21:56
Bagtly ýigit -2/ powestiñ dowamy
■ Bagta çagyryş

Birnäçe aý geçenden soň, bir gün günortanlar Annaguly öýlerinden çykyp, on ädim ýöräninden, oba Sowetiniň sekretar: pete-pet çykdy. Ol:
– Annaguly, biraz aýak çek-le! – diýdi.
– Ýeri, näme?
– Me, saňa hat!
– Bu nämäň haty?
– Gyzyl goşuna çagyryş haty. Sen şu gün şu hat bilen oba Sowetiniň edarasyna barmaly. Ertirem çagyryş punktuna bararsyň – diýip, ýüzuniň ugruna geçip gitdi.
Annaguly duran ýerinde elindäki kagyza siňe seretdi-de pikire çümdi. Soň ol: «Gel, men bagty synap göreýin» diýip, oba Sowetiniň edarasyna ugrady. Baryp, oba Sowetiniň gapysyndan salam berip girdi. Oba Sowet başlygy Annagula gözi düşeninden soň:
– Aleýkim, gel, Annaguly, geç-de, şu stulda otyryber! – diýdi. Annaguly geçip oturdy hem özi ýaly oglanlaryn bäş-alty sanagynyň anket dolduryp, harakteristika ýazdyryp duranlaryny gördi. Oba Sowet başlygy Annagula: – Ogul, sen biziň çagyryş hatymyzy aldyňmy? – diýdi.
– Hawa, ýoldaş başlyk, aldym, çagyryşyňyza-da, ynha, geldim!
– Gelen bolsaň, ören gowy edipsiň. Biz ýigrimi bir ýaşa ýeten oglanlary Gyzyl goşun hataryna iberýäris, senem ýigrimi bir ýaşynda. Gyzyl goşun hataryna git-de, oka, öwren, adam bolup gel! – diýip öwüt-nesihat etdi.
– Bolýar, ýoldaş başlyk! – diýip, Annaguly ol oglanlaryň yzyndan anket doldurtdy hem harakteristika ýazdyryp, Sowet başlygynyň:
– Ertir hemmäňiz şu ýerik ýygnanyp, çagyryş punktuna gidersiňiz! – diýen sözüni eşidip, öýlerine gaýtdylar. Annaguly hem öýlerine gaýtdy.
Annaguly şol günüň agşamsy kakasy bilen ejesine Gyzyl goşun hataryna gitjegini begençlik bilen duýdurdy. Kakasy:
– Git, oglum, git, adam bolup gel! Meniň-ä seniň gitmene garşylygym ýok. Hanha, ejeň-de otyr. Ondan-da soraşyp gör – diýip, oglunyň Gyzyl goşuna gitmegine razylyk berdi.
– Oglum, örän gowy edýärsiň, git-de, adam bolup gel! Halha, Atadurdyň ogly Gyzyl goşuna gidip, iki ýyl bolup geldi. Ol iki ýylyn içinde dünýäň zadyny öwrenip, haty-dagyny suw ýaly okap, ýazyp bilýär, ol häzir okalgada işleýär hem likbez okadýar. Günde agşamyna bolsa kolhozçylary üýşürip doklad edýär, gazet okap gürrüň berýär. Bu zatlar-a durubersin, ol dünýäň puluny hem alýar. Belki, oglum, senem şonuň ýaly bolup gelersiň. Iberseler, bir minutam durman gitgin. Bizem, ynha, kakaň bar, gyz jigiň bar, işläris, gazanarys, hor bolmarys. Bizi gaýgy etme, git – diýip, ejesi-de jogap berdi. Annaguly begenip:
– Men gitjek-le, gitmege örän höwesim hem bar. Şu wagt-a, meniň bagtyma, Gyzyl goşuna çagyryldym, eger çagyrylmadyk bolsam-da, okuwa ýa-da demir ýol raboçylygyna gitmegi ýüregime düwýärdim. Goý, eje, men gideýin, bagtymy synap göreýin.
– Git, oglum, git, bizden-ä saňa rugsat!
– Onda, eje, sen ertir daň bilen tur-da, çaý gaýnat, men ertir irden oba Sowetiniň edarasyna barmalydyryn – diýdi.
– Bolýar, oglum! – diýeninden soň Annaguly ýorganyna girip, uklady.
Annaguly ertir turup, çaý-paýyny içip, ruhubelentlik bilen oba Sowetiniň edarasyna ugrady. Barsa, ýoldaşlary ýygnanyşyp başlapdyrlar. Ol ýarym sagat garaşandan soň, oglanlaryň hemmesi ýygnandylar. Ýygnanan oglanlar on bäşe golaý bardy. Olar haly bilen bezelen awtobusa mündüler-de, çagyryş punktuna uly şatlyk bilen ugradylar. Oglanlar tä punkta barýançalar, tüýdük çalyp, aýdym we marş aýdyşyp bardylar.

* * *

Şol günüň günortanlary Annagulynyň kakasy bilen ejesi işden gelip, işiklerindeki köneje tamjagazyň kölegesinde çaý içýärdiler. Gapdallarynda hem sary semawar lakyrdap gaýnaýardy. Aknabat eje eli käseli, ep-esli dymandan soň, çaýyny bir owurtlady-da, Berdi aga seredip:
– Aýu, Annagulynyň kakasy, men saňa gaty gysyk diýjek – diýeninden, Berdi aga:
– Weý-weý, şumy oturyp-oturyp tapan gürrüňiň? Seniň-ä geplemän oturanyň gowy ekeni.
– Geplemän otursam, mundan-da beterini taparyn. Seredip otursam, sen geýim-eşigi köpeltmäge hiç pikir bermeýärsiň, eliňe düşen pula-da geýim alanyňdan başga her zatlary alanyňy gowy görýärsiň. Dünýäniň eşredem öz gazanjyňy iýip, höwesli ýaşamak ahyry...
– Aý, ýok, ejesi, onuň gaýgysyny etmesene! «Bize bitin, bulamaga dok» bolsak, bolýar-da näme?!
– Sen, asyl, tapman duran adam däl ahyry. Şükür, kolhoz guralaly bäri, özümizi gurplandyrdyk. Näçe işleseň, işläniňe göre norma berýärler, «zarpçy» diýip, sylag bermeklerem daşyndan. Sen juda gysyklygyň-da gözüni çykarýarsyň. Birwagt ölen Kerim baýa özüň näbelet däl, ahyry! Onuň goýny ýere-göge sygmaýardy, şonda-da bir toklujygyny satmaga we iýmege özüne rowa görmeýärdi. Şol sebäpli onuň ýedi ýyllap geýen telpeginiň etegi kellesini çaldy. Onuň üstüne-de, ýakasynyň şorlap duran kirli köýnegi damagyny çaldy. Şondanam ol öldi. Hut şeýle ýaşap ölen adamyny halk-da it ölenden gowy görmedi.
– Elbetde, süýthor adamy halk it ölenden gowy görmez.
– Şony bilýän bolsaň, sen hiç gysylmagyn, öz janyňa gerek zady hiç aýamagyn. Anha, geçen gyşky geýen paltonyňy, aýagyňdaky batinkany men alyp berdim. Saňa galsa, aljak gümanyň ýok. Iň bärkijesi, iliň oglunyň eşigine-de seret, Annagulyň eşigini-de, ýogsam ol seniň ýeke oglunam. Ýeke ogluňy-dagyňy edil gurjak ýaly bezäýseň bolmaýarmy?!
– Annaguly, näme, eşigi bolanda-da, oňaryp geýjek oglan däl ahyryn!
– Oňaryp geýer. Adamyny adam edýän eşikdir. Eşigiň bolmasa, dünýä bilen yşkyň-da bolmaz – diýip, gürrüň edişip otyrdylar.
Şol wagt aşak gapdaldan hataryň ugruny syryp, Annaguly gelýärdi. Onuň keýpi kök, ökjesi ýeňildi. Ýüreginde şatlyk duýgusynyň barlygy ýüzünden hem bildirýärdi. Aknabat ejäniň gözi birden ogluna düşdi. Ol:
– Aýu, ynha, Annaguly gelýär, bolup gelşi-hä üýtgeşik. Gör, näme begenip, ýylgyryp gelýärkä?! Men derrewjik çaý demläp goýaýyn – diýip, çaý demlemäge oturdy. Kakasam oglunyň bolup gelşine çiňerilip seretdi-de:
– Hawa, özi-hä şeýle. Muňa: «Seni Gyzyl goşuna alaryň» dagy diýendirler-dä! – diýip, sözüni soňlamanka, Annaguly gelip:
– Armaweriň, kaka! – diýip, sakga durdy-da, telpegini çykaryp, içinden ýaglygyny aldy. Ýüzüniň derini süpürişdirip, köçäniň bir burçunda-aýbogdaşyny guragada oturdy.
– Bar bol!
– Bar bolaweri, oglum, sag-aman geldiňmi? – diýip, ejesi demli çäýnegi onuň öňüne uzatdy-da: – Ýeri, oglum, nätdiň, Gyzyl goşuna geçibildiňmi? – diýip sorady.
– Hawa, eje, geçdim – diýeninden, ýene ejesi:
– Örän gowy, hakyt diýeniň gelipdir – diýdi. Kakaňam:
– Ol-a gaty gowy bolupdyr. «Gyzyl goşuna gitsem» diýip, arzuw edip ýördüň, şol arzuwa ýetipsiň, biz-ä şoňa begenýäris – diýdi.
– Hawa, kaka, komissiýalaryndan-da geçdim, doktorlaryndan-da. Doktorlar meni görüp: «Zarow, zarow» diýip, arkama kakdylar.
– Şeýdiýsene! Senden başga obamyzdan kimler geçip bildi? – diýip, ejesi ýene sorady.
– Myradyň ogly geçdi. Akmämmediň inisi geçdi. Emma Begliň ogly geçip bilmedi.
– Ol näme üçin?
– Oňa: «Sen goşuna ýaramaýarsyň» diýdiler. Öweze bolsa: «Gözüň gowy däl, bejerip gel» diýdiler.
– Be, Öweziň gözi ýaldyrap durandyr-la?!
– Ýaldyrap dursa-da, onuň gözi trahommyş.
– Şeýdiýsene!
– Maňa bolsa üç gün rugsat berip: «Işiň bolsa düzedişdir-de gel» diýdiler – diýip, Annaguly çaýyny içmäge oturdy.
Annagulynyň Gyzyl goşun gullugyna gitjegine oglanlaryň birisi-de ynanmaýardylar. Olar:
– Annaguly kimdir, Gyzyl goşuna gidýän kimdir? – diýşip, oňa göwünleri ýetmän gülşerdiler. Hatda Annagulynyň özi-de dostlarynyň ýanyna baryp:
– Ýoldaşlar, ertir men Gyzyl goşunçylyga gidýän, sag boluň! – diýeninde, ýoldaşlaryndan birnäçesi pyňkyryşyp:
– Annaguly han, seniň ýalyny Gyzyl goşuna alasy ýoklar, arkaýyn bol! Bilýärmiň, Gyzyl goşuna nähili adamlary alýarlar? Sowatly, sagat bedenli, gurt ýaly dogumly adamlary alýarlar. Sen bolsaň...
– Men Gyzyl goşuna göterilmez ýaly, sizden pesmi ýa güýjüm pesmi, ýa akylym azmy? Siziň menden, hiý, artyk ýeriňiz barmy? Beýle göwnüýetmezçilik eden bolýarsyňyz. Her zat diýsesiz-de, meni Gyzyl goşuna göterýärler. Ertirem gidýän.
– Gitseň gidersiň weli, bäş-alty günden sölpüldäp, yzyňa gaýdyp geljegiň görnüp dur – diýişdiler.
Annagulynyň ejesi-de goňşy aýallarynyň ýanyna baryp:
– Annaguly jan ertir Gyzyl goşun gullugyna gidýär, men onuň eşiklerini ýuwuşdyryp taýynlawereýin – diýeninde, ol aýallardan birnäçesi:
– Al, şu eje-de ýalan sözlemäni eşekden palan alança-da görmeýär. Seniň, şol ogluň Gyzyl goşun gullugyna göteriljek gümany barmy? Aknabat eje, başga nähili öwünseň öwün weli, ogluňy bir öwmäweri, biz seniň, ogluňa belet ahyry – diýşip, Aknabat ejäni puşmana getirdiler.
Emma soňky wagtlarda Annagulynyň Gyzyl goşun sapyna gitmege alada edinmegi, käwagtlar oturyp pikir etmegi, agşamlar ýatanynda bolsa: «Men Gyzyl goşuna giderin, komandir bolaryn» diýip düýşürgemegi, elbetde, bu zatlaryň hemmesi gowulygyň nyşanlarydy. Oňa eýýämden Gyzyl goşunyň ady täsir edip, duýgy-düşünjesinde özgeriş ýasap başlapdyr. Soň Annaguly üç gün möhletini gutaryp, birkemsiz şaýyny tutdy. Ol ertir irden ejesi we kakasy bilen hoşlaşyp, düwünçekli ýaglygyny taýaga ötürip, egnine atdy-da, Gyzyl goşun gullugyna kabul edilýän punkta ugrady.

■ Annaguly kazarmada

Annaguly dagynyň kolonnasy stansiýadan polka tarap ugrady. Annaguly öňündeki hataryň yzyndady, Onuň uzyn-daýawlygy daşdan mese-mälim bildirýärdi. Emma: «Kyrk gulanyň içinde bir agsagy bildirmez» diýen ýaly, ýoldaşlary onuň ýörişini bildirmeýärdi. Ýogsam Annagulynyň ýekeje özüni köçeden ýöredip syn etseň, ynha, bir çopan ýörişli barýan adamy görersiň. Henizem onuň ýoldaşlary eýlesinden-beýlesinden dürtüp: «Annaguly, aýagyny düz, aňkarma!» diýip, goldap barýarlar. Annaguly şol barşyna, kazarmanyň çetinden girip ugrady. Ol kazarmadan-ol kazarma gözüni gezdirip çykdy. Onuň heniz görmedik jaýlary oňa ören geň bolup görünýärdi. Annaguly dagynyň kolonnasy bir kazarmanyň agzynda baryp durdy. Komandir tarapyndan «Wolna!» diýlenden soň, komandir birnäçe günläp şu kazarmada bolmalydygyny düşündirdi.
Annaguly kolonnanyň gyrasyna çykdy-da, iki elini bykynyna urup, kazarmalaryň içindeki janly herekete gözüni aýlamaga başlady. O taýdaky ploşadjykda birtopar gyzyl esgerler futbol oýnaýarlar. Olaryn aňry gapdalynda bolsa birtopary eşek ýaly zatdan ylgap-böküp durlar. Öň ýanyndaky kazarmanyň gapdalynda – skameýkanyň üstünde bir gyzyl esger gazet okaýar, ony üç-dört sanagy diňläp durlar. Olaryn sag gapdalynda bolsa iki sany esger tüpeňini söküp we ýaglap süpürýärler. Annaguly ileri gapdalyndaky bagjagazyň içinde gruppowodyň syýasy okuwdan zanýatie geçýänini, çep gapdalyndaky giden düzlükde bolsa atlaryň barýerden böküşini gördi. Ýene ol birtopar nyzam edip ýörenleri, eginleri tüpeňli atyşyk meýdanyna barýanlary we ýene-ýeneleri görüp, haýran galyp durdy. Onýança-da Annagulynyň bir ýoldaşy gelip, Annagulynyň egnine kakdy-da:
– Şepi, Annaguly, ikimiz munuň içinden adam bolup çykmasak, onsoň bizden hiç haçan adam bolmaz. Emma bu düzgün hormatly adam bolmak ýüreginde bar adamyny, walla, adam eder – diýdi.
– Elbetde, adam boljak bolup geldik, hökman adam bolaryn, dostum! – diýdi.
Şol günüň özünde Annaguly dagyny hammama äkitdiler, harby eşik, ädik we papak berdiler, agşam ýatar ýaly hem krowat, onuň üstüniň ýumşak posteli, odeýaly, ýassygy, prostyny bilen berdiler. Bu zatlary, bu hezzeti Annaguly enesinden dogup görmändi. Onuň üçinem Annagulynyň Gyzyl goşuna bolan höwesi öňküden beter göterilip, kazarmanyň içindeki joşgunly gaýnap duran şat durmuşyň içine çümüp gitdi.
Komandirler özüniň garamagynda bolan gyzyl esgerleri bäş barmagy ýaly tanaýarlar ahyry. Annagulynyň komandiri-de Annagulynyň obalaryndaky gylyklarynyň birnäçesini dowam etdirýändigini derrew aňdy. Şu sebäplem ol Annagulyny öz ýanyna çagyryp:
– Annaguly, Gyzyl goşunyň tertip-nyzamy her bir gyzyl esgeriň gaty dogumly we batyr bolmagyny talap edýär. Men, sen geleliň bäri, saňa syn edýän weli, seniň obadaky gylyklaryň hälem dowam edýär: kemeriňi guşanyşyňa bir seret, başgalaňka-da bir seret! Ýatýan krowatyň bolsa üsti pişik oýnan ýaly. Özüňi-de arassa saklamaýarsyň. Uborka baranyňda-da, çalt däl, gepläňde bolsa, wagty bilen jogap alyp bolmaýar. Sen, asyl, bu bolşuňy taşlamasaň, adam bolmarsyň. Eger-de gyzyl esger boljak bolsaň, onda edil daş ýaly bolmalydyr: ýöreňde, otlukly ýaly ýöräp, geplende, şänik döwlen ýaly etmelisiň, bedeniňi bolsa örän arassa saklap, özüňi gaty ykjam tutmalysyň. Sen beýik Watanyň sakçysy bolan gaýduwsyz Gyzyl goşunyň urşujysy ahyryn! – diýip, bu sözleri aýdanynda, Annaguly düzgün boýunça elini galdyryp, komandiriň sözüni kabul edýärdi. Komandir tabşyrygyň iň ahyryn-da: – Bar, şol kemçilikler indi gaýdyp sende görünmesin! – diýdi. Onda Annaguly:
– Bolýar, ýoldaş komandir! – diýip, buýrugy gaýtalady.
Annaguly soň özündäki erbet gylyklar bilen göreşip, Gyzyl goşunyň tertip-nyzamyny berk tutmaga çalyşdy. Ol buýruga tiz gopup, işe ýürekli ýapyşmagy adat edinip ugrady.

■ Annaguly dnewalnyý

Annaguly dagy heniz karantindedi. Naçalnikler sostawy häli-şindi urşujylary içki düzgün-tertipler bilen tanyşdyrýardylar. Bir ýandan bolsa zor okadyp, ýek-tük Annaguly ýaly sowatsyzlary sowatly etmäge jan edýärdiler.
Bir gün bularyň komandiri gelip, Annagulyny ýanyna çagyrdy-da:
– Annaguly, sen şu gün kazarmada dnewalnyý durmaly! – diýip aýtdy.
– Bolýar, ýoldaş komandir! – diýip, Annaguly buýrugy gaýtalady-da, gylyjy alyp, boýnundan asdy.
Komandiriň öwredişi ýaly, Annaguly dnewalnylygy kabul etdi. Ol derrew kazarmanyň içine gözüni gezdirdi. Kazarmanyň arassalygyna, krowatlaryň üstüniň tertipliligine, tüpeň-gylyçlaryň ýerbe-ýer goýluşyna seredip çykdy. Soň Annaguly Lenin ugologyna bardy. Oňa gelen gazet-žurnallary kabul edip aldy. Ol kazarmanyň agzyna çykyp, kazarmanyň daşky düzgünlerine eserdeňlik bilen gözüni aýlady. Bu wezipe Annagulynyň depesini göge ýetirdi. Ol käwagt gylyjyndan gözüni aýyrman, onuň sapyndan tutup, çekip-salyp, özüniň şu derejä ýetenine begenip, dodaklary bir ýere gelmeýärdi. Onýança kazarmanyň agzyna komandiri geldi. Annaguly komandiriň ýanyna ylgap baryp, sakga durdy-da:
– Ýoldaş komandir! Men şu gün kazarmanyň dnewalnysy. Hemme zatlar tertipli, ýerbe-ýer dur. Kazarmanyň içi örän arassa, başga üýtgeşik bir zat bolanok – diýip doklad etdi. Komandir Annagulynyň dokladyny halap:
– Ýaşa, örän gowy! – diýip gitdi.
Kazarmanyň öň ýanyndan ullakan ýol geçýärdi. Şol wagt ol ýol bilen Mergen aga mytdyldap gelýärdi. Onuň ýanynda gyzyl esger ogly hem bar. Mergen aga ogluny görmek üçin gelipdir. Ogly-da kakasyny görüp, indi ony ugratmak üçin şähere barýardylar. Ogly ýolboýy:
– Anha, kaka, biziň nyzam edýän ýerimiz. Anha, turnik oýnaýan ýerimiz, o taýam at üstünde gylyç bilen çybyk çapýan ýerimiz – diýip, kakasyna görkezip, gürrüň berip gelýärdi. Olar kazarmanyň edil agzyna geldiler. Birden Meret aganyň oglunyň gözi Annagula duşdi. Ol: – Ana, kaka, hol gapynyň agzynda garawul duran Annaguludyr – diýip, oňa elini uzatdy. Kakasy:
– Kim Annaguly? – diýip sorady.
– Berdi aganyň ogly Annaguly.
– Aý, ýog-a, onuň bular ýaly bolup durjak ogly barmydyr?
– Dogrudan-da, kaka, şol! Olar ýaňyrak geldiler.
– Be, şol Annagulumy? Biziň ondan: «Munuň ýaly zat bolar» diýip, tamamyz ýokdy-la?! Hany, ýör, oglum, ony görüp gideli.
– Onda, kaka, sen şu taýda dur! Men onuň özüni çagyryp geleýin.
– Bolýar, oglum, bar, çagyr! – diýeninden soň ogly gidip, Annagulyny çagyryp geldi.
Annaguly aňyrdan başy papakly, egni harby geýimli, aýagy ädikli, gapdaly gylyçly ýylgyryp geldi-de, salam berdi. Mergen aga:
– Saglykmy, Annaguly, amanlykmy? Tüweleme, sen-ä adam bolaýypsyň! Hakyt bolýar, örän gowy – diýip tassyklady.
– Saglyk, Mergen aga!
– Haçan gaýdypdyň obadan?
– Ýigrimi gün dagy bolan bolsa gerek.
– Şeýdiýsene, sen-ä tüýs geljek ýeriňi tapypsyň. Gyzyl goşun gullugy saňa düşüpdir. Sen şundan aýrylmagyn, görýärmiň, eýýäm adam bolupsyň. Men oba baryp, kakaňa-da: «Ogluň adam bolupdyr» diýip aýdaryn.
– Aýt: «Ogluň mes-gurgun gözip ýör» diý.
– Bolýar! – diýip, Mergen aga Annaguly bilen hoşlaşyp, ýola duşup ugrady. Annaguly-da kazarma bardy.
Şol günüň ertesi Annagulyny pulemýotçy eskadrona aldylar. Ol şonda hakyky gyzyl esger bolýar.

■ Gök bukja

Annagulynyň Gyzyl goşun gullugyna gidenine ýyl ýarym bolupdy. Aknabat eje tomus aýlarynyň bir güni ikindinara sygryny sagyp, eli süýt bedreli öýüne ýetip gelýärdi. Onýança-da bir oglan goltugy birtopar gazetli Aknabat ejäniň öňünden çykyp:
– Aknabat eje, saňa hat bar – diýip, gazetleriň arasyndan gök bukjany çykaryp, Aknabat eje uzatdy. Aknabat eje begenip gitdi. Ol ýylgyryp, süýtli bedresini ýerde goýup, haty aldy-da:
– Waý, bu hat Annaguly jandan gelendir. Geçen aýda-da bir haty gelipdi – diýip, haty eýlesine-beýlesine agdaryp seretdi-de: – Me, jigi, aç-da, oka, eşideli! – diýdi hem Berdi aga ýüzlenip: – Aýu, kakasy, gel, ynha, ogluňdan ýene bir hat gelipdir. Okaýar, senem eşit! – diýip, sygryna ot döküp ýören Berdi agany çagyrdy. Berdi aga:
– Be, Annaguly ýygy-ýygydan hat iberýär-le, bu eýýäm hatly-sowatly bolaýdymyka? – diýip, Aknabat ejäniň ýanyna gelip, elini arkasyna tutup, diň salyp durdy. Aknabat eje:
– Hany, indi, jigi, oka, eşideli! – diýdi.

S a l a m h a t

Köp-köp salam bolsun Annaguly Berdi oglunyň tarapyndan mähriban ejeme we kakama, ýene dogan-garyndaş, dost-ýarlara. Men Gyzyl goşunda ýören sag-gurgun gözip ýörendirin. Siziň-de sag-gurgun gözip ýörmegiňizi isleýän.
Eý, eje, men Gyzyl goşun gullugyna gelip, «gyzyl esger» adyny alanymdan beýläk, Gyzyl goşun meni terbiýeläp, täze adam etdi. Meni okadyp, hat-sowatly etdi. Men Lenin komsomolyna girdim. Meniň indi pikirim giňäp, düşünjäm artdy, men bagtly ýigit boldum. Gyzyl goşunyň meni şeýle adam edip ýetişdireni üçin, men onuň, maksady ugrunda janymy bermäge taýýardyryn. Şunuň üçin men Gyzyl goşunyň polat ýaly tertip-nyzamyny berk saklap, uruş tehnikasyny jan edip öwrenýärin. Tüpeň atyp, nyşanany urmakda, at üstünde çybyk çapmakda, syýasy. okuwda ýoldaşlarymdan pes däldirin.
Eý, eje, sizem kolhozyňyzda jan edip işläp, pagta hasylyny köp almaga jan ediň, zarpçy bolmaga çalşys! Eý, eje, sen: «Oglumdan az hat gelýär» diýip gaýgylanmagyn, men indiden beýläk hat ýazyp duraryn. Şu hatam hut özüm ýazdym. Sizem kolhozyňyzyň üstünlik we kemçiliklerinden ýazyp, meni tanyşdyryp duruň!
Hoş, sag boluň!
Ogluň Annaguly.
1933-nji ýylyň 7-nji iýuly.


Hat okalyp gutarylandan soň Aknabat eje haty eline alyp, ýylgyrdy-da:
– Seret, kakasy, oglumyza, tüweleme, ol-a adam bolaýypdyr! Eşitdiňmi ýazan sözlerini, hiý, adam tapar ýalymy? – diýdi. Berdi aga diňirgenip, hat getireniň ýüzüne seredip durdy.
– Inim, şu haty Annagulynyň özi ýazypmy? – diýip sorady.
– Elbetde, ynha, hatyň soňunda: «Ogluň Annaguly» diýip gol çekipdir – diýip, ol hat getiren jogap berdi.
– Aý, näbileýin, ejesi, Annaguly şeýle adam bolup çyksa, ören gowy weli, onuň özüni görmesem, henizem ýüregim çiglikde – diýip, Berdi aga mallarynyň ýanyna gitdi. Aknabat eje-de süýtli bedresini alyp, öýüne girdi.

■ Täze adam

Birnäçe aý geçeninden soň öýlänler Berdi aga sygyrlaryny guýudan suwa ýakyp durdy. Ol sygyrlaryny suwa ýakyp boldy. Iň soňky bedresini hem guýudan çykaryp, bagyny külterläp durdy. Birden uzyn, etli-ganly, deşli pyýada Berdi aganyň üstüne abanyp:
– Salawmaleýkim! – diýip, elini uzatdy. Berdi aga aňka-taňka bolup, elini oňa berdi-de:
– Aleýkim, inim, saglykmysyň, gurgunmysyň? – diýip, ol ýigidiň ýüzüne çiňerildi. – Be, inim, men seni tanamadym-la, sen kim bolarsyň? – diýeninden, ol ýigit ýylgyrdy.
– Kaka, tanar gidersiň-de, gurgunmy özüňiz?
– Oh, oglum! – diýip, Berdi aga ikilenç Annaguly bilen görüşdi. – Seniň şu bolşuny ejeň beri tanarmyka?
Saglyk-amanlyk soraşyp, ata-ogul biri-biriniň ýüzüne ýylgyryşyp seredişdiler. Ondan soň ikisi tirkeşip, öýlerine ugradylar. Berdi aga oglunyň öňünde, ökjesi ýere ilenok. Ol özüniň gapysyndan bardy-da:
– Ejesi, çyk daşaryk! – diýip gygyrdy. Ejesi içerden:
– Näme bar, kakasy? – diýip, düwdenekläp, daşaryk çykdy. Gerse, ynha, Gyzyl goşun geýiminde, başy papakly, aýagy gara ädikli, ýapy ýaly ýigit gapynyň agzynda ýylgyryp, ejesine salam berdi. Ejesi ogluny garsa gujaklap: – Sag-aman geldiňmi, Annaguly jan! – diýip aýryldy.
– Ejesi, tüweleme, sen-ä gaty tangyr ekeniň, men-ä muny ilki görenimde tanap bilmedim.
– Menem, kakasy, gözünden tanaýdym. Ýogsam tanap biljek gümanym ýok. Oglum, gurgunjamysyň? Ejeňi gaty begendirdiň!
– Gurgun, eje!
– Ýoldaşlaryňam, komandirleriňem – hemmäňiz gurgunmy?
– Hemmesem gurgun – diýip, Annaguly aýdanyndan soň öýe girdiler.
Aknabat eje hasanaklap, derrew ogluna çaý goýdy hem-de oglunyň gaşyna baryp oturdy-da, ogluna syn etdi, Oglunyň ýakasynda kiçi komandirlik belgisi bar, başynda täze papak, onuň maňlaýynda gyzyl ýyldyz ýaldyrap dur, egninde täze Gyzyl goşun geýimi, aýagynda gara ädik. Ol aýbogdaşyny gurup dür seçäýer. Aknabat eje ogluna seretdigiçe seredesi gelýär, gözleri oglunyň ýüzünden doýmaýar. Berdi aga bolsa ogluny tananyndan beýläk, ondan gözüni aýyrman, onuň edýän manyly-manyly gürrüňlerine aňk bolup galdy. Ine, görseler, Annagula Gyzyl goşunyň komandirleriniň terbiýe berşi özleriniň terbiýe berşi ýaly däl, üýtgeşik, halkyň abraýly adamy edip ýetişdirip goýberipdirler. Şunuň ýaly, işçi-daýhan ogullaryndan täze adam edip ýetişdirýän Gyzyl goşun dünýäniň ýüzünde diňe Sowet Soýuzyndadyr. Muny Aknabat eje we Berdi aga ýalylar bilmelidirler. Bu ýagşylygyň, bu hezzetiň ýerini doldurmak üçin Berdi aga ýalylar Gyzyl goşuna elinden gelen kömegini bermelidirler. Gerek ýerinde janynam aýamaly däldirler. Bu iki garry ony bildiler. Aknabat eje ogluna gaty syny oturansoň begenjinden durup bilmän, oglunyň ir-iýmiş sowgadyndan ylgaşyp gelen oglan-uşaklara gysym-gysymdan paýlaşdyrdy.
Annagulynyň gelenini goňşulary eşitdi, goşynyň goňşusy eşitdi. Şonuň bilen onuň geleni bütin oba ýaýrady. Annagulyny gören adamlardan:
– Be, biziň Gyzyl goşunymyz her tarapdan gaty güýçli-ow! Seret, çala başy gowşan oglandan nähili adam ýetişdirip goýberipdir. Ýogsam Berdi aga bilen Aknabat eje Annagula «gowşak» diýýärdiler, gör, gowşak adamdan nähili adam bolupdyr. Indi muňa hiç bir adam «sölpi» diýip bilmez. Çünki Annaguly ol atdan özüni gutardy – diýip gürrüň edýärler.
Birki gün geçeninden soň Annaguly iki ýyllyk Gyzyl goşun gullugyny gutaryp, oba baran oglanlar bilen işlemek baradaky wezipe girişdi. Ol öňürti oba guramalarynyň işleri bilen tanyşmak üçin komsomol guramasynyň sekretarynyň ýanyna bardy. Bir gün komsomolyň işine, ikinji gün ol kolhozyň guramaçylyk işlerine, üçünji gün oba Sowetiniň işlerine kömek berdi. Ine, şunuň bilen Annaguly sanly günde oba guramalarynyň işleri bilen tanyşdy. Gurama başlyklaram Annagulynyň Sosialistik gurluşyga hyzmat ediji adam bolup ýetişendigini bildiler.
Annagulynyň adam bolandygyny köpçülik hasam bir ýerde bildi. Annagulynyň gelenine on-on iki gün geçeninden soň kolhozyň umumy ýygnagy boldy. Ýygnak Oktýabr Sosialistik rewolýusiýasynyň 16 ýyllyk baýramyny geçirmek hakynda bolansoň kolhozçy we kolhozçy aýal-gyzlaryň biri galman gelipdirler. Ýygnaga Annaguly hem bardy, ýygnak açyldy, partorg bir sagat doklad etdi. Onuň yzyndan Annaguly ýerinden turdy-da:
– Ýoldaş prezidium, maňa-da söz beriň! Menem biraz goşmaça aýdaýyn – diýdi. Oturan märeke birden göterilen ýaly bolup, Annagula gözlerini dikdiler. Annagula söz berildi. Ol prezidiumyň ýanyna geçip, söze başlady. Ol Oktýabr rewolýusiýasynyň taryhyny okap, suw içen ýaly öwrenipdir, sagynman-sakynman, pert-pert gepleýär. Sözlerini jemläp, kolhozçylaryň beýnisine salyp dur. Kolhozçylardan ses-üýn çykmaýar, hemmesi Annagula aňk bolup otyrlar. Ine, Annaguly şu çykyşy bilen özüniň nähili adam bolandygyny kolhozçylaryň hemmesine, hatda gelin-gyzlara çenli bildirdi. Ulugyzlaryň birnäçesi ýeň astyndan ýylgyryşyp, Annagula seredişýärdiler. Aknabat eje oglunyň doklad edişine begenip, aýallaryň arasynda dik durup, iki eli bykynynda, ýylgyryp seredýärdi. Ol gün ýygnak gutardy.
Oktýabr baýramyny dabaraly geçirdiler.

* * *

Bir gün kolhoz başlygy Annagulyny kolhozyň kanselýaryna çagyryp:
– Annaguly, dynjyňy aldyňmy indi? – diýdi.
– Aldym.
– Alan bolsaň bize işläp ber.
– Başüstüne, ýoldaş başlyk, näme işiňiz bolsa, buýruň!
– Biziň skladçymyz işine ýetişip bilmeýär, sklada bugdaý gelýär, arpa gelýär, şolary gapana basyşyp, çekişip, döküp duran bir adamyň kömegi gerek.
– Gerek bolsa, men bar – diýip, Annaguly şol günüň özünde ol wezipä girişdi. Ol günde telim gezek gelýän ýük maşynynyň üstünden bugdaýly çuwaly göterip, gapanda çekip, ammara dökerdi. Bular ýaly işiň Annagula näme agramy bar?! Ol Gyzyl goşundaka, gyssagly ýerde agyr pulemýotyny göterip, atyň üstüne urup gidýärdi. Bular ýaly iş bilen Annaguly Gyzyl goşundaka bişişipdi. Onuň gollary gaty güýçli, doly çuwal onuň gollaryna samanly çuwaldan agyr däl. Annaguly şunuň ýaly işläp, skladyň işini sanly günde tertibe saldy, işiň agramyny ýeňilleşdirdi. Ol bu işinde partorgdan sagbol aldy. Bir aýdan soň bolsa ony 3-nji brigadanyň başlygy edip goýdular.
Gör, halkyň söýýän adamy bolup bilseň, halk seni nähili göterýär!

■ Mazalyja maşgala

Gozalaryň ýyglyp ýerlen wagtlarydy. Annagulynyň brigadasy günortanlar gowaçalaryň gozalaryny bütinleý ýygyp gutardylar. Onuň kolhozçylary: «Goza maňa ýetmedi-de, maňa ýetmedi» diýşip, iki ýana dabyraşýardylar. Agşama çenli bolsa özleriniň ýaryşýan brigadasy bolan ikinji brigada kömege bardylar. Annagulynyň brigadasynyň kolhozçylary ikinji brigadanyň kolhozçylarynyň ýanyna baryp, gülşüp: «Arman!» diýmekleri, elbetde, olaryň ýüzüni çapady ýaly gyzartman goýmady. Olardan birnäçesi bu brigadadan yza galandyklaryna ahmyr edişip: – Arman, brigadamyzyň ýenki başlygy biziň işimizi gaýtardy. Eger şol biziň işimizi gaýtarmadyk bolsa, biz sizin, üstüňize: «Arma» diýip barardyk – diýişdiler.
Olaryň brigadasynyň öňki başlygyna Seýitli diýerdiler. Ol tüýs içigarady, onuň içigaralygy soňky wagtlarda daşyna-da çykdy. Ol kulak guýruklarynyň pikiri bilen brigadanyň içinde agzalalyk döretdi. Kolhozçylaryň zähmet günlerini dogry ýazmady. Kim dost-ýary, dogan-garyndaşy bolsa, şony gowy görüp, beýlekileri erbet gerdi. Ine, şol sebäpden ol otag wagtynda. opurylyşyk etdi. Şonuň üçin kolhozçylar muny derrew duýup, brigadirlikden aýryp, degişli çäresini gördüler. Onuň ýerine zarpçy Atageldini goýdular. Atageldi hat-sowatsyz, sada bir oglan. Şeýle-de bolsa, ol işde bolan opurylyşygy düzetjek bolup jan edip işleýär hem özüniň sowatsyzlygyny ýok etmek üçin okaýar. Kolhozçylar Atageldini gowy görýärler. Olar:
– Bize Atageldi bolsa, besdir. Ol her tarapdan ösjek, brigadamyzy aýak üstüne galdyrjak adam. «Ol geljek ýyl beýleki brigadalaryň yzyndan brigadamyzy ýetirer» diýip umyt edýäris – diýişýärdiler. Hasam Atageldiniň brigadasynda täzeräkdäki zweno başlygy edilip goýlan Gözel daýza Atateldiniň goltugyndan göterýär. Ol – zor ýygymçy. Öten ýyl bolsa ýygymçylygyndan sylag hem alypdy. Hatda oba arasynda: «Ikinji brigadada kimler ýygymçy?» diýlip berlen soraga: «Atageldi, Gözel daýza, ýene ol Han aganyň gyzy Altynam bar» diýip jogap berýärdiler. «Han aganyň gyzy Altynam bar» diýip, ýene onuň barlygyny aýtmaklarynyň sebäbi-de: Altynyň enesi-atasy Altyny öz erkine goýbermeýärdi. Onuň ene-atasy köne pikirli, henizem işan-molla diýşip, yranyşyp otyrlar. Olar Altynyň ýygymçy bolup, adynyň. göterilmegine, okuw okap, sowadyna çykmagyna garşy bolýarlar. Belli-beter-de, Altynyň ejesi Oguldursun Altyny bir gün pagta goýberse, ikinji gün goýbermeýärdi. Ýogsam Altyn – ýygymçy. Ol Gözel bilen ýarşanda, kägün deň çykýardy.
Annagulynyň brigadasy bolsa öňdenem güýçli, içinde ýygymçylar hem köp. Bu brigadanyň öňdi başlygy çalasowatly bolany üçin, ol: «Meni iki ýyllyk okuwa iberiň» diýip arza berdi. Ony iki ýyllyk okuwa iberdiler, ýerine bolsa Annagulyny geçirdiler.
Şunluk bilen, iki brigada öýlene çenli zalp edip işlediler. Öýlänler çaýa çykara wagt boldy, çaýa çykdylar. Her kim ikiden, üçden, dertden gowaçalaryň düýbünde, peliň üstünde oturyşyp, çaý içmege başladylar hem olar biri-birine degşip-gülşüp alaýaz bolýardylar.
Annaguly derrew çaýyny içip boldy. Ol jübüsinden mahorkaly gapyrjagyny çykaryp, çommalyp, mahorka ýasandy. Ýerinden turup, ýasan mahorkasyny müşdügine ötürip, otlap çekdi. Şol wagt on bäş ädimlikde, gowaçanyň düýbünde Gözel daýza bilen çaý içip oturan Altyna gözi düşdi. Ynha, etli-ganly, güler ýüzli, owadan gyz. Ol gyzyň özi iş geýiminde bolsa-da, iş geýiminiň içinde gyzylyň gyryndysy ýaly bolup görünýärdi. Altynyň bu görnüşi Annagulyny özüne çekdi. Annaguly içinden: «Özi-hä mazaly maşgala ekeni» diýip, gaýta-gaýta syn etdi-de, birden: «Oh, bu – obada oglanlaryň: «Owadan» diýip taryplaýan gyzydyr-ow! Boldy, boldy. Gel, «Ýagşyny görmek parz» diýipdirler, menem ýakynragyna baryp göreýin» diýip, Annaguly göni Gözel dagynyň ýanyna baraýman, olaryň gapdalynda oturyp, çaý içýänleriň ýanyna bardy. Olar bilen biraz gürrüň eden boldy-da, soň göni Gözel daýzanyň ýanyna bardy.
– Äl, Gözel daýza, çaýy ýekeje özüň içäýdiň-ow, hödür-kerem etmelidir öýdeňok – diýip, Gözel daýzanyň gapdalynda gytaklabragada oturdy. Muňa Gözel daýza güldi-de:
– Wiý, Annagulyň aýdýanyny, siz biziň çaýymyzy içersiňizem öýdemzok – diýdi. Gözel daýzanyň bu sözi Altyna ýaraýarmy-ýaramaýarmy, kim bilýär ony?
– Näme içmän, Gözel daýza, men-ä ulumsylygy halaýan däldirin.
– Senden tamam hem şeýledir, ýegenim! Ynha: «Çaýyň soňy dostuňa» diýipdirler – diýip, tüňçäni käsä sarkyrdy. Käse biraz gowuzrak boldumy-nämemi:
– Ynha, Gözel gelneje, meniň çäýnegimde-de bar – diýip, Altyn keseniň üstüni doldurdy. Gözel käseni Annagula uzatdy, ol iki eli bilen käseni kabul etdi.
– Ýene çaýyň bar bolsa, bereweri, Gözel daýza, şol ýigit gaty heläk bolmaga çemeli – diýip, Hojaguly beýleden gygyrdy. Hojaguly Gözel dagynyň baş ädimlik aşak gapdalyndady. Onuň ýanynda-da özi ýaly bir oglan ýene bir garry aýal – üçüsi oturyp, çaý içýärdiler. Annaguly giňlige salyp güldi-de:
– Halypa, saňa-da çaý berseler, içersiň! – diýdi.
– Sen ýaly dileb-ä içmeris.
– Sen çaý diläýeňde-de, berlesi ýok, arkaýyn bol – diýip, Gözel daýza Annaguludan öňürti Hojagula jogap berdi. Hojaguludan gaýdyp ses çykmady.
Hojaguly birnäçe wagtdan bäri Altynyň daşyndan aşyk bolan bolup, däli-porhan bolup ýördi. Ol hut öz ýanyndan: «Altyn meniňkidir, ony menden başga hiç bir adam alyp bilmez» diýip haýbat atardy. Hat-da Altynyň golaýyndan geçen ýigitler bilen başga bir zadyň üstünde yrsarap sögüşerdi ýa urşardy. Şol sebäpli obanyň birnäçe kolhozçylary Hojagulynyň bu bolşuny görüp: «Munuň-a ýene-de päli azyp başlapdyr. Munuň gözüne görkezen gudratymyz eýýäm ýadyndan çykypdyr. Muňa ýene-de gudrat görkezmek gerek» diýşerdiler. Hojagulynyň atasy öň uly baýdy. Ol kolhoz gurluşygynda garyplardan içinde kitüw galyp, 1931-nji ýylda: «Il aglak bolsa, doňuz depä çykar» diýen ýaly, galtamançylyga çykdy. Ol şol ýolda iki aýdan köp ýaşaman öldi. Soň onuň dünýä göwni ýetmeýän aýaly we azgyn ogly Hojaguly hem baý agalary wyselka edildi. Hojaguly ejesi bilen birnäçe ýyly geçirip, wyselkadan geldi. Ferma müdiriniň kömegi bilen kolhoza salyndy. Hojaguly ferma müdiriniň ýegenidi. Ol ýegenini kolhoza saljak bolup, eýläk-beýläk ylgap, ahyry kolhoza salypdy.
Annaguly Hojagulynyň gysganýanyny duýdy-da, ol bir käse çaýy içip:
– Me, Gözel daýza, käsäňi, sag bol! – diýip, ýerinden turmakçy boldy.
– Ýene çaý bar – diýip, Altyn käseni alyp, doldurdy-da, Gözel daýza uzatdy. Gözel:
– Annaguly, otur, bu käse çaýam iç-dä! – diýensoň, Annaguly içinden: «Ä, indi boldy, bu käse çaý-da Hojagula Altynyň jogaby» diýip, oturyp, onam içdi. Annaguly ikilenç:
– Sag boluň! – diýip, keseni goýup turdy.
Soň kolhozçylar ýygym işine başladylar. Agşama çenli haýdap, agşamara bolsa toplum-toplum bolup, oba gaýtdylar.
Annaguly-da öýlerine geldi. Görse, işiklerindeki sygyrýatakda sygyrlary guzlapdyr. Ejesi bolsa: «Höwlim, höwlim!» diýip, geleni tutup, sygra ýaladýar. Annaguly ýylgyryp, ejesiniň ýanyna bardy-da:
– Eje, sygryň guzladymy? Höwri köp bolsun! – diýdi.
– Hawa oglum, taňryýalkasyn! Şu sygrymyz güýz guzlaýdy.
– Güýz guzlasa, örän gowy, ýilik ýaly gatygyny iýer-de ýöreris, eje!
– Güýz guzlasa, öňi gyş bolansoň gölesi hor bolýar. 
– Gölesini hor etmeris, serederis, eje! – diýip, Annaguly öýe girdi. Çaý-çöregini iýdi. Soň turup, kolhoz prawleniýesiniň ýygnagyna gitdi. Gije sagat on birlerde öýlerine gaýdyp geldi. Görse, öýde ejesi bilen kakasy heniz ýatmandy, olaryň biri çöpür darap, pişge edip ýetişdirýär, birem eliniň aldygyna haýdap, ýüp işýärdi. Annaguly dula geçip, ädigini çykardy-da, ojagyň başyna geçip, aýbogdaşyny gurup oturdy.
– Eje, ýüpi näme işýärsiňiz? Hany, gozalary açyp gutardyňyzmy? – diýdi.
– Seniň öňinçäň ardyp goýduk, ýene ýekeje elek goza galdy, onam ertir irden ardyp gutarys. Häzir gölämize nogta işdirýän – diýip, ejesi ýüňdaragyny öňünden aýyrdy-da: – Oglum, ajygansyň, men goýultmak bişirdim – diýip, bir çanak goýultmagy Annagulynyň öňüne goýdy. Yzyndan saçagy äberdi.
– Ajykmanam duramok – diýip, Annaguly iýmege başlady hem: – Gel, kaka, iýseň! – diýdi.
– Sen haýal etme-de iýiber, men ýaňyja iýdim – diýensoň, Annaguly işdäli iýmege oturdy.
Ejesi ýene ýüňdaragy öňüne alyp daramaga başlady. Ol gözüni daragyndan aýyrman, birki pişge edinçä dymdy, içini gepledip-gepledip, ahyry ýüzüni galdyrdy-da:
– Oglum, Annaguly, indi seniňem bagtyň açyldy. Indi seni öýerip, gözli-başly etmegimiz gerek. Şu gün Kerimiň aýaly tamdyryň başynda maňa syzdyrdy: «Siz bize geläýiň, biz siziň bilen guda bolarys» diýdi. Eger sen razy bolsaň, men ertir göni şolara baraýjak. Olar agyr galyň hem salyp durmazlarmyka diýýän.
– Näme razy bolman, onuň maşgalasynyň kem ýeri barmy?! – diýip, Berdi aga gözüni alardybragada, Aknabat ejä seretdi.
– Wiý, kakasy, bir oňat maşgala, hiç ýerinde kemi ýok. «Alsaň, heleý bolar, gonsaň – ýurt» diýipdirler, haýsy bolanda, bizçe bolmaz öýdýärsiň? Şu wagt bir gelin edinerlik zadymyz hem bar, şakga-şukga guda bolagada oturybereliň.
– Etmelisem şoldur – diýip, Berdi aga üstüne goşdy. Annaguly sesini çykarman, ejesiniň, kakasynyň edýän maslahatlaryny diňledi. Naharyny iýip bolup, çanagy ejesine uzatdy, yzyndan saçagam dolap äberdi. Jübüsinden ýaglygyny çykaryp, agzyny süpürdi-de:
– Siziň bu maslahatyňyz bolanok – diýip, öňüne dökülen çöregiň owuntyjyklaryny çöpleşdirip, ojaga oklap goýberdi.
– Näme üçin bolanok? – diýip, kakasy işip oturan ýüpüni aýagynyň daşyna bir orady.
– Kaka, bolmaýanlygynyň sebäbem: men galyň berip, gelin aljak däl. Halaşyp alybilsem-ä alaryn, alybilmesem-de, kysmatymdakyny görerin. Onuň üçin-de size açyk aýdýan: galyň berip, meni öýerjek bolup azara galmaň!
– Wiý, kakasy, bü-ýä oňaraýdy.
– Annaguly han, galyň bermeseň, il saňa gyzyny bermez. Onam biz saňa açyk aýdaýaly.
– Indi, kaka, hemme kişi galyň diýip duranok, gyzy halaşsa, berip goýberýänler-de bar. Negä bir Kerimler ýaly, kellesinden köne pikir çykmadyk, köne adatlary ýöredip, henizem baý-işan-mollalaryň ýasyny tutup ýörenler bolaýmasa, başgalary aýal-gyzlar azatlygyna düşünýärler. Olar gyzlaryny okadýarlar, ýygnaklara goýberýärler hem gyzlarynyň halanyna berýärler – diýip, Annaguly düşündirdi.
– Aý, oglum, sen bizden gowy bilýänsiň, özüň halaşyp alsaň, hemmesinden gowy – diýip, ejesi darakdişlerini ýygnaşdyryp, ýüňdaragyň arasyna gysdyrdy. Turup, daragyny duldan ildirdi hem syňragy bilen ýerde ýatan ýüpjagazy ýokary galdyryp, eli bilen aldy-da tüýdüşdirdi. – Ýöne, oglum, atbaşçylap, gelnalyjylap alaýsak, gowy boljak. Aý, bolýa-da, ýüzüne gara gelmejek ýerini etsene!
– Hawa-la, ejesi, biziňki-hä, näme ýöne aýtmak, soň: «Öýermedi» diýip, närza bolmasa bolar – diýip, kakasy-da aýagyna oraşdyran ýüplerini çözleşdirdi. Ýüpüň iki ujuny deňläp bükdürmäge başlady.
– Arkaýyn boluň! «Siz meni öýermediňiz» diýip nägile bolmaýyn. Eger-de juda puluňyz köp bolsa, at almaň-da, eýer alyň. Ynha, üstüňizdäki gara öý, munuň garagurumyna boglup otyrsyňyz. Mundan çykmak üçin täze, gowy tam salnyň, içine krowat, şkaf, haly alnyň, tamyň içini gül ýaly bezäň, her dürli nahar bişirip iýiň, durmuşyňyzy gowy geçiriň, gelne berjek galyňyňyz şu zatlara ýetmejek gümany ýokdur – diýip, Annaguly jogap berdi.
– Wah, ol zatlary kim etsin? Kakaňa-da özüň belet – diýip, ejesi eline sübse alyp, ojagyň başyny syryşdyrdy.
– Ol zatlary men düzederin. Erteden aňryk serediň, siziň: «Gelinlik pulumyz bar, pulumyz bar» diýip ýörmäňizden dyndaraýyn – diýdi.
– Näme etseň, şony et, derek tutdursaň bolýar – diýip, kakasy bükdüren ýüpüni aýagyna salyp çekişdirdi. Soň ýatar wagty boldy. Annagulular düşeklerini salyp, ýerine girip, çyrany öçürdiler.
Категория: Powestler | Просмотров: 28 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Agahan Durdyýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: