23:27
Magtymguly -11/ romanyñ dowamy
■ «Egsewer, Magtymguly, söz birle derdiň her zaman...»

Magtymguly Akmämmet begiňkä nahara bardy. Jaýda adam köpdi. Akmämmet begiň toýuna uly baýlaryň, aksakgallaryň köpüsi şu ýere çagyrylypdy. Akmämmet begiň aladasy köp bolany üçinmi ýa-da başga sebäbe görämi, Magtymgula agşamkysy ýaly gadyr etmedi. Nahar iýlende-de onuň ýanynda oturmady.
Magtymguly nahary işdäsiz iýdi. Onuň nahara kemişdä ýapyşmagynyň bir sebäbi-de, şol saçagyň başynda Şamyrat baý otyrdy. Çowduryň agşamky edip beren gürrüňi şahyrda çuň täsir galdyran bolara çemeli, Şamyrat baý onuň gözüne ýakmady.
Magtymgulynyň ýanyna Dosmet batyr geldi:
– Obaň günbatar ýakasynda at çapdyrylýa. Gidäýsek hezil-ä bolar.
Magtymguly garşylyk görkezmedi. Obanyň günbatarsy aňyrsyna göz ýetmeýän düzlükdi. Her ýerräkde güberilip oturan şor tümmekden hem öldürikden başga zat ýokdy. Pellehananyň töwereginde jemende köpdi. Aňyrky meýdanda ýaryşa getirilen bedewler gezdirilýärdi.
– Köp tapgyr çapyldymy? – diýip, Dosmet batyr toýçulardan sorady.
– Siz aýny wagtynda geldiňiz – diýip, tomaşaçy jogap berdi. – Iki ýaşar, üç ýaşar gunanlar çapylyp gutardy. Indi uly atlar uly baýraga goýberilýär.
Onýança kimdir biri «Ana, gaýtdylar!» diýip gygyrdy.
Uzakdan tozan göterildi. Hemmeleriň nazary şol tarapa dikildi. Salym geçmänkä, birnäçe atlynyň atlaryny ýüzin salyp gelýänligi göründi. Olar gara görnüm ýere gelenlerinde çapuwa goýberilen atlaryň hossarlary ýerli-ýerden at salyp, öz bedewlerini süýrege aldylar. Käbir atyň gapdalynda bir at, käbir atyn gapdalynda iki at bolup, onuň jylawundan, zerinden çekip, ýaryşýan bedewi öňe haýdadýardylar. Ýaryşýan bedew bäş bolsa, olary süýreýänler on-on bäş bardy. Gykylyk-galmagal göterildi. Atlar pellehanadan geçdiler. Garma-gürmeligiň arasynda haýsy atyň ozanynam saýgaryp bolmady. Az salymdan indiki tapgyra goýberiljek atlar orta çykdy.
– Atlaň haýsy ozar öýdýäňiz, şahyr? – diýip, Dosmet batyr Magtymgula ýüzlendi.
– Haýsy atyň süýregi köp bolsa, şol ozar! – diýip, Magtymguly wäşilik etdi.
Dosmet batyr keýp edip güldi.
Ýene birnäçe tapgyr çapdyryldy. Ýene-de şol gykuwlar, şol süýregler... Çapyşyk tamam boluberen-de, maňlaýy sekilli bir al bedew orta çykdy. Bedew diýseň guratdy, tüýleri mahmalyň ýüzi ýaly ýaldyrap durdy, atyň kellesi çapyksuwaryň kellesindenem beýik görünýärdi. Bu bedew esli wagt märekäniň öňünde aýlandy.
– Şu bedewiň çapyşynam görsek! – diýip, Nazarly dillendi.
– Ol ata «Laçyn» diýerler – diýip, Dosmet batyr jogap berdi. – Ol uly ili baglan «Ýyldyrymyň» neslindendi. Ony seýisleýänem Şabende bolansoň, ol ata taý tapylaýarmyka?
– Şabende? – diýip, Magtymguly geňirgenip sorady. – Ol Şabende şahyr-a däldir?
– Şabande ýöne bir şahyr däl, ol ile belli seýis. Ol bular ýaly toýy sypdyrýan-a. däldir. Toýa gelenem bolsa ähtimal.
– Şabende şahyryň özün-ä görmedik welin – diýip, toýçulardan biri gürrüňe goşuldy. – Ýöne, Gojuklaň1 atlar-a bar.
Dogrudanam, «Laçyna» taý tapylmady. Ol ýene birsellem ortada gezim edensoň, jarçy baýragyň «Laçyna» berilýänligini yglan etdi. Şondan soň «Laçyn» adamlaryň öňünden birnäçe gezek okkessirme geçdi-de, märekeden çykyp gitdi. «Laçyn» çapyşyk meýdanyndan çykan badyna şol ýerdäki atly adamlaryň hemmesi gaýdyş meýdanyna baryp, atlaryny gürmetopa goýberdiler. Şonuň bilenem at çapyşygy gutardy.
Magtymguly dagy gala dolanyp geldi. Onuň agşamky ýatan sekisiniň üstünde bagşy aýdym aýdýardy. Bagşy mazaly gyzan bolara çemeli, onuň ýüzünden der suw ýaly akýardy, telpegi gapdalynda ýagyrdy, tahýasyna dakylan dogaçyr bagşynyň hereketine goşulyp, oýnaklap durdy. Bagşynyň aýdymlarynyň aglabasy «Görogly» dessanyndan hem Magtymgulynyň goşgularyndan düzülen aýdymlardy. Bagşy aýdyp oturan aýdymyny gutaryp-gutarmanka toýçular täze aýdymy buýurýardy we joşanlaryndan bagşynyň öňüne pul ýa-da zat oklaýardy. Bagşynyň öňi elde dokalan matalardan, baganalardan, her hili şaýlardan üýşmek bolup gidipdi.
Ahyry bagşy ýadady. Şondan soň ýene iki-üç aýdym aýtdy-da, dutarynyň gulagyny gowşatdy. Adamlar ýerli-ýerden oňa alkyş etdiler.
Nahar çekilip başlandy. Magtymguly bagşynyň ýanynda oturdy. Nazarly bilen Dosmet batyr hem şol ýerde oturdy.
– Biziň bagşymyzy neneň gördüňiz, şahyr? – diýip, Dosmet batyr nahar başynda Magtymgulydan sorady.
– Ömrüňiz uzak bolsun, bagşy! – diýip, Magtymguly alkyş etdi. – Siziň iňňän ýakymly sesiňiz bar. Bokurdagyňyza kemsiz erk edip bilýäňiz. Sazandalygyňyza-da söz ýok! Meniň göwnüme ýakan ýene bir zadam – siz aýdymy tüýs ýürekden syzdyryp aýdýaňyz.
Nahar iýlenden soň, Magtymgulydyr Nazarlyny sekä çykardylar.
– Indi, adamlar, gezegi Magtymguly şahyra bereliň! – diýip, Dosmet batyr märekä ýüzlendi. – Ol öz goşgulary bilen teşne göwünlerimizi gandyrsyn!
Magtymgulynyň orta çykaryna mähetdel bolup oturan adamlar biri-birlerine gysylyşyp, sekä golaý süýşýärdi. Magtymguly çök düşüp oturdy-da, ýeňiljek ýylgyryp, märekä seretdi.
– Nähiliräk goşgy aýdyp bereýin? Älemiň bezegi bolan aý ýüzli gözeller hakyndamy ýa-da il-halkyň arkadaýanjy bolan goç ýigitler hakyndamy?
Oturanlardan biri wäşi söz oklady:
– Ýagdaýyny tapsaňyz, şolaryň hemmesinem aýdyp beräýin! Diňlemes-ä biz bilen.
Magtymguly az salym böwrüni diňläp oturdy-da, täsin labyz bilen goşgy aýtmaga başlady. Ol ilki dostluk hem agzybirlik hakyndaky goşgularyny, onuň yzyndan mertlik hem edermenlik hakyndaky goşgularyny aýdyp berdi. Märekeden ses-seda çykanokdy. Oturanlardan biri çala asgyryp-üsgüräýse-de, töweregindäkiler oňa gözüni alardýardy.
Şahyr ara salym beren wagty arka tarapda oturan adamlaryň pyşyrdap eden gürrüňi Nazarlyň gulagyna ildi.
– Magtymguly şahyryň goşgularynyň okalanyny ozalam eşidipdik welin, şahyryň özüni diňleseň, mazasy başga eken-ow!
Magtymguly mazaly gyzan wagty birnäçe atlynyň galadan çykyp barýanlygy göründi. Magtymguly olaryň Şamyrat baýyň atlylarydygyny tanady. Olaryň arasynda Çowdur ýokdy,
Wagt birçene barandan soň, şahyr goşgy aýtmagyny bes etjek bolup synandy. Adamlar ýerli-ýerden haýyş edip, oňa ygtyýar bermediler. Magtymguly ýerliksiz kesirlik edip, öz arzysyny artdyran bolup durmady. Şeýlelik bilen, ol tä ikindi golaýlaýança adamlara goşgy aýdyp berdi.
Goşgy aýdylyp bolnandan soň hem, adamlar Magtymgulynyň töwereginden dargamadylar, Olar Magtymgula golaý gelip, onuň bilen gürleşýärdiler, sorag berýärdiler.
Birden märekäniň çetinde garaşylmadyk gozgalaň peýda boldy.
Adamlar biri-biriniň gulagyna pyşyrdaşyp, nämelerdir aýdýardy. Ol pyşyrdy gulakdan gulaga geçip, Nazarlynyň gulagyna-da ýetdi.
– Şahyr! – diýip, Nazarly Magtymgulynyň gulagyna pyşyrdady. – Bu ýerik Abdylnazar Şabende şahyr gelipdir,
– Şabende! – diýip, Magtymguly hyrydar gözlerini töweregine aýlady. Şabende Magtymgula seredip durdy. Ýaşy kyrka kowalaşan bu uzyn boýly, gara sakgally adamyň egninde hywa dony, başynda ýomut biçiminde tikilen telpegi bardy. Ol mähirli ýylgyrdy-da, Magtymgulynyň ýanyna geldi.
– Siziň bilen ýüzbe-ýüz oturyp, söhbetdeş bolmagy köp wagt bäri arzuw edip ýördük, şahyr! Biziň çakylygymyzy kabul ediň! Begiň toýuny sowanyňyzdan soň, biziň ile-de myhman boluň!

* * *

Akmämmet beg möhüm işleriniň köpdügini bahanalap goşgy diňlemäge barmady. Ol toý şagalaňynyň geçirilişine esewan etdi, toý gatanjy diýlip getirilen dowarlary, tüweleri, künjüleri, unlary we her hili matalary hasaba aldy. Giçden soň begiň ýanyna Äraly işan geldi.
– Sizem Magtymguly şahyryň goşgusyny diňlemäge barmansyňyz-ow – diýip, Äraly işan sorady.
– Iş köp – diýip, Akmämmet bet sypaýyçylyk etdi.
– Beýle bolsa zyýany ýok-la. Siz şahyryň agşamky gönümelligini ýokuş görüp, ondan öýkelemedik bolsaňyz bolýa-la!
– Men näme üçin öýkeläýin? Adamy myhman çagyryp, heýem öýkeläp bolarmy? Gaýtam biz ona minnetdar bolmaly! Men Magtymguly şahyry toýuma çagyrdym. O-da irnik görmän geldi. Onuň bu eden hyzmaty meniň ýakynlarymyň, ýatlarymyň ýanynda dilimiň uzyn bolmagyna sebäp boldy. Akmämmet begiň toýuna Magtymguly şahyr gelipdir diýen adyň özi nämä degmiýä!
– Dogry! – diýip, Äraly işan jogap berdi. – Ýöne, Magtymguly şahyr siziň huzuryňyza gelip, size hyzmat, etmäge göwnemedi welin, şol bir hili.
– Ol gürrüň entek gutaranok. Çynlakaý gürrüň entek öňde!
Şu halatda gapy açyldy-da, Dosmet batyr içerik girdi.
– Toýa Şabende şahyr geldi. Ol Magtymguly şahyry myhman çagyrmaga gelipdir.
– Şabende gelipdir diýsene! – diýip, Akmämmet beg pikirli gürledi. – Ol Magtymgulyny Begenjaly begiň adyndan çagyrdymy ýa-da öz adyndan?
– Öz adyndan çagyrdy.
– Biziň toýumyza Magtymguly şahyryň geljegini Begenjaly begiň adamlaryna-da, gökleňlere-de habar edipdim. Ony, birinji nobatda, Begenjaly beg myhman çagyrar öýdüpdim. Çakyny aňýan welin, ol köp ýyl mundan ozal ara düşen bir öýke-kinäni unutmadyk bolara çemeli. Bu gürrüňem siziň üçin geň görünse-de görnendir. Begenjaly bag köp wagt Astrabatda, Mazendaranda häkimlik eden Muhammethasan hanyň daýysy bolmaly. Muhammethasan han külli Eýrana şa boljak bolup, köp dalaş etdi. Ony şa tagtyna mündürjek bolup uly tagalla edenleriň birem Begenjaly begiň neberesidi. Muhammethasan han höküminiň güýçli wagtlary Magtymgulyny Astrabada äkidip, zyndana salypdyr. Indi Begenjaly beg Magtymguly bilen sataşaýsa, aralarynda ýakymsyz gürrüň bolar öýdüp çekinäýdimikä?
– Magtymguly şahyr belent göwünli ýigide meňzeýär – diýip, Äraly işan jogap berdi. – Ol Muhammethasan hanyň hatasy üçin Begenjaly begden kine saklap durmasa gerek.
– Begenjaly beg hakynda men ýene bir zat aýdaýyn. Ol Hywa hany Temirgazy han bilen dikleşmegiň küýüne düşüpdir. Bu gün bolmasa erte ol topalaň turzarmykan öýdýän. Eger Begenjaly beg Magtymguly şahyr bilen gürrüňdeş bolaýsa, şu hakda-da gep açar. Külli türkmeni agzybirlige çagyryp ýören şahyryň bu geňeşe näme jogap berjegini bilmek gyzykly zat!
– Begenjaly beg aýaga galar öýdýäňiz-ow!
– Begenjaly beg bir topar ýyl bäri Hywa hanyna bermeli hyrajyny berenok. Şony bahanalap, Temirgazy han olaryň suwuny kesdi, obalaryny guratdy. Begenjaly beg Hywa hany bilen bellisini edäýmese, onuň adamlary açlykdan gyrlar.
Dosmet batyr Akmämmet begden ýene bir zat soramakçy boldy.
– Magtymguly şahyr gidermen bolsa, ýolundan saklamaň! – diýip, Akmämmet beg onuň sözüni kesdi. – Magtymguly bilen etjek gürrüňimizi ol dolanyp gelenden soň edäýeris. Şahyr ol obalaryňam ýagdaýyny görüp gelsin, birek-birege düşünişmek ýeňil bolar.
– Şahyr gaýdyşyn ýene geler öýdýäňiz-ow! – diýip, Äraly işan sorady.
– Biz onuň gaýdyşyn şu ýerde düşläp geçmegini haýyş ederis. Şahyr gitmänkä oňa hem onuň ýoldaşyna serpaý ýapyň! Şabende şahyr gelen bolsa, oňa-da serpaý ýapyň! Ony toýa çagyrmanymyz üçin göwnünde kine galmasyn!

■ «Bu çölde rehim eýle garyp halymga...»

Gadymy Wasyň aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän giň meýdany çolalykdy. Töwerekde janly-jemende görünmeýärdi. Golaý-goltumda ne bag bardy, ne bakja, ne öý bardy, ne öwzar! Ozal bir wagt bu ýerde azym-azym şäherler bolupdyr, uzyn hatarly kerwenler gatnap, uly bazarlar gurlupdyr diýseň ynanar ýaly däldi. Diňe ullakan galalaryň ýykylan haýatlary, beýik köşkleriň we kerwensaraýlaryň harabaçylyklary haçan-da bolsa bir wagt bu ýerde janly durmuş gaýnanlygyna şaýatlyk edýärdi.
Günorta çemeleri şol kine galalardan galan harabaçylygyň ýanyna üç atly geldi, Olaryň biri Magtymguly, ikinjisi Şabende, üçünjisi-de Nazarlydy. Magtymguly atdan düşdi, diwaryň ýykylan ýerinden aşyp, gala girdi. Harabaçylyga öwrülen jaýlara, jäjek bolup ýatan küýze döwüklerine syn etdi. «Herki zadyň öz döwri, öz möwriti bolýa-da – diýip, ol öz içinden oýlandy. – Bir wagtlar bu ýerde özüne göwni ýetýän goç ýigitler argamak bedewlerini säpjedip gezendir. Biri-birinden owadan galam gaş gözeller öz aşyklaryňy örtemek üçin, olara näz-kereşme edendir. Gözel dünýäni berbat edýän ganly uruşlar bolmadyk bolsa, bu ýerlerde häzirem ter güller açylyp, bilbiller şadyýan owaz ederdi.»
– Ýeri, şahyr! – diýip, Şabende Magtymgulynyň ýanyna bardy. – Şu gezek Wasdaky gadymy galalaryň harabaçylygyna seýil etmek keýpinden-ä çykan bolsaňyz gerek?
– Bu harabaçylyklaryň her haýsy bir taryhyň şaýadydyr – diýip, Magtymguly uludan dem aldy. – Öz wagtynda bir paýhasly adam tapylyp, bu galalaryň taryhyny ýazan bolsa, olaryň her haýsy bir dessan bolardy.
– Hawa. Bu harabalara dil biten bolsa, Çingiz handanam, emir Temirdenem, Saltyk Soltanlaryndanam habar bererdi.
– Harabalara dil bitmese-de, olar bilen gepleşip bilýän adamlar-a bar. Babyl şäheriniň harabaçylyklaryna seýil edip ýörkäk, şolar ýaly bir alyma duşmak bize miýesser etdi. Ol ýykylan jaýlaryň kerpiçlerine, küýze döwüklerine seredip, şol jaýlaryň taryhyny bilýän eken. Tapylan pullara, şaýlara seredip, şol döwürde ýaşan halklary kesgitleýän eken.
– Indi oba atlanybersek näderkä? – diýip, Şabende maslahat berdi. – Bu wagt Gojuklaň gözi ýoldadyr.
Nazarly atlaryň ýanynda durdy. Ol gala syn edenokdy-da, nirädir uzakda bir ýere syn edýärdi.
– Ýaňy şu tarapda iki sany gara göründi – diýip, ol ýoldaşlaryna habar berdi. – Özler-ä näme-de bolsa janly zat.
Magtymgulydyr Şabende-de şol tarapa seretdiler. Görnen zat bolmady.
– Ol salgymyň edýän oýnudyr – diýip, Şabende atlandy. Magtymgulydyr Nazarly-da atlandylar.
– Hanha, ýaňky garalar ýene göründi – diýip, Nazarly gygyrdy.
Şahyrlar iki sany garanyň salgyma düşüp galgap gelýänligini gördüler. Salgym olary birden göterýärdi, birden aşak basýardy. Olar ýene gözden ýitdiler.
– Gideliň! – diýip, Şabende ökjesi bilen atynyň böwrüne kakdy. – Biziň gözümize görnen zat ýeliň ygyna togalanyp barýan peşmekdir ýa-da şoňa meňzeş bir zatdyr.
Ýolagçylar ugrady. Esli ýere barýançalar gürleşmän, töwerege syn edip gitdiler. Birden Şabende wäşi gürrüň tapdy:
– Hudaýyň gudraty güýçl-ow. Ol bir adamyňy hem şöhratly şahyr, hemem ökde zergär edip ýaradyp bilýän eken.
– Hawa. Allatagala hünär berjek adamsyna gysganman berýär. Onuň hem tanymal seýis, hem ökde sazanda, hem şöhratly şahyr edip ýaradan bendelerem bar.
Şabende hezil edip güldi.
– Bir gezek Hywada täsin bir waka boldy – diýip, Magtymguly gürrüň berdi. – Bazar günüdi. Bir kör bende adamlary daşyna üýşürip, goşgy aýdyp oturan eken. Ol bir topar goşgy aýtdy. Olaryň hemmesine-de Pyragyň şygyrlary diýip aýtdy. Olaryň birnäçesi biziň goşgymyz däldi. Ol körden ýaňky goşgulary ýene bir gezek gaýtalamagyny towakga etdim-de, olary belläp aldym. Soň seredip görsem, ol goşgular siziň goşgularyňyz bolup çykdy.
– Onuň ýaly ýagdaýa özümizem gabat geldik – diýip, Şabende jogap berdi. – Hudaýlygymy sözlesem, özüm-ä oňa begendim. Ýogsam näme! Magtymguly Pyragynyň goşgularyna deňär ýaly goşgy düzüp bilse, Şabendäniň näme armany bar!
– Sypaýyçylyk gowy zat, şahyr! – diýip, Magtymguly çynlakaý jogap berdi. Siziň ajaýyp dessanlaryňyzyň, çeper goşgularyňyzyň bardygyny hiç kim inkär edip bilmez!
Ýolagçylar esli salym ýöränlerinden soň köne gonamçylygyň deňine ýetdiler.
– Şu ýerde aýat okap geçeliň! – diýip, Şabende maslahat berdi. – Muňa Aşygaýdyň gonamçylygy1 diýerler. Bu gonamçylykda, gör, näçe gerçek ýigitler ýatandyr!
Atdan düşdüler-de, çök düşüp oturdylar. Şabende aýat okamaga durdy. «Bu gabrystanda gör näçe men-men diýen ärler gum bolup ýatandyr! – diýip, __________
1 Rowaýata görä, Şabende ölensoň ony Aşygaýdyň gonamçylygynda jaýlapdyrlar.
Magtymguly oýlandy. – Pelegiň gerdişi şeýle! Sen şa bol, geda bol, ahyry geljek ýeriň şü ýeri!»
Aýat okadylar. Şabende horjunyny atdan düşürdi.
– Şu ýerde az salym düşläliň! Atlara iým bereliň! Özümizem nesip edeninden garbak-gurbak edineliň!
Atlara iým berdiler. Onsoň ýanmeşikden suw alyp, ellerini ýuwdular, oturyp suw bilen külçe iýdiler. Çörek iýip bolanlaryndan soň ýene aýat okadylar. Birden Magtymguly:
– Olary görüň-le! – diýip, ýoldaşlaryna ýüzlendi. – Hälki iki sany gara ýene göründi.
Garalar barha ýakynlaşýardy. Olar salgymdan saýlananda olaryň iki adamdygy belli boldy.
– Bu çölüň içinde sergezdan bolup ýören bendeler kimkä?
Has golaýa gelende Magtymguly olaryň biriniň Çowdurdygyny, beýlekisiniň Şükürdigini tanady.
– Çowdur! – diýip, Magtymguly oňa baka topuldy. Çowdur dodaklaryny zordan gymyldadyp suw diledi. Onuň dili çişip, agzyna sygmajak bolýardy. Şükür suw dilemäge-de ýaraman, aňyrdan gelşine süýndi-de ýatyberdi.
Çowdurdyr Şükür az-azdan suw içip özlerini dürseýänçäler esli salym geçdi. Ahyry olaryň jany birneme aram tapdy.
– Taňryýalkasyn! – diýip, Çowdur halasgärlerine alkyş etdi. – Iň soňky demimizde yzyňyzdan ýetäýdik.
– Siz nähili bolup bu ýere düşdüňiz? – diýip, Magtymguly sorady. – Biz Akmämmet begiň galasynda sizi köp gözledik.
– Gowusy, men bolan işi başdan gürrüň edip bereýin – diýip, Şükür dowam etdi. – Siz Akmämmet begiň galasynda ýatan gijäňiz meniňem siziň ýanyňyzdan gidesim gelmedi. Ýöne ýanyňyzda galmagyň ebeteýini tapmadym-da, sekiniň ýanyndaky güjüme ýaplanyp duruberdim. Ýatanyňyzdan soň, Çowdur siziň ýanyňyza gelende-de, men şol agaja ýaplanyp durdum. Çowdur öz başyndan geçen wakany gürrüň edip berende, menem ony başdan-aýak diňledim. Soň birdenem meniň agaja ýaplanyp duraňymy aňdyňyz welin, utanjyma gidiberdim. Ertesi irden görsem Şamyrat baý gala gelen eken. Meniň göwnüne müňkürlik gitdi. Akmämmet begi ukudan oýaran kişi bolup, onuň jaýyna bardym. Barsam Şamyrat baý garaşyp oturan eken. Men beg üçin çilim getirip, çilimiň suwuny, temmäkisini täzeledim. Şeýdip oňa-muňa güýmenen bolup, olaryň gürrüňleriniň bir toparyny eşitdim. Ilki bada Akmämmet begiň rejesi Çowdury Şamyrat baýa bererli däldi. Emma Şamyrat baý tölejek pulunyň mukdaryny köpeltdigiçe, Akmämmet begiň saly gowşap barýan ýaly göründi. Men ýaşlykda köp jebir-sütemleri göremsoň biçäre Çowdura haýpym geldi. Men bir bahana bilen Akmämmet begiňkiden çykdym-da, Çowduryň ýanyna bardym. Onsoň Şamyrat baý gidýänçä, ony gizläp sakladym. Soň birden pälim üýtgedi-de, özümem Çowdur bilen yzyňyzdan gaýdyberdim.
– Siz biziň bu ýerdedigimizi nireden bildiňiz?
– Siziň Wasdaky gadymy galalara syýahat etjegiňizi eşitdim. Şondan bäri yzyňyzy yzarlap ýörşümiz.
– Tutularys öýdüp gorkmadyňyzmy?
– Ozallar gorkýadym – diýip, Şükür jogap berdi. – Hojaýynlar näme diýse «lepbeý!» diýip ýörmelidir öýdýädim. Çowduryň başyndan geçen wakany eşitdim welin, meniňem gaýrata galasym geliberdi. Men bu gün bolmasa erte ele düşjegimi bilýän. ýöne bäşje günem bolsa dünýäde erkin ýaşasym geldi.
– Siz Akmämmet begiň gulumy?
– Eşidişime görä, Akmämmet begiň atasy Nurmämmet beg meniň atamy Hywanyň gul bazaryndan satyn alypdyr – diýip, Şükür jogap berdi. – Kakamyň milleti kürtmüş. Meniň atam näme ýumuş buýrulsa, bir diýleni iki diýdirmän ylgap ýören pukara bolansoň, Nurmämmet beg ony öz gapysynda saklamak maksady bilen oňa bir gazak gyrnagyny äberipdir. Meniň ejem iki gyz dogrupdyr. Men onuň göwresindekäm kakam pahyr ölüpdir. Men dünýä inenimden soň ejem öz atasy pahyry ýat edip, meniň adyma onuň adyny dakypdyr. Biz ýaňy oňa-muňa ýarap başlamyzda Nurmämmet beg amanadyny tabşyrdy-da, onuň mülküne Akmämmet beg eýe boldy. Meniň aýal doganlarym ýaňy göze görnüp başlanda olary nirädir äkitdiler. Şondan bäri men olardan hiç bir derek bilemok. Indiden beýläk men gul bolup ýaşaman. Bir gün ýaşasamam erkinlikde ýaşajak. Dogrymy aýtsam, men nirä gitjegimi, kimden pena gözlejegimem bilemok. Ýöne Akmemmet begiň galasyna-ha gaýdyp barman.
– Entek oba bir baralyň! – diýip, Şabende göwünlik berdi.– Soňunam görübereris.

■ «Magtymguly, beýan etgin bileniň...»

Çowdur bilen Şükür birneme ysgyna gelenden soň, ýolagçylar ýola düşdi. Aňyrsy-bärsi görünmeýän giň gyrda iňlär siňek ýokdy. Käýerde gadymy galalaryň harabaçylygy ak depe ýaly salgymlap görünýärdi. Aram-aram gaçyp barýan alakalar we al-asmanda gaýyp ýören kelhemeçler göze ilýärdi.
Gojuklaryň obasyna ýarym menzil çemesi galanda göçülen obalar gabat gelip başlady. Tamdyrlar ýykylyp, ojaklar gömlüpdir, döleler oburylypdyr. Baglar gurap, töňňe bolup gidipdir.
– Hemme zadyň seresi suw-da! – diýip, Şabende harabaçylyga göz aýlady. – Bu ýeri ýaşyl dona bürenip oturan bagly-bakjaly obady. Ýylyň-ýylyna akly-gökli ekin ekilip, hasyl alynardy. Suw kesildi, oba-da dargady.
– Obaň suwuny kesýän kim?
– Temirgazy han kesdi. Ol ýomutlar salgyt tölänok diýip bahana etdi-de, Üçýabyň, Hanýabyň suwuny kesdi oturyberdi. Onsuzam çagasyny ekläp bilmän, diş-dyrnak bolup ýören gallaç bendeler halys gedaý galdy. Indi ol görgüliler nirä baryp, nirede mesgen tutjagyny bilmän, ilden-ile sergezdan bolup ýör.
– Siziň obalaňňyzyň ýagdaýy neneň?
– Biziňem obamyzyň suwuny azaldyp-azaldyp, agyzsuwyna dönderdiler. Galyň bende her ýyl Burkutdan1 ýagyş hantama bolup, ekin ekýä, olam suwsuz guryýa.
Az salym harabaçylyga syn edip, gürleşmän gitdiler.
Arada birnäçe adam bolup Gürgen sebitine sapara gitdik – diýip, Şabende gürrüň berdi. – Gürgende garyndaşlarymyz bar. Hem-ä olaryň saglygyny sorarys, hemem Gürgeni görüp gaýdarys diýdik. Gürgen sebitiniň güzerany mazalyrak bolsa, göçüp baraýmak niýetimizem ýok däldi. Baryp görsek o ýeriňem ýagdaýy biziňkiden enaýy däl eken.
– Zulum-sütemiň ýok ýeri barmyka? – diýip, Magtymguly ýangynly gürledi. – Ejize ganymlygyň dumany dünýäniň hemme ýerini gara tot kimin gaplap alypdyr. Ol elhenç gara tot pukara bendeleri dogup-ýaşyp duran Günüň şöhlesinden nur almaga-da goýanok.
Gojuklar obasy salgymlap göründi. Bu oba biri-birinden uzak bolmadyk birnäçe bölege bölünýärdi, her bölekde-de birnäçe hatar öý bardy. Obanyň orta gürpünde laýdan salnan metjit bardy, uzakdan gelýän adamyň gözüne ilýänem şol metjidiň münberidi. Bu obanyň uly obalygyna garaman, onda saýaly oturan baglara gözüň düşmeýärdi. Her ýerräkde ýalňyz oturan seýrek agaçlaryňam ýapraklary saralyp dur. Ýolagçylar obanyň çetinden girdi. Oba çolalykdy, öýleriň töwereginde gybyrdaşyp ýören çagalardan başga adam görünmeýärdi. Diňe Şabendeleriň öýüniň işiginde üç-dört sany ýaşuly ýola seredip durdy.
Öýe bardylar. Gapyda duran ýaşululardan biri Magtymgulynyň elini gysdy:
– Magtymguly şahyr bolsaňyz gerek. Ýalňyşýan däldirin-le?
– Bilgir adam ekeniňiz – diýip, Magtymguly ýylgyrdy.
– Oba çola görünýä-le – diýip, Şabende sorady. – Eýgilikmi?
– Aý, eýgiligem, eýgilik dälem – diýip, ýaňky ýaşuly jogap berdi. – Şu gün ýene Begenjaly beg geldi. Ol jar çekdirip, obaň erkek göbeklisini metjidiň ýanyna ýygnady. Onuň aýdyşyna görä, ýomut ýaşululary geňeş edip, Temirgazy han bilen bellisini etmeli diýen karara gelipdirler. Söweşe Begenjaly beg serdarlyk etjekmiş. Ol özüne nöker toplamaga başlapdyr. «Kimde-kim özüni erkek göbekli hasap edýän bolsa, at-ýaragyny jem edip, biziň bilen ýörsün!» diýdi.
– Halk näme diýdi?
– Halkyň ýagdaýyny özüňiz bilýäňiz. Her kim aç ölenden söweşde ölenini gowy görýä. Galyň bende elinden gelen kömegi etmäge wada berdi. Aty, ýaragy bolan adamlar atlanyp, Begenjaly beg bilen gitdiler. Obadan ýene birnäçe atly jemlemegem biziň özümize tabşyrdy. Biziň obamyza-da özüňiz belet! Kä öýde ýigit bar, emma at ýok, ýene bir öýde at bar-da, ýarag ýok. Indi biz orta hasap bilen her bäş-on öýden bir atly jem bolar ýaly edip, nöker toplamaly! Aty bolan atyny bermeli, ýaragy bolan ýaragyny bermeli, aty-ýaragy bolmadyklaram söweşe ýarajak adam bermeli.
– Begenjaly beg biziň oba geljegimizden bihabardymyka?
– Magtymguly şahyry çagyrmaga gideniňizi oňa aýtdyk. Ýöne Begenjaly beg garaşmany kyn gördi. «Barmaly ýerlerim, görmeli adamlarym köp» diýip, howlugyp gitdi.
– Öýe gireliň, adamlar! – diýip, Şabende mürähet etdi. – Gürrüňimizi öýde eder oturarys.
Öýe girdiler. Magtymguly gabak astyndan içerik syn etdi. Bu öý täze öý bolmasa-da, onuň üzükleri, durluklary abatdy, uklary, tärimleri bitindi, Öýüň içi arassady, duldan asylgy çuwallar, torbalar, tüýnük ýüpüne edilen gotazlar bu öýe eýelik edýän aýalyň çeper elli zenanlygyna şaýatlyk edýärdi. Öýüň sag dulundaky tärimden iki sany dutar asylgydy.
Öýüň jemendesi barha köpelýärdi. Şabende myhmanlaryň öýe sygmajagyny bilensoň, daşardan düşek ýazmaly boldy. Gün aşaklapdy. Ikindi bolup barýardy. Adamlar metjide gidip, ikindi namazy okadylar, onsoň ýassy namazy okalýança metjitden gelmediler. Ýassy okalandan soň adamlaryň hemmesi Şabendelere geldi. Olaryň gözleri-de, gulaklary-da Magtymgulydady. Magtymguly pessaý ses bilen goşgy aýtmaga başlady. Bu gezek ol mert, ýoldaşyna wepaly, watanyň ar-namysy üçin janyny gaýgyrmaýan goç ýigitlere bagyşlap, düzen goşgularyny aýdyp berdi.
Günbatardan ugursyzja şemal öwüsýärdI. Ol mis gaplarda ýakylýan pelteli çyrany häli-şindi söndürýärdi. Adamlaryň üstüne gum tozadýardy. Şonda-da adamlaryň gaýdasy gelenokdy.
– Gulagyň garny ýokdur, adamlar! Magtymguly şahyryň goşgularynam näçe diňleseň – doýma ýok! Ynsabam dine ýarpy diýipdirler. Indi bes edäýeliň!
Şondan soň adamlar kem-kemden dargap başlady. Olar gaýdyp barýarkalaram Magtymgulynyň goşgularynyň özlerinde galdyran täsiri hakynda gürrüň edýärdi. Myhmanlary töwerekdäki öýler paýlaşyp alyp gitdi. Şabendäniň öýünde ýeke Magtymguly galdy. Şabende Magtymgulynyň düşegini öz düşegi bilen ýanaşyk ýazdyrdy.
– Obamyzyň adamlary köp wagt bäri siziň geleriňize garaşyp ýördi – diýip, düşekde gyşaranlaryndan soň Şabende gürrüň berdi. – Ýöne siziň gelen wagtyňyz Begenjaly begiň obany örüzen wagty bolaýdy. Begenjaly begem bu zatlary oýlanman edenok. Häzir biziň öňümizde iki ýol galdy. Ýa-ha takdyra ten berip açlyga-da, gyrgynçylyga-da döz gelip oturmaly, ýa-da öleýin, ýa alaýyn diýip, Temirgazy han bilen bellisini etmeli! Siziň-ä näme diýjegiňizi bilemok welin, biziň aksakgallarymyz-a Temirgazy han bilen hasaplaşmagy makul bilýä. Biz öz takdyrymyzy Begenjaly bege ynanýas. Ol edenli serdar! Onuň adyny, belki, sizem eşidensiňiz?
– Eşidipdim. Onuň asly gürgenli bolmaly.
– Hawa. Ýöne bir topar ýyl bäri Horezmde bolýa. Başymyza iş düşende oňa maslahat salýas. Elbetde, bu söweş ganly söweş bolar. Ençe şirin janlar gurban bolar, eneler oguldan aýrylar, neresse çagalar ýetim galar. Bolsa-da, nätjek, başga alaç ýok!
– Çydamsyz süteme sezewar edilen gallaç bendelere zuluma garşy baş götermän diýmek akyllylyk däl – diýip, Magtymguly jogap berdi. – Goç ýigit ar üstünde ýa baş almalydyr, ýa-da baş bermelidir! Ýöne bular ýaly uly söwda baş goşmazdan ozal pugta paýhaslanmak gerek! Oýlanyşyksyz edilen iş ahmyr çekdirer!
– Siz aýdyň, şahyr, Begenjaly beg size geňeşen bolsa, näme maslahat bererdiňiz?
– Biz serdarlyk eden adam däl. Ol sebäpdenem Begenjaly beg ýaly köpi gören serdara geňeş berere çakymyz ýok. Ýöne bir zady bilýän: şir bilen söweşe girmek üçin, şiriňkiden zyýat zoruň bolmaly. Eşidişimize görä, Temirgazy hanyň goşuny köpmüş, ýaragy guratmyş. Begenjaly beg ýeke şu etrapyň ýomutlaryny aýaga galdyryp, han bilen bil tutuşmaga meýil edýän bolsa, näbileýin-dä.
– Begenjaly beg juda ýeke-de däl! – diýip, Şabende jogap berdi. – Öz aýdyşyna görä, ol Dönmez serdar bilen, Meňdi Geldi sakaw bilen, Akmämmet beg bilen gürleşipdir. Olar Begenjaly begi goldamaga wada beripdirler.
– Wada beripdirlermi ýa-da nöker iberipdirlermi?
– Häzirlikçe-hä wada beripdirler..
– Gury wada bilen söweş meýdanyna girip bolarmyka? Duşmany ýeňmek üçin ýeňi-ardy görünmeýän güýçli leşger gerek. Ol leşgeri bir ýere jemläp, bir akylly agza garatmak gerek. Onsoňam Begenjaly beg gowusyny etjek bolsa, gazaply handan ýangynly taýpalaryň hemmesini aýaga galdyrmagy gerek, Ýeke türkmenlerem däl, beýleki milletlerem kömege çagyrmaly! Arada biz Hywada bir garagalpak bilen gürrüňdeş bolduk. Onuň aýtmagyna görä, suwuň aýagynda oturýan garagalpaklaram, gazaklaram, özbeklerem Temirgazy handan ýangynlymyş.
– Begenjaly bege siziň geljegiňizi aýdypdyrlar. Ol size garaşyp, siziň bilen gürleşen bolsa, bolaýjak eken welin, howlugyp ötägidipdir-dä!
– Özüne göwni ýetýän adamlar kişiden geňeş soramagy kiçilik bilýä. Begenjaly begde-de şol kesel bar bolsa bildiňizmi?

■ «Ilinden aýra düşen...»

Aradan iki gün geçdi. Şol iki günüň içinde oba adamlary Magtymgulyny gezek-gezegine myhman çagyrdylar. Magtymguly çagyrylan ýerine bardy, adamlar bilen gürrüňdeş boldy, olara göwünlik berdi. Ahyry oňa gaýtmaga rugsat berdiler. Şabende myhmanlara at getirmek üçin, goňşy oba adam iberdi. On soň olaryň ýol şaýyny tutmaga durdy. Magtymgulydyr Nazarly daşarda Şabendäniň ýanynda durdy. Şükür bilen Çowdur bir gapdalda tutulan guş ýaly bolup, biri-birine gysylyp otyrdy.
– Gaýdyşyn Akmämmet begiňkä sowularmysyňyz? – diýip, Şabende Magtymgulydan sorady. – Akmämmet beg-ä size garaşýandyr.
– Ýok, göni Hywa gideris. Akmämmet beg bilen etjek gürrüňimizi etdik.
Şabende sesini çykarmady.
– Nesip bolsa biz-ä gaýdarys – diýip, Magtymguly Şabendä ýüzlendi. – Çowdur bilen Şüküriň ýagdaýy nähili bolarka?
– Menem şoň pikirini edýän. Olary Akmämmet begdir Şamyrat baýyň gazabyndan aman saklamak üçin, bir güýçli arka gerek. Olara arka durup biläýjegem ýeke Begenjaly beg bar. Razy bolsalar, olary Begenjaly bege tabşyraýsam diýýän.
Magtymguly makullaýjylyk bilen başyny atdy.
– Çowdur-a söweşden gaçjak ýigit däl. Şükürem gulluk hupbatyny çeken adam bolansoň, erkinlik üçin söweşmekden gaçmaz.
Şabende Çowdurdyr Şüküriň ýanyna bardy. Şu halatda Şabendäniň aýaly Meňli öýden çykdy, ol pyşyrdap, ärine bir zat aýtdy-da, ýene öýe girdi. Şabende Magtymgulynyň ýanyna geldi.
– Şahyr, gökleň obasyndan bir zenan sizi idäp gelipdir.
Magtymguly Şabendäniň yzyna düşüp, içerik girdi.
Öýüň gap böwründe Şabendäniň aýaly Meňli otyrdy, onuň gapdalynda bir ýaş gelin çugutdyrlyp otyrdy. Gelniň egninde suwy giden sowsany köýnegi bardy, başyna köne çabyt bürelgidi. Onuň ýanynda takmynan üç ýaşly oglanjyk bardy. Magtymgulydyr Şabendäniň girenini görüp, gelin ýerinden turdy-da, baş egip salam berdi. Magtymguly gözüniň gytagy bilen gelne seretdi. Gelniň agzy ýaşmakly bolansoň, gussa bilen ýere bakyp duran gözlerinden başga ýeri görünmeýärdi. Onuň utanýanlygy her bir hereketinden bildirip durdy. Bu syry Şabende-de aňlady.
– Oturyň, keýgim! – diýip, ol gelne mürähet etdi. – Magtymguly diýilýän-ä şu! Näme gürrüňiňiz bolsa gürleşiberiň!
Şabende daşaryk çykdy. Onuň yzy bilen Meňli hem bir zady bahanalap, öýden çykdy.
– Meni tanamadyňyz-ow, şahyr! – diýip, gelin esli wagt ýaýdanyp oturandan soň pyşyrdady.
Gelniň sesi Magtymgula tanyş ýaly eşidildi. Ol gabagyny galdyryp seretdi.
– Bahar?!
– Hawa, şahyr, men şol Bahardyryn! Dagy dolanyp tanyş ýüze gözüm düşer öýtmiýädim welin, hudaýa şükür, sizi görmek nesibämde bar eken.
Magtymguly haýran bolup otyrdy. Bahar hordy, bir wagtky ter gül ýaly näzik ýaňaklary güýze galan ýaprak kimin solupdyr, göwresi kiçelen ýaly bolupdyr.
– Gürgen nire, bu ýeri nire? – diýip, Magtymguly sorady. – Siz nähili bolup Horezm topragyna düşdüňiz?
Bahar az salym dodagyny dişläp oturdy-da, söze başlady:
– Siziň ýadyňyza düşýändir, şahyr. Siz Astrabat zyndanyndan boşap geleniňizden soň, obalar Muhammethasan handan gorkup, göçüp gitdiler. Şonda, eşidişime görä, siziňkiler-ä Sumbar boýuna göçüp barypdyr. Biziňkilerem bir söwdagäriň gepine gidip, Horezme geldi. Bu ýeriňem ýagdaýy Gürgeniňkiden gowy däl eken. Bu ýerde-de tükeniksiz uruş, zulum, sütem! Adamlar göçüp gelenlerine puşman edip, ýene Gürgene gitmegiň gamyny iýip başlady. Biziň göçere ýagdaýymyz ýokdy. Harjymyz gutarypdy. Biçäre kakam nätjegini bilmän, gaýga batyp ýörkä, şu ýerli gökleňlerden Babanyýaz aga diýen biri bize sözaýdyjy geldi. Babanyýaz aga şeýle gurply bolmasa-da, özüni oňaryp ýören hojalygy bardy. Özlerem ile ýamanlygy bolmadyk oňat adamlardy. Kakam meni olara bermäge razy boldy. Kakama derwaýys pul gerek bolansoň, meniň galyňymy köpräk saldy. Özem galyňy nagt tölemegi talap etdi. Babanyýaz aga kakamyň bu şertini agyrrak görse-de, ýeke oglunyň göwni üçin kaýyl bolupdyr. Ol elinde baryny syryp-süpürip, ýetmedigini karz alyp, kakamy üzdi. Şeýdip meni gelin edindiler. Şondan soň biziňkiler uzak eglenmän, göçüp gitdi. Men ýat ilde ýalňyz galyberdim. Babanyýaz aga ähli zadyny syryp-süpürip, kakama berensoň güzerany kynaldy. Gaýyn atamyň özi-de, ogly Annagylyç-da: «Heý, bir gazanç edip bolmazmyka?» diýip gije-gündiz selpeýärdi. Şol günlerde Köneürgençde bir täjir Samarkanda kerwen ugradýamyş, şoňa düýekeş gerekmiş diýen habar ýaýrady. Gaýyn atam Köneurgenje gidip, şol täjir bilen gürleşip geldi. Onsoň şonuň kerweni bilen Samarkanda gitdi. Şondan soň ol bendäň gidişi-gidişi bolaýdy. Soň eşidişimize görä, olar Samarkanda aman-sag barypdyr. Täjiriň söwdasam oňupdyr. Ýöne gaýdyp gelýäkäler üstlerine garakçy dökülip, kerweni talamakçy bolupdyr, Täjiriň adamlary garakçylar bilen uruş edipdir. Şonda gaýyn atama agyr ýara düşüp, şol ýaradanam ölüpdir. Şondan soň bir ýyl geçip-geçmänkä gaýyn enem pahyram mama keselinden öldi. Maşgalanyň garamaty Annagylyjyň başyna düşdi. Adamyň täleýi ters gelende Allatagala garyp günem oňa köp görer eken. Biziňkem şeýle boldy. Täzeden bäri Begenjaly beg bir hyýala münüp, özüne nöker toplap başlapdyr. Ol her obadan at, ýarag, adam alýamyş. At-ýaragy bolanlar-a at-ýarag bermeli, at-ýaragy bolmadyklaram adam bermeli. Biziňem at-ýaragymyz bolmansoň, Annagylyjyň özi gitmeli boldy. Menem şujagaz çaga bilen ýalňyz galyberdim. Men özüm aglap, özüm diňip, hudaýa nalyş edip ýörkäm «Gojuklaň obasyna Magtymguly şahyr gelenmiş» diýen habar gulagyma degdi. Men ylgap goňşymyza bardym-da, «Maňa bir günlüjek eşegiňizi beriň!» diýdim. O bendelerem eý-hä diýmän berdiler. Men çagajygymy aldym-da, ýola düşdüm. Özümem: «Eý, Alla jan! Magtymguly şahyryň didaryny bir görmegi maňa miýesser edeweri!» diýip, ýolboýy hudaýa ýalbaryp gelýän.
Magtymguly tukatlyk bilen ýüzüni sallap otyrdy. Bahar gynajynyň ujy bilen gözlerini süpürdi-de:
– Zübeýde-de gurgunmy? – diýip sorady.
– Gurgun diýib-ä eşidýäs. Olam bir topar ýyl bäri Sumbar boýunda, gaýyn öýünde gezip ýör.
– Meňliň haly niçikkä?
– O-da gurgun.
– Kysmat biziň her haýsymyzy bir tüýsli güne sezewar etdi-de! Indi maňa önüp-ösen topragymy görmek miýesser bolarmy, bolmazmy – Alla bilsin! Siz sag-aman gaýdyp barsaňyz, meniň üçinem öz topragymyza tagzym edeweriň!
– Eger kysmat çekip, irde-giçde biziňkilere sataşaýsaňyz – diýip, Bahar dowam etdi. – Meniň ýagdaýymy olara aýdaweriň! Garaz, bir wagt ýollary düşüp, şu töwerege aýak basaýsalar, men biçäredenem habar tutawersinler! Ýagdaýyny gapsaňyz, Meňli bilen Zübeýdä-de salam ýetiriň!
Magtymgulynyň ýüregi jigläp gitdi. «Bu gerdişi keçpelekden nalamyýan barmyka? – diýip, ol gussa bilen içini gepletdi. – Meňli uly iliň gargyşyna galyp ýören bir süýthoryň penjesine düşdi. Bahar bolsa önüp-ösen diýaryndan jyda düşüp, alys ilde mysapyrlyk çekip ýör.»
– Ýolagçy bolsaňyz, men sizi saklamaýyn – diýip, Bahar Magtymgulynyň pikirini böldi. – Gitseňiz sag-aman baryň!
Bahar ýerinden gobsunjäk ýaly etdi. Magtymguly Baharyň çagajygyna syn etdi. Onuň eşikleri ýama-ýamady. Bir garny doýsa, on gün doýmaýanlygy solak ýüzünden bildirip durdy.
– Entek oturyň! – diýip, Magtymguly daşaryk çykdy. Az salymdan soň ol bir ýüpek don alyp geldi. (Ony Akmämmet beg serpaý beripdi.)
– Şuny alyň, Bahar! – diýip, Magtyhmguly elindäki dony uzatdy.
– Azar edinmäň! – diýip, Bahar peşgeşden ýüz dönderdi. – Men siziň didaryňyzy gördüm, maňa şol besdir.
– Muny ak ýürekden bagyşlyýan! – diýip, Magtymguly dony Baharyň ýanynda goýdy. – Alyň! Bir derdiňize ýaradarsyňyz.

■ «Ýaman bolup, ýagşylygy unudan...»

Şamyrat baýyň galasyndan uzak bolmadyk Pekgeý obasynyň günbatar gürpünde bir köneje howly bardy. Howluda bag-bakja ýokdy. Haýatynyň diňe sudury bildirýärdi. Howludaky gara öýüň gamyşlary çüýräp, üzükleri, durluklary ýyrtylyp gidipdi. Onuň garşysyndaky çöp kümede iki sany guzuly goýun bakylýardy. Öýüň içinde, açyk gözenegiň öňünde iki sany gyz gaýma gaýap otyrdy. Olardan biri ak ýüzli, giň maňlaýly, görmegeý gyzdy. Ýogyn gara saçlary ýeri garyşlap ýatyrdy. Ol gyz Çowduryň juwan ýüregini yşk oduna köýdüren Melektäçdi. Melektäjiň garşysynda oturan onuň boýdaşy Dürdänedi.
Melektäjiň ejesi Ogultäç eje girip-çykyp öý işi bilen güýmenip ýördi. Ol daş gapyda durup gyzlara seretdi-de, çöpleme çöplemegi bahanalap, howludan çykyp gitdi. Ogultäç gidenden soň basym Melektäjiň ýanyna bir boýdaşy Gülsuwa geldi Gülsuwa takmynan bir ýyl mundan ozal çykarylan gaýtarmady. Ol garaýagyz görmeksizräk gyzdy. Eli hünärlilik babatynda bu jelegaýda ona taý gelýän gyz ýokdy. Üstesine-de, ol şadyýandy, degişmegi-gülüşmegi gowy görýärdi.
– Bolup oturyşyňyz nähili, gyz? Gaýyn eneňiz sögen ýaly, ýüzüňizi sallaşyp otyrsyňyz.
Gülsuwa Dürdänäniň ýanynda oturdy-da, mekirlik bilen ony tirsekläp goýberdi:
– Melektäj-ä baý ogluna çykarylýan gyz! Ol-a islese-islemese sülmüren bolar. Sen nämäňe sülmüreýäň? Ýa-da senem «Meniň gezegim haçan gelerkä?» diýip, öz gaýgysy edýänmi?
Hemişe Gülsuwa şular ýaly bälçik gürrüň aýdanda gyzlar hezil edip gülşerdi, ýomakly söz tapyp, oňa jogap bererdiler. Bu gezek welin olaryň gülesi gelmedi, jogabam gaýtarmadylar.
– Bizem-ä çykarylyp görüpdik welin, beýdip ýas tutub-a oturmandyk. Seniňk-ä, Melektäç jan, biziňki ýalagam däl. Seni baý ogluna berýäler. Eklenç aladaň ýok. Ýag iý, ýüpek geý-de, eljirede ýör-dä!
– Baý ogly! – diýip, Dürdäne ýaňsyly gaýtalady. – Özüm bolsam, Çowdur ýaly ýigit tapsam, baý ogluny küýsemen.
– Melektäç jan – diýip, Gülsuwa öý eýesine ýüzlendi. – Bogazym gurap barýa. Sowuk suwdan gandyraýsaň sogab-a gazanardyň.
Melektäç edip oturan işini goýdy-da, ýerinden turdy. Göwsüniň üstaşyry sallanyp duran gara saçlary, agraslyk bilen sallam atdy. Ol gapböwürde duran şeňňili aldy-da, teläriň kölegesindäki suw küýzesine baka sallanyp gitdi.
– Bolşuň nähili, gyz! – diýip, Gülsuwa Dürdänäniň gulagyna pyşyrdady. – Onuň Çowdura berilmejegine akylyň ýetýär ahyry. Indi onuň ýazgydy belli! Onuň Şamyrat baýlardan başga gitjek ýeri ýok! Ol sebäpdenem, gowusyny etjek bolsaň, Şamyrat baýlary öw! Olary halasaň-halamasaň öwüber! Öwmäge diliň barmasa, sesiňi çykarman bir otur! Özüň görüp dursyň-a, şu günler Melektäç gün geldikçe saralyp barýa. Sen gaýtam onuň oduny ölçerýäň.
– Aý, gepleme diýseň geplemäýin welin, men-ä Şamyrat baýyň ogluny Çowduryň dyrnagyça-da göremok.
Melektäç şenňili Gülsuwa uzatdy-da, ýerine baryp oturdy. Gülsuwa teşnelik bilen suwa ýapyşdy. Ýöne, ony gowzatman, beýle gapdalynda goýdy.
– Sag bol, Melektäç! Sen bir açyk göwünli gyz! Ak niýetiňe görä bagtyňam açyk boldy. Meniň boýdaşlarymyň arasynda iň bagtlysy sen bolduň.
Melektäç geplemän işini edip otyrdy. Bu gürrüňleriň oňa nähili täsir edýänligi belli däldi.
– Nesip bolsa, seniň baý gelni bolup, al-elwan ýüpegiň içinde bezenip oturanyňam bir görsek! – diýip, Gülsuwa dowam etdi. – Onsoň sen eliňi yssy suwdan sowuk suwa degirmersiň. Ähli hyzmatyňy gyrnaklar eder. Toýa-märekä baraýsaň, hemme kişiden öňürti töre geçirip oturdarlar. Häzirki saňa göwni ýetmeýän gyzlar seniň eliňe suw akydar. Ine, baý gelni bolmagyň şeýle-şeýle hözirleri bardyr.
Gülsuwa her neneň ýakymly sözler tapyp, agzynda bal bilen şeker ezse-de, Melektäç sarsman otyrdy. Ol aýdylýan sözlere jogap berenokdy, hiç kimden hiç zat soranokdy.
Birden gyzlaryň gulagyna sadaja toýnak sesi eşidildi. Az salymdan soň bir eşek parladyp burnuny arçady. Şol aralykda Ogultäç ejäniň sesi geldi:
– Wiý, kakasy! Basym geldiň-le! Ozalam-a ýaňy gidipdiň.
– Gideňde näme! Hojaýyn çagyrsa ýene gelersiň-dä! – diýip, Goşjan aga jogap berdi.
– Näme diýdi?
– Näme diýer öýdýäň! «Toýa taýynlyk gör!» diýdi.
– Ozalam-a bir-iki gezek şeýtdi. Toýa taýynlanyň diýýä-de, ýene goýbolsun edäýýä.
– Bu gezeg-ä çyny bolaýsa-da ahmal! Gürrüň radasy şeýle.
– Toýuň sähedinem belledilermi?
– Şu gün agşam Şamyrat baý ýaşululary çagyryp geňeş etjekmiş. Haýsy güni belleseler, habardar ederler-dä!

* * *

Şamyrat baý Akmämmet begiň galasyndan çykanda begden nadyl bolup gaýdypdy. «Men şol ganhor üçin näçe tölemeli bolsa töläýin» diýsemem ol diýenimi etmedi. Etmese etmesin bakaly! Akmämmet bege emlemek üçin göwnümden çykaran zadymy başga kişilere bersem, Çowdurjygyň kellesini getirjek adamam taparyn!
Şamyrat baý galasyna gelen dessine bet niýetini gögertmegiň küýüne düşdi. Ol garadan gaýtmaz zannyýamanlardan bir toparyny ýeke-ekeden öýüne çagyryp, ogrynça gürrüň etdi. Çowduryň kellesini getirip beren adama on öweç bilen «Dordepel» atly ýüwrük bedewini bermäge wada berdi. Il arasynda her hili adam bolýar. On öweç bilen ýüwrük bedewiň adyny eşidip nebsi göçen adamam tapyldy. Ol assyrynlyk bilen ideg-sorag edip, Akmämmet begiň galasyna bardy. Çowduryň o taýdan gidenligini bilenden soň, sümsünip beýleki galalara aýlandy.
Aradan bir topar gün geçdi. Çowduryň kellesi getirilmedi. Şamyrat baý şol ozalky ülpetlerini çagyryp, olar bilen ýene gürleşdi, öňki wada beren zatlarynyň üstüne ýene bir köşekli düýe-de goşdy.
Ýene-de Çowduryň gözlegine çykdylar. Bu gezegem onuň kellesi getirilmedi. Balmyradyň toýy aýdan-aýa geçip, mähetdel bolup durdy. Günleriň bir güni Çowduryň gözlegine çykanlardan biri täze habar getirdi:
– Çowdur Akmämmet begiň galasynda Magtymguly şahyra sataşanmyş. Magtymguly ony Horasana gidýän kerwene goşup, Gürgene ugradanmyş. Çowdur gidende Akmämmet begiň gullaryndan birinem özi bilen alyp gidenmiş.
Çowduryň Horezmi terk edip gidenligi çyn boldy, Şamyrat baý onuň kellesi getirilençe begenjekdi. Ol bu gürrüňiň anygyna ýetmek üçin üç adamy ýörite iberdi. Giden adamlardan biri şol öňki habar bilen dolanyp geldi:
– Çowduryň Magtymguly şahyra sataşanlygy hak! Agşam ýatanlarynda-da şahyr ony öz ýanynda ýatyranmyş. Soň şahyr galadan gidipdir weli, o-da gürüm-jürüm bolaýanmyş.
Aradan iki gün geçensoň, Şamyrat baýyň iberen adamlarynyň ikinjisi dolanyp geldi.
– Onuň Gürgene gidenini ýa-da başga ýere gidenin-ä biljek däl welin, bir ýerig-ä ýitirim bolupdyr. Was etrapyndaky obalaryň hiç haýsynda-da
Çowdury gördüm diýýän ýok.
Getirilen habarlar biri-birini tassyklap duransoň, Şamyrat baý birneme ynjaldy. Ol üçünji adamyň dolanyp gelerine-de garaşman, ogluny öýermegiň kül-külüne düşdi. Şu maksat bilenem ol Goşjan agany oba çagyrypdy.
Goşjan aganyň gelen gününiň ertesi Şamyrat baý ýakyn garyndaşlaryndan üç-dört sany ýaşulyny öýüne çagyrdy. Olaryň arasynda Şamyrat baýyň agasy Gulmyrat aga-da, Hojaş molla-da bardy.
– Adamlar! Men ýeke oglum Balmyrat jany öýlendirip toý etjek. Meniň kim bilen guda bolanymam özüňiz bilýänsiňiz. Indi näme hasap-hesibiňiz bolsa ediň-de, toýuň sähedini belläp beriň!
– Sähediň işi aňsat-la – diýip, Gulmyrat aga göwünsiz gürledi. – Toý etmezden ozal onuň hemme dokuzyny düzüwlediňmi?
– Päheý, senem-ä! – diýip, Şamyrat baý ulumsylyk bilen güldi. – Onuňam bir dokuzy-beýlekisi bolarmy! Toýa näçe goýun gerek bolsa, näçe tüwi gerek bolsa aýdyberiň! At çapdyrar ýaly, göreş tutdurar ýaly näçe baýrak gerek bolsa-da aýdyň!
– Bu ýerde başga gep bar. Ozaly bilen-ä sen türkmençilikde edilmeýän zady etdiň. Goşjan çopanyň gudaçylygyny bozdurdyň...
– Aý, agam! Bu hakda ozalam telim gezek aýtdyň ahyry! Meniň ýeke perzendim şondan başga gyza öýlenjek däl diýip dursa, men nädeýin?
– Çowduryň garadan gaýtmaz adamdygyny özüň gowy bilýäň. Onuň ýeke özi seniň bäş adamyňdan ökde gelipdir. Men ondan gorkýan, Şamyrat! Sen Goşjan çopanyň gyzyny gelin edinseň, Çowduryň jany sag bolsa, saňa rahatlyk bermez.
– Çowdurdan eýmenip oturasy iş ýok. Gürrüň radasyna görä, ol Gürgen sebitine giden bolara çemeli. Ol hiç ýere gitmäýende-de, Şamyrat baý ondan eýmenib-ä haýyr işi bökdär öýtmegin!
Hojaş molla Şamyrat baýa ýaranjaňlyk etdi:
– Şamyrat beg dogry aýdýar! Çowdur gurt bolanda, onuň şire edip biljek zady näme?!
Hojaş molladan başga Şamyrat baýa «beg» lakamyny berýän adam ýokdy. Beglik ýarlygyna mynasyp bolmasa-da, Şamyrat baý özüne «beg» diýlenini kem görenokdy.
– Onda, näme, toýuň sähedini belläbereliň-dä!
Ýaşulularyň arasynda asudalyk bilen çözülýän özara jedel başlandy. Ilki bilen olar häzirki aýyň haýsy aýdygyny, onsoň aýdan näçesidigini kesgitlediler. Ondan soň ýakyn bäş-on günüň içinde haýsy günüň sähetli gün bolýandygyny anyklamaga durdular. Jedeliň aýny gyzan wagty Şamyrat baýyň hyzmatkäri içerik girdi.
– Baý aga, Gaýratguly geldi.
Çowdur Gürgen sebitine gidipdir diýen habaryň anygyna ýetmek üçin iberilenleriň biri-de Gaýratgulydy. Şu aralykda Gaýratgulynyň özi içerik girdi.
– Näme habar getirdiň? – diýip, Şamyrat baý saglyk-amanlyk soraşmaga-da howlugyp sorady.
– Çowdur Gürgene gidipdir diýen gürrüň ýalan! Ol Begenjaly bege nöker bolup ýör.
– Sen ony gözüň bilen gördüňmi?
– Gördüm. Begenjaly begiň atlysy köpelipdir. Onuň näme iş goparjak bolýanyn-a bilmedim welin, tutumy kiçi-girim-ä däl.
Şamyrat baý bir zady ýadyna saljak bolýan ýaly, esli wagt böwrüni diňläp oturdy. Mundan birnäçe wagt ozal köneürgençli bir täjir Şamyrat baýyňka myhman bolup geçipdi. Şol täjirem Begenjaly begiň tutumy hakynda muňa meňzeş bir zady gürrüň edip beripdi.
– Olaryň ýanyna bardym welin – diýip, Gaýratguly dowam etdi. – Meni erkime goýman, begiň ýanyna alyp bardylar. Beg meni özüne nöker edinjek boldy. Menem «Men bir geçegçi, men Aşygaýdyň öwlüýä zyýarata barýan» diýip, zordan sypaýdym.
Şamyrat baýyň lapy keç boldy. Onuň ogul öýermek arzuwy ýene-de howp astyna düşdi. «Çowdur Begenjaly bege nöker bolan bolsa, elbetde, ondan ahmal bolmaly däl!» Bu ýürek gysdyryjy pikir Şamyrat baýyň sustuny basdy. Şol wagtyň özünde-de onuň kellesine täze bir pikir geldi. Bu pikir Şamyrat baýyň umytsyzlyga düşen ýüregini ýene suwlandyrdy.
– Ýeri, Şamyrat beg, näme maslahat? – diýip, Hojaş molla baýyň pikirini böldi.
– Ony Gulmyratdan soran! Men onuň öňüne düşüp bilmen.
Gulmyrat aga wagt jogap berdi;
– Bize geňeşilse-hä Çowdurly meseläni birýüzli etmän, toý edip bolmaz diýjek!
– Bolýa-da, agamyzyň diýenini edäýeris! – diýip, Şamyrat baý derrew ylalaşdy. – Onda Goşjan çopana habar ýetiriň! Goýun üstüne gidibersin!
Şonuň bilen hem toýuň maslahaty gutardy. Adamlar dargaşdylar. Baý Gaýratgulyny alyp galdy.
– Saňa ýene bir ýumşum bar! Şu hyzmatymam bitirip bilseň, sylagyňy ýetirerin.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 15 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Tañryguly Taganow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: