12:40
Şonda...
ŞONDA...

Şonda aý gaçypdy kölüň üstüne,
Gözleýän dek ezizini kenardan
Maňa görünmeklik üçin ösdüren
Senem saçyň barmak bilen darardyň...

Artykmajam däldi aýdyljak zatlar,
Ýöne aýdylaýsa welin kem däldi.
Şonda-da aýtmadyk,yşgyň owazy,
Ýürekleň gatynda, demimde galdy.

Aýyň ýatagyna ilişip  galan
Suwotylar  ýuwka geýim mysaly.
Ikimiziň aramyzy garyşlan,
Ejabyň öýmesi  lebimde galdy.

Ýene dymdyň... suwa nazar  “zyňýardyň”...
Şonda aý gaçypdy, kölüň üstüne...
Barmak bilen saçyň darap  dymýardyň,
Maňa görünmeklik üçin ösdüren...

■ PERWANA (didäme)

Älemiň elini elleriňe al,
Aýla arşa bahar ýeli näz ede.
Bu barlygyň bagjygyny çözeýin,
Men yşgyň nazarna bakyp, täzeden.

Juwan gögüň ýagmyry deý owazly,
Alabahar bilen keselledim men.
Baharyň bagjygny çözerim ýaly,
Göge galar ýaly, tut ellerimden.

Saňa kän gün garaşsam hem bor welin,
Kä gün ýekelikden ýadaýan juda.
Meniň gözlerimden ýazy süýşürip,
Saňa ýer goýupdyr, Ýaradan Hudaý.

Älemiň elini elleriňe al,
Aýla arşa bahar ýeli näz ede.
Bu barlygyň bagjygyny çözeýin,
Men yşgyň nazarna bakyp, täzeden.

■ INDI MENDE...

Indi mende suratyňam bar seniň,
Bar dünýämi dolduryşyň güleňde...
Ýakyşykly syratyňam bar seniň,
Halaýan ýöreýşiň bakyp belende...

Gödeksi görünýäň gaşyň içinden,
Gussaly gözleriň maňa bakanda...
Azajykdan öwrenişen bolsamam,
Utanýan yzyndan saňa bakamsoň...

Özüňi görmesem,zeleli ýokla,
Indi mende suratyňa bar seniň.
Suratyňa ýetip bilmän ýaşadym,
Syratyňa ýeterinmi, ýa seniň!

■ ÝUNUS EMRÄ

Aýrug sema ýükseldi,
Tapdyk topraga geldi,
Ikisiniň arasynda,
ýüpmi ýa-da darmydyň sen?

Ýunusum diýdim, ezelden.
Gara göz gyzdan-gelinden,
Nije aýryla elendiň,
Ylah yşkly narmydyň, sen?

Ýazdym waspyň injisini,
köňlüň golun-gunçasyny,
Meger men saňa aşykam,
ýa-da maňa ýarmydyň sen?

Belent başlar aman galar,
gözler-gaşlar aman galar,
Aman galanlar am galar,
galam-defter dälmidiň sen?

Keremden kesbiň bar idi,
behiştden wasfyň bar idi,
Iki jahandan daşgary
Saýawanmy-salmydyň sen?

Menem saňa sorag boldum,
Burçuňda täze direldim,
Seni okap, dür saçjakdym,
ýa-da aslym lalmydy meň?

Saňa gelemde bilenmi,
Dünýäň çynyny-ýalanny,
Diwanyň ele alanmy,
bilen bir ahwalmydyň sen?

■ MAWY GÜLLER...

Sen meni gora dostum, teýi gara pällerden,
Gora ýagyşdan soňky päkize howa ýaly,
Meniň taýa geleňde, menem gitsem sen taýa,
Saňa ylham bererin, dem salnan doga ýaly.

Seni ýatlap, ejizläp, uklap galsam birçaklar,
Öýkeleme ezizim, penjireden daş garap,
Bagty rowan tebigat, aýyranda ikimiz,
Aýdaryn men aýdymy, aýdaryn men başgarak.

Garaýagyz gijäniň asmanynda paýym bar,
Güýz gelende ýerdäki otlar solar giç öýlän,
Bulut syrylanynda biler bolsaň göklerde,
Bagtymyzyň ýagmyry ak gardyr ol güýjelýän.

Hazir gussa çekýärin, seni ýatlap alysda,
Ýanymda bolan günleň gadyry hakda ökünýän.
Penjirämiň önünde, küýzeden assa-assa,
Mawy hünjiler ýaly, mawy güller dökülýär…
 
■ ARZUW

Gujak-gujak güller bilen giň sähra dolasym gelýär.
Şirin-şeker diller bilen gelýär, gulakda galasym.
Gelýär meniň zyban bolup dillerňe şeker garasym,
Gelýär meniň şeýlebir çalt, şygyrda çeper bolasym.
Ýazyp-ýazyp,okujysyn agladan eser bolasym,
Gelýär ylham-gursak ýarjak, näzijek heser bolasym.
Şol günlki deý, ilkinji deý,öňki bolasym gelýär meň,
Iň esasam ynan ilim, seňki bolasym gelýär, meň...

■ OGLUMA ÖWÜT

Howa  salkynjag-a, bilýäň,
Geýip gitginiň penjegiň.
Sen sähra gidermen bolýaň,
Bilmersiň ýazyň ölçegni.

Türkmeniň häsiýeti ýaly,
Sährasy sergin-alaňdyr.
Bir görseň güneş ýalydyr,
Bir görseň, bary ýalandyr.

Ýagmyra suwsan düzüne,
Sergiläp kakyn- gurduny.
Sähra gelin deý süzüler,
Ýagyş-ýagmyrdyr, gerdeni.

Ýazlary ýar örtügünden,
Bilmersiň serhet-ölçegin.
Seň sähra gidesiň gelse,
Geýip gitginiň penjegiň.

Eşikleriň bolsun, ýyly,
Sen indi çaga däl, bilýäň.
Towşanlaryň owsunşyny,
Çalyşma şatlygna dünýäň.

Ýar söýmäge bolar wagtyň,
Görüp alaňda geljegňi.
Oglum, indi çaga däl sen,
Geýip gitginiň, penjegňi.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 20 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: