00:46
Gamgyn goşgy
GAMGYN GOŞGY

Gamgyn horaz daň sazyna örüzer,
Gursagy ot basan gadym ýaýlany.
Şonda görersiň sen äpet güneşiň
Ýyljak nurun ýer göbegne paýlanyn.

Kir-kimirsiz sähra doglan günüňden
Gözleriň gatyna siňendir ümsüm.
Men şonda görnüşe bakmadym aglap,
Seniň nur sepilen didäňe sümdüm.

Gursagyňa dykylyp, ganat küýsämde,
Ýene-de ykmanda şemala berdiň.
Ýok ol gün şeýlebir sowugam däldi,
Sen mähriň näbelli jemala berdiň.

Ala horaz daň paýyny dilende,
Deşilende  howlyň güneş ganaty.
Şonda ejem ýürekgysmalarynda,
Çagalarny ýekän-ýekän sanady.

Ter gülli ýaýlalar ýaşyndy biraz,
Atyndy oň hünji düzlen mahmalyn.
Ejem giden daňdanynda heýkele
Öwrülipdir, ömür  ýygnan ahmyrym.

Gursak bir ülkede nesibe çekip,
Ýedi ýada işiň düşse,pidaňdyr.
Ýene ala horaz gygyran güni,
Giderin men ejem bolup, şo daňdan.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 15 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: