23:07
Magtymguly -9/ romanyñ dowamy
■ «Nogsanyň içinden haýyr gözleme...»

Magtymguly Gyzlargül Aýymyň haýbatly derwezesine ýetip barýaka, birden derweze açyldy. Derwezeden bir atly çykdy. Onuň yzy bilenem iki sany ýaragly atly çykdy. Magtymguly öňden barýan atlynyň kazy kelandygyny tanady. «Diwana ras aýdan eken-ow!» diýip, Magtymguly içini gepletdi. Kazy kelan Gyzlargül Aýymyňka gelen bolsa, olar Enorhonly wakadan bihabar däldir. Şahyryň bady gaýdan ýaly boldy. Şol wagtyň özünde-de «Belki, olar Enorhony tapandyr» diýen umyt kellesine geldi-de, derwezäniň öňüne bardy. Derwezeban Magtymgulynyň gelenligini Gyzlargül Aýyma habar etdi. Gyzlargül Aýym şahyry mähirli garşylady.
– Aýny wagtynda geldiňiz, şahyr! Bu gün men hem gaýgyly, hem şat! Şunuň ýaly gozgalana düşen wagtlarym ýüregim şahyrlary, sazandalary küýseýär.
– Hemme kişä şatlyk hemra bolsun! – diýip, Magtymguly jogap berdi. – Bikämiziň kalbynda howsala derýasyny joşduran gudrat nämekä?
– Onam biler gidersiňiz, şahyr! Oturyň, dynjyňyzy alyň!
– Siziň ýanyňyza bir dileg bilen gelipdik, bikäm – diýip, Magtymguly arzyny aýtdy. – Bu işden siziňem habaryňyz bar bolsa gerek. Remezan ussaň aýaly hakynda...
– Bu ýakymsyz habary eýýäm sizem eşidipsiňiz-ow – diýip, Gyzlargül Aýym onuň sözüni kesdi. – Hawa, şeýle gabahat iş boldy, şahyr. Biziň bir gyrnagymyzy süýräp äkidipdirler. Bu masgaraçylygy kimiň edeninem bildik. Biler bolsaňyz, arada biziň şäherimize ähli Horezm bazarlarynyň şiri hasap edilýän bir hywaly täjir gelipdi. Ol meniň adamymyň tanşy bolansoň, asylly adamdyr öýdüp, elimizden gelen kömegi etdik. Ol biziň eden ýagşylygymyza ýamanlyk bilen jogap berdi. Gyrnagy süýräp äkiden şonuň adamlary bolup çykdy.
– Remezan ussaň aýaly tapyldymy?
– Ol gyrnak tapylardan geçen bolaýmasa! Hywalylar öz günäleri bilner öýdüp, onuň ýoguna ýanmadygam bolsa biri.
Magtymgulynyň gözlerindäki umyt uçgunlary öçdi. Onuň halynyň perişanlygy ýüzünden-gözünden bildirip durdy.
– Onuň üçin ýüregiňizi çişirip oturmaň, şahyr! Giden bir gyrnak bolsun! Gaýtam ol gyrnagyň ogurlanmagy bähbit boldy. Hywalylar öz elleri bilen maňlaýlaryna gara tagma basdylar.
«Bir gyrnak» diýen kemsidiji söz Magtymgulyny ynjytdy. Onuň zöwwe ýerinden turagada, gidiberesi geldi.
– Siz aýny wagtynda geldiňiz! – diýip, Gyzlargül Aýym dowam etdi. – Özüňiz gelmedik bolsaňyz, yzyňyzdan çakylykçy ibermeli bolardym. Geliň, şu gün ulamalary ýygnap toý edeliň!
Gürrüň şu ýere ýetende hyzmatkär ýygralyk bilen içerik girdi.
– Hywaly täjir Töwke baý geldi, bikäm.
Gyzlargül Aýym jogap berip bilmedi. Bu aýalyň şeýle aljyraňňy ýagdaýa düşenini Magtymguly birinji gezek görýärdi.
– Çagyryň! – diýip, ol mazaly oýlanandan soň jogap berdi.
Myhman içerik girdi. Agraslyk bilen salam berdi. Gyzlargül Aýym çala başyny atyp, onuň salamyny aldy. Magtymguly ýerinden turup, onuň bilen görüşdi. Onsoň, gabak astyndan ony synlady. Ol uzyn boýly, tegelek ýüzli, gytak gözli, gara sakgally deşli adamdy. Başynda gunduz derisinden tikilen telpegi bardy, ýüpek donudyr zerli ädigi görenleriň gözüni gamaşdyrýardy. Magtymgulynyň ilki gözüne ilen onuň elindäki kümüş saply gamçy boldy. Kümşüň ýüzüne her hili oýma nagyşlar çekilip, ona gyzyl hem gara sowat çaýylypdyr. Onuň bäş ýerine göwher gaş goýlupdyr.
– Töre geçiň! – diýip, Gyzlargül Aýym mürähet etdi.
– Geçip oturmaga el degenok! – diýip, myhman göwünsiz jogap berdi. – Derdim başymdan agdyk! Men siziň myhmanyňyz! Bu şäherde siz bize hossarlyk edersiňiz öýdüpdim. Rejesini aňýan welin, biziň ol tamamyz puç bolup barýar. Men siziň şu, barada näme diýýäniňizi gulagym bilen eşideýin diýip gelşim.
– Men näme diýeýin, myhman? Siziň adamlaryňyz gelşiksiz iş edipdir diýip aýtdylar. Biz ony gaty ýokuş gördük.
Töwke baý geňirgenme bilen Gyzlargül Aýyma seretdi. Gyzlargül Aýym ony görmedik bolup, sözüni dowam etdi.
– Dogrumyzy aýtsak, biz gaty hapa bolduk! Edil mertebämiz peselen ýaly bolaýdy. Bu gabahat işi edenler siziň adamlaryňyz bolman, başga biri bolan bolsa, men olaryň külüni göge sowurdardym. Siz bolanyňyz üçin nätjegimi bilmän durun. Häzir Magtymguly şahyr bilenem şu hakda gürleşip otyrdyk.
– Magtymguly şahyr? – diýip, Töwke baý Magtymgulyny synlady.
– Eger geläýmedik bolsaňyz, men sizden öýkelejekdim – diýip, Gyzlargül Aýym dowam etdi. – Bizi sylap, ötünç soramaga gelen bolsaňyz, hoş gelipsiňiz!
– Ötünji günä eden kişi soraýandyr. Meniň siziň öňüňizde-de, Allatagalaň öňünde-de çigit ýaly günäm ýok.
– Size günä ýükleýän adamam ýok. Siziň adamlaryňyzdan üç sanysy biziň bir gyrnagymyzy süýräp alyp gidipdir.
– Sizem şoňa ynanýaňyzmy?
– Ol gyrnagy süýräp alyp gidenleriň siziň adamlaryňyzdygyny kazy kelan jenaplary ähli deliller bilen subut edýär.
– Şony subut etmäge meýil edýän bolsa, kazy kelanyňyz ýalan sözläpdir! Biziňkileriň oň ýaly iş etmänligine başymy girew goýmaly bolsa-da goýup bilerin! Beýle iş edäýseler öz elim bilen kellelerini alardym. Gyrnagyňyzyň ýerine-de bäş gyrnak bererdim.
Onsoň, Töwke baý Magtymgula ýüzlenip, şeýle diýdi:
– Biziň başymyza atylýan töhmeti sizem eşidensiňiz, şahyr. Oňa ynanmaň! Gyrnak ogurlanan agşamsy meniň adamlarymyň hemmesi kerwensaraýdady. Ýekeje adamam hiç ýere butnamandy. Bu ýerde başga gep bardyr.
«Başga gep» diýen söz Gyzlargül Aýymyň gulagyna ýakmady.
– Urup aglyýaňyz-ow, myhman! – diýip, ol sypaýyçylyksyz jogap berdi. – Öz ýurdumyzda bizi äsgermezlik edip, üstesine minnetli gepem oklyýaňyz-la!
– Men bu ýere sizi arkalanyp gelipdim – diýip, Töwke baý hyrçyny dişledi. – Ýöne men ýalnyşypdyryn. Dünýäde adam tanamakdan kyn zat ýok eken! Bir horasanly täjir maňa bir zat aýtdy welin, şol ugrunda bolaýsa-da ahmal. Şondan bäri: «Bu zatlaryň hemmesi bize beliň bermek üçin edilýän hile bolaýmasyn» diýen pikir kellämden gidenok.
– Bu nähili gürrüň boldy? Bizi sylamasaňyzam, hudaýdan bir gorkuň!
– Hudaýdan günä edenler gorksun! Her kim eder-eder özüne eder! Her kim her hili hile gursa-da, bu gün bilinmese erte bilner.
Töwke baý gapa baka ýöneldi. Ol birden yzyna gaňryldy:
– Sizem paýhaslanyň, şahyr, bu gapy siziň ýaly adamlaryň geljek gapysy däl bolaýmasyn! Döwüşseňem mert bilen döwüş diýipdirler.
Töwke baý gapydan çykdy. Onsoň ýene bärsine öwrüldi-de:
– Her näçe agyr döwletiň eýesi bolsa-da, heleý heleýligine galýa-da! – diýip, çykyp gitdi.
– Gördüňizmi, şahyr? – diýip, Gyzlargül Aýym başyny ýaýkady. – Mellekçä ýer berseň, ýer eýesini ýerden çykarar diýenleri-dä! Olar öz ýurdumyzda özümizi äsgermezlik edýärler. Üstesine-de başymyza batman-batman minnet ýagdyrýalar.
Magtymguly tukatlyk bilen ýüzüni sallap otyrdy. Onuň ýüreginde bir ses: «Biçäre Remezan ussa! Iki arada sen köýüp galdyň!» diýip, gaýtalap durdy.
– Aý, zyýany ýok! – diýip, Gyzlargül Aýym şahyryň pikirini böldi. – Ýamandan boýuňy satyn al diýipdirler. Şol päliýamanlardan dynsak bolýa! Sizem gaýga galyp oturmaň, şahyr! Şu gün gaýgy-gussany ýatdan çykaryp, şadyhorramlyk edeliň!
– Bize hormat goýup toýuňyza çagyranyňyza minnetdardyrys, bikäm. Ýöne biz siziň toýuňyzyň bezegi bolup bilmezmikäk öýdýän.
– Ol näme üçin?
– Toýa bezeg bolmak üçin şahyryň ylham gazanynyň gaýnap joşmagy gerek. Mende joşgun ýok. Gowusy, bize rugsat beräýiň!
– Aýdýanyňyz näme, şahyr! Biz rugsat beräýemizde şu wagt biziň toýumyzy taşlap gitmäge neneň het edip biljek?
– Men ýagdaýymy aýtdym, bikäm. Göwnüňize almaň-da, bize rugsat beräýiň! Her kim öz ornuny bilse ýagşy.
– Siz erkek adam ahyry. Bir gyrnak üçin gussa çekmek size gelişmiýä.
– Bir gyrnak! – diýip, Magtymguly ýangynly gaýtalady. – Gyrnagam adam ahyry, bikäm! Olam edil biziň enemiz ýaly bir enäň perzendi ahyry.
– Hemme guşlaram birmeňzeş ganatly-perli enäň ýumurtgasyndan çykýandyr, şahyr. Ýöne guş bardyr, etini iýýändirler, guş bardyr et berýändirler.
– Adam guş däldir, bikäm! – diýip, Magtymguly gapa baka ýöneldi.

■ «Kalbyma giripdir gitmek hyýaly...»

Bu gün Magtymguly giç geldi. Gije ýarymdan aganlygyna garaman, Alymerdan entegem ýatman garaşyp otyrdy.
– Hänizem ýataňzokmy? – diýip, Magtymguly sorady.
– Şu gün bir adam sizi idäp iki gezek geldi – diýip, Alymerdan habar berdi. – Şahyry näme etjekdiňiz diýip sorasamam aýtmady.
Magtymguly eşiklerini çykaryp ýatmakçy boldy.
– Gaty ýadadyňyzmy, şahyr? – diýip, Alymerdan sorady.
– Näme, bizlik hyzmatyňyz barmydy?
– Arada siz bazarda biziň göçüren kitabymyzy gören ekeniňiz. Şonda imla jähtden ýalňyş göçüripsiňiz diýip bize igenipdiňiz. Hany, şunam bir okap görüň!
Magtymguly kitaby aldy-da, bir topar goşgyny okady. Onsoň birnäçe kagyzy agdaryp, ýene bir topar goşguny okady.
– Siz erjel adam ekeniňiz. Geçen üç-dört aýyň içinde öz sowadyňyzy kämilleşdirdiňiz.
– Onda siz garşy bolmasaňyz, yzynam göçüriberjek?
– Ol size nämä gerek? Ozalam-a bir topar kitap edip göçüripdiňiz.
Alymerdan «kitap ýalňyşsyz göçürilen bolsa, ony sataýsak näderkä?» diýip sorasy geldi. Ýöne, ony diýmäge dili barmady.
– Aý, gowy zatdan näçe köp ýadygärlik galdyrsasam köplük edesi ýok-la! – diýip, sypaýyçylyk etdi.
Olaryň ikisi-de ýatdy.
Magtymguly ir oýandy. Magtymguly oýanandan soň Alymerdan hem oýandy. Ýuwundylar, ertirlik edindiler. Ozallar Magtymguly ertirlik edinenden soň, müderrisleriň ýanyna gidip, sapak alardy ýa-da özi bilen sapakdaş talyplaryň ýanyna baryp, haýsydyr bir mesele hakynda pikir alşardy. Bu gün ol hiç ýere gitmedi.
– Müderrisden sapak almaga gitmiýäňizmi, şahyr? – diýip, Alymerdan sorady.
– Herki zada ýürekden turýan höwes gerek eken! Täzeden bäri gün-günden höwesim gaçyp barýa. Göwnüme bu ýeri biziň ornumyz däl ýaly.
Alymerdan birhili boldy. Hüjräniň içi sowukdy. Öten gijeki ýakylan kömür bireýýäm ýanyp kül bolupdy. Alymerdan kömür getirmek üçin daşaryk çykdy. Çykan badyna-da dolanyp geldi.
– Düýnki sizi idäp gelen adam gelýä, şahyr.
Aradan wagt geçmänkä, orta ýaşlaryndaky garagyz daýaw adam hüjrä girdi. Bu adamyň aýagynda eýran çarygy, egninde hywa dony, başynda silkme telpegi bardy.
– Düşek üstüne geçiň!
– Geçip oturmaga elimem-ä degesi ýok welin – diýip, myhman işigiň agzynda oturdy. – Düýn sizi gözläp iki gezek geldim. Ikisinde-de öýde ýok ekeniňiz. Onsoň şu gün irdenem bir gelip göreýin diýdim.
– Gowy edipsiňiz!
– Bizde siziň goşgy diwanyňyz bar, şahyr – diýip, myhman gürrüň berdi. – Biz her gün agşam üýşüp, ony okadýas.
– Siz ol diwany nireden aldyňyz?
– Ýoldaşymyz Buhara bazaryndan alypdyr. Şol kitapdan ýene gözleýäs welin tapamzok. Tapaýsak näçe bolsa aljak.
Magtymguly gabak astyndan Alymerdana seretdi. Alymerdanyň ýüzi müýnlülik bilen sallandy.
– Ol gün siziň goşgularyňyzy diňläp otyrkak diýip, myhman dowam etdi. – Gürrüňden gürrüň çykyp, siziň şu ýerdedigiňizi eşidäýdik. Şondan bäri sizi idäp ýörşüm.
Alymerdan saçak ýazdy, nan bilen neşelle goýdy.
– Siz buharaly-ha däl? – diýip, Magtymguly nahar başynda myhmandan sorady.
– Biz Horasandan geldik. Kerwen bilen. Biziň ilde Ymamguly owşar diýilýän bir belli täjir bar. Biziň hojaýynymyz şol.
– Buhara geleniňize köp wagt boldumy?
– Esli wagt boldy. Hojaýynymyzam söwda-satyg işlerini gutardy. Basym gaýdaýsagam ähtimal.
– Onda gaýtjak wagtyňyz golaýlapdyr-ow?
– Gaýdyp bolsa şu günler tüýs wagt-da! Öňümiz ýaz. Tüýs ýol ýöremeli wagt. Ne yssy, ne sowuk. Meýdanam otluk bolar.
– Gaýdaňyzda gapdalyňyzdan daklyşaýsak, bizem äkidermisiňiz?
– Çynyňy aýdýaňmy?
– Siz nirede bolýaňyz? Adyňyza kim diýerler? – diýip, Magtymguly iki soragy birden berdi.
– Adym Garagul. Özümizem uly bazaryň günbatarsyndaky kerwensaraýda. Ýör, bileje gidibereli!
– Aýyplaşmaň, Garagul! Häzir meniň barmaly-goýmaly ýerlerim bar. Kerwensaraýda bolsaňyz, özüm taparyn.
– Ýoldaşlaryma şeý diýip aýdaýaýynmy?
– Şeýle diýip aýdaýyň! Ýalançy etmeris.
– Onda men turaýyn – diýip, Garagul ýerinden turdy. Saraýda iş köp, mal-gara seretmeli Garagul hoşlaşdy-da, hüjreden çykyp gitdi.
– Şahyr, dogrudanam, siz gaýtmagy ýüregiňize düwdüňizmi? – diýip, Alymerdan howsala düşdi.
– Hawa, şeýtmeli boljak.
Magtmguly myhmany ugradansoň uzak eglenmän Nury Kazymyň ýanyna gitdi. Ol baranda Nury Kazym öz hüjresinde Hilali Astrabadynyň «Şahu geda» kitabyny okap otyrdy.
– Salawmaleýkim!
– Hoş geldiňiz, şahyr! Düşek üstüne geçiň!
Magtymguly düşek üstüne geçip, jaýlaşykly oturdy.
– Ikimiziň söhbetdeş bolmanymyza esli wagt bolaýypdyr – diýip, Nury Kazym gep başy hökmünde söz açdy. – Bu aralykda siz täze şygyrlaram düzensiňiz.
– Aý, hawa, azda-kände goşgam düzüldi.
– Şahyr ol şygyrlaryny bize-de aýdyp berermikä?
– Goşgy aýdyşmaga wagt taparys-la. Bu wagt biz işli geldik. Hormatly Möwlana ygtyýar etse, onuň bilen bir geňeşimiz bar.
– Iki gulagym sizdedir, şahyr.
– Biz-ä pälimizi üýtgedendiris tagsyr! Maslahat bilseňiz, ilimize gaýdaýsak diýýäs.
– O nähili? Entek hamal1 aýy gelenok ahyry.
– Biziň üçin şu wagt gaýtsak amatly boljak. Horasana gidýän kerwen bar. Onsoňam indi biziň üçin hamallaşyp, mizanlaşyp durmak zerur bolaram öýdemok. Bir gidenimizden soň dolanyp gelmezmikäk öýdýän.
– O näme üçin? – diýip, Nury Kazym geň galdy.
– Höwesimiz gaçdy. Höwessiz okuw okap bolmajagynam özüňiz gowy bilýänsiňiz.
– Hawa-da – diýip, Nury Kazym uludan dem aldy. – Bahyllyk palçygyna eýlenen göripler sizi häli-şindi çekeläp, badyňyzy aldylar-da. Ýöne siz olardan belentde durmalysyňyz, şahyr. Mert adam hiç wagt namartlaň öňünde ejizlemeli däldir.
– Gep ýeke onda-da däl. Özüňiz bilýäňiz, adam öz bilimini üç ýol bilen – gulagy bilen eşitmek, gözi bilen görmek, bilimli adamlaryň ýazanlaryny okamak arkaly kämilleşdirýär. Bu mukaddes şäher bize şol ýollaryň üçüsindenem ýetdik paýymyzy berdi. Biz bu şähere gelip, örän köp täsinlikleri gördük heniz okamadyk kitaplarymyzy okadyk. Iñ wajyp ýerem biz ähli Turana, Mawerannahra belli alymlar bilei söhbetdeş bolduk, olardan sapak aldyk. Şeýle-de bolsa, birhili göwnümde bir nadyllyk bar ýaly.
– Aýdyberiň!
– Buhara medreselerinde agram berlip öwredilýän zat Kuranyň süreleri bilen Kasyda. Elbetde, ol öwrenmeli zat. Ýöne biz bu zatlary obada atamyzdan sapak alyp ýörkäk hatm edipdik. Biziň rýaziýatdan, felekiýatdan, mantykdan, kemýadan düýpli bilim alasymyz gelýädi. Ol zatlaram bu ýerde az öwredilýän eken.
– Siz ozal başga medreselerde-de okapmydyňyz?
– Halaçda «Idris Baba» medresesinde bolupdym. Medresäň halypasyna Nyýazguly ahun diýýädiler. Ady belli ahunlaryň biri.
– Eşidipdim. Ol Buharada-da tanalýan adam.
– Ol medresede-de dünýewi ylymlar az okadylýan eken.
– Men size bir zat aýdaýyn – diýip, Nury Kazym gürrüň berdi. – Biz köp medreselerde bolduk. Talybam bolduk, müderrisem bolduk. Ol medreseleriň hemmesinde-de ýagdaý bir meňzeş. Hemme ýerde ürç edilip öwredilýän Kuran, Kasyda... Dünýä syrlaryny öwredýän ylymlar musulman medreseleriniň hemmesinde az geçilýär.
– Haýp! Medreselerde çylşyrymly ylymlaram okatmak gerek.
– Hak aýdýaňyz, şahyr. Adamlaryň adam şekilli ýaşamagy üçin ylma, hünäre hötde gelip bilmegi gerek. Onsoňam köp ýurtlary görmek gerek. Köpi görseň, adamlar bilen gürrüňdeş bolsaň, şolam adama köp zat öwredýär. Biz özümiz-ä şeýle edýäs. Hamal aýy, geldigi ozal görmedik ýurtlarymyza syýahata gidýäs.
– Jahankeşdelik biziňem ýetip bilmeýän arzuwymyz, tagsyr! Ýöne Jahankeşdelige-de ýagdaý gerek.
– At rysgy alnynda diýipdirler. Biliňi bek guşap ýola düşüberseň, jahankeşdeligiň ýagdaýy şodur. Hamal aýy geläýse, ýene birnäçe ýurda syýahat edip gelmek niýetimiz-ä bar. Siziň syýahat etmek meýliňiz ýokmy?
– Gidesimiz-ä gelýä – diýip, Magtymguly jogap berdi. – Ýöne, hamal aýyna çenli-hä galyp bilmeris. Eger makul bilseňiz, Hoja Mübärek Horezmi hezretleriniňkä baryp, arzymyzy aýtsak diýýäs.
Nury Kazym jogap bermedi. Ümsümligi Magtymguly bozdy.
– Indi biziň haçan duşuşjagymyzy Alla bilsin! Gaýdyp görüşsek-görüşmesek, birek-biregi ýagşylyk bilen ýatlalyň! Siz jahankeşdeligi söýýän adam. Ýoluňyz düşäýse, biziň ile-de geliň!
Nury Kazym esli wagt bir nokada seredip oturandan soň:
– Siz haçan ýola düşmekçi? – diýip sorady.
– Bilemok, kerweniň ýetişişine bagly-da!
– Ugrajak bolaňyzda habar edermisiňiz?
– Nesip bolsa, habar ederis.

■ «Köňül perwaz ötdi, uçdy ýerinden...»

Magtymgulynyň Buharadan gidýänligi Alymerdana ýokuş degdi. Ol bäş-alty ýyllap medresede bolan ömründe köp kynçylyga sezewar bolupdy: ajam bolupdy, horam bolupdy. Ol her neneň agyr günleri başdan geçirse-de, kalby häzirkisi ýaly elhenç ezýet çekmändi. Ol Magtymguly bilen bir «Hüjrede ýaşap başlanda, onuň gökdäki dilegi ýerde gowşana dönüşdi. Ýagşy ýigide hemra bolsaň, seniňem adyň ýagşylyk bilen tutulýar. Onuň üstesine-de ol Magtymgulydan köp zatlar öwrendi. Magtymgulynyň ýarkasyndan belli hatdat bolup ýetişdi. Alymerdanyň ne içerde, ne daşarda – hiç ýerde karary ýetenokdy. Iň soňunda onuň kellesine bir aýgytly pikir geldi.
Ol kisesindäki ujypsyzja teňňeleri hasaplady. Eşigi sal-sal bolup giden bir gallajyň eline ýekeje ýamalyk düşende, ony haýsy ýyrtygyna ýamajagyny bilmän, alada galyşy ýaly, Alymerdanam bujagaz teňňesini haýsy ýetmezine urna etjegini bilmän ýördi. Ýöne, bu gün ol iň soňkuja pulunam jomartlyk bilen eçilmegi ýüregine düwdi. Ol bazara gitdi-de, tüwi, ýag, et, käşir aldy. Onsoň palawyň ýagyny ýakdy, etini, käşirini atdy. Ýöne tüwüsini atmady.
Gün günortandan agyberende, Magtymguly geldi.
– Geldiňizmi, şahyr? Siz Hoja Mübärek Horezmi hezretleriniňkä-de bardyňyzmy?
– Bardyk!
– Rugsat berdilermi?
– Bermän nätsinler? Höwesi bolmadyk kişini ýalbaryp ýa zor bilen okadyp bolmajagyna olaryň akyly ýetýär ahyry. Onsoňam, göwnüme bolmasa, ol meniň Buharadan gidenimi kem görmeýän ýaly.
Alymerdan sesini çykarmady. Magtymguly ýadaw gabaklaryny galdyryp, Alymerdana seretdi.
– Biziň bergi-borç ýagdaýymyz nähilikä? Kime näçe bergimiz bar bolsa aýdyň! Ugramankak olary razy etmegimiz gerek.
– Siz gitmegi ýüregiňize düwen bolsaňyz, meniň sizden iki sany haýyşym bar: bir haýyşym-a, şu gün ikijigimiz bileje oturyp bir palaw iýeli!
– Ýüregimdäkini biläýdiňiz! Bizde palaw bişirer ýaly...
– Men eýýäm gazan ataryp goýdum – diýip, Alymerdan şahyryň sözüni böldi. – Hemme zat taýýar. Ygtyýar etseňiz, tüwüsini ataýjak.
– Ikinji haýyşyňyzam aýdyň!
– Ikinji haýyşym aýtsam, şahyr, siz algy-bergiň gürrüňini etmäň-de, arkaýyn gaýdyberiň!
– Munyňyz bolanok, gardaşym! Näçe wagt bäri bir hüjrede ýaşap, bir supradan nan iýdik. Tapan zadymyzy deň paýlaşdyk. Siz dogryňyzy aýdyň, biziň kime bergimiz bar?
– Hüjre eýesine azajyk bergimiz galdy. Onam özüm üzerin.
– Näçe bergimiz bar?
– Meni ynjytmaň, şahyr, özüm üzerin.
Alymerdan ojagyň başyna bardy-da, palawyň tüwüsini atdy, ojaga odun saldy. Ol hüjrä dolanyp gelende, Magtymguly täzeje dony elinde saklap durdy. Alymerdan onuň Gyzlargül Aýymyň sowgat beren donudygyny tanady. Magtymguly Alymerdanyň ýanyna bardy-da, dony onuň egnine ýapdy.
– Gutly bolsun! Toýda geýmek nesip etsin!
– O nähili? – diýip, Alymerdan geň galdy. – Bu size berlen serpaý ahyry.
– Biz ony size bagyşlaýas.
– Ýok, şahyr! Siz bize hiç wagt könelmejek, hiç wagt gadyry gaçmajak ýadygärlik galdyrdyňyz! Ol siziň şygyr diwanyňyz!
– Şu donam alyň! Bu size gelişýärem.
Alymerdanyň bogazy doldy. Ol dony emaý bilen epläp, öz goşlarynyň üstünde goýdy.
Palaw ýaňy buga duranda hüjrä Garagul geldi.
– Biwagt gelenimi geň görmäweri! Ýagdaý üýtgedi. Gyssagly gidermen bolduk. Şony habar etmäge geldim.
– Bähbit bolsun! Haçan ugramakçy bolýaňyz?
– Ertir agşam ýa-da birigün irden. Beýle gyssagly gidäýjegem däldik welin, hojaýynymyz pikirini üýtgedäýdi. Onuň bir hywaly dosty bar. Baý täjirmiş. Buharanyň kethudalary töhmet atyp, ony wejera edipdirler. Ol täjir öýkeläp öz ýurduna gidýä. Ony görüp biziň hojaýynymyzam bu ýerden göterilmegi ýüregine düwdi. Sizi äkitmäge geldik. Näme goş-golamyňyz bolsa ýygnabereliň!
– Goş bolup – diýip, Magtymguly ýylgyrdy. – Hemme goşumyz bir horjuna sygýa. Haçan islesek, egnimize atyp gidibermeli.
– Onda, gideli-dä!
– Buglanyp duran palaw bar ahyry – diýip, Alymerdan gygyrdy. – Ony iýmän gidip bolmaz.
– Palawy saraýa baryp iýäýeris. Hojaýyn garaşyp durandyr.
– Alymerdany ynjydyp bolmaz! – diýip, Magtymguly kesgitli jogap berdi. – Nahar edinip, soň gidibereris.
Garaşylmadyk ýerden Nury Kazym geldi. Ony görüp, hemmeler ýerlerinden turdular.
– Geleniňiz gowy boldy, tagsyr! – diýip, Magtymguly begendi. – Özümiz yzyňyzdan barjak bolup durduk. Ýagdaý birden üýtgäýdi. Kerwen gyssagly ýola düşýämiş.
– Hawa, ýagdaý üýtgände birden üýtgäýer eken! – diýip, Nury Kazym jogap berdi. – Siz gelip gideniňizden soň biziňem başymyza täze heser urdy. Eger Horasana gidýän kerwen äkitmegi ýüksünmese, bizem siziň bilen ýola düşübersek diýýäs.

* * *
Palaw iýlip, töwir galdyrylandan soň, ýolagçylar ýola düşdi. Alymerdan olaryň yzyndan seredip galdy. Magtymguly dagy gözden ýitenden soň hem ol şol tarapa garap durdy.
Nury Kazym, Magtymguly, Garagul üçüsi pyýada barýardy. Garagula ýoldaş bolup gelen adam at münüp, düýe idip olaryň yzy bilen gelýärdi. Olar Magtymgula tanyş bolan ululy-kiçili köçeleriň birnäçesinden geçip, Gyzlargül Aýymyň seleňläp oturan haýbatly jaýynyň deňine ýetdiler. Garagul darajyk köçeleriň biri bilen saga baka sowuldy.
– Şu ýerde azajyk aýak çekseňiz-le! – diýip, Magtymguly haýyş etdi. – Biz ýene bir adam bilen hoşlaşmalydyk.
«Şahyr Gyzlargül Aýym bilen hoşlaşjak bolýandyr-ow» diýen pikir Nury Kazymyň kellesine geldi.
– Hoşlaşyp geläýiň! Biz garaşaýarys.
Magtymguly Gyzlargül Aýymyň derwezesine sowulman, günbatara baka gidýän darajyk köçä düşdi-de, gözden ýitdi.
Magtymguly Remezan ussanyň saklanýan howlusynyň işigine bardy. Gapyny kakdy. Howludan eli naýzaly bir hyzmatkär çykdy.
– Size näme gerek? – diýip, hyzmatkär sorady.
– Remezan ussa gerekdi.
– Remezan ussaň gapysy ýapyldy. Indi ony görmekden tamaňy üzäý!
– Näme boldy?
Şu aralykda howludaky gullardan biri Magtymgulyny görüp, işigiň öňüne geldi.
– Remezan ussa Allatagala amanadyny tabşyrdy. Ol bendäni düýn iň soňky menziline ugratdylar. Ýatan ýeri ýagty bolsun!
– Ol bende bu dünýäň azabyndan dyndy-la – diýip, başga bir gul gürrüňe goşuldy. – Indi ol hiç kimiň minnetinem çekmez, gamçysynam iýmez. Iş bizde bar!
– Aý, hawa-da, özüň gul bolup gün geçirjek bolsaň – diýip, ilki gelen gul söz oklady. – Ölenleriň utjaklygy ýa-da diri galanlaň utjaklygy belli däl!
Gullar ýene nämelerdir aýdyp gygyryşdylar. Magtymguly az salym ýere bakyp durandan soň:
– Remezan ussa ölen bolsa, nepis sungatyň beýik çynarlaryndan biri ýykylypdyr! – diýdi.

ÜÇÜNJI BÖLÜM

■ «Keramatly medreseýi agzamlar...»

Günorta bolup barýardy. Gün nuruny bolluk bilen seçelese-de, howa yssy däldi. Horezmiň topragyna güýz howasynyň aralaşanlygy duýulýardy. Şu ýakymly howada üç sany atly Hywanyň Ata derwezesinden girdiler. Atlylaryň biri öňden sürüp barýardy. Ol gür sakgalyndan ýaňy ak giren burunlak adamdy. Başy telpekli, egni donly, aýagynda nagyşly ädigi bardy. Bilindäki kümüş gynly gylyç uzakdan ýaldyrap görünýärdi.
Atlylar egri-bugry bolup gidýän köçeleriň birnäçesinden geçdi. Köçeleriň ugry gaýda-gaýmalaşykdy. Gerşi ýükli pyýadalaryň, eşekleriň, atlaryň, arabalaryň derdinden geçere ýol ýokdy.
Atlylar esli ýöränlerinden soň ýokarsy al-asmanda seleňläp duran owadan bir jaýyň deňine ýetdiler. Jaýyň peştagynyň iki gapdalyndaky gupbaly küňreleriň ýüzüne salnan syrçaly nagyşlar günüň şöhlesine gözüňi gamaşdyrýardy.
– Dosmet batyr! – diýip, atlylardan biri dillendi. – Şu jaý haşamly görünýä-le! Gözleýän medresämiz şu bolaýmasyn?
Dosmet batyr geçip barýan bir eşekliden sorady.
– «Şirgazy han» medresesi şü ýerdemi?
Eşekli adam «juk» edip jogap berdi-de, öz ýoluna gidiberdi.
– Onuň nirededigini salgy berip bilmezmiň?
Dosmet batyryň soragy jogapsyz galdy. Atlylar ýollaryny dowam etdiler. Az salymdan başy selleli, egni ýüpek donly, donuň üstünden ak aba geýnen bir ýaşulynyň gelýänligi göründi. Onuň elinde içi kitaply bukja bardy. Dosmet batyr onuň deňine ýetdi-de, atynyň başyny çekdi.
– «Şirgazy han» medresesini salgy berip bilmezmisiňiz?
– Siz, näme, gökden düşdüňizmi ýa-da ýerden çykdyňyzmy? Özüňiz horezmli bolup, «Şirgazy hanyň» nirededigini bilmän, size ne hudaý urupdyr?!
– Kyn görmän-de, şony salgy beriň, tagsyr! Medreselik derwaýys işimiz bar.
– Siz «Şirgazy hana» sowulýan köçeden geçipsiňiz. Yzyňyza dolanyň! Sizi özüm äkidäýeýin.
Şuny aýtdy-da, selleli adam ýoluny dowam ediberdi.
– Ata münäýiň! – diýip, Dosmet batyr oňa mürähet etdi.
– Ömrümde ata münen adam däl – diýip, selleli ýaşuly jogap berdi. – Iki aýagymyz sag bolsa hiç hili ulag küýsemeris.
Ýaşuly pyýada gidensoň, Dosmet batyr hem atdan düşdi.
– Araňyzda talyplyga hyýal edýäniňiz barmy? – diýip, ýaşuly ümsümligi bozdy.
– Aý, ok, onuň ýaly hyýalymyz-a ýok. Biz, ýöne, begimiziň buýrugy bilen geldik.
– Begiňize kim diýýäler?
– Akmämmet beg diýerler, tagsyr.
– Akmämmet begiň «Şirgazy hanlyk» näme möhümi barka?
– «Şirgazy handa» bir şahyr okyýamyş. Şony görmek işimiz bar.
– Magtymguly şahyrdyr-ow!
– Hawa, tagsyr! Şona begimiziň çakylygyny gowşurmaly! Medresäniň ulusy Hezreti Pälwan diýilýän adamam görmeli. Äraly işan oňa salamnama ýollady.
– Şahyryň sizden başga-da hyrydary gyt-a däl öz-ä. Köp adamlar-a ony çagyryp äkidip bilenok. Sizem görersiňiz-dä!
– Sizem şu medresede damylla bolýaňyzmy?
– Hawa, köp ýyl bäri şü ýerde müderris bolýas.
– Adyňyza kim diýerler?
– Ismimize Ybadylla ahun diýerler. Eşitmänmidiňiz?
– Eşidipdik, tagsyr! – diýip, Dosmet batyr ýalan sözledi.
Medresäniň işigine ýetdiler.
– Siz şu ýerde garaşyň! – diýip, Ybadylla ahun Dosmet batyra ýüzlendi. – Men siziň geleniňizi Hezreti Pälwana mälim edeýin.
Ybadylla ahun medresä girdi. Dosmet batyrdyr ýoldaşlary köçede durup, medresä syn etdiler. Iki gat edilip salnan bu medresäniň köçe tarapa bakyp duran peştagy owadan nagyşlar bilen bezeglidi. Bu nepis nagyşlar medresä syrly hem mukaddes görnüş berýärdi. Medresäniň içi dym-dyrslykdy, siňek uçsa-da eşidiläýjek ýalydy. Bu ümsümlik medresäni bolşundanam beter mukaddes görkezýärdi.
– Okumyş adamlar ümsümligi gözlärmiş diýerler welin, aýdylyşyndanam beter eken-ow! – diýip, atlylardan biri dillendi. – Giden bir mähnet jaýdan eger-eger ses-seda çykanogaýt!
– Aý, medrese ýene ýagşy-la – diýip, Dosmet batyr gürrüňe goşuldy. – Her näme-de bolsa, bular il içinde bolýar. Çyn derwüşler adam sesini eşitmejek bolup, daglaryň gowaklaryna gidip okyýamyş. Özlerem her günde ýekeje hurma iýip oňýamyş.
Atlylar özara gürleşip durka, olaryň ýanyna başy selleli köseleç adam geldi.
– Hezreti Pälwan sizi öz huzuryna çagyrýar – diýip, ol Dosmet batyra habar berdi. – Ýaragyňyzy aýraýyň! Medresä ýaragly girmek edepsizlik bolar.
Dosmet batyr atynydyr gylyjyny ýoldaşyna berdi.
– Ädigiňizem çykaraýyň! Medresä ýa mesili girilýändir, ýa-da aýak ýalaňaç.
Dosmet batyr ädigini çykardy. Onsoň ýerinden turdy-da, «ýene näme diýjek?» diýýän ýaly, köseleç adama seretdi.
Hezreti Pälwanyň oturýan jaýyna girdiler. Tördäki mahrabyň üstünde Hezreti Pälwan çök düşüp otyrdy. Sakgalynyň garasyndan agy agdyklyk edýän bu daýanykly ýaşulynyň başy sellelidi, egninde ak ýüpek dony bardy. Hezreti Pälwanyň sag gapdalynda Ybadylla ahun otyrdy.
Dosmet batyr gol gowşuryp, Hezreti Pälwana salam berdi.
– Biz alys ýoldan geldik, tagsyr! – diýip, ol ýüzüniň ugruna arzyny aýtdy. – Alsaňyz-a habarymyzy berjek.
– Siz kim bolarsyňyz?
– Bize Dosmet batyr diýerler. Was etrapynyň begi Akmämmet begiň atlybaşysy bolarys.
– Akmämmet beg? – diýip, Hezreti Pälwan nygtap sorady.
– Hawa, tagsyr! Indiki çarşenbe güni begimiziň toýy bar. Öňräk onuň kiçi aýalyndan bir ogul bolupdy. Begimiz oňa bir ak öý tutup berdi. Şoň toýuny edýä. Şo toýa Magtymguly şahyry çagyryň diýip, bizi iberdi.
Hezreti Pälwan köseleç adama ýüzlendi:
– Şahyra habar ediň, gelip-gitsin!
Köseleç adam çykyp gitdi. Ol gaýdyp gelýänçä hiç zat hakynda gürleşmediler. Ahyry köseleç adam gaýdyp geldi.
– Şahyr hüjresinde ýok eken, tagsyr. Ol Möwlana Nury Kazymyň ýanyna giden bolaýmasyn diýip, onuň hüjresine-de bardym. Möwlana Nury Kazymyň jany sag däl eken.
– Soňky wagtlarda Nury Kazym ýygy-ýygydan nähoşlaýar. – Hezreti Pälwan uludan dem aldy.– Alla oňa sag jan bersin!
Onsoň ol agraslyk bilen Dosmet batyra seretdi.
– Şahyr-a ýok eken. Nädersiňiz? Garaşarmysyňyz?
– Başga alaç ýokdur! – diýip, Dosmet batyr jogap berdi. – Onça menzilden ýörite gelip, boş gaýdyp bolmaz!

■ «Magtymguly, sözlerim saza goşsaň uz bolar...»

Köseleç adam dogry aýdypdy. Magtymguly öz hüjresinde ýokdy. Ol öz ildeşi hem hüjredeş ýoldadaşy Nazarly1 bilen Hywanyň gözel ýerlerine keşt etmäge gidipdi. Olar maraý-maýdalyna ýöräp gidip barýardylar. Magtymgulynyň gözi töweregindedi. Käbir owadan ymaratlaryň deňine baranda, durup-durup seredýärdi.
Şol wagtyň özünde-de, içinden pikir öwürmäge-de ýetişýärdi. Bu gezek ol özüniň bu gözel şähere gelşini we «Şirgazy han» medresesine okuwa girişini ýadyna saldy.

* * *

Magtymgulydyr Nury Kazym Buharadan gaýdanlaryndan soň Horasana gidýän kerwen bilen Mara geldiler. Maryda olara Kirmanşa gidýän kerwen gabat geldi. Olar şol kerwene goşluşyp, Gürgene geldiler. Nury Kazym Magtymgulynyň kakasy Döwletmämmet Azady bilen görşüp tanyşdy, birnäçe gün onuň bilen söhbetdeş boldy, onuň «Wagzy-Azat» kitabyny okady.
Günleriň bir güni Nury Kazym Magtymgulynyň ýanyna geldi-de:
– Siz Ispihana baryp görüpmidiňiz? – diýip sorady.
– Ýok, heniz-ä miýesser bolanok.
– Onda siz «Ispihan nesip jahan» 2 diýen sözüň nireden gelip çykanlygynam bilýän dälsiňiz?
Magtymguly Nury Kazymyň näme diýjek bolýanyna düşündi.
– Ispihana gidesiňiz gelýän bolsa, ýoldaş bolaýarys.
Olar zamananyň gözel şäherlerinden biri bolan Ispihana syýahat etdiler. Ýokarsyna göz ýetmeýän Saraban3 minarasyny gördüler. Uzyn Hasan Akgoýunly tarapyndan bina edilen Juma metjide4 seretdiler. Nury Kazym Magtymgulyny Eýranyň belli zahyrlaryndan biri Hatif Ispihany bilen hem tanyşdyrdy.
Birnäçe gün Ispihanda bolanlaryndan soň Nury Kazym Magtymgulyny Rum etraplaryna gezelenje äkitdi. Olar şol gidişlerine dört aýdan soň dolanyp geldiler. Döwletmämmet molla olary Buhara ugratmak üçin, ýol şaýyny tutup başlady.
– Günämizi ötüň, atam! – diýip, Magtymguly arzyny aýtdy.
– Buharada okamagy goýbolsun edäýsek diýen hyýalymyz bar. Möwlana Nury Kazymam biziň geňeşimizi nämakul görmedi.
Döwletmämmet molla birhili boldy. Her näme-de bolsa, sesini çykarmady.
– Aý, näme – diýip, ol parahat jogap berdi. – «At ürken ýerinden, är gorkan ýerinden» diýipdirler. Buhara sizi ürküzen bolsa, onda öz ýagdaýyňyza serediň! Sulhuň almaýan ýerde mekan tutup, ylym öwrenip bolmaz. Meniň köp wagt bäri ýüregimde besläp ýören bir arzuwym bardy. Körpe oglumy alym bolup ýetişýänçä okadaryn diýip umyt edýädim.
– Hak aýdýarsyňyz, tagsyr! – diýip, Nury Kazym gürrüňe goşuldy. – Magtymgulynyňky ýaly zehini ylym meýinden gandyrmazlyk, ummasyz kän puly gençlikde saklan bilen barabardyr.
– Adyny äleme jar eden uly-uly alymlaryň bir topary Horezmden çykypdyr – diýip, Azady dowam etdi. – Horezmiň suwuny içip kemala gelen Abu-Reýhan Biruny, Muhammet Horezmi, Abunasr Faraby ýaly adamlar ylym daragtynyň iň belentleriniň biri bolupdyr. Sizem Hywa gidip, bagtyňyzy synap görseňiz näderkä?
Bu maslahata Magtymguly-da, Nury Kazym-da garşy bolmady. Barybir, olar Hywa syýahat etmegi höwes edip ýördi. Şondan soň basym olar Horezme gidýän kerwene goşulyp, Hywa baka ýola düşdi. Olaryň okuwa gidýänligini eşidip, börmeli Nazarly hem olara goşuldy. Olar üç bolup Hywa geldiler. Döwletmämmet mollanyň köne tanşy Hezreti Pälwan Magtymgulyny gadyrly kabul etdi, onuň arkasyndan Nazarlyny hem medresä ýerleşdirdi. Şeýlelik bilen, Magtymguly sygyr ýylynyň mizan aýyndan bäri «Şirgazy han» medresesinde okap ýördi. Onuň Hywa gelenine iki ýyldanam gowrak wagt geçenem bolsa, ol bu gözel şähere syn edip doýup bilenokdy. Bu gün ol şäheriň gözel ymaratlaryndan biri bolan Akmetjidi görmäge bardy. Bu metjidiň üç tarapyny sütünlerine oýma nagyş salnan beýik eýwan bezeýärdi. Metjidiň depesinde syrçaly gümmez bardy. Alynky eýwanyň sag burçunda onçakly beýik bolmadyk minber bardy.
– Owadan metjit eken! – diýip, Nazarly hem ony synlady. – Bu haçan salyndyka?
– Bu metjit hakynda Möwlana Ybadylla ahun gürrüň beripdi – diýip, Magtymguly jogap berdi. – Onuň aýdyşyna görä, bu metjidi Abylgazy Bahadur hanyň ogly Anuşa han saldyrypdyr, onuň salnanyna ýüz ýyla golan geçipdir.
– Tüweleme! Siziň huşuňyza haýran galaýmaly! Eşiden zadyňyz ýadyňyzdan çykjak gümany ýok.
Magtymguly esli wagt metjide syn etdi, ony salan ussalaryň, nakgaşlaryň ussatlygyna haýran galdy. Onsoň «Pälwan derwezä» baka gitdiler. Derwezäniň öňünde adamlar üýşüp durdy. Adamlaryň garşysynda birnäçe atly bardy. Magtymguly olaryň ýanyna ýetmänkä, atlylar gitdi. Şondan soň märeke-de dargap başlady.
– Bu ýerde näme boldy? – diýip, Nazarly adamlardan sorady.
– Hanhezretleriniň permany okaldy. Nedir şa Hywany alan wagtynda galanyň bir topar ýeri ýykylypdy. Galanyň ýykylan ýerlerini bejermek üçin han hezretlerine adam bermelimiş. Ýaňy bir bendäni pul bermäni üçin getirip hol zyndana taşladylar.
– Bu ýerde zyndanam barmy?
– Şony bilmeýän bolsaňyz, bilmeýäniňize şükür ediň! Şu derwezäniň dehliziniň iki tarapynda-da bir topar jaýjagaz bar. Şolaryň hemmesi han hezretleriniň zyndany. Ol jaýlara düşmegi Allatagala hiç kime görkezmäwersin! Bu jaýlara salanlarynda adam salýalar-da, çykaranlarynda meýit çykarýarlar.
– Edil derwezäniň ugrunda zyndan edişlerini!– diýip, Nazarly başyny ýaýkady.
– Ony bilgeşlin edýäler. Gelen-geçen adamlar şu ýerdäki bendileriň perişan halyny görüp, hanyň gazabyndan elheder etsin diýýäler. Hudaý saklasyn, ondanam beteri bar. Käbir günäkärleri getirip, şu derwezä gulagyny çüýläp goýýalar. Şonuň üçin bu derwezäň adyna «Podşop derweze»1 hem diýilýändir.
Ýaşulynyň beren gürrüňi Magtymgulynyň kalbynda ýakymsyz täsir galdyrdy. Şondan soň ol uzak eglenmän, galadan çykdy. Galanyň daşynda şäheriň pukara ilaty ýaşaýardy. Olar her hili hünärmentlerden: küýzegärlerden, dokmaçylardan, zergärlerden, netjarlardan ybaratdy. Olar bir howlynyň deňinden geçip barýarkalar, kimdir biriniň ýakymly owaz bilen aýdym aýdýanlygy eşidildi.

Eý, ýaranlar, bir ýüzi gül, Aýa aşyk bolmuşam,
Barçalar maksady gül ragnaýa aşyk bolmuşam...


Howlynyň haýaty adam boýundan belent bolany üçin, onuň içi görünmeýärdi. Ýöne, howlynyň gapysy açykdy. Bu aýdymy kimiň aýdýanyny Magtymgulynyň göresi geldi. Ol derwezeden howla seretdi. Bir gara sakgally daýanykly adam balagyny dyzyndan geçýänçä çermäp, palçyk eýleýärdi hem aýdym aýdýardy. Onuň gapdalynda güjüm agajynyň saýasynda bir owadan gyz çarhda ýüpek towlaýardy. Palçyk eýleýän adam aýdymyň bir beýdini aýtdy-da, sesini kesdi.
– Näme goýaýdyň? – diýip, gyz oňa igendi.
– Göreňokmy, men işleýän ahyry.
– Işleseň aýagyň bilen işleýäň. Agzyň bilen-ä işläňok.
Aýdymçy hahahaýlap güldi-de, ýene aýdyma başlady:

Dost howaýy waslyňy men munça çendan isterem,
Syýa zülpüň kastyna özümni zyndan isterem...


Palçyk eýleýän adam başyny galdyranda, Magtymgula gözi düşdi. Magtymguly gapydan yşyklap durşyna müýnürgedi-de, howla girdi.
– Essalawmaleýkim!
– Waleýkim essalam! Ýagşy kişi iş üstüne diýipdirler.
– Armaweriň!
– Bar boluň! Ýagşy gyza ýar boluň! Rakyplardan zor boluň! Bizden habardar boluň!
– Bo-how! Siz ýene bir bagşy däl, ullakan şahyram ekeniňiz.
– Şahyrdyryn-a diýip biljek däl welin, ýöne, aýdym aýdyşmaly bolsa, bizem-ä kem oturarys öýdemok.
– Sesiňiz-ä ýakymly eken. Ýöne şahyryň azap edip düzen sözlerini ýoýýaňyz welin, şonyňyz bolanok.
– Geplejek gepiňi bilip geple, ýagşy ýigit! Men hiç wagt şahyryň sözüni ýoýýan däldirin. Meni tanamasaň tanap goý! Adyma Guş dilli Bagtyýar diýerler. Men sowatsyz, ýöne sowatly adamlaram şygyr aýtmagy menden öwrenýärler.
– Siz ýaňky beýdiň ikinji setirini: «Syýa zülpüň kastyna özümni zyndan isterem» diýip aýtdyňyz. Ol «Syýa zülpüň» däl-de, «Damy zülpüň» bolmaly.
– Damy? O nähili damy?
– Dam diýmek parsça duzak diýmek. Şahyr bu goşguda syýa zülpi wasp etmän, özüni duzaklan zülpi wasp edýär.
– Sen kim bolarsyň? – diýip, ol Magtymgulydan sorady.
– Oňa Magtymguly şahyr diýerler – diýip, Nazarly gülüp jogap berdi.
Uýaljyrap oturan zenan maşgala «Magtymguly!» diýip gaýtalanyny duýman galdy.
– Biwagtrak gelenimizi aýyp görmäweriň! – diýip, Magtymguly sypaýyçylyk etdi. – Geçip barýadyk-da, aýdymyňyzy eşidip sowulaýdyk. Aýdym diňläýjekdik welin, sizem işli ekeniňiz.
– Biziň işimiz tükenmez – diýip, Bagtyýar jogap berdi. – Ynha, şu palçygy eýläp gutarar-da, eşek araba münüp, toýun getirmäge giderin. Meniň hojaýynym Hywada belli küýzegär. Adyna Isgender ussa diýýäler. Onuň ýasan zatlaryny ýere degirmän alýarlar. Häzirem ol bir baý täjiriň buýran zatlaryny ýasap otyr.
Bagtyýar birden zenan maşgala ýüzlendi:
– Bar, Minewwer jan, kakaňa aýt, myhman geldi diý!
– Ýok, ýok! – diýip, Magtymguly garşy boldy. – Biziň üçin bähbidiňizden galmaň! Boşrak wagtyňyz ýörite geläýeris. Aýdym aýdyp berersiňiz gerek?
– Hudaýa şükür, biz aýdymy süýthora ýalbaryp almaly däl – diýip, Bagtyýar wäşilik etdi. – Eliňiz degse, agşamlaryna geliň! Geregiňiz aýdym bolsun! Ýöne bizem mugt-a aýdyp bermeris. Aýdymymyza derek şygyr sanap bermeli bolarsyňyz.
– Hudaýa şükur! Bizem goşgyny süýthora ýalbýaryp almaly däl. Goşgy diňläsiňiz gelse, «Şirgazy han» medresesine baraýyň!
Magtymguly derwezä baka ýöneldi.
– Siz gidiberjekmi? Beýle bolsa sizi ýola salyp geleýin.
Bagtyýar aýaklarynyň palçygynam ýuwman, Magtymgulynyň yzyndan okduryldy. Minewwer hem olaryň yzyndan gitdi. Myhmanlar tozan basan köneje köçe bilen gidip baryşlaryna bir kiçijik howlynyň deňine ýetdiler.
– Ine, şü garyp külbe biziň külbämiz – diýip, Bagtyýar howlynyň gapysynda aýak çekdi. Girip, duzumyzy dadyň!
Magtymguly oňaýsyzlyk bilen ardyndy-da, howla girdi. Bagtyýaryň howlusy kiçijigem bolsa baglykdy, salkyndy. Howlynyň bir gapdalynda pagsadan salnan kiçeňräk jaý bolup, onuň garşysyndaky bagyň kölegesinde laýdan salnan seki bardy.
Bagtyýar içerden bir köneräk keçe alyp geldi-de, üstüne ýazdy. Myhmanlaryň ellerini ýuwdurdy. Onsoň ýene içerik gitdi-de, zagara bilen gatyk getirdi.
–Nesip edenden iýiň, şahyr! Nanymyz-a zagaradyr welin, aýyplaşmarsyňyz-da!
– Zagara bilen gatyk iňňän süýji bolýandyr! – diýip, Magtymguly sypaýyçylyk etdi.
Nahar iýip, töwir galdyrdylar.
– Indi bize rugsat beriň!
– Gaty gyssanmaýan bolsaňyz, mana öz şygyrlaryňyzdan iki sanjagyny ýazyp berseňiz-le! diýip, Bagtyýar haýyş etdi.
– Siz hat okap bilemzok diýdiňiz ahyry. Biziň goşgymyzy nädip okarsyňyz?
– Näme diýseňizläň, şahyr! Men okap bilemok. Hojaýynymyň gyzy okap bilýä. Mana şygyr öwredýänem şol.
– Hojaýynymyň gyzy? – diýip, Magtymguly geň galdy.
– Hawa. Minewwer kiçijikkä onuň ejesi aradan çykdy. Onsoň ýaş gyz ejesini küýsäp aglap ýörensoň, hojaýyn ony uýasynyň öýüne iberdi. Hojaýynyň uýasynyň adamsy uly ahundy. Ol aýalyna-da, çagalaryna-da hat öwredipdir. Ynha, indi Minewwer ilden üýtgeşik sowatly gyz bolup ýör.
Magtymguly goltugyndan bir tagta kagyz çykardy, dölwet galamyny aldy-da, iki sany goşgy ýazyp, Bagtyýara berdi,
– Indi rugsatmydyr, guş dilli Bagtyýar?
– Indi Alla ýaryňyz! Ýöne, biziň külbä gelip duraweriň!
Myhmanlar köçä çykdy. Minewwer howla girmäge ejap edip, gapyda garaşyp durdy. Ol myhmanlaryň ugranyny gördi-de, öýlerine baka gitdi.

* * *

Bagtyýar myhmanlary ugratmaga gidenden soň, ussahanadan bir ses birnäçe gezek Bagtyýary gygyrdy. Bagtyýardan jogap bolmansoň, onuň özi daşaryk çykdy. Ol sakgalyndan ak giren hortaň adamdy, başyna ak ýaglyk daňylgydy, tirsegine çenli çermelen gollary durşuna palçykdy.
– Bu peläket nirä sumat bolduka? – diýip, ol käýindi.
Küýzegär Bagtyýaryň kakabaşlygyndan zeýrenip durka, üç sany atlynyň gelenini gördi. Olardan biri atynyň jylawuny ýoldaşlaryna berdi-de, howla girdi. Küýzegär onuň Hywanyň baý täjirlerinden biri Töwke baýdygyny tanady.
– Isgender ussanyň ýüzi salyk görünýä-le! – diýip, Töwke baý sorady. – Bu gün gaty ýadaýdymyka?
– Ýadamok-la, ýöne gaharym gelýä! Hanha, ötüki Bagtyýar eýläp duran palçygyny taşlap gidipdir. Indi şonuň üçin mähetdel bolup durmaly-da!
Täjiriň gaşlary çytyldy.
– Sen meniň buýran zatlarymy ýetişdiren dälsiň-ow!
– Siziň buýran zatlaryňyz taýyn-la. Bu ýerde başga zat bar. Men özüm höwes edip, bir topar tabak ýasadym. Olara nepis nagyşlar salyp syrçaladym. Görseňiz, edil bürünçden guýlan ýalydyr.
Töwke baý geňirgenme bilen ýylgyrdy.
– Sen hemişe beýle öwünjeň däldiň-le.
– Men özümi öwemok, baý aga. Biz ýaňy-ýakynda bir ýerden üýtgeşik toýun tapdyk. Toýun dagam däl! Eýini ýetirseň, edil mesge ýaly bolaýýar, bişireňde-de mermer daşy ýaly berk bolup bişýä.
Şu aralykda Bagtyýar dolanyp geldi.
– Ýaňy men bir myhman ugratdym – diýip, Bagtyýar özüni aklamakçy boldy. – Kimdigini aýdaýsam, ynanmarsyňyzam.
– O nä beýle üýtgeşik myhman?
– Ol Magtymguly şahyr!
– Magtymguly şahyr? – diýip, Töwke baý gaýtalap sorady.
– Hut şonuň özi. Men ony tanamandyrynam. Onuň Magtymgulydygyny bildim welin...
– Biz Buharada bir şahyr bilen sataşdyk – diýip, Töwke baý Bagtyýaryň sözüni kesdi. – Onuňam ady Magtymgulydy.
– Indi ol Hywa gelipdir, baý aga! «Şirgazy han» medresesinde okyýamyş.
– «Şirgazy handa» okyýan bolsa, ony göräýsegem boljak.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 15 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Tañryguly Taganow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: