23:15
Magtymguly -10/ romanyñ dowamy
■ «Alymlara uýsaň, açylar gözüň...»

Hezreti Pälwanyň otagynda tukatlyk höküm sürýärdi. Dosmet batyr dymyp otyrdy. Hezreti Pälwan han gürlemeýärdi. Ümsümligi Ybadylla ahun bozdy:
– Siz şahyra garaşyp otyrsyňyz welin, bu günler onuň toý-meýlis diýip ýörmäge eli berin degermikä? Eger bize geňeşilse, Akmämmet begiň toýuna gitmegi maslahat bermezdik.
– O näme üçin? – diýip, Dosmet batyr ör-gökden geldi. – Siz Akmämmet begden näme ýamanlyk gördüňiz?
– Gyzybermäň, batyr! Bizem Akmämmet beg hakynda käbir zatlary bilýäs.
– Men Akmämmet begi hemme kişiden gowy tanyýan, tagsyr! Biziň begimizden näme aýyp tapýan bolsaňyz, ýüzüne aýdyň!
Ybadylla ahun oňaýsyz ardyndy-da, Hezreti Pälwana ýüzlendi:
– Siziň habaryňyz bar bolsa gerek, tagsyr! Biziň aslymyz Şeýban urugyndan, Arapmuhammet hanyň ogly şöhratly taryhçy Abylgazy hanyň neslinden. Ylym-bilim bilen iş salyşýan adamlaryň arasynda Abylgazy hanyň döwlet galamy bilen ýazylan taryh kitaplaryny okamadyk adam azdyr. Bizem şol şöhratly taryhçyň kowmundan bolanymyz üçin, Hywanyň taryhyny ýazmak bilen meşgullanmagy kesp edinipdiris.
Hezreti Pälwan «Hawa» diýýän ýaly edip çalaja başyny atdy.
– Eýran şasy ýurtbasar Nedirguly owşaryň Hywany basyp alşy hakynda ýazan bir depderimi size okap beripdim.
– Ýadyma düşýär – diýip, Hezreti Pälwan jogap berdi. – Ol ýerde Akmämmet beg hakynda gyzykly zatlar ýazypsyňyz.
Birden gapy açyldy-da, Magtymguly içerik girdi.
– Bizi çagyran ekeniňiz, tagsyr.
– Yzyňyzdan çakylykçy gelipdir – diýip, Hezreti Pälwan jogap berdi. – Was etrapynyň begi Akmämmet beg toýa çagyrýamyş.
– Hawa, sizi toýa çagyrýas, şahyr! – diýip, Dosmet batyr alyp göterdi. – Begimiziň toýuna baryp gaýdyň! Hemem biziň ile gezelenç edersiňiz.
«Gadymy Was galalaryny görersiňiz» diýen söz Magtymgulynyň gulagyna ýakdy.
– Ilki meniň gürrüňimi bir diňläň! – diýip, Ybadylla ahun ara goşuldy. – Onsoň näme karar etseňiz, ygtyýar özüňizde.
Dosmet batyryň içini it ýyrtýardy. Şeýle-de bolsa, ol bu hormatly ulamalaryň edenine däl diýip bilmedi.
Ybadylla ahun gürrüňini şeýle başlady:
– Kemine guluňyza mälim bolşuna görä, Akmämmet begiň atasy Nurmämmet beg baý çarwalaryň biri bolupdyr. Ol birnäçe tanap suwarymly ýer hem satyn alypdyr. Ol çarwaçylykdan edýän gazanjyndan başga ekin-dikindenem önjeýli girdeji alýan eken. Dogrusy, ýagy dökülip, çapawullyk bolan wagtlary onuňam malyna-mülküne talan salynýan eken. Şeýle-de bolsa, Allatagala onuň döwletini saklapdyr. Ol hudaýa amanadyny tabşyranda, agyr döwleti Akmämmet bege miras goýup gidipdir. Akmämmet beg atasyndan galan döwleti dargatmandyr. Gaýtam ol çarwaçylykdan hem ekerançylykdan alýan girdejisinden başga, ýene-de bir girdeji çeşmesini tapypdyr. Ol yzyna nöker toplap, ýat illere alamançylyga gidýän eken. Köplenç onuň alamany oňup gaýdýan eken. Köp olja getirýän eken. Gul-gyrnak getirip Hywa, Buhara bazarlarynda satýan eken. Yzly-yzyna oljasy oňup duransoň, Akmämmet begiň nökeri barha köpelipdir. Soňabaka ol giden bir ýygynyň serdary bolupdyr. Şol döwürde Goňrat hany Muhammet emin-de, Maňgyt hany Artyk ynak-da, Gazak hany Ablhaýyr-da ýer astyndan iş görüp, Hywa hany Ilbars hany tagtyndan agdarmagyň gamyny iýýän eken. Ol sebäpdenem, olar söweş üçin uly ýardam edip biljek Akmämmet begi öz taraplaryna çekjek bolup jan edipdirler. Onuň bilen gizlin gepleşikler geçiripdirler. Ahyry bu syr Ilbars hana äşgär bolýar. Ilbars han Akmämmet begiň öz garşysyna iş alyp barýanlygyny bilse-de, ony ýok etmegiň kastyna çykmandyr. Gaýtam ony öz tarapyna çekmegiň küýüne düşüpdir. Takmynan 1146-njy1 senede Ilbars han bilen Akmämmet beg ylalaşyga gelipdir. Şol döwürde Ilbars han türkmen serdarlaryndan ýene biri bilen – Muhammedaly oşak bilen hem dostlaşypdyr. Onuňam sebäbi bar. Şol ýyllarda Nedir şa owşaryň ganly ýörişleri älem-jahany sarsdyryp ugrapdy. Ilbars han Nedir şany ýigrenýärdi, has dogrusy, ondan gorkýardy. Ol sebäpdenem, Ilbars han gorkan öňürtilär edip, 1148-nji2 senede Horasanyň üstüne agyr leşger ýollapdyr. Şol söweşe Akmämmet begem gidipdir. Ol Nedirguly owşaryň garşysyna söweş edýän bahanasy bilen, Horasandaky ownuk galalara talaň salyp gaýdypdyr. 1153-nji3 senede Nedir şa Hywanyň üstüne edýär. Ilbars han Nedir şanyň garşysyna goşun toplaýar, onuň goşunynda Akmämmet begiň atlylaram bar eken. Olar Jeýhunyň boýuny syryp baryşlaryna Pitnekde Nedir şanyň goşuny bilen söweşe giripdirler. Şonda Akmämmet beg duşmanyň agyr toplaryny, şemhallaryny, zembreklerini görüpdir-de, susty basylyp, usul bilen söweş meýdanyndan çykyp gidipdir. Hywa goşunyna Muhammedaly oşak serdarlyk edipdir. Duşmanyň güýji has agdyk bolansoň, o-da yza çekilmäge mejbur bolupdyr. Nedir şa Hywany basyp alandan soň, Ilbars hany öldüripdir. Özi Ilbars hanyň gyzyňa öýlenipdir. Ilbars hanyň ýerine Tahyr hany häkim edip goýupdyr. Horezm Nedir şanyň golunyň astyna geçensoň, Akmämmet beg Nedir şanyň hyzmatyna barypdyr. Şondan soň ol tä Nedir şa öldürilýänçä, onuň goşunynda gulluk edipdir. Nedir şa öldürilenden soň ol Eýranda hezillik tapmajagyny bilip, ýene Horezme gelipdir. Ol Eýrandan gaýdanda-da boş gaýtmandyr. Nedir şanyň aýallaryndan birini – Ilbars hanyň gyzyňy alyp gaýdypdyr.
– Siz okumyş adam – diýip, Dosmet batyr jogap berdi. – Biz bir türkana adam. Taryhdan-beýlekiden başymyz çykanok. Pitnekde bolan söweşden welin habarym bar. Men Akmämmet begiň atlybaşylarynyň biridim. Şo gezek Akmämmet beg Nedir şadan gorkup söweş meýdanyny taşlap gitdi diýip, ony aýyplaýarsyňyz. Eger özüňiz şol söweşde bolup gören bolsaňyz, Akmämmet begi aýyplamazdyňyz. Sebäbi Akmämmet beg duşmanyň ýumrugynyň biziňkä görä has güýçlüräkdigini bildi. Özüňden ökdä bir ýumruk çalyp, on ýumruk iýmegiň näme hajaty bar?
– Siz, batyr, öz begiňiziň namartlygyny ýuwmarlamak üçin oňat delil tapmadyňyz. Şo gezek duşmanyň ýumrugynyň güýçlüdigini Muhammedaly oşagam görendir ahyry. Emma ol söweş meýdanyny taşlap gaýtmandyr.
– Balyk kellesinden porsar diýipdirler, tagsyr! – diýip, Dosmet batyr gödek jogap berdi. – Namartlyk edeni näletlenmeli bolsa, ilki bilen ýurt eýesi bolup oturan Hywa kethudalaryny näletlemeli! Olar bizi Nedir şanyň agyr leşgerine garşy ýolladylar-da, özleri galada bukulyp galdylar. Ilbars hanyň özi-de duşman bilen ýüzbe-ýüz söweş etmekden gorkup, Haňka galasynda gizlenip ýatdy,
– Işiň müşgil ýerem şonda-da – diýip, Ybadylla ahun ýüzüni sowdy. – Bazy adamlar hanyň han ornunda, raýatyň raýat ornunda bolmalydygyny bilenoklar.
– Men ýaňam aýtdym, siz okumyş adam. Siziň bilen jedel edere çakym ýok! Men begimiziň buýrgy bilen geldim. Möhümimizi bitirseňiz-ä şahyry alyp ötägitjek. Ýogsa-da näme, jogap berseňiz, baryp begimize aýdaýmaly bolarys-da.
Hezreti Pälwan Magtymgula ýüzlendi:
– Ýeri, şahyr, batyra näme jogap berýäňiz?
– Biz «Miskan fazilana»1 gelip, sizden tälim alyp başlalymyz bäri, her bir işde size geňeşýäs, tagsyr! – diýip, Magtymguly jogap berdi. – Bu gezegem maslahat siziň bilen.
– Ýogsa-da, tas ýadymdan çykan eken, tagsyr! – diýip, Dosmet batyr goltugyndan bir düýrlengi kagyz çykardy. – Hormatly Äraly işan size köp dogaýy salam ýollady.
Hezreti Pälwan haty okady-da, Magtymgula baka öwrüldi.
– Ol ýerde siziň şygyrlaryňyza muşdak bolýan ýeke Akmämmet beg dälmiş, şahyr. Äraly işanam siziň bilen hemsöhbet bolmagy arzuw edýämiş. Äraly işan Horezminde sarpasy tutulýan adamdyr. Onsoňam, siz jahankeşdeligi halaýarsyňyz. Bahana bilen Wasdaky gadymy galalara, saltyklar1 zamanyndan galan şäherleriň harabaçylyklaryna keşt edersiňiz.
Magtymguly razylyk bildirip başydy atdy.

■ «Ýeriň ýerden, äriň ärden parhy köp...»

Gün öýleden agypdy. Hywadan Wasa gidilýän kerwen ýoly bilen birnäçe atly sürüp barýardy. Olaryň öňüni üç atly çekýärdi. Olaryň biri Dosmet batyr, ikinjisi Magtymguly, üçünjisi Nazarlydy. Magtymgulyny toýa, meýlise çagyranlarynda Nury Kazym hem gidýärdi. Ýöne, bu gezek ol näsag bolany üçin, toýa gidip bilmedi.
Medresede bolan gürrüň zerarly keýpi bozulan Dosmet batyr entegem özüni dürsäp bilmändi. «Şol Ybadylla ahun diýilýän eline gylyç alybam bir öňümden çyksady! – diýip, ol ýolboýy içini gepledip barýardy. – Hamala taryh ýazýan hatdatmyş».
– Eşegem öz deňini gaşar diýip ras aýdylypdyr-ow! – diýip, ol edýän pikirini daşyna çykardy. – Şu alymsumaklar bilen iş salyşmaly däldigini ozalam bilýädim-le. Hondan bärsi bolan bolup, özlerinden başga adam bardyr öýdenoklar.
– Beý diýmäň, batyr! – diýip, Magtymguly jogap berdi. – Adam ýagşysy alymdyr! Alymlar adamzat äleminiň şamçyragydyr. Olara hormat goýmak gerek, batyr!
Magtymgulynyň düşündirişi batyryň maňzyna batmady. Şeýle-de bolsa, onuň kejine gaýtmady. Ýöne jogapsyzam goýmady.
– Käbir adamlar halys edere iş tapanog-ow! Ybadylla ahunyňam ýazan bolup ýören zadyna seretsene! Bu alymsumaklar soňabaka biri üýtgeşigräk üsgüräýse, şonam ýazyp aljaklar.
– Bular ýaly zatlary ýazýan adamlar gowy iş edýä – diýip, Magtymguly ýene Dosmet batyryň badyny aldy. – Herki zady wagtynda ýazyp goýamasaň, öwrenere zat tapylmaz.
– Şahyr diýýän-ä – diýip, Dosmet batyr sorady. – Ybadylla ahunyň bege şyltak atyp aýdan sözlerini makullaýaňyzmy?
– Akmämmet begiň Nedir şaha gulluk edeni hakmy?
– Gulluk etse edipdir-dä! Onuň näme gabahat ýeri bar? Aslynda, Akmämmet beg ikimiz üçin Nedir şa bilen Ilbars hanyň näme tapawudy bar? Ilbars hanam biziň doganymyz ýa garyndaşymyz däl. Biz näçe ýyllap Ilbars hana gulluk etdik. In soňunda-da ondan taňryýalkasyn almadyk.
– Nedir şanyň ýörüşlerine sizem gatnaşdyňyzmy?
– Ýok. Akmämmet beg öz malyna-mülküne esewan etmegi maňa tabşyryp, meni Horezmde goýup gitdi.
Magtymguly başga zat soramady. Dosmet batyryň gözüne öňde garam-guram görnen ýaly boldy. Has ýakyna gelenlerinde olaryň alty adamdygy belli boldy, özlerem pyýadady. Bäşisi ýaraglydy, altynjysy ýaragsyzdy. Üstesine ol biçäräniň iki eli-de daňylgydy.
Dosmet batyr olaryň deňine ýetdi-de, atyny keserdip, ýoly kesdi. Adamlar baş egip, oňa salam berdiler. Dosmet batyr eli daňylgy ýigide syn etdi. Ýaňy ýigrimi bäşe gadam basan bu ýigidiň gözleri ýanyp durdy, goşarlary ýogyndy, zähmetden ýaňa gabarçak baglan barmaklary gödensizdi.
– Baştutanyňyz kim? – diýip, Dosmet batyr sorady.
– Men, begim! – diýip, gyrçuw sakgally adam bir edim öňe ätledi. – Adym Gara Ýapban!
– Meni tanaýaňmy?
– Tanaýan begim! Hojaýynymyzyňka geleniňizde görüpdim.
– Siziň hojaýynyňyz kim?
– Hojaýynymyza Şamyrat baý diýýäler.
Şamyrat baýyň adyny eşidende Dosmet batyryň reňki öçen ýaly boldy.
– Bu ýigidem Şamyrat baýyň hyzmatkärimi? – diýip, ol eli daňylgy ýigidi görkezdi.
– Ýok, begim. Bu ýigit Şamyrat baý bilen oňuşman gitdi. Ony tutup getirmegi hojaýynymyz buýurdy.
– Onuň ýazygy näme?
– Bilmedim. Biz hojaýynymyzyň buýrugyny berjaý etdik.
– Mende ýazyk ýok, agam! – diýip, eli daňylgy ýigit janyýangynlylyk bilen arz etdi. – Hudaýyň ýanynda-da, bendesiniň ýanynda-da ýüzüm akdyr. Eger arzymy aýdar ýaly bir adalat diwanyny tapsam, bolşuny bolşy ýaly aýdyp, içimi sowadardym.
– Seniň adyň kim?
– Adym Çowdur! Şamyrat baý meni ele saljak bolup, köp wagt bäri tagalla edip ýördi. Men şu wagta çenli onuň adamlaryna per beremokdym. Bu bigaýratlaram arkam odunly gelýäkäm duýdansyz üstümi basdylar.
– Ýogsam tutdurmazmydyň?
– Tutdurmazdym! Enteg-ä bular bäş, on bolup gelselerem diri ele düşmezdim. Agam, siz şu ýerde bir adalatlylyk etseňiz-le! Meniň gollarymy bir çözsünler-le! Onsoň şular bäş bolup meni äkidip bilseler, men olara är diýäýerin.
– Onuň aýdýany dogrumy? – diýip, Dosmet batyr sorady.
– Arkasy odunlyka üstüni basanymyz-a dogry. Şeýdäýmesek bolanok, begim! Ol deýýus tüýs ikujuny deňlän adam!
– Naýynsaplar! Beýle bolsa, onuň ellerini çözüň-de, täzeden tutuň!
– Beýtmäň, begim! – diýip, Gara Ýapban dyza çöküp ýalbardy. – Birden ony sypdyraýsak, hojaýynymyz derimizi soýdurar.
– Bäş bolup bir adama hötde gelip bilmejek bolsaňyz, garagyňyz çyksyn! Çözüň gollaryny!
Gara Ýapban nätjegini bilmän ýaýdanyp durdy, Dosmet batyryň ýigitlerinden biri atdan düşdi-de, Çowduryň gollaryny çözdi. Çowdur gollarynyň daňylan ýerlerini owkalap, eliniň gurşugyny ýazmaga durdy.
– Gylyjyňam oňa ber!
Buýruk berlen ýigit gylyjynam ona uzatdy. Ony görüp Şamyrat baýyň adamlary möjek gören goýun ýaly bir ýere düýrlendi. Çowdur gylyjy aldy-da, Şamyrat baýyň nökerlerine topuldy. Topulan badyna-da nökerlerden biriniň sag elini ýaralady. Ýaraly nöker gylyjynyň elinden gaçanyny duýman galdy. Beýleki nökerler dördüsi dört ýerden Çowduryň üstüne hüjüm etdi. Çowdur iňňän çakgan eken. Ol edil gurt ýaly daraýardy, kä ýapyrylýardy, kä topulýardy, kä gaýra tesýärdi, her hili gaçalak edil, özüne gylyç saldyranokdy. Dosmet batyr Çowduryň çakganlygyna kaýyl galdy. Dosmet batyryň bu tomaşasy Magtymgulynyň gözüne elhenç göründi.
– Edýän işiňiz näme, batyr? Adam uruşdyryp, seredip durmagyň näme keýpi bar?
– Bir wagtlar Akmämmet beg menem şeýdipdi. Meni bir topar adamyň garşysyna goýberipdi. Bü ýigidem bir synap göreli ahyry.
Magtymgulynyň gahary geldi. Ol näme diýip, näme aýtjagyny bilmedi-de, atyny sürüp gidiberdi. Şol aralykda Çowdur ýene bir nökeri ýaralady.
Nökerler üç bolup galdy. Şondan soň Gara Ýapban birden guduz açan ýaly hüjüm edip başlady, ol kellesiniň gyzgynyna Çowduryň alkymyna dykylyp baranyny-da duýmady. Içi ýanyp duran Çowdur onuň kellesinden gylyjyy saldy. Gylyç sag ýaňakdan degip, dulugyň etini serpip goýberdi. Şamyrat baýyň nökerlerinden biri ökjäni göterdi. Ony görüp, beýleki nökerem ökjäni göterdi. Çowdur olary kowmaga başlady. Iki nökeriň bir adamdan gaçyp barşyna Dosmet batyr hahahaýlap güldi.
– Ony getiriň! – diýip, Dosmet batyr bir nökere buýruk berdi-de, Magtymgulynyň ýanyna bardy. Ol atynyň ýüzüni terse öwrüp, başga ýana seredip durdy.
– Siz nämäni ýokuş gördüňiz, şahyr? Men Çowduryň dilegini berjaý etdim ahyry. Ýa-da men adalatsyz iş edipmidirin?
– Siz Çowdury halas edip goýberäýen bolsaňyz, adalatly iş etdigiňiz bolardy. Adam uruşdyrmakdanam bir tomaşa bolarmy!
– Aýyplaşmaň, şahyr! Bu tomaşany halamajagyňyzy bilmändirin.
Çowduryň yzyndan giden nöker ony alyp geldi.
– Berekella! – diýip, Dosmet batyr Çowdury taryplady. – Sen edenli ýigit ekeniň! Sen mert bolgun, gaçany kowujy bolmagyn!
Çowduryň halys ysgyny gaçan bolara çemeli, aňyrdan gelşine gaty ýerde süýnüp ýatyberdi. Onuň sag omzunda gan bardy.
– Onuň ýaralaryny daňyň!
– Aý, ýara hiç-le! – diýip, Çowdur sypaýyçylyk etdi. – Ýöne ygtyýar bolsa, senden bir dilegim bar.
– Aýdyber!
– Namartlygam bolsa, şu adamyň gylyjyny almaga ygtyýar etsene! – diýip, Çowdur serlip ýatan Gara Ýapbany görkezdi. – Şamyrat baý meniň yzymdan ýene kowgy iberer. Gylyjym bolsa garaz günümi görerdim.
– Al! – diýip, Dosmet batyr jogap berdi.– Ýaragam işledip bilýän adam göterse ýagşy!
Çowdur Gara Ýapbanyň gylyjyny aldy.
– Sen nirä gitsem diýýän? – diýip, Dosmet batyr sorady.
– Bilemok.
– Ýör, biziň bilen gidiber! Biziň begimiziň saýasynda bolsaň, towugyňa tok diýip biljek adam bolmaz.

■ «Adamzady tanap bolmaz syn bilen...»

Dosmet batyr uzak ýoly arka atansoň, myhmanlary Akdepe galasyna alyp bardy. Bu wagt galanyň derwezesi açykdy. Atly, düýeli adamlar birsyhly girip-çykyp ýördi. Magtymguly gabak astyndan galany synlady. Galanyň diwary üç adam boýundan pes däldi. Onuň alty ýerinde kiçiräk küňre dikelip otyr. Galanyň içinde birnäçe ak öý we laýdan salnyp, ýüzüne gara suwag çekilen ýönekeýje jaýlar bar. Galanyň kybla burçunda ýerleşýän bir jaý başgalardan tapawutlanýardy. Onuň diwarlary beýikdi, gabarasy uludy. Demirgazyga garap duran giň eýwanyny alty sany agaç sütün saklaýar. Sütünleriň we jaýa girilýän gapylaryň ýüzüne oýma nagyş salyngydy. Galanyň içi gaýda-gaýmalaşyk. Biri ýük düşürýär, ýene biri ojak gazýar, başga biri odun aýyrýar. Ýaragly ýigitleriň birnäçesi atlaryny eýerlese, ýene birnäçesi atlaryny arkalaýar. Galadaky adamlar Magtymguly bilen salamlaşanlaryndan soň, olary eýwanly jaýa alyp bardylar. Çowdury başga ýere äkitdiler. Bu jaýda ötlem-ötlem üç otag bardy. Birinji otagda hiç kim ýokdy. Ikinji otaga geçdiler, onda-da hiç kim ýokdy. Üçünji otag beýlekilerden giňdi. Onuň içine düşelen halylaram has öwüşginlidi. Jaýyň töründe sakgalyndan ak giren, uzyn boýly adam ýassyga ýaplanyp ýatyrdy. Onuň başyndaky gara telpeginden beýleki eşikleriniň hemmesi – egnindäki zerli dony-da, nagyşly ädigi-de eýran begleriňiň lybasyny ýadyňa salýardy. Ol görer göze inçesagt görünse-de, süňňi daýawdy, boýny ýogyndy. Ol Ybadylla ahunyň taryh depderinde «tarypy edilýän» Akmämmet begdi.
Magtymgulydyr Nazarly däp boýunça salam berdiler. Akmämmet beg ýerinden turup, olar bilen görüşdi.
Akmämmet beg Dosmet batyra ýüzlendi:
– Myhmanlara hezzet ediň! Äraly işanyňam yzyndan adam iber!
Dosmet batyr çykyp gitdi. Iňrik kem-kemden garalýardy, öýüň içi garaňkyraýardy. Hyzmatkärlerden biri gelip, pelteli çyra ýakdy.
– Äraly işanam garaşyp oturandyr – diýip, Akmämmet beg ümsümligi bozdy. – Geleniňizi eşidäýse, gelse gerek.
Hyzmatkär supra ýazdy. Gowrulan et, çal hem çörek getirip, myhmanlary naharlady. Oňa çenli agşam namazyna azan aýdyldy.
– Agşam namazyny şu ýerde okaýalyň! – diýip, Akmämmet beg maslahat berdi. – Namazdan soň işan aga-da geler.
Äraly işan agşam namazyndan soňam gelmedi. Ol ýassy namazyndan soň geldi. Ol sellelidi, egninde mele ýüpek dony bardy. Onuň sakgaly agam bolsa, ýüzi ýaş görünýärdi, maňlaýynda ýygyrt ýok diýen ýalydy, ýaňaklary dym-gyzyldy. Hemmeler ýerlerinden turup, onuň bilen görüşdiler.
– Hoş gördük, şahyr! – diýip, Äraly işan gepbaşy hökmünde söze başlady. – Köp ýyl mundan ozal siziň ataňyz bilen Hywada uçraşypdyk. Ataňyzyň taby neneň? Saglygy oňatmy?
– Hudaýa şükür! Oňuşarça bar – diýip, Magtymguly jogap berdi.
Äraly işan gelenden soň gürrüň janlandy. Ol Etrek, Gürgen etrapynyň ýagdaýy hakynda soraşdyrdy. Ýaş wagtlary şol obalara gezelenç edip gaýdyşyny gürrüň berdi. Söhbetiň soňy Magtymgulynyň özüne ýazyp gitdi.
– Bizde siziň goşgy diwanyňyz bar – diýip, Äraly işan dowam etdi. – Aňrujy elimiz degse okyýas. Sizem ataňyz ýaly asylly pikiri wagyz edýärsiňiz. Külli türkmeniň agzybir memleket bolup, bir döwlete gulluk etmegini arzuw edýärsiňiz.
– Halk nätsin! – diýip, Akmämmet beg söz oklady. – Halk bir süri goýundyr! Goýun diýeninem çopana bagly zatdyr. Nirä sürseň, eňer barar. Garamaýak halka dana hem edenli baş gerek.
– Hawa, halka baş gerek – diýip, Äraly işan makullady. – Baş bolmasa göwre läşdir. Bu hakda siziň ataňyzyň aýdan bir gowy sözi bar:

Göwre läş bolgaý eger baş bolmasa,
Bitmez iş, hak lutfy ýoldaş bolmasa.


– Halkda ýazyk ýok – diýip, Magtymguly jogap berdi. – Kemine guluňyz türkmen taýpalarynyň ençeme han-begleri bilen gürrüňdeş boldy. Olaryň haýsyny gepletseň il-halkyň bähbidini aranok-da, öz häkimligini rowaçlandyrjak bolup dalaş edýär. Türkmenleriň agzybir bolup bilmeýänligi üçin günäkärleri ýazgarmaly bolsa, ilki nobatda halkyň öňüne düşýän kethudasumaklary ýazgarmak dürs bolar.
Magtymgulynyň bu sözüni Akmämmet beg öz peýdasyna gönükdirmäge synandy.
– Üstünden bardyň, şahyr! – Türkmen hanlarynyň hemmesi bir hökümdaryň agzyna garamasa, ýurtda agzybirlik bolmaz! Ol sebäpdenem, ähli türkmen kowumlaryny dyza çökerip bilýän bir hökümdar gerek. Eger siziň ýaly bir dana şahyr huzurymda bolan bolsa, men bu işe hötde gelip bilerdim.
– Türkmen kowumlary zor bilen dyza çökerilmekden halys bez bolupdyr. Olaryň rehimsizligiň öňünde epilen billeri büküle-büküle köne ýaýa dönüpdir. Indi ol biller Allatagaladan ýazylganlyk hem erkinlik isleýär. Biziň halkymyz rehimsiz häkime mätäç däl-de, erkinlik berip biljek edenli arkadaýanja mätäç!
– Bu zatlar Alla tarapyndyr! – diýip, Äraly işan gürrüňe goşuldy – Ýöne, dälini taýak ýola getirer diýlişi ýaly, amana gelmeýän adamlara göz görkezäýmegem hudaý ýazgaranok. Pygamber hezretleriniň giýewsi, dört Çaryýarlaryň biri hezreti Aly hem kapyrlary dine girizjek bolanda ilki geňeşi öz zülpikaryndan sorapdyr.
– Hezreti Aly diýip, beýle daşa gitmek nämä gerek? – diýip, Akmämmet beg ara sokuldy. – Siz ýaňy-ýakynda höküm sürüp geçen Nedirguly owşary alyp göräýiň! Nedir şa, gör, näçe ýurdy agzyna garatdy! Eger şol ýurtlaryň kethudalaryny Wasyň düzüne ýygnagada geňeş sorasaň, olaryň hiç haýsam Nedirgula raýat bolmaga kaýyl bolmazdy. Nedir şa olary zor bilen dyza çökerdi.
– Bizi bagyşlan! – diýip, Magtymguly jogap berdi. – Biz türkmen taýpalaryny agzybir döwlet gurmaga çagyryp, goşgy düzdük. Ýöne Nedir şa ýaly häkime raýat bolmagy ündemändik.
– Şahyr, siz okumyş adam bolanyňyz üçin, hemme zady sypaýyçylyk bilen düzedip bolaýýandyr öýdýäňiz – diýip, Akmämmet beg güldi. – Bular ýaly meselede garry serdarlara maslahat salnaýsa kem bolmaz. Siz makullasaňyzam, makullamasaňyzam iň soňunda meniň aýdanyma gelmeli bolar. Şu pursatda bize Nedir şa ýaly bir är ýigit gerek.
– Nedir şa! – diýip, Magtymguly gaýtalady. – Adalatsyz häkimden görelde almak nämä gerek?!
– Adalat diýilýän güýjüňe bagly zatdyr! Kimiň güýji zor bolsa, onuň her bir eden işi adalatly bolýandyr. Siz geçmiş taryha ser salyp görseňiz, adalat elmydama söweşde ýeňen kişiň tarapynda bolýandyr. Ýeňilenler hem urulýandyr, hemem adalatsyzlykda aýyplanýandyr.
– Taryhdan sapak almaly bolsa, ýene bir zady unutmaly däl. Taryha göz aýlasaňyz, halkyň gargyşyna galyp gazanylan häkimligiň uzak rowaç tapmyýanlygyny gürrüň berer. Ýany işan aga biziň atamyzyň bir wesýetini ýatlady. Ýeri gelen wagty men size onuň ýene bir wesýetini ýatladaýyn:

Ýyrtyjy gaplaň bil ony, eý, pahyr,
Halk era zulum etgujy Şahu-emir.

Jebpi-zulmy patyşahy-zalymyň,
Ok bolup öz janyna deggeý, biliň!

Her kişi kim ot ýakar – özi bişer,
Gazsa her kim çah – oňa özi düşer.


Nedir şanyňkam şeýle boldy. Öz ýakan oduna özi bişdi, öz gazan çukuryna özi düşdi. Ýaňy siz pukara halky bir süri goýna deňediňiz, begim. Ýok, halk goýun däldir! Dünýäniň ähli nazy-nygmatyny, bezeg-zynatyny döredýän pukara halkdyr. Baýlary baý, hanlary han, begleri beg edýänem pukara halkdyr. Şu ýerde atamyzyň ýene bir wesýetini ýatladaýyn:

Gör pakyrlar bolmasaýdy dünýäde,
Bes heläk bolgaýdy baýlar, eý dede.


– Atamyzyň beren wesýet-ä şeýle. Adalat tugyny göterýän hanlar, soltanlar pukara halka hormat goýmalydyr! Kimde-kim ejize ganymlyk etse, ony Allaň ýazgarjagy şeksizdir.

Süleýman sen – mura bir gulak goýgul,
Sözüni diňlegil, jogabyn aýgyl,
Häkim bolsaň halky Gün kibi çoýgul,
Akarda suw ýa öserde ýel bolgaý!


– Hut altyna gaplaýmaly sözler! – diýip, Akmämmet beg köpbilmişlik bilen jogap berdi. – Men ýene bir gezek aýdýan! Eger siz meniň huzurymda bolsaňyz, biz uly işler edip bilerdik.
– Şahyrlar giň dünýäni söýýär, begim! Bir galany saklap oturmaga ýürek takat etmezmikä öýdýän.
– Haýp! Men bähbitli işiň ugruna çykmagy ýüregime düwüpdim. Gaty garramakam bir edermenlik görkezesim gelýädi.
– Bähbitli işiň ugruna çyksaňyz, myradyňyza ýetersiňiz enşalla! Ýagşy niýet adama hümmet berer!
Akmämmet beg dymdy. Onuň bolup oturyşy ýoknasyz söz aýdaýjaga meňzeýärdi. Bu syry Äraly işan hem aňlady.
– Şahyr alys ýoldan ýadap gelendir, begim! – diýip, ol sypaýyçylyk etdi. – Adamlaram şahyryň goşgularyny diňlejek bolup, ertire howlugýandyr. Ertir olara goşgy sanap bermelidir. Şahyra dynç bereliň! Galan gürrüňi, saglyk bolsa, erte agşam edäýeris!

■ «Ýigide ýoksullyk ýaman beladyr...»

Dosmet batyr Magtymgulydyr Nazarlyny bir beýik sekiniň ýanyna getirdi. Laýdan salnan bu sekiniň beýikligi adamyň guşaklygyna barabardy. Oňa basgançak bilen münülip düşülýärdi.
Magtymguly dagy baranda sekiniň ýanynda başyna köne ýaglyk daňlan, aýagy çepekli bir ýigit durdy.
– Şükür! – diýip, Dosmet batyr ony çagyrdy.
– Lepbeý, aga!
– Myhmanlara düşek ýazdyňmy?
– Ýazdym, aga!
– Işiň bilen boluber! – diýip, Dosmet batyr Şüküre rugsat berdi. – Azan bilen myhmanlaryň hyzmatyna gelersiň!
– Lepbeý, aga! – diýdi-de, Şükür gitdi.
– Ýatyň, şahyr! – diýip, Dosmet batyr sypaýyçylyk etdi. – Siz bu gün ýadansyňyz. Siziň goşgularyňyzyň teşneleri ertirem size rahatlyk bermez.
Dosmet batyr gitdi.
– Şahyr diýýän-ä – diýip, Nazarly pyşyrdady. – Akmämmet bege synyň oturdymy?
– Bir göreniňi öwmegem, ýamanlamagam hatadyr!– diýip, Magtymguly jogap berdi. – Iş salşyp görmän adam tanap bolmaz.
– Meniň çak edişime görä-hä, Akmämmet bege siziň pisindiňiz oturmady. Sözüňiziň ahyrynda «Bähbitli işiň ugruna çyksaňyz, myradyňyza ýetersiňiz!» diýip, oňa gylaw berdiňiz welin, şoňa näme diýjegimi bilemok.
– Ýagşyny öw, mertebesi artsyn, ýamany öz, pälinden gaýtsyn!
Nazarly başga zat soramady. Gijäniň köpüsiniň geçenligine garaman, Magtymgulynyň ukusy tutanokdy. Ol Akmämmet beg bilen edilen gürrüňler hakynda oýlandy. Ybadylla ahunyň medresede beren gürrüňi-de ýadyna düşdi. Akmämmet beg köpbilmiş adama meňzeýär! Köpbilmiş adamlar her bir edýän işini hasaply edýär. Onuň Magtymguly şahyry arzylap toýa çagyrmagam hasapsyz däldir. Akmämmet beg hakynda näçe oýlandygyça Magtymgulynyň akyl gämisi pikir derýasyna beter gark bolýardy. Ahyry Magtymguly uklap bilmejegini bildi-de, kellesini göterdi. Şonda sekiniň ýanynda bir adamyň dikelip duranlygyny gördi.
– Şahyr! – diýip, duran adam pyşyrdady. – Uklaňzokmy?
– Çowdur?! Bu wagt bu ýerde näme işleýäň?
– Menem siziň ýanyňyzda ýatybereýin-le, şahyr! Maňa düşegem gerek däl. Şujagaz ýerde ýatybereýin.
– Meniň ýanyma geläý! – diýip, Magtymguly öz düşeginden ýer hödür etdi. – Şu düşek ikimize-de bolar.
– Ýok! Men düşek isläp gelemok. Men ýöne siziň ýanyňyzda bolaýyn diýip geläýdim. Ýogsam ukymam tutanok.
– Gowy edipsiňiz, Çowdur. Meniňem ukym tutanok. Az salym gümür-ýamyr ederis welin, ikimiziňem ýüregimiz köşeşer. Belki, süýji ukam nesip eder.
– Şeýtseňizläň, şahyr! Siziň gürrüňiňizi diňlemeli bolsa, men-ä asyl ýatjagam däl.
– Meniň güman edişime görä – diýip, Magtymguly ýassyga ýaplandy. – Siz ýaşam bolsaňyz, köp gowgany başdan geçirene meňzeýärsiňiz. Şu wagtam siziň başyňyzda uly gowga bar ýaly.
– Hawa, gowga-ha bardyr öz-ä!
– Irnik görmeseňiz, şony gürrüň edip beräýseňiz!
– Wah, şahyr! – diýip, Çowdur ýangynly gürledi. – Dertli bende derdini soran tapsa, heýem içini dökmezmi? Adam derdinişer ýaly dertdeş tapyp içini dökse-de, derdi kiparlan ýaly bolýar. Ýöne men bir içimi döküp başlasam, ol wagty bilen gutarmaz.
– Ukyňyz tutmyýan bolsa, gürrüň beriň!
Çowdur telpegini ýassyk hökmünde tirsekläp gyşardy.
– Ýolda gelýäkäk gürrüňden gürrüň çykyp, siziň gökleň ilinden gelenligiňizi eşitdim, Ol sebäpdenem sizi göremde hossarymy gören ýaly boldum. Menem gökleň.
– Gökleň? Ataňyza kim diýerler?
– Atamyza Aga ýalaw diýerdiler.
– Aga ýalaw! – diýip, Magtymguly gaýtalady. – Biz Aga ýalawy göremzok. Ýöne adyny köp eşidipdik. Edenli adamdy diýýäler.
– Hawa, ol kişi minnetini çekýän adam däldi. Kişi minnetini çekmejek bolubam hupbatly güne düşdi. Ol wagtlar men çagadym. Bir gezek türkmenler Nedir şa garşy gozgalaň turuzdylar. Şol gozgalaňa biziň atamyzam gatnaşdy. Ýöne, gozgalaňçylaryň işi şowly bolmady. Şondan soň Nedir şa gozgalaňçylardan rehimsiz öç aldy. Eşidişime görä, Nedir şa türkmenleriň kellesinden giden bir depe ýasapdyr diýýäler. Adamlar dogduk diýarlaryny taşlap, daglara, düzlere gaçyp gitmäge mejbur boldy. Kakamam bizi şu ýere – Horezme getirdi. Göçüp gelenimizden soň kakam çopançylyk etdi. Gabat gelen wagty awçylygam ederdi. Ol gylyç tutmaga-da, peýkam atmaga-da hiç kimden asgyn däldi. «Aga ýalaw obada bolsa, obamyza ýagy gelmez!» diýip, oba adamlary ýöne ýere aýdanokdylar. Suw küýzesi ada synar diýlişi ýaly, kakam pahyryň ajalam gylyç ujundan boldy. Ol obamyzyň çekenesini garakçylardan gorajak bolup, janyny pida etdi. Näsag ejemi hem özümi eklemek meniň boýnuma düşdi. Ol wagt men ýaňy on dört ýaşyma gidipdim. Menem kakamyň kärini dowam etdim. Aw awladym, çopançylyk etdim. Bir gün aç bolduk, bir gün dok bolduk, garaz, ölmän şu güne ýetdik. Bir gezek men çöle awa gitdim. Uzakly gün selpäp ýekeje-de awlar ýaly jandara sataşmadym. Ne keýik duşdy, ne towşan, ne tilki duşdy, ne garsak. Iňrik garalandan soň Şamyrat baýyň sürüsini bakýan çopanlaň ýanyna bardym. Gaty ýadaw bolamsoň, basym uklapdyryn. Daňa golaý aýylganç gykylyk eşidip oýandym. Görsem daşym ala-zenzele! Sürä möjek daran eken!
– Möjek? diýip, Magtymguly geňirgendi.
– Gözümi açyp seretsem, bir möjek bir goýnuň bogazyny çeýnäp dur. Men gapdalymda ýatan ýanagajy aldym-da, möjegiň kellesinden saldym. Taýak degdi. Gazaba münen möjek goýny taşlady-da, maňa topuldy. Men sag elime pyçagymy, çep elime-de telpegimi aldym. Möjek üstüme zyňandan telpegimi agzyna tutuburdim-de, pyçaklap başladym. Bagtyma pyçak jaýdar işlän eken. Möjegiň eňki gidiberdi. Çopanlar «möjegiň hamyny Şamyrat baýa çekim et!» diýip, maslahat berdi. Men ony Şamyrat baýa çekim etdim. Şamyrat baý maňa bir işek berdi.
– Kakaňam mende çopançylyk edipdi – diýip, Şamyrat baý öwündi. – Senem meň sürülerimiň birine baraý! Hakyňy kem etmen.
Men razylyk berdim. Meni Goşjan aga diýen bir çopana çoluk edip iberdi. Goşjan aga gowy adam eken. Ol ikimiz basym öwrenişdik. Soňabaka edil ata-ogul ýaly bolduk. Ýazlag wagtlary biziň goýun bakýan ýaýlamyzda adam köp bolýardy. Meniň ejemem, Goşjan agaň maşgalasam ýazlaga gelerdi. Aýallar goýun sagýady, çagalar goýun kökerýärdi. Men şonda Goşjan aganyň gyzy Melektäji gördüm. Ol gaýsyz owadandy. Ýüzüne gözüň kaklyşaýsa, şol bada onuň ýesirligine düşeniňi duýman galýarsyň! Men kesesinden oňa aşyk boldum. Meniň aşyk bolşumam perwananyň oda aşyk bolşy ýalydy, yşk oduna köýüp ýörmekden başga edip biljek alajym ýokdy.
Ýazlag gutarandan soň aýallardyr çagalar oba gaýdýardy. Melektäç-de gaýdýardy. Meniň ýüregimiň kararynam özi bilen alyp gidýärdi. Onsoň men başa barmajak süýji arzuwlary özüme höwür edinip, jowranyp galýardym. Wagtal-wagtal Goşjan aga meni azyk getirmek üçin oba iberýärdi. Şonda azajyk wagtam bolsa. Melektäjiň didaryny görmek miýesser edýärdi. Şojagaz azajyk wagtyň özi-de meniň kalbymda ýatdan çykmajak yz galdyrýardy. Aradan iki ýyl geçdi. Bir gün gijara men odun ýygyp ýörkäm, biziň bakýan sürümize garakçy dökülipdir. Olar sürüden bir bölek goýny sürüp äkitjek bolupdyr. Goşjan aga-da bermändir. Olar Goşjan agany güýlüp, elini-aýagyny daňmakçy bolýalar. Edil şol wagtam men ýetişdim. Men aňyrdan gelşime garakçylardan birini pil bilen urdum. Onsoň onuň gylyjyny aldym-da, beýleki garakçylar bilen gylyçlaşmaga durdum. Garakçylar gylyç urmaga türgen däl eken. Men olaryň ýene birini ýaraladym. Ikinjisini ýaralamda özüme-de ýara düşdi. Ýöne, garakçylar meniň ýaralananymy aňmadyk bolara çemeli, yzlaryna dolandylar-da gaçdylar. Şondan soň Goşjan aga meni hasam gowy gördi. Meniň ýaralananymy eşidip, ejem yzymdan geldi. Şonda Goşjan aga ejeme:
– Tüweleme! Seň edermen ogluň bar – diýipdir. – Ol meni hem-ä ajaldan, hemem masgaraçylykdan halas etdi. Men tä ölýänçäm oňa bergilidirin. Ol gutulyp aýak üstüne galsyn bakaly, öz gyzymy berip, ony öýlendirjek.
– Biz onuň galyňyny nädip üzeris? – diýip, ejem uly gaýga galypdyr. – Biziň gara başymyzdan başga hiç zadymyz ýok ahyry.
– Gyz malyndan baý bolan ýokdur! Men gyzymy mugt beräýjek.
Bu habary ejem maňa buşlady. Meniň depäm göge ýetdi. Maňa Melektäç bilen maksada ýetmek miýesser etse, Allatagaladan başga dilegim ýokdy. Şol günler Şamyrat baýyň ogly Balmyrat bir söý bilen Melektäji görüpdir-de, oňa aşyk bolaýypdyr. Ol muny kakasyna-da duýdurypdyr. Şamyrat baý Goşjan agalara sözaýdyjy iberipdir.
– Öňräk gelen bolsaňyz bolaýjak eken, eýýäm başga ýer bilen guda bolaýdyk – diýip, Goşjan aga sypaýyçylyk edipdir.
Şamyrat baýyň ogly bu jogaba kaýyl bolmandyr.
– Men Melektäçden başga gyza öýlenjek däl! – diýip, aýagyny depip durmyş.
Bir gün Şamyrat baý Goşjan agany öýüne çagyryp:
– Sen gyzyňy berersiň! – diýip, haýbat atypdyr.
Goşjan aga oňa köp ýalbarypdyr. Şamyrat baý etmändir.
Bu habary eşidip ýüregime ot ýapyşdy. Men Goşjan aga bilen ejemiň töwellasyna gulak asman, Şamyrat baýyň üstüne gitdim. Barsam baý ters eýwanda per ýassygy tirsekläp, gyşaryp ýatyr.
– Seni bu ýerik kim çagyrdy? – diýip, baý azgyryldy. – Näme üçin sürini taşlap gaýtdyň? Men seň ýaly başyna giden deýýusy bir günem saklaman!
– Bolmlnda-da şu günden şeýläk seniň hyzmatyňy etmen. Özüňem bilip goý, men garybam bolsam binamys däldirin. Gelinligimi elimden almaga meýil eden adam ýa meniň kellämi alar, ýa-da öz kellesinden dynar!
Men Şamyrat baýa şerebeli sözler antdym-da, gitdim. Köp wagtlap özümi dürsäp bilmedim. Içimiň ýangynyna özümi ýandaklaryň, gyzganlaryň üstüne okladym, gaty ýere kellämi urdum. Men hernäçe däli-porhan bolsamam ýüregimde bägül bolup açylan Melektäçden uzak gitmeýärdim. Şol töwerekdäki hyşalyklaryň arasynda ýatyp, ertirden agşama olaryň gapysyna göz dikip oturýan wagtlarymam bolýardy. Hiç bolman uzakdan Melektäjiň didaryny görmek miýesser etse-de, göwnüm biten ýaly bolýardy. Bir gezek men Melektäçlere baka barýakam Balmyradyň şol tarapa barýanlygyny göräýdim. Ol geýnüwlidi, bili gylyçlydy, agyzzyrygyny çeýnäp duran mes alaşa münüp barýardy. Men onuň gelýänini gördüm-de, ýoluň ýakasyndaky ösgün akbaşlaryň arasynda bukuldym. Ol maňa golaýladygyça, oňa bolan gazabym möwç alýardy. Balmyrat bukulyp ýatan ýerime ýetip-ýetmänkä, men syçrap ýerimden turdum-da, atyň jylawundan ýapyşdym. Mes alaşa birden çarpaýa galdy-da, bir gapdala zyňdy. Atyň jylawy elimden sypdy. Meniň bagtyma Balmyrat atdan ýykylaýdy. Maňa geregem şoldy. Ony bagyrdadyp basdym-da, gylyjyny gynyndan sogrup aldym.
– Tur ýeriňden!
Baý ogly sazanaklap, ýatan ýerinden galdy.
– Öňümde dyza çök!
Baý ogly gymyldaman ýüzüme seredip otyrdy,
– Dyza çök diýýän!
Men gylyjy salaýjak ýaly edip bat aldym. Balmyrat mundan artyk batyrlyk edip bilmedi-de, dyza çökdi.
– Indi, bar, gümüňi çek! Özüňem bilip goý, eger Goşjan agaň gyzyňa öýlenäýseň, öýlenenje günüň kelläňi kakaryn.
Balmyrat gözüni elek-çelek etdi-de, ýerinden turdy.
– Gylyjymy beräý-dä!
– Bermen! Aýdanymy etmän, Melektäje öýlenäýseň, seniň gylyjyň öz kelläňi kesmek üçin gerek bolar.
Balmyrat gitdi. Gylyjy mende galdy. Men bu eden işimiň idegsiz galmajagyny bilýädim. Ýöne gorkmyýadym. Melektäç üçin ölsem sähelçe-de ahmyr etjek däldim. Şamyrat baý hernäçe özüne göwni ýetýän adamam bolsa, toýuň sähedini belläp bilmedi. Ol meni ele saljak bolup köp aňtady. Iň soňunda-da odundan ýüklenip gelýäkäm, namartlyk bilen üstümi basdylar. Ine, şahyr, meniň başymdan geçen wakalar-a şeýle.
– Hawa, Çowdur, hiç ýerde adalat ýok! – diýip, Magtymguly uludan dem aldy. – Meniň size bir wesýetim bar. Ursa-da, sökse-de, horlasa-da, ýene-de öz iliň ýagşydyr! Aňrujy ýagdaýyny tapsaňyz, öz ýurduňyza dolanyp baryň!
Güjüm agajynyň aňyrsynda bir göwre gymyldan ýaly boldy.
– Otaýda bir-ä bar, şahyr – diýip, Çowdur pyşyrdady. – Biziň gürrüňimizi diňleýär öýdýän.
Güjüm agajyna bukulyp duran adam duýulanlygyny aňdy-da, pişik basyşyny edip aňyrlygyna gitdi.
– Onuň kimdigini bilip geleýinmi? – diýip, Çowdur sorady.
– Ýok, ýatyberiň! Her bendäniň öz aladasy bardyr.
Magtymguly gyşardy-da, kellesini ýassyga goýdy. Çowduram telpegini ýassanyp gyşardy.

■ «Ýamaňdan ýagşy set bolmaz...»

Daň saz berip ugrapdy. Ýüregi ýaraly, kalby ünjüli Çowdur ukusyndan oýandy. Ol bir topar atlynyň derwezeden girip gelýändiklerini gördi. Daňdanyň ümüş-tamşynda adamlaryň ýüzi onçakly saýgartmasa-da, Çowdur öňden gelýän atlyny tanady. Onuň ýüregine howul düşdi. Magtymguly süýji ukuda ýatyrdy. Çowdur ony oýarmaga dözmedi-de, Nazarlyny yrady.
– Ukyňy bozaýdym welin, aýyp görmäweri. Ýüregime howul düşdi-de, seni turzaýdym.
– Näme boldy?
– Bir topar atly bilen Şamyrat baý geldi.
– Toýa gelendir-dä – diýip, Nazarly perwaýsyz jogap berdi.
– Ol meniň yzymdan gelendir. Meni onuň eline beräýseler, erbet jeza berildigi hasap edäýiň!
Nazarlynyň gözlerinde howsala döräp başlady.
– Sizi çagyryp getiribem ýene Şamyrat baýyň eline berip goýberjek bolsalar... Ýok, her neneň biynsap adamam özüni penalap gelen adamy duşmanynyň eline bermez.
– Men gorkýan! Akmämmet beg bilen Şamyrat baý dostmykan öýdýän. Men Akmämmet begiň Şamyrat baýyňka baranyny köp gezek gördüm. Meniň ýaly bir garamaýagyň jany üçin Akmämmet beg Şamyrat baý bilen arasyny bozmaz.
Nazarly pikire batdy. Eger Akmämmet beg bilen Şamyrat baýyň dostlugy çyn bolsa, elbetde, ol Akmämmet begden dileginiň bitjegine ynanyp gelendir. Onda Dosmet batyr näme? Ol Çowdury alyp gaýdanda bu zatlary nazarda tutmadymyka?
– Men nätsemkäm? – diýip, Çowdur Nazarlynyň pikirini böldi. – Oba garşy eňäýsemmikäm?
– O nähili oba? Beýtseň ajalyň agzyna bardygyň bolmazmy?
– Aý, ezraýyl meniň kastyma çykyp ugran bolsa, her ýerde bolsamam tapar. Öňi-soňy öljek bolsam mertlik bilen ölenim ýagşy!
Nazarly sesini çykarmady.
– Men Şamyrat baý bilen oýnumyň deň gelmejegini bilýän. Ol eýder-beýder ahyry meniň ýoguma ýanar. Ýöne menem-ä kastymy kyýamata goýmajak bolaryn.
Erte namazyna azan aýdyldy. Magtymguly ýalpa gözüni açdy.
– Sag-aman ördüňizmi?
– Hudaýa şükür! – diýip, Nazarly jogap berdi. – Çowdur basga galyp otyr. Bu ýere Şamyrat baý gelipdir.
– Ol «Meniň gandarymy beriň» diýjekdir.
– O nähili gandar? – diýip, Çowdur geň galdy.
– Siz Gara Ýapbanyň kellesini gaty çapdyňyz. Ol Alla amanadyny tabşyran bolsa gerek.
Şu halatda Şükür iki sany kündük alyp geldi:
– Essalawmaleýkim, agalar! Kündük getirdim. Täret gylsaňyz.
Ol kündukleri goýdy-da, öz ugruna gitdi.
– Men näme işlesemkäm, şahyr? – diýip, Çowdur sorady.
– Az salym sabyr ediň! Häzir Akmämmet begem, Dosmet batyram metjide barar. Namaz okalandan soň olar bilen gürleşerin.
Magtymgulydyr Nazarly täret gyldylar-da, metjide gitdiler. Çowdur gözlerini tegeläp, olaryň yzyndan seredip galdy.
Metjit galadan at gaýtarym uzakda ýerleşýärdi. Onuň laýdan salnan giň dörtburç jaýy bardy. Jaýyň aşagy toýun bilen suwalgydy. Metjidiň hemme ýerine ak keçe düşelgidi.
Magtymguly baranda namaza durjak adamlaryň aglabasy ýygnanypdy. Magtymguly hemme kişä birden salam berdi-de, gabak astyndan duran adamlary gözden geçirdi. Akmämmet bet onuň gözüne ilmedi. Magtymguly ony geň görübem durmady. Din-yslamyň tuguny belende götermegi niýet edinýän alyhezretleriň hemmesem şeýle edýär ahyry. Olar tenha anna günleri metjide gelýär. Akmämmet beg hem şolardan görelde alýandyr-da, elbetde.
Erte namazy okaldy. Magtymgulydyr Nazarly metjitden çykdy. Olaryň ýanyna Dosmet batyr geldi.
– Begimiz sizi nahara çagyrýa. Ýörüň, begimiziňkä baralyň!
– Saglyk bolsa, begiň çakylygyna bararys, batyr! – diýip, Magtymguly jogap berdi. – Sizden bir towakgam bar. Siz Çowdury bilýänsiňiz.
– Ony özüm alyp gaýtdym ahyry.
– Şu gün daňdan Şamyrat baý gelipdir. Ony görüp Çowdur basga galyp otyr.
– Habarym bar. Onuň näme üçin geleninem güman edýän. Çowdura aýdaýyň! Ol tarapdan hatyrjem bolaýsyn!
– Eşidişimize görä, Şamyrat baý Akmämmet begiň dostumyş.
– Dogry! Şamyrat baýyň biziň begimiz bilen dost bolany hak. Soňky wagtlarda olaryň dostlugy yraň atdy. Şamyrat baý begimizi aldady. Begimiz onuň şol günäsini bagyşlamasa gerek.
– Uly baýyň ýüzünden geçmegem-ä kyndyr öz-ä! Şamyrat baý «Meniň gandarymy ber!» diýip dilese, «Berjek däl!» diýmäge begiň bogny ysarmyka?
– Begimizde sapalak köpdür, şahyr. Ol Şamyrat baýa per bermez! Ýöne siziň ýüregiňiz rahat bolar ýaly, ony bir ýerde gizläýeýin!
Olar özara gürleşip gala girdiler. Sekiniň ýanyna bardylar. Çowdur ýokdy. Şükür sekiniň töweregini suwlap-süpürip ýördi. Ol göz astyndan Magtymgula seredýärdi we oňa bir zat diýjek bolýan ýaly yzly-yzyna ýuwdunýardy. Dosmet batyr ony çagyrdy.
– Şu ýerde bir ýaş ýigit bolmalydy. Ol nirede?
– Görmedim, aga. Men gelemde bu ýerde hiç kim ýokdy.
Dosmet batyr az salym dymyp durdy-da:
– Begimizi ukusyndan oýardyňmy? – diýip, Şükürden sorady.
– Oýarmaga gitjek bolup durun. Rugsatmydyr?
– Gidiber! – diýip, Dosmet batyr jogap berdi. Onsoň iş edinip, Çowdury gözledi. Çowdur tapylmady.

* * *

Akmämmet beg ukuda ýatyrka, Şükür usul bilen ony oýardy.
– Alla döwletiňizi artyk etsin, begim! Turýan wagtyňyz boldy.
Akmämmet beg agzyny giň açyp pallady. Onsoň gartaň göwresine gelişmeýän çalasynlyk bilen turdy-da:
– Be! Namaz wagty geçäýipdir-ow! – diýip, ökünen boldy.
– Şamyrat baý gelipdir. Derwaýys gürrüňi barmyş.
– Arzhanada garaşaýsyn!
– Lepbeý! – diýdi-de, Şükür çykyp gitdi.
Akmämmet beg esli güýmendi. Ýuwnup-ardyndy, soň sakgalyna-murtuna timar berdi. Esli salym geçenden soň arzhana bardy.
Şamyrat baý iki bükülip, oňa salam berdi.
– Alla begimiziň döwletini berkarar etsin! Nurana didaryňyza intizar bolup bosagaňyzdan geldik.
– Sen artykmaç adam-ow! – diýip, Akmämmet beg ýylgyrdy. – Seni toýa çagyrmagy unudaýypdyryn diýip otyrdym welin, özüň geläýipsiň.
Akmämmet begiň bu gyjalaty Şamyrat baýyň ýüregine ok bolup sanjyldy. Şeýle-de bolsa, ol sypaýyçylygy elden bermedi.
– Toýuňyz mübärek bolsun, begim! Toý edýäniňizi eşitmän gaýdanyma gynanýan. Bilen bolsam, toý gatanjy alyp gelerdim.
– Onda sen toýa gelmänsiň-ow? – diýip, beg mönsürän boldy.
– Zyýany ýok! Şamyrat baý çagyrylman gelse-de, toýuň sowgadyny kem etmez.
– Toýa gelmedik bolsaň, gep oýnadyp oturma-da, gönüle! Näme hyzmat bilen geldiň?
– Gönümel gürläniňiz üçin sag boluň, begim! Men siziň gönümelligiňizi halaýan. Siziň gönümelligiňize bil baglabam sizden umydygär bolup geldim. Bir garakçy haramzada meniň adamlarymy paýhynlap gaýdypdyr. Birini öldüripdir, iki kişinem ýaralapdyr. Şol ganhor deýýus siziň galaňyza gaçyp gelenmiş.
– Sen haýsy garakçyň gürrüňini edýäň?
– Aý, bir entäp ýören haramzada-laýt. Adyna Çowdur diýýäler.
Akmämmet beg Şamyrat baýa jogap bermedi-de:
– Şükür! – diýip gygyrdy.
Şükür ylgap içerik girdi.
– Çilim getir!
Şükür baş egip çykyp gitdi.
– Seniň diýýän ýigidiň biziň galamyzda! – diýip, Akmämmet beg esli salymdan soň jogap berdi. – Seniň ony menden diläp bilşiňe haýran!
– O näme diýdigiňiz, begim?
– Sen meni kim hasap edýäň? Biri seni penalap seniň galaňa barsa, sen ony duşmanynyň eline berip goýberermiň?
– Özüňi penalap gelen adamy duşmanynyň eline berip goýbermek halanýan zat däl. Men ony bilýän. Ýene, adam bar, adam bar! Eger siz diläp barsaňyz, ikirjiňlenmän berip goýbererdim.
– Emma men bermen! Eşidişime görä, ol ýigidiň ýeke özi seniň bäş adamyňdan rüstem çykypdyr. Bäş bolup bir adamdan ýeňilýän bihepbeleriň aryny äbermek nämäňe gerek?
Şükür aýakly çilim getirdi-de, ony süpürdi, piligini1 arassalady, temmäkisini täzeledi. Onsoň çilimi otlady-da, Akmämmet begiň öňünde goýdy. Akmämmet beg oňa «gidiber!» diýip, gözüni ümledi. Şükür gitdi.
– Beýtme, begim, şu gezek meniň raýymy gaýtarma! – diýip, Şamyrat baý ýalbarmaga durdy.
– Bolmaz! – diýip, Akmämmet beg lokurdadyp çilim sordy.
– Menem elim boş gelendir-ä öýtme, begim! Işimi bitirseňiz, sylagyňyzy ýetirerin!
– Ýok, Şamyrat baý, men beýle namartlyk etmen. Maňa sylag gerek däl, abraý gerek!
Şamyrat baý begiň bu kesirligine özüçe düşündi.
– Siz gönümel gepleşmegi gowy görýäňiz ahyry, begim! Siz şol haramzada üçin näçe baha kesseňiz kesiň-de, ony maňa satyň!
– Geň zat! – diýip, Akmämmet beg güldi. – Ozallar Şamyrat baý on adamdan bir goýny gowy görerdi. Indi bir sada adamyň kellesi üçin beýle köp harç etmäge razy bolaýypdyr-la!
– Özüniz bilýäňiz, begim, meniň dört gyzym bilen ýekeje oglum bar. Gyz diýeniň-ä kişi maşgalasy. Ol sebäpdenem, men gyzy perzent hasabam edemok. Ýekeje oglumy berin göwün söýen gyzyňa öýlendirip, uly toý tutaýyn diýen niýetim bardy. Ol niýetimem başa barmajak bolup barýa.
– Näme, ogluňa mynasyp gyz tapanokmy?
– Wah, gyz tapdym-la. Gyzyň atasy bilen guda-da bolduk...
Şamyrat baý guda bolandan soňky bolan işleri ýekän-ýekän gürrüň berdi.
– Ine, bolan işler-ä şeýle – diýip, ol sözüni soňlady. – Çowdur diýilýän haramzada diri gezip ýörse, ondan her zada garaşaýmalydyr! Ýaşulularam maňa şeýle geňeş berýäler. Ilki bilen şol haramzadadan dynman, toý tutujy bolmagyn diýýäler.
– Gorkýan-ow! – diýip, Akmämmet beg hezil edip güldi.
– Nädeýin, begim. Ol garadan gaýtmaz deýýus bir gün çemini tapyp, ýeke perzendimiň başyna ýeter öýdüp gorkýan. Indi özüňiz paýhaslanyň-da göräýiň! Siz-ä ony penalap alyp galsaňyz, olam gelip meniň ýeke perzendimi gana bulap gitse...
Şamyrat baýyň bokurdagy dolup, sözüni soňlap bilmedi.
– Ýeri, ýeri! – diýip, Akmämmet beg göwünlik berdi. – Seniň ýaly anjaýyn adama beýdip ejizläp oturmak aýyp bolar.
– Meni aglatma, begim! Şol deýýusyň agramyna dene-deň pul al welin, ony maňa ber!
– Ýeri, beýdip özüňi kiçeldip oturma! – diýip, Akmämmet beg jogap berdi. – Entek demiňi-dynjyňy al! Gürleşere wagt tapylar.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 21 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Tañryguly Taganow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: