20:07
Heser
HESER

Ýene gelip leýlisaça duwlandyk,
Ýene-de siltedi, telleri yşgyň.
Söýgiň taryh depderine ýazylan,
Adyňy atlaryň içinden seçdim.

Yşgyň diwarynda ýazylgy adyň,
Meň adym ýazmaga taýyn ýaly dur.
Sen meniň dünýede gowy görýän zadym,
Öýümde garaşýan taýym ýalydyň.

Görmegeýden gelen, syrdamdyň asla,
Şoň üçin ejaby süýşürip aňry.
Seniň gözleriňde ýer goýup yşga,
Meň barmagym üçin ýasapdyr Taňrym.

Kän gün geçdi gözlerimiň görmänne,
Onsoňam kän garaşypdym hatyňa.
Aýralyk azm urup, ýeňin çermänne,
Ymtylýarys yşgyň inçe gatyna.

Saňa göwnüm baglanypdyr syrdaşym,
Bilýärin men, däldigini tötänden.
“Bilemmok, näm üçin ýüregim gysyp,
Asman iýnýän ýaly”- diýýäň, depämden.

Aýralygyň ellerinde jylawmyz,
Yşk uzakda kaksa kaksyn heşelle.
Barybir ruhumyz başga ulaşmaz,
Bir-birege gowuşmadyk heser biz.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 26 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: