13:38
Zyýarat -10/ romanyñ dowamy
* * *

Gurbangulyny eltip salan jaýlary alagaraňky bolany üçin bada-bat hiç zat görnenokdy. Emma Gurbanguly girip-girmän, kameranyň içinde baş-alty adamyň suduryny gördi. Bu ýerden adamyň ynjyk ýerinden gelýän deriň hem-de zeňiň ysy gelýärdi. Ol zarňyldap, şakyrdap açylýan demir gapylaryň gohundan, ýüreginiň ýowuzlyk bilen mynçgylamasyndan ýaňa gözi garaňkyrap durşuna nirä basýanynam bilenokdy.
Kameranyň içindäki ikigat sekiler başly-baratly goýlandy. Özüni dürsäp, basjak ýeriňi saýgaraýmasaň, olara dyzyňy urup, ýykylaýmagyň ahmaldy.
Ol sekileriň biriniň gyrasyndan ýapyşdy-da, onuň boşlaňdygyna göz ýetirenden soň, ortasydyr-da diýip çökdi.
– Ýene birini getirip sokdular-maý?! Öň oturar ýaly däl-ä munuň içinde – diýip, kimdir biri gaharly hüňürdedi.
– Tur-eý, menden öň ataň satyn almadyk bolsa ol naradan! – diýip, başga biri, çilim çekip duran ýerinden azgyryldy.
– Käpir öýdýän, salam-helig-ä ýok!
– Kim bolanda-da şol narada-ha oturmaz – diýip, dik duran ýamanalgyly ýaly bolup, Gurbangulyny silterläp goýberdi. – Saňa aýdyl-da.
Gurbanguly sesini çykarman tördäki, garanky böwürdäki nara bakan ugrady. Onuň üstünde-de biri süýnüp ýatyrdy.
Ol çydamady. Diwara ýaplandy-da, beton poluň üstüne özüni goýberdi. Sowuk pol onuň janyna, gyzyp duran süňňüne tenakär ýaly bolup duýuldy. Süňňi lars-lars edip, bir gyzdy, bir sowady.
Gyşaryp, onda-da ýanyňy sowuk betona berip ýatmagy Gurbangula özüni dürsemäge maý berdi. Çyra birneme ýagtylyk saçyp başlady.
– Ýaňky ýere ýazyldy ýatyberdimi? – diýip, işigiň agzyndaky narada dyzyny gujaklap oturan pyýada dözmezçilik bilen sorady-da, ýerinden turdy.
Çilim çekip duran pyýada burnuna salybrak gürledi.
– Myhman atandan uly diýýär, halyndan habar al-da, düşek ýazyp töre geçireweri.
– Onuň beýdip ýatmasy bolanok. Sowuk içinden geçer diýip, hälki pyýada Gurbangulynyň başujyna çökdi.
Ýagty beýnisiniň içini gazaýany üçin Gurbanguly gözüni açyp bilenokdy.Oňa gözüni açmak geregem däldi.
– Be-haw, tanyş adam ýaly-la! – Ol adam Gurbangulynyň başyny galdyrdy-da, soňam onuň başyny eliniň badyna oklap goýberdi. Onuň kellesi, boýnunyň arkasyndan geçiren ellerine halçyldap düşdi.  Tf-uw, seniň bir...
– Näme-how, ýaň-a äbede-jüýjediň-le. Ýaman basym doýduň-a!
Ol adam gargynjyrap işige ýetdi-de, demir gapyny depip başlady.
– Açyň, açyň diýýän!
– Hälki pyýada-da kem galmady.
– Näme-how, kerk görene döndüň-le?! Adam iýýän bolsa bize-de aýt, bizem bereli ýazzyny...
Ol adam gapyny hem eli bilen, hem aýagy bilen urup başlady.
– Açyn! Açyn diýýän!..
On-on bäş minutdan işik däl-de, onuň ýokary başyndakyja eliň aýasy ýalyjak dereje açyldy.
– Näm-ow, ot aldyňyz-laň! Gykylyk näme?
– Açyn, meni başga palata geçiriň. Wiý, başga kamera geçiriň. Bu ýerde durup biljek däl. Ýa-da ýaňky getireniňizi ýok ediň...
Gapynyň aňyrsyndakynyň sesi gazaply çykdy.
– Han jalaý, sen gowy bol! Ýene bir sapar işigiň ýanyna geläýseň, demini syrtyňdan alar ýaly ederin...
Ol adam sesini çykarmady. Ýöne nämänidir patladyp, megerem, kellesini bolsa gerek, iňledi.
– Başga «palata geçir» diýdiňmi? – diýip, hälki gara pyýada ýaglyja güldi. – Palata bolup näme, bu ýeri Esentükiniň sanatorisidir diýdiňmi?
– Wah, Esentüki däl-le, şu wagt Arçmanam bolsa oňjak-la – diýip, törde ýatan gürledi.
– Howlukma, basym Baýramala ibererler. Şondajyk böwregiňi bejerdersiň.
– Büzmeýinde sanatori ýok-maý? – diýip, başga biri gürledi.
– Şagadamda-da bar!
Olar gülüşdiler. Gurbanguly bagryna sowuk ornaberensoň, dik oturdy. Ol hälki başyny galdyran adama «Han jalaý» diýlenini eşidensoň, oturybam bilmedi. Ýerinden turdy-da, oňa bakan ýöneldi.
– Han aga, salawmaleýkim!
– Ýit, ýok bol! Men senden gaçyb-a şu ýere gelýän. Ýezit, sen meni şu ýerde-de goýjak däl öýdýän!
Oturanlar gülüşdiler.
– Näm-ow, pişik-syçan oýnaýaňyzmy? Ýaman gadyrlydyňyz-la!
Ýaşulynyň deminden ýalyn öwüsdi.
– Oh-oh, munuň maňa eden ýamanlygyny Iblisem musurman bendesine edip bilmez
– Munuňmy, ýeriň giňinde duşsa, muny bir edäýjegim bardyr. Arman, dara-dirä duşdy-da. Ýöne ol bir gapdala süýşüp Gurbangula oturar ýaly ýer berdi.
Gurbanguly ajygyp, sandyrap başlady. Hälki galpyldylar onuň aşgazanyna açlyk bolup girip, bar ysgynyny demine sorup başlady.
– Iýer ýaly zadyňyz ýokmy?
Ol adam tarsa ýerinden turdy.
– Bar, bar, ýoguňy çekiber! Öýüme äkidip, çaý-çörek berenime gynanyp ýörün. – Ol ýene dözmezçilik bilen töweregine garady. – Beriň-ow, döwüm-dişlem zadyňyz bolsa, şu ýesire. Mend-ä ýok.
Gurbanguly häzir daşam bolsa gemirjekdi, ýöne ol ýetişmedi. Demir işigiň derejesi şakyrdap açyldy.
– Salargulyýew, çykalga gelmeli!
Bu ses onuň ýadawlygyny, açlygyny, suwsuzlygyny süpürip aýran ýaly boldy. Onuň köýüp barýan umytlary täzeden örňäp başladylar.
– Oh-how, iki dogup, bir galanyň-a äkitdiler – diýip, hälki pyýada dillendi. – Seniň bilen salamlaşma nesibesi bar eken, bendäniň!
Gurbanguly kalbyndaky yşgalaňa çoýunyp koridora çykdy. «Bolsa-da adalat bar eken! Meniň bigünädigimi gijem bolsa bilendirler...»
Ony garanky koridor bilen ters ugra alyp gitdiler. Eltibem işigi demir gapyly, içi ýagty otaga saldylar.
Otagda Täşliýew bilen ýene bir daýaw ýaş ýigit otyrdy. Ony oturtmadylar. Täşliýew ýuwaşlyk bilen başlady.
– Sapargulyýew, sen, han ogul, boýun almaly boljak. Sypara ýeriň ýok. Düşünýäňmi? Ähli logika gelip saňa direýär, düşünýänmi? Onuň üçin, buýtar-suýtar etmedejik, boýun al! – Ol gaty oturgyjy süýşürdi. – Otur!
Gurbanguly gan ýuwudýan ýaly boldy. Hälki açlyk bolup sorkuldaşýan damarlary indi zäherli sanjyp, agzyndan köpük gelip başlady. Ol alaçsyz ýuwdunyp otyrdy.
– Bol, gürle!
– Men ýaňy ýagdaýymy aýtdym.
Täşliýew onuň üstüne düwledi.
– Pohuňy iýme, hany, gürle!
– Jan agam! – Gurbanguly ysgyn-mydarsyz göwresini zordan göterip durşuna, oturgyçda çalaja gobsunyp, ýalbaryp başlady. – Men başga näme diýeýin? Ynanyň!
Sülçi gapdalyndaka göz ümledi. Daýaw pyýada öwredilen it ýaly, dazanaklap geldi-de, Gurbangulynyň ýakasyndan ebşitläp tutup, onuň bagyr-öýkeniniň birigýän ýerine ýarym put boluberjek ýumrugyny inderip goýberdi. Gurbangulynyň içini çydap bolmajak agyry bilen bilelikde, namysyň syýadan çykmajak ody gabsap aldy. Ol bu bolýan zatlara haýran galyp, nämedir bir söz aýtjak bolup ýerinden turdy-da, demi-demine ýetmeýäni üçin ýene-de aşak oturdy. Agyry bilen petişlik ony jähennemiň ynsan çekip bilmejek jebirleriniň ummanyna eltip, ýene-de yzyna alyp gaçýardy. Ýokardan asylgy yşyk aşak düşüp, dik duran iki pyýada asmanda aýlanyp ýördi.
Ol gözüni açyp-açmanka agyr köwüşli aýak eňeginiň aşagyndan hyrçyldap, çalarak ýelpenip geçdi. Başga bir urgy bolsa ony serreldip goýberdi.
– Ýenemi?
– Häzirlikçe garaş!
Ony oturgyjyň üstüne taşlap goýberen pyýada, edil garşysyna geçip: «Hany, ýene bir boýun almajak bol, gereli!» diýýän manyda edil ýüzüne jikgerilip garaýardy. Sülçi ýene-de başlady.
– Sapargulyýew, sana adamçylyk edilip, düşnükli aýdylýar. Boýun al!
Gurbangulynyň gözlerinden ýaş paýrap başlady. Ol demini zordan aldy-da, ynjyly ýuwdundy. Soň ganjaryp duran dodaklaryny ýumrugyna süpürdi. Ýumrugynyň arkasy garagandy.
– Näme? – diýip, ol sülçä garady. – Sen beýle mert bolsaň, öldür meni! Ýöne men etmedik zadymy nädip boýun alaýyn? – Ol owadan, nepis ellerini öňe uzatdy. – Şu eller, heý, haýwan-ynsany ynjytmaga dözjek elmi? Sen türkmen-ä, gardaş, düşün-ä!  Ol daýaw pyýadanyň göreçlerine garady. – Saňa Hudaý ogluňdan-gyzyňdan çekdirer. Balalaryň meniň ýerimde oturyp, meniň iýen ezýetimi iýmese, Hudaýdan razy däldirin...
Ol garadangaýtmaz pyýada agyr aýagy bilen Gurbangulynyň eline depdi. Beýle zabunlygy ömür görmedik ýigit, süňňüniň ýürege düşüp agyrmasyna çydap bilmän, özüni iki gaýta göterip-göterip ýere urdy.
– Waý, elim, waý, elim! Naýynsaplar-eý, waý el-lim...
Sülçi yza çekiler ýaly däldi.
– Sen boýun aljak däl, «meniň habarym ýok!» diýýäň. – Ol açyk seýifden sellofan halta çykardy. Onuň agzyndaky ýüpi çözdi-de, haltany stoluň üstüne silkdi. Gurbanguly öz köýnegini tanady.
– Şu köýnek kimiňki?
Gurbanguly tüýdüge dönen bokurdagyny öllemese, ondan ses çykmajagyna düşünip, gaty kynlyk bilen gaýta-gaýta ýuwdundy.
– Meniň köýnegim.
Sülçi janlandy.
– Şu köýnegiň niredeň alnanlygyny bilýäňmi?
– Ýok.
– Çary Garaýewiň kellesine bürelipdir. Soňam bokurdagy daňlypdyr...
Gurbanguly uly hasrat bilen boýnuny burdy.
– Wah, bilemok-da.
Bu sapar sülçiniň özi onuň ýüzi kesir urup goýberdi.
– Indi näme?!
Gurbanguly awuşap duran dodagyny ýalady.
– Ýok, men edemok. Meniň elim barmaz...
Sülçi gapdalyndaky pyýada ümledi. Ol bolsa dälirän öküz ýaly, Gurbangulyny ilk-ä süsüp goýberdi, soňam onuň içine dört-bäş sapar depdi.
Gurbanguly ýaňky urgudan aljak yzasyny alypdy. Onuň sünni indiki urgulara taýýar bolýan ýalymy, ýa boýun alykmy, ol ilkinji sapardaky ýaly awunmady. Ýöne ol süýjüje durmuşda ganat ýaýyp uçup ýöreninimi, ýa bolmasa, akja «Žiguliniň» içinde bir ýerlere gidip barýanyny aňdy. Soňam buz ýaly urgy şol süýjüligiň üstüne agyr bomba düşen ýaly etdi.
Ol gözüni açdy. Üsti-başy suwdan ýana şalpy-şaraňdy.
– Ýene-de guýaýynmy?
– Besdir!
Sülçi ony ýakasyndan tutup, oturgyçda oturtdy.
– Boýun alýanmy?
Gurbanguly agzyndan gelýän ganly köpügi ýuwdup bilmän durşuna, demini lagyrdadyp gürledi.
– Arkaýyn öldüriberiň meni, ganymy sorajak ýokdur. Ýöne etmedik zadymy boýun aldyryp bilmersiňiz...
Sülçi daýaw pyýada ümledi. Emma bu sapar Gurbanguly ahmal galmady.
– Eliňi çek, haýyn. Şu uranlaryň üçinem, ertire bir çykaly, jogap bermeli bolarsyn...
Emma daýaw pyýada diýýärsiňem diýmedi. Ol elini öňem garaw görmedik adamsynyň ýüzüne aýlajak bolanda, Gurbanguly onuň her biri elektrik çyrasy ýaly bolup ligirdäp duran gözleriniň birine ýumrugy bilen ýelmäp goýberdi. Ol pyýada beýle-beýle bolar öýtmedik bolara çemeli. Duýdansyz urga serpmeden gaýdan ýaly gygyrdy. Soň «Wäk, göz-züm!» diýip uwlady-da, dyzyna çökdi.
Sülçi milisioneri çagyrdy.

23.

Ertesi ondan üç adam sorag edip başlady. Gurbanguly sesini çykaranokdy. Ol agşamsy bilen içiniň, eliniň awusyna çirimem edip bilmändi. Han aga ýene-de oňa dözmändi. Ony öz narasynda ýatyrdy. Üstüne penjegini ýapdy.
– Görseň, olar saňa Han jalaý däldir! Tumşujygyny owradaýandyrlar. Wah, duşmadyň da, ýogsa özümjik owratjakdym seniň bujagaz owadanja tumşujygyňy. Arman, duşmadyň-da. Men owradan bolsam, ol tumşuk bilen bu ýerlere düşmäge-de utanardyň. – Saňa bähbit bolardy.
Gurbanguly iňledi.
– Olar meni urup-urup öldürdiler, Han aga. Meýdimi bir şolara bermäň. Gaýrat edip alyn-da, Garrygala iberiň. Ilim günüm ýok diýsemem, ite-guşa şam etmän, ýere duwlaň. Bormy?!.
Han aga sesini çykarmady. Birhaýukdan soňra burnuny myňňyldadyp, gussaly gürledi.
– Hapa bolma, ölmersiň, enşalla!
– Goý, özleri ölsün, biz ölenden. Sen ertir soraga äkiderler welin, «Prokuror gelmese jogap berjek däl» diý-de, aýak dire-de dur. Öldürselerem jogap berme. Prokuror gelerem welin, urlan ýerleriňi görkez. «Wraç çagyryň» diý. Näme, tapar-tapmazyň çagasymyň? Şerraýlyga tutuber. – Gara pyýada ýatan ýerinden maslahat berdi. Onuň aýdany Gurbangulynyň gulagynda galypdy. Ol ep-esli wagtlap sesini çykarmady.
– Näme, diliňi ýuwutdyňmy? – diýip, sülçi gaharlanjak boldy. Ýaşy birçene baran adam ony saklady.
– Gygyrma!  – Soň onuň özem sowala tutdy. Näme üçin jogap bereňok, ýigit?
Gurbanguly agşamky urgulardan soň özüne gelip bilmäni üçin, oturgyçda zordan synasyny saklap otyrdy. Açlyk, suwsuzlyk ony has hem basmarlapdy. Ol ýuwaşja gürledi.
– Prokurory çagyrmasaňyz, men öldüräýseňiz hem agzymy açjak däl.
Ýaşuly öňe garşy gobsunan ýaly boldy.
– Men prokuror! Aýdyber, diňleýän...
Gurbanguly ynjyly ýuwdundy. Ganyna ornap giden agşamky ynjylar onuň bokurdagynda berç baglap durdy. Ol her gezek ýuwdanda şol berje basyp, soň ýuwdunmaly bolýardy.
– Agam, heý, beýle-de bir naýynsaplyk bolarmy?
– Näme bolupmyş?
Gurbanguly köýegini galdyrdy. Onuň kükregi gök-dalak bolup ýatyrdy.
– Agşam Täşliýew sorag eden bolup, bir daýaw pyýada içime, kükregime, ýüzüme depdirdi. Özem ýüzüme urdy. Meni beýle, öler ýaly urar ýaly, näme günäm barmyşyn? Beýtjek bolsalar...
Ýaşuly gyňyr gepledi.
– Beýle zat bolmal-a däl. – Ol Täşliýewe ýüzlendi. – Näme boldy?
Täşliýewiň piňine-de däldi.
– Sorag prosesinde abaý-syýasat edildi.  Gaýta, ol Gurbangulynyň özüne haýbat atdy. – Senjagazyňam, elik ýaman uzyn...
– Seň özüňem urduň, özünem...
Gurbangulynyň sesi endiräp çykdy. Ol häzir zeýrenmeli däldigine düşünýärdi. Ol gürlese özüni kiçeldýäninem bilýärdi, emma onuň kalbyndaky gussa-da egsiler ýaly däldi.
– Hiç zat edilenok oňa. Özi dazgarçylyk edýär. Ýykylan boldy. Boýun gaçyraryn öýdýär. Seniň ýaly kän görlendir. Sen ýalylar başgarak aýybam ýöňkeýärler...
– Urduňyz!..
Prokuror azmly gyňraldy.
– Bes ediň, prosese başlaň...
Gurbangulydan şol bir soranlaryny sagat ýarymlap, dürli dil, dürli ýol bilen soradylar. Emma ol özüniň hiç zat bilmeýänini tekrarlady oturdy.
– Ol seniň aýalyňy eliňden alypdyr-a. Näme, seniň namysyň, aryň ýokmy? Sen näme, türkmen dälmi? Özüm-ä ol aýalym bilen gezmek eken, şoňa dil ýetirse-de kellesini owradardym. Özi bolmasa-da çagalaryna zyýan ederdim welin, arymy ýerine salardym – diýip, prokuror ony ugruna kowup ugrady. – Tembo-liý, halaşyp alan aýalyňy öz garyndaşyň neme edip ýörse, baý, janyňa deger...
Gurbanguly halys ýadansoň tap berip başlady.
– Namysyma-da degdi, gaharymam geldi. Öz etimi özümem iýdim...
Prokuror ýuwaşlyk bilen sorap başlady.
– Şonda dagy «Şuny ýok edip dynaýyn-la», «Şunuň ogluny gözüniň öňünde keserdeýin-le, hany, özüne-de bir basyp göreýin-le...» diýen ýalyrak duýgy bolmadymy? – Ol gapdalynda her sözüne baş atyp oturan adama ýüzlendi. – Şeýle duýgynyň bolmagy mümkin-ä! Sebäbi biz janly adam ahyryn. Haýwanyň ýanyndan taýyny aljak bolup bir gör, haýwanyň...
– Hawa-la – diýip, gapdaldakam tassyklady.
Prokuror ýene-de dowam etdi.
– Sen şolaryň daçasyna baryp görüpmidiň?
– Ýok.
– Nireräkdedigini bir bilýänmi? Eşidip zat edeňokmy? Ine, «Biziň daçamyz pylan ýerde!» diýen ýalyrak gürrüňler eşidensiň-ä?!
– Ýok, gyzyklanamogam.
– Olaryň bagban-a «sen geldi» diýýär. – Ol birneme oýlandy. – Sen arak-şerap bir içýäňmi? Serhoş bolup gördüňmi?
– Ýok.
– Nemedir-le, adam essinden çykyp, gaharyna bäs gelip bilmänem ediberýär käbir zatlary. Türkmenler şonuň üçin gahar kapyr diýmeýärlermi?
Gurbanguly boýnuny burup, naýynjar halda oturyşyna:
– Mümkin – diýip goýberdi. – Ýöne, her ýagdaýda-da meniň elim onuň ýaly işe barmaz. Näçe gaharym gelse-de, näçe serhoş bolsam-da barmaz...
Prokuror sülçä ýüzlendi.
– Oglany ýadatmaň.
– Näme ýazaýyn?
Prokuror oýlandy.
– Näme ýazjak. Aýdyp otyr-a «Men özümi bilip edemok» diýip. – Ol barmagyny sülçä uzatdy. – Ýöne, «Özüňi bilmezlikdenem, gaharyňa bäs gelip bilmänem olar ýaly işi etmek mümkin» diýip ýaz. Gol çekdir.
Gurbanguly alaçsyz gol goýdy. Soň onuň saçyny syrdyrdylar. Surata düşürdiler. Barmaklarynyň ujuna çernil çalyp, haýsydyr bir kartoçka bäş-alty sapar basdyrdylar. Soňam ony aýratyn kamera saldylar. Egin-eşik, düşek berdiler.
Bu ýer, näme diýseňem, rahatdy. Oňa azar berýänem ýokdy. Demir işik açylyp, agaç stoluň üstündäki alýumin kürüşgä guýlan çaý, iki bölek gara çörek, ýüzünde dört-bäş bölek kelem ýüzüp ýören çorba onuň janyna bal bolup degdi. Gözi ýerine gelen ýaly boldy. Başyny dyzynyň üstüne goýup, oturan ýerinde bir salym irkildi. Soň kellesi az-kem işläp başlady.
«Boýun almaly däl. Olar hoşamaýlan bolup, maňa boýun aldyrjak bolýarlar...»
Ol birden tisgindi. Hälki gürrüňleriň astynda boýna goýulmanyň bardygyny aňdy.
«Ölsemem mert ölerin, boýun-a almaryn. Men edemok. Etmedik işimi boýunam almaryn...»
Sähel salym geçmän ony ýene-de soraga çagyrdylar. Ýöne bu sapar ondan hiç zat soramadylar. Ýöne sorag edilýän jaýa salyp, onuň ellerine gandal urdular. Iki sany milisioner ony aralygyna alyp ugrady.
Howla tarap ýöremeli. Aralykdan!
Howluda milisiýanyň «UAZ-69» maşyny keserip durdy. Sülçi, prokuror, ýene-de iki sany adam ýüzlerini eňşidip durdylar.
– Maşyna salyň!
Gurbangulyny maşynyň yzky işigini açyp, oňa süsdürip mündürdiler. Soňam maşynyň gapysyny daşyndan ýapyp gulpladylar.
Bu maşynyň içem kamera ýalydy. Iki gyrada nara ýalyjak sekijik bardy. Aýnalar, öňdäki oturgyç bilen aralyk demir germewlidi. Maşyn ugrar ýerde ugramady.
«Näme üçin meni günäkär etjek bolup oda-köze düşýärlerkä? Ol haýynlygy eden adam hem bir ýerlerde bardyr-a. Näme üçin ony tapjak bolanokkalar? Hakyky günäkäri tapmasalar, bigünä adama jepa beriljegini bilenoklarmyka? Meniň günäkärdigime olaryň özleri bir ynanýarmyka? Men boýun alanymda-da, ýalandan «men etdim» diýenimde-de, hakyky ganhor gyrada galýar ahyryn. Onsoň, hany adalat, hany adyl sud?! Men şu zatlar barada sülçi bilen näme üçin gepleşip bilemok. Men gazetde işleýärkäm islendik adam meniň bilen gelip gürleşip bilýärdi ahyryn...»
Maşyn derwezeden çykyp, öňden barýan maşynyň yzyna düşüp ugrady. Bir öwrümde Gurbanguly Gara Garaýewiçiň «Wolgasyny» tanady. Onuň göz öňüne Göki molla geldi. «Wah, Göki aga, men saňa nireden duşupdyryn? Sen maňa ol gynançly wakany nireden gürrüň berdiň? Sen meniň nebsimi näme üçin agyrtdyňkaň? Ine, gynanan boldum, Hudaý bolsa: «Hany, gynansaň öz egniň bilenem bir çekip göre diýip, baryny meniň başyma atdy. Indi kime arzymy aýdaýyn, kime dadymy ýetireýin...»
Onuň göz öňüne Anýanyň, Patmanyň, onuň ejesiniň begençli ýüzi geldi. Olar tylla dişlerini lowurdadyşyp, jak-jaklap gülýärdiler. «Hä, senjagaz, ýene bize deg! Tapdyň degjek adamysy! Süýjümi? Entejik duruber bakaly, senjagaz, bu dagy näme, meýdiňi ýakarlar, meýdiňi...»
Gurbanguly Gara Garaýewiň bir gujak bolup duran tumşugyny görenden atuwa gidenini ýagşy görýärdi. Emma häzir elinden gelýän alaç ýokdy. Häzir onuň özi özüne degişli däldi. Ol häzir ejizdi...
Maşynlaryň hatary köne tunnelden ötüp, demirgazyga tutduryp başlady. Soňam kanalyň köprüsine dyrmaşdy.
«Meni nirä alyp barýarkalar? Ýa indi şu horlanlarynam az gördülermikä?» diýip, Gurbanguly ellerindäki demir bileziklere öwrenişip bilmän oturyşyna oýlandy.
«Gara Garaýewiç näme üçin bularyň ösüne düşüp barýarka? Ýa ol ýene bir muşakgatlygyny meniň üstümden guýjak bolýarmyka?»
Maşynlar ýene-de ep-esli ýöräp, kanalyň arkasyna aýlanyp başlady. Barybam ak daşdan iki gat edilip salnan, owadan gupbaly jaýyň işiginde saklandy. Bu jaý, bu howly hütdüjek jaýlaryň arasynda edil metjit ýaly bolup, howalanyp dur. Beýleki daça jaýjagazlary onuň ýanynda eginjiklerini gysyşyp otyr.
Milisionerler ylgaşyp gelip, maşynyň yzky gapysyny açdylar. Gurbangulynyň daşyny halkalap, howlynyň törüne bakan alyp gitdiler.
Ullakan möjek iti ýat adamlary görüp, özüni öldüräýjek bolup zynjyryna bökýärdi. Gurbanguly ol itiň dowzahyň gözenegi ýaly bolup duran aýylganç agzyny, kümüşsow, ýiti dişlerini görüp eýmendi. Birdenem, onda häzir bir maý tapyp, özüni şol itiň öňüne oklamak meýli döredi.
«Şular ýaly orramsylaryň öňünde eli bagly bendi bolup ýörenimden-ä, şeýdenim müň paý ybaly bolardy» diýip oýlandy.
Howlynyň içi eliň aýasy ýaly arassady. Tertip bilen ekilen baglar, beton ýodajyklar, güýzüň ahyrynda açylýan gyrmyzy bägüller, agyr hoşalardan, gür ýapraklardan dynyp, eginlerini ýazan üzüm gollary, daşy ak hasa bilen dolanan uly-uly salkymlar, jaýyň ikinji gatyndaky owadan-owadan çarçuwalar bilen utgaşyp gidýärdi.
Kimdir biri howlynyň burçunda ullakan, semiz janlyny soýup durdy. Derisi sypyrylan läş janlynyň juda gurgundygyndan habar berýärdi. Başy gara bürenjeli aýallaryň birki sanysy tamdyryň başynda durdular. Howludaky tamdyrdan ýaňy çykan çöregiň ysy gelýärdi.
Gurbanguly gözüniň görýän zadyny, burnunyň alýan ysyny seljermäge ýetişmedi. Milisioner oglanlar ony südekekledip, howlynyň demirgazyk çüňküne alyp gitdiler.
Düýbünde hapa suw buldurap duran dörtgyraň beton çukura adamlar boýunlaryny uzadyşyp garaýardylar. Gurbangulyny bolsa çukuryň gyrajygynda sakladylar.
– Şu çukury bilýänmi? – diýip, sülçi ona sowal berdi.
Gurbanguly tamdyryň başyndaky aýalyň eňreýändigini eşitdi.
– Hudaýym, ýaşyň gyrkylsyn! Balamyň başyna salan günüň seniň başyňa düşsün. Saňa atuw berilmese, bu dünýäden gözümi açyp giderin.
Gara Garaýewiçiň hem gözünde ýaş bulduraýardy Gurbangulynyň özem bozuldy. Onuň göz önüne Çarynyň daýaw, owadan didary gelip giden ýaly boldy.
– Bilemok! – diýip, ol sesini ýuwdaýjak bolup aýtdy.
– Waska! – diýip, Gara Garaýewiç jynssyz gygyrdy. Emma onuň sesine gelen bolmady. Ol başga birine gygyrdy. – Waskany getiriň!
Adamlaryň nazary tamdyryň aňyrsyndaky hütdüjek tama tarap dikildi. Kimdir biri ol jaýdan yşarat bolup galan bendäni yzyna tirkäp, çukura tarap gaýtdy. Ýakyn geldigiçe, Gurbanguly ol adamy tanady. Ol Allak agady. Ol bir wagt Gurbangulynyň obasynyň belli pälwanydy. Onuň bilinden tutup, ýykmadyk adamy galmandy. Soň welin, arak diýen ýowuz pälwandan ýykylyp, namysyny, aryny, maşgalasyny, lebzini gara ýere çalan adamdy. Indem kimdir biriniň işiginde gul bolup ýörmüş diýip gürrüňi edilýän adamdy. Gör, ol kimiň eline düşen eken!..
«Elbetde, sypmarsyň, bu haýynyň eline düşseň!» diýip, Gurbanguly howlukmaç oýlandy. Onuň üçin öz obadaşy, bir wagtky gözleri giden belli pälwanynyň her bir hereketi gyzyklydy...
Waska serhoş gözlerini gap-gara, çorly ýumrugy bilen süpürip, patdyk-putduk ýöräp geldi-de, üýşüp duran adamlaryň golaýynda saklandy. Oňa ýol berip, öňe geçirdiler. Ol adam sal-sal eşiklerini, ösgün saçyny, kirli sakgalyny günbatardan öwüsýän sowuk ýele ykjadyp, digdenekläp durdy.
– Waska, mundan bir aý öň kimdir biri howla girjek bolupdyr. Sen şu duranlaryň arasynda şony tanarmyň?
Waska ýitireni bar ýaly bolup duranlary ýeke-ýekeden gözden geçirdi. Emma nazary hiç kimde saklanmady.
Gurbanguly bu bedibagt adamyň özüne ýiti-ýiti garady. Tasdanam «Salawmalaýkim, Allak aga!» diýipdi. Emma diýmänem gowy bolupdyr. Gara Garaýew ony dözümli silterledi. Soň bolsa eli gandally ýigide bakan ümledi. Waskanyň gözi Gurbangula düşdi.
– Ana, şol!
Gurbanguly aljyrady.
– Allak aga, jan agam, ýalan sözleme! Alladan gork, men seniň obadaşyň!  Ol özüni zor bilen süýrekläp barýan milisionerleriň badyna entiredi-de, sähel salymjyk dikeldi.
– Men edemok! – diýip, öňki-soňky güýjüni jemläp, ýas yzy bildirip duran howlynyň inini dygladyp gygyrdy. Onuň sesi kaşaň jaýyň ikinji gatyndaky eýwanyna düşüp, gaýta-gaýta ýaňlandy durdy...

* * *
Gurbanguly bu ýerde bolan günleriniň hasabyny ýitiripdi. Ol türmäniň uly kamerasynda Han aga bilen bile saklanýardy. Urulma, sögülme bilen asla-da öwrenişme mümkin däldi. Şeýle-de bolsa, Gurbangulynyň teni indi ölüp barýan ýalydy. Onuň gögermedik, agyrmadyk ýeri ýokdy. Ýöne nätselerem, bu işi onuň boýnuna goýup bilenokdylar.
Gapy şakyrdap açyldy. Düşeklerini goltuklaryna gysyşyp, başlary syrylan iki pyýada içeri girdi. Olaryň mysalasyny göreniňde, ýüregine pynhan gorky kürsäp urýardy. Olaryň biriniň maňlaýy sag gözünden tä dodagyna çenli çapykdy. Gözüniň aşagy ýirik bolansoň, gyp-gyzyl ýorka daşyna çykyp durdy. Özem men diýen daýaw, kellesem tap-takyr bolansoň, gözüň ýüzünde typyp, şol eýmenç ýorka gelip saklanyberýärdi.
Beýleki ýigit gap-garady. Onuňam başy syrylgydy. Ýüzünde bolsa rehim-şepagatdan nam-nyşan ýokdy. Olaryň ikisem özüni şeýle arkaýyn duýýardylar. Gara pyýada bolsa nähilidir bir heňe sygyryp, düşegini naranyň üstüne oklap goýberdi. Soň naradan aýagyny sallap oturdy-da, sygyryp başlady. Gözi ýorkaly bolsa, ortara gelip elini bykynyna urup, abşarylyp, hökümli gürledi.
– Çilim barmy?!
Gurbanguly «Herne türkmen eken öz-ä» diýip rahatlyk bilen oýlandy. Emma öňdenem içi ýanyp duran Han aga bu pyýadalaryň äsgermezçiligini göterip bilmän:
– Nas bardy, o-da gutardy! – diýip kineli gürledi.
Ol pyýada Gurbangula azym urdy.
– Sen näme, eý, kertik, agzyň ýörmelgimi?
Gurbanguly sesini çykarmady.
– Kertik diýdiňmi? – diýip, gözi şikesli nakys güldi. – Däl bolaýmasyn?!.
Olar gülüşdiler.
– Men-ä oňa «Maýýa» diýäýjek! Ol juda naşyja! – diýip, daýaw pyýada kikirdedi.
– Meniň Maýýam!
Gözi şikesli ýene-de kikirdedi.
– Eý, Maýýaňy maňa-da berermiň?
Gurbanguly bu pyýadalaryň bolşuny halamady. Şonuň üçin ol Han aganyň narasyna geçip, ondan haraý isleýän ýaly, oňa gysmyljyrap oturdy.
– Daýaw pyýada beterinden beterini tapýardy.
– Men näme, öz Maýýamy sana berip, dur-rakmy? Berjek däl. Agşam özüme gerek.
Gözi şikesli hikirdedi.
– Bolýa diý, ýogsa «gaýynatana» aýdaryn. Gör, ol Maýiçkany gujagyna alyp otyr.
Olar gülüşdiler. Han aga oturyp bilmedi.
– Hany, akylly bolsanyzlaň-eýt! Türkmen oglanlaryna meňzänzok. Utanç dälmidir...
Ýaşulynyň gatyrganmasy ol pyýadalaryn azarynada däldi. Gaýta ýaşulynyň sözüni ýoknasyzlyk bilen ýaňsa alyp, gülüşýärdiler.
– Gaýynataň öwüt berýär-ow, ýuwaş!
Han aganyň gahary çyrpynyp dursa-da, ol soň sesini çykarmady.
– Maýiçkam, läläm! – diýip, olaryn hersi bir narada biri-birine garap oturyşlaryna hikirdeş ýördiler. Gurbangulynyň halys awara bolan beýnisi çat açyp barýardy. Ol oturyp bilmedi.
– Eý, ýirik, sen Maýýam diýip kime diýýän?! – Gurbangulynyň sesi sandyrap gitdi. Jogap bolmady.
– Maýiçkam gürleýär! Ýuwaş! Gara pyýada güldi.
– Onun ýirilesi gelipdir– diýip, gözi şikeslini az-kem gyryljak ses bilen aýtdy. Soňam gelip, sen-men ýok, Gurbangulynyň ýeňsesine ýekedaban ýaly ýumrugy bilen düňderip goýberdi. Hil bir iş bitiren ýaly bolubam ýerine baryp oturdy. Beýlekem dilini saklamady.
– Maýiçkamy urma-how! Agşam bermerin-ä...
Gurbangulynyň süňňi galpyldap başlady. Ol sülçüden her hili nejisliklere garaşýardy. Sebäbi ol adam öz maksadyna ýetmek, öz talabyny bitirmek üçin adamy her hili masgaralamakdan çekinjek däl-di. Ýöne bu «oýun» ynsan balasy çekip-çydardan ýowuzdy. Gurbanguly bu pyýadalaryň porsy deminden nämäniň ysynyň gelýändigini duýup ugrapdy.
«Bular ýöne ýere gelýän däldirler – diýip, ol süňňüni saklap bilmän oýlandy.  Hernä, bagtymdan Han aga bar. Bulardan adamçylykdan özge her zat çykar...»
Sähel salymdan soň Han agany başga bir ýere alyp gitdiler. Gurbanguly iki sany möjegiň penjesine düşen towşan kimin galdyrap galdy. Ol birden bat aldy-da, işige ylgady. Soňam demir gapyny janynda baryny edip depip başlady. Emma hiç kim ses berenokdy.
– Açyn, sülçini çagyryň! – diýip, ol bagryny paralap gygyrdy. Emma netije bolmady. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, şu kameradakylardan özge, tutuş türme zym uçan ýaly imisalalykdy.
– Maýiçkam! – diýip, gara pyýada hikirdedi. Sana näme bolýar?..
– Onuň nemejigi nemedýär! – diýip, beýleki ondan beter guduraýardy. Ol isleýär. Ölüp barýar...
Gurbanguly özüniň kastyna çykylanyna magat göz ýetirdi. Ol öň sülçini garalaýan bolsa, indi Gara Garaýewiçiň bedroý sudury onuň üstüne abanyp başlady. «Seni edişime bir seret, haýyn!» diýip, ol gaýta-gaýta sürünýärdi.
Bu türmäniň kellekeserlerini satyn almak, şolara Gurbangulynyň läşini serdirmek onuň üçin eşekden palan alança-da ýokdugyny Gurbanguly äşgär görüp durdy. Ol muny öňem aňsa aňýandyr welin, şu, hol gün Allak aganyň keşbini görüp, guty halys gurapdy. Beýle wejeraçylygy juda naýynsap bolaýmasaň edip boljak däldi. Ol şonda Gara Garaýew diýen adamda ynsançylyk tüýüniň ýekejiginiňem galmandygyny jany bilen duýupdy.
«Goý, meni öldürseler öldüribersinler» – diýip, ol çalaja pyşyrdady.  Ýöne namysymyň öňüňde ikilik etmen. Bular meni urup-sögüp boýun egdirerin öýdýändirler. Başarmazlar...»
Gurbanguly özüni öldürip bilmejeklerini duýdy. Çünki Gara Garaýewe iliň içinde gezmek gerekdi. Ol öz ogluna kast eden «ýetimçäni» atuwa iberdenini tutuş iliň eşiderini isleýändir. Türmede, sud edilmän öldürilmegi, özüniň gandarynyň ujyz sypmagy hasap etjegini Gurbanguly aňyp otyrdy. Ol nähakam bolsa, hakam bolsa, öz gandaryndan gan almalydy. Ony suduň üsti bilen almak bolsa, Gara Garaýewe abraýdy, mertebedi. Ol heniz işlemelidi, ösmelidi. Şu ýagdaý bolsa ona indiki ösüşleriň basgançagy bolup hemaýat etmelidi. Şol ýagdaýlary oýlanyp, Gurbanguly özüne ölümiň ýoklugyny duýdy. Şondan soň oňa güýç gelen ýaly boldy. Ol bu pyýadalar bilen hem ahyrky demine çenli söweşmegi kasam etdi. «Ýöne ýeke sekundam irkilmeli däl...» Ol özüne pent edip pyşyrdady.
Kameranyň yşygy diýseň körekdi. Onuň üstesine-de elektrik togunyň açylyp-ýapylýany koridordady. Ony daşyndan öçürip oturmalydy. Garankyda bolsa bular juda howpludy.
Birsalymdan Gurbangulynyň gorkup oturan zadam boldy. Kamerany yşygy öçdi.
– Ýatar wagty boldum aý?!  – diýip, olaryň biri gygyrdy. Maýýam, ýer salaý-da...
Daýaw pyýada Gurbangula tarap gaýtdy. Gelibem Gurbangulyny gujaklady-da, porsy demini titredip, ony öpdi. Gurbanguly ysgynsyz ýumrugyny ol haýynyň ýüzüdir diýip salyp goýberdi. Ýöne ýumruk gyltyz geçdi.
– Eý waý, Maýýam uraýdy! – diýip, ol pyýada kilçik güldi.
– «Maýýaň urdugy, Hudaýyň berdigi» – diýipdirler-ä. Bagtyň gelipdir. Ýo-ok, bagtymyz gelipdir! – diýip, beýlekem üstüni ýetirdi. Soňra olar pyşyrdaşdylar-da, iki bolup Gurbangula tarap gaýtdylar.
Penjireden gelýän öçügsi, ýagty, daşarynyň garaňkysyndan süzülüp gelýän ýagta Gurbanguly olary görüp durdy. Olar golaý gelende, Gurbanguly ýerinden turdy.
– Oglanlar, men sizden haýyş adýan, maňa azar bermäň. – Ol özelenip ýalbarmaga başlady. – Agalar, haýyş edýän. Meni Hudaýyň urany az däl. Musurman bendeleri bolup, türkmen öwlaty bolup, siz maňa kast etmäň...
– Biz saňa gowusyny etjek, Maýiçka!
– Biz seni gowy etjek diýsen-e.
– Gowusy, özüňjik razy bolaý. Agyrtmanjyk neme ederis! Bolmasa irim-jirim, irim-jirim!..
– Ah! – diýip, beýleki dişlerini jygyrdatdy. – Meniň Maýiçkam!..
Olar iki ýerden Gurbangula topuldylar. Gurban¬guly sypmaga ýetişmedi-de, olaryň biriniň agyr ellerine pete-pet dolaşdy. Ol pyýada bolsa ýyldyrym çaltlygynda onuň elini arkasyna gasyrdy. Soň bol¬sa onuň gulagyna hyjjyldawuk ses bilen pyşyrdady.
– Ýuwaş! Özüňe gowy bolar. Gaty çalt bolarys!..
Gurbanguly başyny elini arkasyna tutup duranyň ýüzüne gazap bilen urdy.
– O-ho! – Ol «oho» diýse-de, Gurbangulynyň elini az-kem gowşatdy. Gurbanguly töre garşy dyzandy. Emma beýleki pyýada onuň aýaklaryndan berk ýapyşypdy. Özem, eli dagysy edil bir polat atagzy ýady bolup, sypma-ha däl, edil janyny alyp gelýärdi, Gurbanguly sähel dyzandy-da, kellesi bilen süseniniň goltugynyň arasyna girenini duýman gald.  Olar ony töre bakan süýräp başladylar. Kellesine urlan bir eli bilen onuň gaňrylan elini tutup barşyna, beýleki eli bilen agzyny gapýardy.
Gurbanguly iňledi, depirjikledi. Olar bolsa ony tördäki naranyň üstüne atyp goýberdiler. Haýsydyr biri oglanyň kemerini sermedi. Beýlekisi bolsa onuň köýnegini başyna bürejek bolýardy.
– Men birinji nemedeýin-le – diýip, gözi şikesli pyşyrdady. Beýleki sesini çykarmady. Emma onuň oglanyň kemerine daraýşy gazaplydy.
Gurbanguly urunsa-da, özüni öldüräýjek bolup çabalansa-da, olardan sypar ýaly däldi.
– Maýiçka! – diýip, onuň başujunda duran Gurbangulynyň elini goýberdi-de, öz jalbaryny sypyryp başlady. Beýleki bolsa Gurbangulynyň kemerini alyp, onuň jalbaryny sypyryp başlady.
Gurbanguly eýmenç gorkdy. Gorkudan, eýmenmekden ýaňa janhowluna urnup durşuna: «Jan Allam, Şyblan jan, atam-babam, ýetişiň, biabraý etmäň meni!..» diýip çyňsady.
Birden Gurbangulynyň elem-aýagam boşady. Ol janhowluna, ýatan ýerinden aýagyny galdyrdy-da, agyr köwşi bilen balagyny sypyryp duranyň ýüzüne jalkyldadyp depdi.
– Eý, waý! – diýip, aýaguçdaky pyýada diňarkan gaýtdy-da, nämedir bir zada düňküldäp degdi. Ýerinden turmaga sähel maý bolan Gurbanguly pursaty elden bermän, arslan bolup atylyp, başujunda duran pyýada topuldy. Ol pyýada ýalaňaçdy. Şeýle-de bolsa, ol bar güýji bilen oglanyň elini gaňyrýardy. Gurbangulynyň açyk penjesi ol pyýadanyň kükreginden, soň bolsa garnynyň ýüzünden typdy-da, satanynyň arasyna geldi, Birdenem onuň ýumurtgalary oglanyň penjesine ildi.
– Wah, goýber, y-ym-m-m! Ym-y-y-ym! Goý-ý-be-er!.. – Ýalaňaç pyýada iňläp, beýleki eli bilen ony urup başlady. Emma urgy kem-kemden gowşaşýardy. Gurbangulynyň ähli gahary, ýigrenji, jebri-jepasy penjesine ýygnanypdy. Ol häzir öljekdi welin, penjesini açjak däldi. Ol penjesini açsa özüne eýgiligiň ýokdugyny duýup durdy.
Ýalaňaç pyýada aşak çökdi.
– Goý-ber! –  Onuň sesi ysgynsyz çykdy. Gurbanguly goýbermedi. Ýöne ol beýleki pyýadadan hem az gorkanokdy. Emma, nämüçindir, ol pyýada ýerinden galanokdy.
Birden yşyk ýandy. Gapy şakyrdap açyldy. Gurbanguly dine şonda dyrnaklarynyň aýasyna geçip gidendigini duýup galdy.
Içeri iki sany milisioner girdi. Olaram bu ýalanaç adamlaryň bolup ýatyşlaryny görüp, doňup galdylar. Gurbanguly jalbarynyň kemerini berkidip-berkitmän, işige bakan ylgady.
– Butnama!
Girenleriň biri jynssyz gygyrdy.
– Bu näme boldugy?
Gözi şikesli çyranyň ýagtysyna aýalyňky ýaly ap-ak endamyny bulduradyp, bir eli bilen ýüzüni ýapyp, bir eli bilenem satanynyň arasyny tutup çugutdyryp otyrdy. Beýlekisi bolsa maňlaýyny iki eli bilen tutup, dyzyna tirsegini diräp, aýbogdaşyny gurup otyrdy. Olaryň eşikleri bolsa kameranyň içinde pytrap, gözgyny bolup ýatyrdy.
– Bu nämäniň bitertipligi?!
Hiç kimden ses çykmady.
– Sapargulyýew, soraga! Bu habary aýdan ses Gurbangulynyň gulagyna perişdäniň owazy bolup eşidildi. Ol yzyna-da garaman açyk işige bakan düwdenekledi.

24.

Gijäniň bir mahaly ony ýene-de oýardylar.
– Soraga!
«Eý, Alla! Sen meni beýdip harlar ýaly, men saňa näme ýamanlyk etdim? Ýa meni al, ýa-da «Ýa ölsün öküz, ýa gopsun käşir» diý-de, haýsam bolsa bir tarapa agdaryp dyn. Men irdim oňa sygynmakdan. Seniň başyma salan muşakgatlaryňdanam irdim...»
Onuň «Içi ýanan taňrysyna gargar» etmegi ýöne ýere däldi. Onuň dadyny ne bendesi, ne taňrysy eşidýärdi.
Ol soragdan halys bizar bolupdy. Dogry, indi ony känbir urup, horlap duranokdylar. Ýöne henizem şol bir zady telim dürli äheň bilen, telim dürli öwrüm bilen soraýardylar. Häli sülçi ony ýene çagyrdy.
– Seniň işiň derňewini gutarýarys, Sapargulyýew. Derňew, barlaglar eden jezaň jenaýatyň agramyny kesgitledi. Sen indi Türkmenistan Jenaýat kodeksiniň 106-njy maddasynyň üçünji bölümi boýunça gutarnykly aýyplanýan. Olam aýratyn zalymlyk bilen kast edip adam öldüreni üçin on bäş ýyldan atuw jezasyny bermeli diýýän madda. Sen indi boýun alsaňam-almasaňam atuw jezasyna höküm edilmeli. Ýöne bir edýän zadyň, işi yza çekýäň. Düşün, sen meniň ýagdaýyma-da düşün, sen menem köýdürýäň. Kak-budto, men işi oňarman, bu gün-erte eden bolup ýören ýaly görülýän. Şonuň üçin, işi oňaraňok diýip, ony meniň elimden alyp, başga birine berjek bolýarlar. Düşünýänmi, seniň garşydaşyň mafiýa, milisiýa, onsoň sen olar bilen oýun etme. Olar seni, barybir, diri galdyrmazlar. Olar menem, naçalniklerem goýanoklar. Saňa indi ýalançyda diri gezme ýok. Eşitdiňmi, erkeklerçe boýun al. Meniňem çagalarym bar, menem saňa çynymy aýdýan. Seniň üçin meniňem ýanasym gelenok.
Gurbanguly başyny galdyrdy.
– Men näme etmeli?
Sülçi janlandy.
– Ine, men tekstini taýýarladym. Sen goluny çek. Sypara ýerin ýok. Ähli logika, deliller, şaýatlar seniň edeniňi subut edip dur. Sen bolsa gaýra tesýäň. Ne meni horla, ne-de özüňi. «Hawa, men etdim. Ýalňyşypdyryn» – diýde otur. Seniň näme aýtmalydygyňy özüm öwredeýin. Seni atuwa berdirmejek bolup elimizden geleni edeli. Eger sen boýun alsaň, biz seni gorap, halas edip bilýäs, düşünýänmi? Eger boýun almasaň bolsa, sen bar sistemada garşylyk döredýäň. Onsoň seni halas edip bolanok...
– Men edemok!
– Onda kim etdi? Eliň yzy galan bolsa, köýnek seniňki bolsa, şaýatlar seni tanap, «şol etdi» diýip dursa, nädip boýun gaçyryp biljek? Ýene-de aýdýan, wersiýa, logika, bary gelip saňa direlýär. Ondan başga-da bizem çöregi agzymyzdan iýýäs-ä. Ýürek duýup dur-a. Biz bir günüň, ýa bir ýylyn sülçüsi däl-ä Boýun al, özüm kömek edeýin. Kömek etmesem, ýüzüme tüýküräý. Soňam, gurultaý gelýär, SSSR-iň döredilmeginiň elli ýyllygy gelýär. Iki sany amnistiýa bar öňüňde. Otursaň iküç ýyl oturarsyň. Ýöne çaltrak sud etdirmeli. Sud gijä galsa, amnistiýa düşeňok. Men baryny hasapladym. Düşün!..
– Men oýlanaýyn! Ýöne tekstini okap göreýin!..
Ony bir adamlyk kamera saldylar. Şol ýerde ol teksti okap gördi. Onda Gara Garaýewiň öz aýaly bilen gezenine gahar edip, şeýle hem ýalňyşyp, duýgularyna bäs gelip bilmän, aýalynyň elinden alnanyna namys edip, kakasyna gahar edip Garaýew Çaryny kellesine palta bilen urup öldürendigi, ony öz daçalaryndaky hapa akýan çukuryň çoýun gapagyny galdyryp, içine taşlandygy boýun alynýardy. Soňam ýaş bolany üçin ýalňyşandygy gaýta-gaýta tekrarlanýardy. Kast etmek işi detallaýyn beýan edilýärdi. Köýnegini nädip onuň boýnuna bürändigi, daça nähili gelendigi, soň ondan nädip çykandygy aýdylýardy...
Ol «garalawjy, boýun alyjy» ýazgyny okap, ýene-de ynjalykdan düşdi. Kellesine her hili pikirler sürlenişip, edil bir serçe sürüsiniň harmana eňşi ýaly eňýärdi. Şol «harmany» goramaga Gurbangulynyň gurbaty ýokdy.
«Barybir, meni goýmazlar. Bu boluşda meni bu zyndandan çykarmajaklary belli. Şonuň üçin men etmesemem, «etdim» diýäýsem nähili bolarka?»
Gurbangulynyň ýüregine dagly howsala düşdi.
«Şony men öldüren bolaýmaýyn?!» Ol bu pikirinden eýmendi. Emma bu pikir beýleki «serçe sürüsini» duw-dagyn edip, maslyga gonan çaýkel ýaly bolup, şol «harmanyň» üstüne münüp hekgerdi. «Men öldüren bolaýmaýyn?!.»
Ol Çary Garaýew «öldürildi» diýlen gijesinde nirede bolanyny ýadyna saldy. Şol gije öz öýünde «apy-tupan» turup, Gara Garaýew bilen Patmany «aýşy-eşretiniň» üstünde tutan gijesi bolmalydy. Ol öýe gelşini, Patmanyň üstüne gygyryp, onuň sesini magnitofona ýazyşyny, Gara Garaýewiň satanynyň ara syna depip, aýalyny öýden kowşuny ýadyna saldy.
Birdenem prokuroryň: «Adam şeýle kyn ýagdaýa düşeşende, gahar gazaba gözüni bagladyp, özüni bilmänem biler. Özi işläp ýören ýaly, ýa uklap ýatan ýaly, emma her hili zalymlyk edip bilýär...» diýeni ýadyna düşdi.
Gurbanguly şol gije, göwnüne bolmasa, bir ýere gaýdan ýaly, üsti-başy garagan bolup gelşi ýadyna düşen ýaly boldy. Dogrusy, ol şol maşynly gidilende Gara Garaýewiçiň daçasyny ilkinji sapar görýän ýalydy. Emma, göwnüne bolmasa, ol bu ýerde önem bir sapar bolan ýaly duýgyny başyndan geçiripdi. Öz ýanyndan kaşaň jaýyň içini göz öňüne getirdi. Häzir şol jaýyň içinde nähili mebeliň bardygyny hem aýdyp biläýjek ýaly boldy durdy.
«Bu duýgy mende nireden peýda boldy diýsen-e?! Şol oglany men öldüren bolaýmaýyn? Meň gaty gaharym gelip gyşardym. Emma şonda çykyp gidip, etjegimi edip, soň öwrülip gelip ýatan bolaýmaýyn?! Turanymda elim gandy ahyryn. Baryp elimi ýuw- dum-a. Men...»
Telim-telim tekrarlamalar, düşündirişler, detallaýyn gaýtalamalar, garşylyklar, şol garşylyklara garşylyklaýyn deliller onuň diňe bir pikirine ornaman, ganyna hem ornap başlana meňzeýärdi. Şol ölüm indi onuň ömrüniň bir parçasy bolup beýnisine ornapdy. Şonuň üçin indi ona garşylyk görkezenden, boýun gaçyrandan, «men etdim» diýmek ýeňil ýaly bolup göründi. Indi onuň özem eger: «Şony sen etmänsin» diýselerem, «ýok, men etdim» diýip jedel edip, nähili edenini şeýle bir inçe detallar bilen, duýgulara ýugrup subut edip biljek ýaly göründi. Ol şol işi özüniň edenine ynanyp barýardy.
«Barybir, meni goýmazlar, ondan saýy, goý, döwletiň öz Kanuny esasynda atsynlar. Men beýdip, kim üçin jepa çekýän! Näme, yzymda aglap galjagym barmy? Iň bärkisi, şu ýerden çykaýanymda-da «wah, çykaýdyňmy?» diýip begenjeg-ä däl, iň bärkisi, baryp giräýer ýaly sümelgämem ýog-a. Atuw bermän, pylança ýyl beräýenlerinde hem şonça ýyl öý, iş diýib-ä azara galmaly bolmaz. Häzir meniň ne öýüm, ne işim, ne maşgalam bar. Özümçe bar ýoklara «agam» diýip indiden beýläg-ä ýalbarmaly bolmaryn. Näme, adam öldürmeýän barmy? Namysyma degdi, öldürdim. O dünýäde-de, şu dünýäde-de meniňki hakdyr. «Aýalyna göz gyzdyrypdyr» olam ogluny öldüripdir-e» diýerler. Namysyny depeletmändir, aryny alypdyr-a diýerler. Namysymy basgylasalar, ýene öldürerin...»
Ol birhili ýeňläp barýanyny duýdy. Indi telim aý bäri kellesinde berç alyp duran buzlar eräp giden ýaly boldy. Şondan soň türmä düşeli bäri ilkinji sapar süýji uklady.
...Gurbanguly lummurdap akyp ýatan boz bulagyň gyrasynda, gülçeçegiň arasynda oturan owadan gyzy görüp daýandy. Ol gyz mähribanlyk bilen ýylgyryp goýberdi.
– Nämä dursun? Gel!
Gurbanguly ony tanamady. Ýöne görüp ýören bir eziz ynsanyna meňzetdi.
– Men howlugýan! – Gurbanguly gidesi gelmese-de, bu owadan gyzyň ýüzüne aňkarylyp durmazlyk üçin bahana arady. Işim bar...
Ol gyzyň meňzi sargaran ýaly boldy.
– Sen meni çagyrdyň ahyryn. Men saňa didarymy görkezmek üçin geldim.
Gurbanguly geň galyp onuň ýüzüne garady.
– Sen kim?
– Men  Hudaý!
– Näm-me?!
– Hawa!
Gurbanguly ilki bir ynamsyzlyk bilen garanam bolsa, soň ol gyzyň Hudaýlygyna ynandy. «Beý, Hudaý şeýle kiçijikmikä? Özem bu gyz-la. Men-ä Hudaý bir äpet pälwan ýalydyr öýder ýörerdim» diýip oýlandy.
– Hawa! – diýip, Hudaý onuň pikirini okap oturyşyna özbaşyna diýen ýaly gürledi.  – Men bir wagt ägirtdim. Juda ägirtdim. Öz güýjüme bäs gelip bilmän, Ynsany döretdim. Ine, bu gün bolsa Ynsan meni öz derejesine çenli kiçeltdi. Ine, meniň indi bolup oturyşym. Bu illeriň içinde meni dilinde doga edýän sendiň. Indi senem-ä meniň Hudaýlygyma ynanmajak bolup dursuň...
Gurbanguly Hudaýyň menziniň barha sargarýandygyny aňdy. Onuň haly harapdy.
– Eý, Allam, seniň halyň harap-la, saňa näme bolýar?
– Men indi niçe ýyllar bäri aç. Meniň bedenide deramat galmady.
Gurbanguly jübüsinden bir bölek ors nan çykardy.
– Eý eziz Allam, alyň, garbanyň. Bolmasa, ýörüň, men seni Göki mollalara äkideýin. Sen şolaryň halal saçagyna el ursaň, gurbatyňa geläýersiň...
Hudaý gaýgyly gözlerini balkyldatdy.
– Ýok, eziz bendäm. Men Ynsan balasynyň yrsgyndan binesipdirin. Meniň höregim Ynsanyň säher döken dury gözýaşydyr. Indi adamlar säher turup gözýaş dökmelerini goýdular. Olaryň gözýaşy dem-demden, gün-günden, ýyl-ýyldan bulançaklandy. Ol gözýaşlar ah bilen armandan doly. Olar meniň bedenim-de besse-besse baş bolup dömýär. Şonuň üçin-de men gün-günden, dem-demden sargaryp barýan...
Gurbanguly gulagynyň eşidýän owazyna ynanmajak boldy. Onuň alnynda Allatagalanyň özi zeýrenip otyr ahyryn. «Hudaýy şeýdip zeýrenip otursa, bendesi nätsin ahyryn...»
– Hak aýdýaň! – diýip, Hudaý pyşyrdady. Men öz bendelerimi götere-götere öz deňime ýetirdim. Olar bolsa meni peselde-peselde, öz deňlerine ýetirdiler. Indi biz deňleşdik. Indi olaryň her haýsy özüne hudaý. Men bolsam bende bolup galdym. Şonuň üçin indi meniň olara delalatym degenok.
– Ýok! – diýip, Gurbanguly ýüregi ýarylan ýaly bolup haka ýapyşdy. – Siz beý diýmäň. Ynsan balasy Hudaýsyz oňup bilmez... Adamlar indi saňa beýle kast etmezler. Bu bir ýalňyşlykdyr, jan Allam!..
– Men ynsan balasynyň ýene-de maňa dolanjagyny bilýän. Ýöne, soň giç bolar. Olar meni bir ýitirseler, hiç haçan tapmazlar... Olaryň didesinden toba etmäniň, umydyň imana deň dury bulagy çogmasa meniň halym harap. Iň bärkisi, senem indi puşman etmäni, toba etmäni goýduň-a. Seniň yşk oduna lowlap-ýanyp, gözleriňden akdyran päkize gözýaşlaryň çeşmesi indi guradymy? Sen indi meni unutdyňmy?
– Ýok, men seni unutmaryn. Men ynsan öwladyna seniň sargydyňy ýetirerin, eziz Allam!
– Omyn enşalla! Eziz bendäm, sen meni unutma unutma, unutma!..
Gurbangulyny oýaryp, «soraga» diýip alyp barýarkalar hem öz gören düýşüniň täsirinden çykyp bilenokdy. Ýöne düýşündäki şeýle şirin owazyň: «Mert bol, boýun alma, boýun alma, boýun alma! Az galdy gaýrat et!» diýip pyşyrdaýşyny eşitdi.
Gurbangulynyň biline kuwwat gelen ýaly boldy. Sülçiniň rehim-şepagatsyz ýüzem indi oňa beýle gorkunç däldi.
– Gel, otur! – diýip, sülçi diplomatyndan kagyzlaryny çykaryşdyryp ugrady – Bary üste-üstüne. Aýalym keselhana düşüdi, malyşym ýaranok. Öýde-de çagalar idegsiz. Menem bu ýerde gijäniň bir mahalyna çenli entäp ýörün. Prokuroram halys, nadaýel etdi. Aý, niçego, indi az galdy...
Maşgalanyň, öýüň gürrüňi Gurbangulynyň gulagyna hoş ýakyp gitdi. Ol öz öýüni, indi öňki bolup galan «öýüni», rahat durmuşyny, täze öýlenen wagtlary Patmanyň hoşamaýlygyny göz öňüne getirdi. Ol indi ol süýji günlere hiç wagt ýetmejegini duýdy. Häzir şol hata goluny goýaýsa, bu ýalançydan hem elini ýuwjagyny duýdy. Emma uzak oýlanmak oňa häzirem nesip etmedi.
– Hany, oýlandyňmy? Gol çekýäňmi?
Gurbanguly sülçiniň göni görejine garady.
– Ýok, men gol çekjek däl...
Sülçi elindäki kagyzy kasty bar ýaly edip, stoluň üstüne zyňyp goýberdi. Yzyndanam erbet sögündi.
– Boýun aljak däl-dä?!
– Ýok.
Sülçi gazaply nazaryny alnynda oturanyň içinden geçiräýjek bolup haýbat atdy.
– Onda özüňden gör.
Ol stoluň üstündäki telefonyň trubkasyny galdyrdy. «Geliberiň!» Salym geçmän içeri iki sany daýanykly pyýada girdi. Gurbanguly olaryň birini prokuror sorag edende, beýlekisinem daça gidilende görüpdi.
– Başlaň!
– Näçesini?
– Poka, birini!
Olar gelip, Gurbangulynyň ýanynda oturan ýaly etdiler-de, hersi onuň bir elinden tutdy. Soňam ellerini gazap bilen gasyrdylar-da, çep goluny çyzgap başladylar. Täşliýew diplomatyny dörüşdirip, olaryň has güýçlüsine nämedir bir zat berdi, Gurbaýaguly ony görüp bilmedi. Çyranyň ýagtysyna ýalpyldap giden zada skalpeldir öýtdi.
– Neme etjek bolýaňyz, goýberiň?!
Olaryň has daýawy onuň elini gazap bilen gaňyrdy-da, satanynyň arasyndan geçirip, ýene özüne dartdy.
– Waý! – Gurbangulynyň tirseginiň iç ýüzi harçyldap gitdi. Soň bolsa ýiti agyry damarlarynyň içi bilen gaýdyp, kellesine urdy.
Ol esasy damaryny kesendirler öýtdi. Elini goýberenlerinde bolsa, iňňäniň yzynyň ganjaryp duranyny gördi. Özüne näme sanjylanyny, munuň näme maksat bilen edilenini aňşyryp ýetişmänkä beýnisine uran agyry sop-sowuk akym bolup süňňüni gagşatdy. Oňa çenli ony bir gyrada tozan basyp ýatan kuşetkanyň üstüne taşlap goýberdiler.
Gurbanguly iňledi. Sowuk agyry onuň ganyny doňduryp barýardy. Ýüregi tarkyldap urup başlady. Ol düýrükdi. Häzir ol girmege ýyly deşik tapsa, özüni oklajakdy. Emma gymyldap bilmedi. Sähel salymdan bolsa süňňi ýylap başlady. Agyram, sowugam aýryldy. Indi onuň özüniň gymyldasy gelenokdy.
Birdenem ol özüniň uçup ýörenini gördi. Aşgabat gül-gunça açyp otyr. Han-a, onuň student ýoldaşlary. Han-a-da, Patma!..
– Bibi! – diýip, ol begençli pyşyrdady. Patma Bibiniň keşbine girdi-de, ýylgyrdy duruberdi.
– Aý, oglan, sen nirede gezip ýörsüň? Men seni gözläp, älem-jahanda sökmedik ýerim galmad-a!..
– Ine, men!
Ol gözlerini Bibiniň didaryndan aýryp bilmän galdyrap dur.
– Bibi, Bibi jan, sen bu ýerlerde näme edip ýör¬süň? Haçan gaýdýaň?
Bibi sülmüräp ýylgyrdy.
– Indi seni tapdym, gitjek ýerim ýok!
– Sen indi meniňkimi?
– Dagy kimiňki bolaýyn? Bu oglanyň aýdýan zadyny!..
Категория: Romanlar | Просмотров: 47 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: