13:43
Hötde gel
HÖTDE GEL

Bil, ezizim, durmuş mydam bahar däl,
Kynçylyk  bar, sen olara hötde gel.
Dözüm edip, gaharyma gahar däl,
Güler ýüzli synagymdan öt-de gel.

Bir ädim ät, men ädeýin ikini,
Kürsäp giräý, kakyp durma gapyny,
Daş etmegin, eger-eger ýakyny,
Alys bolsa, sen barybir ýet-de gel.

Söýgi ýoly syratdanam inçesi,
Bir mähir däl, şatlyk, bagtyň... ençesi,
Gülläýse-de, gaharymyň gunçasy,
Aý-ýyllyk däl, birje minut git-de gel.

Şeklim siňsin umman kimin päk göze,
Başyňy galdyrma her dürli söze,
Mahmal saçly, ak gar kimin Aý ýüze,
Gyz bolup däl, gelin ýaşmak çek-de gel.

Ahmet ARAZOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 43 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 2.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 Jeyhun   [Mowzuga geç]
Gowy goşgy! hands

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: