01:15
"Siz" diýme maña...
"SIZ" DIÝME MAÑA...

Kepände dodaklar ýapma yşgymy,
Barmaklarňy goýup, “dym” diýme maňa.
Kä wagt "siz"diýip, käte-de eräp,
Duýgymy çokjalap,“sen” diýme, maňa.

Keşdäläp,goýupdym adyňy tahýa,
Sejdeläp oýupdym kalbymdan bir ýer.
Sen maňa “siz” diýip ýörseň men ahmal,
Öwrenşerin welin, diýäýseň eger...

“Sen” sözüni ýuwaşyrak owazly,
Hem başga älemden heň garyp çala...
“Siz”diýeňde näm üçindir ynjaýan,
Şoň üçin ýalbarýan, “siz”diýme, maňa...

Ýogsa sylaýanňam bilýän,ahyry,
Köpçülikde galsak, “siz” diýýäniňem...
Bagyşla ýalbarýan “siz” diýme maňa,  
Sebäbi men bilýän, küýseýäniňem...

Isleseň “sen”diýip, azara galma,
Tutma-da adymy köpüň içinde.
Aslynda bir daşlyk duýýan bolarly,
Ýürek sözleşeňde, gepiň içinde.

Bagyşla,ýalbarýan, “siz”diýme maňa,
“Senem” diýme, ol azara goýsa kän.
Ýürek özi çözer, kim diýmelisin,
Adymy tutubam ýörme, eýse kän...

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 33 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: