01:09
Yşgyñ sungaty
YŞGYÑ SUNGATY

Agşam aý astynda erände bulut,
Akara düşende baglaň suraty.
Sejdä duran ýaly, aý çugdamlanyp,
Başga reňke geçdi gögüň syraty.

Şonda nal kakylan bedew mysaly,
Daşdeşenler  baglaň “tenin”deşdi kän...
Ýene-de kenarda ikiçäk galan
Lebleriň “suraty” suwa düşdi kän.

Otyr  güjüm gereginden artdyran,
Pürlerini seçip, myhman mysaly.
Goňşy oýdan tilki iýnýär akara,
“Surat dodaklary” ysgan mysaly.

Kesmis-kemis gögüň ýüzi agaryp,
Baglar daňdan “eşiklerin atynýar”.
Bu gijä bag hyýal iki göwreden,
Ses çykanok asla hiç zat hakynda...

Gijäniň açaryn gizle garawul,
Pozulmasyn suwdan “lebleň suraty”.
Adam sungatyndan has  inçe borly,
Tebigatyň ogly- yşgyň sungaty.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 29 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Jeyhun   [Mowzuga geç]
Meselem: "Agşam aý astynda erände bulut, Akara düşende baglaň suraty" - gije zikre oturylýan pursatyň suraty.
"Sejdä duran ýaly, aý çugdamlanyp, Başga reňke geçdi gögüň syraty" - her bir janly-jansyz Hudaýa sejde eder.
we ş.m.

0
1 Jeyhun   [Mowzuga geç]
Ýakynda nädip türkmen edebiýatyny dünýä tanatmaly diýlen mowzyk ýazyldy. Bu goşgy dünýä edebiýatynda bir ýer alan goşgy. Diňe ony ýaýmak gerek. Kerim Hally ýaly illeriň goşgusyndan, sözlerinden özüne şöhrat gözleýän bir iňlise hödürläp görmeli bolmasa:D . Göý öz adyndan bersin, barybir goşgy ahyry eýesini tapar. Bu goşgy Hudaýa aşyk adamynyň goşgusyna çalym edýär.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: