13:21
Zyýarat -7/ romanyñ dowamy
– Birinjiden-ä, ol ýygnagyň oglan oýunjagy. Ähli zat karam.

Ýokardan komissiýa gelip, kollektiwi çagyryp ýygnak geçiräýse, syrtyň açylar. Onsoňam, profsoýuz zähmetkeş adamy goramaly. Meniň näme günäm bar, beýle işden kowar ýaly? Sen meni goramadan geçen, redaktora ýalynjaňlyk edip, meni işden çykarylmagymy bütin kollektiwiň boýnuna dakdyň. Tankyt üçin gysýarlar diýip, redaktorynam, senem edişime bir seret. SSKP MK-nyň «Öz-özüňi tankydy gysmaga ýol bermezlik baradaky» Kararyny gödek bozany üçin näçe adam çagasyny çörekden kesdi. Şolaryň gününi seniňem başyňyza salaryn...
Aslynda beýle karar ýokdam. Ýöne soňky wagtlarda karar kän kabul edilýärdi. Her hepdäniň aýagynda bir karar gazetde çap edilýärdi. Şolaryň her birinde tankydy gysmaly däl diýen ýaly jümlelerden başga zat ýokdy. Şol karardaky tankydy gysmazlyk baradaky sargyt Lollyýewiň gulagynda galan borly. Onsoňam, ol redaktorynyň kollektiwiň arasyndaky habarçylarynyň biridigini Gurbanguly gowy bilýärdi. Çünki, redaksiýada redaktor barada, gazet barada kimdir biri agzyny «mydyrt edäýse, redaktor eýýäm bilýärdi. Ony şoňa ýetirýänleriň birem Lollyýew diýip gürrüň edýärdiler.
– Aýtjak, näme aýtman. Özüm-ä bir zat diýsem, şony baryp Brežnewiň ýanynda-da aýdyp biljek. Sizem eden işiniziň, aýdan sözleriňiziň yzynda durmaly bolarsyňyz. «Aýtdy» diýibem menden gaty görmäň diýip, ol öz etjek işini ýaşyrjagam bolanokdy.
Birden köpçülikde bir ýaramaz gep orta düşende, oglanlar oýun edip:
– Goýuň-how, redaktoryň habarçysy otyr, ganyny kepetmän ýetirer – diýip, onuň öz ýanynda-da aýdýardylar.
– Aýdaryn! – diýip, ol juda arkaýyn gepleýärdi. Aýdýardam.
Gurbanguly şu ýagdaýy bileni üçin ýaňky gepi oňa aýdypdy. Ýöne onuň göwni indi belli-külli döwüldi. Barybir, gaýdyp ol bu redaksiýada, bu kollektiwde işläp biljek däldi.

* * *

Ol çekerlerini arassalap, goşlaryny ýygnaşdyryp başlady.
– Näme-how, seniň indi gara çynyňmy?
Bölüm müdiri gep ugruna soran bolsa-da, «gözüm görmesin» diýen manyda kabinetden çykyl gitdi. Gurbanguly adamlaryň eýýäm özünden gaçyp başlaýandygyny aňdy. Onuň bu ýerde ýigrenji bolup, göreniň gözünden düşüp, ýeke minut hem durasy gelmedi.
– Seni redaktor çagyrýar – diýip, sekretar aýal içerem girmän, penjireden habaryny aýdyp gitdi. – Gyssagly barmaly!
Gurbanguly Lollyýewiň işidigini bada-bat duýdy. Çünki redaktoryň kabinetine girende Lollyýew çykmak bilen boldy.
Redaktoryň ertirki badyhowalygy ýokdy. Onuň ertir bilen epeý görkezýän eşiklerem indi birhili sölüte adama hopul-sopul geýim geýdiren ýalyrak duýgy döredýärdi.
– Gel, otur! – Ol ep-esli wagtlap sesini çykarmady Soň uludan demini aldy. – Men meseläniň beýle goýulmagyna garşy. Gazet boljak bolsa tankydam hökman bolaýmaly. Özüň düşünjeli, sowatly oglan. SSKP Merkezi Komitetiniň her bir kararynda bu barada aýdylýar. Biz partiýanyň esgeri, gazet partiýanyň gazeti. Biz şonuň diýenini etmeli. Sen hem dogry etdiň. Özüňe aýdaýyn, gowy makala ýazdyň. Menem begenip çykardym. Yzam beýle gutardy.
Ol içini çekdi. Gurbanguly hiç zada düşünmedi.
– Çilim çekýänmi?
– Ýok.
– Rugsat berseň, men-ä birini çekjek.
Gurbanguly sesini çykarmady.
– Ýygnak barada hiç ýerde gürrüňem etme, göwnüňe-de alma. Bu bir «pylan zat etdik» diýmek üçin bahana. Ol çilim otlandy-da, içine agyr sordy. Seňki hezil. Ol içindäki tüssäni sozluk bilen daşyna goýberdi. «Sen bolmasaň, senem jan» diýip muny taşlap, başga, göwnüň halan işine gidip bilýäň. Ine, meniňki kyn. Urşuny gören, ýer yranmany gören, şu hökümet diýip, lagşap şu derejä ölüp ýaňy ýetdim. Öýde-de keselbent aýalym bilen bir topar çaga. Olaram gelegurt ýaly bolup ýetişdiler. Baryny indi öýermeli, indi çykarmaly. Hany, onsoň: «Sen bolmasaň, senem jan» diý-dä, göreýin. Olaram muny bilýär. «Sen şeýle etmeseň, menem beýle ederin» diýýärler. Gezekli çemçe! Sen – maňa, men – saňa! Onsoň göreýin, etmäbilşiňe etme, diýenlerini. Kürsiň beýlekiň bilen beýlä zyňyp goýbersinler.
Gurbanguly oturyp bilmedi.
– Arkaňda SSKP Merkezi Komiteti bar, Syýasy Býuro bar... Ýurdy bir şular soranog-a...
– Elbetde. – Redaktor çilimini küldana basyp, agzyndan, burnundan zogdurylýan tütüne gözlerini awuşatdyryp aýtdy. – Elbetde, SSKP MK-da bar, Syýasy Býuro-da bar, ýoldaş Brežnewem bar. Emma öz üstüňdäkilerden gaçyp nirä gitjek? SSKP MK, ýoldaş Brežnew tankyt et diýýär. Emma TKP MK «Şony tankyt etmäň, ol plany iki ýüz prosent ýerine ýetirdi» diýip dursa näme diýjek? Şolar «Tankyt eden adamy işden ýok ediň» diýip dursa näme diýjek? Men kiçi adam. Kime gulak asaýyn? Kime arzymy aýdaýyn? Olar özüme «git» diýselerem gidibermeli men...
– Göreşmeli, düşündirmeli.
– Ýagşy, men göreşjek. Kime garşy göreşeýin? Ol sekretara düşündirdiň, onuň diýenini etmediň. A birinji sekretara nähili düşündirjek? Sen ony görüp bilmeseň, ýanyna baryp bilmeseň, sözüň geçmese, nädip düşündirjek? Göreşmek diýmek dilde gaty aňsat. Diýenlerini etmeseňem, ine, gurultaý gelýär. Soň görüp otursaň, sen çlen SK dälsiň, redaktoram dälsiň. Deputatlygyňam sypyrarlar. Şonuň üçin inim, sen menden gaty görme. Sen eýle-beýlä arz edibem ýörme. Men saňa edil, öz inim ýaly, ýa öz oglum ýaly, bir gowy maslahat bereýin. Sen howlukma. Arzaňy ýaz. Men seni aýyň aýagyna öz arzaň bilen işden boşadaýyn. Soňam Aşgabatda haýsy işiň ýakasyndan tutsaň tut, men seni şol işe ýerleşdireýin. Hemişe-de arkaňda gaýa ýaly bolup duraýyn. Makala getirseň, getiren günüň nomere bereýin...
Ol ýene-de çilim otlandy.
– Muny senden gorkup edýändir-ä öýtme. Aslynda men gorkak adam. Bir Hudaýdan gorkamok. Emma MK-dan gaty gorkýan. Sen barada bolsa meni ynsabym horlaýar. Men seniň ýagdaýyňa düşünip otyryn. Şonuň üçinem, gel, şeýle gepleşeli...
– Arzany haçandan ýazaýyn?
Redaktor oňa ak kagyz bilen ruçka uzatdy.
– Ýaz! Öz islegim boýunça 18-nji noýabr, 197..-den işden boşatmagyňy soraýaryn» diý. Goluňy goý.
Redaktor arzany eline aldy-da, ynjalykly gürledi.
– Indi işleseňem-işlemesenem, aýyň ahyryna çenli aýlygyň ýörär. Oňa çenli bolsa, gowuja iş tap. Galanyny özüm oňararyn. Hoşmy?
– Hoş!

* * *
Gurbanguly täze işe ýerleşmäge munçarak umyt galanyna-da begendi. «Belki, aspirantura ýer bererler?! Belki, uniwersitetiň özünde bir işjagaz tapylar?!»
Onuň öýüne barasy gelenokdy. Işiň ahyrragynda uniwersitete gaýdyp, prorektoryň ýanyna gerdi. Henizem ýer ýokdy. Ol bar zady kör bolsuna urup öýüne bakan ugrady.
Ol öýüň indi özüniňki däldigine Gurbanguly aňryýany bilen düşünýärdi. Ol öý dargaldy. Gurbanguly ýykylan ojagyň bir wagtky yssy beren alawydan galan külüni depesinden seçelemäge barýardy.
Öýde onuň çak edýäninden hem agyrrak şumluk garaşýardy.
Gijäniň bir wagty gyzynyň elem-tas bolup gelmegi Patmanyň ejesiniň zähresini ýarypdy.
– Waý-eý, garabagtym ýatdy! Näme boldy, gyz?
Patma ilki aýtmajak boldy. Soňra ähli günäni Gurbangulynyň üstüne ýapdy.
– Ýatyrdym, olam gazetde nobatçydy. Uklap galypdyryn. Gelip, sen ýok-men ýok, uruberdi. – Patmanyň gözünden çygam çykanokdy. Ol gözüniň gögeren ýerini eli bilen tutup, buruljyrap oturyşyna beterinden beterini tapdy. – Soň içime depmäge başlady. Agzyna gelenini porsaýar. Şol wagtam Gara Garaýewiç geldi. Menem bir utanýan. Ol adam meni elinden aljak bolsa, onam depip başlady. Olam ýykyldy. Gymyldabam bilenok, görgüli...
Patmanyň ejesiniň gözleri hanasyndan çykara geldi.
– Ol ýetimçe däliräýdimikä, ýa meň, beýleki çekäýdimikä? – Ol ur-tut telefona ýapyşdy.
– Papama aýtma!
Patma ejesi adamsyna jaň eder öýtdi. Onuň kakasy beýle meseleleri juda ynjyly kabul edýärdi. Patmadan ulusy ilkinji ärinden aýrylyşanda-da çakyzasy tutup, üç günläp düşekden galman ýatypdy. Ejesi elini silkip goýberdi.
– Alýo, a gyz, Bessir, men-le, gyz, Hurma, hawa.
– A gyz, Anýa jan, Bessir jan, ol haram meýdi ýananyň bu gyzy edip goýberäýşini bir görsediň. A gyz, waý-waý, çagajygymyň ýüzüni futbol topy ýaly ala-mula edäýipdir, ýer çeken. «Içime-de depdi» diýýär, «urdy» diýýär. Men-ä ony beýle goýjak däl. Tuhtara äkitjek. Ýa şeýlemi? Ertirmi? Senem bararmyň? Ýog-eý, men minidem goýup biljek däl. Öýi dargasyn. Ondanam bir är bolarmy?!
Patmanyň ejesi Anýa jaň edipdi. Ol Anýanyň Bessir adyny tutýanlaryň biridi. Ýöne Anýa Bessir adyny tutýanlary beýle bir halabam baranokdy.
– Meýdi ýanan ýetimçe, bu ýerde özüň ýaly ýetimçe bardyr, gül ýaly çagamyň ýüzüni-gözüni persala eder ýaly...
– Mamoçka, meni indi şol ýerçekeniň ýanyna goýberme. Men, men...
Patma çyny bilen aglady. Ejesi gyzynyň başyny gujagyna aldy.
– Sen, gyzym, aglama. Men seni har etdirmen. Sen meniň diýenimi edip, kör düýäňi köprüden geçirdiň, şol boldy maňa, indi janyň sag bolsun. Galanyny özüň çöz. Indi erkek bilen aýalyň hukugam, sözem, söýgüsem deň. Saňa zowal ýokdur...
Ol Aýal gyzynyň ýagdaýyny aýtmak üçin ýigrimi ýere dagy jaň edip çykdy.
– Ertire bir çykaly. Meýdini ýakaryn, meýdini...
Ertesi Patmanyň agyr horluga duçar edilenini, onuň adamsynyň bolsa garaguş keseline ýolugyp, uly ile sygman ýörenini şäheriň ýarysy diýen ýaly eşitdi. Hurma muny ýöne ýere edenokdy. Ol «Ministriň. gyzy ärinden aýrylyşypdyr» diýen gepiň ýaýramazlygy üçin edýärdi. Ýogsa: «Gyzlarynyň erbedi ýok, ýöne olary başlaryna goýberdiler. Indi ärde durjakmy?» diýip gürrüň edilýändigini Hurma duýýardy. Onuň özünem, gyzlarynam garalasy gelenokdy.
Ertesi irden Anýanyň kejebesi düzelmän-düzelmän, diňe öýläne bakan eli boşady. Patma Anýa bilen ejesini alyp, Gara Garaýewiçiň maşynyna münüp, «täze çatynjalaryň» öýüne baranlarynda sagat bäş bolupdy.
– Wah-heý, çagajygymyň içerisi gül ýalyjak! – diýip, Hurma gözlerini sykyp içerä aýlandy. – Köşk ýaly içeri, allanäme edip ýaşap ýörse bolmaýarmy, meýdi yranan!
Içeri bulaşyp ýatyrdy. Haly işigiň agzynda düýrlenip, agşamky bişeýkelligiň yzy bildirip dur. Gara Garaýewiç halyny düzetse-de, içeriniň çalam-çaşlygyny düzedip bilmedi.
– Näme etmeli?
Aýallar Gara Garaýewiçiň agzyna aňkaryşdylar.
– Goşlary ýygnap, biziň howlymyza äkideliň...
– Ýok, ol meýdi ýanan siziň howlyňyzda-da bu gyza gün ýamanyny görkezer. Gowusy, men ony öz howlyma göçürip äkideýin...
Anýa onuň bu sözüni oňlamady. Sebäbi bu içeridäki goşlaryň köpüsi onuň özüniňkidi. Joşan wagty Gurbangula bolsun edipdi. Ylaýta-da iki sany owadan haly onuň gözleriniň ýagyny alyp durdy. Bu goşlary Hurmanyň howlusyna äkitmek, bu zatlary oňa peşgeş beren ýalydy. Ol bu zatlar bilen Gurbanguly ýaly ýene biriniň göwnüni awlap biljekdi. Onsoňam onuň Gurbangulyny beýle sypdyraýasy gelenokdy. Hoşamaýlar, beýle kyn gün başyna düşen adam tabyn bolagan bolýandyr. Eger bu goşlar öz howlusynda bolsa, Gurbanguly aýlanar, köwlener, ahyr bir gün dolanar. Gelmän nirä gitsin? Onsoňam, Patma dünýäniň diregi däl. Eger Gurbanguly razy bolsa, ony Patmasyzam öz howlusynda ýaşatmaga Anýa garşy däl.
Anýa başynda albaýa galýan oýlary bir ýana taşlady-da, olaryň sözüni ret etdi.
– Öňem men siziň diýeniňizi edip goşlary şu ýere getirdim. Meniň howlymda bolsa şu maşgala şu güne düşermidi?!
Duranlardan ses çykmady. Ol dogry aýdýardy. Ýöne Gara Garaýewiç beýdip heleý gürrüňine gulak asyp dursa, işiň bulaşyp, öz üstünden eňteriläýmeginiň hem ahmaldygyny duýdy.
– Gelinler, gelinler – diýip, ol Anýanyň öňüni kesdi. Haky, bir zat edeliň, men Patma şu iki otagy berdim. Sözümde-de durýan. Goşlary poka, dursun. Özleri nirede ýaşaslary gelse ýaşabersin. Maňa-da gerek ahyryn abraý...
Gara Garaýewiç, eger goşy şu ýerde dursa, Patmanyň hiç ýere-de gitmejegini aňyp durdy. Emma atasynyň öýünde-de, Anýanyň öýünde-de oňa Patma bilen duşuşmak kyn boljakdy.
– Näme diýseňem, ýene Anýanyňky dogry, häzir öýi dargatmalyň. Gaty günä bor.
Hurma az-kem gowşady. Ýöne öz gorkusyny hem daşyna çykardy.
– Ol ýetimçe bu gyza azar berip goýmasa näme etmeli bor?
Gara Garaýewiç janlandy.
– Indi onuň öýi ýok. Meniň öýüme bolsa aýagyny sekip bilse, han boldugy. Milisäniň önüne salyp, özüni gazamatda açdyraryn. Siz Patmadan arkaýyn boluň. Bitiniň burny ganamaz.
Patmanyň ejesi Anýanyň ýüzüne garady. Şu pikiriň Anýa-da ýaraman durmaýandygy onuň keşbinden bildirip durdy. Anýanyň düşünişiçe, ol islän wagty bu içeriden öz zatlaryny sypyryp alyp gidip biljekdi. Işigi ýapylsa, boýnuny süýndürip, onuň Patmanyň gapysyndan barmagy ahmaldy.
– Bor-da – diýip, olam gowünsizrägeden razylyk, berdi. – Ýöne, gep gep bolsun. Bu gyzyň ýanyna gelip, azar ýamanyny berip durjak bolsa, oňuşmaryn.
– Şonuň goşlaryny meýdana çykaryp, üýşürip goýmaly. Eger meniň diýenim boljak bolsa, ony häzirem öýde goýjak däl...
Gara Garaýewiç täze teklibi orta atdy.
Aýallar Gurbangulynyň kitaplaryny, eşiklerini, köneje çemodanyny dört etažly jaýyň girelgesinde münderläp, gözilginç edip goýanlarynda, garaňky ýagşy gatlyşypdy.
– Gitjekmiňiz ýa-da garaşjakmyňyz? – diýip. Gara Garaýewiç howlukmaçlyk bilen sagadyna garady. – Öz-ä işinden gelýän bolmaly. – Ol häzir Gurbanguly geläýse, ähli syry açyp, özi üçin abraýlylygyň bolmajagyny duýýardy.
– Ana gelýär! Meýdi ýananyň meýdini bir ýakaýyn-la. Hurma dübläp ýerinden turdy.

20.
Gurbanguly açyk işikden eýwana galdy.
– Salawmaleýkim!
Aňyrdan dyzanyp gelýän aýal oňa topuldy.
– Haý, seniň meýdiň ýansyn. Sen meniň çagama el göterip... Me...
Hurma keltejik, etlek elleri bilen Gurbangulynyň ýüzüne, kükregine şeýle bir yhlasly saýgylaýardy welin, Gurbangulynyň hem gülesi geldi, hemem gahary.
– Çekil! – Ol özünde şeýle gazabyň bardygy barada asylam pikir edip biljek däldi. Göwnüne, bu ses başga biriniň agzyndan çykan ýalydy. Patmanyň ejesi çyranyň yşygynda hasam owadan, akja bolup görünýän ýüzüni, urmakdan agyryp giden ýumruklaryny aýasy bilen sypalap yza çekildi. Ýöne pälinden gaýdasy gelmedi. Onuň gan basyşy ýetjek derejesine ýetip, häzir gygyryşmaga-da, ýolmalaşmaga-da taýýardy.
– Çekilmen! Öz ýüzüňem meniň gülden näzik, aýdan ýagty balamyň ýüzüni edişiň ýaly etmesem, dünýäden gözümi açyp giderin. – Ol ýene-de topuldy.
Anýa beýdilip durulsa, gepiň ahyrynyň gelmejegine göz ýetýärdi.
– Hurma, dur! – diýip, ýuwaşja aýtdy. – Dur, Hurma, beýtme!
Hurma imisalalykdan peýdalanyp, Gurbangulynyň köýneginiň jübüsinden el salyp, ony arym-arym etdi.
– Wah, Bessir jan, Bes-si-ir jan, şu meýde degme diýme. Gül ýaly çagamy garabagt etdi. Bu ýetimjigi, diýmäýin diýsem...
Anýa gelip ony saklady-da, böwrüne berkje symsyklap goýberdi.
– Hany, boldy-la, boldy diýlende. – Ol gelip, Gurbangulynyň öňünde abşarylyp durdy. – Patmany näme üçin urduň?
Gurbanguly daş asylana dönen gabaklaryky galdyrdy. Onuň gözlerinden ýalyn öwüsýärdi. Ol gaharyny pürkdi.
– Lalmy, özi aýtsyn! Men ömrümde adam ogluna pitik çalan däl.
– Sen minni-minni eden bolup, gepi başga ýana sowan bolma, jogap ber. Näme üçin çagama eliňi çaldyň?
Gurbanguly ýene-de hälki äheň bilen gürledi.
– Meniň adam ýamanlasym gelenok. Özi aýtsyn. – Ol birden essinden çykdy. – Aýtsyn, agşamky haramzadaçylygyny, aýtsyn! Men soň jogap bererin...
Hurma bu haýbata çydap edip bilmedi.
– Diliňi ýyg, ugraş! Agzyňy onda-munda urma! – diýip, haýkyryp ugrady. – Gül ýaly çagama dil ýetirerçe, sen kim bolupsyň?
– Neme bolan bolsa aýt! – diýip, Anýa-da öňe omzady.
Gurbanguly ilki bir kese-kese garasa-da, soň durup bilmedi. Irim-jirim ýakasyndan çykyp duran maýkany aldy-da, ýere oklap goýberdi.
– Ine, ynanmasaň, gyzyň şol wenezzyna bilek oýnaşbazlyk edip otyrka üstüne gelenimde galdyran nyşany! Gör, hezil et!
– Bes et! – diýip, Gara Garaýewiç işige bakan yza tesdi. – Porsap durmazlar...
Hurma kirli maýkany kiçijik aýagynyň burny bilen depip goýberdi. Maýka asmana atyldy-da, soň bir ujy şifoneriň gapysynyň depesine ilişip: «Ine, meni görüň!» diýýän ýaly, asyl-asyl bolup galdy. Ol maýkany aýallaryň üçüsem tanady.
– Sen, haram meýdi ýanan, köçeden getiren esgiňi maňa görkezen bolup, seniň bir meýdiňi ýakmasam...
Anýa jynssyz gygyrdy.
– Maýka kiminki?!
– Han-a, şol haram ograşyňky. Çyra öçük, şol maýka-da diwanyň üstünde ýatyr.
Anýanyň gahary gaty geldi.
– Gözüň bilen görüp, eliň bilen tutduňmy? – diýip, ol eýýäm üýtgäp ugran jynsyny elendirip sorady.
Gurbanguly sakanaklap sözledi.
– Maňa gözüm bilen görme-de, elim bilen tutma-da hökman däl. Ýüregim duýdy. Eger tutan bolsam, olary diri goýmazdym...
– Anýa onuň görejine gazaby, ýigrenji bilen garady.
Onsoň, «şol maýka öýde ýatyr» diýip, bu gyzy suwasalma ýenjibermelimi sen? Malo, çto-li, kir ýuwmak üçin getirendir! Ýa ýuwup ber diýip getirilendir...
Gara Garaýewiç aýlawda aty çykan ýaly galkyndy.
– Hawa, men, men... – Ol sakawlady. – Patma jandan haýyş et...
Patma oňa jabjyndy.
– Sen otur.
– Sen gürleme! – diýip, Gurbangulam onuň üstüne eňterildi. – Şeýdip sypjaksyň, sypmarsyň.
Anýa bu oýundan sypalga gözledi. Şony duýup duran Gurbanguly howlukdy. Ol ylgap baryp magnitofony eline aldy. Aýallar: «Gaharyna birimiziň başymyzdan aýlap salar-ow» diýen gorky bilen oňa haýygyşyp, gözlerini petredişip garadylar. Olar burça gysylyşyp dursalar-da iki gözleri Gurbangulydady.
Gurbangudy magintafonyň simini elektrige çatdy-da, kassetany jübüsinden çykaryp, oňa geýdirdi. Soňam ony az-kem yzyna towlap, işledip başlady. Sesini batlandyrdy.
Patma oňa topuldy.
– Aýtdyrma!
– Bar, aňyrda gez! – Gurbanguly ony itip goýberdi. Oňa çenli otaga agşamky ses ýaňlanyp gitdi.
– Jogap ber! – Otag sesden ýaka sandyrady. – Bolduňmy, şonuň bilen?
– Hawa!
– Azar berdimi?
– Ýok.
– Özüň guýruk buladyňmy, jelep, aýt?!
– Hawa! Onuň günäsi ýok. Men özüm. Men. Men, hawa. Öldür! Öldür meni! Ýöne seniň bilen ýaşap biljek däl...
Ol türk aýdymynyň başlanýan ýerinde magnitofony öçürdi. Kassetany alyp, jübüsine saldy. Birsalym hiç kimden ses çykmady.
– Waý, bagtym ýatdy! Aý, jelep, sen, sen indi ejeň oýnaşlýary bilen gezip başladynmy? – Hurma sesiniň ýetdiginden eňräp, gargynyp gyzyny ýenjip başlady.
– Gurbanguly çydam edip durup bilmedi.
– Bes ediň! Bes! Şol jelep gyzyň indi meniň aýalym däl! Talak, talak, talak! Tüf-fuw!..
Ol yzyna garaman çykyp gitdi.

21.
Indi hakykatdan hem Gurbangulynyň barara işigi ýokdy. Goşlaryny öňki ýaşan jaýynda, çalarak tanyş bir adamyň öýünde goýupdy. Indi dört gün bäri olara-da baryp bilenokdy.
Güýzüň ahyrky aýlary Aşgabat has sowapdy. Käte ýagşyň hem ýagaýan mahallary bolup durdy. Gijelerine hasam sowuk bolýardy.
Onuň ähli eşigi diýen ýaly öňki öýünde galypdy. Indem namartja olam, sagja olam diýen ýaly: «Eşigimi ber!» diýip barmagy kyn görýärdi.
Ol ilkinji dört güni umumy ýaşaýyş jaýynda, obadaşrak studentleriň ýanynda ýaşapdy. Ýöne, bagtyndan olary hem Tejene, pagta ýygmaga alyp gidipdiler. Öten agşam bolsa ol redaksiýada, öz işleýän kabinetinde, oturgyçlary hatarlap, şonuň üstünde ýatypdy. Ýöne, ertire çenli gagşap çykdy.
– Näme, köşek, ýaman aladaly görünýäň-le?
Gurbanguly ilki bir ziňk edip gitdi. Ýöne soň özüniň işiň ahyrynda, şol öňküje öýüne gidilýän duralgada oturanyny duýdy. Gapdalynda bolsa peşeneli bir ýaşuly ona göz dikip dur.
– Salawmaleýkim!
– Waleýkim! – Ýaşuly ýagşy mäşbürünç bolan sakgalyny sypalady. – Amanlykmyň? Häliden bäri maşyna garaşyp oturyşyma, saňa syn edýän, ogul. Özüň-ä bir görmegeý, nurana ýigit. Özünem, dabanyň astyndan lowurt edip uçgun çykjak çagy. Seredýän, seredýän, bu dünýäniň adam-a däl sen. Başyňa näme külpet düşdi seniň?!.
Gurbangulynyň kemligi geldi. Gözüne ýaş aýlandy.
– Bildiň, agam, men häzir ugrumy ýitirip ýörün. Barara gapym ýok meniň...
Maşyn göründi.
– Tirýekimiň?
Gurbangulynyň endamyna köz basylan ýaly, gözlerini mölerdip ýaşula garady.
– Ýok-la, Hudaý saklasyn!
– Arakkeşmiň?
– Wah, ýoo-ok!
– Ogrumyň, orramsymyň?
– Ýok-la, durmuşym bolmady.
Awtobus duralgada saklandy. Ýaşuly oňa tarap gaňrylybam garamady.
– Ýör, mün maşyna. Şolar bolmasaň, bir alajy tapylar...
Gurbanguly säginmän maşyna mündi. Bilet alyp, ony deşdirdi-de, gelip ýaşulynyň gapdaljygynda oturdy. Ýaşuly zatdan doly korzinkasynyň bagyndan tutup oturyşyna töweregine yhlas bilen garaýardy.
Ol Gurbangula tarap öwrüldi.
– Patadan gelýän. Bir uly işgäriň ýigit ýeten ogluny daçasynda öldürip, hendege, gapysynda hapa suw guýulýan hendege taşlap gidipdirler. Birje oglunam ýaňy arma ugradypdyr.
Gurbangulynyň ýüregi sandyrady.
– Her ýerde haramzadaçylyk bar oguşýan.
Ýaşuly onuň ýüzüne garady.
– Ýaşlar ýaman, ýaşlar. Ylaýta-da uly işgärleriň çagalary biýedep. Elbetde, «Neriň döli bolmaz» diýenleridir-dä. Bu-da bir uly, baý adam. Baý, adam gelipdir-ä. Onsoň menem oturdym, agşam namazyna ýetişsem bolýar diýip. Molla aga, maşynly äkidelem diýseler etmedim...
Ýaşuly başyny ahmyrly ýaýkady.
– Nebir çaga. Ýany ýigrimi ýaşynda. Näme güne edipdir? Kime näme ýamanlyk edipdir? Heý, öldüräýme bormy? Ol korzinkasynyň üstünde duran gawuna barmagyny degirdi. Ol-a adam, ine, şu gawuna tyg ur diýseler urup bolanog-a...
Awtobus köne jygyldygyň deňinde saklandy. Ýaşuly wagtlaýyn gurlan jaýlara bakan sowuldy.
– Meniň adyma Göki molla diýýändirler. Hany, geçiber...
Ol howla bakan gygyrdy.
– Amansoltan, aý, Amansoltan-a! Barmysyň?
Içerden ýaşy birçene baran, durmuşyň şatysyndan ýaňa ýagşy maýrylan aýal çykdy.
– Bardyryn. Geliberiň. Sag-aman geldiňizmi? Geleweriň...
– Nesip edenden geldim.
Ol aýal Göki mollanyň elindäki ýüküni aldy-da, sekiniň üstünde goýdy. Soň işikde atarylgy gazanyň daşyndan bir aýlandy-da, kepgiri eline alyp, eşidiler-eşidilmez gürledi.
– Täret suwuň taýýardyr, täret kylsaň...
– Ýok, täretim bar. Näme, gaz gutardymy?
Ol aýal Gurbangulyny görüp, salykatly keşbe giren ýaly boldy-da birenaýy ýylgyrdy.
– Gurgunmyň, oglum? Amanmyň, köşegim? Gelen bolsaňyz geçiberiň.
Gurbanguly ýylgyryp, salamlaşdy.
– Gazyň gutardymy diýýän?!
– Ýok-la, özüm höwes etdim. Daşardajyk, elinje tüwüden ataraýyn diýdim. Gazda tüwim oňanok diýdim. Soňam, hiç ysy çykanok diýdim.
Ýaşuly suwly kündügi eline alyp, dyzlarynyň üstüne çökdi-de, howlukman elini, ýüzüni ýuwdy. Soň. aýalyna garady.
– Ine, saňa bir ogulam getirdim.
Amansoltan ýeňňe günäsizje ýylgyrdy.
– Ogluma döneýin. Geç bakaly, hany, öýe gir...
– Eline bir suw alsyn-da...
– Alsyn-alsyn. Yrsgalyna döneýin. Tüweleme, yrsgally ogul eken. Nurana ogul eken. Boýuna döneýin. – Ol içeri girip, polotensa alyp çykdy. – Al, balam, süpürin-de, giriber içeri...
Gurbanguly çalarak ýuwnup, tä derisine ýetýänçe süpürindi durdy. Aýal bu ýigidiň güýmenýänini, ýaşula garaşýandygyny aňdy.
– Molla agaň daşarlarda güýmeň-samaň eder ýörer, jan balam, sen giriber.
Gurbanguly koridordan geçip, içi halydyr keçe bilen düşeklenen giň jaýa geçdi. Keçe aýagyna bir hili ýakymly degse, halynyň çitimlerindäki rahatlygyň ýakymy janyna hoş ýakdy. Ol diýseň ýadanyna, rahat içerini şeýle küýsänine göz ýetirdi.
Göki aga ortada özi üçin ýazylan düşekçäň üstüne geçip oturdy-da, burçdaky namazlyga garady. Soňam gapdalynda goýan penjeginiň jübüsinden sagadyny çykardy.
– Wagt-a bar welin, onda-da tagamy garaşdyryp oturandan, okaýynda-jyk dynaýyn. Sen, köşek, çaý içiber...
Amansoltan ýeňňe garagadyr bolup çaý getirdi.
– Al, köşegim, birki käsejik çaý iç. Oňa çenli agaňam namazyny okap bolar. Süýş öňe, çekinme...
Bir zenan adam saňa: «Köşegim!», «Guzym!» diýip dursa, nähili ýakymly bolýandygyna Gurbanguly häzir düşünip galdy. Özüni bilip ona hoşamaý söz aýdan aýalam bolmandy. Onda-da häzirki ýaly, özüni ýüpden asaýmaga unan wagtynda beýle sözler ähli derdini gozgaýardy.
«Göki molla meni birine meňzetdimikä? Ýa meniň halys ugrumy ýitirenimi görüp, nebsi agyrdymyka?
Ýa redaktorymyz ýaly biri: «Şu oglany hoşamaýlaweri. Oglanlyk edip, özüni heläkläýmesin?» diýdimikä? Ýa maňa bir ýumuşjagazy dagy barmyka? «Dynç güni kerpiç örjek, kömek et» diýäýermikä? Ýa «Gyş gelýär, jaýymyzyň üstüni suwap ber» diýäýermikä? Aýalyna: «Saňa ýene bir ogul getirdim» diýdi.
Ýa öňem meniň ýaly «ogullary» getirip, ugradyp ýörmükä?»
Durmuşda her hili adamlaryň bolýandygyny Gurbanguly bilýärdi. Göki molla sataşan pursatyndan bäri, onuň ýadyna bir obadaşy düşýärdi. Ol obadaşy arakkeşlik derdine duçar bolupdy. Içmese güni geçmeýänlerdendi. Içdigem, ýedi ýoluň ortasymy, läbikmi, öými, meýdanmy, tapawudy ýok, ile metgi bolup ýatybermelidi. Obadaşlary, ili-güni ony ilki ýaşyrjak boldular. Soň ýola saljak boldular. Ahyrsoňy, halys ötlerinden ötüp, süňklerine ýetensoň, ony bejerilýän ýere iberdiler. Bejerilme nire? Ol bedi bagt beterine duçar bolup, oba dolanyp gelýär. Öň içmese güni ötmeýän bolsa, indi içmese ýerindenem galyp bilenok. Beýle metgini öň görmedik oba, ony pisläýä, ýene-de bejerilýän, ýaňky arak goýulýan ýere iberipdir. Soň, şol bejerilýän ýer hem ondan bizar bolup, Aşgabada taşlap gidipdirlermi ýa-da boşadyp, başyna kowupdyrlarmy, öz-ä Aşgabada bir gelipdir. Soň, güni ýetmänsoň, ilden-günden sadaka diläp ugrapdyr. Naharhanalarda galan-gaçany çeýnäp iýip, sadakadan düşen puluna-da içip, güni batan ýerinde ýatyp-turup ýörmüşin. Ýanky bir magazinçiniň gözüne ilýär. Äkidip hammama salýar, eşik berýär. Ine, gezüne söweýin, gül ýaly adammyşyn. Içmese, şeýle gelinsöýer, özem dagy talhan etjek diýýär. Ýaňky magazinçem muny kanalyň boýundaky daçasyna eltýär. Adyna-da «Waska» dakýar.
Waska, ine, sana raspisaniýe. Ertir bir çüýşe «Çemen», agşam bir çüýşe «Çemen». Şu-şu işlerem edersiň, şolary etmeseň «Çemen» ýok diýýärmişin. Waska şeýdip üç ýyllap onuň gapysynda guly bolup ýerini gül ýaly edýär. Gowy jaý gurup berýär. Ýerini ekip, hasylyny ýygyp bazara iberýär.
Günleriň birinde-de Waskany garyndaşlary idäp gelipdirder. Asyl, olar ony ölendir öýdüp ýören bolsalar näme?! Onuň diriligine begenişip, magazinçä-de tanryýalkasyn aýdyşyp, Waskany oba alyp gidýärler. Ýöne ol oba bäş günden artyk çydamaýar. Aşgabada, şol gul bolup ýaşan ýerine gaçyp gaýdýar. Soň welin ona näme bolanyny bilýän ýok.
Obadaşlarynyň gürrüň beren şol wakasy ýadyna düşende Gurbangulynyň bokurdagyndan owurtlan çaýy-da geçmejek boldy. Asyl, adam aljyrasa, «özüni ýitirse» ederini-eýlärini bilmese, her zada baş uruberjek ekeni. Ol ön Waskany näletläpdi, onuň bolşuny ýigrenji, nejislik hasap edipdi. Emma indi ony beýle hasap etmedi. Bu ýowuz durmuşda garaşylmadyk güzaplaryň her bir adamyň başyna düşse düşüp oturybermelidigini ol jany bilei syzdy Häzir Göki molla: «Aýlyk-günlük bilen işiň bolmasyn. Adam elini degirmez. Gelinejeň işjagazyny etde geziber...» diýse nädip bolar?
Häzir Gurbanguly aç däldi. Ýöne işikdäki gara gazandan gelýän ýakymly ys onuň içegelerini jugurdatdy. Ýogsa ol günortan: «Agşam belli iýen zadym bolarmy-bolmazmy, häzir ýagşy doýaýyn» diýip, soňkuja puluna çenli diýen ýaly garbanypdy. Häzir onuň ýanynda köpük-söpügi bilen bolsa bir manat puly bardy. Barja pulunam ol aýalyna beripdi. Aýaly bolsa ona pul berme-hä beýlede dursun, sakgal syrýan esbaplarynam dözmändir-ä. Diri gezip ýören adamyň sakgal syrmasy hem bir alada ahyryn. Näme, başyma iş düşdi diýip, sakgalyny goýberip gezjekmi?!
«Wah, studentler bolan bolsa gowy bolardy diýip, Gurbanguly şolaryň gününi höwes etdi. Olaryň ähli zady ortada...»
Student görgüliler-ä: «Basymrak okuwymyzy gutarsadyk» diýýärler. Okuwyny diňe bäşlige gutaran, aspiranturada okasyn diýlip galdyrylan, men diýen ýaşly ýigidem: «Student bolsam gowy bolardy» diýip, şolaryň ýeter-ýetmez gününi arzuw edip otyr.
– Ine, bolduk, nesip edenden, agşam namazynam okadyk...
Göki aga namazlygynyň üstünden turanyndan soň. Aýaly içeri girdi.
– Kabul bolawersin, Hudaýym, okan namazyň! Nahar getiribereýinmi?
Göki mollanyň sesi dabaraly çykdy.
– Getir, getir, nesip edenden, yrsgalymyzyjyk paýlaşypjyk iýeliň. Ertire-de Allanyň özi ýetirer...
Palaw süýjüdi. Gurbaýanguly çekinmän, işdä bilen, hezil edip iýdi. Göki molla mylgyrap bişen etleri Gurbangulynyň öňüne süýşürýärdi.
– Alyber, köşek, süýjem bolupdyr. – Ol aýalyna seretmän gürledi. – Tüweleme, naharam Amansoltana bişirtseň. Bal edýär-ä, tüweleme.
Amansoltan ýeňňe-de gapböwürde ýekeje özi nahar iýip oturyşyna, gürrüňe goşuldy.
– Wah, ýene birki sanyjak myhman bolaýanda bolmaýamydy. Nahar artyp galdy-da. Erte-birigün bazar bolanda-ha gelerler-le. Häzir taňry myhmanyna-da zar-da adam.
Ýaşulam bir dikelen ýaly boldy.
– Myhmanyň adyna döneýin. Geler, aý, onsoňam. «Kişi nesibini kişi iýmez diýleni-dä». Her kim nesibesindäkini çöplemeli-dä...
Bu adamlaryň gürrüňi Gurbangulynyň heniz eşitmedik owazydy. Umuman, türkmen hiç haçanam özüne çenläp iş etmezekdi. Ol jaý gursa-da: «Aý, myhman-meduwan gelse, giňräk bolsun», nahar bişirse-de: «Myhman-meduwan gelse ýetmän durmasyn» diýip, myhmana çenläp pikir ýöredýärdi. Emma soňky döwürler-de iliň ýigreneni myhman bolupdy. «Oý, kirli myhman» diýip, Patma-da ejesiniň öýüne obadan gelen adamlaryň gürrüňini etjek bolup dur-a. Gurbanguly-da özüniň öý bolup ýaşan bir ýylynda myhman çagyrmaga ýüzügara bolup geçdi ahyryn. Bu adamlar welin, myhmanyň zaryny çekişip otyrlar.
– Iý-dä, köşek.
– Bereket bersin, köp iýdim.
– Onda, bolnan bolsak ýygnaýalyň saçagy...
Amansoltan ýeňňe tabagy, gapdalda duran käseleri ýygnaşdyryp äkitdi-de, az-kem eglendi.
– Geleweri! – Ýaşuly aýalyna gygyrdy.
Amansoltan ýeňňe aýaguja çökdi-de, iki eliniň aýasyny edep bilen alnyna tutup, omyn edilerine garaşyp başlady.
Ýaşuly omyn etdi. Soňam Gurbangula ýüzlendi.
– Enen-ataň aýatdamydyr?
Gurbanguly düşünmedi.
– Dirimidir eneň-ataň?
– Ýogaldy.
– Atlary nämedi, bendeleriň?
Gurbanguly ejesiniň, dädesiniň adyny aýtdy.
Ýaşuly elleriniň aýasyny dyzlarynyň üstüne goýdy.
– Hany, bir gurhan çykaýyn...
Ýaşuly gözlerini ýumup, arap sözelerini hüwdi aýdan ýaly edip, şeýle näzikden mährem owaz bilen aýdyp başlady. Arasynda Gurbangulynyň ejesiniň, dädesiniň atlaryny gaýtalap-gaýtalap tutýardy-da, ýene okaýardy.
«Yslam bu usuly nireden aldyka? Tebärek çykmak, jynaza okamak nireden geldikä? Bu ýaşulynyň özi bir ynanýarmyka, öz okaýan sözleriniň manysyna?»
Gurbanguly şeýle oýlary göwnüne getirdi-de, soň ejesiniň, kakasynyň ýatlamalarynyň ummanyna gark bolanynam duýmady.
Ejesiniň derman ysly, emma mähriban gujagy, kakasynyň şory çykyp giden güpbüsi, ullakan telpegi, olaryň ynjyly, hasratly keşbi, mukaddeslige öwrülip giden ady şirin mukam kimin ýaňlanyp gitdi-de, doga okalan badyna gözden gaýyp boldy.
Ýaşuly jaýlaşykly oturdy-da, gapdalyndaky ýaglygyny alyp ýüzüni süpürdi.
– Imanlary hemra bolsun, biziň elimizden geljek zat, ine, şudur, köşek.
Amansoltan ýeňňe çaý getirdi. Ýaşuly sagadyna seretdi-de, ýassyga gyşardy. Soň Gurbangula atanyň agtyga bakyşy ýaly, üýtgeşik mylaýymlyk bilen garady.
– Köşegim, gürläp otur, men-ä seniň adyňam soramandyryn...
Özüne beýle ýüzlenilmegi Gurbangulyny aljyratdy. Ol gaýta-gaýta ýuwdundy.
– Gurbanguly adym. Özümem Garrygaladan.
Ýaşuly minnetdarlyk bilen başyny atdy.
– Tüweleme, Hydyr gören ýerlerden diýsen-e. Öwlüýäler ummanyndan diýsen-e. Şebli nebiniň ýüzüne ýüzüm düşüp ulaldym diýsen-e.
Ýaşuly aýalyna garady.
– Şo-ol meniň gürrüň beren Şeblim-dä. Biziň atamyň atasy Käbä zyýarata barypdyr. Şonda bişam bilen söhbetdeş bolupdyr. «Sen nireden?» diýse, olam özüniň niredendigini aýdypdyr. Ýaňky ymam «Eý, hoja, sen ol ýerlerden bolsaň, uzak ýol söküp Käbä gelmek nämäňe gerek boldy? Şol ýerde Şebli diýip bir nebiniň gonamy bolmaly, şoňa zyýarata barybermeli eken-ä» diýenmşin. Şebli jan Hakyň didaryna aşyk bolup, şol niýeti kalbynda pynhan saklabam amanadyny tabşyrypdyr. Onsoň ol Käbe bolman kim Käbe bolsun?! Özümizem ol iliň çöregini, uruş ýyllary, kän iýendiris. Ýyl gurak boldy-da, malyň başyna melamat gopdy. Sürüleri Sumbar boýuna sürdük. Gowy, asylly halky bardyr, ol illeriň, öz hakyna kaýyl bolup ýören.
Ýaşuly çaýyny gaýtardy-da, myhmanyň ýüzüne garady. Gurbanguly birden açyldy. Özüniň okuwa nähili gelşini, kyn-gyssag günde okap, uniwersiteti gutarandan soňam düşen günlerini, redaksiýada, öýünde bolan ýagdaýlary birin-birin gürrüň berdi.
– Eý-ho-oý, eý-hoý, bu ýaş başyna munça melamaty nädip göterip bildiň, jan ogul?! – diýip, Amansoltan ýeňňe zeýir-zeýir etdi. – Heý, beýle-de bir sütem bolarmy adama?!
Göki molla başyny gynanç bilen ýaýkaýardy. Ýöne sesini çykaranokdy. Ol demini alyp duran çaýly çäýnegiň gapagyny sypalady.
– Mert bol, köşek, mert bol. Adamyň adamlygy şular ýaly ýerde bildirýändir. Aslynda, adam bir bu dünýä synag üçin goýberilen bendedir. Ýagşy bolsa öz ýagşy päline, ýaman bolsa-da öz ýaman päline gitmeli. Ýöne indi ahyrzamana golaý gelipdir. Sylanyşygam, halalam, ynsabam erbetlik bilen garjaşypdyr.
– Men indi näme etjegimi bilemok, agam!
– Näme ederler, hiç zat etme. «Ýagşylyga ýagşylyk her kişiniň işidir, ýamanlyga ýagşylyk är kişiniň işidir». Seni daş bilen urupdyrlar. Sen olary aş bilen ur! Ine, adamçylyk nirede! Olar üçin sen däliräýseň, olara gargap, göreniň ýanynda zeýrenip ýörseň. Onuň-munuň ýanynda aglasaň, baryp gaşlarynda kiçelseň. Olar seniň şeýdip kiçelip ýörşüňi görseler, eşitseler, onsoňam: «Jany çyksyn, bu-da az oňa. Bize degýänleriň boljagy şoldur!» diýseler. Olara indi şol gerek. Seniň ojagyňy gömeniň bilen olaryň içi sowamaz. Olara indi seniň naçarlanyň gerek. Şony görmeseler olar köşeşmez. Şonuň üçin sen beýik bol. Kanagatly bol, geçirimli bol! Indi seniň eliňden geljek zat diňe şol.
– Işden çykarylany bolmandyr. Işiň-ä bir ýok, alnynam gyş. Üstüňem ýuka. Öýüň-öwzaryň hem bolmasa... Heý, musurman bendesine beýle kast etme bolarmy, doganlar?!.
Amansoltan ýeňňäniň zeýreji soň-soňlaram ýatmady. Ol saçagy ýygnap, ýer saldy.
– Ýat, guzym, «Agşamyň haýryndan ertiriň şeri» diýipdirler. Ýatdajyk dem-dynjyňy al. Ölümden gaýrysynyň bir alajy bolar.
Ýaşulynyň namaz okaýşyna syn edip ýatyşyna, Gurbanguly süýji uka gideninem duýman galdy.

22.
– Allow äkber! Allow äkber! Allow äkber!
Gurbanguly säher bilen azanyň sünnüni elendirip barýan sesine oýandy. Ol mahmal ýorgana çolaşyp ýatanyny, özüniň Göki aganyň öýündedigini, agşamky gürrüňleri ýatlap, çalnyp turanyny duýman galdy.
Sagat ýaňy alty bolupdy. Radiodan türkmen sazy ýaňlanýardy. Ol daş çykdy. Asmandan lemmer-lemmer gara bulutlar gündogara sary göç gurap barýardy. Towuklaryna ideg edip ýören Amansoltan ýeňňe asmana garap, säheriň çigregini duýman duran Gurbangulyny görüp begenji bar ýaly boldy.
– Köşek, turduňmy? Howa sowujak, egnine bir zat alaweri...
Gurbanguly ýuwnup durşuna, «Sakgalymy bu gün almasamam bolar-la» diýip oýlandy. Sakgalyny alaýyn diýende-de, häzir onuň ýanynda päkisi ýokdy.
Ol çaý başynda-da düýnki agyr oýlaryny başyndan kowup bilmedi.
«Aýyň aýagy-da ýetip geldi. Men indi nirä alnymy diremeli bolarkam? Bir bolar-bolmaz işe giräýenimde-de, tutuş aýlap güzeranymy pulsuz-püçeksiz nädip dolarkam? Ýaşamaga sümelge tapyp bolmazmyka?»
– Özüňem bäşlige gutardyňmy? – diýip, Göki aga edip oturan oýunyň dowamyny daşyna çykardy. – Hiç, gaýgy etme. Agzy açyk aç galmaz...
Ol hälki sowalyna jogabam talap etmedi. Gelen netijesinem açyk pyşgyrmady.
Amansoltan ýeňňe saçagyň üstünde gyzdyrylan gowurdagy getirip goýdy.
– Hany, çaýyny bir içsin. Soň ýagşy maslahatlaşarsyň, molla!
Ýaşuly az-kem çytyldy. Bu onuň nämäniňdir bir zadyň düwnüni düwene çalym edýärdi.
– Maslahatlaşyp-maslahatlaşmaz ýaly, bu ýerde zen geňeşini edip oturara zat göremok men-ä. Ine, öý! Ýagdaýyň bolýança ýaşa. Ine, bizem biz! Iki sany garry. Gaýta bize-de hümürdi bolarsyň. Bizem uly döwletden üzülip galan iki sany betbagt...
– Wah, uly kerwenden diýsene-e... – Amansoltan ýeňňe bozuljak boldy. Emma ýaşuly oňa müzzerilmäge puryja bermedi.
– Hany, hany, goý! Aglanyň bilen gelýän bolsa, iki sapar getirerçe bolduň olary!..
Amansoltan ýeňňe, barybir, köşeşmedi. Ol eňräp başlady.
– Nähili çagady? Nähili oguldy? Bezirgen ýaly, armanly gitdi.
– Hudaýa-da gowusy gerekdir, hany, goý! – Bu sapar ýaşulynyň sesi birneme ýumşak çykdy. Gurbangula şol ýumşaklygyndan süzülip çykan nazar bilen garady. – Näme, galanynam Hudaý oňarsyn-da.
Gurbangulynyň hem damagy doldy. Ol Amansoltan ýeňňäniň öz bozulanyny görmänine, ýanlaryndan turup gidenine begendi. Ol aýal şifoneriň içini dörüşdirip, sellofan halta dolangy nämedir bir zady adamsynyň ýanynda goýanda hem, olara känbir üns berip durmady.
– Mämmet janyňky, geýsin, howa-da bozulýar!
– Bor-la! – Ýaşuly soň sesini çykarmady.

* * *
On gün diýeniň hem ýel ýaly bolup geçdi gitdi. Gurbanguly ertire çyksa redaksiýa bilen hoşlaşmalydygyna bir tütäp ýananokdy. Ol gynanýardy, örtenýärdi. Bu kollektiwiň özi üçin nähili ezizdigine herdem düşünip galýardy. Başga bir ýere barsa, ajyndan öläýjek ýaly bolup durdy.
Başga ýerden iş gözlemäge onuň ynsabam, gaýratam çatanokdy. Onuň göwnüne heniz mesele gutarnykly çözülmedik ýalydy. Redaktor öz sözüni yzyna gaýdyp alaýjak ýalydy. Heniz ol umytdady. Şonuň üçin hemişekisinden on esse gowy işleýärdi. Bir diýleni däl, aýdylmadygy etmäge çalyşýardy.
Bölümiň papkasyndaky peýdalanmajak hatlaryň ählisnne jogap berip, ownukly-irili informasiýalary tertiplije timarlap, maşyn býurosyna tabşyrypdy. Maşynkadan çykanlaryny ünsli okap, olary bölüm müdiriniň stolunyň üstünde goýupdy.
Göwnüne bolmasa, hut häzir kimdir biri gelip: «Redaktor seniň arzaňy ýyrtdy, arkaýyn işläber diýäýjek ýaly bolup durdy,
Hakykatdan hem sähel salymdan redaktoryň sekretary ylgap geldi.
– Redaktor çagyrýar!
Gurbangulynyň dünýäsi ýagtyldy. Ol guş bolup uçdy.
«Eý, Hudaý jan, adyna döneýin, sen meniň ýalbarmalarymy eşidipsiň. Indem meni şu belalardan alyp çyk. Şu redaktoryň ýüregine rehim inder, jan Allam...»
Ol ylgap diýen ýaly kabulhana bardy. Redaktoryň işigi açykdy. Ol içeri batyrgaý girdi. Özem içki begenjini saklap bilmän, batyrgaý salam berdi.
– Salawmaleýkim!
Redaktoryň ýüzünden ýigrimi kilolyk çeküw daşy asylan ýalydy. Ol gapdalyndaky iki milisioner bilen bir agyr ýagdaý barada gürleşip oturana çalym edýärdi. Çünki bu ýerden ýas hasratynyň ruhy duýulýardy.
– Geldi, ine, şu adam siziň soraýanyňyz!
Gurbanguly hiç zada düşünmedi. Ol gözlerini mölerdip milisionerlere garady. Diňe şondan soň olaryn biriniň podpolkownikdigini, beýlekisiniňem leýtenantdygyny bilip galdy.
Leýtenant «birden gaçaýmasyn» diýen manyda işige garşy süýşüp, Gurbangulynyň önüni gabsalady.
– Sapargulyýew Gurbangulymy?
Gurbangulynyň ýüregine wehim düşüp, gözlerini elek-çelek edip:
– Hawa diýip goýberdi. Podpolkownik haýsydyr bir kagyzy redaktoryň önünden aldy-da, Gurbangulynyň gözüniň önüne tutdy.
– Ýaş ýigit, sen biziň bilen uprawleniýä gitmeli boljak!
Gurbanguly bu zatlaryň sebäbini Patmaly waka çenledi. Özüniň günäsizdigini düşündirjek bolup gepbaşy agtardy.
– Düşündiriň ahyryn! Men näme üçin gitmeli?
Podpolkownik işigi görkezdi.
– Ýörüň, bu ýerde ýaňkalaşyp durmalyň, baransoň düşünişibereris!
Gurbanguly garşylyk görkezjek bolup durmady. Ol işkkden ilden ilki çykyberjek boldy. Emma leýtenant ony saklady.
– Meniň yzym bilen ýörän! – Soň ol Gurbangulynyň elinden tutdy. – Howlukma!
Milisiýanyň depesi çyraly maşyny çyrlap başlady. Soňam, gözüne urlan ýaly bolup köçä çykdy.
– Getirdiler!
Uprawleniýede gaýmalaşyk başlandy. Gurbanguly özüne şeýle üns bilen garanjaklaýan adamlara, durup-durup oňa garaýanlara geň galyp seretdi.
«Be, janlarym, ýa Çaryýew işden kowduranyna-da kanagat etmän, milisiýa-da basdyraýjak bolýarmyka? Ýa Patmanyň ejesi «Gyzymy urdy, horlady» diýip arz etdimikä?»
Ol Patmanyň sesi ýazylan kassetanyň umumy ýaşaýyş jaýynda, oglanlaryň otagynda galanyny indi ýadyna saldy. «Juda gerek bolsa, özleri bolmasa-da, otaglaryny açdyraryn. Ýöne günäsizdigimi welin, düşündirjeg-ä bolaryn...»
Ol birden tisgindi. Göwnüne her hili was-wasy geldi.
«Eý, Hudaý, ýa Patma bu bolan zatlara namys edip, « özüne kast eden bolaýmasyn?! «Barysyna şol ýetimçe günäkär» diýibem ýazgy galdyrsa...»
Ol gaty gorkdy. Patma gözüniň garasy, ýüzündäki gögi bilen ýüpden asyl-asyl bolup durşuna göz öňüne geldi. Ol içini çekdi.
«Şonuň ýaly bir zat bolandyr. Bolmasa bular beýdip, dert-azara galmazdylar...»
Ony garaňky koridor bilen äkidip, içbe-iç jaýa saldylar. Otag ýagtydy. Penjireleriň biri açyky. Ýöne ol demir gözenek bilen mäkämlenendi.
Stoluň aňyrsynda oturan ýigit ýylgyryp salamlaşdy. Özem şeýle mähirlidi. Misli gadymdan gaşryndaşyny görmän-görmän gören ýalydy. Juda göresi geleni üçin özi çagyrdan ýalydy.
– Oturyň, oturyň, näme dursuňyz?! – Gurbanguly onuň stolunyň garşysynda oturdy. Ol ýigit nämedir bir zada güýmenen bolýardy. Gözüniň gytagy welin garşysyndaky adamdady. Ol yzyna dolanyp, ýerine geçdi-de, öz meýlini yglan etdi.
– Onda şeýle gepleşeli! Men soraýyn, sizem jogap beriň!
– Bor!
– Gel, ilki tanyş bolaly. Men sülçi Täşliýew! – Gurbanguly hem ýylgyrdy. Onuň ýylgyrmasynda: «Şeýle biderek zat üçinem bolup oturyşyny» diýen many bardy. Täşliýewiň ýylgyrmasynda bolsa: «Nätdimkäm, häzir saýraberseň nädersiň?!» diýen many bardy.
Täşliýew ýapyrylyp ýazyp, iki gat kagyzy dolduryp başlady. Garşysyndaky oturan adamdan çyndanam «sud soragy» diýilýäni edip soraýardy.
Gurbanguly üçin bary gyzyklydy. Ol: «Beý, bir zatda, sen sülçümi, beýdip sorar ýaly» diýýärdiler-ow, bu-ha beýle eken-ow» diýip oýlanýardy.
– Nämä ýylgyrýaň? – diýip, sülçi ýazgysyndan başyny galdyryp sorady.
– Soraýşyň gyzykly!
Täşliýewiň gaşy çytyldy. Ol ýazyp oturmasynyň arasyny kesmän: «Ine, ýylgyrmaz ýaly ýerlerem bardyr» diýip goýberýärdi. Gurbanguly sesini çykarmady.
Täşliýew birden başyny galdyrdy-da, ýaňky bolup oturyşyndan düýbünden başga, gazaplydan gyňyr keşbe girdi-de: «Indi seniň bilen oýnum gutardy, çyna başlaly» diýen terzde garşysyndaky adama garady.
Seniň şu ýere, näme üçin getirileniňi bilýäňmi?
– Ýok, bilemok!
Täşliýew ýerinden turdy. Soň iliklerini urup, misli suduň şeýle ýowuz netijesini yglan etjek bolýan ýaly, juda resmi görnüşe girdi.
– Bilmeseň, diňle! Men senden käbir zatlary sorajak, eger hakykaty aýtsaň, özüne-de, işe-de peýdaly bolar. Sapalak-supalak etseň, özüňe ýamanlyk edersiň. – Ol Gurbangulynyň ýüzüne garady. – Maňa şu işlän döwrümde ýüz on üç iş ynandylar. Şonuň ýüz on ikisem açyldy. Ýüz on üçünji sen. Düşündiňmi?
– Bolar! – Gurbangulynyň gara çynydy. – Bilýän zadymy aýdaýyn. Meniň bendäniň öňünd-ä däl. Hudaýyň öňünde-de bassyr-ýussurym ýok.
Sülçi ýüzüni turşatdy.
– Soralan zada jogap ber. Gysga, göni, hakykat!..
Bu sapar ol sesini çykarmady. Täşliýew bolsa garşysyndaky adamyň ynanjyny weýran etmek üçiň agyr zarba urmaga pursat araýan ýaly, onuň iki didesine garady.
– Siz adam öldürmekde aýyplanýaňyz!
Bu sözüň agramy Gurbangulynyň aňyna bada-bat ýetmedi. Ol bu sözüň zarbyny sülçüniň pikir edişiçe kabul etmedi.
– Näme?
– Hawa, adamy kast bilen öldürmekde aýyplanýaňyz!
Gurbanguly henizem bu sözüň agramyny alyp bilenokdy. Onuň arassa kalby, başga dertler, başga ýükler bilen halys surnugan aňy bu sözüň manysyny sorup bilenokdy.
–Menmi? – diýip, ol aljyraňňy ýylgyrdy. – Men ömrümde towuk öldüren adam däl. Ol-a adam. Bu gaty gülkünç bolýar. Maňa başgarak aýyp ýaparmykaňyz diýipdim.
Sülçi ýene ýerinden turdy.
– Neme, ýigit, meniň oýun ýadyma düşenok. Sen oýun eden bolma. Adam öldürmek, bir bendäniň guwanyp ýören balasyna tyg çekmek, oýun iş däldir.
– Men oýun iş edemok.
Sülçi onuň öňüne bir tagta kagyz oklady. Soň ruçka berdi.
– Dur, Gara Garaýewiçi tanaýarmyň?
Gurbanguly oýlandy.
– Elbetde, Gara Garaýewiçi tanaýan.
– Nireden?
– Obadaş, garyndaş. Soňam men onuň jaýynda kwartirant boldum.
– Maşgalasy bilen nähili tanyşlygyň bar?
– Tanamok.
– Çary diýen ogluny tanaýaňmy?
Gurbangulynyň süňňi sandyrady. Ýüregi nämedir bir zat syzdy.
– Tanaýan, näme?
Sülçi ýerinden turdy.
– Garaýew Çaryny biri öldürip, olaryň daçasyndaky hapa dökülýän çukura taşlap gidipdir.
Gurbangulynyň ini tikenekledi.
– Hudaý saklasyn, nebir oglandy.
Sülçi ýerinde oturdy-da, eglip, Gurbangulynyň öňündäki kagyz bilen galamy aldy. Soň olary öz stolunda goýdy. Birsalymdan bolsa şol kagyza özi dümtünip başlady.
– Onda sen Garaýew bilen tanyşlygyň barada yzygiderli gürrüň ber. – Ol Gurbangulynyň agyr oýa batyp, henizem özüne gelip bilmänine aýratyn üns berdi. – Sen özüňe beýle töhmetiň ýapylýanyny menden görme, degerli delil, ynamdar şaýatlar bar. Ýöne sen adamçylyk edip, göni boýun alsaň-a, oňa ýetesi zat ýok. «Ýok, Hudaý saklasyn, menem bir beýle iş ederinmi?!» diýip ýer depip, ant içip, awy ýalap oturjak bolsaň bolsa, özüňe kyn bolar. Gaty kyn bolar. Işiň uzaga çekeni galar. Barybir, boýun almaly bolarsyň. – Ol ýerinden turdy. – Boýun alýarmyň?
– Nämäni?
– Ejjäň a...
Sülçi hyrsyzlyk bilen oňa bakan owsundy.
– Nämäni bolar? Adam öldüreniňi!
Gurbanguly gorkdy.
– Hudaý saklasyn. Men etmedik zadymy... Heý beýle haýynlyga-da adamyň eli bararmy?
Täşliýew dommarylyp, kese bakyp oturdy.
– Garaýewi ilki nirede gördüň?
Gurbanguly düşünmedi. Sülçiniň özüne sowal berdi.
– Haýsysyny?
Sülçi ýerinden zarp bilen turdy-da, elindeki ruçkany Gurbangulynyň gözüne dürtäýjek boldy.
– E-eý, sen gowuja bol. Şu ruçkany sokup, garagyňy akdyrýaryn. Bu ýeri saňa köçe däl. Soraga jogap ber.
Gurbanguly bu adamyň hut häziriň özünde elindäki ruçkany sokup öz garagyny akdyrjagyna ynandy. Ol bu duýgyny süňňünden geçirenden soň titräp gitdi.
– Gara Garaýewi haçandan bäri tanaýarsyň?
Gurbanguly oýlanyp ýuwaşja gürledi.
– Ol meniň obadaşym, garyndaş ugrum. Kiçijik wagtymam, tanamasamam: «Aşgabatda Gara diýen agamyz bar, gurply ýaşaýarmyş» diýip eşidýärdim.
Sülçi ony saklady.
– Dur! – «Men Gara Garaýewiň adyny çagalykdan bäri eşidýärdim...» – Ol sesli ýazyp başlady. – «Ol biziň kaka tarapymyzyň garyndaşy» aýdyber!..
Gurbanguly ýene-de oýlandy.
– Men geçen ýylyň awgustynda öýlendim.
– Dur! «Men 197. ýylyň onunjy awgustynda... – Ol garşysyndaka garady. – Kime? – Gurbanguly jogap berdi. – «Patma diýen gyza öýlendim. Ine, şonda! Gara Garaýewi ilkinji sapar gördüm. Ol toýuma gatnaşdy». Şeýlemi?
– Hawa.
– Soň?..
Soňra Gurbanguly ol adamyň maşgalasyny öz jaýyna göçürip äkidişini, şol ýerdäki käbir wakalar barada gürrüň berdi.
– Soň men aýalym bilen aýrylyşdym, oňuşmadyk. Oňa-da özüm günäkär. Şeýdibem olaryň jaýyndan çykyp gaýtdym. Häzirem bir tanyş adamyň öýünde wagtlaýyn bolup ýörüň.
Sülçi ýüzüni awulyk çeýnäniňki ýaly ajytdy-da, gapdalyndaky papkadan bir tagta kagyz çykardy-da
– Diňle. – Ol okap başlady. – Sen esasy aýtma ýaly ýerini goýup gidýäň. – Ol kagyzyň ýüzünde gözlerini ýüzdürdi-de, ruçkasyny onuň bir ýerine dürtüp kürtdürdi. – Diňle: «Men oňa dözmän, öz öýüme göçürip getirdim. Bir ýyllap hak alman, öýümde ýaşatdym. Gerek ýerinde goldadym. Ýeter-etmezinde kömek etdim...»
– Dogrumy?
– Gaty dogry!
– Onda näme üçin şulary aýdaňok?
– Siz olary soraňzok-da, gerek bolsa aýdaýaryn...
– Aýtsaň, diňle: «Onuň aýaly meniň tanyşlarymyň biriniň gyzydy. Men ony öz gyzym ýaly görýärin. Şonuň üçin meniň ýüregimde hiç zat ýok. Ol gyza: «Patma gyzym, bir çäýnek çaý demläp ber...» diýýän. Eşik ýuwýan bolsa derli köýnegimi, maýkamy ýuwup ber diýýän. Ol maşgala şeýle adamkärçilikli maşgala. «Ýok» diýenok. Emma Gurbanguly bu işi erbetlige çekip başlady. Aýalyny menden gabanyp, käte bolsa oňa töhmet atyp, haýbat bilen ol görgüliniň üstüne topulyp başlady. Men onuň ýagdaýyna düşünip, öz jaýyma oglanlarym Çary jany hem-de Bäşimi şu ýere göçürip getirdim. Soň, görüp otursam, ol öz aýalyny Çary jandan hem gabanyp, ol ogluma haýbat atypdyr. Oňa: «Seniň kelläňi palta bilen çaparyn» diýip, birnäçe sapar haýbat atypdyr...»
– Dogrumy?
– Dogrusam bar, nädogrusam...
– Niresi dogry, niresi nädogry?..
Gurbanguly birneme rahatlandy.
– Men önki aýalymy ondan gabandym, bu dogry. Sebäbi, ol gaty baý maşyny bar. Güni bilen öýde. Aýal-gyzlaryň agyz suwardaýjak zatlary skladynda bar. Özem gaty jalaý. Meniň öňki aýalym bolsa ministriň gyzy. Gowy iýmäge, gowy geýmäge öwrenişen. Men welin garyp, özümem güni bilen işde. Käte, gijäniň ýarynda gelýärin. Onsoň gabanarsyň-da. Aýalyň hem gözüniň gytagyny şondan aýyrman dursa. Men ony duýdum, soňam edil duýşumdan hem beter boldy. Şonuň üçin men ol adamy gaty ýigrendim. Gözümde okum bolsa atarman boldum. Bir gün bolsa onuň bilen gygyryşdym. Özüne-de: «Seni edişime seret, kelläňi palta bilen çaparyn!» diýdim. Diýen zadymy diýdim diýerin. Emma ogluna hiç zat diýemok.
– Nädogrusy näme?
– Nädogrusy, oglunyň ýaşany çyn, emma men ogluna hiç zat diýemok. Men ol oglan aýalyma göz gyzdyrandyr diýibem biljek däl...
Sülçi onuň gözünden gözüni aýyrman:
– Onda bölekleýin boýun alýaň-da?! – diýip sorady.
– Men hakykaty aýdýan.
Sülçi aldygyna ýazýardy. Soraýardy-da, ýene ýazýardy.
– Soň näme boldy?
– Soňmy? Soň, öýde gykylyk boldy. Aýal gitdi. Ertesi ejesi geldi Men ol aýalyň Garaýew bilen gezýäňdigini subut etdim. Şeýdibem aýrylyşdym. Bar zady taşlap gaýtdym...
Sülçi ony saklady.
– Dur, sen iş barada aýt! Soň Çary Garaýewi gördüňmi?
– Ýok. – Sülçi ýene-de ýazyp başlady. «Men şondan soň Çary Garaýewi bir sapar-da göremok». Ol ýene-de başyny galdyrdy. – Diýmek, Çary Garaýewi öldüreniňi-de boýun alaňok...
– Ýok-la, heý, onuň ýaly işem edip bolarmy?! Boýun| alamok...
Sülçi ony birneme saklady.
– Dur, dur! «Men Çary Garaýewiň janyna zalymlyk bilen kast edemok...» Sülçi ruçkasyny stoluň üstüne taşlady-da, elini owkalady. Şeýlemi?!
– Şeýle.
– Me, onda oka-da, dogry bolsa yzyna goluny goý. Gurbanguly okady. Üýtgeşik many tapmanam, hatyň aşagyna gol çekdi.
Daşarda eýýäm gün ýaşyp başlapdy. Bulutly howa agaçlary aralap, olaryň ýere gaýyp düşýän sary ýapraklaryny görer gözden kem-kemden gizläp, agaçlaryň gara suduryny galdyrypdy. Köçeden geçýän maşynlaryň çyrasy ýanypdy.
«Men ýene Göki agalara bararyn-da. Ol, belki, ýene bir maslahat tapar?! Işe-hä baryp bolaýdym öýdýän. Ol ýerde men barada eýýäm her hilije gybat edilýändir. «Il agzyny ýygyp bolmaz, çelek agzyny bogup» diýipdirler. Näme diýenlerinde-de meniň günäm ýok. Sorarlar, goýbererler...»
– Bu günlükçe iş tamam. – Sülçi ýerinden turdy. Gurbanguly onuň özüne rugsat bererine garaşdy. Sülçi birhili aladaly görünýärdi. Ol içini hümledip, ep-esli durdy. Soň güňlenç ses bilen gürledi.
– Neme, Sapargulyýew, biz seni heniz saklamaly boljak. Seni saklamak barada prokuroryň sanksiýasy bar. Ol bu habaryň Gurbangulyny depesinden gaýnag suw guýlana dönderendigine ünsem berip durmady. Iş juda düýpli. Iş açyldy. Emma ele ilen zat ýok. Bizi gyssap, janymyzy alyp barýarlar. Ertirem gürleşeli, soň görübermeli bolar. Jübiňizde nämäňiz bolsa çykaryň...
Dogrusy, sandyraýan aýaklary Gurbangulyny götermedi. Endireýän ýüregi ähli mejalyny alypdy. Ol iki sany milisioneriň aralygyndan barýarka-da özüniň ýöreýänine ynananokdy.
Категория: Romanlar | Просмотров: 47 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: