22:20
Bagtly ýigit -4/ powestiñ soñy
■ Öýe taşlanan hat

Altyn gijöýlenler öýlerine bardy. Görse, ejesi bilen mugallym daş işikde gepleşip duran eken. Mugallym Altynyň ejesine:
– Näme üçin sen Altyny okuwa goýbermeýärsiň?
Gyzyň okap, hatly, sowatly bolmagyna sen garşymy? Men üçünji gezek: «Gyzyňy okuwa goýber» diýip gelşim, indi gelnip hem durulmaz, başga hili çäre görler – diýdi.
– Mugallym jan, asyl mende ýazyk ýokdur, halha – gyzym, göwnediň-de äkideweriň, men onuň okuwa gitmegine garşy däldirin. Men häli-şindi: «Git» diýýendirin, özi gidenok – diýip, Oguldursun saçyny hüžžerdip, baryp, serpigini çekdi. Dolanyp, işiginde ýatan taýajygy eline alyp, odunyň üstüne oklap goýberdi.
– Sen: «Git» diýseň, gyzyň gider.
– Wah, jan jigi, men günde-de: «Git» diýýän, özi gitmese, men nädeýin?
– Gider, gider, gitmese, bolmaz – diýip, mugallym ol öýe ugrady. Oguldursun mugallyma eşitdirjek bolup:
– Bar, gyz, eliňe depderiňi, galamyňy al-da, derrew mekdebe ugra! Günde meniň üstüme mugallym getirip durma – diýip gygyrdy. Mugallym arasyny açanyndan soň ýuwaşlyk bilen: «Heý, mugallymy-da gursun, okuwy-da, halys iräýipdiris. Hiý, düýe ýaly gyzam saçyny sallar okar ýörermi? Biz-ä ilde-ymmatda gören däldiris – diýip hüňürdedi. Altyn depder-galamyny alyp, mekdebe ugrady. Ejesi yzyndan: «Ah, bu ýüzügaralaryň özleri okamaga höwesek» – diýip, agzyny küpürsedip, ýene hüňürdedi hem öýüne girip, gaty-guty çöreklerden çanaga dograşdyryp, eltip, goýnunyň öňünde goýdy. Soň tamdyra odun eltip, ot goýberdi. Gelip, hamyryny alyp gitdi.
Ol wagt Hojaguly aşak gapdaldan, hataryň ugruny syryp gelýärdi. Ol Altynlaryň işigine geldi-de:
– Oguldursun eje! – diýip, birki ýola gygyrdy. Emma öýden ses çykmady. Ol öýe girip çykdy-da, ýüzüniň ugruna gitdi.
Birsalymdan soň Oguldursun egnine çöregini göterip, maýtyk-maýtyk edip, öýüne girdi. Duluna geçip, egninden çöregini düşürip, saçagyny ýazdy. Çöreginiň ýeke-ýekeden arkasyny gazaşdyryp, saçagyň üstüne oklaşdyrdy. Daljygan ýaly bolup, aýagyny uzyn salyp, haş-haş edip oturdy. Soň öýüniň içine gözüni aýlap, ýerinden turdy-da, eline sübse aldy. Ýüz-gözlerini gamaşdyryp, öýüni süpürmäge başlady. Ol Altynyň şu gün okuwa gidenine gaharlanyp jibrinýär:
– Ol ýüzügaranyň şol okuw diýip gidişi, henizem gelenok. Gel bakaly, okuwyňy janyna ganym ederin – diýip, süpürip ýörkrä, öýüň ortarasynda ýatan hata gözi düşdi. Ol haty eline aldy-da, eýlesini-beýlesini agdaryp seretdi hem içinden: «Myrat jan hat ýazyp, hatyny galdyryp ötäýtdimikä» diýip, Myradyň depder-kitaplarynyň üstünde goýup, ýene içersini syrmagyny dowam etdirdi we öz-özünden samrap: – Hiý, şu öýe: «Gyzly öý» diýip, kim aýdar? Hiç kimem aýtmaz. Ertir-ä kolhozyň işi diýip gidýär, öýländen soňam okuw diýip gidýär, munuň mana çigit ýalyjak haýry ýok. Indi bular ýaly, äre beräýmeli gyzyň okama Nämesine gerekmişin?! Toba-tagsyr, her haýsyny göreris. «Okuw» diýseler, aýalu-erkek pişme çozan ýaly haýdaşyberýärler – diýeninden, Altyn eli depderli işikden geldi:
– Eje, näme käýinýärsiň?
– Bela keýinýän, zähere käýinýän, ýüzügara, äre berläýmeli bolupsyň, saçyny sallap, okuwa gidýärsis.
Altyn düýbe geçip, depderlerini torba saldy-da:
– Wiý, eje, özüň: «Git» diýdiň ahyry?!
– Men: «Git» diýemde, sen, ýüzügara, gidäýmelimi? Men mugallymyň ýanynda saňa: «Git» diýdim ahyry.
– Wiý, heýlemi? Biz onda düşünmändiris.
– Zäher etmändiris. Utanmaýarmyň, saçysy sallap, okuwa gitmege?
– Okuwa gitmegiň-de utanjy bolarmy? Iliň gyzlaram okuwa gidýär. Halha, goňşyň gelni baldyzy bilen gidýär, hiý, gaýyny gelnine, gyzyna iňirdeýärmi?
– Hä?! Men olar ýaly ýoldan çykan däl. Olan gelni-gyzy ýedi şäheriň suwuny içip gelýärler, senem içjekmi?
– Şolar ýaly, äkidip, sylag berseler, gaty içjek.
– Senem eýýäm şolaryň ugruna gitdiňmi? Boldy, boldy. Bizem saňa buýrup bilmesek, kör bolaly. Bar, derrew kakaňa çaý gaýnat – diýip, saçyny hüžžerdip, Altynyň ýüzüne dazaryldy. Altyn eline kündügi alyp, suwdan dolduryp, ojagyň başynda goýdy. Odun getirmek üçin daşaryk çykdy. Ejesi henizem hüňürdisini kesmän: «Biz muny düýpde oturtjak, iş etdirjek. Me, saňa iş! – diýip, dişini gyjyrdatdy.
Bu wagtlar gün ikindi bolupdy. Kolhozçylar pagta ýerlerinden öýlerine gaýdyşyp gelýärdiler. Han aga-da egni pilli geldi. Ol pilini öýüň, gapdalynda ýüzin ýatyrdy-da, öýüne girdi. Altyn hem goltugyna odun alyp, öýe girdi. Kündügiň gapdalyna ot saldy. Han aga çokaýyny çykaryp otyrka, Oguldursunyň ýüzüne seredip, onuň, ýüzünden gar ýagýandygyny gördi. Içinden: «Bul-a goňşularyň birisi bilen sene-mene edendir-ow» diýip:
– Ýeri-ow, tilki, näme beýle ýüzüni gamaşdyrýarsyň? – diýdi.
– Aý, şu gyzyň bilen. Men-ä şu gyzyňa buýrup bilemok, okuwa diýip gidýär, geler wagtam gelenok, maňa çigit ýalyjak haýry degenok – diýip, Altyny ýamanlamaga başlady.
– Waý, ejemi-gyz, yrsaramaga-da zat tapanok öýdýän, hamala, men elmydama okuwa gidip ýören ýaly. Şu gün özüň: «Git» diýdiň, gitdim.
– Sen, gyz, gaty gitmegin, edil iki egniňden basar-da, boýnuňy sograryn – diýip, kakasy-da dazarylyp käýemäge oturdy. Han aga hudaýa ynanyşy ýaly; aýalyna ynanýardy. Kägünler aýalynyň ugursyz gepine gidip, goňşularyna-da unutgysyz sözüni aýdardy. Altyn gysajyň arasynda galyp, hork-hork edip aglamaga başlady hem çäýnekleri demleşdirip, keseleri ýuwuşdyryp, kakasynyň öňünde goýdy. Düýbe geçip, ýüzüni sallap oturdy.
Onýança Myrat üstüni-başyny çaňjardyp, öýe girdi. Ol iç işikde durdy-da, çalçalary dula oklap goýberdi.
– Ýeri, Myrat, sen nire gitdiň? – diýip, kakasy sorady.
– Men, kaka, samana gitdim, sygrymyzyň, eşegimiziň samany gutaran ekeni, onsoň gidip getirdim.
– Gowy edipsiň, oglum, gel, çaý iç!
Myrat ojagyň başyna geçip oturdy-da, çäýnegi öňüne aldy. Altynyň ýüzüne seretdi-de:
– Eje, Altyn näme ýüzüni sallap otyr? – diýdi.
– Ol atasynyň habaryny eşidipdir – diýip, ejesi ýene Myrada: – Oglum, sen şu gün düýpde hatyňy galdyryp gidipsiň – diýdi. Myrat geňirgendi-de:
– Nähili hat? Men-ä hatymy galdyryp gidemok, eje! – diýeninde, kakasy:
– Bu, näme, huşsuz-a däl, hatyny galdyranyny goýanyny bilmez ýaly.
– Huşsuz bolmasa-da, hatyny galdyryp gidipdir. Men onsoň alyp, kitap-depderleriniň üstünde goýdum.
– Be, men-ä hatymy galdyranymy bilemok. Hany, eje, al-da, göreýin! – diýdi. Ejesi turup, haty aldy-da, Myradyň eline berdi. Myrat hatyň eýlesine-beýlesine seredip, öý garaňkyrak bolanyndan soň işikden düşýän daşarynyň ýagtysyna tutup, hatyň daşyny okady: «Şu hat Han Geldi ogluna gowuşmaly». Myrat töweregine gözüni aýlap: – Eje, bu hat kakama gelen ýaly-la, çyrany ýakyp, açyp göreliň! – diýdi. Ejesi:
– Tur, gyz, çyrany otla! – diýdi.
– Allajanym, ejesi, maňa nireden hat geler-ow?! – diýip, kakasy Oguldursunyň ýüzüne seretdi.
– Wiý, kakasynyň aýdýanyny, Nurberdiden gelen bolaýmasyn, bilip bolanok, hat gatnadýan gelip, öýümize taşlap gidendir-de?
– Bilemok, hany, oglum, oka, kimdigini bileris. Onýança-da Altyn çyrany ýakdy-da, ojagyň başyn-da goýdy. Myrat eli hatly, çyranyň ýanyna baryp, çöke düşdi-de, bukjany açmaga oturdy. Han aga, Oguldursun eje Myradyň ýanyna süýşüp, gezlerini hata dikip durdular. Altyn bolsa iki elini dyzyna diräp, Myradyň üstünden eglip seretdi. Myrat:
– Men, daýymyň ýazan haty bolsa, derrew tanaryn – diýip, bukjanyň içinden haty çykaryp, okama-ga durdy:
«Eý, han aga, sen bir meniň, iň gowy görýän adamym bolansoň men saňa bir syry aýtmaga mejbur bolýan. Ol-da bolsa: gyz maşgalany köp saklap oturmak gerek däl.
– Okama, jigi, şu hatdan gowusy çykjak däl, näteňe nälet, bu haty ýazan telbelän ýaly – diýip, Altyn gaharlandy.
– Ýeri-ýeri, oka, oglum, ahyryna çenli eşideli – diýip, ejesi hatyň okalmagyny talap etdi. Kakasy bolsa uly pikire içine çümüp galdy. Myrat Altynyň ýüzüne seredip:
– Okaýynmy? – diýdi. Onýança-da ejesi Myradyň ýüzüne dazarylyp:
– Oka, oka, näme okaman? – diýdi. Myrat haty dowam, etdirdi.
– ...Eger-de köp saklasaňyz, size biabraýlyk geler. Gyzyňyzy pugta saklaň, ol Annaguly bilen gitjek bolýar. Ynha, meniň-ä size duýdurjak syrym. Şu obaly».
Myrat haty okap bolanyndan, hemmesi doňan ýaly bolup durdular. Birden Altyn:
– Wiý, meniň bagtymy ýatyrypdyrlar – diýip, ýer-boýundan özüni goýberdi.
– Wiý, wiý, kakasy, bu hat-a biziň işimizi gaýtardy-da duruberdi. «Gyzyňyz gaçjak bolýar, saklaň» diýýär.
– Ýeri, boldy, gaýtalama, men düşünýän ahyry – diýip, kakasynyň gahary geldi, eli-aýagy sandyrap, gözi hanasyndan çykaýjak bolýardy.
«Şu ýüzügaradan hiç haçan bize abraý gelmez, gelmez» diýýärdim, diýşim ýaly boldam. Şunuň ýene etini-bagryny çişe kebap etseň, içiň sowar, ýogsam sowamaz.
– Şol haty kimem ýazan bolsa, meni masgara etjek bolup ýazypdyr – diýip, Altyn hork-hork edip ag-lady.
– Eje, men şu haty mugallymymyza görkezeýin, ol kimiň hatydygyny derrew tanap berer – diýip, Myrat ejesine maslahat saldy.
– Äber haty, ýaşy kesilen! Şeýdip, bu masgaraçylygy ile ýaýratjak bolýarmyň?! – diýip, ejesi Myradyň elinden haty alyp, keçäniň aşagyna saldy. Ýene gyzyna käýäp: – Üç gyz çykardym, üçüsinde-de şunuň ýaly masgaraçylygyň üstünden barmadym. Ynha, indi: «Gyzyň gaçjak bolýar» diýip, öýüme hat taşlanýar. Bu ölümiň gyrasy işdir, muňa näme diýip, näme aýdarsyň?! Hiý, şeýledebir masgaraçylyk bolarmy? – diýip, dişini gyjap, gyzyny ýumruklamaga başlady.
– Bu boýny oňrulany öldüräýmesek, bize hiç haçan abraý ýokdur – diýip, Han aga ýerinden turdy-da, düýpdeki asylgy guştüpeňe ýapyşdy.
– Aýu, sen neneňsi iş etjek bolýarsyň? – diýip, Oguldursun ýerinden turup, baryp, Han aganyň eline ýapyşdy. Onuň elinden tüpeňi alyp, itekläp goýberdi. Altyn hem şolbada ýerinden galyp, iki torbanyň arasynda dik durup, iki elini sallady-da:
– Goý, kakam atsyn meni, Soň gözi näme gererkä? Bar, Myrat, derrew kolhoz başlygyna aýt: «Altyny kakasy öldürjek bolýar» diý – diýeninden, Myrat ylgap, işige bardy. Kakasy Myrada:
– Dur, eşek, daşaryk çyksaň, aýagyny döwerin – diýip, Myradyň ýanyna baryp, dulugyna şapbat bilen çalyp, elinden tutdy-da, düýbe itekläp goýberdi. Ikilenç eline taýak alyp, Altynyň daşyna geçdi, ony urup, üstünde döwdi. Ejesi ýene baryp, ara düşdi.
Goňşy aýallar Altynyň sesine ylgaşyp geldiler. Olar:
– A-gyz, Oguldursun, näme, gyz, bu gijäniň için-de edýän galmagalyňyz? – diýişdiler.
– Aý, hiç-le, Altyn bilendir-dä, ol meniň bilen sögüşdi, şol sebäpli kakasy ony urýar – diýip jogap berdi. Han aga bolsa haş-haş edip, Altyna käýäp, gelip, ojagyň başynda oturdy. Gelen goňşulary:
– Wiý, heýlemi? – diýşip, çykyp gitdiler.
Soň içeri dym-dyrslyk boldy. Hiç haýsyndan ses-üýn çykmady. Altyn-da, Myrat-da ýüzlerini aşak salyp, keçeni dyrmalap otyrdylar. Birden Oguldursun ýanyp duran ody ölçerdi-de:
– Beýläk habar berip, muny şu gijäň özünde ýok etmek gerek – diýdi. Altyn ejesiniň bu sözüne derrew düşdi. Içinden çuň pikire gitdi. Ol başlanan wakanyň Soňunyň nähili bolup gutarjagyna gözi ýetmese-de, Annaguludan başga adama berseler, doktor-da-da, zagsda-da – her ýerde-de sorasalar, razy bolmajagyny ýüregine düwdi.
Han aga sessiz-üýnsüz turup, çokaýyny aýagyna gowaldaň sokup, daşaryk çykdy. Öz inisi Bäşimi ýanyna çagyryp, oňa ýuwaşlyk bilen:
– Sen şu gijäniň özünde eşegiňe mün-de, «Täze ýol» kolhozyna git. Beglilere bar-da, eşegiň üstünden düşme-de: «Han: – Şu gijäniň özünde hökman gelsinler – diýdi» diýip aýt – diýdi. Oguldursun içerde Han aganyň hümürdisini eşidip, bu-da turup, köwşüni geýdi. Daşaryk çykdy.
Altyn ejesi daşaryk çykanyndan soň baryp, köçeniň aşagyndaky häki haty aldy-da, Myradyň eline berip, pyşyrdap:
– Me, jigi, şu haty jübüňe sal, Gözel daýzalar-da Annaguly bardyr, şonuň eline ber hem aýt: «Altyny beýläk ugradýarlar. – Dadyma ýetişsin – diýdi» diý. Bolýarmy? – diýeninden soň Myrat:
– Bolýar! – diýip, haty alyp, derrew jübüsine saldy. Ýerinden turjak bolanynda, Altyn eteginden tutup, aşak basyp:
– Entek otur, bu wagt ejem daty görse, goýbermezler – diýip saklady.
Oguldursun bolsa Han aganyň ýanyna baryp, ýuwaşlyk bilen:
– Asyl sen, Bäşim, bar-da, başga hiç bir gürrüň etme-de, Muhammet jigimi al-da gaýdyber – diýip tabşyrdy. Bäşim:
– Bolýar! – diýip, derrew eşegini mündi. Han aga, Oguldursun Bäşimi ugradyp, öýe girdiler.

■ Skladda

Edil şol gijäniň özünde – sagat dokuzlarda Gully skladyň agzynda egni başatarly garawul durdy. Ol uşajyk hiňlenip, iki ýana gezmeleýärdi. Käwagtlar bolsa elini owkalaşdyryp, mahorka ýasanýardy hem otlap çekýärdi. Ol skladyň agzyndan eýläk-beýläk gatnaýan adamlaryň ýöreýşinden tanaýardy. Çaklan adamyna: «Pylany!» diýeninde, ol: «Hä?» diýerdi, Tanamadyk adamyna: «Ol obanyň adamy bolsa gerek» diýerdi.
Gije garaňkydy, gögüň ýüzüni ýumşak bulut tutup durdy. Tamlaryň, kepbeleriň, öýleriň içinden yşyklar garaňkynyň içinde ýylpda-ýylp görünýärdi. Gully skladyň agzyndan aşak çetine baryp, yzyna dolanyp, ýokary çetine barýança, garaňkynyň içinde bir adamyň özüne dogry gelýänini gördi. Oňa derrew ýapyrylyp seretdi. Tanady-da, adyny tutup:
– Hojaguly! – diýdi. Hojaguly:
– Gully, näme, men?! – diýip, Gullynyň ýanyna geldi. Gully hem durdy-da, egninden tüpeňini aýryp, goltugyna söýäp, mahorka ýasamaga durdy. Hojaguly:
– Gully, armaweri! – diýdi.
– Bar, bol, Hojaguly han, ýeri, ugur nire? – diýip sorady.
– Ugrum-a: «Şu aşaky hatarlara gezmege gidäýsem» diýip çykdym. Hany, maňa-da kagyzyňdan ber, menem çilim ýasanaýyn – diýip, kagyz alyp, çilim ýasamaga durdy. Gully ýasan mahorkasyny müşdügine ötürdi-de, jübüsinden kükürdini alyp, Hojagulynyň çilimini ýasap bolaryna garaşdy. Ol ýasap bolanyndan soň kükürdini çakyp, öňürti onuňkyny otlady-da, yzyndan özüniňkini otlady. Soň Gully Hojagula degişmek bilen:
– Hojaguly, seniň aşaky hatarlarda belli bir barýan ýeriň barmy? Ýa-da ol öýe girip, ol öýden çykyp, söw-söw syryp ýörmekmi?
– Halypa, meniňki söw-söw syryp ýörmek. Şu – gezmegiň iň erbedem. Bu gezişde her hili bela-betere duş gelýärsiň – diýip, Hojaguly kyh-kyh edip güldi.
– Ol nähili bela-betere duşýarsyň? – diýip, Gully osa sorag berdi.
– Bu dogruda, Gully halypa, sana aýratyn-da bir söz aýtjak. Emma saňa aýtmaga çekinýänem – diýdi. Gully ondan soranyna puşman eden ýaly, biraz piire gitdi-de, elindeki mahorkasynyň oduny üfläp, ýüzüne seretdi.
– Hojaguly han, näme sözüň bar bolsa, aýdyber, çekinme! – diýdi.
– Bu sözi her bir adama aýdyberer ýalam däl, sen bir meniň iň ýagşy görýän adamym bolanyň üçin, saňa aýtmaly bolýan.
– Ýeri-how, aýtjak bolsaň, tizräk aýtsana, adamyň ýüregine ullakan bükgüldini salyp, aýtman dursuň.
– Emma bu sözi obada bilmeýän adam hem ýok, olaryň birisi-de saňa aýtmaýarlar.
– Ýeri, aýt, näme?
– Aýtsam, halypa, sen herne garawulçylyga gaýdan gijäň Annaguly brigadir tamyňa gelýär. Ol seniň tamyndan çykmaýar. Ýarygije barsaň-da, otyr. Indi men saňa, aýp hem bolsa, aýtjak, ol seniň aýalyň bilen gezýär. Häzir hem barsaň, ol seniň aýalyň bilen dyz degrişip, çaý içip oturandyr. Ol: «Başlykdyryn» diýen bolup, adamy äsgermän, depeläp ýörmeli däl ahyry. Ol ýanaşjak adamyny bilip ýanaşýar. Ýogsam onuň haky bir okdur – diýip, Gullynyň ýüregini çişirdi. Gully çuň pikire gitdi. Çilimini yzly-yzyna çekip, ýere birki ýola tüýkürdi-de, tüpeňini alyp, boýnundan asdy. Ol gahardan hyryn-dykyn doldy. Ol Hojagula bir zat aýtmakçy boldy-da, sagyndy. Hojaguly ýene sözüni dowam etdirip: – Ol goňşy diýenleriň bary saňa duşman, olar seni masgara edibilseler etjekler. Bu iş türkmençilikde gaty aýpdyr. Namysly ýigide ölümiň gyrasyndaky işdir – diýip, oduň üstüne nebit döken ýaly edip, has göterdi.
Gully: «Hojagulynyň bu aýdan sözüni, çynmy-ýalanmy, derňäýin, göreýin, aňyrsyna ýeteýin. Eger aýalym şeýle zatlar bilen meşgul bolýan bolsa, men bilen ýaşamagy islemeýän bolsa, sud bar, bizi aýryşdyrar. Eger-de aýalym ak bolup, Onuň ýaly zatlar bilen meşgul bolmaýan bolsa, onda biziň günümizi bulajak bolýan Hojagula çäre gördüreýin» diýen pikire gitdimi-gitmedimi, kim bilýär ony?! Ol şol gahary bilen ýüzüniň ugruna öýüne gitdi. Hojaguly bolsa Gullynyň yzyndan gülüp:
– Hop, munam oňardym, duruber bakaly! – diýip gitdi.

■ Kim günäkär?

Gije sagat onlaryň töweregidi. Annaguly Gözeliň öýünde oturyp, Altyna garaşýardy. Dogrudan-da, ol çaý içýärdi. Başga-da güýmenje ýok, yzly-yzyna çilim çekýärdi. Annaguly soňabaka oturyp bilmän, Gözele Altyn bilen şu ýerini wadalaşanyny aýtdy!
– Näme üçin Altyn gelmeýärkä? Ondan habar tutup bolmazmy? – diýen sowaly Gözeliň öňünde goýdy. Gözel bu sowaly pikir edip bolanyndan soň:
– Be, men-gyz gijäň içinde olara näme bahanalap bararkam? Sen ýene birsalym garaş, onsoň gelmese, men asyrky Bibijemallara barar-da, gaýdyşynym Altynlaryň öýlerine sowlaryn. «Näme işe geldiň?» diýip sorasalar: «Bibijemallardan gelýän. – Eý, bir salamlaşyp geçeýin – diýip sowlaýdym» diýerin-dä – diýeninden soň Annaguly Gözeliň bu pikire razy boldy. Başga alaç-da ýokdy. Gözel Annagulynyň ýüregine kanagat berjek bolup: – Annaguly, gyzyň-a gowusyny alýaň. Altyn gaty gowy gyzdyr. Onuň germekligi, adamkärçiligi diýseň gaty artykmaçdyr. Onuň ýaly gowy gyzy oba arasyndan daşa çykarmaly hem däldir – diýdi.
– Dogry, Altyn artykmaç gyz, ona sözüm ýok, emma sowady azrak.
– Ony okuwa goýbermedik ene-atasy boldy. Ýogsam Altyn gaty zehinli, ol mekdebe iki günjük baranyn-da, meniň ýanymda oturdy, görkezilen harplary derrew belläp, biri-birine goşuşdyryp barýar. Indi ony özüň beýläňe geçirensoň okadarlar.
– Hawa-la, birki ýyl okadaryn, eger-de köp okamak pikirinde bolsa, ýokary okuwlara ibererin – diýip, gürrüň edişip otyrdylar.
Gully gapynyň agzyna gelip durdy. Onuň gaharyndan el-aýagy bütin göwresi bilen saňňyldaýardy. Ol ynsançylyk häsiýetini ýitirip, gapynyň agzynda nähili bolup duranyny bilmeýärdi. Onuň kellesinde diňe: «Dyndaraýyn, dynaýyn» diýen pikir höküm sürýärdi. Birden ol ädikli aýagy bilen gapyny depip açdy-da, ýüzüni aktam edip, içeri girdi, elinde-de tüpeňi. Gözel muňa ýüregi ýarylan ýaly bolup, allaniçiksi towsup, ýerinden galdy. Annaguly hem laňňa ýerinden galdy.
– Aýu, sen derlediňmi, bolup gelşiň nätüýsli?
– Hä, ýelniň pylanyna pylan... Indi sen meni däli hasap edýärmiň? Seniň Näme iş edip ýöreniňi men indi bildim. Seniňki indi ýolumdur – diýip, bäşataryň gulagyny çekdi.
– Haw, sen ýalňyşýarsyň! – diýip, Annaguly sözüni soňlamanka, tark... Atdy. Gözel:
– Waý! – diýip ýykyldy. Ikilenç tüpeňiň agzyny Annagula öwreninden, Annaguly böküp gelip, tüpeňiň nilinden tutup, okuny özünden sowdy. Annaguly Gullynyň golundan tüpeňi zor bilen gaňryp aldy-da, Gullynyň özüne tutup:
– Gaýrada dur! Saňa kişiň gepine giden akmak diýerler – diýdi.
Onýança-da tüpeň sesine gonşular örüşip, ylgaşyp geldiler:
– Waý, näme boldy-da, näme boldy?!
Gana bulaşyp ýatan Gözeli görüp:
– Wah, Gözeli kim atdy-da, kim atdy?
– Gully atdy.
– Gully atypdyr.
Gykylyk göterildi.
– Waýeý, bu gijäň içinde bu nähili iş?
– Kolhoz başlygyny çagyryň?
– Baryň, partorg Amanmyrada habar beriň! – diýşenlerinden soň bir ýerden partorg, kolhoz başlygy daty ylgaşyp geldiler. 
– Annaguly, bu nähili iş? Hany, eber tüpeňi bärik – diýip, partorg Amanmyrat Annagulynyň, elinden tüpeňi aldy.
– Bu işi biz-ä bilemzok. Gulludan soras, şonuň edip ýören işi – diýip, Annaguly tüpeňi berdi.
– Ýeri-how, Gully, bu edip ýören işiň näme?
– Nämedigini görüp dursuňyz-a!
– Aýalysy Annaguly bilen gördüňmi?
– Gördüm.
– Göräýeňde, şular ýaly iş etmek bolarmy?
– Bolar.
– Bolmaz. Akmak sen, islemeseň, aýalyňy aýyr. Emma atmak kanuny düýbünden ýok – diýip, Amanmyrat bu wakany derňemäge başlady. Annaguly:
– Onuň öz akyly bilen eden işi dälmike diýýän, ol kimiň-de bolsa biriniň gepine gidip, gelip, birden şu işi etdi – diýip aýtdy.
– Bar, oba Sowet başlygyny çagyr! – diýip, Amanmyrat bir kolhozçyny iberdi. Birsalymdan Soň oba Sowetiň başlygy Şinelini egnine ýasgynjak alyp, dazlap geldi. Ol:
– Ýeri, näme bar? – diýip, adamlaryň ýüzüne seretdi.
– Ynha, obaňda bolan waka – diýip, Amanmyrat ona Gözeli görkezdi.
Ok Gözeliň golundan degen ekeni, onuň derrew ganyny tutdular. Gözel birhaýukdan soň özüne geldi. Ol özüni dürsedi-de, ýassykdan başyny galdyryp:
– Bu hakda Annagulyny aýplajak bolmaň. Annaguly bilen meniň aram doganlyk aragatnaşygydyr. Bilmedim, Gullynyň mundan ozal menden göwni bitindi, şu gije bir zat tapyndy – diýip, Gözel: – Bir suw berseňiz-läň, ýüregim ýandy – diýdi. Oňa derrew suw berdiler. Ondan soň Gözeli kolhoz başlygy doktora alyp gitdi.
Onýança-da Myrat Gözelleriň tamyna kürsäp girdi-de, adamlaryň arasyndan sümlüp geçip, Annagulynyň ýanyna bardy, haty Annagulynyň goluna berdi:
– Altyn: «Şu hatyň kimiňkidigini derrew bilsin» diýdi hem: «Şu gijäniň özünde dadyma hökman ýetişsin!» diýdi. Altyny bolsa häzir alyp barýarlar, gaýraky uly ýola düşäýen bolsalar düşendirler – diýip, Myrat has-has edip, adamlaryň ýüzüne seredip durdy. Annaguly haty okap, partorga aýtdy:
– Altyn bilen meniň şu gije, şu ýerde tapyşmaly wadamyz bardy. Ol barmakçydy, men hem almakçydym. Ine, bu hat oňa tormoz bolupdyr. Indi bolsa Altyny Han aga aýalynyň doganynyň ogluna zorluk bilen berip goýberipdir – diýip düşündirdi. Oba Sowetiň başlygy Altyn dagynyň yzyndan iki sany adamy iberip:
– Derrew tutup getiriň! – diýip buýurdy. Ol haty hem partorg eline alyp, töweregindäki ýetginjek ýigit we oglan-uşaklara:
– Hiý, şu haty kimiň ýazandygyny tanaýanyňyz barmy? – diýip görkezdi. Oglanlaryň hemmesi görüp çykdylar. Bir oglan hatyň ýüzüne seretdi-seretdi-de:
– Özi-hä meniň gaty tanyş hatym. Şu hat, meniň çakym çak bolsa, Hojagulynyňky bolmaly, Onuň «d, t, w» edişleri gaty meňzeş. Onuň, asyl, haty öýümizde-de bardyr, getirip, ikisini deňeşdirip görýäýeris – diýip, tamdan çykyp, ylgap gitdi. Birsalymdan haty alyp geldi. Iki haty-da degşirip gördüler: ikisi-de bir adamyň haty. Hatyň kimiňkidigi belli boldy. Ýerli-ýerden:
– Hojagulynyň haty, edil özi, gidere ýeri ýok – diýişdiler. Onýança-da Gully özüni ýere lampa goýberdi-de:
– Maňa-da ot berip goýberen şol deýýus boldy – diýip, dodagyny dişläp, kellesini ýaýkalady. Oba Sowetiň başlygy:
– Duruber, bu iş aramyzdaky synpy duşmanlaryň ýykgynçylygydyr. Olaryň derrew üstüni açmak gerek. Bar, Hojagulynam, her ýerde bolsa, tutup getiriň! – diýip, oba arasyny gezýän garawulyň birini iberdi.
Bu wagt gije sagat on bir töwerekleridi. Goňşy-golamlardan üýşen adamlardan Gözeliň tamy hyryn-dykyn doldy. Olar işiň basym çözülip, kimiň günäkärdigini bilmek isleýärler hem aýal-gyzlar azatlygyna garşy bolup, zyýan ýetiriji adamlary näletleýärler. Onýança-da Altyn dagyny alyp geldiler. Dik duran adamlar ýol berdiler. Altyn, ony alyp barýan Muhammet oba Sowetiň başlygynyň we partorgyň ýanyna baryp durdular. Bulary getiren adamlar: 
– Ynha, getirdik, ýoldaş Amanmyrat! Altynyň ýanynda bolsa şu oglandan başga adam ýok ekeni, özlerinem uly ýabyň aňyrsynda yzlaryndan ýetip, alyp geldik – diýşip aýtdylar.
– Getiren bolsaňyz, örän gowy – diýip, Amanmyrat Altyndan sorag etdi:
– Ýeri, gyz, sen bu oglany halap gitdiňmi?
– Ýok, zora çydaman gitdim. Enem-atam meni urup-sögüp, berip goýberdiler. Ýogsam meniň, halap gitjek adamym başgady – diýip, açyk aýtdy. Partorgyň:
– Kimdi ol? – diýip beren soragyna Altyn:
– Annaguly! – diýip jogap berdi. Köpçülik:
– Gyz gaty dogrusyndan geldi! – diýşip, ýerli-ýerden gygyryşdylar. Oba Sowet başlygy Altynyň hem Annagulynyň elinden tutdy-da, ikisiniň elini biri-birine tutduryp:
– Baryň, ikisiz durmuşa çykyň, ömürlik ýoldaş boluň – diýip, ol ikisini tamdan çykaryp goýberdi. Muhammede-de:
– Bar, jigi, senem gelen yzyňy ýel bozmanka, obaňyza gaýt!– diýip, onam tamdan çykaryp goýberdi.
Yz ýanyndanam garawul Hojagulyny öňüne salyp, alyp geldi. Kolhozçylardan birnäçesi Hojagulyny görüp:
– Ynha, tüýs pälazan geldi. Bu tüýs melgundyr. Munuň ýaly, halky bulaşdyrýan melgunyň köküni köwlemek gerek. «Gurt çagasyndan ekdi bolmaz» diýip, öňküler aýdypdyr ahyry. Bu melgunyň bizden içi ot alyp durany belli – diýşip, ýerli-ýerden gygyryşdylar. Hojaguly ol wagt köpçüligiň arasynda ýüzüni sallap durdy. Oba Sowetiň başlygy oňa:
– Gel, melgun ýigit, seniň-de kysmatyny çözeli – diýip, ýanyna çagyrdy, haty eline berdi-de: – Şu hat kimiňki, tana? – diýdi. Ol ýüzüni aktam edip, haty eline aldy-da, ýüzüne seredip:
– Meniň-ä hatym däl – diýdi.
– Ýalan aýtma, guduz! Hat seniňki, boýnuňa al. Näme üçin sen Gözele töhmet etdiň?
Hojaguludan ses çykmady.
– Biz seniň aýallar azatlygyna garşy bolup, bular ýaly haramzadalyklaryňa ýol bermeris. Äkidiň muny, eltiň-de, raýona tabşyryň! Özüniň degişli jezasyny alar – diýip, oba Sowet başlygy onam tamdan yzy çasowoýly çykaryp goýberdi.

■ Soňlama

Soň men Annaguly bilen Altyny şol ýylyn maý aýynyň birinji güni şäherde agşamara kinoteatryň agzynda gördüm. Annagulynyň egninde ak ýüpek köýnek, aýagynda epini gitmedik ak balak, ak tufli, başynda ak papak bardy. Altynyň hem egninde ak ýüpek köýnek ýalpyldap, aýagyna ak tufli geýipdir. Ol ýogyndan gara saçlaryny hem ýeňsesinde ýeke örüp sallapdyr. Ylla, ikisi ak guş ýaly agaryp, kinoteatryň agzynda gol tutuşyp, iki ýana gezmeläp ýören ekenler. Men olar bilen salamlaşdym hem:
– Siziň medeniýetli bolup we bagtly durmuşda ýaşaýşyňyza ullakan hormat! – diýip, elimdeki güllerden her haýsynyň goluna bir çogmak gyzyl gül berip, geçip gitdim.

(1938-1940).

Agahan DURDYÝEW.
Категория: Powestler | Просмотров: 34 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Agahan Durdyýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: