21:49
Çerçiliñ gapma-garşylyklary
ÇERÇILIÑ GAPMA GARŞYLYKLARY

Çerçil Arhiwi Merkeziniñ direktory Allen Pakwud: "Çerçiliñ päk ikon statusyna göterilmegi howply, sebäbi şeýtsek, onuň adamçylygy yitip ugrayar. Ol ynanylmaz derejede çylşyrymly, gapma-garşylykly we ägirt bir ynsan. Onuñ özi hem bu gapma-garşylyklary bilen bütin ömri söweşip gezdi".
Britaniyany II Jahan Urşunyñ garañky sagatlaryndan üstünlikli alyp çykan Ser Winston Çerçil köplere ak alty, demir sowutly rysar (hakykatdan hem ol Rysardy), halk gahrymany hökmünde belli bolsa-da, onuň garañky taraplaryny hem bilmeyan az-azdyr. Bu mowzukda Çerçiliñ 'Ser' adyna sygmayan taraplarynyñ käbirleri getirildi.

Jynsparazlyk

2014-nji ýylyñ aprelinde Zähmetkeşler partiyasynyñ kandidaty Benjamin Wittingham Çerçiliñ "rasist we aklary yokarda goyan" syyasatçydygyny agzady. Yöne geçmişe seretsek, bu Winstonyñ jynsparazlygyny görkezyän ilkinji delil däl.
Premyer Ministriñ özi 1937nji yylda Palestinanyñ Royal Kompaniyasyna şeýle yüzlendi: "Men, mysal üçin, Amerikanyñ Gyzyl Indeylerine ýa-da Awstraliyanyñ gara halkyna garşy ullakan bir yamanlygyñ edilendigini boyun alamok. Men bu adamlara olardan has güyçli jynsyñ, ýokary derejeli jynsyñ, has añly-payhasly jynsyñ añyrdan geläge-de, olaryň yerini elinden alandygyny boyun alamok".
Çerçiliñ gözünde, ak protestant hristianlar iň beyikdedi, ak katoliklerdenem yokardady , hindiler bolsa afrikalylardan ýokardady. "Çerçil özüni we Britaniyany Darwiniñ sosial ierarhiyasynda yeñijiler hökmünde göryärdi" diýip, 'Çerçil: Şöhradyñ Soñy' kitabynyñ awtory Jon Çarmli belläp geçyär.
Edil Gitleriñ rasistik ideyalary derejesinde yowuz bolmasa-da, bu garaýyşlar görnükli däldi.

Zäherli gaz

Çerçil himiki yaraglaryñ duşmanlara, aýratyn hem kürtlere we owganlara garşy ulanylmagynyñ tarapdarydy. "Medeniyetsiz taypalara garşy zäherli gazyñ ulanylmagyny men ikelläp goldayan" diýip, ol 1919njy yylda belläp geçipdir.

Bengaldaky açlyk

1943nji yylda, Britaniyanyñ golastynda bolan Hindistanyñ demirgazyk-gündogaryndaky Bengal welayatynda heläkçilikli açlyk höküm sürdi. Azyndan 3 million adamyñ ölümine sebäp bolan açlyk 1942nji yylda Yaponiyanyñ Burmany basyp almagy zerarly yüze çykdy. Hindistanyñ bugdaya bolan mätäçligini kanagatlandyrmakdan geçen, gaytam urşa goşant üçin yurduñ Yewropa tüwi ibermegini talap etdi. Şeýle hem, Awstraliyadan getirilen 170000 tonna bugday açlygyndan ölyän hindileriñ üstünden ätläp, Yewropa zapas üçin geçirildi.
Gaytam Winston "Men bu halky yigrenyän. Olar edil towşan yaly köpelyärler" diýip, bu açlyk üçin hindileriñ özlerini günäledi.

Gandi barada aydanlary

Biziñ günlerimizde Hindistanyñ garaşsyzlygyny parahatçylyk yoly bilen gazanan adama goyulyan hormatyñ çägi yok. Yöne Çerçil Gandi babatynda başgaça pikirdedi.
"Bu dawakeş adwokat Mister Gandiniñ özüni fakir sypatynda görkezip, Prezident Köşküniñ basgançaklarynda yarym-yalañaç aylanan bolup yörmegini görmek howply we ýürek bulanyjy" diýip, Çerçil 1931nji yylda yazdy. Ýene bir gezeginde bolsa "Gandini agzymy beklejek diyip atyan kiçijik haybatyndan gorkup göybermek bolmaz. Eger ol ölse, biziñ bir erbet adamdan, Imperiyanyñ duşmanyndan dyndygymyz bolar" diýip, kabinet yygnagynda gürledi.
Onuñ Gandä bolan garşylygy aç-açandy. Ol Hindistanyñ özbaşdaklygyna tarap hereket etmegini islemeyardi, induizmi ullakan howp hasaplayardy. Hindilere garaşsyzlygyny bermek Britan imperiyasynyñ yykylmagyna we siwilizasiyanyñ doly soñlanmagyna getirer diyyardi.

Yslama bolan garaýşy

Winston 1899njy yyldaky "Derya Urşy" kitabynda Muhammetçileriñ öz şägirtlerine zalymdygy, olaryň ynanjynyñ köre-kör fanatizmdigi we onuň howpludygy hakda yazyar. "Oylanyşyksyz gylyklar, yalta oba hojalyk sistemasy, hayal täjirçilik metody we eyeçiligiñ howpsuz däldigi Pygamberiñ şägirtleriniñ dolandyryan ýa-da ýaşayan islendik yerinde bar".
Emma biz bu kitabyñ Sudanyñ Mehdieri barada yazylandygy we Çerçiliñ ondan soñky ýyllarda yslam baradaky pikirleriniñ üytgändigini bellemelidiris.
Soñky maglumatlara görä, Premyer Ministriñ yslama köp syny oturyp, belli bir döwürde onuň maşgalasy Winstonyñ bu dine geçmeginden hem howatyrlanyp ugrapdyr . 1940njy yylda Çerçiliñ kabineti Britan imperiyasy üçin söweşen hindi musulmanlaryñ hormatyna Londonda metjit gurmak üçin £100000 ayryp goydy.
Bulary göz öňünde tutsak, Çerçiliñ Yslam bilen gatnaşygy pylan diyerden has çylşyrymly diysek bolar.

Iş taşlayjylara garşy hereketi

Çerçil profsoyuzlara kes-kelläm garşydy. Onuñ sebäbini bolsa 1910njy yyldaky Tonipendi çaknyşygyndan gözlemeli.
Bu çaknyşyklar 1910njy ýylyň noyabrynda günorta Uelsde şahta eyeleri bilen işçileriñ arasynda dörän jedelden başlayar we 1 ýyla golay dowam edyar. Yerli polisiya bilen bolan çaknyşykdan soñ, Çerçil iş taşlayjylara garşy goşun esgerlerini ugradyar. Otly atyşyklaryñ bolany-bolmany häzire çenli jedelli mesele, emma 1 ýyl soñ Liwerpulda hem iş taşlaýyş çaknyşyklary bolanda, yene esgerler çagyryldy we bu gezek atyşyk bolup, 2 adam wepat boldy.
Şeýle hem, 1919njy yylda Glasgowda köpçülikleýin iş taşlayjylary döwründe 10000 adamlyk goşun we tañklar ulanyldy.

Sidney köçesiniň gabawy

Tonipendi çaknyşyklarynyñ yzýany, Çerçili ýene-de howul-hara hereketleri üçin tankyt astyna aldylar.
1911nji ýylyñ yanwarynda gündogar Londonyñ Sidney köçesinde yaragly çaknyşyklar bolup geçdi. "Suratkeş Piter" diyen adamyñ yolbaşçylygyndaky latwiyaly anarhistleriñ bir bandasynyñ gaçybatalgasyny 200 töweregi polisiya gabaw astyna aldy. Atyşyklar bes edilyänçä, yanyp duran binanyñ oduny öçürmeli däl diýip, Çerçil yangyn söndürijilere buyruk berdi we onuñ netijesinde banditlerden 2 adam öldi. Çerçiliñ kritikleri "Winston bir gan döküşikligiñ ujy görünmese, syýasy meseleler bilen gyzyklanyp baranok" diýip yazyardylar.

Parahorluk

Şeýle hem, birnäçe yagdaylarda Çerçiliñ dürli sowgatlary we nagt puly hem, kabul edip, käbir hökümet işlerini alyp barandygyny nygtayarlar. Olara häzirki döwrüñ nukdaynazaryndan parahorluk diyilse-de, o wagt doly aç-açanlyk bolmansoñ, döwürdeşleri belli bir zat diymekden saklanyardylar.

Tom HEÝDEN.
Çeşme: BBC News Magazine
Terjime: Güljan ÇARYBERDIÝEWA.
Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 102 | Добавил: guljancharyberdiyewa | Теги: Tom Heýden | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 5
0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Güljan, dûzedilen görnüşine seret indi, şular ýalyrak bolsun indi smile wink

0
5 guljancharyberdiyewa   [Mowzuga geç]
Aha, dushundim, sagbolyn)

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Awtoryñ tegine Tom Heýdeni yazmaly, Çerçili däl.. smile

0
3 guljancharyberdiyewa   [Mowzuga geç]
Ok sorry.

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Tom Heýden..

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: