00:56
Ussat we Margarita -8/ romanyñ dowamy
VIII bap

PROFESSOR BILEN ŞAHYRYŇ ARASYNDAKY ÇEKIŞME

Stýopa Ýaltada huşundan giden wagty, ýagny sagat on ikiň ýarynda uzak dowam eden çuň ukudan oýanan Iwan Nikolaýewiç Bezdomnyý ahyry huşuna geldi. Ol kän wagt diwarlary çuw-ak üýtgeşik ýaldyrawuk metaldan ýasalan ajaýyp agşamlyk stoly, aýnasyna ak tuty tutulan, perdäniň aňyrsyndan Gün nurunyň parlap durany bildirýän bu nätanyş otaga nädip düşenini pikir edip ýatdy.
Iwan başyny bir silkip, indi agyrmaýanlygyny bildi-de, derrew şypahanada ýatanlygyny ýatlady. Bu pikiriň yzyndan onuň ýadyna Berliozyň ölümi düşdi, emma bu waka ony agşamky ýaly gaty gynamady. Rahat uklap turan Iwan Nikolaýewiç indi özüni ele alypdy, pikirleri-de aýdyňlaşypdy. Ol gül ýaly arassa, ýymşak arambagyş prunžinaly krowatda kän wagtlap gymyldaman ýatdy, birden gözi gapdalyndaky jaň düwmesine düşdi. Gerek bolsa-bolmasa, her närsä el uruberýän Iwan endigi boýunça düwmäni basdy. Ol bir zatlaryň çalynmagyna ýa-da birewiň gelerine garaşypdy, emma bütinleý başgaça ýagdaý ýüz berdi. Iwanyň ýatan krowatynyň aýak tarapynda çal silindr çyra ýanyp, onda: «Suw» diýen ýazgy peýda boldy. Bir azdan soň silindr aýlanyp başlady we ahyry onda: «Nýanýa» diýen ýazgy çykdy. Öz-özünden düşnükli, bu üýtgeşik silindr Iwany gaty geň galdyrdy. Soňra «Nýanýa» ýazgysy «Doktory çagyryň» diýen ýazgy bilen çalyşdy.
― Hm... ― diýdi Iwan, indi näme etjegini bilmän. Emma işi birden oň boldy. «Feldşer aýal» diýen söz çykan badyna, ol düwmäni ikinji ýola basdy. Silindr ýuwaş jyňňyrdap, aýlanmasyny goýdy, çyrasy söndi we otaga täp-täze ak halat geýen, ýakymly, göze yssy bir aýal girdi.
― Ertiriňiz haýyr! ― diýip salamlaşdy ol Iwan bilen.
Iwan jogap gaýtarmady, çünki häzirki ýagdaýda beýle salamlaşmagy ýersiz diýip pikir etdi. Dogrudan-da, eýsem sag adamy şypahana dykyp taşlasalar, üstesine, özlerini göýä sogap iş edýän ýaly alyp barsalar ― munyň nämesi haýyrly?
Bu boluşda aýal ýüzündäki mylaýym äheňi saklap, bir düwmäni basyp, penjiräniň perdesini ýokaryk çykardy. Şonda tä pola çenli ýetýän gözenekden ýagty düşüp, otaga güneş nury çaýyldy. Gözenegiň aňyrsynda eýwan, ondan aňyrda egrem berip akýan derýa, derýanyň aňry kenarynda bolsa şadyýan sosna tokaýy bardy.
― Wanna merhemet ediň ― diýdi aýal, soň onuň bir eliniň hereketi bilen içki diwar çete süýşürilip, wannahana we juda gözel bejerilen hajathana peýda boldy.
Iwan öz ýanyndan bu aýal bilen gepleşmezlige äht eden bolsa-da, owadan krandan şaglap akýan suwy görüp, dilini saklap bilmän, kinaýa bilen diýdi:
― Muňa seret! Edil «Metropoldaky ýaly!
― Aý, ýok, ― buýsanyp diýdi aýal, ― ondan hem ýagşyrak. Bu ýerdäki enjamlar, bezegler daşary ýurtda hem tapylmaýar. Şypahanamyzy görmäge alymlar-u wraçlar ýörite gelip durýarlar. Bu ýere her gün daşary ýurtly turistlerem gelýär.
Iwan «daşary ýurtly turistler» sözüni eşidende, agşamky konsultanty ýatlady. Keýpi bozlup, ýakymsyz gepledi:
― Daşary ýurtly turistler... siz olary beýle gowy görýäňiz-le. Men size aýtsam, olaryň arasynda her-hili adamlar bolýar. Meselem, agşam men olaň biri bilen tanyşdym, heý, goýaý!
Şondan soň ol tasdan Pontiý Pilat hakynda geplejek boldy-da, bu gepiň bu aýal üçin hem hiç-hili hajatynyň ýoklugyna, barybir ondan hiç-hili ýardama garaşyp bolmajagyna düşünip, demini saklady.
Suwa düşen Iwan Nikolaýewiçe wannadan çykan erkek kişä zerur bolan hemme närse: ütüklenen köýnek, içki balak, jorap berildi. Bulardan daşary, ýaňky aýal yşgabyň gapysyny açyp, eli bilen yşarat edip sorady:
― Egniňize näme geýmek isleýärsiňiz, halatmy ýa pižamamy?
Bu täze jaýa zorlap ýerleşdirilen Iwan aýalyň endişesizligine aňk-taňk bolup, barmagy bilen gyp-gyzyl mahmal pižama yşarat kyldy.
Şundan soň Iwan Nikolaýewiçi boram-boş, dym-dyrs koridordan ýöredip, örän ullakan bir kabinete eltdiler. Birkemsiz bezelen bu binadaky hemme zada kinaýa bilen seretmäge endik eden Iwan kabinete girenden, oňa «aşhana-fabrika» diýip at goýdy.
Muňa sebäbem bardy. Bu ýerde ençe-ençe yşgaplar, nikellenen ýaldyrawuk enjamlar ýerleşdirilen aýnaly şkafjagazlar düzlüp durdy. Örän çylşyrymly ýöriteşdirilen kürsüler, saýawany ýaldyrawuk nähilidir garynlak çyralar, san-sajaksyz çüýşe gaplar, gaz bilen ýanýan gorelkalar-u elektir simleri, asla görülmedik enjamlar hem bu kabinetde bardy.
Bu ýerde ak halat geýen üç adam (iki aýal we bir erkek) Iwan bilen meşgullanyp başlady. Birinji nobatda, Iwandan käbir zatlary sorap bilmek maksadynda ony burçdaky stolyň ýanyna eltdiler. Iwan ýagdaýa düşünip başlady. Onuň üçin üç ýol bardy. Birinji ýol: ine, şu lampalardyr üýtgeşik enjamlara topulyp, baryny kül-uşak edip, özüni nähak saklaýanlary üçin şeýdip närazylyk bildirmekdi ― bu usul ony gaty was-wasa salýardy. Ýöne bu günki Iwan agşamky Iwandan parhlydy, şoňa görä, birinji ýol oňa şübheli göründi: hudaý görkezmesin, ýene olar guduzlan däli diýen hyýala beriläýmesinler. Şonuň üçin Iwan birinji ýoly ret etdi. Ikinji ýol hem bardy: häziriň özünde konsultant we Pontiý Pilat hakynda hekaýa etmek gerek. Emma agşamky tejribeden mälim boldy ki, ýa onuň geplerine ynananoklar, ýa bolmasa, gürrüňine ters düşünýändirler. Şonuň üçin Iwan bu ýoldan hem sowlup geçip, üçünji ýoly, ýagny buýsançly dymmagy saýlap aldy.
Emma bu ähtini doly amala aşyryp bilmedi, islese-islemese, bir hatar sowallara üzük-ýoluk bolsa-da, jogap bermeli boldy.
Netijede Iwandan onuň geçmişi hakynda, hatda takmynan on bäş ýyl öň hörezek bilen keselleýişini-de sorap bildiler. Iwanyň jogaplaryndan anketanyň tutuş bir sahypasy dolup, ikinji sahypa geçildi, indi ak halatly aýal Iwanyň dogan-garyndaşlary dogrusynda soraşdyryp başlady. Gepiň gysgasy, tutaryksyz ezmek başlapdy: garyndaşlaryndan kimler ölüpdir, haçan we nämeden ölüpdir, içýärmiň, deri-damar keseli bilen keselläpmidiň we şuňa meňzeş soraglar. Soraglar gutaran soň, agşam Patriarh kölçesinde ýüz beren wakany aýdyp bermegi haýyş etdiler, emma gaty gyssamadylar, Pontiý Pilat barada aýdan gepine geňem galmadylar.
Şondan soň Iwan aýaldan gutulyp, erkek adamyň ygtyýaryna geçdi, ol Iwan bilen başgaça tüýsde mylakat kyldy, ondan hiç zat soramady. Ol Iwanyň gyzgynyny ölçedi, damarynyň pulsuny barlady, birhili çyra tutup, gözlerine seretdi. Soňra erkek kişä beýleki aýal ýardama geldi we Iwanyň arkasyna agyrysyz sanjym etdiler, kükregine çekiçjagazyň dessesi bilen nähilidir birhili belgiler etdiler, çekiçjagaz bilen dyzlaryna urup gördüler, şonda aýagy dim-dikleýin bökdi, barmagyndan gan aldylar, tirsegine sanjym kyldylar, ellerine birhili rezin halkalar geýdirdiler.
Iwan bularyň hemmesini ýaňsyly synlap, bolýan zatlaryň akmaklyk we bimanylygydygy hakynda oýlaýardy.
Pikir edip görüň! Ol-a adamlary nätanyş konsultantyň hatarly hilelerinden ägä etjek bolýar, ony hut özi ele saljak bolýar, emma oňa derek özi syrly kabinete düşüp, Wologdada ýaşaýan içegen Fýodor daýysy, onuň bir içip başlasa, saklanyp bilmeýändigi barada aýdyp berip otyr. Öte akmaklyk!
Ahyry Iwana gitmäge rugsat berdiler. Ony ýene öz otagyna alyp bardylar, soň ertirligine bir käse kofe, gaýnadylan iki ýumurtga, mesge çalnan ak nan berdiler. Iwan olaryň hemmesini iýip-içip bolup, bu edaranyň iň uly başlygyna garaşmagy, şol başlygyň ynanjyny gazanmagy, ondan adalat talap etmegi äht etdi.
Hakykatdan-da, ertirlikden soň, sähel salymdan şol garaşylan başlyk bilen duşuşdy. Iwanyň ýerleşdirilen otagynyň gapysy birden açylyp, ak halatly birgiden adam otaga girdi. Hemmeden öňde, sakaly artistlerçe syrylan, kyrk bäş ýaşlaryndaky, hoşsurat, emma gözleri juda ýiti, mylaýym tebigatly bir adam gelýärdi. Galanlaryň hemmesi oňa ýol berip, hormatlaýardylar, şu sebäpden onuň otaga gelşi dabaraly boldy. «Edil Pontiý Pilat!» ― diýip köňlünden geçirdi Iwan. Hawa, şübhesiz bu adam ýolbaşçydy. Ol kürsä oturdy, galanlary dik duruberdiler.
― Doktor Strawinskiý ― diýip, özüni tanatdy kürsä oturan kişi we Iwanyň ýüzüne dostlarça dikanlady.
― Ine, Aleksandr Nikolaýewiç ― diýdi sakaly tertipli bejerilen bir adam ýuwaş ses bilen we Iwanyň hemme taryhy ýazylyp doldurylan anketasyny başlyga uzatdy.
«Tutuş bir delo açypdyrlar-ow» ― diýip, pikirlendi Iwan. Başlyk bolsa, kagyza ýazlan tanyş sözlere göz geçdirip çykyp: «Ugu, ugu...» diýdi we töwereginde duranlar bilen düşnüksiz dilde bir-iki agyz pikir alyşdy.
«Latynça hem Pilat ýaly gepläp otyr...» diýip Iwan hasratly oýlandy. Şol wagt gulagyna ilen bir söz ony tisgindirdi. Ol düýn agşam Patriarh kölçesiniň boýunda lagnaty daşary ýurtlynyň aýdan, bu gün bolsa, professor Strawinskiniň tekrarlan «şizofreniýa» sözüdi.
«Bilen eken!» ― diýip, Iwan howsalaly pikir etdi.
Daşky görnüşden Strawinskiý hemmeler bilen ylalaşmagy, töweregindäkileriň aýdýan sözlerine şatlanmagy endik edinen bolmaga çemeli. Şonuň üçin ol zol-zol: «örän ýagşy» diýen sözleri gaýtalaýardy.
― Örän ýagşy! ― diýdi Strawinskiý elindäki sahypany yzyna gaýtaryp. Soň Iwana ýüzlendi: ― Siz şahyrmy?
― Hawa, şahyr ― diýip, Iwan sowuk jogap berdi. Onda ömründe birinji gezek şygryýete birhili ýigrenç döredi. Ýadyna düşen öz goşgulary oňa häzir ýakymsyz bolup göründi. Ol öz nobatynda ýüzüni çytyp Strawinskiden: ― Siz ― professormy? ― diýip sorady.
Strawskiý bu soraga endigine görä, baş atyp, jogap berdi.
― Bu ýeriň iň ulusy hem sizmi? ― diýip dowam etdi Iwan. Strawinskiý bu gezegem baş atdy.
― Men siz bilen gepleşjekdim ― diýip, Iwan Nikolaýewiç köpmanyly sözledi.
― Menem şonuň üçin geldim-dä ― diýip, Strawinskiý ony goldady.
― Onda ýagdaý şeýle ― diýip, Iwan geplemek nobatynyň özüne gelenini duýup, gepläp başlady. ― Meni bu ýerde däli hasaplaýarlar, hiç kim sözümi diňlemek islemeýär!...
― Tersine, biz dykgat bilen eşitmek isleýäris ― diýdi Strawinskiý çyny bilen, teselli beriji äheňde, ― biz size däli diýmäge asla ýol goýmarys.
― Beýle bolsa, diňläň, düýn agşam gijara Patriarh kölçesiniň boýunda men bir şübheli şahs bilen duşuşdym, daşary ýurtlumy, dälmi, bilip bolmaýan şol adam Berliozyň öljegini öňünden aýtdy. Ol Pontiý Pilaty öz gözi bilen görüpdir.
Professor bilen gelenler şahyryň sözlerini gymyldaman, dymyp diňleýärdiler.
― Pilatymy? Ol haýsy ― Isa pygamber döwründe ýaşan Pilatymy? ― diýip, Strawinskiý Iwana dikanlap sorady.
― Hawa şol.
― Ä-hä ― diýdi Strawinskiý ― Berliozy bolsa tramwaý basyp gitdimi?
― Hawa, Berliozy agşam Patriarh kölçesiniň golaýynda tramwaýyň basyp gidenini öz gözüm bilen gördüm, onsoňam ol şübheli graždanin...
― Pontiý Pilatyň tanyşymy? ― diýip, adama düşünmäge ezber Strawinskiý sorady.
― Hawa, edil özi ― diýip, Iwan Strawinskiýni synlap, tassyklady. ― Ana, şol adam. Annuşka günebakar ýagyny bökdi diýip öňünden aýtdy... Berlioz bolsa, edil şol ýag dökülen ýerde tyýpyp ýykyldy! Ýeri muňa näme diýersiňiz? ― diýip köp manyly sowal berdi Iwan, ol bu sözleri bilen güýçli täsir oýarmakçy boldy. Emma täsir hasyl bolmady, Strawinskiý indiki ýönekeýje sowaly berdi:
― Kim ekeni ol Annuşka?
Bu sowal Iwany aljyratdy, onuň ýüzi çytyldy.
― Bu ýerde Annuşka möhüm däl ― diýdi ol gazaplanyp, ― kim bilýär onuň kimligini. Sadowaýada ýaşaýan bir tentek heleýdir-dä. Esasy zat, düşünýäňizmi, ol daşary ýurtly günebakar ýagynyň döküljegini öňünden bilipdir, düşünýäňizmi?
― Örän gowy düşünip otyryn ― diýip, çynlakaý jogap berdi. Strawinskiý, soň şahyryň dyzyna elini goýup: ― Tolgunmaň-da, dowam ediberiň ― diýdi.
― Dowam edeýin ― diýdi Iwan Strawinskiniň äheňinde geplemäge çalşyp, çünki başyna düşen wakadan soň, indi diňe arkaýynlyk bilen maksada ýetmek boljagyna düşünipdi, ― ana, şol eýmenç nusga, ýalan sözleýär, men onuň konsultantdygyna ynanmaýaryn, ol tebigatdan daşary bir güýje eýe. Meselem, onuň yzyndan näçe kowsaňam, ýetip bilmersiň. Onuň ýene bir jübüt ýoldaşlary bar, olar hem mälim derejede hilebazlar: biri gözüne aýnasy döwlen pensne dakan juda ýuha bir nusga, ikinjisi ― özi özbaşdak tramwaý münüp ýören örän haýbatly pişik. Mundan daşary, ― sözüni hiç kimiň bölmeýänligini gören Iwan has-da otlukly, ynandyryjy gepläp başlady, ― ol Pontiý Pilatyň balkonynda hut özi bolupdyr, muňa şübhe ýok. Eýsem, bu näme diýildig-ä? Ony tiz ele salmasaň, göz görüp, gulak eşitmedik belalary başlamagy mümkin.
― Diýmek, siz ony ele salmagy isleýärsiňiz? Niýetiňize dogry düşündimmi? ― diýip, Strawinskiý sorady.
«Parasatly eken ― diýip, oýlandy Iwan, ― boýun almak gerek, intelgentleriň arasynda-da akyly berkemal adamlar duşýar. Muny inkär edip bolmaz!» ― soň jogap gaýtardy:
― Örän dogry! Nämüçin ele salmak islemäýin ― özüňiz oýlap görüň! Bular, meni bu ýerde zor bilen saklap otyrlar, gözüme çyra tutýarlar, wannada ýuwundyryp ýörler, Fedýa daýym barada ýok soraglary berip, başymy agyrdyp, erkime goýanoklar!... Ol bolsa, bireýýäm dünýäden öten! Meni häziriň özünde boşatmagyňyzy talap edýärin.
― Bor, makul gep, örän ýagşy, gaty gowy! ― diýdi Strawinskiý, ― ine, hemmesi aýdyňlaşdy. Hakykatdan-da, sag adamy şypahanada saklamagyň näme manysy bar? Ýagşy. Men häziriň özünde sizi bu ýerden çykarmaga buýruk bererin, eger siz, ruhy taýdan men sag diýip aýtsaňyz. Subut etmek hökman däl, diňe aýtsaňyz ýeterlik. Ýeri, aýt hany, siz ruhy taýdan sagmysyňyz?
Şu wagt otagyň içi çuň ümsümlige gark boldy, ir bilen Iwany ýuwundyran semiz aýal professora hormat bilen bakdy. Iwan bolsa, ýene bir mertebe: «Hakykatdan hem parasatly eken» ― diýip, köňülden geçirdi. Professoryň teklibi oňa hoş ýakdy, ýöne jogap gaýtarmazdan öň, gaşyny çytyp, çyny bilen oýlanyp, ahyry kesgin äheňde aýtdy: ― Men ruhy taýdan sag .
― Ine, örän ýagşy ― diýip, Strawinskiý ýeňillik bilen dem aldy, ― eger şeýle bolsa, onda geliň, logiki taýdan bir pikir alşyp göreliň. Ine, siziň düýnki günüňizi alaly, ― şeýle diýip arkasyna öwrüldi, derhal onuň eline Iwanyň anketasyny berdiler. ― Siz düýn özüni Pontiý Pilatyň tanşy diýip atlandyran adamy yzarlap, şu aşakdaky işleri edipsiňiz. ― Strawinskiý kä anketa, kä Iwana seredip, uzyn barmaklaryny bir-birden büküp başlady, ― kükregiňe kagyz ikona asyp ýörüpsiň. Dogrumy?
― Dogry ― diýip, Iwan torsaryp tassyklady.
― Diwardan aşjak bolup, ýykylyp, ýüzüňizi ýaralapsyňyz. Şeýlemi? Eliňize ýakylgy şem alyp, içki balakda restorana barypsyňyz, ol ýerde kimdir birini urupsyňyz. Soň el-aýagyňyzy daňyp, bu ýere getiripdirler. Bu ýerde bolsa, milisiýa jaň edip, pulemýot ibermegi sorapsyňyz. Soňra penjireden bökmäge synanyşypsyňyz. Şeýlemi? Sowal döreýär: şu tüýsde hereket edip, bir adamy tutup ýa-da tussag edip bolarmy? Eger-de ruhy taýdan sag adam bolsaňyz, muňa: «Ýok, mümkin däl» diýip jogap berersiňiz. Bu ýerden gitmek isleýäňizmi? Baş üstüne! Emma hany aýdyň bu ýerden çykyp, göni nirä barasyňyz?
― Elbetde, milisiýa. ― Iwan professoryň dikanlap seredişinden haýygyp, berk, ýöne ynamsyzrak aýtdy.
― Göni şu taýdanmy?
― Ä-hä.
― Öňürti öýüňe girip-çykjak dälmi? ― diýip, Strawinskiý tiz sorady.
― Wagt ýok, men öýe girip çykýançam, onuň ýitirim bolmagy ahmal!
― Şeý diýsene. Bolýa, milisiýa baryp, birinji nobatda näme diýersiň?
― Pontiý Pilat hakynda aýdaryn ― diýip, jogap berdi. Iwan Nikolaýewiç, şonda onuň gözi garaňkyran ýaly boldy.
― Hä, örän ýagşy! ― diýdi boýun bolan Strawinskiý, soň sakally adama ýüzlenip buýurdy: ― Fýodor Wasilýewiç, merhemet görkezip, graždanin Bezdomna şähere çykmaga ejaza beriň. Emma bu otag bent edilmesin, düşegi-de ýygnaşdyrylmasyn. Çünki graždanin Bezdomnyý iki sagatdan soň ýene şu ýerde bolar. Nätjek-dä ― diýip, ol şahyra tarap öwrüldi, size üstünlik dilemeýärin, sebäbi üstünlik gazanjagyňa asla ynanmaýaryn. Tizden ýene görüşýänçäk, hoş! — Ol ýerinden turdy, galanlar hem gozganyp başlady.
— Ýene dolanyp geljegime nähili esasyň bar? — diýip, howatyrlanyp sorady Iwan. Strawinskiý edil şu soraga garaşýan ýaly, derhal ýene oturyp, gepläp başlady:
— Esas şeýle, siz içki balakda milisiýa baryp, Pontiý Pilat bilen ýakyndan tanyş adama uçratdym diýip aýdyp-aýtmakaň, şobada sizi şu ýere getirerler we özüňi ýene şu otagda görersiň.
— Içki balagyň muňa näme dahyly bar? — diýip, Iwan töweregine aljyraňy nazar aýlap, sorady.
— Iň esasy zat Pontiý Pilat. Emma içki balagyň hem dahyly bar. Eger gitjek bolsaň, egniňizdäki şypahanaň eşigini çykaryp, size öz geýmiňizi berýäris. Özüňiz bilýäňiz, bu ýere içki balakda getirdiler.
— Men öz gepimde öýňüz hakda saňa ýatlatdym, ýöne siz ilki öýüňize barmagy hyýalyňyza-da getirmediňiz. Soňra nobat Pilata gelýär-de... iş bitýär!
Şu wagt birden Iwan Nikolaýewiç özüni erksiz duýdy, öz ejizligini, kimdir biriniň maslahatyna mätäçdigini aňşyrdy.
— Onda men näme edeýin? — diýip sorady ol indi çekinjeňlik bilen.
— Ine, bu başga gep! — diýdi Strawinskiý, — bu ýerlikli sowal. Indi size aslynda näme bolanlygyny aýdyp bereýin. Düýn kimdir biri Pontiý Pilat we başga zatlar hakyndaky hekaýalary bilen sizi gaty gorkuzyp, kalbyňyzy lerzana salypdyr, netijede siz gazaplanyp, ganyňyz gyzyp, şäheriň içi bilen ýöräp, Pontiý Pilat hakynda aýdyp başlansyň. Düşnükli zat, sizi dälidir öýdüpdirler. Bu ýagdaýdan halas bolmak üçin häzir size diňe rahatlyk gerek. Şol sebäpli, siziň bu ýerde galmagyňyz zerur.
Iwan ýalbaryjy äheňde: — Ýöne ony ele salmak gerek ahyry! — diýdi.
— Ýagşy, ýöne munuň üçin özüňiz ylgap nätjek!? Gowusy, siz şol adam hakyndaky şübheleriňizi, onuň aýyplaryny ýazmaça beýan ediň. Arzaňyzy degişli ýere ap-aňsat ugradarys. Eger-de, şol adam hakykatdan-da, siziň çak edişiňiz ýaly, jenaýatçy bolup çyksa, ol haýal etmän anyklanar. Emma bir şert bar: başyňyzy kän bir agyrtmaň. Pontiý Pilat hakynda azrak pikir ediň. Adamlar her hili zat aýdarlar, ýöne hemmesine ynanybermek bolmaz.
— Düşündüm! — diýdi Iwan kesgin äheňde!— ýöne haýyş edýän, maňa kagyz galam bersinler.
— Kagyz bilen keltejik galam beriň — diýip buýurdy Strawinskiý semiz hatyna, soň Iwana ýüzlendi:
— Emma maslahatym, bu gün ýazmaň.
— Ýok, ýok, bu günüň özünde, hut şu gün — diýip, Iwan tolgunyp, gaty gepledi.
— Ýeri, bolýa, ýöne beýniňize gaty agram salmaň. Bu gün gowy bolmasa, ertir bolar.
— Ol gaçyp gider.
— Gidip bilmez — diýip ynançly närazylyk bildirdi Strawinskiý, — hiç ýere gidip bilmez, kepil geçýärin. Ýadyň-da bolsun, bu ýerde saňa her taraplaýyn ýardam bererler, şu ýardamsyz işimiz öňe ilerlemez. Eşidýäňizmi! — diýip, Strawinskiý köpmanyly sorady we Iwanyň iki elinem eline aldy. Onuň ellerini goýbermän, Iwanyň gözlerine uzak wagtlap dikanlap, tekrarlady: — Size bu ýerde ýardam bererler... Eşidýäňizmi?!... Size bu ýerde ýardam bererler... ... Size bu ýerde ýardam bererler... Ruhyň ýeňleşer. Bu ýeri asuda we rahat... Size bu ýerde ýardam bererler...
Iwan Nikolaýewiç birden pallady, ýüzi mylaýymlaşdy. — Hawa, hawa, — diýdi ol ýuwaşja.
— Ana, örän ýagşy! — diýip, Strawinskiý öz endigi boýunça söhbete nokat goýup, ýerinden turdy, — ýene duşuşýançak! — diýip, Iwanyň elini gysdy, gapydan çykyp, sakgaly adama öwrülüp diýdi: — Kislorod ulanyp görüň... hemem wanna.
Ýene bir salymdan soň Iwanyň otagynda Strawinskiý hem onuň ýoldaşlary hem galmady. Penjirä tutulan toruň arkasynda, derýanyň aňry tarapynda çäş wagty bahar alybasyny geýen gür tokaý Gün nurunda şoh-şadyýana joş uryp, ondan bäriräkde bolsa derýa güneşde towlanýardy.
Категория: Romanlar | Просмотров: 11 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Mihail Bulgakow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: