00:31
Perwana
PERWANA

Ýüregimden daň  çyzyldy,
Aňymda agram çyzylar.
Meni unudan günüňden,
Gursakdaky ýaň çyzylar.

Men-üzülip gaçdymmy ýa,
Senden ara açdymmy ýa?
Asmana uzan kalbymy
İndi nirä  açsaň bolýa.

Kagyzlarda sözüm galar,
Ak ýaýlada gözüm galar.
Seniň  ýap-ýaşyl gözleňde
Aglap duran ýüzüm galar.

Öň-öňler, indi-indiler,
Ol seni söýýär diýdiler.
Mähir goşaryn sypdyran,
Sowap gidipdir didelem.

Hoş, göwnümiň  pelsepesi,
Çawuşlarňa çakyşdym men.
Pyrlanyp hyýallar içre,
Pyrlanyp howalar içre,
Gaçan näzik bakyşdym men.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 17 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: