňrylyp seretdi-de:
– Aleýk, gel, Näzik eje! – diýip, ojagyndaky kömürleri üýşürmäge durdy. Soň ol kömrüni tutaşdyrdy-da, sandalyna tarap ýöredi. – Ýeri, Näzik eje, näme işe geldiň? – diýip, Näzik ejäniň ýüzüne seretmän durup, ýüzüniň derini süpürdi.
– Men-ä, ussa jan, kätmenimi bejertmäge geldim. Ynha, şu taýyny gör, erbet döwlüpdir, hiç otag otap bilemok. Şuny, bir gaýrat et-de, tizräk bejerip bereweri!
– Onuň ýaly bolsa, goý-da ötägit. Erte bar, birigün bar, bejerip goýaryn – diýip, Näzik ejäniň göwni üçin kätmeniňi eline alyp, döwügine seretmedem. Näzik eje ussa ýalbaryp ugrady:
– Wah, ussa jan, muny ertire-birigüne goýarlyk, işi ýok-la! Eline alsaň, derrew bejerip bilersiň – diýip, ýerde ýatan gyýkym-gyýkym posly demirlere gözüni gezdirmege başlady.
– Onuň işiniň bardygyny-ýokdugyny men senden ýagşy bilýän. «Ussa berseň, elini çek, äre barsaň, diliňi çek» diýipdirler – diýeninden, Näzik eje dymdy-da, içinden: «Aý, bu alnygara bejerip beresi ýok-la. Munuň bilen men Kulynyň öwreden «dili» bilen gepleşip göreýin» diýip, sandalynyň ýanynda heniz saplanmadyk, täze ýasalan bir kätmeni eline aldy-da, onuň eýlesine-beýlesine seretdi:
– Elhepus, ussa, bu kätmeni-hä oňarypsyň-ow, edil maşyndan çykan ýaly edäýipsiň. Şunuň ýaly kätmen maňa-da gerek – diýip öwmege başlady. Ussa durup bilmedi, Onuň durup biljek gümanam ýokdy.
– Ýogsamam biziň elimizden çykan zadyň erbedi bolmaz! – diýip, sesini sozdy-da: – Aňryňdaky suw-çelege seret! Ýüz ýyllap suw daşasaň-da, demri sypjak gümany ýokdur – diýip, ojaga bir kätmeniň bokurdagyny salmaga durdy. Näzik eje:
– Hany? – diýip, öwrülip, çelegi gördi. Onuň ýanyna baryp, elleşdirdi-de: – Be, ussa, sen-ä muny ömürlik edäýipsiň, daşynyň demri-dagysy bile biten ýaly – diýip, onuň gapdalynda duran köne welosipede seredip, ussadan: – Bu dirzin näme? Sen dirzin hem bejerýärmiň? – diýip sorady.
– Buw, Näzik eje, sen nirede gözip ýörsüň! Şol dirziniň şu wagt abat ýeri ýokdur. Şony bir bejerip, dirzin ederin weli, köneligini tanap-da bilmersiň.
– Ine, ussa diýeniň şunuň ýaly bolaýsa! Ýok, sen demre-de jan berip bilersiň!
– Näme, demre jan bermek kyn zat däl, traktor dagyny hem men ýasap biljek ahyry!
– Sen ýasarsyň, sen ýasarsyň, ýüzügara Bibijemal şunuň ýaly, gyzyldan gymmat äriň-de gadyryny bilenok. Şunuň ýaly ärim bolsa, men elimiň aýasynda saklardym.
Emma Bibijemalyň adamkärçiligine söz ýok. Oba-da birnäçe aýalyň ärini gowy görüp, ärem aýalyny gowy görüp, biri-biriniň sarpasyny tutup ýaşaýyşlary ýaly, bu hem ýaşap biljek. Emma ýüregibaşga adam bilen ýaşamagy islemeýärdi. Şonuň üçin Bibijemal ussa oňat hyzmat etmeýärdi.
Ussa Näzik ejäniň sözüni eşidip, dodagyny dişledi:
– Aý, sen, Näzik eje, meniň derdimi gozgama! Ýamaşgandan saýlap-seçip, bir gyz almasam, gözümi açyp giderin – diýip, Näzik eje yssyrak seredip ugrady.
– Alyp bilersiň. Näme alman? Şindi hem seni gyzlar halar. Sen ýaly, hünäri beýik adamyny tapyp duran gyzlaryň ýaş-ýuşa barjak gümany barmy? Indi-hä, näme, gyzlar mugtam, ygtyýarlaram öz elinde. «Baraýyn» diýen adamyna barýarlaram – diýeninden soň, ussa elindeki edip duran işini taşlady-da:
– Dogry aýdýaň, Näzik eje, gyzlaryň meni halamajak gümanam ýok. Bibijemaly aýryp bilsem, halan gyzymy alyp biljek. Hany, äber kätmeniňi, göreýin?! – diýip, Näzik ejeniň kätmeniňi eline aldy. Onuň eýlesine-beýlesine seredip: – Munyň-a ullakan işi hem ýok ekeni – diýip, kätmeniň demrine çekiji bilen kakyp, demrini gaçyrdy. Näzik eje:
– Hawa-la, ussa jan, ullakan işi näme işlesin?! – diýdi. Içinden bolsa: «Hop, duruber, bu betbagtyň-a dilini tapyp ugrandyryn. «Dälä ýel ber, eline pil ber» diýipdirler» diýip, elini arkasyna tutup, ussanyň ýanyna ýakynrak bardy. – Seniň gyz almagyňa Bibijemalyň näme gürrüňi bolup biler? Ol ýüzügara seni gaýtyp ikelläp öýermeli ahyry.
– Onuň meni öýereninden ellibizar geçen-le! Ýene öz maşgalalarynyň arasynda otursa, men ony eklejek ahyry!
– Sen onuň ýaly gyrnagyň üçüsinem eklärsiň. Sen oňa şeýdiýersiň: «Men-ä öýlenjek. Söýleseň, meniň bilen bol, söýlemeseň gapdalymda otur!»
– Ýogsam näme?! – diýip, Näzik ejäniň kätmeniňi oda saldy. Körügini basmaga durdy.
– Ana, şeýtseň, utarsyň, soň gürrüňem bolmaz. Ýöne weli şu gün men bir maşgala gördüm – diýip, Näzik eje dükanyň agzyna gözüni aýlap, ussanyň edil alkymyna dykylyp bardy. Ussa:
– Ýeri, ýeri, haýyrly bolsun, bize ýaramly bolsun! Nirede gördüň? Sen, Näzik eje, çaý içersiň, men saňa derrew çaý getirdeýin – diýip, körügini taşlap, dükanyň içki agzyna bardy-da, howlynyň içinde oýnap ýören gyzyna: «Gyzym, derrew bir çäýnek çaý getiriň!» diýip gygyrdy. Onsoň Näzik ejäniň ýanyna gelip: – Näzik eje, iýip-içjek zadyň ýokdur-da? – diýip sorady.
– Ýok, ussa jan, men gaty dok, ýene meniň kätmeni-mi tizräk bejerip ber! Men otaga ýetişmelidirin.
– Asyl, ine, derrew bejerip bererin. Hany, sen ýasky maşgala gürrüňiniň yzyny aýtsana!
– Ýaňky maşgala diýenimi aýtsam, ussa jan, men şu gün günortanlar haly dokalýan artele bardym. Şonda (...näme işe bardymkam-gyz?!), hawa, Kulynyň aýaly Ogulbikede biziň işigimiziň açary bardy, şony almaga bardym. Görsem, ynha, dokmaçylaryň arasynda naw ýaly syratly, garaýagyzyňam owadany, ýüzi-gözi gülüp duran, saçy guşaklygyna ýetip ýatan bir gyz bar. Ol gyz dokmaçylara: «Gelinler, ol ýüp ýaramasa, alyp, şu ýüp bilen çitiberiň!» diýip, ýüp berişdirip ýören ekeni. Men bu gyza änewüjiň ýanynda çommalyp oturan ýerimden ýagşyja syn etdim-de, Ogulbikäniň gulagyna pyşyrdap: «A-gyz, bu gyz kim? Şu obanyň gyzy-ha däl» diýenimden, Ogulbike-de meniň gulagyma pyşyrdap: «Bu gyz raýondan biziň haly artelimiziň başlygy edilip iberilipdir. Gelenine bäş-alty gün boldy. Adyna Gözel diýýärler...» diýip, sözüni soňlamanka, ussanyň gyzy bir çäýnek çaý getirip gitdi. Ussa eli çäýnekli gelýän gyzyny göreninden, elini Näzik ejäniň agzyna tutup:
– Ýuwaş! – diýdi. Näzik eje dilini dişläp, ussanyň gyzynyň ýüzüne seretdi. Ol gidýänçä, sesini çykarman durdy. Gidensoň ussa: – Bar, Näzik eje, otur-da, çaýyňy, iç! Men kätmeniňi, eýlesi-beýlesi bakmankaň, derrew bejererin – diýdi. Näzik eje:
– Şeýt, ussa jan! – diýip, düşejigiň üstüne geçip oturdy-da, çaý içmege başlady we edýän gürrüňini dowam etdirdi: – Emma gowy maşgala ekeni. Onuň oturyşyna-turşuna seretseň, oba gyzlarynyň birnäçelerinden tertipli, onuň özi bir asylly ýeriň maşgalasy bolmaga çemeli. Şony-dagyny sen alaýsaň, onsoň sende arman galmaz – diýeninden, ussanyň kellesinden huşy geçdi. Bir gezek eline çekijini alyp, bir gezek ysajyny alyp, körügi bilen sandalynyň arasynda ikiýana loňkuldap ylgady:
– Be, be, Näzik eje, sen-ä meniň tüýs ýüregimden turduň. Ol-a meniň diýjek gyzym ekeni.
– Hawa, hawa, tüýs seniň diýjek gyzyň, ol saňa mynasyp maşgala. Ussa jan, şol kätmeni gaty gowy edip bejereweri!
– Aý, indi sen kätmeniň gürrüňini etme. Kätmeniňi şeýlebir bejärin weli, sapyndan tutubilseň, öz-özi otaberer ýaly ederin. Hany, sen aýtsana, şol gyzy men nähili ýol bilen alyp bilerin? Eger sen ol gyzy maňa gaçyrmaga kömek berip bilseň, gör, men seniň nähili gadyryňy bilerin?!
– Wah, ussa jan, kömeg-ä janym bilen berip bilerdim weli, meniň ol gyz bilen tanyşlygym ýok-da! Ýöne weli saňa kömek berip biläýjek aýaly salgy bereýin. Sen göni bar-da, Anna pilpiliň aýalyny gör, ol şunuň ýaly zada gaty ökdedir. Sen oňa ilki baryp aýdanyňda: «Ýogeý, ýogeý» diýen bolar weli, sen onsuna ynanmagyn. «Bir halat edeýin» diýäýseň, ylgaberse gerek – diýip, käsesini goýup, ýüzüniň derini gysajy bilen süpürdi.
Anna pilpiliň aýaly bolsa obada telefonlaryň stansiýasydyr. Onuň şunuň ýaly gürrüň gulagyna iläýse, iýmeden-içmeden kesilip, gürrüňi eltmeli ýerlerine şolbada eltýändir. Aý, bu hakda soň gürrüň ederis.
Ussa kätmeni taňk-taňk edip, derrew bejerdi-de, kätmeni saplamaga durdy. Ol ýene sözüni dowam edip:
– Wah, Näzik eje, şonuň ýaly, iş bitirýän aýal tapsam, iki haladam bermege boýun-la! Ýöne men, ozaly bilen, ol gyzy göreýin, ýagşy synlap, gözümden geçireýin.
– Hawa, ussa jan, gör, meniň-ä şol gyza synym oturdy. Aý, artykmaç gyz-a!
– Seniň synyň oturan bolsa, meniňki hem oturar... Ynha, kätmeniňi bejerip boldum – diýip, Näzik eje uzatdy. Näzik eje çaltlyk bilen ýerinden turup, kätmeniňi eline aldy, eýlesine-beýlesine seredip gördi-de:
– Ussa jan, muny-ha gaty oňarypsyň, tüweleme! Eliň-gözüň dert görmesin! – diýip, aýagyna galoşyny geýip, gitmege hyýallandy. Ussa Näzik ejeden ötünç diläp:
– Näzik eje, bagyşlarsyň, men seni başda tanamandyryn. Indi tanadym. Ýene bejermeli kätmeniňiz bar bolsa, getiriberiň, men bejerip bererin – diýdi.
– Bolýar, ussa jan, men tizräk gidewereýin, otaga ýetişmelidirin – diýip, dükandan çykyp, gowaça tarap gitdi.
Ussa Näzik ejäniň yzyndan diňirgendi-diňirgendi-de: «Be, Näzik eje gowy aýal ekeni! Men muny, asyl, beýledir öýtmeýärdim. Munuň bilen gepleşip otursaň, artykmaç adam ekeni» diýip içini gepletdi. Soň ussa şol gyzy görmegiň we ony nähili gola salmagyň pikirinde boldy. Ol dükanynda tä ikindine çenli şol dogruda pikir edip, kemally bir iş etmän, käwagtam ýürek joşgunlyk hiňlenmesini edip güýmendi.
Gün ikindi bolanyndan soň dükanyny baglap; «Gel-bir, kooperatiwden çaý-paý alaýyn» diýip, kooperatiwe tarap gitdi. Ol wagt hem onuň egninde ak köýnek-balagy bar, başynda maşyn tiken tahýasy bilen aýagynda köneräk galoşy bardy. Ol ýolboýy sakgalyny darap barýar. Ol kooperatiwiň agzyndan bardy-da, daragyny jübüsine salyp, içine girdi. Gireninde, üç-dört sany adam bilen egni keteni köýnekli, başy ýüpek öýmeli, saçy guşaklygyna duşup duran gyza gözi düşdi. Ussa ol gyzyň gapdalyna bardy-da, onuň inine-boýuna seretdi. Gyz ussa tarap seredäýende, ol ýüzüne edil maýmyn ýaly tiňkerilip seretdi. Gyz hem ussanyň seredişinden onuň gözüniň geň däldigini bildi-de, birki edim beýleräk süýşüp, gerek zatlaryny almaga durdy.
Ussa weli töweregine duýdurmajak bolup, gözüni aýyrman syn etdi hem içinden: «Özüň-ä Näzik ejäniň salgy beren gözlerine meňzeýärsiň» diýip, öňündäki tagta abanyp, eserdeňlik bilen satyjynyň birini ýanyna çagyrdy. Satyjy ussanyň ýanyna gelip, alkymyny galdyrdy-da:
– Ýeri, ussa aga, Näme aljak? – diýdi.
– Maňa... gözüňe döneýin çaý gerek!
Satyjy:
– Näçe? – diýeninden, ussa ol sözüň arasynda türkmeniň parsy dili bilen:
– Buju gyjyz kijim, sejen tajanýajarmyjyň? – diýdi. Satyjy onuň ýaly dile düşgürdi. Ol-da şol dil bilen:
– Bijizijiň hajalyjy ajartyjylyjymyjyzyjyň bajaşlyjygyjy – diýip jogap gaýtardy. – Hany, aýt, näçe çaý gerek?
– He, boldy! Iki çetber çaý berseň bolar – diýip, jübüsinden birtopar ýeke manatlygy çykardy. Ony Gözele tarap seredip sanady-da, satyja berip, çaýyny aldy. Ussa çaýyny alansoňam, kooperatiwiň içinden gitmän, çaýly elini arkasyna tutup, diwaryň ýüzündeki plakatlara gözüni gezdirip ýerdi. Emma weli ogrynlyk bilen Gözele seretmesini kesmeýärdi.
Edil şol wagt kooperatiwiň agzyndan Çary mugallym girdi. Onuň, gözi Gözele düşeninden ýylgyryp, Gözeliň ýanyna geldi. Gözel-de ony göreninden, ýylgyryp garşylady:
– Gel, Çary! – diýip, alan zatlaryny goltugyna aldy-da, zat alyjylardan bärik saýlanyp durdy.
– Ýeri, Gözel, nämeler alyşdyrdyň? – diýip, Çary sorady.
– Aý, öý üçin çäýnek-käse, tarelka alyşdyrdym. Ynha, gör, boljakmy? – diýip, Çara görkezdi.
– Bolmajak gümany barmy, örän gowy! Ýene näme alsaň-da, jübüt algyn – diýip güldi.
Emma ussa Çarynyň Gözeliň ýanyna baranyny görüp, eýýäm gabanyp, gözi hanasyndan çykaýjak boldy. Ol aýagy bişen pişik ýaly, bir ýerde durup bilmedi. Soň Çary bilen Gözeliň arasyna çöp atyp bilmejegine gözi ýetdi-de, ol öz ýanyndan Çarynyň üsti bilen Gözel bilen tanyşmagy ýüregine düwdi. Ol elini süýreldip baryp:
– Salam, Çary mugallym! Men seni görmändirin, bagyşlarsyň – diýip görüşdi. Onuň yz ýanyndan hem it ýylgyryşyny edip: – Amanmy, gyz? – diýip durdy. Ol ikarada kişiklenen oglan ýaly, bir gezek Çarynyň ýüzüne, bir gezek Gözeliň ýüzüne seretdi. Çary gözüniň gytagy bilen ussa seretdi-de:
– Zeleli ýok – diýip, Gözel bilen gürrüňini dowam etdirdi. Gözel bolsa:
– Saglykdyr – diýip, çala agzyny gymyldatdy. Ussanyň ozalky pikiri Gözel bilen hem görüşmekdi, emma ol minut Gözele elini bermäge bogny ysmady, çünki Onuň begenjinden ýüregi gürsüldäp, elleri sandyrady. Onuň üçin-de zordan: «Amanmy, gyz?» diýmege dili aýlandy. Galanynam ýylgyrma berdi-de, ernini bir ýere ýygrybilmän, hyňranyşan güjük ýaly, ep-esli syrtaryp durdy. Görse, olar ussa hiç bir pikir bermediler. Ussa ony duýdy-da, olaryň ýanyndan aýrylyp, elini arkasyna tutup, kooperatiwiň zatlary-na gözüni gezdirmäge başlady. Emma ussanyň gulaty weli Çary bilen Gözel tarapdady. Çary Gözele:
– Entek sen dur! – diýip, baryp, bir çüýşe odekolony aldy-da, jübüsine saldy. Gözeliň ýanyna gelip hem: – Hany äber zatlaryňy, men göterişeýin – diýip, Gözeliň elinden çäýnek-käseleri aldy-da, ikisi tirkeşip, kooperatiwden çykdylar. Bular aşak tarapa köçeniň ugry bilen deňje ýöräp gitdiler.
Ussa-da bularyň yzyndan çykyp, kooperatiwiň agzynda durdy. Olaryň yzlaryndan gözüni aýyrman seretdi. Ol içinden: «Oba mugallymlaram edil möjek ýaly-how! Oba bir delje zat gelse, şony derrew tapýarlar-da, öz ýanlaryna geçirmekçi boluberýärler. Sen, Çary mugallym, şony-ha öz ýanyňa geçirmersiň! Seniň ýaly agzysary oglanyň elinden şol gyzy alyp bilmesem, men hem ussa adymy taşlaryn!» diýip, gaharlanyp, tamyna baka gaýtdy. Ol tamyna geldi-de, daş işikde köçeniň üstünde çal bilen çörek iýip oturan aýalyna:
– Ynha – çaý! – diýip, iki çetber çaýy aýalynyň üsüne oklady. Soň aýagyndan galoşyny çykaryp, özi ýasan agaç krowatynyň üstüne çykdy-da, aýbogdaşyny gurup, dommarylyp oturdy. Gözeli almak hakynda pikire gitdi. Soň ol uludan demini aldy-da, aýalyna seredip: – Indi näme otyrsyň? Bar, çaý gaýnat-da! – diýip azgyryldy.
– Be, bolşuň nätüýsli? Bir ýerden geleniňde, gyzýaň-da geläýýäň – diýip, aýaly ýerinden turdy.
– Bolup oturyşyň şol bolsa, men elmydam gyzgynlydyryn.
– Gyzgynly bolsaň boluber, şu adamlar hem özüni sençe görýär. Seniň, asyl, ömürboýy içiň düzelmän geçdi.
– Saňa meňzeş heleýi bolanyň asyl içi düzelmez.
– Düzelmese, düzelmän geçsin, meniň-ä bolşum şu! Islemeseň, gowusyny taparsyň-da?! – diýip, aýaly yzly-yzyna sugşuryp, gara kündügi suwdan dolduryp, ojaga baka gitdi.
– Ýogsam hem gowusyny taparyn – diýip, ussa ýüzüni kese sowup oturdy. Aýaly kündügiň aşagyna ot ýakdy-da, gury odunlary salyşdyryp gaýtdy. Tamyň gapysyna gelip:
– Toba-tagsyr, «Il aglak bolsa, doňuz depe çykar» edýärsiň – diýip, oturyp, çäýnegi süpürişdirip, çaý atdy. Ussadan hiç bir ses çykmady. Ussadan jogap bolmansoň aýaly-da sesini goýdy.
Soň ussa çaýyny içip, çöregini iýdi-de, ýagşy garaňky gatylyşandan soň turup, Anna pilpiliň aýalynyň ýanyna baka ugrady. 

II.

Anna pilpiliň aýalynyň adyna Akjemal diýerdiler. Ol uzyn, inçemik, agzy-burny towlanyp duran bir aýaldy. Onuň kellesinde elmydama soky ýaly börügi bolardy. Onuň hem alnyny bir daňsa, te gysajy ýyrtylyp gaçyp, ýeňsesinde bir tutam bolup galýança, çalşyrmazdy. Saçyny-dagysynam bir darasa, soň, saçy keçe ýaly bolup ýapýança hem iki gulagy saçynyň arasyndan towşanyň gulagy ýaly keýkerip çykýança, daramazdy. Köýnegini-de edil şonuň ýaly saklardy. Munuň üstüne-de, käwagt egnine sowuk suw alaýmasa, ömründe endamyny sabyn bilen ýuwjak gümany ýokdy. Onuň üçin-de onuň endam-jany gat-gat kirdi. Aýaklarynyň bolsa dabanlary kirden jaýryk-jaýryk, her jaýrygynda guş guzlaýmalydy. Nätsin bu pahyr, özüne we geýim-eşigine seretmege eli degmeýär ahyry! Onuň işi aňsat däl, dagdan mumyýa tüpeňläp alandan-da kyn. Meselem. onuň işi: gününiň ýaryny-ha obanyň içine selpäp, gürrüň gözläp geçirmeli, bardy-geldi, gulagyna bir gürrüň ildimi, onam eşitmediklere ýetirmek üçin galan gününiň barynam şonuň bilen geçirmeli, agşam hem ýatmaly. Onsoň nireden onuň wagty bolsun?!
Bu iş aňsat däl, walla, aňsat däl! Meniň pikirimçe, bu wezipäni Akjamaldan başga adamyň başaryp biljek gümany ýok. Belki, bilmeýärin, başga obalar-da-da Akjamal ýaly, şu işe bişişen ýek-tük bardyr, olar başararlar, oňa sözüm ýok. Ýöne weli bu işe bişişmedik bir aýalyň boýnuna bu wezipeni ataýsaň, ýarpy gününe-de çydabilmän, maýrylyp galjagyna gözüm ýetýär. Onsoň neneň Akjemal pahyr özüne seredip bilsin?! Ine, bu Näzik ejäniň ussa salgy beren aýalydy.
Ussanyň barjak güni Akjamal uzakgün obany selpäp-selpäp, kemally bir gürrüňi gulagyna ildirip bilmedi. Tapan gürrüňini hem, içiniň tutarygy bolmansoň almady, çünki içi tutaryksyz gürrüňden birnäçe gezek agzy bişipdi. Şonuň üçin hem ol gaty gamgyn bolup, çaý-çöregini iýmän, ilkagşam daş işikde köçeniň üstünde aýagyny uzyn salyp, ýüzüni sortduryp otyrdy. Anna pilpil bolsa onuň gapdalyn-da tirsegini ýassyga berip, çaý içýärdi. Ol Akjamalyň ýüzüne seretdi-de, onuň ugry ýoguny bilip lak atdy:
– Ýeri-how, söwdügim, näme beýle, ýüzüňi sortdurýarsyň? Näme, bu gün gybat etmege gürrüň tapmadyňmy ýa tapan gürrüňiň ýalan çykaýdymy? – diýip ýylgyrdy. Akjamal:
– Ýeri, sen ony seljerip bilmersiň – diýip, ýüzüni kese sowup, gaşlaryny çytdy.
– Aý men: «Ony seljerip bilerin-ä» öýdemok. Hany, men şu gapylara aýlanyp göreýin, hiý, saňa ýürekse bolar ýalak, az-kem gürrüň tapyp bilmezmikäm?! – diýip, Anna pilpil çaýyny içip, turup, ol gapylara gitdi. Akjamal hem ýadawlygyndan oturyp bilmän, bir tarapyna süýnüp, içini gepledip ýatdy. Ynha, on-on bäş minut geçenden soň «Baýguşuň rysky agzyna geler» diýen ýaly, kepbäniň ýeňsesinden ussa:
– Ýit-ä, ýok bol! Anna pilpil! – diýip, gygyryp, gapa geldi. Akjamal çaltlyk bilen ýerinden galdy-da:
– Ol-a ýok. Geliber, ussa aga! – diýip, ussanyň yzyndan ýapyrylyp gelýän iti kowdy hem ol: – Ussa aga, düşek üstüne geçip oturyň, ynha, demlije çaý! – diýip, özüniň içmän goýan çaýyny hödürledi.
– Oturjak özüm-ä, çaýysy hem içjek. Hany, Anna pilpil nirä gitdi? – diýip, galoşyny çykardy-da, düşegiň üstüne geçip, aýbogdaşyny gurup oturdy. öňüne çäýnegi alyp içmäge başlady.
– Olam ýaňy hol öýlere gezmege gitdi, tiz gelse gerek – diýip, kepbesine girip, üç gün aşan, süňk ýaly petir çöregi getirip, ussanyň öňünde goýdy. Ussa çaýynyň arasynda ondan-mundan gürrüň edip başlady. Akjamal bolsa häsini ýetirip, ussanyň agzyndan özüne gerekli, «ähmiýetli» gürrüňe garaşýardy. Ussa gürrüňiniň ahyrynda türkülemeli boldy. Ol:
– Akjamal gelin, meniň saňa bir ýumşum bar, şony sen bitirmeli bolarsyň! – diýeninden, Akjamal has içginräk durup:
– Näme ýumşuň bar, ussa aga? Menden bitmeli ýumuş bolsa, derrew bitirerin – diýip dymdy-da, içinden: «Hudaýym, oturmaly iş bolmabilse ýagşydyr» diýip: – Hany, aýdyň, ussa aga! – diýdi hem ussanyň aýtmagyna howlukdy.
– Sen haly arteliniň başlygy bolup gelen gyzy tanaýarmyň?
– Ussa aga, men: «Ony tanaýan-a» diýip biljek däl, ýöne daşyndan görýän. Şäheriň suwuny içen gyz-da! Ýeri, näme?
– Onuň şäheriň suwuny içeninde gürrüň ýok. Sen şony maňa gaçyrsaň, bir halat sylagyň bar.
– Wiý, ussa aga, siziň aýalyňyz, gyzyňyz bar ahyry. Özüňizem sakgally-sarmykly adam.
– Bolubersin. Aýalymy aýyrjak, meň onuň bilen jynym jyňkyryşmaýar. Sakgalymyň bolsa gürrüňi bolmaz.
– Wiý, heýlemi, onuň ýaly bolsa boljak. Wah, meniň oňaraýjak ýumşum ekeni weli, ol gyzy men tanamok-da. Eger tanaýan dagy bolaýsam, bir günüň içinde gaçyrardym. Ýene men şol gyzy saňa derrew gaçyraýjak aýaly salgy bereýin.
– Hany aýt, kim?
– Ol Eseniň enesidir. Sen, asyl, başga aýal hem diýjek bolma-da, şona ýalbar – diýip, Akjamal bu gürrüňi eşidenine begenip, süňňi ýeňledi. Ussa birsalym dymyp oturdy.
Eseniň enesi bolsa Akjamlyň iň ýigrenýän aýalynyň biridi. Çünki Eseniň enesi Akjamaly gören ýerinde: «Ine, şu hem aýal-da!» diýip sögübererdi, şonuň üçin hem Akjamal ony ýigrenerdi.
– Bolýar, eýsem bolsa, men Eseniň enesini hem göreýin. Emma men saňa tabşyrýan: şu gürrüň hiç bir ýere çykmasyn. Aýdan men bolaýyn, eşidenem sen bol, bolýarmy?
– Ýogeý, ussa aga, menden arkaýyn bolaýgyn, aýdan gürrüňiň aýdan ýerinde galar. Men olar ýaly gürrüň gezdirip ýören aýallardan däldirin. Men dilime buýrup bilýän aýallardandyryn.
– Şonuň ýaly bolsaň, ýagşy! Onda men turaýyn. Akjamal gelin, meni itiňizden geçiriň! – diýip, ussa ýerinden turdy, galoşyny geýdi.
– Ynha, men iti tutup duraryn, sen gidiber – diýip, ussany itden geçirip goýberdi.
Akjamal gelip, ýerinde oturdy-da: – Hop, duruber bakaly! Ertir daň ataýsa bolýar, ussanyň bu gürrüňini oba jar ederin – diýip, daňyň atmagyna howlugýar. Ol durup bilmän, daşyna-içine garanjaklap, goňşy-golamlaryna baryp aýdaýasam gelýär weli, goňşularynyň-da bary ýatypdyr. Bäş-alty öýden aňyrda bir gapynyň işiginde gürrüň sesi gelýär weli, oňa-da gulagyny tutýar, emma erkek adamlaryň sesini eşidýär-de: – Al, meniňki bu gün boljak däl – diýip oturyberýär.
Dogrudan-da, päliýaman ussanyň gürrüň gezdirýän aýala sataşmagy gerekdi, sataşdam. «Ýöne weli Akjamalyň köp gürrüňleri ýalan çykansoň indi onuň çyn sözüne-de ynanmazlarmyka» diýip gorkýarys. Emma weli bir tamamyz bardyr. Il ynansa-ynanmasa, Akjamalyň içinde gep ýatmajagyna biz ynanýarys.
Ol gijesi Akjamal ertirki etjek gürrüňini suw ýaly bişirip, üstüne-de «birazajyk» prosent goýup ýatdy. Ýatsa-da, gözüne uky gelmedi.
Ussa Eseniň enesini hem gördi. Ondan-da zat çykmandan soň bir gün agşam kellesini ýassyga goýanyn-da, şu pikire gitdi: «Gel, men ertir günortanlar artele gideýin. Artele baranymda, boş barmazlyk üçin günortana çenli birnäçe keseri ýasaýyn. Elim keserlije barsam, Gözel meni görüp, ýanyma geler, meniň bilen gepleşer. – Ussa aga, geleniň gowy boldy, men seni görjek bolup ýördüm. Sen biziň syndylarymyzy çalyp ber, döwlen daraklarymyzy bejerip ber, men seniň gadyryňy bilerin – diýer. Men hem elimi döşüme goýup, oňa: – Başüstüne, keýgim, näme işiň bar bolsa, çekinme-de buýruber, men seniň işiňi etmege gaty höwesim bar – diýerin» diýip we ussa şuňa meňzeş pikirler edip, ahyry uka gitdi.
Ussa ertir turup, dükana girdi. Günortana çenli bäş-alty sany gowy keser ýasady. Keserleriň içinde iki sanagy aýratyn-da gowudy. Onuň birini bolsa Ogulbike, birini hem Gözele niýetläp ýasady. Günorta bolansoň ussa ol keserleri dükanyň tekjesinde üýşürip goýdy-da, dükanyny baglap, tamyna baka gitdi.
Ol tamyna baryp, nahar-pahar bilen hem bolman, aýna bilen ýolgujy we gaýçyny alyp, daşaryk çykdy. Baryp, tamynyň güneş ýüzünde oturyp, arkasyny tama berip, sakgalynyň öňünde we duluklarynyň üstünde dürterip duran gyllaryň baryny goýman, ýoluşdyryp çykdy. Sakgalynyň bolsa düýbünden gaýçyny salaýmaga çekindi. Şeýle-de bolsa, ol sakgalyny gyrkyp azaltdy. Ýene bir gün gaýçyny eline alaýsa, tüýs gyrçuw boljagy görnüp durdy. Ol şonuň bilen galanja sakgalynyň aşagyny hem päki bilen syryşdyrdy. Diýmek, ussa ýüzüni bejermek we sakgal-murtuny azaltmak üçin bir sagatlap iş edindi. Onýança-da onuň gyzy ýanyna gelip:
– Ýör, kaka, naharyňy iýseň! – diýdi.
– Bar, siz iýiberiň, men iýjek däl – diýip, ýerinden turdy. Kündügi alyp, ýüzüni, kellesini ýuwdy. Tamyna girip, süpürindi-de, ýüzüne, murtuna ýag çaldy. Aýaly çagalary bilen nahar iýip oturan ýerinden:
– Aýu, sen näme üçin nahar iýmeýärsiň? – diýip, ussanyň ýüzüne seredip, sakgalyny gördi-de, içini çekdi. Bir eli bilen ýakasyny tutdy-da: – Tobeý, ama-neý! Ussa, Hudaýdan gork, ilden utan! Il-gün görse, saňa näme diýer? Indiden soň seniň beýtmegiň gaty gabahatdyr – diýip käýedi.
– Il-gün näme diýse, şony diýsin! Sakgalymy şu, günki gün islemeýärin, aýyrjak. Meniň sakgalym bilen il-günüň näme işi barmyşyn?!
– Bar, barysyny hem aýyrsana, biz-ä, belli, atyň gulagy ýaly! Il seniň gürrüňiňi eder, şony-ha men bilýän – diýip, aýaly elini çanakdan çykaryp, barmaklaryny ýeke-ýeke ýalady.
– Goý, il gürrüňimi etsin, bir eder, bir goýarlar – diýip, oturyp, aýagyna sary tuflisini geýdi. Aýaly:
– Sen-ä bir ýere hyýallanýarsyň, nire? – diýip sorady.
– Hol biri myhmançylyga çagyrdy, şona gitjek. Hany, meniň ýuwulgy köýnegimi, balagymy alyp ber!
– Mundan ozal myhmançylyga gideňde, munuň ýaly bolup gitmeýärdiň. Sen-ä bir zadyň köýüne düşüpsiň – diýip, aýaly gap-çanagy aýryp, saçagy dolaşdyryp, dulda goýdy. Gyzyl çuwalyň ýanyna baryp, Onuň içinden ussanyň köýnek-balagyny çykaryp: – Ynha! – diýip, öňüne oklady.
– Hiç zadyňam köýüne düşemok. Abraýly ýere barjak bolsaň, oňat geýnip barmaly ahyry – diýip, geýimlerini çalşyrdy. Egnine bolsa dyzyndan geçip duran gara jilisgesini geýdi. Başyna bolsa maşyn tiken tahýany geýip, daşaryk çykdy. Onuň ýedi ýaşyndaky ogly ejesiniň ýüzüne seretdi-de, kakasynyň yzyndan ylgap, daşaryk çykdy. Baryp, kakasynyň elinden tutdy-da:
– Kaka, menem äkitsene! – diýip ýalbardy.
– Ýok, oglum, sen gitme, men derrew gelerin!
Ejesi bolsa içerde ogluna göz ümläp:
– Yzyndan galaýmagyn – diýdi. Ussa tä dükana barýança, ogluna ýalbaryp-ýakaryp: «Ony getirip bererin, muny getirip bererin» diýip galdyrdy.
Ussa dükana baryp, ýasap goýan keserlerini elýaglygyna salyp, artele baka ugrady. Emma onuň ýüregi uly bükgüldidedi. Ol ýolboýy pikir edip barýar. Onuň edýän pikiri: «Men dokmaçylaryň ýanyna baryp duraryn. Gözel meni görüp, ýanyma geler. Ine, şol wagt men ony halaýandygymy nähili yşarat bilen oňa duýduryp bilerkäm?! Birden bir göz gypaýsam, onda-da ýaramasa, olam gowy däl. Ýa-da meniň bilen görşäýse, menem elinden gysaýsam, onam ýokuş göräýse, aý, ýok, olam däl. Gel, iň gowusy, Ogulbikäniň üsti bilen iş görüp ugraýyn» diýip, ýene ol pikiriniň üstüne: «Ol gyz şäherde okandyr, mekdebini gutarandyr, okuwlydyr, ol şäher eşigini gowy görýändir» diýip, egnindeki jilisgesine, köýnegine, balagyna serediň: «Aý, onuň özi akylly gyz bolsa, geýime seretmez, adama sereder, Eger geýim-seýim hakynda gürrüň bolsa, onda men hem üýtgedip bilerin ahyry» diýip barýar. Ussa şol barşyna, ol edýän pikirlerini hem taşlady. Gözeli almak dogrusynda ýüreginden bir şatlyjak tapyp, eýlesine-beýlesine seredip, ýörişini çaltandyrdy.
Ussanyň barýan ýoly iki öýüň arasyndan geçip, ondan hem ullakan ýola düşýärdi. Ullakan ýol bolsa göni arteliň işiginden geçip, şähere gidýärdi. Ussa barşyna, ol öýleriň arasyndan geçmekçi bolanynda, sag gapdalyndaky öýüň kölegisinde aýagyny ýassanyp ýatan goňur itiň gözüne gözi düşdi. Içinden: «Bu haram gatan meni ýaraýmasyn» diýip, ondan gözüni aýyrman, köwejekläp, ýoldan çykdy. Çep tarapyndaky öýüň gapdaly bilen ýöräp ugrady. Ol öýüň bolsa bäş ädim ýeňsesinde bir ýogyn gazyk tikilgi. Onuň gapdalynda itiň hini bardy. Ussa bolsa ol itden gözüni aýyrman, gyýalap, ol gazygyň alkymyna baryp dykyldy. Onýança-da hälki hinden semiz ak it zybyrdap çykdy-da, gabyr-gubur edip, ussanyň ýeňsesinden ýapyşdy. Ussa duran ýerinden gygyryp zyňdy, üç ädim beýläk düşdi. Ussa ýene ýedi ädim gaçyp, yzyna dolanyp seretdi. Boýny zynjyrly, özüne üýrüp duran, ak iti gördi. Daş işikde hiç bir adam görmedi. Itiň eýesine eşitdirjek bolup: «Heý, itiňiz başyňyzy iýsin! Onuň ýaly iti tüpeňläp öldürmek gerek» diýip, saňsyldap hüňürdedi. Soň baryp, uly ýola düşdi. Emma weli it ussanyň syrtyndan çorbalyk alyp bilmese-de, onuň edil syrtyndan toýnuklap böwüsdi-de, aşak sallap goýberdi. Ussa itden gorkup, aljyramagy bilen syrtyna seretmegi bütinleý ýadyndan çykarypdy. Ol indi syrtyny möjek degen goýnuň guýrugy ýaly edip, göni artele baka haýdap barýar.
It ussanyň elli ädim ýerde keýpini bozdy, başga eden «zyýany» ýok. Ol artele ýakynlanyndan, tahýasyny maňlaýyna geçip, hekgildän bolup ýöredi. Onuň syrtyndan seretseň, baý, gelişýär-ä! Ol ilki öýünden çykyp, batly ugranynda, jilisgesine ýel duşup, syrtyny birnäme köweldýärdi, indi bolsa jilisgesinde ýel äginjek gümany ýok. Ol şol barşyna, keýpi göterilip, jübüsinden sakgaldaragyny çykaryp, murtuny, sakgalyny daraşdyryp, aý, garaz, özünde kemi bardyr öýdenok-da!
Ussa şol barşyna, eli keserlije, arteliň agzyndan baryp girdi. Ýüzlerini galdyrman, dokma çitip oturan gelin-gyzlara:
– Salawmaleýkim, gelinler! – diýip, ýyljyraklap, öňündäki gelniň gapdalynda baryp durdy. Dokmaçylar ýüzlerini galdyryp, ussanyň ýüzüne seretdiler-de, ýene çitimlerini dowam etdirdiler. Çünki ussanyň ýeňsesi işige bakady. Onuň syrtyndaky ýyrtyk heniz görünmeýärdi. Orta ýaşan bir aýal elindeki çitip oturan ýüpüni taşlady-da, başga bir ýüp alyp, ussa seretdi:
– Aleýkim, geleweri, ussa aga! Elhepus, artele-daga gelmelidirem öýdeňzok. Käwagt gelip, syndymyzy çalyp bereniňden-ä geçen, ýene gelip: «Arma!» diýseň-de, biziň göwnümiz bitjek – diýip söz açyp ugrady.
– Wah, keýgim, menem sizin ýaly işli adam, işden sypyp bilmeýän. Ynha, men size birtopar keser ýasap hem getirdim – diýip, Gözeli görjek bolup, dokmaçylaryň içine gözüni aýlamaga başlady. Onýança-da beýleden Ogulbike:
– Be, ussa aga, keser getiren bolsaň, örän gowy! Şeýdip, kömegiňizi berseň, bizem seniň gadyryňy bileris – diýdi.
– Aý, walla, kömegimizi bereris-le! Şu gün kolhoz başlygy maňa aýtdy: «Dokmaçylaryň arasyna baryp, bejermeli işleri bar bolsa, bejerip ber» diýdi – diýip, öňündäki aýaldan eglip: – Başlygyňyz nire gitdi? – diýip sorady. Ol gelin:
– Ýaňyja daşaryk çykdy – diýip jogap berdi. Ussa bu jogaby alanyndan soň öz ýanyndan: «Gel, men bu keserleri Gözele bereýin, ol dokmaçylara berişdirer» diýip, özüne maslahat berdi.
Onýança-da işikden bir gelin girdi. Onuň iki gözi hem göni ussanyň syrtyna düşdi. Ol birden pyňkyryp güldi. Gülküsini saklajak bolup, öňküsinden hem beter güldi. Dokmaçy aýallaryň hemmesi erişden başlaryny galdyryp, aňka-taňka bolşup seredişdiler. Ussa olardan-da beter aňka-taňka boldy. «Be, bu gelin nämä gülýärkä?» diýip öwrülip, işige baka seretdi. Dokmaçylaryň hemmesiniň gözi ussanyň syrtyndaky atgulaga düşdi. Bary birden pakyrda berdiler, bir-näçesi gülüp, kese ýykyldy, birnäçesi bolsa içini tutup: «Waý, içim, waý, içim! Waý, ol alnygarany kowuň!» diýip, aýaklaryny kakyp ýatyr, birnäçesi bolsa gülüp, eliniň aldygyndan kiçiräk ýumaklary ussa tarap zyňyp ýatyr. Ussa weli derrew beýlesine dolandy. Ol özünde henizem müýn bardyr öýdenok, dokmaçylaryň gülýänini gördi-de, öz ýanyndan: «Ýaňky işikden giren aýal ýykylandyr, bular şoňa gülýändir» diýip, özi-de gülesi gelmese-de, ho-ho-ho edip, syrtyndaky sallanyp duran gulagyny galgadyp, iki ýana ýöremege başlady, Soňabaka ussa hemme dokmaçylaryň özüne bakyp gülýänini duýdy-da, iki ýana ýöremesini kesip, bir ýer-de doňan ýaly bolup durdy. Ussa öz-özüne: «Be, meniň güler ýaly nämem barka?» diýip, iki egnini gysyp, gözlerini tegeläp, dokmaçylara seretdi. Onýança-da bir aýal iki eli bilen agzyny pugta tutup, ussanyň ýanyna geldi-de, ussanyň ýeňinden tutup:
– Sizin... – diýdi-de, pyňkyryp gaçdy. Şol wagt ussanyň elinden keseri gaçdy. Ussanyň gaty gahary geldi hem ýüzi-dagysy edil çapady ýaly gyzardy. Dokmaçylara ýüz tutup:
– Näme, bu taýda syrtyny açan barmy? – diýip gygyrdy. Şol minut ussa: «Hawa-la, hawa-la!» sesini eşidip duran ýerinden saňňyldamaga başlady. Ol birden bir gelniň gülüp ýykylyp ýatan ýerinden:
– Ussa, syrtyňa seret! – diýip, keserli elini uzadanyny göräýdi. Ussa egnaşyr syrtyna seretdi-de, gözüni tegeläp, gaçmak üçin gapa seretdi. Ýüzüni sapajak-supajak edip:
– It ýyrtypdyr, men nädeýin?! – diýip, gaýra çekilip, gapa bardy-da, birden çykyp ökjeni göterdi.
Çykyp seretseň, haýyl, atgulagyny galgadyp barýar!
Ussa artelden üç ýüz ädim gideninden soň, aýak çekip, yzyna seretdi. Egnindeki jilisgesini derrew çykaryp, düýrläp, eline aldy. Jilisgesiniň weli ýyrtygyna seredesi gelenok.
Ýeri, jilisgäni-hä goltugyna aldyň, köýnegiňi nätjek?!
Ol şol barşyna, howlusynyň agzyndan bardy-da girdi. Tamyna barýança, ite agzyndan gelenini sökmäge başlady: «Ol iti bir minut-da ýaşatmaly däl! Ondan it bolmaz. Bu gün meni ýarsa, ertir ýene birini ýarar. Meniň itim bolsa, oňa ýeke ok tabşyrdym» diýip, gyzyl öküz ýaly çişip, tamynyň agzyndan girdi. Düýbe tarap jilisgesini oklap goýberdi. Bibijemal ussa bir zat bolanyny ýüzünden derrew azdy:
– Saňa näme boldy?
– Näme bolany bar bol-a! Meni hol Allagullaň iti ýardy.
– Nätdi, dişini geçirdimi?
– Dişini geçirenem bolsa, şundan gowy bolardy – diýip, köýneginiň ýyrtygyny görkezdi.
– Be, muny edäýşini-gyz! Onda jilisgäňem ýyrtan bolsa gerek? – diýip, Bibijemal baryp, jilisgäni ýazyp seretdi. Hoňkaryp duran deşige ussanyň gözi düşdi.
– Ýitir, ýok et, görkezme maňa! – diýip, ýüzüni kese sowup oturdy. Işikden ogly geldi:
– Be, kaka, bu taýyňy nädeýipsiň? – diýdi. Onuň yzyndan gyzy gelip:
– Be, kaka, köýnegiňi nädeýipsiň? – diýdi. Muňa ussanyň gahary geldi:
– Zäher edäýipsiň! Çykyň, ýok bolup, gözüme görünmäň! – diýip gyzaryldy.
Bibijemal bolsa Akjamaldan ol habaram eýýäm eşidipdi. Emma gahar-gazap bilen syr duýdurmadyk bolup otyrdy. Ol:
– Seniň bolşuň nätüýsli, itiň ýaranyny çagalaryňdan görýärmiň? Ýogsamam, gören ýerde entäp ýörseň, item ýarar, guşam. Sen, asyl, birtopar günden beri çagalara Ezraýyl ýaly seredýärsiň. Çagamyň ýekeje dyrnagyny seniň ýaly adamdan gowy görýän. Sen asyl görünme. Gowusyny tapýan bolsaň, gidiber! Menem şu çagalary ekläp-saklap bilmesem, kör bolaýyn! – diýip gygyrdy. Ussa öz ýanyndan: «Bu heleý-ä ogluny alyp gitmänimden soň meniň üstüme gygyrýandyr» diýip pikir etdi-de:
– Ýeri, boldy, boldy! Hany, tizräk maňa köýnek ber – diýeninden, aýaly:
– Köýnegi aljak aýalyňdan alyber. Menden saňa indi köýnek-de ýok, balak-da ýok! – diýdi. Ussa aýalynyň agzyndan bu sözi eşitdi-de:
– How, how, gaty gitme, taýak iýersiň! Sen meniň aýal aljak bolup ýörenimi kimden eşitdiň? Ine, saňa bir töhmet! – diýip geňirgendi.
– Her kimden eşidýän-dä! Indi men seniň taýagyňy iýmän, ertiriň özünde meniň hatymy ber. Seniň sakgalyndan ak girse-de, aň girmändir. Sen köpden bäri içerini çaýkajak bolup ýörsüň weli, men saňa içerini çaýkatman. Hatymy ber-de, nirä gitseň, gidiber. Göreli, kim ökde çykarka?
– Hatyňy bermek kyn zat däl. Sen maňa aýt: şu ugursyz gürrüňi kimden eşitdiň?
– Ilden eşitdim.
– Il ýalan aýdýar, biderek gürrüňlere ynanma!
– Il, ýer astynda ýylan gäwüşese-de, bilýär. Sen, hol, arteliň başlygy bolup gelen gyzy aljak bolýarmyşyň. Bar, al, maňa näme wepa berdiň, oňa wepa berer ýaly!
– Baý-ba, munuň tapyp ýören zadyny! Kim aýtdy saňa?
– Geňirgenen bolma! Maňa ýaňy suwuň başynda Hajat aýtdy.
– Hajat ýalan aýdypdyr. Men ömrümde Hajady görmesem näme? Ol bir tüýs arabozan aýal ekeni.
– Hajat ýalan sözlemez. Oňa-da otagda Ogulnur aýdypdyr. Ogulnura-da, ertir çaýyny içip otyrka, Sapargeldiň aýaly gelip aýdypdyr. Sapargeldiň aýalyna-da, ol daň bilen sygryny sagyp durka, Bibi gyrnak gelip aýdypdyr, Bibi gyrnaga bolsa, ertir ýorganyndan kellesini çykaryp, gözüni açaýanda, Anna pilpiliň aýaly gelip aýdypdyr. Ýene gerekmi?
– Ýeri, näme durduň? Sanaber. Anna pilpiliň aýalyna kim aýdypdyr?
– Oňa-da sen aýdypsyň!
– Ine, ýalandygy şu taýda belli boldy. Men asyl ony görmesem nätjek?!
– Men bu gürrüňiň sagadyna ýetdim. Häzir gidip, ony getir-de, gözüň öňünde dikäýerin. Ýüzleşersiň!
– Men onuň ýaly aýal bilen ýüzleşmek islemeýärin. Häli-hä bu gürrüň ýalan, eger çyn bolanda-da, men senden ýaşyr-ýuşur etjek däl ýa senden çekinip durjak däl – diýip, ussa ýerinden turup, çuwaldan köýnegini alyp geýdi-de, ýüzüni sallap, tamdan çykyp, dükanyna baka gitdi. Aýaly yzyndan:
– Göreli bakaly, senem-ä maňa bir iş etjek bolýarsyň weli, menem-ä bir iş etjek bolaryn – diýip gygyrdy.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 44 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Agahan Durdyýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: