23:30 Meýdan | |
MEÝDAN Sen şermende däl meýdanym, Sen däli meýdan, Ümüriň çygyna pyssarypdyr,şam. Arkaýyn, bedäniň düýbüni deşip, Ýalmawuzlar otyr, hekgerişip. Şapak balyk ýaly, hol ýitip barýar, Üstüňe gaçjakdan, ykmanda bulut. Alahekik howsalany paýradar, Dünýäň gullugynda şuguılçy bolup. Onda-da otyrsyň, watansyz guwa, Gujagyňdan ýer görkezip, desmal deý. Otlaryn üstünden galanda dumany, Ýorgan edip, mawy ýorgan-asman deý. Laçynyňy gyrgu urdy, dymýarsyň, Besse-besse sülgün galýar, asmana. Allanyň gözünde özüň dyňzarsyň, Çydamarsyň, bahar bolup ýatmana. Oguljennet BÄŞIMOWA. | |
|
Всего комментариев: 0 | |