00:41
Göwün goşgusy
GÖWÜN GOŞGUSY

Meň  hatlarym kyssa bolup gowşandyr,
Kölleň  eteginde şapak jyklanda.
Çöller ertekisi, kümüş towşanlar,
Ýa serleri yşga sämän ykmanda,

Haýsynyň  hyýalna nepes taşlasam,
Asman ýyldyzlardan “bassyrma” salar.
Jennediň ilkinji ýaşaýjysy dek,
Meniň ýaşyl gözlem, geňlikden dolar.

Maňa demiň aýdar, nirededigni,
Ýokarda bulutlar jora bolanda.
Asman bulutlaryň öwlüýäsimi,
Saňa ýakyn bolsa, sora bol onda.

Bilbilleriň  tylla çüňkün ogurlan,
Owaz bolup, aý  howlusyn idände,
Çeşmäň ertekiden gözbaşyşy deýin,
Men gerin alnyňa syrly meýdandan.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 14 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: