01:02
Gijara
GIJARA

Sen meni  ýazgarsaň, ýazgaryber soň,
Men baraýyn, penjiräňe gijara.
Gözlerime bak-da uludan dem al,
Özüňki däldigme  gyýylyp,eý  janym.

Egsilmez güýjüňden,ýyly göwnüňden,
Kalbyma arkadag  tapyp bildim men.
Seni söýüp göz ýetirdim kän  zada,
Aslyşdym söýgüniň  agyr kildinden.

Men seniň  ýanyňa barýan gijara,
Penjiräni, ýüregiň  deý açyp goý.
Sen düşüpsiň mähribanlyk bijäme,
Aýtjak sözleň birin-birin seçip goý.

■ PEÝZAŽ

Aý depderin köl üstüne
Taşlap goşgy ýazyp ýatyr.
Tylla ýally bedew ýaly,
Akasiýa “gazykda“dur.

Ýaplaň  ýaşyl  gaýmagyna
Tylla aýdan  tor düşüpdir.
Kiçijik kümüş balyklar,
Sowuk  suwa öwrenşipdir.

Mermerdenmi  ýyldyzlaryň,
Sowuk teni, ýyly teni.
Ümür çöken çola kenar,
Yşga itekleýär  meni.

Kamys güller gadym kölüň,
Hol çetinde, dulunda  dur.
Yaşyl kereplikler içre,
Dökülip dur aýdan ak nur.

Ýar  gelermi  ýaýlalara,
Guşlar kah-kah urarlarmy?
Ýene öňki ýaly gazlar,
Kölde ganat gererlermi?

Asman bulut, ýyldyz  ýanýar,
Daş-töwerek  nurdan  ýanýar.
Ýürek  welin  ýardan  ýanýar,
Kalby kalba meňzeş agşam.

■ BAHARYŇ GELŞI

Şahyr Mämmetnazar Babanazarowyň äheňinde

Gül-gunçany bagra basyp,
Bahar geldi galkyjaklap.
Nas keýp edýän goja ýaly,
Ýagyş ýagdy heň  gyjyklap.

Owaz gondy aýnamyza,
Şemal gandy ümsümlikden.
Jorama meňzeş baharyň,
Reňki gözlere sümlüpdir.

Ýeneki ýaz, ýeneki güýz,
Ýeneki ýagmyrlar hakda,
Bahar dynman gürrüň  berýär,
Bäbek deý ak sallançakda.

Bugaryp dur ýeriň  üsti,
Gökden iýnen atyr ýaly.
Taýçanagyň  näzik sesi,
Başyn aýlar atyzlaryň.

Derwişiň  dyzyn ýaplanan,
Durna gökde hellewleýär.
Bir mahriban, eziz ýaly,
Çynar mährem hellewleýär.

Gazlar geçýär, “salam, salam“,
Deňiz ýaly ýaşyl gözli.
Sazdan doly garyp göwni,
Heý yşga dözmän bolarmy?

Jerenleriň  jaňy galýar,
Dereleriň  düýplerinde.
Agamyň  aýdymy galýar,
Gelnejemiň  düýşlerinde.

Gül-gunçany bagra basyp,
Bahar geldi galkyjaklap.
İndiki ýazlara çenli,
Aýdym galdy gül gujaklap.

■ GÖWÜN

Gysgajyk boýumy ezmäge ýagşa
Gidýärin, eý  tünek, galma sen,gagşap.
Duman için dörjeläýin  tapmanmy,
Haýwanat bagynyň  gaçan gaplaňny?

Müneýin  men alabeder gerdenne,
Gojaman daglarda gaýadan uça.
Sen meň ýoklugymda birjik örtenme,
Soň  habar ýollaryn, menziller geçe.

Kalbymy sereýin, çalygsyn ýele,
Şorlan çöle meňzemesin, maňlaýym.
Asmanyň  iň  täze deminden gelen,
Tämiz şemal bilen yşga daňlaýyn.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 19 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: